Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň döwlet özygtyýarlylygy hakynda Jarnama
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1990 ý.¸ № 15-16¸ 152- madda)
Türkmenistan SSR Ýokary Soweti,
Türkmenistanyň halkynyň erk-islegini beýan edip,
türkmen milletiniň ykbaly üçin jogapkärçilik ýükländigine düşünip, milletleriň öz ykbalyny özleriniň kesgitlemek hukugyny durmuşa geçirmäge çalşyp,
halkyň syýasy, ykdysady, sosial, ruhy we medeni taýdan mynasyp ösmegi barada, graždanlaryň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny hemmetaraplaýyn üpjün etmek barada alada edip,
respublikany dünýä bileleşiginiň doly hukukly we garaşsyz çleni hasap edip,
Türkmenistanyň bütin territoriýasynda Respublikanyň häkimiýetiniň hökmürowanlygy, özbaşdaklygy, doly ygtyýarlylygy, mizemezligi, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarda özüniň garaşsyzlygy we deňhukuklylygy hökmünde Türkmenistan Sowet Sosialistik Resiublikasynyň döwlet özygtyýarlylygyny jar edýär.
1. Türkmenistan SSR-i özygtyýarly milli döwlet bolup, ol özüniň bütin territoriýasynda häkimiýeti doly amala aşyrýar.
Türkmenistan SSR-i türkmen halkynyň milli döwletiniň goralmagyny we aman saklanmagyny üpjün edýär.
2. Türkmenistan SSR-i kanunyň hökmürowanlygyny berkarar edip, ynsanperwer demokratik jemgyýet döretmek hyjuwy bilen joşýandygyny aýan edýär. Türkmenistan SSR-nde özygtyýarlylygy beýan ediji we döwlet häkimiýetiniň çeşmesi onuň halkydyr. Halk döwlet häkimiýetini gös-göni we Türkmenistan SSR Konstitusiýasy esasynda wekilçilikli organlaryň üsti bilen amala aşyrýar. Diňe Türkmenistan SSR-niň ýokary häkimiýet organlary bütin halkyň adyndan çykyş edip biler.
3. Türkmenistan SSR-niň döwlet özygtyýarlylygy öňde goýlan belent maksadyň - her bir adama Türkmenistan SSR Konstitusiýasynda, SSSR Konstitusiýasynda, adam hukugynyň hemmä umumy jarnamasynda, beýleki halkara kadalarynda jar edilen hukuklary we azatlyklary üpjün etmegiň hatyrasyna durmuşa geçirilýär.
4. Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy şertnama esasynda beýleki respublikalar bilen Soýuza meýletin birleşýär. Respublika SSR Soýuzyndan erkin çykmak hukugyny hem-de syýasy we ykdysady gurluşygy öz garaýşyna görä bellemäge bolan ygtyýarlylygyny özünde saklaýar. Türkmenistan SSR-i özüniň SSR Soýuzynyň garamagyna meýletin beren ygtyýarlaryny amala aşyrmaga hukugynyň bardygyny tassyklaýar.
5. Türkmenistan SSR-niň bütin territoriýasynda Türkmenistan SSR-niň Konstitusiýasynyň we kanunlarynyň ýokary tutulmagy-hökmürowanlygy berkarar edilýär. SSR Soýuzynyň Türkmenistan SSR-niň özygtyýarly hukuklaryna ters gelýän aktlarynyň güýjüni Respublikanyň ýokary döwlet häkimiýet we dolandyryş organlary özüniň bütin territoriýasynda togtadýar.
Türkmenistan SSR-nde döwlet häkimiýeti onuň kanunçykaryjy ýerine ýetiriji we sud häkimiýetlerine bölünmek düzgüni boýunça amala aşyrylýar.
Türkmenistan SSR-niň kanunlarynyň takyk we birmeňzeş ýerine-ýetirilişine Türkmenistan SSR Prokurory ýokary gözegçiligi amala aşyrýar, Prokurory bolsa Türkmenistan SSR Ýokary Soweti belleýär we ol Ýokary Sowetiň öňünde jogapkärdir we diňe şoňa hasabat berýär.
6. Türkmenistan SSR-niň häzirki dowam edýän serhetlerdäki territoriýasy eldegrilmesizdir, ol halkyň erk-ygtyýaryndan idinsiz bir görnüşde üýtgedilip ýa-da peýdalanylyp bilinmez.
7. Türkmenistan SSR-niň territoriýasynda respublikan graždanlygy berkarar edilýär, şunda SSR Soýuzynyň graždanlygy saklanyp galýar. Türkmenistan SSR-i Respublikanyň graždanlarynyň gelip çykyşyna, sosial we emläk ýagdaýyna, jynsyna we milletine, aýal-erkekligine, bilimine, diline, syýasy garaýyşlaryna, dini ygtykatyna, käriniň nähilidigine we onuň häsiýetine, ýaşaýan ýerine hem-de beýleki ýagdaýlara garamazdan, olaryň hemmesiniň kanun öňündäki deňligini üpjün edýär.
Türkmenistan SSR-i Respublikanyň çäklerinden daşardaky graždanlaryny goraýar hem olara penakärlik edýär¸ Respublikanyň häkimiýet organlary olaryň medeni we dil babatdaky isleglerini kanagatlandyrmak üçin şert döredýärler.
Türkmenistan SSR-niň territoriýasynda beýleki soýuz respublikalaryň we daşary ýurt döwletleriniň graždanlaryna, belli graždanlygy bolmadyk adamlara Türkmenistan SSR Konstitusiýasynda, SSSR Konstitusiýasynda we halkara hukuk normalarynda göz öňünde tutulan hukuklar we azatlyklar kepillendirilýär.
