Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Girew hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1993 ý., № 9-10, 57- madda)
(30.03.2007 ý. № 115-III; 18.04.2009 ý. № 32-IV we 23.05.2015 ý. № 233-V
Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
I bölüm
UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. «Girew» diýen düşünje
Girew - borçnamanyň ýerine ýetprilmegini üpjün etmegiň bir usuly bolup şunda bergidar borçnamany ýerine ýetirmedik mahalynda, kreditor-girew saklaýjy girew goýlan emlägiň hasabyna üzülmekde-özüni kanagatlandyrmakda beýleki kreditorlara garanda artyk hukuga eýe bolýar, ýöne Türkmenistanyň dowam edip gelýän kanunlarynda göz öňünde tutulan kadadan çykmalar bolup biler.
2-nji madda. Türkmenistanyň girew hakynda kanunçylygy
1. Türkmenistanyň girew hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň girew gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Girew goýup bolýan zatlar
1. Raýat dolanyşygyndan aýrylmaly edilmedik hemem Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda töleg tutup almak bolýan her bir emläk (kärhanalar jaýlar, desgalar, enjamlar, beýleki önümçilik fondlary, gymmat bahaly kagyzlar, pul serişdäleri), şeýle hem emläk baradaky hukuklar, intellektual (akyl) eýeçilige degişli zatlar girew bolup biler.
2. Şahsy häsiýetdäki talaplary girew bolup bilmez.
3. Özleriniň taryhy, medeni ýa-da başga hili gymmatlygy sebäpli ýa döwlet howpsuzlygy nukdaý nazaryndan girew bolup bilmejek obýektleriň sanawyny Türkmenistanyň Ministrler kabineti belleýär.
4. Girew saklaýjynyň hukugy onuň girew bilen üpjün edilen borçnamadaky kreditorlyk (girew saklaýjylyk) hukugyndan gelip çykýar, onuň şol hukugynyň dowam etmegi bolsa girew bilen üpjün edilýän borçnamanyň ykbalyna baglydyr.
4-nji madda. Girew goýujy we girew saklaýjy
1. Fiziki, ýuridiki taraplar hem-de döwlet girew goýujy we girew saklaýjy (girew şertnamasyna gatnaşýan taraplar) bolup bilerler.
2. Bergidaryň özem, üçünji tarap (zada zamun bolýan) hem girew goýujy bolup biler. Girew goýulmaly zat eýeçilik hukugy esasynda ýa-da hojalygy doly ýörediş ýa operatiw dolandyryş hukugy esasynda özüne degişli bolan adam hem girew goýujy bolup biler.
Kärhananyň emlägi oňa hojalygy doly ýörediş hukugy esasynda berkidilen bolsa, onda ol tutuş kärhananyň hem-de emläk toplumlary hökmünde onuň| düzüm birlikleriniň hem-de kiçi bölümleriniň, şeýle hem aýry-aýry jaýlaryň we desgalaryň girewini şol emlägiň eýesi bilen ylalaşyp amala aşyrýar.
Özüne emlägi operatiw dolandyrmak hukugy berkidilen edara (gurama) haýsy hojalyk işini amala aşyrmaga ygtyýar berlen bolsa, onuň şol işiň netijesinde alan girdejileriniň hasabyna ediňen emläginiň ýa-da emläk hukugyny girewe bermäge haky bardyr.
3. Hukuk girew goýlanda şol hukuk kime degişli bolsa, şol adam girew goýujy bolup biler. Bilelikde birnäçe adama degişli bolan hukuk şol adamlaryň hemmesiniň ýazmaça ylalaşmagy esasynda girew goýlup bilner.
4. Döwlet, ýuridiki ýa-da fiziki taraplar ýörite guramalary- (lombardlary) döredip bilerler, şol guramalaryň wezipesi bolsa girew goýlan emläk üçin karz pul (ssuda) bermekden ybaratdyr.
Döwlete degişli bolmadyk lombardlar öz işini ýerlerdäki ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň ygtyýar bermegi esasynda amala aşyrýarlar.
Girew goýlan zat üçin karz pul berýän ýöriteleşdirilen guramalara banklar degişlidir, olara bolsa bank amallaryny geçirmek üçin ygtyýarnamalary Türkmenistanyň Merkezi banky berýär.
5-nji madda. Girewiň ýüze çykmagynyň esaslary
1. Girew şertnama ýa kanun esasynda ýüze çykýar.
2. Еger girew kanun esasynda ýüze çykýan bolsa, onda kanunda haýsy borçnama görä hem-de hut haýsy emlägiň girewde durýar diýlip ykrar edilýändigi görkezilmelidir.
6-njy madda. Girewiň görnüşleri
Kanunda ýa-da şertnamada: girew goýlan emläk girew goýujyda galýar diýlip ýa-da girew saklaýjynyň ýa-da üçünji adamyň (tarapyň) eýelik etmegine berilýär diýlip göz önünde tutulyp bilner.
Harytlary girew goýmak işi harytlara ygtyýar ediş resminamasynyň girew saklaýja berilmegi arkaly amala aşyrylýar, şol resminama bolsa gymmat bahaly kagyz hasap edilýär.
7-nji madda. Girew goýup bolýan emläk
1.Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda girew goýujy tarapyndan ulanyşdan aýryp bilinýän islendik emläk girew goýup bolýan zat hasaplanýar.
2.Еger kanunda ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläge bolan girew hukugy emlägiň, nämelerden ybaratdygyny, onuň aýrylmaýan miwelerini öz içine alýar.
Emläge bolan girew hukugy diňe kanunda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda, çäklerde hem tertipde emlägiň aýrylýan miwelerini hem öz içine alyp biler.
3. Şertnamada ýa-da kanunda girew goýujynyň geljekde edinmegi mümkin bolan emlägi barada hem girewiň degişli edilmegi göz öňünde tutulyp bilner.
8-nji madda. Bilelikdäki umumy eýeçilikde durýan emlägi girew goýmak
1. Bilelikdäki umumy eýeçilikde durýan emläk diňe onuň ähli eýeleriniň razylygy bilen girewe berlip bilner.
2. Еmlägiň şärik eýesiniň umumy paýly eýeçilikdäki öz paýyny girew goýmagy üçin, şol emlägiň beýleki eýelerinden razylyk almagy talap edilmeýär - eger eýeçiligiň häsiýeti (onuň bölünişi) şeýle etmäge ýol berýän bolsa.
3. Öýüň eýesi ony şol öýde bile ýaşaýan kämillik ýaşyna ýeten maşgala agzalarynyň razylygy bilen girewe berip biler.
9-njy madda. Girew goýup bolýan emläk hukugy
1. Ýer bölegine bolan, beýleki tebigy desgalara bolan, kreditoryň şahsyýeti bilen baglanyşykly bolan, şeýle hem başga birine berilmegi kanuna ýa-da şertnama ters gelýän beýleki hukuklardan başga gaýry emläk hukuklary girew goýlup bilner.
