Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Kazyýet hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2025 ý., № 1, 1-nji madda)
Şu Kanun Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda Türkmenistanda kazyýet häkimiýetini amala aşyrýan kazyýetleriň guramaçylyk-hukuk esaslaryny, kazylary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibini, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklaryny kesgitleýär.
I BÖLÜM. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Kazyýet häkimiýetiniň ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir hem-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar.
Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir.
Adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry gurluşlaryň döredilmegine ýol berilmeýär.
2. Kazyýet häkimiýeti özbaşdakdyr we kanun çykaryjy hem-de ýerine ýetiriji häkimiýetlerden garaşsyz hereket edýär.
3. Kazyýet häkimiýeti jenaýat, raýat, administratiw, arbitraž we beýleki kazyýet önümçilikleri arkaly amala aşyrylýar.
4. Öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda kazylaryň talaplary we buýruklary ähli döwlet edaralary, ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, wezipeli adamlar, beýleki ýuridik we fiziki şahslar üçin hökmanydyr. Kazylaryň talaplarynyň we buýruklarynyň ýerine ýetirilmezligi kanunda bellenen jogapkärçilige eltýär.
5. Kazynyň talaby boýunça adyl kazyýetligi amala aşyrmak üçin zerur bolan maglumatlar, resminamalar we olaryň göçürilen nusgalary muzdsuz berilýär.
2-nji madda. Türkmenistanyň kazyýet hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň kazyýet hakyndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan, şu Kanundan we Türkmenistanda kazyýet önümçiliginiň we kazylaryň hukuk ýagdaýynyň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryndan ybaratdyr.
3-nji madda. Kazyýetleriň wezipeleri
1. Kazyýet adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goraýar.
2. Kazyýetiň ähli işi kanunylygy we adalatlylygy üpjün etmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň goralmagyna, hukuk düzgüniniň bozulmalaryna elten sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagyna gönükdirilendir.
4-nji madda. Kazylaryň garaşsyzlygy
1. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe Konstitusiýa we kanuna tabyndyrlar we özleriniň kanuna esaslanýan içki ynam-ygtykadyna gollanýarlar.
Adyl kazyýetlik amala aşyrylanda kazylar hiç kime hasabat beriji däldirler.
2. Kazy sereden ýa-da önümçiliginde bar bolan iş boýunça hiç kime düşündiriş bermäge borçly däldir.
Kazylaryň garaşsyzlygyny üpjün etmek üçin maslahat otagynyň gizlinligi islendik ýagdaýlarda saklanmalydyr.
3. Kazylaryň işine hiç kimiň gatyşmagyna ýol berilmeýär we oňa gatyşylmagy, şeýle hem kazyýete ýa-da kaza hormat goýulmazlygy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
4. Kazylaryň garaşsyzlygy we eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýär.
5-nji madda. Hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň
öňündе deňligi
1. Türkmenistanda adyl kazyýetlik taraplaryň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň deňligi esasynda, şeýle hem milletine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna ýa-da gaýry ýagdaýlara garamazdan hemmeleriň kanunyň we kazyýetiň öňünde deňligi esasynda amala aşyrylýar.
2. Taraplaryň Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň kazyýetleriniň çözgütlerine, hökümlerine we gaýry kararlaryna şikaýat etmäge hukugy bardyr.
6-njy madda. Raýatlaryň kazyýet tertibinde
goranmaga bolan hukugy
1. Türkmenistanyň raýatlarynyň öz at-abraýyna we mertebesine, şeýle hem Konstitusiýada hem-de kanunlarda göz öňünde tutulan hukuklaryna we azatlyklaryna hyýanat edilmeginden kazyýet goragyna hem-de döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň çözgütlerine we hereketlerine (hereketsizligine) kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr.
2. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar Türkmenistanyň kanunlaryna hem-de halkara şertnamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly deň derejede kazyýet tertibinde goranmaga bolan hukukdan peýdalanýarlar.
7-nji madda. Adyl kazyýetligiň kanuna takyk
laýyklykda amala aşyrylmagy
Türkmenistanda adyl kazyýetlik Türkmenistanyň kanunlaryna takyk laýyklykda amala aşyrylýar. Türkmenistanyň kazyýetleri kanunda bellenilen halatlarda beýleki döwletleriň kanunlaryny hem ulanyp bilerler.
8-nji madda. Işlere kollegial we ýekelikde seredilmegi
Kanunda işlere kazynyň ýekelikde seretmegine rugsat berilýän ýagdaýlardan başga halatlarda, işlere ähli kazyýetler tarapyndan we ähli basgançakdaky kazyýetlerde kollegial seredilýär.
9-njy madda. Kazyýet önümçiliginiň alnyp barylýan dili
1. Kazyýet önümçiligi we iş dolandyryşy Türkmenistanyň ähli kazyýetlerinde döwlet dilinde alnyp barylýar.
2. Işe gatnaşýan we kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän adamlara terjimeçiniň kömegi arkaly işiň materiallary bilen tanyşmaga, iş ýörediş hereketlerine gatnaşmaga, şeýle hem kazyýet mejlisinde ene dilinde ýa-da islendik saýlan dilinde çykyş etmäge we haýyş bildirmäge, düşündiriş bermäge, şeýle-de şikaýat etmäge, kazyýet resminamalaryny almaga hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde terjimeçiniň hyzmatyndan peýdalanmaga bolan hukugy üpjün edilýär.
10-njy madda. Kazyýetleriň işindäki aýanlyk
1. Ähli kazyýetlerde işler açyk seljerilýär.
Türkmenistanyň raýatlarynyň adyl kazyýetlik amala aşyrylanda gatnaşmaga hukugy bardyr.
2. Işleriň kazyýetiň ýapyk mejlisinde seljerilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda, kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek bilen ýol berilýär. Kazyýetiň kabul eden çözgüdi ähli halatlarda aç-açanlykda yglan edilýär.
11-nji madda. Günäsizlik prezumpsiýasy
1. Her bir adamyň jenaýat etmekde günäliligi kanun esasynda subut edilýänçä we kazyýetiň kanuny güýje giren hökümi bilen anyklanýança, ol günäsiz hasap edilýär.
2. Hiç kim özüniň günäsizligini subut etmäge borçly däldir.
3. Günäliligi barada dörän, aradan aýryp bolmajak şübheler aýyplanýanyň peýdasyna çözülýär.
12-nji madda. Kazyýetde goralmaga we ýuridik kömegi
almaga bolan hukugyň üpjün edilmegi
1. Güman edilýäniň, aýyplanýanyň, kazyýetde işi seredilýäniň, iş kesileniň we aklananyň özüni goramaga hukugy bardyr.
2. Kazyýetler tarapyndan işlerе seredilende fiziki we ýuridik şahslara ýuridik kömegi adwokatlar, şeýle hem beýleki şahslar berýärler.
