Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

 

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 4, 87-nji madda)

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 102 313,5 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 32 865,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda

Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 91 544,7 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 22 096,2 mln. manat möçberde tassyklamaly. 

 

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2024-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

 

goşulan baha üçin

salgytdan

peýdadan alynýan

salgytdan

ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri

1,4%

1,4%

1,4%

Arkadag şäheri

100,0%

100,0%

0%

Ahal welaýaty

90,0%

90,0%

90,0%

Balkan welaýaty

28,0%

28,0%

27,0%

Daşoguz welaýaty

100,0%

100,0%

100,0%

Lebap welaýaty

100,0%

100,0%

100,0%

Mary welaýaty 

87,0%

87,0%

88,0%

                

 

4-nji madda 

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 2 986,2 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Arkadag şäheri

211,3

mln. manat
Daşoguz welaýaty

        1 685,4

mln. manat
Lebap welaýaty

1 089,5

mln. manat

 

5-nji madda 

Ýerli býujetleri 13 755,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri

2 443,1

    mln. manat
Arkadag şäheri

236,7

    mln. manat
Ahal welaýaty

1 658,9

    mln. manat
Balkan welaýaty

1 538,7

    mln. manat
Daşoguz welaýaty

2 478,5

    mln. manat
Lebap welaýaty

2 781,1

    mln. manat
Mary welaýaty

2 618,0

    mln. manat

 

6-njy madda 

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

7-nji madda 

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

9-njy madda

Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

 

 

         Türkmenistanyň                                                        Serdar

            Prezidenti                                                           Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2023-nji ýylyň 25-nji noýabry.

№ 68-VII.