Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Bergidarlaryň batyp galmagy hakynda

TÜRKMENISTANYŇ 

K A N U N Y

 

Bergidarlaryň batyp galmagy hakynda 

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9-10, 56-madda)

(26.03.2016 ý. № 386-V Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun telekeçilik  işi ýa-da başga hojalyk işi bilen meşgullanýan subýektleri batyp galan diýip yglan etmegiň şertlerini hem tertibini kesgitleýär we bergidarlaryň emläk ýagdaýyny düzgünleşdirýär.

Şu Kanun algydarlaryň we bergidarlaryň hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň aralmagyny kepillendirýär¸ eger hojalygy ýöredýän subýektleriň kärhanalarynyň batyp galmagynyň öňüni almak çäresiniň geçirilmegi ykdysady taýdan maksada laýyk däl diýlip hasap edilen bolsa¸ onda üzülişmäge gurby ýetmeýän şol kärhanalary mejbury suratda ýa-da meýletin ýatyrmagyň hukuk esasyny döredýär.

 

I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. «Batyp galmak» diýen düşünje we onuň alamatlary

 

«Batyp galmak» diýlende algydarlaryň bildirýän talaplaryny bergidaryň şu Kanunda bellenen möhletde kanagatlandyrmaga hem-de býujet öňündäki borçlaryny berjaý etmäge juda ukypsyzlygyna düşünilýär .

Bergidaryň borçlarynyň öz emläginiň gymmatynyň (passiwleriň aktiwlerden) artyk gelýändigi sebäpli¸ töleg tölemegiň togtatmagy batyp galmagyň alamaty hasaplanýar.

Bergidar özüni batyp galan diýip meýletin yglan edenden soň ýa-da ony arbitraž kazyýeti üzülişmäge gurby ýetmeýän diýip ykrar edenden soň¸ ol batyp galdy diýlip hasap edilip bilinýär.

 

2-nji madda. Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidarlar, batyp galma subýektleri, algydarlar 

 

Telekeçilik işini ýa-da başga hojalyk işini alyp barýan hemem özleriniň töleg serişdeleriniň ýeterlik däldigi zerarly algydarlaryň öňündäki hem-de býujet öňündäki öz bergidarlyk borçlaryny berjaý etmeýän fiziki hem ýuridik taraplar özleriniň haýsy eýeçilik görnüşine degişlidiklerine garamazdan¸ üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidarlar hasaplanýar.

Arbitraž kazyýeti tarapyndan bellenen  tertipde üzülişmäge gurby ýetmeýän diýlip ykrar  edilen ýa-da özlerini üzülişmäge gurby ýetmeýän diýip özleri meýletin ykrar eden bergidarlar batyp galma subýektleri (batyp galanlar-bankrotlar) diýlip hasaplanýar.

Bergidardan emläk talabyny edýän fiziki ýa-da ýuridiki taraplar algydarlar hasaplanýar.

 

3-nji madda. Bergidaryň aktiwleri we passiwleri

 

Bergidaryň emlägi uzak möhletli we gysga möhletli aktiwlerden ybarat.

Bergidaryň passiwi hususy maýadan, uzak möhletli we gysga möhletli borçnamalardan ybarat.

 

4-nji madda. Bergidaryň emläk jogapkärçiligi

 

Bergidar algydarlaryň we býujetiň öňündäki öz borçlary barada doly suratda emläk jogapkärçiligini çekýär.

Bergidaryň emläk jogapkärçiligini onuň eýeçilik hukugy esasynda ýa-da hojalygy doly ýöretmek hukugy esasynda özüniňki bolan emlägi barada (kärende alnan emläk girmeýär) degişli edilýär.

Kärhana eýesi bolup durýan ýuridik tarap döretmek arkaly iş alyp barýan fiziki taraplar öz borçlary barada kärhananyň bütin emlägi bilen hemem özüniň şahsy emlägi bilen jogapkärçilik çekýärler.

Ýuridik tarap döretmän¸ telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki taraplar öz borçlary barada öz bütin emlägi bilen jogapkärçilik çekýärler.

Bergidaryň emlägi ýeterlik bolmadyk mahalynda, ol öz bergileri barada kanunlarda bellenýän tertipde hem möçberde jogapkärçilik çekýär.

Töleg tutulyp alnyp bilinmeýän emläk kanun boýunça kesgitlenilýär.

Hakyna durup (şertnama, kontrakt boýunça) işleýän adamlar hakyna tutujy bergidaryň borçlary barada emläk jogapkärçiligini çekmeýärler.

 

5-nji madda. Bergidaryň batyp galmagyna getiren bilkastlaýyn hereketler üçin jenaýat jogapkärçiligi

 

Bilkastlaýyn edilen hereketler netijesinde bergidar batyp galan bolsa, munuň üçin günäkär adamlar dowam edýän kanunlara laýyklykda jenaýat jogapkärçiligine çekilýär.

 

6-njy madda. Batyp galma hakyndaky işlere garaýan kazyýetler 

 

Batyp galma hakyndaky işlere bergidaryň bolýan ýerindäki arbitraž kazyýeti garaýar.

Batyp galma hakynda işleriň ýöredilmegi şu Kanun hem-de Türkmenistanyň raýat we arbitraž iş ýörediş kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

7-nji madda. Bergidaryň üzülişmäge gurby ýetmeýän mahalynda geçirilýän çäreleriň tipleri

 

Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar barada aşakdaky çäreler ulanylýar: 

kazyýet çäreleri däl çäreler; 

üýtgedip guramak;

ýatyrmak;

barlyşyk ylalaşygyny gazanmak.

Üýtgedip guramak çäresi üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrmakdan ýa-da bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr.

Ýatyrmak çäresi üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň kärhanasynyň algydarlaryň gözegçiliginde meýletin ýatyrylmagyny we arbitraž kazyýetiniň karary esasynda mejbury suratda ýatyrylmagyny öz içine alýar.

 

II bölüm. 

BATYP GALMA HAKYNDAKY IŞLERDE KAZYÝET ÇÄRELERI DÄL ÇÄRELERIŇ ULANYLMAGY

 

8-nji madda. Kazyýet çäreleri däl çäreler diýen düşünje

 

Bergidar üzülişmäge gurby ýetmejek howp abananda arbitraž kazyýetine arza bermän, şeýle howpdan algydarlar bilen gepleşik geçirmek arkaly dynjak bolmaga haklydyr.