3. Ýuridik kömegi bermegiň tertibi, kazyýet önümçiligine gatnaşýan wekilleriň we adwokatlaryň hukuklary we borçlary Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.
13-nji madda. Kazyýet kararlarynyň hökmanylygy
Türkmenistanyň kazyýetleriniň kanuny güýje giren kararlary (çözgütleri, hökümleri we gaýry kararlary) Türkmenistanyň çäginde ýerine ýetirilmegi üçin hökmanydyr.
14-nji madda. Kazyýetde işlere seredilende prokuroryň
gatnaşmagy
Türkmenistanyň Baş prokurory we onuň tabynlygyndaky prokurorlar kazyýetlerde işleriň seredilmegine kanunda bellenen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýarlar.
II BÖLÜM. KAZYÝET ULGAMY
I BAP. TÜRKMENISTANYŇ KAZYÝETLERI
15-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleri
Türkmenistanda kazyýet ulgamy şulardan ybaratdyr:
1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti;
2) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti;
3) welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri;
4) etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri.
16-njy madda. Kazyýetleriň döredilmegi we ýatyrylmagy
1. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmek arkaly ýatyrylyp bilner.
2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti, welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri, şeýle hem etrap kazyýetleri we etrap hukukly şäher kazyýetleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döredilýär we ýatyrylýar.
3. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylarynyň we kazyýet işgärleriniň umumy sany, şeýle-de Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazylarynyň sany Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.
Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň we maşgala işleri boýunça kazylarynyň sany, şeýle-de her bir kazyýetdäki kazyýet işgärleriniň sany Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenilýän kazylaryň we kazyýet işgärleriniň umumy sanynyň çäginde iş ýüküniň ýagdaýyndan ugur alnyp, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň buýrugy bilen tassyklanylýar.
4. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlarynyň sany şu möçberde kesgitlenilýär:
1) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň her bir kazysy üçin 30 kazyýet oturdaşy;
2) welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň her bir kazysy üçin 20 kazyýet oturdaşy;
3) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň her bir kazysy üçin 5 kazyýet oturdaşy.
5. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti etrapda, etrap hukukly şäherde döredilýär.
6. Welaýat kazyýeti, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri degişlilikde welaýatda, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherlerde döredilýär.
II BAP. ETRAP KAZYÝETLERI WE ETRAP HUKUKLY
ŞÄHER KAZYÝETLERI
17-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly
şäher kazyýetiniň düzümi
1. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti kazyýetiň başlygyndan, kazylardan, şol sanda maşgala işleri boýunça kazylardan we kazyýet oturdaşlaryndan ybaratdyr.
2. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň düzüminde bäşden köp kazy bolsa, onda şol kazyýetleriň düzümine kazyýetiň başlygynyň orunbasarynyň wezipeleri girizilip bilner.
18-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly
şäher kazyýetiniň ygtyýarlyklary
1. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti birinji basgançakly kazyýetdir. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti, kanun tarapyndan beýleki kazyýetleriň ygtyýarlygyna degişli edilen işlerden başga ähli jenaýat, raýat, administratiw we beýleki işlere seredýär.
2. Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlarda etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazylary, şol sanda maşgala işleri boýunça kazylar olaryň ygtyýarlyklaryna degişli edilen işlere seredýärler.
3. Etrap kazyýeti we etrap hukukly şäher kazyýeti kazyýet iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar, şeýle hem Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
19-njy madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly
şäher kazyýetiniň başlygy
1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:
1) kazyýet mejlislerinde başlyklyk edýär, kazyýet mejlislerinde kazylary başlyklyk edijiler hökmünde belleýär, kazylaryň arasynda beýleki borçlary paýlaýar;
2) kazyýet oturdaşlary bilen işi guraýar;
3) şahsy kabul edişligi alyp barýar, raýatlary kabul etmek hem-de ýüz tutmalara seretmek boýunça kazyýetiň işini guraýar;
4) kazyýetiň iş tejribesiniň öwrenilmegine we umumylaşdyrylmagyna we kazyýet statistikasynyň ýöredilmegine ýolbaşçylyk edýär;
5) döwlet edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine we wezipeli adamlara, şeýle hem kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýolbaşçylaryna kanun we hukuk bozulmalarynyň edilmegine elten sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagy hakynda teklipnamalary girizýär;
6) kazynyň, şol sanda maşgala işleri boýunça kazynyň işini guraýar;
7) kazyýetiň diwanynyň işini guraýar;
8) kazyýet işgärleriniň kwalifikasiýasyny, şeýle hem kazyýet oturdaşlarynyň hukuk bilimleriniň derejesini ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;
9) kazyýet ýerine ýetirijileriniň işine, şeýle hem kazyýetiň we beýleki edaralaryň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly işe gözegçilik edýär;
10) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
2. Eger etrap kazyýetine ýa-da etrap hukukly şäher kazyýetine bir kazy bellenen bolsa, ol kazynyň ygtyýarlyklary bilen birlikde etrap kazyýetiniň ýa-da etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň ygtyýarlyklaryny hem amala aşyrýar.
20-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly
şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary
1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:
1) kazyýet mejlislerine başlyklyk edýär;
2) başlygyň tabşyrmagy boýunça kazyýet oturdaşlary bilen işi guraýar;
3) raýatlaryň şahsy kabul edişligini alyp barýar;
4) kazynyň, şol sanda maşgala işleri boýunça kazynyň işine kömek berýär;
5) kazyýet ýerine ýetirijileriniň işi, şeýle hem kazyýetiň we beýleki edaralaryň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegi bilen baglanyşykly işi guraýar;
6) borçlaryň paýlanylyşyna laýyklykda kazyýetiň işiniň belli bir bölegine ýolbaşçylygy amala aşyrýar;
2. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygynyň orunbasary kazyýetiň başlygynyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýär.
21-nji madda. Etrap kazyýetinde we etrap hukukly şäher
kazyýetinde kazyýetiň başlygynyň we onuň
orunbasarynyň ýa-da kazynyň wezipeleriniň
wagtlaýyn ýerine ýetirilmegi
1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy bolmadyk ýa-da öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda, başlygyň borçlaryny onuň orunbasary ýerine ýetirýär, başlygynyň orunbasary bolmadyk ýa-da öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik halatynda bolsa, onuň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek degişlilikde welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan şol kazyýetleriň ýa-da etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazylarynyň ýa-da maşgala işleri boýunça kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.
2. Kazyýetleriň işiniň talaba laýyk guralyşyny üpjün etmek maksady bilen, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklary etrap kazyýetinde we etrap hukukly şäher kazyýetinde kazy bolmadyk halatlarynda, şol kazyýetiň işlerine seretmegi beýleki deň derejeli kazyýetiň kazysynyň ýa-da maşgala işleri boýunça kazysynyň üstüne wagtlaýyn ýüklemäge haklydyr.
