Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2024 ý., № 1, 2-nji madda)
Şu Kanun energiýanyň tygşytlanylmagyny höweslendirmegiň hem-de energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) Döwlet energetiki bilermenler seljermesi – ýangyç-energiýa serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliligini kesgitlemek, energiýa serişdeleriniň hasabynyň ýöredilmegini we energetiki enjamlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatda geçirilýän bilermenler seljermesi;
2) düýpli gurluşlaryň energiýa taýdan netijeliliginiň topary (derejesi) – düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energiýa taýdan netijeliligini görkezýän häsiýetnamasy;
3) energetiki barlag – ýangyç-energiýa serişdeleriniň peýdalanylyşy barada, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatdaky görkezijiler barada maglumatlaryň toplanylmagyny we işlenilmegini öz içine alýan, ýangyç-energiýa serişdeleriniň peýdalanylmagynyň energiýa taýdan netijeliligine baha bermek hem-de olaryň netijeli we rejeli peýdalanylmagy üçin mümkin bolan ugurlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilýän barlag;
4) energetiki barlagy geçirmek üçin şertnama – ýerine ýetirijiniň energiýanyň tygşytlanylmagyna hem-de buýrujy tarapyndan energiýa serişdelerinden peýdalanylmagynyň energiýa taýdan netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen hereketleri amala aşyrmagy barada ylalaşyk;
5) energetiki pasport – energetiki barlagyň netijeleri boýunça peýdalanylýan ýangyç-energiýa serişdeleriniň möçberi barada maglumatlar, energiýadan netijeli peýdalanmagyň görkezijileri we energiýany tygşytlamagyň mümkinçiligi görkezilen resminama;
6) energiýadan netijeli peýdalanmagyň görkezijisi – islendik maksatly önümiň birligini öndürmek, işleri we hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň (olaryň kadalyk ýitgilerini göz öňünde tutmak bilen) ylmy taýdan esaslandyrylan, energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda kadalaşdyryjy resminamalarda bellenilen absolýut ýa-da udel ululygy;
7) energiýany tygşytlamak – energiýa serişdeleriniň peýdalanylmagynyň degişli bähbitli netijeliligini, şol sanda öndürilen harytlaryň (ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň) möçberini saklamak bilen, peýdalanylýan energiýa serişdeleriniň möçberiniň azaldylmagyna gönükdirilen guramaçylyk, hukuk, tehniki, tehnologik, ykdysady we gaýry çäreleriň durmuşa geçirilmegi;
8) energiýany tygşytlamak babatyndaky çäre – ýangyç-energiýa serişdelerinden netijeli we rejeli peýdalanmaga gönükdirilen iş;
9) energiýa taýdan netijelilik – energiýa serişdeleriniň peýdalanylmagyndan alnan netijeliligiň energiýa serişdeleriniň şeýle netijeliligi almak maksady bilen sarp edilmegine bolan gatnaşygyny alamatlandyrýan häsiýetnama;
10) energoaudit – ýangyç-energiýa serişdeleriniň ýa-da olaryň görnüşleriniň biriniň, ýa-da ikinji derejeli energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň aýry-aýry ugurlary boýunça ýa-da energiýany sarp ediji enjamlaryň aýratyn bir topary boýunça energetiki barlag;
11) energoauditor edarasy – ygtyýarly edara tarapyndan döredilen, energetiki barlaglary geçirmek boýunça işi amala aşyrýan ýuridik şahs;
12) ikinji derejeli energiýa serişdeleri – tehnologik amallaryň amala aşyrylmagynyň ýa-da wezipeleýin niýetlenilişi energiýa serişdeleriniň degişli görnüşleriniň öndürilmegi bilen bagly bolmadyk enjamlaryň ulanylmagynyň netijesinde önümçilik we sarp ediş galyndylary ýa-da gaýry önümler görnüşinde alnan ýanyjy (ýangyç), ýylylyk serişdeleri, şeýle hem artykmaç basyşyň serişdeleri;
13) ýangyç-energiýa serişdeleri – ýangyjyň we energiýanyň tebigy hem-de gaýtadan işlemegiň netijesinde alnan dürli görnüşleriniň jemi;
14) ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň kadalary – belli bir hilli önümiň birligini öndürmek (işleri, hyzmatlary ýerine ýetirmek) üçin ýangyjyň, ýylylyk ýa-da elektrik energiýasynyň sarp edilmeginiň şertli birliklerde ölçelýän ululygy;
15) ýangyç-energiýa serişdelerini öndürijiler – ýangyç-energiýa serişdeleriniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini öndürýän ýuridik şahslar;
16) ýangyç-energiýa serişdelerini sarp edijiler – ýangyç-energiýa serişdeleriniň bir ýa-da birnäçe görnüşlerini sarp edýän ýuridik we fiziki şahslar.
2-nji madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygy
Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Şu Kanunyň hukuk düzgünleşdirmesi
Şu Kanun energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.
4-nji madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak babatyndaky
gatnaşyklaryň subýektleri we obýektleri
1. Ýangyç-energiýa serişdelerini öndürijiler we sarp edijiler, energoauditor edaralary, şeýle hem energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralar energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatyndaky gatnaşyklaryň subýektleridir.
2. Ýangyç-energiýa serişdeleri hem-de olary öndürýän we sarp edýän degişli enjamlar, ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmegi, daşalmagy we saklanylmagy bilen bagly bolan tehnologik amallar, düýpli gurluşlar (binalar, desgalar) we şu Kanunda göz öňünde tutulan gaýry obýektler energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatyndaky gatnaşyklaryň obýektleridir.