Kärhananyň meýletin ýatyryljakdygy hakynda karara gelende, bergidar algydarlar bilen ylalaşmaga borçludyr.

 

9-njy madda. Kazyýet çäreleri däl çäreleriň netijeleri

 

Kazyýet çäreleri däl çäreleriň netijesi aşakdaky ýaly bolup biler:

tölegleri tölemegi algydarlaryň ählisi bilen ýa-da bir bölegi (azyndan üçden ikisi) bilen gaýra süýşürmek hakynda ylalaşmak;

kärhanany algydarlaryň gözegçiliginde meýletin ýatyrmak;

barlyşyk ylalaşygyny gazanmak.

 

10-njy madda. Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň kärhanasyny algydarlaryň gözegçiliginde meýletin ýatyrmak

 

      1.Eger bergidar öz borçlaryny töläp bilmejekdigine we tölemäge ukyplylyk derejesini dikeltmäge mümkinçiliginiň ýokdugyny boýun alýan bolsa, onda kärhanany meýletin ýatyrmak hakyndaky, karar algydarlaryň razylyk bermegi bilen, üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň başlangyjy boýunça kabul edilýär.

      2.Üzülişmäge gurby ýetmeýän  bergidar kärhananyň meýletin ýatyrylýandygy hakynda karar kabul eden gününden beýläk iki hepdäniň içinde algydarlaryň ýygnagyny çagyrýar, oňa aktiwleriň we passiwleriň ýagdaýy hakyndaky buhgalterçilik hasabaty berýär. Hasabatyň ýanyna algydarlaryň bildirýän talaplarynyň möçberi ýazylan sanawy goşulýar.

      3.Bergidar kärhananyň meýletin ýatyrylmagyna razy bolanda algydarlaryň ýygnagy algydarlardan we bergidaryň wekillerinden ybarat ýatyryş toparyny belleýär hem-de kärhanany meýletin ýatyrmak hakynda karar kabul edýär, bu babatda kärhanalary döwlet belligine alýan edara iki hepdäniň içinde habar edýär. Şol bir wagtyň özünde hem algydarlaryň ýygnagy bergidaryň kärhanasynyň meýletin ýatyrylýandygyny metbugatda habar berýär.

      4.Ýatyryş topary:

kärhananyň buhgalterçilik depderlerine we beýleki resminamalaryna ygtyýar etmek hakynda karar kabul edýär:

bergidaryň emlägini satmaly diýip ygtyýar berýär;

emlägi  ýerlemek we borçlary üzmek meseleleri barada algydarlar bilen kärhana eýeleriniň arasynda baglaşylmaly ylalaşygy işläp taýýarlaýar;

şu Kanunyň 34-nji maddasyna laýyklykda, algydarlaryň edýän talaplaryny kanagatlandyrmagyň tertibini kesgitleýär;

dolandyryja hak-heşdek bermegi kesgitleýär;

algydarlar bilen kärhana eýeleriniň soňlaýjy ýygnagyny çagyrýar, jemleýji nutuk ýazyp berýär, onuň ýanyna ýatyryş balansyny hem-de algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylandan soň galan serişdeleri peýdalanmak hakyndaky hasabaty goşýar.

      5.Algydarlar bergidar kärhananyň meýletin ýatyrylmagy bilen ylalaşmasa, olaryň kärhananyň mejbury suratda ýatyrylmagy barada arbitraž kazyýetine arza bermäge haky bardyr.

Goşundylary bolan jemleýji nutugyň göçürmesi kärhanalary döwlet belligine alýan edara bir hepdäniň içinde iberilýär. Kärhana döwlet belliginiň sanawyndan çykarylan pursadyndan ýatyrylan hasap edilýär. Kärhananyň ýatyrylandygy barada metbugatda habar berilýär.

 

III bölüm. 

BATYP GALMA HAKYNDAKY IŞLERIŇ HOJALYK 

SUDLARYNDA ÝÖREDILIŞI

 

11-nji madda. Batyp galma hakyndaky işleri gozgamak üçin hyzmat edýän esaslar

 

Batyp galma hakyndaky işleri arbitraž kazyýetinde gozgamak üçin bergidaryň ýa-da algydarlaryň arzasy esas bolup hyzmat edýär.

Batyp galma hakyndaky işler aşakdaky halatlarda gozgalyp bilner:

bergidaryň bergi borçlarynyň şertlerini öz wagtynda we ähli pudaklary boýunça berjaý etmäge ukypsyzlygy ýa-da şeýle berjaý etmekden boýun gaçyrmagy;

eger bergidar borçlaryny tölemek hakynda talap bildirilenden soň iki aýyň dowamynda ony töläp bilmese;

eger bergi borçlarynyň möçberi bergidaryň emläginiň gymmatyndan artyk gelse.

 

12-nji madda. Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň arzasy

 

Bergidaryň üzülişmäge gurbunyň ýetmeýändigi hakyndaky arzany kärhananyň ýolbaşçysy ýa-da ygtyýarly edilen başga bir adam, ýa telekeçilik işi ýa-da beýleki hojalyk işi bilen meşgullanýan raýat arbitraž kazyýetine ýazmaça görnüşde berýär.

Arzada bergidar üçin töleg tölemäge halys ukypsyzlyk ýagdaýynyň döränligi sebäpli, onuň algydarlaryň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirip bilmejekdigi görkezilýär. Arza töleg tölemäge ukypsyzlygy öňünden aňylanda hem-de emlägi administratiw taýdan dolandyrmak ýa-da batyp galmak howpunyň öňüni almak çäresiniň gerekdigi haýyş edilende berlip bilner.

Bergidaryň arzasynyň ýanyna kärhananyň buhgalterçilik balansy, onuň algydarlarynyň we bergidarlarynyň sanawy goşulýar.

 

13-nji madda. Algydaryň arzasy

 

      1. Eger bergidar töleg borçlaryny ýerine ýetirmese, algydar oňa poçta arkaly buýurma bilen öz talap hatyny iberýär. Şol hatynda bergidaryň öz borçlaryny iki aýyň dowamynda ýerine ýetirmelidigi görkezilýär, şeýle hem eger bergidar öz borçlaryny bellenen möhletde ýerine ýetirmese, özüniň kazyýete ony batyp galan diýip ykrar etmegi hakynda arza bilen ýüz tutjakdygyny duýdurýar.