2. Girew hakyndaky şertnama girew goýujynyň geljekde edinmegi mümkin bolan hukuklary barada hem baglaşylyp bilner.
3. Belli bir möhlete çenli güýji bolan hukuk diňe şol möhlet gutarýança girew goýlup bilner.
10-njy madda. Girew goýulýan zady çalşyrmak
Girew goýulýan zadyň çalşyrylmagyna diňe girew saklaýjynyň razylygy bilen ýol berilýär. Dolanyşykda ýören harytlar girew goýlanda olary çalşyrmagyň tertibi şu Kanunyň 52-nji maddasy arkaly düzgünleşdirilýär.
11-nji madda. Girew we ätiýaçlandyryş
1. Girew saklaýjynyň eýelik etmegine girew hökmünde berlen emlägi ätiýaçlandyrmak borjy, eger girew hakyndaky şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew saklaýjynyň üstüne ýüklenýär.
2. Döwlet edaralary tarapyndan girew goýujynyň alyp barýan hojalyk işiniň ýatyrylýan ýa oňa päsgel berilýän, ýa-da şol hojalyk işine oňaýsyz täsir edilýän hereketleriň edilen ýa şeýle häsiýetli namalaryň kabul edilen (emlägi konfiskasiýalamak, mejbury suratda almak) halaty üçin, şeýle hem edaranyň ýatyrylýan ýa batyp galan diýlip ykrar edilýän halaty üçin girew goýuja-ýuridik tarapa ätiýaçlandyrmak borjy şertnama arkaly ýüklenilip bilner.
3. Lombard girew goýlan emlägi kabul edende taraplaryň ylalaşan nyrhy boýunça girew goýujynyň hasabyna şol emlägiň doly gymmatynda ätiýaçlandyrýar.
4. Ätiýaçlandyryş halatlary dörände girew saklaýjynyň ätiýaçlandyryş boýunça tölenýän öwez pulunyň ujundan öz talaplaryny kanagatlandyrmakda artyk hukugy bardyr.
12-nji madda. Girew hakyndaky şertnamanyň mazmuny
Girew hakyndaky şertnamada taraplaryň ady, ýerleşýän ýeri (ýaşaýan ýeri), girewiň görnüşi, girew bilen üpjün edilen talabyň düýp manysy, onuň möçberi we ýerine ýetirilmeli möhleti, girew goýlan emlägiň ýazgysy, gymmaty we ýerleşýän ýeri, şeýle hem taraplardan biriniň beýan etmegine görä ylalaşyga gelinmeli bolan gaýry şertler görkezilmelidir.
13-nji madda. Girew hakyndaky şertnamanyň görnüşi
1. Girew hakyndaky şertnama ýazmaça görnüşde baglaşylmalydyr hem-de eger Türkmenistanyň kanunlarynda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, ol notarial tertipde tassyklanmalydyr hem-de bellige alynmalydyr.
2.Girewiň raýatlara berilýän karz pul (ssuda) bilen üpjün edilmegini notarial tertipde tassyklamak işi bankdan ýa-da başga kreditordan karz pul alnandygy hakyndaky töleg hatynda tassyklaýyş ýazgysyny geçirmek arkaly amala aşyrylýar.
3. Еsasy şertnamadan gelip çykýan borçnamalary üpjün edýän girew hakyndaky şertnama hem esasy şertnamany tassyklan edarada tassyklanmalydyr.
4. Girew hakynda bellenen şert girew bilen üpjün edilen borçnamalaryň döremegine getirýän şertnama hem girizilip bilner. Şeýle şertnama girew hakyndaky şertnama üçin bellenen görnüşde baglaşylmalydyr.
5. Girew hakyndaky şertnamanyň görnüşi onuň baglaşylan ýerindäki kanunlara laýyklykda kesgitlenýär. Türkmenistanyň çäklerinden daşarda girew hakynda baglaşylan şertnama Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen talaplaryň berjaý edilmegi bilen baglaşylan bolsa, onuň görnüşi berjaý edilmedik hem bolsa, ol hakyky däl diýlip hasap edilip bilinmez.
Türkmenistanyň çäginde ýerleşen jaýlary, desgalary, kärhanalary hem-de beýleki obýektleri, şeýle hem Türkmenistanda bellige alnan – hereket edýän demir ýol otlusynyň düzümini, raýat howa, deňiz we derýa gämilerini girew goýmak hakyndaky şertnamanyň görnüşi, şeýle şertnamanyň haýsy ýerde baglaşylandygyna garamazdan Türkmenistanyň kanunlary arkaly kesgitlenilýär.
6. Şertnama gatnaşýan taraplaryň hukuklary we borçlary, eger taraplaryň ylalaşygy bilen başga hili bellenmedik bolsa, girew goýujy bolup durýan tarapyň döredilen, onuň ýaşaýan ýeri ýa-da esasy iş ýeri bolan ýurduň kanunlary arkaly kesgitlenýär.
14-nji madda. Girew goýulýan zadyň atanlykda berbat bolmak töwekgelligi
Girew goýulýan zadyň atanlykda berbat bolmak töwekgelçiligini, eger şertnamada ýa-da Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew goýlan emlägiň eýesi (hojalygy doly ýörediş ýa-da operatiw dolandyryş subýekti) çekýär.
15-nji madda. Girewiň döwlet belligine alynmagy
1. Gozgalmaýan emlägiň girew goýulmagy hem-de şoňa bolan hukuk, dolanyşykdaky harytlaryň girew goýulmagy döwlet belligine alynmalydyr. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti döwlet belligine alynmaly edilen başga emlägi hem sanawa goşup biler.
Emlägiň girew goýulmagyny döwlet belligine almak işini Ministrler kabineti tarapyndan ygtyýarly edilen edara geçiýär.
2.Girewi bellige almak kanun boýunça hökman däl halatlarynda hem taraplaryň ylalaşmagy esasynda ony bellige almak göz öňünde tutulyp bilner (girew hakyndaky şertnamany fakultatiw bellige almak).
3. Girewiň hökmany hem hökmany däl (fakultatiw) bellige alynmagy hukuk babatda birmeňzeş netijelere getirýär hem-de ol şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde amala aşyrylýar.
4. Döwlet belligine alynmaly girew hakyndaky şertnama girewiň bellige alnan pursatyndan baglaşylan hasap edilýär.
5. Girew goýlan hemem döwlet belligine alynmaly bolan emläk baradaky hukuk beýleki girew saklaýja geçen wagtynda girewi bellige almak işini geçirýän edara tarapyndan sanawa zerur üýtgetmeleri girizilmelidir.
16-njy madda. Girew hakyndaky şertnamanyň, görnüşiniň berjaý edilmezliginiň getirýän netijeleri
Girew hakyndaky şertnamanyň bellenen görnüşiniň berjaý edilmezligi Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan netijelere getirmek bilen şertnamanyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegine eltýär.
17-nji madda. Girewiň bellige alynmagy bilen baglanyşykly hereketler barada şikaýat etmek
Girew babatda dahyly bolan adam girewiň bellige alynmazlygy ýa-da girewiň bikanun bellige alynandygy barada bellige alýan edaranyň ýerleşýän ýerindäki kazyýete şikaýat etmäge haklydyr.
18-nji madda. Girewiň, bellige alnanlygy hakyndaky maglumat
Girewi bellige alýan edara girew saklaýja girewiň bellige alnandygy hakyndaky şahadatnamany, şonuň ýaly-da girew saklaýjynyň, girew goýujynyň hem-de özleriniň hakyky bähbidiniň bardygy barada subutnamalary bolan beýleki dahylly adamlaryň talap etmegine görä göçürmeler bermäge borçludyr.