22-nji madda. Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşi
1. Etrap kazyýetinde we etrap hukukly şäher kazyýetinde kazyýet oturdaşlarynyň geňeşi döredilýär.
2. Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşiniň işiniň guralyş tertibi we wezipeleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanýan Kazyýet oturdaşlarynyň geňeşi hakyndaky Düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
III BAP. WELAÝAT KAZYÝETI, WELAÝAT HUKUKLY
WE DÖWLET ÄHMIÝETLI ŞÄHER KAZYÝETLERI
23-nji madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we
döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň düzümi
Welaýat kazyýeti, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri başlykdan, başlygyň orunbasarlaryndan, kazylardan we kazyýet oturdaşlaryndan ybaratdyr we Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan tertipde işlere kazynyň ýekelikde seredýän ýagdaýyndan başga halatlarda, şu aşakdaky düzümde hereket edýärler:
1) kazyýetiň Prezidiumy;
2) raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;
3) arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy (Aşgabat şäher kazyýetinden başgasy);
4) administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;
5) jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;
6) maşgala işleri boýunça kazyýet kollegiýasy.
24-nji madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we
döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň
ygtyýarlyklary
Welaýat kazyýeti, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde, şeýle hem täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;
2) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet işine gözegçiligi amala aşyrýar, kazyýet iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet statistikasyny seljerýär;
3) kazy wezipesine dalaşgärleri seçip almaga we olary taýýarlamaga, öz kazyýetiniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň işgärleriniň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmaga gatnaşýar;
4) raýatlaryň ýüz tutmalaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işi, şeýle hem kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;
5) kazyýet statistikasyny ýöredýär, etrap kazyýetlerinde we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde ony ýöretmek boýunça işi guraýar;
6) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
25-nji madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we
döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň
Prezidiumy
1. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Prezidiumy başlykdan, başlygyň orunbasarlaryndan we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän sandaky kazylardan ybarat düzümde döredilýär.
2. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary degişli welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Prezidiumynyň düzümine wezipeleri boýunça girýärler.
3. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Prezidiumyna girýän kazylaryň düzümi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
4. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Prezidiumynda kazyýet işleri seljerilende welaýat prokurory, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher prokurorlary kanunda bellenen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýarlar.
26-njy madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we
döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň
Prezidiumynyň ygtyýarlyklary
Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Prezidiumy:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;
2) kazyýetiň başlygynyň teklipnamasy boýunça kazylaryň hataryndan kazyýet kollegiýalarynyň düzümlerini tassyklaýar;
3) kazyýet iş tejribesini öwrenmegiň we umumylaşdyrmagyň hem-de kazyýet statistikasynyň seljermesiniň materiallaryna seredýär;
4) kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarynyň kollegiýalaryň işi hakyndaky hasabatlaryny diňleýär;
5) etrap kazyýetlerine we etrap hukukly şäher kazyýetlerine Türkmenistanyň kanunçylygyny dogry ulanmakda kömek berýär;
6) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
27-nji madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly
we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň
Prezidiumynyň iş tertibi
1. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Prezidiumynyň mejlisleri zerurlygyna görä geçirilýär.
2. Prezidiumyň kararlary Prezidiumyň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen açyk ses bermek arkaly kabul edilýär we olara başlyklyk ediji tarapyndan gol çekilýär.
28-nji madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly
we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň
kazyýet kollegiýalary
1. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazyýet kollegiýalarynyň düzümleri degişli kazyýetiň kazylarynyň hataryndan welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Prezidiumy tarapyndan tassyklanylýar. Kazyýet kollegiýalaryna kazyýetiň başlygynyň orunbasarlary ýolbaşçylyk edýärler.
2. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlygy zerur bolan halatlarda bir kollegiýanyň kazylaryny beýleki kollegiýanyň düzüminde işlere seretmek üçin çekmäge haklydyr.
29-njy madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly
we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň
kazyýet kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary
1. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy, administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy we maşgala işleri boýunça kazyýet kollegiýasy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, degişlilikde birinji basgançakly kazyýet hökmünde we nägilelik tertibinde işlere seredýärler, şol kazyýetleriň arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy işlere birinji basgançakly kazyýet hökmünde seredýär.
2. Kazyýet kollegiýalary kazyýet iş tejribesini öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny seljerýärler we Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
30-njy madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we
döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlygy
Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlygy kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:
1) kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýär;
2) kanunda göz öňünde tutulan tertipde işlere ýekelikde seredýär hem-de kazyýet kararlary boýunça gözegçilik ygtyýarlyklaryny amala aşyrýar;
3) kanunda göz öňünde tutulan halatlarda we tertipde raýat işleri boýunça çözgütleriň we kesgitnamalaryň ýerine ýetirilmegini togtadýar;
4) kazyýet kollegiýalarynyň we kazyýetiň diwanynyň işiniň guralyşyna ýolbaşçylyk edýär;
5) kazyýetiň Prezidiumyny çagyrýar we onuň mejlislerinde başlyklyk edýär;
6) başlygyň orunbasarlarynyň arasynda wezipe borçlaryny paýlaýar;
7) kazylaryň we kazyýetiň diwanynyň işgärleriniň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;
8) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny ýöretmek we seljermek boýunça işi guraýar;
9) kärhananyň, edaranyň, guramanyň wezipeli adamlaryna kanun we hukuk bozulmalaryna elten sebäpleriň we şertleriň aradan aýrylmagy hakynda teklipnamalary girizýär;
10) şahsy kabul edişligi amala aşyrýar we kazyýetiň raýatlary kabul etmek we ýüz tutmalara seretmek boýunça işini guraýar;
11) kazyýet ýerine ýetirijileriniň işini guraýar;
12) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
31-nji madda. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly
we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň
başlygynyň orunbasarlary – kazyýet
kollegiýalarynyň başlyklary
Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlygynyň orunbasarlary kazyýetiň kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarydyr we şol bir wagtyň özünde kazydyrlar we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen bir hatarda:
1) kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde işlere seretmek üçin kazyýetiň düzümlerini döredýärler;
2) özleriniň ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler ýa-da onuň üçin kazylary belleýärler;
3) kanunda göz öňünde tutulan tertipde ýekelikde işlere seredýärler;
4) degişli kazyýet kollegiýalarynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;
5) borçlaryň bölünmegine laýyklykda, kazyýetiň diwanynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýarlar;
6) kazyýetiň Prezidiumyna kazyýet kollegiýalarynyň işi hakyndaky hasabatlary berýärler;
7) raýatlaryň şahsy kabul edişligini amala aşyrýarlar;
8) etrap kazyýetlerinden we etrap hukukly şäher kazyýetlerinden kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin kazyýet işlerini talap etmäge haklydyrlar;
9) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
32-nji madda. Welaýat kazyýetinde, welaýat hukukly
we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetlerinde
kazyýetiň başlygynyň we orunbasarynyň
ýa-da kazynyň wezipeleriniň wagtlaýyn
ýerine ýetirilmegi
1. Welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň başlygy bolmadyk halatynda, başlygyň borçlaryny onuň orunbasary ýerine ýetirýär, başlygynyň orunbasary bolmadyk halatynda bolsa, onuň borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň kazylarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär.