      2. Algydar arbitraž kazyýetine arzany ýazmaça görnüşde iberýär, şunda bergidara bellenilen möhletde kanagatlandyrylmady diýip bildirýän talaplary hem-de bergidara mälim edip duýduran subutnamalary hem goşulýar, özem algydaryň edýän talaplary resminamalar esasynda tassyklanan bolmalydyr.

Arzada emlägi administratiw taýdan dolandyrmak ýa-da batyp galmak howpunyň öňüni almak çärelerini geçirmek hakyndaky teklip hem görkezilip bilner.

 

14-nji madda. Bergidaryň ýa-da algydaryň arzasyny yzyna almak

 

Üzülişmäge gurby ýetmeýän  bergidaryň ýa-da algydaryň arbitraž kazyýetine beren arzasyny yzyna almagyň tertibi arbitraž iş ýörediş kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

15-nji madda. Batyp galma hakyndaky işleri gozgamak

 

      1. Batyp galma hakyndaky iş üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidarlaryň arzasy boýunça gozgalanda arbitraž kazyýeti algydardan özleriniň bergidara bildirýän talabyny tassyklaýan resminamalary talap edip alýar.

      2. Batyp galma hakyndaky iş algydaryň arzasy boýunça gozgalanda arbitraž kazyýeti bergidardan buhgalterçilik balansy hem-de algydarlar bilen bergidarlaryň doly sanawyny talap edip alýar.

       3. Arbitraž kazyýeti berlen resminamalaryň esaslydygyny-däldigini barlaýar, şolara garamagyň netijelerine görä-de iş gozgaýar, arbitraž iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda arzany kabul edip almakdan ýüz dönderýär ýa-da ony yzyna gaýtarýar.

Zerur resminamalar berilmedik wagtynda arbitraž kazyýeti garaşsyz barlagçy gulluga (auditor gullugyna) bergidar kärhananyň balansyny düzmegi hem-de başga maglumat bermegi tabşyrýar, şunda munuň hakyny kazyýetiň talabyny ýerine ýetirmedik tarap töleýär.

 

16-njy madda. Batyp galma hakyndaky işlere arbitraž kazyýetiniň garamagy

 

Arbitraž kazyýeti işi ýöretmäge alan gününden beýläk bir aýdan gijä galman mejlis geçirýär, oňa bergidar, algydarlar, bergidaryň bellige alnan ýerindäki banklaryň, maliýe hem-de salgyt edaralarynyň, döwlet emlägi baradaky edaranyň wekilleri (bergidaryň emlägine döwletiň gatyşygy bar bolsa) çagyrylýar.

Şol mejlisde üzülişmäge gurby ýetmeýän  bergidar ýa-da onuň emlägine eýelik edýäniň wekili işiň ýöredilmeginiň togtadylmagyny hem-de üýtgedip guramak çäreleriniň geçirilmegini haýyş edip, ýazmaça görnüşde ýüzlenip biler.

Arbitraž kazyýetiniň üýtgedip guramak çärelerini geçirmegiň mümkinçiligini ýa-da maksada laýyklygyny kesgitlemek üçin, garaşsyz seljerme bellemäge haky bardyr. Garaşsyz bilermenleriň (auditorlaryň) işi bilen baglanyşykly edilýän çykdajylar bergidaryň üstüne ýüklenilýär.

Arbitraž kazyýeti garaşsyz bilermenleriň çykaran netijesini alandan soň iki hepdäniň içinde iş ýöretmäge täzeden girişýär.

 

17-nji madda. Öz emlägine döwletiň gatyşygy bolan kärhanalaryň işine seretmäge taýýarlanmagyň aýratynlyklary 

 

Bergidaryň emlägine döwletiň gatyşygy bolan halatlarynda arbitraž kazyýeti döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edara şol bergidaryň batyp galmagy hakyndaky işi özüniň ýöretmegine kabul edip alandygyny bäş günüň içinde mälim edýär.

Döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edara kazyýetiň kesgitlemesini alan gününden beýläk bäş günüň içinde kazyýete bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak üçin çäreler geçirmegiň maksada laýykdygy ýa-da maksada laýyk däldigi hakynda öz gelen kararyny habar berýär.

Batyp galmagyň öňüni almak hakynda karar kabul edilen mahalynda döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edara algydarlaryň edýän emläk talaplaryny kanagatlandyrmagy hem-de kazyýet harajatlaryny öwezini tölemegi kepillendirýär.

Döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edaranyň degişli suratda resmileşdirilen kepilleri işiň ýöredilmegini togtatmak we bergidaryň batyp galmagynyň öňüni alar ýaly çäreleri bellemek üçin esas bolup hyzmat edýär.

 

18-nji madda. Bank bergidar bolanda işlere seretmäge taýýarlanmagyň aýratynlyklary

 

Bank bergidarlaryň hataryna girende arbitraž kazyýeti işi ýöretmäge kabul edendigini şol bergidar bankyň tertipnamasyny bellige alan bank edarasyna mälim edýär. Şol edara bergidar bankyň batyp galmagynyň öňüni almak üçin çäreler geçirmegiň maksada laýykdygy-däldigi hem-de şol çärä özüniň nähili derejede gatnaşyp biljekdigi hakyndaky netijäni bäş günüň içinde arbitraž kazyýetine bermelidir. Şol netijäniň mazmunyny arbitraž kazyýeti bergidar bankyň haýyşyna garanda we çözgüt çykaranda nazarda tutýar.

 

IV bölüm.

 ÜÝTGEDIP GURAMAK ÇÄRELERI 

 

19-njy madda. Bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrmak

 

1. Bergidaryň emlagini administratiw taýdan dolandyrmak işi üýtgedip guramak çäresi bolup durýar. Bu çäräni arbitraž kazyýeti bergidaryň, kärhana eýeleriniň ýa-da algydarlaryň arzasy esasynda belleýär hem-de ol bergidar kärhanany dolandyrmak wezipesiniň ýörite adama - dolandyryja berilmeginden ybaratdyr.

      2. Bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrmak çäresini geçirmek hakyndaky arzanyň ýanyna: şol çäräni geçirmegiň maksada laýykdygynyň esaslandyrylmagy, dolandyryjy wezipesine hödürlenilýän adam (dalaşgär) barada hödürnama we onuň degişli borçlary ýerine ýetirmäge razylygy (ýazmaça gornüşde) goşulýar. Bergidaryň berýän arzasynyň ýanyna soňky hasabat senesine gabatlap düzülen buhgalterlik hasabaty goşulýar.