19-njy madda. Girewiň, bellige alnanlygy üçin döwlet pajy
Girewiň bellige alnanlygy üçin, bellige alnanlygy hakyndaky şahadatnamanyň berlenligi üçin, şeýle hem sanawdan göçürmeleriň berlenligi üçin Türkmenistanyň kanunlarynda kesgitlenen möçberde döwlet pajy alynýar. Arza beriji özüniň döwlet pajynyň tölenendigi baradaky subutnamasyny bellige alýan edara getirip görkezýär. Şeýle subutnamalar bolmadyk mahalynda girewi bellige almak hakyndaky arza garalmaýar.
20-nji madda. Bellige alýan edaranyň, jogapkärçiligi
Girewi bellige almak wezipesi öz üstüne ýüklenen edara ýetiren zeleli üçin jogapkärçilik çekýär hem-de onuň işgärleri tarapyndan girewi bellige almak kadalarynyň bozulmagyna ýol berilmegi netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini töleýär.
21-nji madda. Girew bilen üpjün edilen borçnamanyň ýerine ýetirilişini bellige almak
1. Girew saklaýjy girew goýujynyň talap etmegine görä oňa borçnamanyň doly ýa-da kem-käsleýin ýerine ýetirilendigini tassyklaýan resminamalary bermäge borçludyr, munuň özi soňra sanawa degişli maglumatlar girizmek üçin edilýär.
2. Girew bilen üpjün edilen borçnamanyň doly ýa-da kem-käsleýin ýerine ýetirilendigini tassyklaýan resminamalar alnanda girewi bellige alýan edara sanawa haýal etmän degişli ýazgy girizmelidir.
22-nji madda. Girew goýujynyň girew ýazgysy depderçesini ýöretmegi
1. Telekeçiler hökmünde bellige alnan girew goýujylar şu aşakdakylara borçludyrlar:
girewleriň ýazgysy depderçesini ýöretmäge;
Girew ýüze çykandan soň on günden gijä goýman ýazgy depderçesine girewiň görnüşi we haýsy zatdygy, şeýle hem borçnamanyň girew bilen üpjün ediliş möçberi hakyndaky maglumatlary girizmäge;
depderçäni özüniň hakyky bähbidiniň bardygy barada subutnamasy bolan dahylly adamyň tanyşmagy üçin görkezmäge.
2. Girew goýujy girew ýazgysy depderçesine girew hakyndaky maglumatlaryň öz wagtynda hem-de dogry girizilmegi barada jogapkärçilik çekýär. Girew goýujy depderçä ýazgylary öz wagtynda hem-de doly ýa-da takyk geçirilmänligi, şeýle hem girew ýazgysy depderçesini tanyşmak üçin görkezmek borjundan boýun gaçyranlygy sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini heläkçilik çekene doly möçberde tölemäge borçludyr.
23-nji madda. Girew goýlan emläge erk etmek hukugy
Girew goýujy, eger kanunda ýa-da girew hakyndaky şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew goýlan emläge erk etmek hukugyny özünde saklaýar.
Şunda girew goýlan emläk baradaky hukugyň başga birine geçmegine diňe girew bilen üpjün edilen esasy bergi täze girew goýuja geçen wagtynda ýol berilýär.
24-nji madda. Girew goýlan emlägi ýaňadan girew goýmak
Emlägiň ýaňadan girew goýulmagyna, eger Türkmenistanyň kanunlarynda hem-de girew hakyndaky öňki şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýol berilýär.
25-nji madda. Öňki girew saklaýjynyň hukugy
1. Еger emläk girew goýulýan zat bolsa, özem eýýäm başga borçnamany girew bilen üpjün etmek üçin hyzmat edip gelýän bolsa, onda öňki girew saklaýjynyň girew hukugy öz güýjüni saklap galýar.
Soňky girew saklaýjynyň talaplary öňki girew saklaýjynyň talaplary kanagatlandyrylandan soň girew goýlan zadyň gymmatyndan kanagatlandyrylýar.
2. Girew goýujy şol emlägiň dowam edip gelýän ähli girewleri barada, şeýle hem borçnamalaryň şol girewler bilen nähili häsiýetde we näçe möçberde üpjün elilendigi barada her bir indiki girew saklaýjyny habarly etmäge borçludyr. Girew goýujy şol borjy ýerine ýetirmänligi sebäpli özüniň girew saklaýjylarynyň islendik biriniň çeken zyýanynyň öwezini tölemäge borçludyr.
26-njy madda. Girew saklaýjynyň girew goýlan emlägiň hasabyna kanagatlandyrylýan talaplary
Girew saklaýjynyň öz talaplaryny girew goýlan emlägiň hasabyna doly möçberde, ýagny onuň talaplarynyň hakyky kanagatlandyrylýan pursatynda kesgitlenilýän möçberde kanagatlandyrmaga haky bardyr, şunda muňa göterimler, borçnamany ýerine ýetirmegiň möhletiniň geçirilmegi sebäpli ýetirilen zyýan hem girýär, kanunda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda bolsa temmi puly (jerime) hem girýär; girew goýlan emlägi saklamak üçin edilýän zerur harajatlaryň we talaby girew bilen üpjün etmek üçin edilýän çykdajylaryň öwezi hem tölenmelidir.
27-nji madda. Girew goýulýan zatdan töleg tutup almak hukugynyň ýüze çykmagy
1. Girew bilen üpjün edilen borçnamany ýerine ýetirmegin möhleti gelip ýeten pursatynda ol ýerine ýetirilmedik wagtynda, girew saklaýjy girew goýlan zatdan töleg tutup almak hukugyna eýe bolýar, ýöne kanun ýa şertnama boýunça şeýle hukugyň giç ýüze çykýan ýa-da kanun boýunça şeýle tölegiň ir tutulyp alnyp bilinýän halatlary muňa girmeýär.
2. Girew goýujy - ýuridik tarap işini bes edende (ýatyrylanda) girew saklaýjy girew bilen üpjün edilen borçnamanyň ýerine ýetirilmeli möhletiniň gelip ýetendigine - ýetmändigine garamazdan, şol girew goýlan emläkden töleg tutup almak hukugyna eýe bolýar.
28-nji madda. Borçnama kem-käsleýin ýerine ýetirilende girew meselesi
Bergidar girew bilen üpjün edilen borçnamany kem-käsleýin ýerine ýetiren mahalynda, ol borçnamany doly ýerine ýetirýänçä girew ilkibaşky möçberinde galdyrylýar.
29-njy madda. Birnäçe zatdan (hukukdan) durýan girewden girew saklaýjynyň talaplaryny kanagatlandyrmak
Еger girew birnäçe zatdan ýa-da hukukdan ybarat bolsa, onda girew saklaýjy öz saýlap alşyna görä, ýa-ha ähli zatlaryň ýa hukuklaryň hasabyna, ýa-da zatlaryň (hukuklaryň) biriniň hasabyna, kanagatlandyrylyp bilner, şunda ol soňra özüni girewi ybarat edýän beýleki zatlaryň (hukuklaryň) hasabyna kanagatlandyrar ýaly mümkinçiligi saklap galýar.