2. Kazyýetleriň işiniň talaba laýyk guralyşyny üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy welaýat kazyýetinde, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetinde kazy bolmadyk halatlarynda, şol kazyýetiň işlerine seretmegi beýleki deň derejeli kazyýetiň kazysynyň üstüne wagtlaýyn ýüklemäge haklydyr.
IV BAP. TÜRKMENISTANYŇ ARBITRAŽ KAZYÝETI
33-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti
1. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti kanuna laýyklykda onuň seretmegine degişli edilen, ykdysady we administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedeller boýunça kazyýet edarasy bolup durýar.
2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti kanuna laýyklykda işlere birinji basgançakly kazyýet hökmünde seredýär.
34-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň
düzümi
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti başlykdan we kazylardan ybaratdyr.
35-nji madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň
ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýeti:
1) ykdysady we administratiw hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan jedellere seredýär;
2) ýuridik şahslaryň we hususy telekeçileriň batyp galmagy hakyndaky işlere seredýär;
3) telekeçiligiň we gaýry ykdysady işiň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlaryň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ulanylyş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar;
4) telekeçiligiň we gaýry ykdysady işiň çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzýär;
5) raýatlaryň ýüz tutmalaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işi, şeýle hem kazyýet çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini guraýar;
6) arbitraž işleri boýunça kazyýet statistikasyny ýöredýär we seljerýär;
7) öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözýär;
8) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
36-njy madda. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy
Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:
1) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň işini guraýar;
2) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanyna ýolbaşçylyk edýär;
3) kazylaryň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanynyň işgärleriniň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmak boýunça işi guraýar;
4) arbitraž iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak, arbitraž işleriniň statistikasyny ýöretmek we seljermek boýunça işi guraýar;
5) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetine döwlet, jemgyýetçilik we beýleki edaralar bilen gatnaşyklarda wekilçilik edýär;
6) kazyýet ýerine ýetirijisiniň işini guraýar;
7) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
V BAP. TÜRKMENISTANYŇ ÝOKARY KAZYÝETI
37-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti ýokary kazyýet edarasydyr.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde jenaýat, raýat, administratiw, arbitraž, maşgala we beýleki işlere seredilmegine kazyýet gözegçiligini we Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
38-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň düzümi
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti Başlykdan, Başlygyň orunbasarlaryndan, kazylardan, kazyýet oturdaşlaryndan ybaratdyr we Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan tertipde işlere kazynyň ýekelikde seredýän ýagdaýlardan beýleki halatlarda, şu aşakdaky düzümde hereket edýär:
1) Ýokary kazyýetiň Plenumy;
2) Ýokary kazyýetiň Prezidiumy;
3) raýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;
4) arbitraž işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;
5) administratiw işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;
6) jenaýat işleri boýunça kazyýet kollegiýasy;
7) maşgala işleri boýunça kazyýet kollegiýasy.
39-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň
ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde, şeýle hem täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýär;
2) kazyýet iş tejribesini öwrenýär we umumylaşdyrýar, kazyýet statistikasyny ýöretmek we kazyýet çözgütlerini ýerine ýetirmek boýunça işi guraýar, statistika maglumatlaryny seljerýär we umumylaşdyrýar, kazyýetlere kazyýet işlerine seredilende ýüze çykýan Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleri berýär;
3) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ugrukdyryjy düşündirişleriniň kazyýetler tarapyndan ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär;
4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara şertnamalaryndan gelip çykýan meseleleri çözýär;
5) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna girizmek üçin kazyýetleriň guralyşynyň meseleleri boýunça teklipleri işläp düzýär;
6) kazy wezipesine dalaşgärleri seçip almagy we taýýarlamagy guraýar, kazyýetleriň işgärleriniň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrýar;
7) kazyýetleriň maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi we olaryň işlemegi üçin zerur şertleriň döredilmegi boýunça işi guraýar;
8) merkezleşdirilen maglumatlaryň awtomatlaşdyrylan maglumatlar ulgamyny (goruny) döredýär we onuň işlemegini üpjün edýär, maglumat tehnologiýalaryny we olary üpjün etmegiň serişdelerini işläp taýýarlamagy amala aşyrýar;
9) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, kazyýet edaralarynyň işi bilen bagly arhiw resminamalaryny, şol sanda elektron resminamalary toplamak, saklamak, hasaba almak, ulanmak, ýok etmek boýunça işi amala aşyrýar;
10) raýatlaryň ýüz tutmalaryna seretmek we olary kazyýetlerde kabul etmek boýunça işe gözegçilik edýär;
11) kazylaryň garaşsyzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreleri işläp düzýär we amala aşyrýar;
12) kazyýetleriň işini guramaçylyk taýdan üpjün edýär;
13) kazylaryň we kazyýet işgärleriniň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek boýunça, şol sanda ýaşaýyş jaý şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we durmuş taýdan hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça çäreleri kabul edýär;
14) garamagynda hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalary döredýär, kömekçi hojalygy üçin bölünip berlen ýerlerde hojalyk işleriniň amala aşyrylmagy netijesinde alnan girdejileri bellenen tertipde peýdalanýar;
15) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
40-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyndan, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryndan ybarat düzümde hereket edýär.
2. Türkmenistanyň Baş prokurory Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň mejlislerine kanunda bellenilen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýar.
3. Plenumyň kazyýet işlerine seretmek bilen baglanyşygy bolmadyk mejlislerine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň çagyrmagy boýunça Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylary, Adalatçy, ministrlikleriň we beýleki döwlet edaralarynyň, ylmy edaralaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri gatnaşyp biler.