      3. Dolandyryjy wezipesine görkezilýän adamyň öňümçiligi dolandyrmak 
barada iş tejribesi bolmalydyr. Kärhananyň ýolbaşçysy kärhanany dolandyrmak wezipesini ýerine ýetirmek hukugyndan çetleşdirilen dowründe dolandyryjy edilip bellenilip bilinmez.

      4. Arbitraž kazyýeti aşakdaky halatlarda bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrmak hakynda karar kabul edýär:

bergidar özüniň maliýe-hojalyk işiniň ýagdaýyny göz öňünde tutup öz borçlary boýunça töläp bilmese ýa-da ýakyn wagtda töläp bilmejek bolsa;

şu aşakdaky maksatlaryň iň bolmanda birine ýetip bilmek uçin hakyky mümkinçilik bar bolsa: bergidaryň tölemäge ukyplylygyny dikeltmäge; algydarlar bilen barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga; bergidaryň işlemegini dowam etdirmegi üçin onuň emläginiň bir bölegini satmaga.

Arbitraž kazyýetiniň kararynda administratiw  dolandyryş çäresini geçirmegiň maksady we ony geçirmegiň näçe wagta çekjekdigi (18 aýdan artyk bolmaly däl) kesgitlenýär. Arbitraž kazyýeti administratiw dolandyryş çäresini geçirmek ha­kynda karar çykarmak bilen bir wagtda dolandyryjy wezipesine hödürlenilýän dalaşgäri tassyklaýar ýa-da ony tassyklamaýar.

Arbitraž kazyýetiniň administratiw dolandyryş hakynda karar kabul edilýänçä garaşsyz seljerme bellemäge, ony geçirmek üçin edilýän harajatlary haýsy tarap administratiw dolandyryş çäresini geçirmek hakynda arza beren bolsa, şol tarapyň üstüne ýüklemäge haky bardyr.

 

20-nji madda. Bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrýan dolandyryjynyň ygtyýarlary

 

     1. Dolandyryjy bergidar kärhananyň işine ýolbaşçylyk edýär, onuň emlägine ygtyýar edýär, işgärleri, şol sanda hem kärhananyň ýolbaşçylaryny belleýär we işden boşadýar.

Dolandyryjy girewe berlen emläge ygtyýar etmekdäki hereketlerini (bu emlägiň dolanyşykdaky girew bolup durýan halatlaryndan başga halatlarda) arbitraž kazyýeti bilen ylalaşýar.

     2. Bergidaryň emlägini administratiw taýdan dolandyrmak çäresiniň geçirilýän dowründe bergidara bildirilýän emläk talaplary barada gaýra süýşürme çäresi girizilýär. Arbitraž kazyýetiniň bergidar barada ykrar eden talaplary diňe dolandyryjy bilen ylalaşylmagy arkaly kanagatlandyrylyp bilner.

     3. Dolandyryjy özüniň bellenen gününden beýläk iki aýyň içinde kärhanany üýtgedip guramak meýilnamasyny, ýagny arbitraž kazyýetiniň administratiw dolandyryş çäresini geçirmek hakyndaky kararynda görkezilen maksady gazanmaga niýetlenen meýilnamany tassyklamak üçin algydarlaryň ýygnagyny çagyrýar. Üýtgedip guramak meýilnamasyna diňe dolandyryjynyň razylygy bilen düzediş girizilip bilner.

Eger algydarlaryň ýygnagy üýtgedip guramak meýilnamasyny makullamasa (jemi talaplaryň üçden ikisiniň koplügi bilen), onda dolandyryjy muny arbitraž kazyýetine mälim edýär. Arbitraž kazyýeti üýtgedip guramak meýilnamasyna hem-de ýygnagyň eýerýän pikirine garap, administratiw dolandyryş hakyndaky karary ýatyryp ýa-da ony güýjünde galdyryp biler.

Dolandyryjy üýtgedip guramak meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşy hakynda algydarlaryň ýygnagyna habar hem zerur düşündiriş bermäge borçludyr.

Dolandyryjynyň kärhanany üýtgedip guramak baradaky meýilnamany öz bähbitlerine zyýan ýetirýär diýip hasap edýän her bir algydaryň ýa-da kärhana eýesiniň, degişli arz bilen arbitraž kazyýetine ýüz tutmaga haky bardyr.

      4. Dolandyryjy administratiw dolandyryş çäresiniň arbitraž kazyýeti tarapyndan kesgitlenilen maksadyna ýetilende şol çäräniň tamamlanandygy hakyndaky arz bilen ýa-da şol maksada ýetip bolmajakdygyna göz ýetiren mahalynda bolsa şol çäräniň bes edilmegi hakyndaky arza bilen arbitraž kazyýetine ýüz tutýar.

 

         21-nji madda. Administratiw dolandyryş çäresi barada arbitraž kazyýetiniň çykaran karary 

 

Administratiw dolandyryş çäresiniň  geçirilmeginiň beren netijelerine hem-de dolandyryjynyň arzynyň häsiýetine baglylykda arbitraž kazyýeti aşakdaky kararlaryň birini kabul edip biler: 

administratiw dolandyryş çäresiniň tamamlanandygy hakynda. Şunda arbitraž kazyýeti bergidary batyp galan diýip hasap etmek hakyndaky işi ýatyrmak barada hem-de dolandyryjynyň bellän kärhana ýolbaşçylaryny ýakyn üç ýyl möhlete tassyklamak barada karar kabul edýär ýa-da barlyşyk ylalaşygyny tassyklaýar;

administratiw dolandyrmak, bergidary batyp galan diýip ykrar etmek çäresini bes etmek hakynda hem-de ýatyryş çäresini geçirmek hakynda; 

         administratiw dolandyryş çäresini dowam etdirmek hakynda.

 

22-nji madda. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresi 

 

      1. Batyp galmagyň öňüni almagyň özi üýtgedip guramak çäresi bolup, ol bergidar kärhananyň ýatyrylmagynyň öňüni almak maksady bilen kärhana eýesiniň ýa-da üçünji bir tarapyň bergidar kärhana maliýe kömegini bermeginden ybaratdyr.

      2. Batyp galmagyň öňüni almak hakynda arbitraž kazyýetine berilýän arzanyň ýanyna şol çäräni geçirmegiň maksada laýykdygynyň esaslandyrylmasy goşulýar. Eger batyp galmagyň öňüni almak çäresine gatnaşmak isleýän adamlar şol arza entek kazyýet garamaka kesgitlenen bolsa, onda arbitraž kazyýetine şol adamlaryň sanawy, olar hakdaky esasy maglumatlar, şol sanda hem bergidar bilen özara gatnaşyklaryň häsiýeti, şeýle hem şol çärä gatnaşmaga razylygy (ýazmaça görnüşde) berilýär.

