Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - Türkmenistanyň
Gahrymany diýen ady döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý.¸ № 9¸ 77-nji madda)
(11.07.2023 ý. № 40-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetme bilen)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär :
1. Iň ýokary tapawutlandyryş derejesini - Türkmenistanyň Gahrymany diýen ady döretmeli. Türkmenistanyň Gahrymany diýen at döwletiň we jemgyýetin öňünde bitirilen aýratyn görnükli hyzmatlar üçin dakylýar we şeýle at dakylan adama aýratyn tapawutlandyryş nyşany bolan «Altyn Aý» altyn nyşany gowşurylýar diýip bellemeli.
2 madda 27.12.1995 ý. № 101-1 Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren.
3 madda 15.09.1999 ý. № 390-1 Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren.
4. Şu Kanun onuň kabul edilen pursatyndan güýje girýär.
Türkmenistanyň Prezidenti S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri
1992-nji ýyl, 30-njy sentýabr
№ 746 – XII