8. Türkmenistan SSR-i respublikanyň içerki we daşarky howpsuzlygyna degişli ähli meseleleri özbaşdak çözýär. Respublika Türkmenistan SSR-niň graždanlarynyň goşun gullugyny geçmeginiň tertibini kesgitleýär, olaryň hukuklarynyň we gulluk etmek şertleriniň üpjün edilmegine, harby maksatlar üçin ulanylmagyna kontrollyk edýär.
Türkmenistan SSR-i respublikanyň territoriýasyny ýadro¸ himiýa, bakteriologiýa ýaragyndan we köpçulikleýin gyryjy ýaraglaryň beýleki görnüşlerinden azat zona öwürmegi özüne maksat edinýär.
9. Türkmenistan SSR-i beýleki döwletler bilen gös-göni aragatnaşyklary ýola goýýar, olar bilen şertnamalar baglaşýar, diplomatik, konsullyk, söwda wekilhanalaryny alyşýar, halkara guramalarynyň işine gatnaşýar, umumy parahatçylygy we halkara howpsuzlygy pugtalandyrmaga işjeň ýardam edýär.
10. Türkmenistan SSR-niň territoriýasynyň we deňizdäki ykdysady zolagynyň çäklerindäki ýer, ýerasty baýlyklary, howa giňişligi, suw we beýleki tebigy baýlyklar türkmen halkynyň eýeçiligindäki milli genji-hazynadyr we olar respublikanyň özygtyýarlylygynyň maddy esasy bolup hyzmat edýär. Bu hazyna-baýlyga, şonuň ýaly-da Respublikanyň territoriýasynda döredilen bütin ykdysady, ylmy-tehniki serişdelere eýelik etmäge, olary peýdalanmaga we olara erk etmäge diňe Türkmenistanyň halkynyň hukugy bardyr.
11. Respublikanyň territoriýasynda SSR Soýuzynyň, beýleki soýuz respublikalaryň, daşary ýurt döwletleriniň we olaryň graždanlarynyň eýeçiligine degişli obýektleriň döredilmegi, ýerleşdirilmegi we işlemeginiň tertibi Türkmenistan SSR-niň kanunlary arkaly düzgünleşdirilýär. Respublika ähli görnüşdäki eýeçiligi goramagy üpjün edýär. Türkmenistan SSR gazylyp alynýan peýdaly baýlyklary we çig maly respublikanyň çäginden çykarmagyň möçberini we olary ibermegiň (başga ýerlere äkitmegiň) şertlerini özbaşdak çözýär. Daşary ykdysady işi düzgünleşdirmek (lisensiýalaşdyrmak, kwotlaşdyrmak) işini amala aşyrýar, respublikanyň territoriýasynda gümrük gullugyny dolandyrýar. Umumysoýuz eýeçiliginde, SSSR-iň almaz, walýuta fondunda we altyn zapasynda Türkmenistan SSR-niň öz paýynyň bolmagyna hukugy bardyr.
12. Türkmenistan SSR-i Respublikanyň territoriýasynda tebigaty goramak, tebigy baýlyklardan peýdalanmak işini guramagyň tertibini özbaşdak belleýär we Reslublikanyň halkynyň ekologiýa taýdan howpsuzlygyny üpjün edýär, ekologiýa taýdan zyýanly önümçilikleri we adamyň saglygyna zyýan berýän önümiň satylmagyny gadagan edýär.
13. Türkmenistan SSR-i respublikanyň Ýokary Sowetine tabyn bolan Milli banky döredýär, özüniň maliýe-karzdarlyk sistemasyny guraýar, ýöriteleşdirilen banklara eýelik etmek hukugyna eýedigini tassyklaýar. Türkmenistan SSR-i Respublikanyň daşary-ykdysady bankyny döredýär.
14. Türkmenistan SSR-i türkmen halkynyň medeni we ruhy dünýäsini ösdürmek meselelerini çözmekde, terbiýe, magaryf¸ ylym we informasiýa barasynda hut özüniň sistemasyny döretmekde özbaşdakdyr.
15. Türkmenistan SSR-i turkmen halkynyň milli-medeni taýdan täzeden rowaçlanmagyny, milli taýdan öz ähmiýetine düşünmek duýgusynyň ösmegini, halkyň däp-dessurlaryny we aýratynlyklaryny¸ döwlet dili hökmünde türkmen diliniň ulanylmagyny üpjün edýär.
16. Türkmenistan SSR-niň territoriýasyndaky milli, medeni we taryhy gymmatlyklara diňe respublika we onuň halky eýelik edýär. Respublikanyň çäklerinden daşarda bolan milli, medeni we taryhy gymmatlyklaryň Türkmenistan halkynyň eýeçiligine gaýtarylyp berilmegini talap etmäge Türkmenistan SSR-niň hukugy bardyr.
17. Türkmenistan SSR-i respublikaňyň territoriýasynda ýaşaýan ähli milletleriň wekillerine özleriniň milli-medeni taýdan erkin ösmek hukugyny kepillendirýär.
Şu Jarnama Türkmenistan SSR-niň täze Konstitusiýasyny işläp taýýarlamak, Soýuz şertnamasyny baglaşmak, respublikanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek üçin esas bolup durýar.
Türkmenistan SSR Ýokary
Sowetiniň Başlygy S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri.
1990-njy ýyl, 22-nji awgust
№ 249 - XII