Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň KANUNY
Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny
döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 3, 64-nji madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň «Arkadag» medalyny döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
4-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Serdar
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2023-nji ýylyň 30-njy sentýabry.
№ 52-VII.
Türkmenistanyň «Arkadag» medaly hakynda
DÜZGÜNNAMA
1. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
2. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly adam bähbitlerini ileri tutmak, olaryň mertebesini belende götermek bilen, adalatlylyk, adamkärçilik, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, haýyr-sahawatlylyk, hemaýata mätäçlere kömek bermek ýaly türkmeniň ata-baba ýol-ýörelgelerine, milli däplerine laýyklykda we meýletinlik esasda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ynsanperwer başlangyçlaryny, bitiren hyzmatlaryny hormatlamak, toplan tejribesini, ösýän halkara abraýyny giňden goldamak, bu ugurda görnükli işleri bitiren ýurdumyzyň raýatlaryny sylaglamak maksady bilen döredilýär.
3. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen daşary ýurt raýatlary, raýatlygy bolmadyk adamlar hem sylaglanyp bilner.
4. Türkmenistanyň «Arkadag» medaly bilen:
döwletiň ynsanperwer durmuş syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge, adamyň we raýatyň durmuş-ýaşaýyş, saglyk babatda hukuklaryny, kanuny bähbitlerini goramaga goşant goşan;
howandarlyga mätäç adamlaryň, ylaýta-da çagalaryň jemgyýetiň we döwletiň durmuşyna mynasyp we doly möçberde gatnaşmaga bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmeginde işleri bitiren;
durmuş çygryny ösdürmekde, jemgyýetçilik, ynsanperwer, haýyr-sahawat, saglygy goraýyş, meýletinçilik edaralarynyň, halkyň saglygyny goraýyş işini ösdürmekde, hususan-da, lukmançylyk, sagaldyş-dikeldiş babatda kömek bermekde, meýletinçilik hereketini ösdürmekde uly goşant goşan;
eneligiň we çagalygyň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegine, enäniň we çaganyň abraýynyň we mertebesiniň goralmagyna, jemgyýetde çagalara bolan mähirli garaýşyň kemala gelmeginde işleri bitiren;
howandarlyga mätäç çagalara saglygy goraýyş kömegini bermek, zerur bolan halatlarda ýörite operasiýalary we beýleki hyzmatlary etmek, saglygyny dikeltmäge, öňüni alyş we sagaldyş-dikeldiş işiniň oňyn tejribelerini ornaşdyran;
ata-enesiniň howandarlygyndan galanlaryň, şeýle hem käbir ýagdaýlarda beýleki çagalaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ýardamlary we goldawlary beren;
hemaýata mätäç çagalara we ýaşlara maliýe we maddy kömegini guramak, maslahatlary we usuly taýdan kömek bermek işinde tapawutlanan;
haýyr-sahawat, hossarlyk we howandarlyk, meýletinçilik işine, bu ugurda iş alyp barýan jemgyýetçilik guramalaryny ösdürmekde guramaçylyk, kanunçylyk-hukuk, amaly taýdan işjeň goldaw beren, şol sanda maddy we maliýe goldawlary, pul serişdeleri, beýleki bagyş etmeler bilen goşant goşan;
bu işleri wagyz-nesihat etmekde tapawutlanan;
ösüp gelýän ýaş nesilde Watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklylyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin işleri bitiren;
ýaş nesle türkmen halkynyň taryhy we milli däplerine, ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de dünýä medeniýetiniň gazananlary esasynda terbiýelenmegine goşant goşan;
çagalaryň we ýaşlaryň iň gowy bähbitleriniň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde döwletiň we jemgyýetiň öňünde bitiren aýratyn görnükli hyzmatlary, bu işleriň halkara derejesinde ykrar edilmegine goşan goşantlary üçin ýokary ynsanperwer, adamkärçilikli, kärine, halkymyza, Garaşsyz hem Bitarap Watanymyza wepaly bolan lukmanlar, mugallymlar, terbiýeçiler, ylmy, döredijilik, döwlet we jemgyýetçilik işgärleri, şeýle hem ýurdumyzyň beýleki raýatlary sylaglanylýar.
5. Türkmenistanyň «Arkadag» medalyna mynasyp bolanlar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan sylaglanýar.
6. Medala mynasyp bolan adama Türkmenistanyň «Arkadag» medaly we şahadatnamasy, onuň ýany bilen Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň nyşany ýerleşdirilen ýörite sowgat dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.
Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň «Arkadag» medaly tegelek görnüşde bolup, onuň merkezi böleginde güberçek görnüşde diametri 28 mm bolan Günüň ýalkym saçyp duran şöhlesi, ýaşyl reňkde Türkmenistanyň kartasy we onuň ýüzünde altynsow reňkde «TÜRKMENISTAN» diýen ýazgy ýerleşdirilen.
Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň merkezi böleginiň daşynda ini 3 mm bolan ak reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň içinde altynsow reňkde Türkmenistanyň kartasynyň daşyny jähekläp duran, Gahryman Arkadagymyzyň adyny göterýän, «GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEK BOÝUNÇA HAÝYR-SAHAWAT GAZNASY» diýen ýazgy ýerleşdirilen.
Onuň daşyndaky ini 3 mm bolan tegelegiň içinde düşegi goýy mawy reňk bilen syrçalanan türkmeniň milli nagşy bilen jäheklenen.
Medalyň ini 13 mm bolan daşky tegelegiň içinde el-ele berip duran milli lybaslarda al-elwan öwüşgindäki çagalaryň şekilleri ýerleşdirilen.
Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň umumy diametri 45 mm bolup durýar.
Medal halkajyklar arkaly beýikligi 16 mm, ini 34 mm bolan gönüburçly ak syrça çaýylan kolodka birleşdirilýär. Kolodkanyň içinde beýikligi 4 mm bolan mawy reňkde «Arkadag» diýen ýazgy ýazylan.
Türkmenistanyň «Arkadag» medaly 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylan.
Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň galyňlygy 1,5 mm.
Türkmenistanyň «Arkadag» medalynyň arka tarapynda onuň san belgisi belgilenýär.