41-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň
Plenumynyň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça, onuň düzüminiň azyndan üçden iki böleginiň gatnaşmagynda, kanunda göz öňünde tutulan tertipde işlere seredýär;
2) kazyýet iş tejribesini umumylaşdyrmagyň materiallaryna we kazyýet statistikasyna, şeýle hem Türkmenistanyň Baş prokurorynyň teklipnamalaryna, kazylaryň maslahatlarynyň tekliplerine seredýär we kazyýetlere Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak boýunça ugrukdyryjy düşündirişleri berýär, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak boýunça kazyýet iş tejribesi hakyndaky habarlaryny diňleýär;
3) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryndan kazyýet kollegiýalarynyň düzümini we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň kätibini tassyklaýar;
4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň ýanyndaky ylmy-maslahat geňeşiniň düzümini tassyklaýar;
5) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyny, onuň başlygyny we başlygynyň orunbasaryny saýlaýar;
6) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň işi hakyndaky habarlary diňleýär;
7) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň başlyklarynyň öz işi hakyndaky hasabatlaryny diňleýär;
8) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ugrukdyryjy düşündirişleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi hakyndaky teklipnamalaryna seredýär;
9) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul eden edara ýa-da wezipeli adama degişli nama ýa-da onuň aýry-aýry düzgünlerine resmi düşündiriş bermegiň maksadalaýyklygy hakynda teklip girizýär;
10) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
42-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy
tarapyndan kazyýet işleriniň çözülmegi bilen
baglanyşykly bolmadyk meselelere seredilmegi
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy ýa-da Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan şu Kanuna laýyklykda Plenumyň garamagyna girizilen kazyýet işleriniň çözülmegi bilen baglanyşykly bolmadyk meseleler degişlilikde olaryň maglumatlary ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen adamlaryň maglumatlary boýunça diňlenilýär. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Plenumyň garamagyna girizilen meseleler boýunça Türkmenistanyň Baş prokurory netijenama berýär. Bu meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň mejlisine çagyrylan adamlar hem gatnaşyp biler.
2. Plenum ugrukdyryjy düşündirişleri özünde jemleýän Kararyň taslamasyny taýýarlamak üçin zerur bolan halatlarda Plenumyň agzalarynyň we çagyrylan adamlaryň hataryndan redaksion kollegiýany döredýär.
3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ugrukdyryjy düşündirişleri kazyýetler, şeýle-de düşündiriş berlen kanuny ulanýan beýleki edaralar we wezipeli adamlar üçin hökmanydyr.
43-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň
Plenumynyň işleýiş tertibi
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy zerurlygyna görä çagyrylýar. Plenumyň agzalaryna, Türkmenistanyň Baş prokuroryna mejlise azyndan on bäş gün galanda onuň çagyrylýan wagty we garamagyna girizilýän meseleler hakynda habar berilýär.
2. Plenumyň kararlarynyň taslamalary we kazyýet işleri boýunça garşylyknamalaryň ýa-da netijenamalaryň göçürilen nusgalary Plenumyň agzalaryna, Türkmenistanyň Baş prokuroryna mejlise azyndan on gün galanda iberilýär.
3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň kararlary Plenumyň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen açyk ses bermek arkaly kabul edilýär.
4. Plenumyň kararlaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we Plenumyň kätibi tarapyndan gol çekilýär.
5. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň kätibi Plenumyň mejlislerini taýýarlamak boýunça işi ýerine ýetirýär, teswirnamanyň ýöredilmegini üpjün edýär we Plenum tarapyndan kabul edilen kararlaryň ýerine ýetirilmegi üçin zerur bolan hereketleri amala aşyrýar.
44-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň
Prezidiumy
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyndan, onuň orunbasarlaryndan hem-de Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenen sandaky kazylardan ybarat düzümde döredilýär.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyna wezipeleri boýunça girýärler.
3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyna girýän kazylaryň düzümi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlislerinde kazyýet işlerine seredilende Türkmenistanyň Baş prokurory ýa-da onuň orunbasary kanunda bellenilen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýarlar.
5. Prezidiumyň kararlary Prezidiumyň ses bermäge gatnaşýan agzalarynyň sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär we başlyklyk ediji tarapyndan gol çekilýär.
45-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň
Prezidiumynyň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň hökümlerine, çözgütlerine, kesgitnamalaryna we kararlaryna berlen nägilelik şikaýatlaryna we teklipnamalara seredýär;
2) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça jenaýat, administratiw, raýat , arbitraž we maşgala işlerine seredýär;
3) kazyýet iş tejribesini öwrenmegiň we umumylaşdyrmagyň, kazyýet statistikasyny seljermegiň materiallaryna seredýär;
4) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň we diwanynyň işiniň guramaçylyk meselelerine seredýär;
5) kazyýetleriň işiniň guramaçylyk taýdan üpjünçiliginiň meselelerine seredýär;
6) aşaky kazyýetlere Türkmenistanyň kanunçylygyny dogry ulanmaklarynda kömek bermek hakyndaky meselelere seredýär we olary çözýär;
7) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
46-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň
kazyýet kollegiýalary
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary tassyklanylýar. Kazyýet kollegiýalaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary tarapyndan ýolbaşçylyk edilýär.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde birinji basgançakly kazyýet hökmünde, nägilelik tertibinde, gözegçilik tertibinde we täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça işlere seredýärler.
3. Kazyýet kollegiýalary kazyýet iş tejribesini öwrenýärler we umumylaşdyrýarlar, kazyýet statistikasyny seljerýärler hem-de Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy zerur bolan halatlarda bir kazyýet kollegiýasynyň kazylaryny beýleki bir kazyýet kollegiýasynyň düzüminde işlere seretmek üçin çekmäge haklydyr.
47-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň
kazyýet kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalary:
1) degişlilikde birinji basgançakly kazyýet hökmünde raýat, maşgala, arbitraž we jenaýat işlerine seredýärler;
2) degişlilikde nägilelik şikaýatlar, teklipnamalar, garşylyknamalar we hususy şikaýatlar boýunça raýat, maşgala, arbitraž, jenaýat işlerine nägilelik tertibinde, ýokary nägilelik şikaýatlary boýunça administratiw işlerine ýokary nägilelik tertibinde seredýärler;
3) gözegçilik tertibinde şikaýatlar we teklipnamalar boýunça raýat, maşgala işlerine, garşylyknamalar boýunça bolsa arbitraž, jenaýat we administratiw hukuk bozulma barada işlerine seredýärler;
4) täze ýüze çykan ýagdaýlara görä, birinji basgançak boýunça öz çykaran çözgütlerine täzeden seretmek hakyndaky işe gatnaşan adamlaryň arzalaryna seredýärler;
5) welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri tarapyndan çykarylan hökümler barada täze ýüze çykan ýagdaýlar boýunça prokuroryň netijenamalary, teklipnamalary esasynda jenaýat işlerine seredýärler;
6) kazyýetleriň Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, beýleki döwletleriň kazyýetleriniň aýry-aýry iş ýörediş hereketlerini amala aşyrmak hakyndaky tabşyryklaryny ýerine ýetirenlerinde beýleki döwletleriň iş ýörediş kanunçylygyny ulanmak mümkinçiligi hakyndaky meseläni çözýärler;
7) kanunda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler.