30-njy madda. Girew saklaýjynyň talaplaryny üçünji bir adamyň kanagatlandyrmagynyň netijeleri
1. Girew saklaýjynyň talaplary üçünji bir adam tarapyndan doly kanagatlandyrylan mahalynda oňa talap etmek hukugy bilen bilelikde ony üpjün edýän girew hukugy hem geçýär, ýagny talaby başga adama bermek-geçirmek üçin Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan tertipde geçýär.
2. Еger girew hakyndaky şertnama bellige alnan bolsa, onda täze girew saklaýjyda girew sanawa degişli üýtgetmeleriň girizilen pursatyndan ýüze çykýar.
31-nji madda. Girew goýlan emläkden töleg tutup almagyň tertibi
1. Girew goýlan emläkden töleg, eger kanunda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, degişli kazyýetiň çözgüdi esasynda tutulyp alynýar.
Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlarda, girew goýulan emläkden töleg kepillendirijiniň ýerine ýetiriliş ýazgysy esasynda gürrüňsiz tutulyp alynýar.
2. Töleg tutulyp alynmaly emlägi (girew goýlan emlägi) ýerlemek işi, eger şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, Türkmenistanyň raýat iş ýörediş kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
32-njimadda. Girew goýlan emlägi kreditoryň özbaşdak ýerlemegi
Girew saklaýja girewine berlen emlägi borçnamanyň ýerine ýetirilmeli möhleti geçirilende kazyýetiň çözgüdi bolmazdan özbaşdak ýerlemäge (söwda edaralarynyň üsti bilen, «kim ýokary» söwda arkaly, komission dükanyň üsti bilen ýa-da başga usul bilen) girew saklaýja girew hakyndaky şertnamada hukuk berlip bilner. Özem şertnamada şol emlägiň iň pes satuw nyrhyny kesgitleýärler ýa-da oňa baha kesmegin ýa ony ýerlemegiň tertibini belleýärler.
33-nji madda. Girew goýlan zadyň ýerlenilmeginden düşen pul ýeterlik bolmadyk wagtynda girew saklaýjynyň talaplarynyň kanagatlandyrylyşy
Girew goýlan zadyň satylmagyndan düşen pul girew saklaýjynyň talaplaryny doly kanagatlandyrmak üçin ýeterlik bolmadyk wagtynda onuň, eger kanunda ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, şol puluň ýetmeýän böleginiň Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda (özem girew hukugyna esaslanan artyk hukukdan peýdalanan bergidaryň töleg tutulyp alnyp bilinjek beýleki emläginden) almaga haky bardyr.
34-nji madda. Girew goýlan zadyň ýerlenilmeginden düşen puly girew goýuja gaýtaryp bermek
Еger girew goýlan zadyň, ýerlenilmeginden düşen pul girew saklaýjynyň şol girew bilen üpjün edilen talaplarynyň möçberinden artyk gelýän bolsa, onda düşen puluň aratapawudy girew goýuja gaýtarylyp berilýär.
35-nji madda. Girew goýlan emläkden töleg tutulyp alynmagyny borçnamanyň ýerine ýetirilmegi arkaly bes etmek
1. Girew goýujy girew goýulan zadyň ýerlenen pursadyna çenli islendik wagt şol girew bilen üpjün edilen borçnamany ýerine ýetirmek arkaly şol girew emläginden töleg tölemegi bes etmäge haklydyr.
2. Еger girew bilen üpjün edilen borçnamada onuň bölekleýin ýerine ýetirilmegi göz öňünde tutulan bolsa, onda girew goýujy borçnamanyň möhleti geçirilen bölegini ýerine ýetirmek arkaly şol girew goýlan emläkden töleg tölemegi bes etmäge haklydyr.
36-njy madda. Girew goýulýan zat üçünji bir adama geçende girewiň güýjünde galmagy
1. Girew goýlan zada bolan eýeçilik hukugy ýa-da hojalygy doly ýörediş hukugy, ýa girew goýlan zadyň düzümine bolan hukuk üçünji bir adama (tarapa) geçen wagtynda, eger kanunda başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew öz güýjünde galýar.
2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen netijeler girew goýulýan zadyň düzümine bolan hukuklar başga birine geçen mahalynda hem ýüze çykýar.
37-nji madda. Talap başga birine berlende we bergi geçirilende girewiň güýjünde galmagy
Kanunda bellenen tertipde girew saklaýjy girew bilen üpjün edilen talaby üçünji bir adama beren (geçen) wagtynda ýa-da girew goýujy girew bilen üpjün edilen borçnamadan gelip çykýan bergini başga bir adama geçiren wagtynda, girew öz güýjünde galýar.
38-nji madda. Girewiň ýatyrylmagynyň esaslary we netijeleri
1. Girew hukugy aşakdaky halatlarda ýatyrylýar:
- girew bilen üpjün edilen borçnama ýerine ýetirilen mahalynda;
- girew saklaýjynyň jogapkärçilik çekýän girew emlägi berbat bolan mahalynda;
- girew goýulýan zady ybarat edýän hukugyň güýjüniň ýöreýiş möhleti gutaran mahalynda;
- girew goýulýan zady ybarat edýän hukuklar girew saklaýja geçen mahalynda;
- talapnamanyň wagt möhletiniň geçmegi sebäpli kreditoryň öz talaplaryny girewden kanagatlandyrmagy üçin mümkinçilik bolmadyk mahalynda;
- kanunda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda.
2. Еger girew bilen üpjün edilen talabyň ýerine ýetirilmegi netijesinde girew ýatyrylýan bolsa, onda girew saklaýjyda durýan girew zady girew goýuja gaýtarylyp berilmelidir.
3. Еger girew saklaýjy girew bilen üpjün edilen pul borçnamalaryny ýerine ýetirmäge kabul etmekden boýun gaçyrýan bolsa, onda degişli pul serişdesi notarial kontoranyň depozitine geçirilýär. Еger depozite geçirilen pul bergini doly üzüp bilýän bolsa, girew hukugy ýatýar.
II. bölüm
IPOTEKA
39-njy madda. «Ipoteka» diýen düşünje
Ipoteka diýlende gozgalmaýan emlägiň girew goýulmagyna düşünilýär, şunda girew goýulýan zat girew saklaýjyda ýa-da üçünji bir adamda (tarapda) galýar.
40-njy madda. Ipoteka berip bolýan zatlar
1. Ipoteka berip bolýan zatlara kärhanalar, jaýlar, desgalar, öýler, beýleki emläk toplumlary hem-de Türkmenistanyň kanunlaryna görä gozgalmaýan zatlara degişli edilen gaýry emläk, şol sanda hem ulag serişdeleri girýär.
2. Gozgalmaýan emlägiň hojalyk taýdan we başga hili peýdalanylmagynyň berýän netijeleri şol sanda hem önümler, miweler hem-de beýleki girdejiler, girewiň özbaşdak zady hasap edilýär - eger munuň özi ipoteka hakyndaky şertnamada göz öňünde tutulan bolsa.