      3. Batyp galmagyň öňüni almaga gatnaşmakda bergidar kärhananyň eýelerine, onuň işgärlerine hem-de algydarlara artyk hukuk berilýär.

      4. Batyp galmagyň öňüni almaga gatnaşmak hakyndaky arza şu Kanuyň 16-njy maddasyna laýyklykda arbitraž kazyýeti tarapyndan garalýar.

      5. Batyp galmagyň öňüni almak çäresini geçirmek hakyndaky arza kanagatlandyrylan wagtynda hem-de algydarlaryň emläk talaplaryny kanagatlandyrmak we kazyýet harajatlarynyň öwezini tölemek barada üçünji bir tarapyň kepili bolmadyk wagtynda, arbitraž kazyýeti bergidary batyp galmakdan halas etmäge gatnaşmak isleýän ýuridiki we fiziki taraplaryň bäsleşiginiy yglan edip biler.

Arbitraž kazyýetiniň bergidaryň batyp galmagy hakyndaky işi togtatmak baradaky karary kabul eden gününe çenli bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almaga gatnaşmak üçin dalaşgärler bolmadyk halatynda bäsleşik hökmany suratda yglan edilýär.

      6. Bergidar kärhananyň batyp galmagynyň öňüni almak işine gatnaşmak üçin dalaşgärleriň arzasy bäsleşigi yglan eden arbitraž kazyýetine berilýär. Arza bermegiň möhleti bildirişiň çap edilen gününden beýläk 30 gün bolmalydyr.

      7. Bäsleşige gatnaşmak üçin arza bermek möhleti gutarandan soň on günüň içinde, eger bäsleşik yglan edilmedik bolsa - batyp galmagyň öňüni almak çäresini geçirmek hakyndaky karar kabul edilenden soň on günüň içinde arbitraž kazyýeti şol çärä gatnaşmak isleýän dalaşgärlere garaýar hem-de olary şondan beýläkki çärelere gatnaşmaga ygtyýar berýär ýa-da ol ýa beýleki dalaşgärlere bäsleşige gatnaşmak hataryndan aýyrýar.

Eger batyp galmagyn öňüni almak çäresine gatnaşmaga isleg bildirýän bolmasa, arbitraž kazyýeti ony geçirmek hakynda çykaran kararyny ýatyrýar hem-de bergidary batyp galan diýip hasap etmek hakyndaky işe düýp mazmuny boýunça seredýär.

      8. Batyp galmanyň öňüni almaga gatnaşjak kanditatlar (kazyýetiň bäsleşige gatnaşmak hataryndan aýranlaryndan başgalary) ýygnak geçirýärler. Ýygnakda ylalaşyk işlenip taýýarlanylýar we ýygnaga gatnaşýanlar oňa gol çekýär. Ylalaşykda bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresi tamamlanandan soň algydarlaryň hemmesiniň talaplaryny kanagatlandyrmak borjy beýan edilýär, onuň çak bilen haçan  kanagatlandyryljakdygy görkezilýär, algydarlaryň öňündäki jogapkärçiligi paýlamak işi, şeýle hem bergidarlaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresi başlanandan soň oňa gatnaşmakdan käbir adam boýun gaçyraýsa, batyp galmagyň öňüni alyş çäresine gatnaşýanlaryň özara çekmeli jogapkärçilik çäresi kesgitlenýär.

Arbitraž kazyýeti berlen ylalaşyk esasynda bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini geçirmek hakynda karar kabul edýär, şol çäräniň näçe wagt dowam etmelidigini kesgitleýär hem-de şol çärä gatnaşýanlaryň sanawyny tassyklaýar. Batyp galmagyň öňüni almak çäresine diňe ylalaşyga gol çeken ýuridiki we fiziki taraplar gatnaşdyrylýar.

     9. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini geçirmegiň dowamlylygy 18 aýdan aňryk geçmeli däldir. Bu çäräni geçirmegiň möhletini oňa gatnaşýanlaryň haýyşy boýunça arbitraž kazyýeti uzaldyp biler, ýöne ol 6 aýdan artyk uzaldylyp bilinmez.

Arbitraž kazyýetiniň bergidar kärhananyň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini geçirmek hakynda karar çykaran güni şol çäräniň başlanan güni hasap edilýär.

       10. Algydarlaryň talaplary şu Kanunyň 34-nji maddasynda bellenen nobatlylyk tertibinde kanagatlandyrylýar.

       11. Batyp galmagyň öňüni almaga gatnaşýanlar dolandyryjyny belleýärler we öňüni alyş çäresiniň barşyna gözegçilik edýärler.

       12. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini geçirmek hakynda arbitraž kazyýetiniň çykaran kararynda hem-de şol çärä gatnaşýanlaryň baglaşan ylalaşygynda göz öňünde tutulan maksatlaryň durmuşa geçirilmegi bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini tamamlamak hem-de batyp galma hakyndaky işi ýöretmegi bes etmek hakynda arbitraž kazyýetiniň karar kabul etmegi üçin esas bolup hyzmat edýär.

 

23-nji madda. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresini bes etmek we şol çärä gatnaşýanlaryň jogapkarçiligi

 

     1. Bergidaryň batyp galmagynyň öňüni almak çäresi şu aşakdaky halatlarda arbitraž kazyýeti tarapyndan bes edilip bilner:

batyp galmagyň öňüni almak çäresini geçirmek möhleti gutaran mahalynda; 

ol çäräniň netije bermeýändigi anyklanan mahalynda;

batyp galmagyň öňüni almak çäresine gatnaşýanlar algydarlaryň  öňündäki borçlaryny bellenen möhletde ýerine ýetirmedik mahalynda.

     2. Eger batyp galmagyň öňüni almak çäresi bes edilen bolsa we onuň dowamlylygy 6 aýdan geçen bolsa, bu çärä gatnaşýanlar algydarlaryň öňünde öz emlägi bilen doly jogapkärçilik çekýärler, ýagny olar bergidaryň emläginden algydarlaryň , talaby näçe möçberde kanagatlandyrylmadyk bolsa, şonça möçberde hem tölemeli edilýär.

