Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordenini
döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý.¸ № 9¸ 78-madda)
(13.07.2007 ý. № 131-III; 02.10.2009 ý. № 68-IV we 16.08.2014 ý. № 111-V
Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
1.Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordenini döretmeli.
2.Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň statutyny we ýazgysyny tassyklamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri
1992-nji ýyl, 30-njy sentýabr
№ 747- XII
Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň
STATUTY
(rejelenen görnüşi)
1. Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
2. Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni Watany goramakda, halklaryň arasynda dostlugy hem hyzmatdaşlygy ösdürmekde, parahatçylygy pugtalandyrmakda, halk hojalygyny ösdürmekde hem-de döwletiň we jemgyýetiň öňünde beýleki görnükli hyzmatlary bitiren adamlary sylaglamak üçin döredildi.
3. Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen Türkmenistanyň raýatlary, aýratyn halatlarda bolsa, Türkmenistanyň raýaty däl adamlar hem sylaglanylýar.
4. Şu sylaga mynasyp bolanlara Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni we şahadatnama gowşurylýar.
5. Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglanan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň otuz essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak we iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 30 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.
Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni bilen sylaglanan adamlar kanunlarda bellenen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň plankasynyň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezinden gün şöhleleri ýaýrap gidyán şekil ýerleşdirilen.
Plankanyň iki tarapyndan sary zolakly dik çyzyk geçýar.
Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeniniň
ÝAZGYSY
(rejelenen görnüşde)
Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni on alty burçly ýyldyz görnüşinde bolup, ol biri-biriniň arasyndan geçýän sekizburçluklaryň ikisinden ybaratdyr. Ordeniň daşky kütek burçlarynyň hersi göwher daşlary bilen bezelen. Ýyldyzyň ýaşyl reňkli syrçaly bäşburçluk görnüşli sekiz şekili bolup, olaryň her birinde göwher daşy goýulan. Bäşburçluklaryň arasyndaky meýdanda rubin daşlarynyň üçüsi oturdylan. Ordeniň umumy diametri 43 mm.
Ordeniň merkezinde altyn reňkli Günüň şöhleleri şekillendirilen, diametri 14,5 mm bolan tegelegiň merkezi böleginde Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasynyň altyn reňkli güberçek şekili we çapyp gelýän türkmen bedewleriniň bäşisiniň şekili ýerleşdirilen.
Merkezdäki tegelegiň daşynda ak syrça örtülen halkanyň içiniň ýokarky böleginde «PREZIDENTIŇ ÝYLDYZY» diýen ýazgy, aşaky böleginde bolsa iki tarapa ýaýrap gidýän altyn reňkli zeýtun şahalary şekillendirilen.
Orden halkajyk arkaly beýikligi 20 mm we ini 31 mm bolan açyk kitap görnüşinde şekillendirilen kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň ortasynda gyzyl reňk bilen syrçalanan sütünde türkmen halysynyň gölleriniň bäşisi goýulan. Kolodka ýaşyl reňkli syrça bilen örtülen.
Türkmenistanyň «Prezidentiň Ýyldyzy» ordeni we onuň kolodkasy 750 mähekli altyndan ýasalýar.