5-nji madda. Ýangyç-energiýa serişdelerini
sarp edijileriň hukuklary we borçlary
1. Ýangyç-energiýa serişdelerini sarp edijiler şu hukuklara eýedirler:
1) döwlet edaralaryna energiýany tygşytlamagy höweslendirmegiň we energiýadan peýdalanylmagynyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri boýunça teklipleri girizmäge;
2) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet hem-de gaýry maksatnamalar işlenilip taýýarlanylanda we durmuşa geçirilende teklipleri girizmäge;
3) ygtyýarly edaradan energiýany tygşytlamagyň hem-de ýangyç-energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmagyň meseleleri boýunça maglumatlary almaga;
4) energetiki barlagyň geçirilmegi üçin energoauditor edaralary bilen şertnamalary baglaşmaga.
Ýangyç-energiýa serişdelerini sarp edijileriň şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan başga hukuklary hem bolup biler.
2. Ýangyç-energiýa serişdelerini sarp edijiler şulara borçludyrlar:
1) elektrik torlarda kuwwatlylyk koeffisiýentiniň kadalyk ululygyny berjaý etmäge;
2) ýangyç-energiýa serişdelerini öndürmek we geçirmek amala aşyrylanda enjamlaryň näsazlygy, turba geçirijileriniň ýylylyk saklaýjy sargysyz ulanylmagy ýa-da energiýany sarp ediji enjamlaryň işleýiş tertibiniň berjaý edilmezligi zerarly olaryň öndürijiliksiz sarp edilmegine ýol bermezlige;
3) ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmegini geçirilen energetiki barlagyň netijeleri boýunça bellenilen bähbitli (netijeli) kadalaryň derejesine çenli azaldylmagyny üpjün etmäge. Ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň bähbitli (netijeli) kadalary diýlip, ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň bir senenama ýylyndan köp möhlet üçin emele getirilýän kadalarynyň görkezijileriniň azalýan hataryna düşünilýär;
4) ýangyç-energiýa serişdelerini sarp etmegiň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen kadalaryndan ýokary bolmagyna ýol bermezlige.
6-njy madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak babatynda hukuk
taýdan düzgünleşdirmegiň esasy ýörelgeleri
Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda hukuk taýdan düzgünleşdirmek aşakdaky ýörelgelere esaslanýar:
1) energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleriň geçirilmeginiň ylmy-tehniki we ykdysady taýdan esaslandyrylmagy;
2) dolandyryşyň we gözegçiligiň ulgamlaýynlygy;
3) energiýa taýdan netijeli enjamlaryň, tehnologiýalaryň we materiallaryň ornaşdyrylmagynyň ileri tutulmagy;
4) energiýany tygşytlamagyň we energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň höweslendirilmegi;
5) ýangyç-energiýa serişdeleriniň öndürilmegi we sarp edilmegi babatynda deňagramlaşdyrylan baha syýasatynyň we nyrh emele getirişiň alnyp barylmagy.
II BAP. ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK WE
ENERGIÝADAN NETIJELI PEÝDALANMAK BABATYNDA
DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE GÖZEGÇILIGI
7-nji madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak babatynda döwlet
düzgünleşdirmesini we gözegçiligini
amala aşyrýan edaralar
Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet düzgünleşdirmesi we gözegçiligi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän ygtyýarly edara (mundan beýläk – ygtyýarly edara), şeýle hem ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ygtyýarlylygynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
8-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
3) şulary tassyklaýar:
a) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça Döwlet maksatnamasyny;
b) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibini;
4) düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energiýa taýdan netijeliligini üpjün etmek boýunça talaplary belleýär;
5) ýangyç-energiýa serişdeleri netijesiz peýdalanylanda täsir ediş çärelerini belleýär;
6) energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleri durmuşa geçirmek boýunça döwlet goldawynyň görnüşlerini we usullaryny kesgitleýär;
7) ygtyýarly edarany kesgitleýär;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.
9-njy madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Ygtyýarly edara energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
3) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
4) şulary işläp taýýarlaýar we tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär:
a) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça Döwlet maksatnamasyny;
b) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň ýerine ýetirilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibini;
5) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň gysga möhletleýin we uzak möhletleýin pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
6) döwlet edaralarynyň işiniň pudagara utgaşdyrylmagyny amala aşyrýar;
7) energiýany tygşytlamak boýunça maksatlaýyn görkezijileri, ýerli ýangyç-energiýa serişdelerini we ikinji derejeli energiýa serişdelerini peýdalanmak boýunça görkezijileri, şeýle hem energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, beýleki görkezijileri belleýär hem-de olary hemmeleriň dykgatyna ýetirmegiň tertibini kesgitleýär;
8) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energetiki barlaglaryny guramak we geçirmek boýunça işi amala aşyrýar;
9) ýangyç-energiýa serişdelerini sarp etmegiň kadalaryny işläp düzmegiň, bellemegiň we olara gaýtadan seretmegiň tertibini kesgitleýär;
10) energiýa taýdan netijelilik hakynda maglumatlary özünde saklamaly harytlaryň, düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) sanawyny kesgitleýär;
11) döwlet maglumat ulgamyny döredýär we onuň hereket etmegini üpjün edýär;
12) öňdebaryjy tehnologiýalaryň işlenilip taýýarlanylmagyna we ornaşdyrylmagyna maýa goýumlarynyň çekilmegini höweslendirýär;
13) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda işi amala aşyrýan işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy amala aşyrýan okuw merkezleriniň işiniň tertibini kesgitleýär;
14) şulary işläp taýýarlaýar we tassyklaýar:
a) döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmek boýunça hasabatlylygyň görnüşlerini we olary bermegiň möhletlerini;
b) Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň bozulmasyny aradan aýyrmak barada tabşyryknamanyň görnüşini;
ç) Energetiki barlagy geçirmek üçin birkysmy şertnamany;
d) Barlag geçirilýän obýektiň energetiki pasportynyň birkysmy görnüşini;
e) Energoauditorlaryň bilimlerini barlamagy geçirmegiň tertibini;
ä) bilim babatda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan ygtyýarly edara bilen ylalaşylmagy boýunça Okuw maksatnamalarynyň we meýilnamalarynyň sanawyny;
f) ýuridik şahslaryň azyndan bäş ýylda bir gezek geçirilýän hökmany energetiki barlaglarynyň rejesini;
g) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň), düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energetiki barlaglaryny geçirmegiň tertibini;
h) Döwlet energetiki bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibini;
15) energoauditor edaralarynyň hasaba alynmagyny ýöredýär;
16) halkara hyzmatdaşlygy amala aşyrýar;
17) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýar.