     3. Eger batyp galmagyň öňüni almagyň bes edilen çäresiniň dowamlylygy 6 aýdan geçmedik bolsa, batyp galmagyň öňüni almaga gatnaşýanlaryň jogapkärçiligi hakyndaky karary arbitraž kazyýeti kabul edýär. Bu çärä gatnaşýanlaryň çekmeli paýy kanagatlandyrylmadyk talaplaryň möçberiniň 50 göteriminden az bolmaly däldir.

      4. Bergidaryň batyp galmaganyň öňüni almak çäresiniň geçirilýän döwründe her bir algydar ýa kärhana eýesi arbitraž kazyýetine ýüz tutup: dolandyryjy ýa-da öňüni alyş çäresine gatnaşýanlar tarapyndan arz edijiniň bähbitlerini kemsitmek hereketleriniň edilýändigi ýa-da batyp galmagyň öňüni alyş çäresiniň netije bermeýändigi hakynda arz edip biler. Arbitraž kazyýetiniň şeýle arza garap, bergidaryň batyp galmagynyň öňüni alyş çäresiniň geçirilmegini bes etmek hakynda karar çykarmaga haky bardyr. 

 

V bölüm. 

BERGIDARY ÝATYRMAK HAKYNDAKY IŞI ÝÖRETMEK

 

24-nji madda. Bergidary mejbury suratda ýatyrmak hakyndaky karar

 

Arbitraž kazyýeti üýtgedip guramak çärelerini geçirmek maksada laýyk bolmadyk ýa-da mümkin bolmadyk mahalynda, üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidara batyp galan diýip ykrar edýär hem-de şol kärhanany ýatyrmak hakynda kazyýetiň iş ýöretmeginiň çäklerinde kärhanany mejbury suratda ýatyrmak barada karar kabul edýär.

 

25-nji madda. Bergidaryň batyp galmagyny yglan etmek

 

Arbitraž kazyýetiniň üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidary batyp galan diýip yglan etmek hakyndaky hem-de ony ýatyrmak barada iş gözgamak hakyndaky karary şol kazyýet tarapyndan metbugatda çap edilýär, şunda munuň üçin edilen harajatlaryň öwezi batyp galanyň emläginden tutulyp alynýar.

Arbitraž kazyýeti bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegiň açylandygyny aşakdakylara mälim edýär:

kärhananyň eýesine (ony döredijä);

eger bergidaryň emlägine döwletiň gatyşygy bar bolsa, döwlet emlägini dolandyrmak baradaky edara;

ýerlerdäki ýerine ýetiriji häkimiýet ýa-da ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasyna; 

bergidara hyzmat edýän bank edaralaryna.

Eger bank batyp galan diýip yglan edilen bolsa, bu barada şol bankyň tertipnamasyny bellige alan bank edarasyna mälim edilýär.

 

26-njy madda. Batyp galany ýatyrmak hakynda iş gozgalmagynyň onuň üçin getirýän netijeleri

 

Bergidaryň batyp galan diýlip yglan edilen hem-de ony ýatyrmak hakyndaky işiň gozgalan pursatyndan beýläk, üzülişmäge gurby ýetmeýän şol bergidaryň emlägi satmagy - öz adyndan aýyrmagy, ony başga birine bermegi we borçlar üzmegi gadagan edilýär, ýöne algydarlaryň ýygnagynyň rugsat eden halatlary muňa girmeýär.

Üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidaryň ähli bergi borçlarynyň möhleti gutaran diýlip hasap edilýär.

Batyp galan bergidaryň bergileriniň ähli görnüşi boýunça jerime we göterim töletdirilmegi bes edilýär we onuň emlägi barada kanun üsti bilen edilýän çäklendirmeleriň hemmesi aýrylýar.

Emläk ýa-da maliýe häsiýetindäki ähli talaplar bergidara şu pursatdan başlap diňe uzülişmäge gurby ýetmeýän bergidary ýatyrmak hakyndaky iş ýöretmegiň çäklerinde bildirilip bilner.

 

27-nji madda. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmäge gatnaşýanlar

 

Arbitraž kazyýeti, dolandyryjy, algydarlaryň ýygnagy, üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar we beýleki dahylly adamlar bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmäge gatnaşýanlar hasaplanýar.

 

28-nji madda. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmekde arbitraž kazyýetiniň wezipesi

 

Arbitraž kazyýeti:

bergidary ýatyrmak hakyndaky işi gozgaýar we iş ýöretmegi ýatyrýar;

algydarlaryň  ýygnagyny çagyrýar;

dolandyryjynyn we algydarlaryň  ýygnagynyň işine gözegçilik edýär.

 

29-njy madda. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmekde dolandyryjynyň ygtyýarlary

 

Dolandyryjy:

bergidaryň emlägini öz ygtyýaryna alýar we dolandyrýar;

bergidaryň maliýe ýagdaýyny seljerýär, algydarlaryň  bildirýän talaplarynyň esaslydygyny-däldigini öwrenýär;

bergidary ýatyryş toplumyny düzýär;

bergidary ýatyrmak hakyndaky işiň gozgalan pursatynda onuň maliýe ýagdaýy we emlägi hakyndaky zerur maglumaty arbitraž kazyýetine, algydarlara berýär;

eger bergidar kärhananyň ýolbaşçysy wezipesinden çetleşdirilen bolsa, şol kärhanany dolandyrmak wezipesini ýerine ýetirýär;

bergidar üzülişmäge gurby ýetmeýän  diýlip ykrar edilmezinden öň 12 aýyň dowamynda onuň baglaşan geleşikleri barada arbitraž kazyýetinde şikaýat etmäge haklydyr;

ýatyryş toparyny düzýär we onuň işine ýolbaşçylyk edýär;

algydarlaryň ýygnagy bilen ylalaşyp, bergidaryň emlägini satmagyň möhleti we görnüşi hakynda karar kabul edýär.

 

30-njy madda. Algydarlaryň ýygnagy

 

Algydarlaryň ýygnagyna gatnaşmak hukugy algydarlara, dolandyryja we bergidara berilýär. Karary diňe algydarlar  kabul edýär.

Algydarlaryň ýygnagy:

dolandyryjynyň dalaşgärini tassyklaýar we onuň hak-heşdegini kesgitleýär;

dolandyryja bergidaryň emlägini bermek-satmak bilen baglanyşykly aýry-aýry geleşikleri etmäge rugsat berýär;

dolandyryjynyň edýän hereketlerine gözegçilik edýär;

barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak hakynda karar kabul edip biler;

algydarlar komitetini döredip biler we onuň wezipesini kesgitleýär.

