Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Edermenlik» medalyny döretmek hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ

K A N U N Y

 

Türkmenistanyň «Edermenlik» medalyny döretmek hakynda

 

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1992 ý. № 9, 79-madda)

 

(18.06.1996 ý. № 131-I; 16.10.2001 ý. № 89-II; 13.07.2007 ý. № 131-III; 

02.10.2009 ý. № 68-IV we 23.05.2015 ý. № 229-V Türkmenistanyň Kanunlary 

esasynda  girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen )

 

 

Türknenistanyň Mejlisi  karar  edýär:

 

1. Türkmenistanyň «Edermenlik» medalyny döretmeli.

2. «Edermenlik» medaly hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly.

3. «Edermenlik» medalynyň ýazgysyny tassyklamaly.

 

 

Türkmenistanyň Prezidenti                                  S. NYÝAZOW

 

Aşgabat şäheri

1992-nji  ýyl, 30-njy sentýabr   

№ 748- XII 

 

Türkmenistanyň «Edermenlik» medalynyň

DÜZGÜNNAMASY

(rejelenen görnüşi)

 

1. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly raýatlyk we gulluk borçlary berjaý edilende görkezilen şahsy edermenligi üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.

3. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen harby gullukçylar, içeri işler edaralarynyň işgärleri we beýleki raýatlar sylaglanylýar.

Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen Türkmenistanyň raýatlary däl adamlar hem sylaglanylýar.

4. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen:

öz jany üçin hatarly şertlerde harby borjuny berjaý edeni üçin;

jenaýatçy toparlary ýok etmekde we jenaýat eden jenaýatçylary tutup saklany üçin;

adatdan daşary ýagdaýlarda adamlary halas etmekde, tebigy betbagtçylyklaryň zyýanly netijelerini ýok etmekde görkezen şahsy edermenligi üçin sylaglanylýar.

5. Şu sylaga mynasyp bolan adamlara Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly we şahadatnama gowşurylýar.

6. Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak hem-de iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilýär.

Türkmenistanyň «Edermenlik» medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda we tertipde ýeňilliklerden peýdalanýarlar.

 

Türkmenistanyň «Edermenlik» medalynyň plankasynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Edermenlik» medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, onuň merkezindäki gyzyl zolagyň içinden dikligine bäş sany sary çyzyk geçýär. Plankanyň daşky gyrasy sary reňk bilen örtülendir.

 

Türkmenistanyň "Edermenlik" medalynyň

ÝAZGYSY 

(täze redaksiýasy)

 

«Edermenlik» medalynyň altyn çaýylan merkezi tegeleginiň diametri 23,5 mm bolup, ortarada galkanyň we onuň arkasynda iki sany gylyjyň güberçek şekili görkezilen. Merkezi tegelegiň daşyndaky diametri 32,5 mm, ini 4,5 mm bolan ýaşyl syrça örtülen halkanyň ýokarky böleginde «EDERMENLIK» diýen ýazgy, aşaky böleginde zeýtun agajynyň iki tarapa ýaýrap gidýän şahalary ýerleşdirilen. Tegelegiň daşynda, merkezlerine 3 sany sirkoniý daşjagazlar oturdylan altyn çaýylan sekiz sany sütünjikler ýerleşdirilip, ol sütünleriň arasynda gyzyl reňkde syrçalanan altyn çaýylan 5 sany şöhlejikler şekillendirilen.

Medalyň umumy diametri 45 mm.

Medal halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm bolan, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň içinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan syrçalanan şekil berilýär. Medal 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.