10-njy madda. Ministrlikleriň we pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary:
1) energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň pudaklaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we ygtyýarly edara bilen ylalaşyp tassyklaýarlar, şeýle hem olaryň durmuşa geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;
2) energiýa taýdan netijeli enjamlaryň, tehnologiýalaryň we materiallaryň ornaşdyrylmagyny, şol sanda halkara taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň çygrynda, amala aşyrýarlar;
3) ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň kadalaryny belleýärler we berjaý edýärler;
4) energiýanyň tygşytlanylmagynyň höweslendirilmeginiň we energiýa taýdan netijeliligiň ýokarlandyrylmagynyň wagyz edilmegini amala aşyrýarlar;
5) energiýanyň tygşytlanylmagynyň höweslendirilmegi we energiýa taýdan netijeliligiň ýokarlandyrylmagy boýunça çäreleri işläp düzýärler we durmuşa geçirýärler;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda olaryň ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri amala aşyrýarlar.
III BAP. ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK WE ENERGIÝADAN
NETIJELI PEÝDALANMAK BABATDA UMUMY TALAPLAR
11-nji madda. Döwlet zerurlyklary üçin sargytlar
ýerleşdirilende energiýany tygşytlamagyň
we energiýadan netijeli peýdalanmagyň
görkezijilerine bildirilýän talaplar
1. Döwlet zerurlyklary üçin harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň görkezijilerine bildirilýän talaplar degişli bolup durýan görnüşleri ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
2. Döwlet buýrujylary we döwlet zerurlyklary üçin sargytlary ýerleşdirmek boýunça wezipeleri amala aşyrmaga ygtyýarly edaralar şu maddanyň birinji böleginiň täsirine düşýän harytlar bilen üpjün etmek (işleri, hyzmatlary ýerine ýetirmek) üçin sargytlary bu harytlar (işler, hyzmatlar) üçin energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň görkezijilerine bildirilýän talaplara laýyklykda ýerleşdirmäge borçludyrlar.
3. Döwlet zerurlyklary üçin sargytlar ýerleşdirilende harytlar (işler, hyzmatlar) babatda energiýany tygşytlamagyň we energiýa taýdan netijeliligiň görkezijilerine bildirilýän talaplar şulary öz içine alýar:
1) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) şeýle talaplar degişli bolup durýan görnüşleriniň we toparlarynyň görkezilmegini;
2) harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) ölçeg möçberleriniň peýdalanylýan ýangyç-energiýa serişdeleriniň möçberine täsirini ýetirýän aýratynlyklaryna bildirilýän talaplary.
4. Energiýanyň tygşytlanylmagynyň we energiýadan netijeli peýdalanylmagynyň üpjün edilmegi boýunça döwlet zerurlyklary üçin göz öňünde tutulan harytlara (işlere, hyzmatlara) bildirilýän talap energiýa serişdeleriniň öndürijiliksiz sarp edilmegine, şeýle hem ekologik kadalaryna we standartlaryna laýyk gelmezlige getirip biljek harytlar bilen üpjün etmeklige (işleri, hyzmatlary ýerine ýetirmeklige) gadaganlyklary we çäklendirmeleri öz içine alyp biler.
12-nji madda. Düýpli gurluşlaryň energiýa taýdan
tygşytlylygyny we energiýa taýdan
netijeliligini üpjün etmek boýunça talaplar
1. Taslamasy işlenilip taýýarlanylýan, gurulýan, durky täzelenilýän, düýpli abatlanylýan düýpli gurluşlar (binalar, desgalar) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyk gelmelidir.
2. Energiýa taýdan netijeliligiň hem-de peýdalanylýan ýangyç-energiýa serişdelerini hasaba alyjy abzallar bilen enjamlaşdyrylmagyň talaplaryna laýyk gelmeýän gurlan, durky täzelenen, düýpli abatlanylan düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) ulanylyşa girizilmegine ýol berilmeýär.
3. Ulanylyşa girizilýän düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energiýa taýdan netijeliligiň talaplaryna hem-de peýdalanylýan ýangyç-energiýa serişdelerini hasaba alyjy abzallar bilen enjamlaşdyrylmagyň talaplaryna laýyklygyny barlamak ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energiýa taýdan netijeliligini üpjün etmek boýunça talaplar ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär we aşakdakylary öz içine alýar:
1) düýpli gurluşda (binada, desgada) energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň udel ululygyny häsiýetlendirýän görkezijileri;
2) düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energiýa taýdan netijeliligine täsir edýän binagärlik, gurluş we inžener-tehniki çözgütlere bildirilýän talaplary;
3) düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) aýry-aýry düzüm böleklerine, gurluşlaryna we olaryň aýratynlyklaryna, taslama resminamalaryna girizilen we düýpli gurluşlar (binalar, desgalar) gurlanda, durky täzelenilende, düýpli abatlanylanda ulanylýan tehnologiýalara we materiallara bildirilýän talaplary.
5. Düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energiýa taýdan netijeliligine bildirilýän talaplar ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde azyndan bäş ýylda bir gezek gaýtadan seredilmäge degişlidir.
6. Düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energiýa taýdan netijeliligine bildirilýän talaplar aşakdaky düýpli gurluşlara (binalara, desgalara) degişli däldir:
1) däp-dessurlary berjaý etmäge niýetlenilen;
2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda taryhy-medeni mirasyň obýektlerine (taryhy we medeni ýadygärliklere) degişli edilen;
3) ýykmaga ýa-da düýpli abatlamaga degişli edilen;
4) özbaşdak ýaşaýyş jaýlary;
5) ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen gaýry gurluşlar (binalar, desgalar).
13-nji madda. Düýpli gurluşlaryň energiýa taýdan
netijeliliginiň topary (derejesi)
1. Düýpli gurluşyň (binanyň, desganyň) energiýa taýdan netijeliliginiň topary (derejesi) buýrujynyň gurluşygyň (durkuny täzelemegiň, düýpli abatlamagyň) taslamasyny işläp taýýarlamak üçin tabşyrygynda hem-de gurlan we ulanylyşa girizilen binanyň gurluşygy (durkunyň täzelenilmegi, düýpli abatlanylmagy) tamamlanandan soň, gozgalmaýan emläge bolan hukuk bellige alnanda onuň tehniki pasportynda görkezilýär.
2. Bar bolan düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) energiýa taýdan netijeliliginiň topary (derejesi) we onuň gaýtadan seredilmegi ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen tertipde bellenilýär hem-de gurluşyň (binanyň, desganyň) tehniki pasportynda görkezilýär.
14-nji madda. Ýangyç-energiýa serişdeleriniň
hasaba alnyşy
1. Öndürilýän, berilýän, sarp edilýän ýangyç-energiýa serişdeleri Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde abzallar arkaly hökmany hasaba alynmaga degişlidir.
2. Senagat desgalarynyň, ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarynyň gurluşygynyň taslamalarynda peýdalanylýan ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilişini hasaba alyjy abzallaryň gurnalmagy göz öňünde tutulmalydyr. Görkezilen abzallary bolmadyk täze senagat desgalarynyň, ýaşaýyş we jemgyýetçilik binalarynyň ulanylyşa girizilmegine ýol berilmeýär.
15-nji madda. Ýangyç-energiýa serişdeleri üçin
hasaplaşyklar
1. Ýangyç-energiýa serişdeleri üçin hasaplaşyklar olary hasaba alyjy abzallaryň görkezijileriniň esasynda amala aşyrylýar.
2. Ýangyç-energiýa serişdelerini hasaba alyjy abzallaryň bolmadyk, hatardan çykan, ýiten, barlag möhleti tamamlanan ýagdaýynda ýangyç-energiýa serişdeleri üçin hasaplaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen hasaplama usullaryny ulanmak arkaly amala aşyrylýar. Şunda görkezilen hasaplama usullary ýangyç-energiýa serişdelerini sarp edijileri hasaplaşyklaryň hasaba alyjy abzallaryň esasynda amala aşyrylmagyna höweslendirmelidir.
16-njy madda. Energiýany tygşytlamak we
energiýadan netijeli peýdalanmak
babatda görkezijiler
Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ygtyýarly edara tarapyndan energiýany tygşytlamak babatda maksatlaýyn görkezijiler, ýerli ýangyç-energiýa serişdelerini we ikinji derejeli energiýa serişdelerini peýdalanmak boýunça görkezijiler, şeýle hem energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatda gaýry görkezijiler bellenilýär.
17-nji madda. Energiýany tygşytlamak babatyndaky
çäreleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy
1. Energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň maksady şulary kesgitlemekden ybaratdyr:
1) ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň hakyky we şertli ýagdaýda azaldylmagyny;
2) ýangyç-energiýa serişdelerini sarp edijileriň çykdajylarynyň azaldylmagyny;
3) energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleriň durmuşa geçirilmegine maýa goýumlarynyň çekilmegini;
4) özüni ödemegiň möhletini.
Energiýany tygşytlamak babatynda Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna doly ýa-da bölekleýin durmuşa geçirilýän çäreleriň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy tehniki-ykdysady esaslandyrmalary işläp düzmegiň tertibini düzgünleşdirýän tehniki resminamalara laýyklykda işlenip taýýarlanylýar.
2. Energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreler üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmalary işläp düzmegiň tertibini düzgünleşdirýän tehniki resminamalar ygtyýarly edara tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
IV BAP. ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK WE
ENERGIÝADAN NETIJELI PEÝDALANMAK
BABATYNDAKY MAKSATNAMALAR
18-nji madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak babatyndaky
maksatnamalaryň görnüşleri
1. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň Döwlet maksatnamasy, energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň pudaklaýyn, şeýle hem aýry-aýry ýuridik şahslaryň energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatyndaky maksatnamalary işlenip taýýarlanylýar, tassyklanylýar we durmuşa geçirilýär.
Zerur bolan ýagdaýynda, energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň möhüm ugurlary boýunça energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda beýleki maksatnamalar hem işlenip taýýarlanylyp bilner.
2. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň maksatnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça usulyýet taýdan ýolbaşçylygy ygtyýarly edara amala aşyrýar.
Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň pudaklaýyn maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine gözegçiligi şol maksatnamalaryň buýrujylary we öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde – ygtyýarly edara amala aşyrýarlar.
19-njy madda. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan
netijeli peýdalanmagyň döwlet maksatnamasy
1. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň döwlet maksatnamasy ygtyýarly edara tarapyndan bäş ýyllyk döwür üçin işlenip taýýarlanylýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
2. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň döwlet maksatnamasy şulary öz içine almalydyr:
1) maksatnamanyň maksadyny we wezipelerini, olary durmuşa geçirmegiň usullaryny;
2) tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrmany;
3) onuň ylmy taýdan üpjünçiligi barada maglumatlary (zerur bolan ýagdaýynda);
4) energiýadan netijeli peýdalanmagyň we onuň ýerine ýetirilmeginiň mümkin bolan netijeleriniň ykdysady görkezijilerde beýan edilýän baha bermesini;
5) maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginden garaşylýan netijeleri.
