Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
K A N U N Y
Türkmenistanyň «Gaýrat» medalyny döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary 1992 ý. № 9 ¸80- madda)
(Türkmenistanyň 13.07.2007 ý. № 131-Ш we 02.10.2009 ý. № 68-IV Kanunlary
esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Türkmenistanyň Mejlisi karar edýär:
1. Türkmenistanyň «Gaýrat» medalyny döretmeli.
2. «Gaýrat» medaly hakyndaky Düzgünnamany tassyklamaly.
3. «Gaýrat» medalynyň ýazgysyny tassyklamaly.
Türkmenistanyň Prezidenti S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri
1992-nji ýyl, 30-njy sentýabr
№ 749 – XII
Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň
DÜZGÜNNAMASY
(rejelenen görnüşi)
1. Türkmenistanyň «Gaýat» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
2. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly halk hojalygyny, ylmy, medeniýeti ösdürmekde bitirilen aýratyn hyzmatlar üçin sylaglamak maksady bilen döredildi.
3. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen Türkmenistanyň işçileri, daýhanlary, halk hojalygynyň hünärmenleri, ylym, medeniýet, bilim, saglygy goraýyş işgärleri we beýleki raýatlary sylaglanylýar.
4. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen:
aýratyn netijeli döwlet we jemgyýetçilik işi üçin;
senagaty, oba hojalygyny, gurluşygy, ulagy we halk hojalygynyň beýleki pudaklaryny ösdürmekde uly üstünlikler gazanandygy üçin, zähmet öndürijiligini ýokarlandyrmakda ýokary netijeler gazanandygy, has kämil tehnologiýalary işläp taýýarlandygy hem önümçilige ornaşdyrandygy üçin;
ylmy we tehnikany ösdürmekde, olaryň gazananlaryny halk hojalygyna ornaşdyrmakda uly hyzmatlar bitirendigi üçin;
medeniýet, edebiýat we sungat ugrunda aýratyn netijeli işländigi üçin sylaglanylýar.
5. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanan adamlara Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly we şahadatnama gowşurylýar.
6. Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanan raýatlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň bäş essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak hem-de iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, kömek puluna, talyp hakyna iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde her aýda goşmaça hak tölenilyär.
Türkmenistanyň «Gaýrat» medaly bilen sylaglanan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarda ýeňilliklerden peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň plankasynyň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň plankasynyň düşegi ýaşyl reňkli ýüpek mata bolup, oniň iki gyrasy dikligine gyzyl zolak bilen örtülendir. Gyzyl zolagyň iç ýüzünden dik sary çyzyk geçýär.
Türkmenistanyň «Gaýrat» medalynyň
ÝAZGYSY
(täze redaksiýasy)
«Gaýrat» medaly ýerligi sary reňkde bolan sekizburuçluk görnüşinde bolup, onuň umumy diametri 45 mm deňdir. Töweregi sekizburçlugyň kütek burçlaryny birikdirýän diametri 34,5 mm, ini 6 mm bolan ýaşyl syrça örtülen tegelekde, biri-birine degip duran sekiz sany ak syrça örtülen, ortasynda emeli gyzyl sirkoniý daşjagaz goýlan bäşburçly ýyldyzlar ýerleşdirilen. Medalyň merkezinde Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň reňkli şekili bolan, diametri 16 mm deň bolan ak syrçaly örtülen tegelek ýerleşdirilen. Merkezi ak tegelegiň daşyndaky diametri 23 mm, ini 3,5 mm bolan gyzyl syrça örtülen tegelek halkanyň içiniň ýokarky böleginde «GAÝRAT» diýen ýazgy, aşaky böleginde iki tarapa ýaýrap gidýän zeýtun agajynyň şahalary ýerleşdirilen.
Medal halkajyk arkaly altyn çaýylan, ini 31 mm bolan, beýikligi 20 mm bolan göniburçly kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň içinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny aňladýan syrçalanan şekil berilýär.
Medal 925-nji mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.