Gozgalmaýan emlägiň aýrylýan miweleri özleriniň emläkden aýrylan pursatyndan üçünji bir adamyň (tarapyň) hukuklaryna degişli bolýan zada öwrülmeýän wagtynda, diňe şeýle halatda olar girew goýulýan zat bolup biler.
41-nji madda. Ipoteka hakyndaky şertnamanyň görnüşi. Ipotekany bellige almak
1. Ipoteka hakyndaky şertnama notarial tertipde tassyklanylmalydyr hem-de bellige alynmalydyr.
2. Ipoteka degişli sanawlarda ýa-da kärhananyň, binanyň, jaýyň, desganyň, ýa gaýry bir emläk obýektiniň ýerleşýän ýerinde ýöredilýän ýer depderçesinde bellige alynýar.
Ipoteka bilen üpjün edilen borçnamanyň mazmuny üýtgän mahalynda, şeýle hem ipoteka berilýän zada bolan eýeçilik hukugy ýa-da hojalygy doly ýörediş hukugy girew goýujydan başga adama geçen mahalynda ipotekanyň bellige alnan ýerinde ýene-de goşmaça bellige alynýar. Şu talabyň bozulmagy geçirilen üýtgetmeleriň hakyky däl diýlip hasap edilmegine getirýär.
3. Tutuş kärhananyň girew goýulmagyny döwlet belligine alýan edara girewiň bellige alnandygy hakyndaky maglumaty ýer depderçesini ýöredýän edaralara, şol sanda hem kärhananyň çäk boýunça biri-birinden üzňelikdäki bölümleriniň ýerleşen ýerinde ýer depderçesini ýöredýän edaralara bermäge borçludyr.
42-nji madda. Ipoteki girew goýujynyň hukugy
Eger kanunda ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, ipoteki girew goýujynyň aşakdakylara haky bardyr:
girew goýlan zada eýelik etmäge we ony haýsy maksat üçin niýetlenen bolsa, şoňa laýyk peýdalanmaga;
girew goýlan zady özünden aýryp (satyp, peşgeş berip we ş.m.), ony girew bilen üpjün edilen borçnama boýunça üzmeli bolan bergi öz üstüne geçen adama geçirmek arkaly ýa-da kärendä bermek arkaly şol zada erk etmäge.
43-nji madda. Ipoteki girew goýujynyň borçlary
Eger şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, ipoteki girew goýujy aşakdakylara borçludyr:
girew goýulýan zady onuň doly gymmatyna laýyk öz hasabyna ätiýaçlandyrmaga;
girew goýlan zady abat saklamak üçin, şol sanda hem ony düýpli we ýeňil bejermek üçin çäre görmäge;
girew goýlan zadyň kärendä berlendigini girew saklaýja mälim etmäge;
ipoteka berlen zat berbat bolan mahalynda şonuň gymmatyna barabar emläk bermäge ýa-da borçnamany ýerine ýetirmegiň möhletiniň ýetip gelendigine garamazdan, ony doly ýa kem-käsleýin ýerine ýetirmäge.
44-nji madda. Ipoteki girew goýujynyň öz borçlaryny bozmagynyň getirýän netijeleri
1. Girew goýujy ipoteka berlen zady abat saklamak üçin zerur bolan çäreleri görmek borçlaryny bozan mahalynda, girew saklaýjy girew goýujydan borçnamanyň möhletinden öň ýerine ýetirilmegini talap etmäge, zerur bolan mahalynda bolsa, şol ipoteka berlen zatdan toleg tutup almaga haklydyr.
2. Girew goýujy ipoteka berlen zady ätiýaçlandyrmak baradaky borçlaryny bozan mahalynda girew saklaýjy girew goýujydan esasy bergisini möhletinden öň üzmegini ýa-da şol ipoteka berlen zady öz hasabyna ätiýaçlandyrmagyny talap etmäge haky bardyr. Şeýle ätiýaçlandyryş girew goýujynyň bähbidi üçin edilýär, ýöne ätiýaçlandyrmak üçin çykarylan harajatlar girew goýujydan tutulyp alynýar.
3. Şu maddanyň 1-nji we 2-nji böleklerinde görkezilen netijeler ipoteka berlen zadyň girew goýujyda ýa-da üçünji bir adamda durýandygyna-durmaýandygyna garamazdan ýüze çykýar. Girew goýujy şol üçünji adamyň edýän hereketi barada girew saklaýjynyň öňünde edil özüniň edýän hereketi ýaly jogapkärçilik çekýär.
45-nji madda. Ulag serişdelerini ipoteka bermek hakyndaky şertnamanyň görnüşi we ony bellige almak
1. Raýat howa, deňiz we derýa gämilerini, hereket edýän demir ýol otlusynyň düzümini we gaýry ulag serişdelerini ipoteka bermek hakyndaky şertnama notarial tertipde tassyklanylmalydyr.
2. Ulag serişdeleriniň girewe goýulmagy, raýat howa, deňiz we derýa gämileriniň we beýleki ulag serişdeleriniň bellige alynmagyny amala aşyrýan ygtyýarly edaralar tarapyndan ýöredilýän sanawlarda hökmany bellige alynmaga degişlidir.
46-njy madda. Binalary, jaýlary we desgalary ipoteka bermek
Ipoteka berlende binalar, jaýlar ýa-da desgalar girew goýulýan zatlardyr, olaryň ýerleşen ýer bölegi muňa degişli däldir.
47-nji madda 30.03.2007 ý. № 115-III Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren.
48-nji madda. Kärhanany ipoteka bermek
1.Kärhana ipoteka berlende bu çäre, eger kanunda ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, onuň ähli emlägini, şol sanda onuň esasy fondlaryna we dolanyşyk serişdelerine, şeýle hem kärhananyň özbaşdak balansynda görkezilen gaýry - gymmatlyklaryna hem degişli edilýär.
2. Girew goýan kärhana girew saklaýjynyň talap etmegine görä oňa ýyllyk balansy bermäge borçludyr.
3.Kärhananyň ipoteka bilen üpjün edilen borçnamasy ýerine ýetirilmedik mahalynda, girew saklaýjynyň, ipoteka hakyndaky şertnamada göz öňünde tutulyşy ýaly, kärhananyň, maliýe ýagdaýyny sagdynlaşdyrmak barada çäre görmäge, şol sanda hem kärhananyň ýolbaşçy edaralaryna wekilleri bellemäge, kärhananyň öz öndüren önümine we gaýry emlägine erk etmek hukugyny çäklendirmäge haky bardyr. Еger şol çäreler garaşylan netijäni bermedik bolsa, onda girew saklaýjynyň kärhanadan töleg tutup almaga haky bardyr.
4. Şertnamada ýa-da kanunda göz öňünde tutulan bolsa kärhana girew saklaýja geçýär. Şeýle halatda ipoteka berlen zadyň (kärhananyň) gutarnykly bahasy kärhananyň girew saklaýja geçen pursatyndaky baha bilen kesgitlenýär, ýöne girew goýujy bilen girew saklaýjynyň biri-biri bilen ylalaşmagy, şol mesele barada jedel ýüze çykan wagtynda bolsa degişli kazyýetiň çözgüdi esasynda kesgitlenýär.