20-nji madda. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň gysga möhletleýin maksatnamalary
1. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň gysga möhletleýin maksatnamalary bir ýyl möhlet üçin işlenip taýýarlanylýar.
2. Döwlet edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin her ýylda ygtyýarly edara bilen ylalaşylmagy boýunça energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň gysga möhletleýin pudaklaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar.
3. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň gysga möhletleýin pudaklaýyn maksatnamalary şulary öz içine almalydyr:
1) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda görkezijileri;
2) energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň esasy ugurlaryny;
3) garaşylýan netijelerini we ykdysady taýdan netijeliligini, şol sanda şertli ýyllyk tygşytlylygyny görkezmek bilen, energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleriň sanawyny;
4) meýilleşdirilýän çykdajylar we maliýeleşdirmegiň çeşmeleri barada maglumatlary.
21-nji madda. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan
netijeli peýdalanmagyň uzak möhletleýin
maksatnamalary
1. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň uzak möhletleýin maksatnamalary bäş ýyl möhlet üçin işlenip taýýarlanylýar.
2. Döwlet häkimiýet edaralary, gaýry döwlet edaralary öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň Döwlet maksatnamasynyň ýerine ýetirilmegi üçin her bäş ýylda ygtyýarly edara bilen ylalaşylmagy boýunça energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň uzak möhletleýin pudaklaýyn maksatnamalaryny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar.
3. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň uzak möhletleýin pudaklaýyn maksatnamalary şulary öz içine almalydyr:
1) maksadyny we wezipelerini;
2) olary durmuşa geçirmegiň ýollaryny we ýerine ýetirilişiniň barşyna gözegçiligi;
3) geçen bäş ýylyň dowamynda ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilişiniň seljermesini;
4) pudagyň ýagdaýynyň we ony ösdürmegiň mümkinçilikleriniň seljermesini;
5) esasy ugurlar boýunça energiýany tygşytlamagyň mümkinçiliklerini we degişli geljekki döwürde ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň çaklamasyny;
6) maksatnamanyň durmuşa geçirilmeginden garaşylýan netijeleri.
22-nji madda. Energiýany tygşytlamagyň we energiýadan
netijeli peýdalanmagyň maksatnamalarynyň
maliýeleşdirilmegi
1. Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri, maksatnamalary ýerine ýetirijileriň öz serişdeleri, bank karzlary, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry serişdeler energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň maksatnamalaryny maliýeleşdirmegiň çeşmeleri bolup bilerler.
2. Ygtyýarly edara Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän, halkara hyzmatdaşlygyň çäklerinde degişli işiň amala aşyrylmagyna we maýa goýumlaryň çekilmegine, maglumat üpjünçiliginiň we energiýany tygşytlamak barada wagyz işleriniň kämilleşdirilmegine, şeýle hem energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak bilen bagly durmuş ugurly möhüm taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen energiýany tygşytlamak babatyndaky esasy çäreleriň sanawyny Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp, her ýylda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine berýär.
3. Şol maksatnamalaryň buýrujylary we ýerine ýetirijileri energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegi üçin bölünip berlen serişdeleriň maksadalaýyk peýdalanylmandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
V BAP. ENERGETIKI BARLAG
23-nji madda. Energetiki barlag we energoaudit
1. Energetiki barlag şular babatynda geçirilip bilner:
1) guramaçylyk-hukuk görnüşine garamazdan, ýangyç-energiýa serişdeleriniň alynmagyny, öndürilmegini, gaýtadan işlenilmegini, saklanylmagyny, daşalmagyny, özgerdilmegini, paýlanylmagyny we sarp edilmegini amala aşyrýan ýuridik şahs;
2) düýpli gurluşlar (binalar, desgalar).
2. Energoaudit aşakdakylara degişlilikde geçirilip bilner:
1) ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň aýry-aýry ugurlaryna;
2) ýangyç-energiýa serişdeleriniň görnüşleriniň birine;
3) ikinji derejeli energiýa serişdelerine;
4) energiýany sarp ediji enjamlaryň aýratyn toparyna;
5) barlag geçirilýän ýuridik şahsyň düzüm bölegine.
24-nji madda. Energetiki barlagyň wezipeleri
Şular energetiki barlagy geçirmegiň esasy wezipeleridir:
1) ýangyç-energiýa serişdelerinden peýdalanmagyň energiýa taýdan netijeliligine baha bermek we energiýany tygşytlamagyň hakyky mümkinçiliklerini kesgitlemek;
2) ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň bähbitli (netijeli) kadalaryna geçmek boýunça esaslandyrylan teklipleri işläp taýýarlamak;
3) ýangyç-energiýa serişdelerini tygşytlamagyň mümkin bolan ugurlaryny kesgitlemek;
4) energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleri işläp taýýarlamak.
25-nji madda. Hökmany we meýletin energetiki barlag
1. Hökmany energetiki barlaga Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna doly ýa-da bölekleýin maliýeleşdirilýän energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleri durmuşa geçirýän ýuridik şahslar degişlidirler.
2. Ýuridik şahsyň hökmany energetiki barlagy ygtyýarly edara tarapyndan bellenen tertipde azyndan bäş ýylda bir gezek geçirilýär.
3. Esasy tehnologik enjamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagynyň, tehnologiýalaryň täzelenilmeginiň, ýokary tehnologiýaly önümçiligiň döredilmeginiň tamamlanan pursadyndan üç ýyldan köp wagt geçmedik ýuridik şahsyň hökmany energetiki barlagy energoaudit görnüşinde geçirilýär.
