Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTAN SOWET SOSIALISTIK RESPUBLIKASYNYŇ
K A N U N Y
Türkmenistan SSR-nde dolandyryşyň prezidentlik formasyny döretmek hem-de Türkmenistan SSR Konstitusiýasyna (Esasy Kanunyna) üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
(Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Wedomostlary 1990 ý.¸ № 19-20¸ 194 -madda)
Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Ýokary Soweti karar edýär:
I. Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesini döretmeli.
II bölüm 18.05.1992 ý. № 692-XII Türkmenistanyň Kanuny bilen güýjüni ýitiren.
III. 1) Türkmenistan SSR-niň birinji Prezidentiniň saýlawlaryny 1990-njy ýylyň 27-nji oktýabryna bellemeli.
2) Türkmenistan SSR-niň birinji Prezidenti wezipesine kandidatarulary Türkmenistan SSR Ýokary Soweti görkezýär diýip bellemeli.
3) Türkmenistan SSR-niň birinji Prezidentiniň saýlawlaryny Türkmenistan SSR Konstitusiýasynyň¸ «Türkmenistan SSR-niň halk deputatlarynyň saýlawlary hakyndaky» Türkmenistan SSR Kanunynyň talaplaryna laýyklykda we saýlawlaryň şu kanunda kesgitlenilen möhletlerine we şertlerine laýyk geçirmegi Türkmenistan SSR-niň halk deputatlarynyň saýlawlary baradaky respublikan hem-de uçastok saýlaw komissiýalaryna tabşyrmaly.
Türkmenistan SSR-niň Prezidentiniň saýlawlary boýunça ses bermegi guramagy halk deputatlarynyň oblast¸ şäher¸ raýon Sowetleriniň prezidiumlarynyň üstüne ýüklemeli.
IV. Şu Kanuny kabul edilen pursatyndan güýje girizmeli.
Türkmenistan SSR Ýokary
Sowetiniň Başlygy S. NYÝAZOW
Aşgabat şäheri
1990-njy ýyl, 11-nji oktýabr
№ 300 - XII