Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny güýje girizmegiň tertibi hakynda

TÜRKMENISTANYŇ

 K A N U N Y

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasyny güýje girizmegiň

tertibi hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý.  № 5¸ 31 mad.)

 

1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyny onuň çap edilen gününden güýje girizmeli, şol wagtdan başlap hem Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň 1978-nji ýylyň 13-nji aprelinde kabul edilen Konstitusiýasyny (Esasy Kanunyny) şoňraky girizilen üýtgetmeleri we goşmaçalary bilen birlikde güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

2. Kanunlar, döwlet häkimiýet we dolandyryş organlarynyň beýleki aktlary Konstitusiýa ters gelmeýän bolsa, olaryň güýji ýöreýär.

Ýerli häkimiýet we dolandyryş organlarynyň işini düzgünleşdirýän kanunlaryň güýji şol organlaryň ornuny tutýan başga organlar döredilýänçä işlemegini dowam etdirýän organlar barada saklanyp galýar. Şol organlaryň wezipeleri we ygtyýarlary Konstitusiýa laýyklykda kesgitlenilýär.

 3. Prezident Konstitusiýada bellenen ygtyýarlara Konstitusiýanyň güýje giren gününden doly eýe bolýar we şonda bellenen wezipeleri ýerine ýetirip başlaýar.

Şu Konstitusiýa laýyklykda Prezidentiň ilkinji saýlawyny 1992-nji ýylyň 21-nji iýunynda geçirmeli.

Ilkinji saýlawda Prezident wezipesine kandidaturalar Ýokary Sowet tarapyndan görkezilýär diýip bellemeli. Prezidentiň saýlawyny Konstitusiýanyň talaplaryny, «Türkmenistanyň halk deputatlarynyň saýlawlary hakyndaky» Kanunyň talaplarynyň nazarda tutulmagy, esasynda hem-de saýlawlar barada şu Kanunda kesgitlenen şertlere laýyklykda geçirmegi saýlawlary we referendumlary geçirmek baradaky Merkezi komissiýa tabşyrmaly.

Konstitusiýanyň 55-nji maddasynda şol bir adamyň yzly-yzyna iki möhletden artyk Prezident bolup bilmejekdigi baradaky bellenen çäklendirme Prezidentlige şu Konstitusiýa güýje girenden soň saýlanan adamdara degişli edilýär.

4. Ýokary Sowet indi Mejlis diýlip atlandyrylýar we onuň wezipelerine hem ygtyýarlaryna eýe bolýar. Türkmenistanyň halk deputatlaryna Mejlisiň deputaty diýen status berilýär hem-de olaryň özlerine berlen ähli ygtyýarlary we aýratyn hukuklary olar deputatlyga saýlanan wagtynda kanunlarda bellenen möhletiň dowamynda, ýagny 1995-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli saklanyp galýar.

Şu döwürde çykyp giden deputatlaryň ýerine Mejlise deputat saýlawlary geçirilmeýär.

5. Halk maslahaty döredilýänçä onuň wezipelerini hem ygtyýarlaryny Mejlis Ministrler Kabineti bilen bilelikde Prezidentiň ýolbaşçylygynda ýerine ýetirýär.

6. Hökümet (Ministrler Soweti)  indi Ministrler Kabineti diýen ady we statusy alýar; Hökümetiň baştutanynyň orunbasarlary, döwlet komitetleriniň başlyklary degişli suratda Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasarlary we ministrler diýen statusa eýe bolýarlar.

Döwlet kontrollygy komitetini ýatyrmaly.

Prezidente 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli döwlet komitetlerini ministrliklere öwürmek, Ministrler Kabinetiniň gurluşyny (strukturasyny) tertipleşdirmek we ony düzmek, gös-göni Prezidente tabyn bolan kontrollyk organyny döretmek baradaky çäreleri durmuşa geçirmegini maslahat bermeli.

7. Halk deputatlarynyň oblast, raýon, şäherlerdäki raýon Sowetleri Konstitusiýanyň güýje giren gününden öz işini bes edýärler. Ýokarda agzalan Sowetleriň bellän ýa-da saýlan ýerine ýetiriji we serenjam beriji organlary, wezipeli adamlary, beýleki ýerli döwlet häkimiýet we dolandyryş organlary özleriniň wezipelerini ýerine ýetirmegi dowam etdirýäler hem-de Konstitusiýa laýyklykda özleriniň ornuny tutýanlar bellenýänçä ýa saýlanýança ygtyýarlaryny saklap galýarlar.

Halk deputatlarynyň şäher, posýolok, oba Sowetleri Geňeşleriň wezipesini, bu Sowetleriň başlyklary bolsa arçynlaryň wezipesini ýerine ýetirýärler hem-de şolaryň ygtyýarlaryna eýe bolýarlar, şunda şu Kanunyň 2-nji maddasynda bellenen talaplar berjaý edilmelidir.

8. Sudýalar, prokurorlar kanunlara laýykda özleriniň ygtyýarlaryny saklaýarlar hem-de öz wezipelerini berjaý edýärler.

Konstitusiýanyň güýje girýän wagtyna çenli sudlaryň, prokurorlaryň, sülçüleriň hem-de beýleki wezipeli adamlaryň jenaýat we administratiw işler barada ýerine ýetirilmedik kararlary, çözgütleri Konstitusiýanyň düzgünlerine we talaplaryna ters gelýän bolsa, olar ýerine ýetirilmeli däldir.

9. Türkmenistanda şu aşakdaky welaýatlary döretmeli:

Ahal welaýaty - muňa ozalky Aşgabat oblasty girýär;

Balkan welaýaty - muňa ozalky Balkan oblasty girýär;

Daşhowuz welaýaty -  muňa ozalky Daşhowuz oblasty girýär;

Mary welaýaty - muňa ozalky Mary oblasty girýär;

Lebap welaýaty - muňa  ozalky Çärjew oblasty girýär.

Ministrler Kabinetine etraplaryň, etraplara deňleşdirilen şäherleriň, beýleki administratiw düzümleriň statusyny anyk territoriýalara we ilatly punktlara bellemek hakyndaky teklipleri, 1993-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli işläp taýýarlamagy hem-de Halk maslahatynyň garamagyna bermegi tabşyrmaly.

10. Şu Kanun oňa gol çekilen gününden güýje girýär.

 

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunyny 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabryndaky “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda” Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynda seret.

 

 

Türkmenistanyň  Prezidenti                         S. NYÝAZOW

 

Aşgabat şäheri 

1992-nji ýyl, 18-nji maý 

№ 692 – XII