48-nji madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy kazydyr we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:
1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we aşaky kazyýetleriň işini guraýar we oňa ýolbaşçylyk edýär;
2) kanunda bellenen tertipde işlere seredýär ýa-da işleriň seredilmegine gatnaşýar, kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna degişlilikde garşylyknamalar we teklipnamalar getirýär;
3) kanunda bellenen halatlarda we tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütleriň, hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyr;
4) Türkmenistanyň Prezidentine kazyýetleriň işini guramagyň meseleleri boýunça teklipleri girizýär;
5) Türkmenistanyň Prezidentine Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä bellemek we wezipeden boşatmak barada teklipnama girizýär;
6) kazy wezipesine dalaşgärleri seçip almagy we taýýarlamagy guraýar, kazyýetleriň işgärleriniň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmagy amala aşyrýar;
7) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak, kazyýet statistikasyny seljermek boýunça işi guraýar;
8) döwlet edaralaryna, guramalara, kärhanalara, jemgyýetçilik birleşiklerine we wezipeli adamlara kanun we hukuk bozulmalarynа getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipleri girizýär;
9) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumyny çagyrýar we Plenumyň garamagyna onuň çözmegini talap edýän meseleleri girizýär, Plenumyň mejlislerinde başlyklyk edýär, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ugrukdyryjy düşündirişleriniň ulanylmagyna gözegçilik etmek boýunça işi guraýar;
10) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumyny çagyrýar we Prezidiumyň garamagyna onuň çözmegini talap edýän meseleleri girizýär, Prezidiumyň mejlislerinde başlyklyk edýär;
11) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edip biler;
12) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kanun çykaryjylyk başlangyjy esasynda Türkmenistanyň Mejlisine kanunlaryň taslamalaryny hödürleýär;
13) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumyna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň ugrukdyryjy düşündirişleriniň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyk gelmeýändigi hakynda teklipnamalary girizýär;
14) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň arasynda borçlary bölýär;
15) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet kollegiýalarynyň, kazyýet ýerine ýetirijileriniň we diwanynyň işiniň guralyşyna ýolbaşçylyk edýär;
16) welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlygy we onuň orunbasary bolmadyk halatynda, kazyýetiň başlygynyň hukuklaryny we borçlaryny ýerine ýetirmegi welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazylarynyň biriniň üstüne ýükläp biler;
17) aşaky kazyýetleriň iş ýüklerini kadalaşdyrmak arkaly işleriň öz wagtynda we kanunalaýyk seredilmegini üpjün etmek maksady bilen, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň üstüne deň derejeli kazyýetlerde işlere we materiallara seretmeklik borjuny ýükläp biler;
18) şahsy kabul edişligi amala aşyrýar we kazyýetiň raýatlary kabul etmek hem-de olaryň ýüz tutmalaryna garamak boýunça işini guraýar;
19) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
49-njy madda. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň
Başlygynyň orunbasarlary–kazyýet
kollegiýalarynyň başlyklary
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary kazydyrlar we kazynyň borçlaryny ýerine ýetirmek bilen bir wagtda:
1) kanunda bellenen tertipde işlere seredýärler ýa-da işleriň seredilmegine gatnaşýarlar, şeýle hem özleriniň ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler ýa-da Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylaryny şonuň üçin belleýärler;
2) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň tabşyrmagy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlislerinde başlyklyk edýärler;
3) kanunda bellenen halatlarda we tertipde, kanuny güýje giren kazyýet kararlaryna degişlilikde garşylyknamalar we teklipnamalar getirýär;
4) kanunda bellenen halatlarda we tertipde kazyýet işleri boýunça çözgütleriň, hökümleriň, kesgitnamalaryň we kararlaryň ýerine ýetirilmegini togtatmaga haklydyrlar;
5) ýolbaşçylyk edýän kazyýet kollegiýalarynyň mejlislerinde işlere seretmek üçin kazyýetiň düzümlerini döredýärler;
6) özlerine berkidilen kazyýet kollegiýalarynyň işine ýolbaşçylyk edýärler;
7) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumyna özleriniň ýolbaşçylyk edýän kollegiýalarynyň işi hakynda hasabatlary berýärler;
8) kazyýet iş tejribesini öwrenmek we umumylaşdyrmak üçin kazyýet işlerini talap edip almaga haklydyrlar;
9) borçlaryň paýlanylyşyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň diwanynyň düzüm birlikleriniň işine ýolbaşçylyk edýärler;
10) kazyýetleriň işini guramak boýunça işe gözegçilik edýärler;
11) degişli kazyýet kollegiýasynyň kazylarynyň kwalifikasiýasyny ýokarlandyrmak boýunça işi guraýarlar;
12) raýatlaryň şahsy kabul edişligini amala aşyrýarlar;
13) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy bolmadyk halatynda, Başlygyň ygtyýarlyklaryny onuň tabşyrmagy boýunça Başlygyň orunbasarlarynyň biri ýerine ýetirýär.
III BÖLÜM. KAZYNYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ HUKUK ÝAGDAÝY
VI BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
50-nji madda. Kazynyň hukuk ýagdaýy
1. Türkmenistanyň ähli kazyýetleriniň kazylary birmeňzeş hukuk ýagdaýyna eýedirler we öz aralarynda diňe ygtyýarlyklary bilen tapawutlanýarlar.
Kazy Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we şu Kanunda bellenilen tertipde adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça ygtyýarlyklar berlen, özüniň borçlaryny ýerine ýetirýän we kazyýet häkimiýetini alyp barýan döwlet wezipeli adamydyr.
Kazynyň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň Konstitusiýasy we şu Kanun bilen kesgitlenilýär.
2. Kazynyň üstüne kanunda göz öňünde tutulmadyk, adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça ygtyýarlyklardan başga wezipeler we borçlar ýüklenip bilinmez.
51-nji madda. Kazynyň çalşyrylmazlygy
1. Kazylar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we şu Kanuna laýyklykda wezipä bellenilýär we ygtyýarlyklaryny amala aşyrýarlar.
2. Kazynyň ygtyýarlyklary şu Kanunda göz öňünde tutulan esaslar boýunça we tertipde togtadylyp ýa-da bes edilip bilner.
3. Ygtyýarlyklarynyň möhletiniň dowamynda bir kazyýetiň kazysy başga bir kazyýetiň kazysynyň wezipesine bellenilip bilner, şonda bir kazyýetde kazynyň wezipesinde bolmaklygynyň möhleti azyndan iki ýyl bolmalydyr.
4. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazysynyň, şol sanda maşgala işleri boýunça kazysynyň ygtyýarlyklarynyň möhletiniň dowamynda şu Kanunyň 16-njy maddasynyň üçünji böleginiň ikinji tesimine laýyklykda, olaryň degişli wezipe birliginiň üýtgedilmegine ýol berilmeýär.