Eger algydarlaryň ýygnagyna çözüji ses hukugy bolan, özem girew bilen üpjün edilmedik borçlaryň umumy jeminiň azyndan 50 göteriminiň wekilçiligini edýän algydarlar gatnaşan bolsa, şol ýygnak doly ygtyýarly hasap edilýär. Algydarlara ýygnakda özleriniň ynanylan adamy wekilçilik edip biler.

Eger algydar bergidar barada ykrar edilen talaplaryň eýesi bolup durýan bolsa, onda onuň algydarlaryň ýygnagynda öz sesiniň bolmagyna haky bardyr.

 

31-nji madda. Bergidaryň özüni ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmekdäki hukugy

 

Bergidary ýatyrmak hakyndaky iş ýöredilende, ol: 

öz emlägine ygtyýar etmek we ony dolandyrmak hukugyny ýitirýär;

         dolandyryjynyň bikanun (bergidaryň pikirine gorä) hereketleri barada arbitraž kazyýetine şikaýat etmäge haky bardyr.

 

32-nji madda. Emlägiň we berginiň bahasyny çykarmak

 

      1.  Bergidaryň ähli aktiwiniň kärhana balanslarynda görkezilendigine ýa-da görkezilmändigine garamazdan, şol aktiwler bergidary ýatyryş toplumyny düzmek-emele getirmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Eger kanunda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, bu topluma bergidaryň balansynda durýan durmuş obýektler hem girýär.

      2. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegiň barşynda işe çekilen bilermenleriň kömegi bilen bergidaryň emlägi (aktiwleri) we onuň borçlary tükelleme edilýär hem olara baha kesilýär.

      3. Bergidaryň ýatyryş toplumyna girýän emlägine bellenen tertipde baha kesilýär. «Kim ýokary» söwdada satylýan emläk üçin baha kesiş gymmaty onuň başky bellenýän nyrhy hasaplanýar.

Bergidary ýatyryş toplumyna fiziki taraplaryň hem-de döwlet eýeçiligi görnüşine degişli bolmadyk batan kärhananyň eýeleriniň şahsy emlägi hem girýär¸ eger kärhananyň emlägi borçlary üzmek üçin ýeterlik bolmasa.

Bergidary ýatyryş toplumyna bergidaryň öz emlägi bolmadyk emlägi girizilmeýär, şol sanda aşakdakylar girizilmeýär:

bergidaryň kärende hukugy esasynda peýdalanýan emlägi;

bergidaryň jogapkärçiliginde saklanylýan harytlar hem-de kanunlara laýyklykda, bergidaryň emlägi bolmadyk başga emläk;

kärhananyň işgärleriniň şahsy emlägi - şereketiň agzalarynyň doly jogapkärçiliginde durýan emläk muňa girmeýär.

 

33-nji madda. Girew bilen üpjün edilen bergi borçlaryny üzmek

 

Girew bilen üpjün edilen bergi borçlary bergidaryň emläginiň hasabyna binobat üzülýär.

 

34-nji madda. Bergidary ýatyryş toplumyny paýlamagyň tertibi we nobatlylygy

 

     1. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmek, dolandyryjynyň wezipesini ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly çykdajylaryň, şeýle hem kärhananyň işiniň dowam etdirilmeginden gelip çykýan çykdajylaryň öwezi binobat tölenilýär.

     2. Şu maddanyň 1-nji bendinde görkezilen çykdajylaryň öwezi tölenenden soň, bergidary ýatyryş toplumy paýlananda şu aşakdakylaryň artyk hukugy bardyr:

birinji nobatda raýatlarlar - olaryň janyna ýa saglygyna zeper ýetirenligi üçin bergidaryň, jogapkärdigi bilen baglanyşykly (wagt boýunça tölenýän degişli tölegleri maýa öwürmek arkaly);

ikinji nobatda batyp galan kärhananyň işgärleri - olaryň işine hak tölemek boýunça; bergidary ýatyrmak hakyndaky iş ýörediş gozgalmazdan ozal pensiýalary we kömek pullary tölemekde üç ýylyň dowamynda edilen bergiler boýunça;

uçünji nobatda döwlet býujeti – býujetiň öňündäki borçlary üzmek boýunça, eger şol borçlar bergidary ýatyrmak hakyndaky iş ýörediş gozgalmazdan ozal bir ýylyň dowamynda dörän bolsa;

dördünji nobatda bergidary ýatyryş toplumy paýlananda artyk hukugy bolma­dyk algydarlaryň talaplary kanagatlandyrylýar;

bäşinji nobatda zähmetkeşler köpçüligindäki paýnama eýeleriniň talaplary kanagatlandyrylmalydyr;

altynjy nobatda galan ähli talaplar-borçlar üzülýär;

ýedinji nobatda batyp galan bergidarlaryň emläk hukuklary kanagatlandyrylýar.

      3. Her nobatdaky talaplar şonuň öňündäki nobatyň talaplary bilen doly hasaplaşylandan soň kanagatlandyrylýar.

      4. Degişli nobatdaky algydarlaryň ähli talabyny doly kanagatlandyrmak üçin töledilip alnan töleg ýeterlik bolmasa, şol talaplar her talapkäre düşýän algyň möçberine barabarlyk tertipde kanagatlandyrylýar.

 

35-nji madda. Bergidaryň emlägini satmak

 

Bergidaryň emlägini satmagy ýatyryş toparynyň ygtyýar bermegi bilen dolandyryjy guraýar.

Dolandyryjy bergidaryň emläginiň haçan satylyp başlanjakdygyny mälim edýär, emlägi satyn almagyň şertlerini hem-de isleg bildirýän adamlaryň mümkin gadar giň toparynyň emläk satyn almak isleýändiklerini aýtmagynyň möhletini habar berýär.

Emläk «kim ýokary» söwdasynda iň ýokary baha hödürlän alyja satylýar.

 

36-njy madda. Algydarlaryň talaplaryny kanagatlandyrmak

 

      1. Bergidaryň emlägini satmakdan düşen pul serişdeleri şu Kanunyň, 34-nji maddasyna laýyklykda algydarlaryň arasynda paýlanylýar.

      2. Talaplary bildirmek üçin bellenen möhlet gutarandan soň ýüze çykan we bildirilen talaplar möhletinde bildirilen talaplar kanagatlandyrylandan soň bergidaryň galan emläginiň hasabyna kanagatlandyrylýar.