5. Şertnamada ýa-da kanunda şu maddanyň 4-nji böleginde görkezilen şertler bolmadyk mahalynda, ipotekada durýan kärhanadan töleg tutulyp alnan mahalynda, kärhana Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan tertipde bir bitewi toplum hökmünde «kim ýokary» bahadan satylýar. Şunda ýer bölegi täze ýerden peýdalanyjynyň adyna bellenilen tertipde resmileşdirilýär.
49-njy madda. Ipoteka bilen üpjün edilen borçnamanyň wagtyndan öň ýerine ýetirilmegi
Girew goýujynyň ipoteka bilen üpjün edilen borçnamany islendik wagt möhletinden öň ýerine ýetirmäge haky bardyr - eger ipoteka hakyndaky şertnamada ipoteka berlen şol bir zady ýene-de täzeden girew goýmak mümkinçiligi göz öňünde tutulmaýan bolsa şeýdilýär.
III bölüm.
DOLANYŞYKDA ÝÖREN ÝA-DA GAÝTADAN IŞLENILÝÄN HARYTLARY GIREW GOÝMAK
50-nji madda. Dolanyşykda ýören ýa-da gaýtadan işlenilýän harytlary girew goýmak hakyndaky şertnama diýen düşünje. Şol şertnama girýän zatlar
1. Dolanyşykda ýören harytlary girew goýmak hakyndaky şertnama görä, girew goýlan emläk girew goýujynyň eýeliginde galýar. Ol bu emlägi ýerlemäge haky bardyr, ýöne ol şol bir wagtyň özünde girew bilen üpjün edilen borçnama boýunça edilen bergini üzüp biljek ýa-da hatardan çykýan emlägi bahasy deň ýa-da şondan artyk bolan başga birkysymdaş emläk bilen çalşyryp biljek bolsa ýerlemäge haky bardyr.
2. Gaýtadan işlenilýän harytlar girew goýlanda, girew goýujynyň eýeliginde galýan girew emlägi onuň öz önümçiliginde gaýtadan işlenilip bilner, özem şunda girew hukugy harydyň gaýtadan işlenilmegi netijesinde alnan önüme (ýarym taýýar önümlere, taýýar önümlere) hem degişli edilýär.
3. Dolanyşykda ýören ýa-da gaýtadan işlenilýän harytlary girew goýmagyň, hataryna çig mal, ýarym taýýar önümler, düzülýän enjamlar, we taýýar önümler girizilip bilner.
51-nji madda. Girew goýujynyň dolanyşykda ýören ýa-da gaýtadan işlenilýän harytlar girew goýlandaky hukuklary
Dolanyşykda ýören ýa-da gaýtadan işlenilýän harytlar girew goýlanda girew goýujy girew goýlan zada eýelik etmek, ondan peýdalanmak we oňa erk etmek hukugyny özünde saklaýar.
52-nji madda. Dolanyşykda ýören ýa-da gaýtadan işlenilýän harytlary girew goýmagyň aýratynlyklary
1. Gaýtadan işlenilýän harytlar girew goýlanda şol girew goýulýan zadyň (haryt zapaslarynyň, çig malyň, materiallaryň, ýarym taýýar önümleriň, taýýar önümleriň we ş.m.-leriň) düzüminiň hem-de hakyky görnüşiniň (natural görnüşiniň) üýtgedilmegine ýol berilýär, ýöne eger şunda olaryň umumy gymmaty girew hakyndaky şertnamada görkezilendäkisinden az bolup çyksa hasap edilmeýär.
2. Dolanyşykda ýören harytlar girew goýlanda girew goýujynyň ýerlän harytlarynyň ony satyn alan adama gowşurylan ýa-da harydyň eýesine ugratmak üçin ulag guramasyna gowşurylan, ýa-da harydyň eýesine ibermek üçin poçta tabşyrylan pursatyndan girew goýulýan zat bolmagyndan galýar, girew goýujy girew hakyndaky şertnamada göz öňünde tutulan şol harytlary edinenden soň, şolara eýeçilik hukugynyň ( hojalygy doly ýörediş ýa-da operatiw dolandyryş hukugynyň) ýüze çykan pursatyndan olar girew goýulýan zada öwrülýär.
3. Girew goýlan harytlar hatardan çykan mahalynda girew goýujy olary bahasy deň ýa-da şondan artyk bolan başga harytlar bilen çalşyrmaga borçludyr. Çalşyrylan harytlaryň bahasynyň aşakladylmagyna ol diňe ilkibaşky berginiň üzülen bölegine laýyk edilip kesgitlenende ýol berilýär.
IV bölüm
EMLÄGI KIREÝINE BERMEK
53-nji madda. «Emlägi kireýine bermek » diýen düşünje
1. Emlägi kireýine bermek diýlende gozgalýan emlägiň girew goýulmagyna düşünilýär. Şunda girew goýujy girew goýulýan emlägi girew saklaýjynyň eýelik etmegine berýär.
2. Girew saklaýjy girew goýujy bilen ylalaşyp, kireýine saklamaga berilýän zady girew goýujyda gulp astynda hem-de girew saklaýjynyň möhür basmagy bilen goýup biler (mäkäm girew). Aýrybaşga kesgitlenen zat girew saklaýjynyň eýelik etmeginde goýlup bilner, şunda şol zada onuň kireýine berlendigini subut edýän belgi basylýar.
54-nji madda. Girew saklaýjynyň emläk kireýine berlendäki hukuklary
1. Girew saklaýjynyň girew hakyndaky şertnamada gös-göni göz öňünde tutulan halatlarda, kireýine saklamaga berlen zady peýdalanmaga haky bardyr. Girew saklaýjynyň kireýine berlen zady peýdalanmagy netijesinde gazanan girdejisi we gaýry emläk peýdasy şol kireýine berlen zady abat saklamak üçin edilýän harajatlaryň öwezini dolmaga gönükdirilýär, şeýle hem bergi boýunça göterimleri üzmegiň ýa-da saklamak kireýi bilen üpjün edilen borçnamadan gelip çykýan berginiň özüni üzmegiň hasabyna geçirilýär.
2. Eger kireýine berlen zada ýitmek, kem gelmek ýa-da zeper etmek howpy gös-göni abanan bolsa, özem şunda girew saklaýjynyň günäsi bolmasa, onda onuň kireýine saklamaga berlen zadyň çalşyrylmagyny talap etmäge, girew goýujy bu talaby berjaý etmedik wagtynda bolsa, saklamak kireýi bilen üpjün edilen borçnamany ýerine ýetirmek möhletiniň gelip ýetmeginden öň şol zatdan töleg tutup almaga haky bardyr.
55-nji madda. Girew saklaýjynyň emläk kireýine berlendäki borçlary
1. Eger şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, emläk kireýine saklamaga berlende girew saklaýjy aşakdakylara borçludyr:
kireýine berlen zady kireýine berijiniň hasabyna hem-de onuň bähbidi üçin şol zadyň doly bahasynda ätiýaçlandyrmaga;
kireýine berlen zady abat saklamak üçin zerur bolan çäreleri görmäge;
kireýine saklamaga berlen zadyň ýitmek ýa-da zaýalanmak howpy dörände, şol zady saklaýja haýal etmän habar etmäge;
kireýine berlen zadyň peýdalanylyşy barada kireýine berijä yzygiderli hasabat berip durmaga;
saklamak kireýi bilen üpjün edilen borçnama kireýine beriji tarapyndan ýa-da üçünji bir tarap (adam) tarapyndan ýerine ýetirilenden soň şol saklamaga berlen zady haýal etmän gaýtaryp bermäge;
şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda, kireýine saklamaga berlen zatdan girew goýujynyň bähbidi üçin girdeji almaga;
soňky tesimi 18.04.2009 ý. № 32-IV Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren.