4. Ýuridik şahsyň (guramanyň) hökmany energetiki barlagy barlag geçirilýän ýuridik şahs (gurama) tarapyndan işlenip düzülen hem-de ygtyýarly edara bilen ylalaşylan energetiki barlagyň geçirilmegi üçin tehniki tabşyrygyň esasynda geçirilýär.
5. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilmedik ýuridik şahslar babatynda energetiki barlag meýletinlik tertibinde geçirilip bilner.
6. Meýletin energetiki barlag energetiki barlagyň geçirilmegi üçin barlag geçirilýän ýuridik şahs tarapyndan işlenip düzülen tehniki tabşyrygyň esasynda geçirilýär.
26-njy madda. Düýpli gurluşlaryň energetiki barlagy
Düýpli gurluşlaryň (binalaryň, desgalaryň) olaryň energiýa taýdan netijeliliginiň toparyny (derejesini) anyklamak maksady bilen geçirilýän energetiki barlagy ygtyýarly edara tarapyndan bellenen tertipde geçirilýär.
27-nji madda. Energetiki barlagy geçirmek boýunça
hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi
Energetiki barlagy geçirmek boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmäge diňe ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenen, energetiki barlaglary geçirmek babatda hünär taýdan taýýarlyk derejesine bildirilýän talaplara laýyk gelýän ýuridik şahs hukuklydyr.
28-nji madda. Energoauditor edaralarynyň
hukuklary we borçlary
1. Energoauditor edaralarynyň şulara hukugy bardyr:
1) olaryň üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirmek üçin zerur maglumatlary, materiallary we resminamalary barlag geçirilýän şahsdan talap etmäge we almaga;
2) energetiki barlag geçirilende gatnaşyklary düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalaryny, şol sanda tehniki resminamalary kämilleşdirmek barada teklipleri girizmäge;
3) energetiki barlagy geçirmäge we onuň netijelerine garamaga beýleki guramalaryň bu ugurdan hünär taýdan taýýarlykly hünärmenlerini bellenilen tertipde çekmäge.
2. Energoauditor edaralary şulara borçludyrlar:
1) energetiki barlagy geçirmegiň energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibini berjaý etmäge;
2) energetiki barlag geçirilende ýol berlen düzgün bozmalary aradan aýyrmak maksady bilen, ygtyýarly edara tarapyndan berlen tabşyryknamalary öz wagtynda ýerine ýetirmäge;
3) her ýarym ýylyň netijeleri boýunça 15-nji iýuldan we 15-nji ýanwardan gijä galman, hasabat döwründe geçirilen ähli energetiki barlaglar boýunça hasabatlaryň göçürme nusgalaryny ygtyýarly edara ibermäge.
29-njy madda. Energetiki barlagyň geçirilmegi üçin
şertnama
1. Energetiki barlagyň geçirilmegi şu Kanunyň we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen baglaşylan degişli şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
2. Energetiki barlagyň geçirilmegi üçin şertnama şulary öz içine almalydyr:
1) energetiki barlagyň geçirilmegi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň möhletleri we nyrhlary baradaky şertleri;
2) energetiki barlagyň netijeleriniň kabul edilmeginiň tertibini;
3) energetiki barlagyň geçirilmegi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän energoauditor edarasy tarapyndan onuň üstüne ýüklenen borçlaryň pes hilli ýerine ýetirilmegi we (ýa-da) öz wagtynda ýerine ýetirilmezligi netijesinde barlag geçirilýän şahsa zyýan ýetirilen ýagdaýynda jogapkärçilik barada şerti;
4) barlag geçirilýän şahs tarapyndan energetiki barlagyň netijeleriniň ýoýulmagyna getiren nädogry maglumatlaryň berlen ýagdaýynda, energetiki barlagyň geçirilmegi boýunça hyzmatlary ýerine ýetirýän energoauditor edarasynyň jogapkärçilikden boşadylmagy barada şerti.
Energetiki barlagyň geçirilmegi üçin şertnama, taraplaryň ylalaşygy boýunça, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry şertleri hem özünde saklap biler.
30-njy madda. Energetiki barlagyň seljerilmegi
Energetiki barlagyň netijeleri boýunça bellenilen tertipde energiýany tygşytlamagyň we energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň esasy ugurlaryna laýyk gelýän we ikinji derejeli energiýa serişdelerinden, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinden, ätiýaçlyk energiýa serişdelerinden peýdalanylmagynyň artmagyna ýardam berýän energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreler işlenip düzülýär, şeýle hem barlag geçirilýän obýektiň energetiki pasporty resmileşdirilýär.
31-nji madda. Energetiki pasport
Energetiki barlagyň netijeleri boýunça düzülen energetiki pasport aşakdakylar hakyndaky maglumatlary öz içine almalydyr:
1) peýdalanylýan ýangyç-energiýa serişdelerini hasaba alyjy abzallar bilen enjamlaşdyrylyşy;
2) peýdalanylýan ýangyç-energiýa serişdeleriniň möçberi;
3) energiýa taýdan netijeliligiň görkezijileri;
4) ýangyç-energiýa serişdeleriniň olary geçirmek üçin tehnologiki sarp edilişiniň derejesi (ýangyç-energiýa serişdeleriniň geçirilmegini amala aşyrýan guramalar üçin);
5) energiýany tygşytlamagyň mümkinçiligi, şol sanda ýangyç-energiýa serişdeleriniň mümkin bolan tygşytlanmasyna hakyky we şertli beýanda baha berilmegi;
6) energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleriň sanawy we olaryň gymmatlyk bahasy.
32-nji madda. Energetiki barlagyň netijeleriniň
peýdalanylmagy
Energetiki barlagyň netijeleri boýunça işlenip düzülen energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreler energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň pudaklaýyn maksatnamalaryna, şeýle hem barlag geçirilýän ýuridik şahslaryň energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatdaky maksatnamalaryna girizilýär.
