Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ
KANUNY
Türkmenistanyň Prezidentiniň at-abraýyny we mertebesini
goramak hakynda
(Türkmenistanyň Ýokary SowetiniňMaglumatlary 1991 ý. № 16, 158- madda )
Türkmenistanyň Prezidenti ýokary wezipeli adam, döwletiň we hökümetiň Baştutany bolmak bilen¸ ol Türkmenistanyň milli hem döwlet özygtyýarlylygyny üpjün edýär. Türkmenistanyň Prezidenti graždanlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň¸ döwletiň konstitusiýasynyň we Kanunlarynyň berjaý edilmeginiň kepili hökmünde çykyş edýänligi üçin¸ onuň at-abraýy ýerliksiz aýyp ýöňkemelerden we bolgusyz gep-gürrüňlerden goralmalydyr.
Türkmenistanyň Prezidentiniň at-abraýyna we mertebesine dil ýetirmegiň¸ onuň garaşsyz demokratik döwletiň Baştutany hökmündäki hatyrasynyň kemsidilmeginiň ýol berilmesizdigini ykrar edip¸ Türkmenistanyň Ýokary Soweti karar edýär:
1-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentini jemagat öňünde masgara edene¸ ýagny onuň at-abraýyny adam mertebesine gelişmeýän görnüşde bilgeşleýin kemsidene¸ şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentine töhmet atana¸ ýagny ony masgaralaýan görnetin ýalan toslamalary ýaýradana –
bäş müň manada çenli jerime salynýar ýa-da iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek¸ ýa-da üç ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
Şeýle hereketler metbugaty ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerini ulanmak arkaly edilen bolsa¸ munuň üçin –
iki ýyla çenli düzediş işlerinde işletmek ýa-da bäş ýyla çenli azatlykdan mahrum etmek jezasy berilýär.
2-nji madda. Döwlet baştutanynyň - Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan işi hakynda¸ şeýle hem onuň ýolbaşçylygy bilen ýöredilýän syýasat hakynda jemagat öňünde tankydy bellikler bilen çykyş edilmegi şu Kanunyň 1-nji maddasynyň güýjüne düşmeýär.
3-nji madda. Eger köpçülikleýin habar beriş serişdesi Türkmenistanyň Prezidentini masgaralaýan ýa-da onuň adyna töhmet atylýan materiallary çap eden bolsa¸ onda suduň karary esasynda şol köpçülikleýin habar beriş serişdesine elli müň manada çenli jerime salynýar.
Eger köpçülikleýin habar beriş serişdesi Türkmenistanyň Prezidentini masgaralaýan ýa-da onuň adyna töhmet atylýan materiallary çap etmegi gaýtalasa¸ şol köpçülikleýin habar beriş serişdesiniň işlemegi suduň karary bilen ýatyrylyp bilner.
4-nji madda. Şu Kanunda göz öňünde tutulan işler boýunça deslapky derňew işini Türkmenistanyň Jenaýat – prosessual kodeksinde bellenen tertipde prokuratura organlarynyň sülçüleri geçirýärler.
Türkmenistanyň Prezidenti S. Nyýazow
Aşgabat şäheri
1991-nji ýyl, 12-nji noýabr
№ 576- XII