56-njy madda. Zat kireýine berlende onuň abat saklanmagy barada girew saklaýjynyň borjy
1. Girew saklaýjy zat kireýine saklanmaga berlende onuň berbat bolanlygy we kem gelenligi üçin şol ýitgi çekilen zadyň gymmaty möçberinde jogapkärçilik çekýär, girew goýlan zat zaýalanan bolsa, şol girew goýlan zadyň gymmaty näçe möçberde pese gaçan bolsa şol möçberde jogapkärçilik çekýär. Zat kireýine saklamaga kabul edilende şol zada baha kesilen bolsa, girew saklaýjynyň jogapkärçiligi şol bahadan artyk bolmaly däldir.
2. Kanunda ýa-da şertnamada göz öňünde tutulan halatlarda girew saklaýjy kireýine berlen zat ýitirlende, kem gelende ýa-da zaýalananda kireýine berijä şol sebäpli çekilen zyýanyň öwezini doly möçberde tölemäge borçludyr.
3. Еger girew saklaýjy girew goýlan zadyň öz günäsi bilen ýitirilendigini berbat edilmändigini ýa-da zaýalanmandygyny subut edip bilse, ol bu barada jogapkärçilik çekmekden boşadylýar.
4. Еger lombard girew saklaýjy bolup durýan bolsa ýa-da özüniň alyp barýan hojalyk (telekeçilik) işiniň maksady raýatlara girewine karz pul bermekden ybarat bolan başga gurama girew saklaýjy bolup durýan bolsa, onda girew saklaýjy girew goýlan zadyň ýitmegine, berbat bolmagyna ýa-da zaýalanmagyna önüni alyp bolmajak güýjüň ýa-da girew goýujynyň bilgeşleýin hereketiniň, ýa-da seresapsyzlygynyň sebäp bolandygyny subut edip bilende, diňe şeýle halatda ol jogapkärçilikden boşadylyp bilner.
57-nji madda. Saklamak kireýi bilen üpjün edilen borçnamany möhletinden öň ýerine ýetirmegiň mümkinçiligi
Еger girew saklaýjy kireýine saklamaga berlen zady talaba laýyk saklamasa ýa ulanmasa, onda girew goýujynyň islendik wagt girewiň ýatyrylmagyny ýa-da saklamak kireýi bilen üpjün edilen borçnamanyň möhletinden öň ýerine ýetirilmegini talap etmäge haky bardyr.
58-nji madda. Еmlägi lombarda we lombard amallaryny geçiren beýleki guramalara kireýine bermek
1. Еmlägi lombarda girew goýmak şertnamasy loybardyň her kimiň öz adyna ýazylan girew biletini bermegi hem-de oňa iki tarapyň hem gol çekmegi arkaly resmileşdirilýär. Emlägi bankyň karz puly (ssudasy) bilen üpjün etmek girewi girew goýuja girew şahadatnamasynyň berilmegi arkaly resmileşdirilýär. Biletiň we şahadatnamanyň görnüşini Türkmenistanyň Merkezi banky tassyklaýar.
2. Lombard (lombard amalyny geçirýän başga gurama) girewe kabul edilen emlägi girew goýujynyň hasabyna ätiýaçlandyrmaga borçludyr, ätiýaçlandyryş emläk girewe kabul edilende taraplaryň ylalaşmagy esasynda kesilen baha boýunça etdirilýär.
3. Girew bilen üpjün edilen karz pul (ssuda) bellenen möhletinde üzülmedik wagtynda, lombardyň (başga guramanyň) şol emlägi hakyky bahasyndan, ýöne bellenileninden az bolmadyk bahadan komission dükan arkaly satmaga haky bardyr. Bergi we gaýry çykdajylar (şu Kanunyň 26-njy maddasy) üzülenden soň galan pul haýal edilmän girew goýuja gaýtarylyp berilýär.
4. Döwlet lombardy hakyndaky Düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler kabineti tarapyndan tassyklanýar.
5. Döwlet eýeçilik görnüşine degişli bolmadyk lombardlar, şeýle hem lombard amallaryny geçirýän başga guramalar öz işinde şu Kanuny hem-de özleriniň Tertipnamasyny gollanýarlar.
V BÖLÜM.
ЕMLÄGE BOLAN HUKUGY GIREW GOÝMAK
59-njy madda. Hukugy girew goýmak hakyndaky şertnamanyň mazmuny
1. Hukugy girew goýmak hakyndaky şertnamada şu Kanunyň 12-nji we 13-nji maddalarynda göz öňünde tutulan şertler bilen birlikde girew goýujy barada bergidar bolup durýan adam hem görkezilmelidir. Girew goýujy öz bergidaryna hukugyň girew goýlandygyny mälim etmäge borçludyr.
Еger hukugy girew goýmak hakyndaky şertnamada başgaça bellenmedik bolsa girew goýujy barada bergidar bolup durýan adam girew saklaýja borçnamany ýerine ýetirip bermelidir.
2. Pul nyrhy bolmadyk hukugy girew goýmak hakyndaky şertnamada girew goýulýan zadyň bahasy taraplaryň ylalaşmagy esasynda kesgitlenýär.
60-njy madda. Girew goýujynyň hukuk girew goýlandaky borçlary
1. Hukuk girew goýlanda, eger şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew goýujy aşakdakylara borçludyr:
a) girew goýlan hukugyň hakykylygyny üpjün etmek üçin zerur bolan hereketleri etmäge;
b) girew goýlan hukugy başga birine bermezlige;
w) girew goýlan hukugyň, ýatyrylmagyna getirýän hereketleri etmezlige;
g) girew goýlan hukugy üçünji bir adamyň hyýanat etmeginden gorap saklamak üçin zerur çäreleri görmäge;
d) girew goýlan hukuk barada geçirilen üýtgetmeler hakyndaky, üçünji taraplaryň hukugy bozýandyklary hakyndaky hem-de üçünji taraplaryň hukuga dalaş edýändikleri hakyndaky maglumatlary girew saklaýja habar etmäge.
2. Şu maddanyň 1-nji böleginde göz öňünde tutulan kadalar, girew goýujyny girew goýlan hukuklar babatdaky oruntutarlary barada hem ulanylýar.
