Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN SOWET SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ
KANUNY
Amnistiýa hakynda
(Türkmenistan SSR-niň Ýokary Sowetiniň Maglumatlary, 1991 ý., № 1-2, 2- madda)
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:
1. Agyr bolmadyk jenaýatlar edenligi hem-de şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilen jenaýatlardan beýleki jenaýatlary edenligi üçin ilkinji gezek iş kesilen şu aşakdaky adamlary jeza çekmekden boşatmaly:
1) kämillik ýaşyna ýetmedikleri;
2) aýallary;
3) I we II topar inwalidlerini;
4) ýaşy 60-dan geçen erkek adamlary;
5) internasional borjuny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly uruş hereketlerine gatnaşan adamlary, SSR Soýuzynyň Ýaragly güýçlerinde, serhet we içerki goşunlarynda gulluk edýän döwründe ýaralanan (seňse-güň bolan) adamlary, şeýle hem içeri işler organlarynyň, ýangyn söndüriji, halas ediji komandalaryň işgärleriniň gulluk wezipelerini ýerine ýetirmekleri bilen baglanyşykly ýaralanan (seňse-güň bolan) adamlaryny;
6) inçekeseliň açyk formalary bilen keselli adamlary.
2. Şu Kanunyň 1-nji maddasynda sanalyp geçilen adamlaryň şu Kanunyň güýje girizilmeginden ozal onuň 1-nji maddasynda görkezilen jenaýatlary edendikleri barada alnyp barylýan ähli derňew işlerini hem-de sudlaryň şol jenaýatlar hakynda entek garamadyk işlerini ýatyrmaly.
3. Şu aşakdaky jenaýatlary (şu Kanunyň 6-njy maddasynda görkezilenlerden başga) edenligi üçin ilkinji gezek sud edilen erkek adamlaryň:
1) seresapsyzlykdan jenaýat edip, onuň üçin azatlykdan mahrum etmek jezasy berlen;
2) bilkastlaýyn, ýöne agyr bolmadyk jenaýat edenligi üçin bäş ýyla çenli (bäşinji ýyly hem girýär) azatlykdan mahrum etmek jezasy berlen;
3) seresapsyzlykdan ýa-da bilkastdan jenaýat edenligi üçin, zähmete hökman çekmek arkaly azatlykdan mahrum etmek jezasy şertli berlen ýa-da azatlykdan mahrum etmek jezasy berlen, ýöne azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinden zähmete hökman çekmek arkaly şertli boşadylan;
4) seresapsyzlykdan ýa-da bilkastdan jenaýat edenligi üçin azatlykdan mahrum etmesiz düzediş işlerinde işletmek jezasy berlen erkek adamlaryň çekip gutarmadyk jeza möhletiniň ýarysyny kemeltmeli.
4. Ogurlamak, eýelemek, rastrata etmek ýa-da gulluk ýagdaýyny hyýanatly peýdalanmak arkaly döwlet ýa-da jemgyýetçilik emlägini köp möçberlerde ýa-da aýratyn köp möçberlerde iýenligi üçin (Türkmenistan SSR-niň Jenaýat kodeksiniň 90-njy maddasynyň dördünji bölegi, 93-nji maddasynyň üçünji bölegi we 95-nji maddasy) azatlykdan mahrum etmek jezasy berlen göwreli aýallaryň hem-de çagaly aýallaryň çekip gutarmadyk jeza möhletiniň ýarysyny kemeltmeli.
5. Şu Kanun sürgün etmekden we mejbury göçürmekden beýleki goşmaça jezalara degişli däldir.