VI BAP. ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK WE
ENERGIÝADAN NETIJELI PEÝDALANMAK
BABATYNDA DÖWLET GOLDAWY
33-nji madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak babatynda
döwlet goldawynyň ugurlary
Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet goldawy aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylyp bilner:
1) maýa goýum işiniň amala aşyrylmagyna ýardam bermek;
2) energiýa taýdan ýokary netijeliligi bolan önümleri, tehnologiýalary we materiallary işläp taýýarlamakda, öndürmekde we ulanmakda ýardam bermek;
3) energiýa taýdan netijeli köp öýli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda ýardam bermek;
4) energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde goldaw bermek;
5) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda ylmy-derňew işlerini geçirmekde ýardam bermek, şol sanda usuly we kadalaşdyryjy hukuk binýadynyň işlenip taýýarlanylmagyny we kämilleşdirilmegini maliýeleşdirmek.
34-nji madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak babatynda işgärleri
taýýarlamak
1. Hünär-tehniki bilim, orta hünär we ýokary hünär bilimi maksatnamalary energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň esaslarynyň öwrenilmegini öz içine almalydyr.
2. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen, energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary ulanmak we energetiki menejmenti amala aşyrmak babatynda hünärmenleriň taýýarlanylmagy we olaryň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy amala aşyrylmalydyr.
3. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda işi amala aşyrýan işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagy amala aşyrýan okuw merkezleri her ýarym ýylyň jemleri boýunça 15-nji iýuldan we 15-nji ýanwardan gijä galman, hasabat döwründe energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda işi amala aşyrýan işgärleriň taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwlaryny geçendikleri hakynda berlen ähli resminamalaryň, şeýle hem energetiki barlaglary geçirmek üçin okuwy üstünlikli geçendiklerini tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalaryny ygtyýarly edara ibermäge borçludyrlar.
35-nji madda. Energiýanyň tygşytlanylmagyny
we energiýadan peýdalanmagyň
netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny
höweslendirmegiň çäreleri
Energiýanyň tygşytlanylmagyny we energiýadan peýdalanmagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny höweslendirmegiň çäreleri şulary öz içine alyp biler:
1) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatyndaky maksatnamalaryň Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, maksatnamalary ýerine ýetirijileriň öz serişdeleriniň, bank karzlarynyň, Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik gaýry serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilmegini;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýeňillikli bank karzlarynyň berilmegini;
3) tebigy gaz, elektrik we ýylylyk energiýasy üçin wagt döwürlerine (möwsümleýin, gije-gündizlik) ýa-da ýangyç-energiýa serişdelerinden peýdalanmagyň netijeliligini alamatlandyrýan gaýry görkezijilere görä tapawutlandyrylan nyrhlaryň bellenilmegini;
4) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda maýa goýum taslamalary amala aşyrylanda, şeýle hem energiýany tygşytlaýjy gaýry çäreler durmuşa geçirilende Türkmenistanyň çägine getirilýän tehnologiki enjamlar we olaryň ätiýaçlyk şaýlary babatynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýeňillikleriň berilmegini;
5) ätiýaçlyk we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini peýdalanmak bilen, energiýany tygşytlaýjy we energiýa taýdan netijeli binalaryň gurluşygynda eýeçilik edýän subýektleriň, olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine garamazdan, höweslendirilmegini;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, energiýa taýdan netijeli harytlary öndürijilere, energiýany tygşytlamaga we energiýa taýdan netijeliligi ýokarlandyrmaga gönükdirilen işleri we hyzmatlary ýerine ýetirijilere, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslara olar tarapyndan energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreler durmuşa geçirilende salgyt ýeňillikleriniň berilmegini;
7) ikinji derejeli energiýa serişdelerini ulanýan elektrik energiýa çeşmeleriniň (şol sanda kiçi göwrümli energetika desgalarynyň) öndürýän elektrik energiýasynyň şeýle desgalaryň döredilmegini we ulanylmagyny höweslendirýän şertlerde energiýa bilen üpjün ediji kärhanalar tarapyndan satyn alynmagyny;
8) energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreler durmuşa geçirilenden soň harytlaryň (işleriň, hyzmatlaryň) özüne düşýän gymmatynyň azaldylmagy netijesinde ýylyň dowamynda emele gelen serişdeleriň energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreler ornaşdyrylandan öňki ýyl bilen deňeşdireniňde ýangyç we energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň hakyky derejesine laýyklykda tygşytlanylan ýangyç-energiýa serişdeleriniň bahasynyň möçberinde toplanylmagyna we olaryň geljekde energiýany tygşytlamak babatyndaky çäreleri maliýeleşdirmäge gönükdirilmegine hukugyň berilmegini;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, energiýanyň tygşytlanylmagyny we energiýadan peýdalanmagyň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyny höweslendirmegiň gaýry görnüşlerini.
36-njy madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak babatynda
halkara hyzmatdaşlyk
1. Türkmenistan energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgelerine we kadalaryna hem-de Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň düzgünlerine laýyklykda amala aşyrýar.
2. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary şulardyr:
1) daşary ýurt we halkara guramalar bilen energiýany tygşytlaýjy we energiýa taýdan netijeli tehnologiýalar babatynda özara bähbitli alyş-çalyş;
2) Türkmenistanyň energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda halkara taslamalara gatnaşmagy;
3) energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň görkezijilerini halkara standartlaryň talaplaryna tapgyrlaýyn laýyk getirmek;
4) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak boýunça halkara seminarlary, maslahatlary, simpoziumlary we sergileri guramak we olaryň işine gatnaşmak;
5) halkara maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek;
6) energiýa taýdan netijeliligiň görkezijileri böleginde enjamlaryň sertifikatlaşdyrylmagynyň netijeleriniň özara ykrar edilmegi.