61-nji madda. Girew saklaýjynyň hukuk girew goýlandaky hukuklary
Hukuk girew goýlanda, eger şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, girew saklaýjynyň aşakdakylara hukugy bardyr:
girew bilen üpjün edilen borçnamany ýerine ýetirmegiň möhletiniň ýetip gelendigine-gelmändigine garamazdan, girew goýlan hukugyň özüne geçirilmegini, ýagny girew goýujy şu Kanunyň 60-njy maddasynda göz öňünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmedik wagtynda girew bilen üpjün edilen borçnama haçan üzülýän bolsa, hukugyň şol möhlete çenli özüne geçirilmegini kazyýetde talap etmäge;
girew goýlan hukuk hakyndaky hak islegine (talapnama) garalýan işde üçünji tarap hökmünde çykyş etmäge;
girew goýujy şu Kanunyň 60-njy maddasynyň birinji böleginiň «g» bendinde göz önünde tutulan borçnamalary ýerine ýetirmedik mahalynda, şol girew goýlan hukugy üçünji tarapdan gorap saklamak üçin zerur bolan çäreleri özbaşdak geçirmäge.
62-nji madda 30.03.2007 ý. № 115-III Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren.
63-nji madda. Bergidaryň girew goýujynyň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmeginiň netijeleri
1. Еger girew goýuja bergidar adam öz borçnamasyny girew goýujynyň girew bilen üpjün edilen borçnamany ýerine ýetirmeginden öň ýerine ýetiräýse, onda girew goýujy tarapyndan alnan zadyň hemmesi girew goýulýan zada öwrülýär, bu barada bolsa girew goýujy girew saklaýjyny haýal etmän habarly etmäge borçludyr.
2. Girew goýujy borçnamany ýerine ýetirmegiň hasabyna öz bergidaryndan pul serişdesini alan mahalynda, ol girew saklaýjynyň talap etmegine görä, degişli pul serişdesini, eger girew hakyndaky şertnamada başgaça bellenmedik bolsa, girew bilen üpjün edilen borçnamany ýerine ýetirmegiň, hasabyna geçirmäge borçludyr.
VI BÖLÜM.
GYMMAT BAHALY KAGYZLARY GIREW GOÝMAK
64-nji madda. Gymmat bahaly kagyzlary girew goýmak hakyndaky şertnamany baglaşmagyň tertibi
1. Wekseli ýa-da gowşuryş ýazgysy (indossament) arkaly berlip bilinýän gaýry gymmat bahaly kagyzy girew goýmak işi, eger kanunda ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, indossament arkaly hem-de girew saklaýja indossirlenen gymmat bahaly kagyzy gowşurmak arkaly geçirilýär.
2. Indossament arkaly berilmeýän gymmat bahaly kagyzlary girew goýmak işi girew saklaýjy bilen öz adyna gymmat bahaly kagyz berlen adamyň ylalaşmagy esasynda geçirilýär.
65-nji madda. Gymmat bahaly kagyzlary girew goýmak hakyndaky şertnama girýän zatlar
Еger kanunda ýa-da şertnamada başga hili göz öňünde tutulmadyk bolsa, gymmat bahaly kagyzda beýan edilen hukukdan düşen göterimler, diwidentler we beýleki girdejiler hakyndaky şahadatnamalar diňe şeýle halatda, ýagny şol şahadatnamalar girew borçnamasynyň kreditoryna berlen wagtynda şertnama girizilip bilner.
VII bölüm.
GIREW SAKLAÝJYNYŇ HUKUGYNYŇ KEPILLENDIRILMEGI
66-njy madda. Girew hakyndaky şertnamanyň üýtgemeýänligi
Еger girew hakyndaky şertnama baglaşylandan soň kanunlarda girew goýujynyň we (ýa-da) girew saklaýjynyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kadalar bellense, şertnamadaky şertler onuň dowam etmeli möhletiniň dowamynda öz güýjünde galýar.
67-nji madda. Girew saklaýjynyň girew goýlan emläge bolan hukugyny goramagyň usullary
Girew saklaýjynyň raýat kanunlarynyň umumy kadalaryna görä aşakdakylary talap etmäge haky bardyr:
girewiň düzümine girýän zadyň kesekiniň bikanun emläginden (eýeliginden), şol sanda hem zat eýesiniň emlägiňden berilmegini;
girew saklaýja onuň özüne berlen girew zadyny peýdalanmak hukugy degişli bolan mahalynda, onuň hukugynyň her hili bozulmalarynyň düzedilmegini, ýagny şol düzgün bozulmalara eýelik etmekden mahrum etmek bilen baglanyşykly bolmasa-da düzedilmegini.
68-nji madda. Kanunda göz öňünde tutulan esaslara görä girew saklaýjynyň girew goýlan emläk baradaky hukuklary we girew goýujynyň hukuklary ýatyrylanda girew saklaýjynyň bähbitlerini goramak
1.Türkmenistan girew hukugyny ýa-da girew goýujynyň girew goýlan emläk baradaky hukugyny ýatyrýan kanunçylyk namalaryny kabul eden wagtynda, şol namalaryň kabul edilmegi netijesinde girew saklaýja ýetirilen zyýanyň öwezi döwlet tarapyndan doly tölenýär. Ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek hakyndaky jedelleri degişli kazyýetler çözýärler.
2. Girew goýlan emlägi ýa-da millileşdirmek, mejbur edip almak, konfiskasiýa etmek, sekwestr goýmak (gadagan etmek) ýaly hukuklary döwletiň mejbur edip almagy baradaky çäreler, şeýle hem netijeleri ýokardaky ýaly gutarýan beýleki çäreler görlen mahalynda, döwlet girew saklaýjynyň şol çäreleriň amala aşyrylmagyndan çeken zyýanynyň öwezini töleýär.
3. Döwlet edarasynyň karary esasynda (ýöne girew goýlan emlägiň ýa-da girew goýlan emläk hukugynyň gös-göni alynmagyna gönükdirilmedik), şol sanda hem girew goýlan öýüň, beýleki binalaryň, desgalaryň ýa-da agaç-ekinleriň ýerleşýän ýer bölegini almak hakyndaky karar esasynda girew goýlan emläge bolan eýeçilik hukugy ýatyrylan ýa-da girew goýlan emläk hukuklary ýatyrylan mahalynda, şol edara bu kararyň netijesinde girew saklaýja ýetirilen zyýanyň öwezini oňa doly töleýär. Ýetirilen zyýanyň öwezini tölemek hakyndaky jedelleri degişli kazyýetler çözýärler.
69-njy madda. Girew hukugyny bozýan namalaryň hakyky dälligi
1. Döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň şu Kanun bilen kesgitlenilen girew hukugyny bozýan namalarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda güýji ýok diýlip ykrar edilýär.
2. Girew saklaýjynyň hukugy bozulan ýa kemsidilen mahalynda, onuň wezipeli adamlaryň we degişli edaranyň hereketleri barada kazyýete şikaýat etmäge haky bardyr.
3. Şu maddanyň 1-nji böleginde göz öňünde tutulan netijeler girew goýujy girew goýlan zat barada hojalygy doly ýöretmek ýa-da operatiw dolandyrmak hukugyndan mahrum edilen mahalynda hem ýüze çykýar.
4. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen namalaryň çykarylmagy netijesinde girew saklaýja ýetirilen zyýanyň öwezi şeýle namalary çykaran edara tarapyndan doly tölenmelidir.
Türkmenistanyň Saparmyrat
Prezidenti Türkmenbaşy
Aşgabat şäheri
1993-nji ýyl, 1-nji oktýabr
№ 862 – ХП