6. Şu Kanunyň 1-nji we 3-nji maddalarynda sanalyp geçilen adamlar barada:
1) Türkmenistan SSR-niň Jenaýat kodeksiniň 71-nji maddasynda sanalyp geçilen (şu Kanunyň 4-nji maddasynda görkezilenlerden başga) agyr jenaýatlary eden adamlar;
2) Türkmenistan SSR-niň Jenaýat kodeksiniň 98-nji maddasynda (döwlet, kooperatiw ýa-da jemgyýetçilik emlägini gorkuzyp almak), 110-njy maddasynda (enäniň ýaňy dogran çagasyny bilkastdan öldürmegi), 1201-nji maddasynda (SPID keselini ýokaşdyrmak), 121-nji maddasynyň üçünji böleginde (bikanun abort etmek), 125-nji maddasynda (azgynçylyk hereketleri), 126-njy maddasynyň ikinji böleginde (beçebazlyk), 149-njy maddasynda (zähmet hakyndaky kanunlary bozmak), 150-nji maddasynda (göwreli aýaly ýa-da emýän çagaly enäni işe kabul etmekden boýun gaçyrmak ýa-da işden çykarmak), 1501-nji maddasynda (graždanlary tankyt üçin yzarlamak), 159-njy maddasynda (gorkuzyp almak), 1761-nji maddasynyň ikinji böleginde (söwda kadalaryny bozmak), 200-nji maddasynda (görnetin bikanun tussag etmek ýa-da tutup saklamak), 203-nji maddasynda (göz- görtele ýalan görkeziş bermek, ýalan zaklýuçeniýe bermek ýa-da nädogry terjime etmek), 204-nji maddasynda (görkeziş bermekden, zaklýuçeniýe bermekden ýa-da terjime etmekden boýun gaçyrmak ýa-da ýüz döndermek), 205-nji maddasynda (sud-derňew organlaryna barylmagyna päsgel bermek), 206-njy maddasynda (aýyplanýanyň, şaýadyň ýa heläkçilik çekeniň ýalan görkeziş bermäge ýa-da ekspertiň ýalan zaklýuçeniýe bermäge, ýa-da terjimeçiniň nädogry terjime etmäge mejbur edilmegi ýa-da şol adamlaryň bermit bilen aldalmagy), 2093-nji maddasynda (düzediş-zähmet edarasynyň administrasiýasynyň talaplaryna zandyýamanlyk bilen boýun egmezlik), 210-njy maddasynda (tussaglykdan bikanun boşatmak), 216-njy maddasynyň ikinji böleginde (milisiýa işgärine ýa-da halk družinaçysyna garşylyk görkezmek), 2371-nji maddasynyň üçünji we dördünji böleginde (göz-görtele jenaýatçylykly ýol bilen ele salnan emlägi satyn almak ýa-da satmak), 239-njy maddasynda (kemala gelmedikleri jenaýatly işe çekmek), 2391-nji maddasynda (kemala gelmedikleri pýançylyk etmäge çekmek), 2392-nji maddasynda (kemala gelmedikleri kelle aýlaýjy dermanlyk serişdeleri we beýleki serişdeleri medisina dahylsyz maksatlar üçin ulanmaga çekmek), 243-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleginde (transport serişdelerini alyp gaçmak), 249-njy maddasynyň birinji böleginde (atylýan ýaragy; söweş ok-därilerini we partlaýjy maddalary bikanun götermek, saklamak, satyn almak, ýasamak we satmak), 259-njy maddasynda (ösdürilip ýetişdirilmegi gadagan edilen tirýek haşhaşyny we kenebi (meňi) ekmek ýa-da ösdürip ýetişdirmek), 2592-nji maddasynda (narkotiki serişdeleri ulanmaga yrmak), 2593-nji maddasynda (narkotiki serişdeleri ulanmakdan ötri neşehanalaryň guralmagy ýa-da saklanylmagy), 2594-nji maddasynda (ýag berýän haşhaşy we kenebi (meňi) bikanun ekmek ýa-da ösdürip ýetişdirmek), 260-njy maddasynda (jelephana saklamak we oýnaşlary duşuryjylyk), 265-nji maddasynda (mazaryň hormatyny gaçyrmak) göz öňünde tutulan jenaýatlary eden adamlar barada amnistiýa ulanylmaýar.
7. Amnistiýa saklamak düzgünini ýa-da jeza çekmegiň tertibini zandyýamanlyk bilen bozýan adamlar barasynda, şeýle hem özleri barada öň amnistiýa ýa günä geçmek çäreleri ulanylan adamlar barasynda ulanylmaýar.
8. Azatlykdan mahrum etmek jezasy berlip, weneriki kesellerden, arakkeşlikden we neşekeşlikden bejertmegiň doly kursuny geçmedikler barada amnistiýa diňe degişli kesel bejeriş kursy tamamlanandan soň ulanylýar.
9. Şu Kanun kabul edilen gününden güýje girýär we ol dört aýyň dowamynda ýerine ýetirilmelidir.
Türkmenistan SSR-niň Prezidenti S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri
1991-nji ýyl, 8-nji ýanwar
№ 369 - XII