52-nji madda. Kazylar we kazyýet oturdaşlary
1. Türkmenistanyň kanunlarynda bellenen tertipde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine, welaýat kazyýetlerine, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetlerine, şeýle hem etrap kazyýetlerine we etrap hukukly şäher kazyýetlerine degişlilikde bellenen ýa-da saýlanan Türkmenistanyň raýatlary kazylar we kazyýet oturdaşlary bolup bilerler.
2. Kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetlik amala aşyrylanda kazynyň ähli hukuklaryndan peýdalanýarlar.
3. Kanunda kesgitlenen tertipde wezipä bellenen Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysy bolup biler.
VII BAP. KAZYNYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ
GARAŞSYZLYGYNYŇ ESASY KEPILLIKLERI
53-nji madda. Kazynyň garaşsyzlygynyň üpjün edilmegi
Kazynyň garaşsyzlygy şular bilen üpjün edilýär:
1) onuň ýokary hukuk ýagdaýyna laýyk gelýän maddy we durmuş üpjünçiligi bilen;
2) adyl kazyýetligi amala aşyrmagyň kanun tarapyndan göz öňünde tutulan düzgüni bilen;
3) kimdir biriniň adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça işe gatyşmagyny jenaýat we administratiw jogapkärçiligine çekmek esasynda gadagan etmek bilen;
4) wezipä bellenilmeginiň ýa-da wezipeden boşadylmagynyň, ygtyýarlyklarynyň togtadylmagynyň we bes edilmeginiň bellenen tertibi bilen;
5) eldegrilmesizligi bilen;
6) maşgala agzalarynyň we emläginiň döwletiň aýratyn goraglylygynda durmagy bilen.
54-nji madda. Kazyýete hormat goýulmazlygy üçin
jogapkärçilik
Işe gatnaşýan adamlar ýa-da kazyýet mejlisine gatnaşýan raýatlar tarapyndan kazyýete hormat goýulmazlygy, şonuň ýaly-da kimdir biriniň kazyýete göz-görtele äsgermezçilikli garaýandygyna şaýatlyk edýän hereketleri etmegi kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
55-nji madda. Kazynyň işine gatyşylmagyna ýol berilmezligi
1. Kazynyň adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça işine islendik görnüşde gatyşylmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
2. Kazy seredilen ýa-da önümçilikdäki işleriň düýp mazmuny boýunça haýsy-da bolsa düşündirişleri bermäge, şeýle hem kimdir birine iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda işi tanyşmak üçin bermäge borçly däldir.
56-njy madda. Kazynyň wezipä bellenmegi we onuň
ygtyýarlyklarynyň möhleti
Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda ähli kazyýetleriň kazylary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär. Kazylaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti - bäş ýyl. Eger kazynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti onuň kazyýet işine seredýän döwründe tamamlanýan bolsa, onuň ygtyýarlyklary işiň seljerilmegi tamamlanýança saklanyp galýar.
57-nji madda. Kazylyk iş döwri
1. Kazylyk iş döwri kazy ýa-da öň kazy wezipesinde işlän adam babatda şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalarynda göz öňünde tutulan, kesgitli wagt aralygy bilen şertlendirilýän ýeňillikleriň, kepillikleriň berilmeginiň we beýleki ähmiýetli ýagdaýlaryň hasaplanmagynyň wagt ölçegidir.
2. Kazylyk iş döwri kazynyň birinji gezek kazy wezipesine bellenilen pursadyndan hasaplanyp başlanýar we kazy wezipesinde işlenen möhleti öz içine alýar.
58-nji madda. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň saklanyp galmagy
1. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilen kazynyň ygtyýarlyk möhletiniň dowamynda kazyýetiň ýerleşýän ýeriniň dolandyryş-çäk bölünişiginiň üýtgedilmegi bilen baglylykda, şol kazyýet ýatyrylanda ýa-da üýtgedilende onuň ygtyýarlyklary saklanyp galýar.
2. Ygtyýarlyklary saklanyp galýan kazy ygtyýarlyklarynyň galan möhletiniň dowamynda öz işini ýatyrylan ýa-da üýtgedilen kazyýetiň hukuk oruntutary hökmünde hereket edýän kazyýetde dowam edýär.
3. Ýatyrylan ýa-da üýtgedilen kazyýetiň hukuk oruntutary hökmünde hereket edýän kazyýetde kazynyň boş iş orny bolmadyk ýagdaýynda, ygtyýarlyklary saklanyp galýan kazynyň razylygy bilen, ol şu Kanunda göz öňünde tutulan tertipde başga kazyýete kazy wezipesine bellenilip bilner.
59-njy madda. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň togtadylmagy
1. Kazynyň ygtyýarlyklary şu aşakdaky esaslaryň biri bar bolan ýagdaýynda Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi bilen togtadylýar:
1) kazyýetiň kanuny güýje giren çözgüdi bilen kazynyň nam-nyşansyz giden diýip ykrar edilmegi;
2) kazy babatda jenaýat işiniň gozgalmagy ýa-da onuň başga jenaýat işi boýunça aýyplanýan hökmünde çekilmegi;
3) kazynyň Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna ýa-da beýleki saýlawly edaralaryň agzalygyna dalaşgär hökmünde saýlawyň öň ýanyndaky çärelere gatnaşmagy;
4) raýat-hukuk gatnaşyklaryndan gelip çykýan pul ýa-da emläk talaplary bilen bagly (ekläp-saklamak we aliment tölemek boýunça borçnamalar muňa girmeýär) kazyny borçlandyrýan kazyýet kararynyň kanuny güýje girmegi;
5) hünär dereje synagyny tabşyryp bilmezligi.
2. Kazynyň ygtyýarlyklary togtadylýan döwründe kazynyň garaşsyzlygynyň üpjün edilmeginiň şu Kanunda bellenilýän kepillikleri saklanyp galýar.
3. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň togtadylmagyna esas bolan şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan ýagdaýlar aradan aýrylanda ygtyýarlyklar Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi bilen dikeldilýär.
60-njy madda. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegi
1. Kazynyň ygtyýarlyklary şu aşakdaky esaslar boýunça bes edilýär:
1) kazynyň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy;
2) kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşynyň dolmagy;
3) saglyk ýagdaýy ýa-da başga esasly sebäpler boýunça uzak wagtyň dowamynda ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga ukypsyzlygy;
4) başga işe geçmegi ýa-da başga sebäpler boýunça öz ygtyýarlyklaryny bes etmegi hakynda ýazmaça arza bermegi;
5) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;
6) hünär dereje synagyny yzygiderli iki gezek tabşyryp bilmezligi;
7) kazynyň wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmişiň edilmegi;
8) ol barada kazyýetiň aýyplaw höküminiň ýa-da oňa lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleriň ulanylmagy hakynda kazyýet kararynyň kanuny güýje girmegi;
9) kazyýet işlerine seredende ünssüzligi we seresapsyzlygy sebäpli kanunylygyň düýpli bozulmagy, eger olar agyr netijelere getiren bolsa (raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň bähbitleriniň düýpli bozulmagy, adamyň bikanun azatlykdan mahrum edilmegi) we (ýa-da) Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň kadalarynyň gödek bozulandygy üçin bir ýylyň dowamynda azyndan iki gezek düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi;
10) kazyýetiň onuň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da ony kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi;
11) kazynyň ölmegi ýa-da kazyýetiň ony ölen diýip yglan etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi – ýörite nama kabul edilmezden.