37-nji madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli
peýdalanmak babatynda maglumat üpjünçiligi
1. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda maglumat üpjünçiligi şular arkaly amala aşyrylýar:
1) energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet maglumat ulgamynyň döredilmegi;
2) energiýany tygşytlamagyň we energiýadan netijeli peýdalanmagyň döwlet maksatnamalarynyň döwlet edaralary tarapyndan köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilmegi;
3) energiýanyň tygşytlanylmagyny we energiýadan netijeli peýdalanylmagyny köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz etmek;
4) sarp edijileriň düýpli gurluşlaryň energiýa taýdan netijeliliginiň toparlary (derejeleri) barada, şeýle hem düýpli gurluşlaryň we ýangyç-energiýa serişdelerinden peýdalanmak amallary bilen bagly gaýry desgalaryň standartlaşdyrmak babatyndaky kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyklygy barada habardar edilmegi;
5) ýangyç-energiýa serişdelerini sarp edijilere we öndürijilere energiýany tygşytlamagyň we energiýadan peýdalanmagyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri boýunça maglumatlaryň berilmegi;
6) energiýa taýdan netijeli enjamlaryň, tehnologiýalaryň we materiallaryň sergileriniň guralmagy;
7) bäsleşikleriň, çäreleriň, seminarlaryň, maslahatlaryň, forumlaryň geçirilmegi;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, gaýry hereketleriň ýerine ýetirilmegi.
2. Ýangyç-energiýa serişdeleri bilen üpjün etmegi amala aşyrýan guramalar sarp edijilere olary tygşytlamagyň, olardan netijeli peýdalanmagyň usullary barada yzygiderli maglumat bermäge, şol sanda görkezilen maglumatlary köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, kagyz göterijilerinde ýerleşdirmäge we beýleki elýeterli usullar arkaly mälim etmäge borçludyrlar.
VII BAP. ENERGIÝANY TYGŞYTLAMAK WE
ENERGIÝADAN NETIJELI PEÝDALANMAK HAKYNDA
KANUNÇYLYGYŇ TALAPLARYNYŇ BERJAÝ EDILIŞINE
DÖWLET GÖZEGÇILIGI HEM-DE ÝANGYÇ-ENERGIÝA
SERIŞDELERINDEN NETIJESIZ PEÝDALANYLANDA
TÄSIR EDIŞ ÇÄRELERI
38-nji madda. Energiýany tygşytlamak we energiýadan
netijeli peýdalanmak hakynda kanunçylygyň
talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi
1. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet gözegçiligi ýangyç-energiýa serişdelerini gözlemek, almak, işläp taýýarlamak, gaýtadan işlemek, alyş-çalyş etmek, geçirmek, saklamak, hasaba almak we peýdalanmak bilen bagly ähli işleriň geçirilýän döwründe amala aşyrylýar.
3. Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda döwlet gözegçiligi amala aşyrylanda şular hökmanydyr:
1) berilýän maglumatlaryň dogrulygynyň we takyklygynyň üpjün edilmegi;
2) düýpli gurluşlarda (binalarda, desgalarda) ýangyç-energiýa serişdelerinden netijeli peýdalanmak boýunça talaplaryň kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda berjaý edilmegi;
3) ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň kadalarynyň we elektrik torlarynda kuwwatlylyk koeffisiýentiniň kadalyk ululyklarynyň berjaý edilmegi;
4) energetiki barlaglar geçirilende we energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda işi amala aşyrýan işgärleri taýýarlamagy, gaýtadan taýýarlamagy, hünär derejelerini ýokarlandyrmagy amala aşyrýan okuw merkezleriniň işinde bellenen talaplaryň berjaý edilmegi;
5) standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, metrologiýa, ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň kadalaryny bellemek boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplarynyň, şeýle hem energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen gaýry talaplaryň ýerine ýetirilmegi.
39-njy madda. Standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak,
metrologiýa
Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak, metrologiýa boýunça işler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
40-njy mada. Ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp
edilmeginiň kadalaryny bellemek
1. Ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň kadalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny olary ulanmagy göz öňünde tutýan ýuridik şahslar üpjün edýärler.
2. Ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň kadalary häzirki hereket edýän we bähbitli (netijeli) görnüşlerde bolup biler. Ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň häzirki hereket edýän kadalary diýlip, ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň kadalarynyň bir senenama ýylyna çenli möhlet bilen emele getirilýän we haryt öndürilende (işler, hyzmatlar ýerine ýetirilende) ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň azaldylmagyny nazara alýan görkezijileriniň hataryna düşünilýär.
3. Ýangyç-energiýa serişdeleriniň sarp edilmeginiň hereket edýän we bähbitli (netijeli) kadalary barada maglumatlar ýuridik şahsyň energetiki pasportyna hökmany tertipde girizilýär.
41-nji madda. Ýangyç-energiýa serişdeleri netijesiz
peýdalanylanda täsir ediş çäreleri
1. Ýangyç-energiýa serişdeleri netijesiz peýdalanylanda täsir ediş çäreleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenen tertipde ygtyýarly edara tarapyndan ulanylýar.
2. Ýangyç-energiýa serişdeleriniň netijesiz peýdalanylandygy üçin täsir ediş çäreleriniň ulanylmagyna şu aşakdakylar esas bolýar:
1) ýangyç-energiýa serişdeleriniň kadalyk ölçeglerden artyk sarp edilmegi, energiýa taýdan netijesiz enjamlaryň, materiallaryň we tehnologik amallaryň ulanylmagy;
2) hasaba alyjy enjamlaryň ýoklugy ýa-da olaryň bellenen düzgünlere we kadalara laýyk gelmeýändigi.
VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
42-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
43-nji madda. Jedelleri çözmek
Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak babatynda ýüze çykan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
44-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Serdar
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2024-nji ýylyň 30-njy marty.
№ 90-VII.