      3. Dolandyryjynyň ykrar etmedik talaplary üzülişen diýlip hasap edilýär- eger algydarlar şeýle çözgüt barada arbitraž kazyýetine şikaýat etmeseler ýa-da arbitraž kazyýeti algydarlaryň arzasyny kanagatlandyrmasa şeýle edilýär.

      4. Bergadaryň emläginiň ýetmezlik etmegi zerarly öz talaplary kanagatlandyrylmadyk algydarlaryň  bergidary jogapkärçilige çekmek we oňa çekilen zyýanyň öwezini töletdirmek hakyndaky hak islegi bilen kazyýete ýüz tutmaga haky bardyr.

 

37-nji madda. Bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegiň tamamlanmagy

 

Arbitraž kazyýeti dolandyryjynyň öz alyp barýan işi hakynda ýazyp beren jemleýji nutugyny tassyklaýar, şol nutugyň ýanyna bergidary ýatyryş balan­sy hem-de talaplar kanagatlandyrylandan soň galan serişdeleriň ulanylyşy hakyndaky hasabat hem goşulýar, bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegi tamamlamak hakynda karar kabul edýär hem-de kärhanalary döwlet belligine alýan edara özüniň kabul eden karary barada habar berýär.

 

38-nji madda. Kärhanany ýatyrmak

 

Kärhana döwlet belligine alnyş sanawyndan çykarylan pursatyndan ýatyrylan diýlip hasap edilýär.

 

VI bölüm. 

BARLYŞYK YLALAŞYGY

 

39-njy madda. Barlyşyk ylalaşygyny gazanmak mümkinçiligi

 

Bergidar bilen algydarlaryň arasynda barlyşyk ylalaşygy üýtgedip guramak çäreleriniň geçirilýän ýa-da bergidary ýatyrmak hakyndaky işi ýöretmegiň alnyp barylýan islendik döwründe baglaşylyp bilner.

Barlyşyk ylalaşygy diňe şu Kanunyň 34-nji maddasynda bellenen dördünji we şondan soňraky nobatdaky talaplar barada baglaşylyp bilner.

 

40-njy madda. Barlyşyk ylalaşygyny kabul etmegiň şertleri

 

Eger algydarlaryň  azyndan üçden iki bölegi (bildirilýän talaplaryň jemi boýunça) barlyşyk ylalaşygynyň tarapyny tutan bolsa, onda şeýle ylalaşyk kabul edildi diýlip hasap edilýär.

Barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga razy bolmadyk algydarlar üçin bellenilýän şertler edil şolaryň nobatyndaky talaplary ýaly talaplary bolup, barlyşyk ylalaşygyna razy bolan algydarlaryňkydan ýaramaz bolmaly däldir.

 

41-nji madda. Barlyşyk ylalaşygynyň arbitraž kazyýetinde garalmagy

 

Barlyşyk ylalaşygyny tassyklatmak hakyndaky haýyşnama berlende bergidar şeýle ylalaşygyň proýektini, şeýle hem kärhananyň balansyny, şu Kanunyň 34-nji maddasynyň 2-nji bendinde sanalyp geçilen ähli algydarlaryň  sanawyny (olaryň salgysy we berginiň möçberi görkezilen bolmaly), şeýle hem barlyşyk ylalaşygy degişli bolmadyk talaplar boýunça bergileriň üzülişilendigi hakyndaky kepilnamany bermäge borçludyr.

Barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak hakyndaky işiň haçan diňleniljekdigini arbitraž kazyýeti dahylly taraplara mälim edýär. Çagyrylan adamlaryň gelmezligi işiň garalmagyna päsgel bermeýär.

Arbitraž kazyýeti öz mejlisinde barlyşyk ylalaşygyny baglaşmaga garşy bolýan her bir algydary diňlemäge, hatda algydar özleriniň  ýygnagynda şol ylalaşygyň tarapyny tutan hem bolsa, ony diňlemäge borçludyr.

 

42-nji madda. Barlyşyk ylalaşygyny baglaşmak

 

         Barlyşyk ylalaşygy ýazmaça görnüşde baglaşylýar we arbitraž kazyýeti tarapyndan tassyklanýar. Şeýle ylalaşyk sanawa girizilen ähli algydarlar üçin hökmanydyr, özem arbitraž kazyýeti tarapyndan tassyklanan gününden güýje girýär.

 

43-nji madda. Barlyşyk ylalaşygynyň hakyky däldigi ýa-da ýatyrylmagy

 

      1. Eger uzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar öz emlägini balansda nädogry görkezen bolsa, onda arbitraž kazyýeti her bir algydaryň beren hak islegine görä barlyşyk ylalaşygyny hakyky däl diýip ykrar edip biler.

      2. Barlyşyk ylalaşygy şu aşakdaky halatlarda ýatyrylyp, bergidaryň batyp galan diýlip ykrar edilmegi bolsa täzeden dikeldilip bilner:

barlyşyk ylalaşygynyň şertleri ýerine ýetirilmese;

bergidaryň maliýe ýagdaýynyň ýaramazlaşmagy dowam edende, bu bolsa algydarlara bergidaryň batyp galanlyk ýagdaýynyň täzeden dikeldilmegini haýyş etmäge  hukuk berýär;

bergidar algydarlaryň hukuklaryna we bähbitlerine zyýan ýetirýän hereketleri eden wagtynda.

      3. Barlyşyk ylalaşygy hakyky däl diýlip ykrar edilen mahalynda, bergidary batyp galan diýip  ykrar etmek işiniň täzeden dikeldilendigi hakynda arbitraž kazyýeti tarapyndan bergidaryň hasabyna metbugatda mälim edilýär.

      4. Eger üzülişmäge gurby ýetmeýän bergidar barlyşyk ylalaşygy ýerine ýetirilmänkä batyp galan diýlip yglan edilen bolsa, onda algydarlaryň bildiren talaplary (şol talaplara görä bolsa bergidaryň tölegleri tölemegi gaýra süýşürilen, tölegleri böleklere bölüp bermek edilen ýa-da bergileriň kanagatlandyrylmadyk böleginden geçirim edilen bolsa) doly möçberde täzeden dikeldilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                           Saparmyrat

     Prezidenti                                                 Türkmenbaşy

 

Aşgabat şäheri 

1993-nji ýyl, 1-nji  oktýabr

№ 861-XП