2. Şu maddanyň birinji böleginiň 11-nji bendinde göz öňünde tutulan esaslardan gaýry ýagdaýlarda kazynyň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň bes edilmegi hakyndaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilata mälim edilýär.
61-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşynyň
eldegrilmesizligi
1. Türkmenistanyň Prezidentiniň razylygy bolmazdan, kazy babatda jenaýat işi gozgalyp bilinmez, şeýle-de tussag edilip bilinmez. Kazynyň eldegrilmesizligi onuň şahsyýetine, eýeçiligine, ýaşaýan we işleýän jaýyna, gulluk we şahsy ulaglaryna hem-de beýleki emlägine degişlidir.
Kazyýet oturdaşy babatda görkezilen kepillikleriň ol kazyýetde oturdaşyň borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda güýji bardyr.
2. Kazynyň, şeýle hem kazyýetde oturdaşyň borçlaryny ýerine ýetirýän ýagdaýynda kazyýet oturdaşynyň tutup saklanylmagyna, mejbury getirilmegine ýa-da olar babatynda administratiw temmi çäreleriniň ulanylmagyna ýol berilmeýär.
3. Kazy ýa-da kazyýet oturdaşy babatda jenaýat işi diňe Türkmenistanyň Baş prokurory tarapyndan gozgalyp bilner. Şonuň bilen bir wagtda kazynyň ýa-da kazyýet oturdaşynyň ygtyýarlyklarynyň togtadylmagy hakyndaky mesele çözülýär.
4. Kazy babatda jenaýat işleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, kazyýet oturdaşy babatda bolsa welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazyýet seljermesine degişlidir.
62-nji madda. Kazynyň ygtyýarlyk möhletiniň
tamamlanmagy bilen bagly kepillikler
Kazynyň ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soň, eger ol indiki möhlete kazy wezipesine bellenilmedik halatynda, oňa kazy wezipesine bellenilmezden öňki eýelän wezipesi ýa-da ol bolmadyk ýagdaýynda, oňa kybapdaş iş (wezipe) berlip bilner.
63-nji madda. Kazyýet oturdaşynyň zähmet
hukuklarynyň kepillikleri
Kazyýet oturdaşynyň ygtyýarlyk döwründe iş berijiniň başlangyjy boýunça onuň işden çykarylmagyna umumy düzgüniň berjaý edilmeginden başga-da, degişlilikde diňe kazyýet oturdaşyny saýlan zähmetkeşler toparynyň ýa-da ony bellän edaranyň razylygy bilen ýol berilýär.
VIII BAP. KAZYLARY BELLEMEGIŇ TERTIBI,
KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ SAÝLAWLARY WE
OLARYŇ BELLENILMEGI
64-nji madda. Kazy wezipesine dalaşgärlere we kazyýet
oturdaşlaryna bildirilýän talaplar
1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazy wezipesine 25 ýaşy dolan, ýokary ýuridik bilimi, ýuridik hünäri boýunça azyndan iki ýyl iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.
2. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazy wezipesine dalaşgärlere bildirilýän talaplar şu Kanunyň 101-nji maddasynda göz öňünde tutulýar.
3. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazy wezipesine 30 ýaşy dolan, azyndan üç ýyl kazylyk iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.
4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazy wezipesine 30 ýaşy dolan, azyndan bäş ýyl kazylyk iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.
5. Kazyýet oturdaşlygyna 25 ýaşy dolan Türkmenistanyň raýaty saýlanyp ýa-da bellenip bilner.
65-nji madda. Kazyýetiň başlygy we kazyýetiň başlygynyň
orunbasary wezipesine dalaşgäriň iş döwrüne
bildirilýän talaplar
1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygy we başlygynyň orunbasary wezipesine dalaşgäriň azyndan bäş ýyl kazylyk iş döwri bolmalydyr.
2. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlygy we başlygynyň orunbasary wezipesine dalaşgäriň azyndan bäş ýyl kazylyk iş döwri bolmalydyr.
3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy we Başlygynyň orunbasary wezipesine dalaşgäriň azyndan on ýyl kazylyk iş döwri bolmalydyr.
66-njy madda. Kazy wezipesine dalaşgärler
1. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazysy wezipesine, maşgala işleri boýunça kazysy wezipesine dalaşgärleri seçip almak degişlilikde Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamalary boýunça Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Ilkinji gezek kazy wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlenýän adamlar Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan kesgitlenýän halatlarda we tertipde hünär taýýarlygyny geçýärler.
67-nji madda. Kazylary bellemegiň tertibi
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary we kazylary, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy we kazylary, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, şeýle hem etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary, olaryň orunbasarlary we şol kazyýetleriň kazylary, maşgala işleri boýunça kazylary Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Olary wezipä bellemek hakyndaky habar köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen ilata mälim edilýär.
3. Kazynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlanandan soň, şu Kanunyň 82-nji maddasynda görkezilen ýagdaýlar bolmadyk halatynda we Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary tarapyndan geçirilýän hünär synagynyň netijelerine laýyklykda, ol kazy wezipesine bellenmäge täzeden hödürlenilýär.
68-nji madda. Kazyýetiň başlygynyň we kazyýetiň başlygynyň
orunbasarynyň ygtyýarlyklarynyň möhletleri
Kazyýetiň başlygy we kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipä bäş ýyl möhlete bellenilýär. Şol bir adam şol bir kazyýetde yzygider iki möhletden köp möhlete kazyýetiň başlygy ýa-da kazyýetiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenilip bilinmez.
Kazyýetiň başlygynyň we kazyýetiň başlygynyň orunbasarynyň ygtyýarlyklary olaryň ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanmagy bilen bes edilýär.
69-njy madda. Kazynyň wezipesinde bolmaklygyň
aňryçäk ýaşy
1. Kazy, kazy wezipesine bellenilende, kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylary üçin ýetmiş, beýleki kazyýetleriň kazylary üçin altmyş bäş ýaşa çenli diýlip bellenilýär.
2. Kazynyň wezipesinde bolmaklygyň aňryçäk ýaşy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bäş ýyla çenli möhlete uzaldylyp bilner.
3. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen pensiýa ýaşyna ýetmegi bilen ýa-da pensiýa çykmaga beýleki esaslar bar ýagdaýynda, kazynyň pensiýa çykmaga bolan hukugy onda saklanyp galýar.
70-nji madda. Kazyýet oturdaşlaryny saýlamagyň we
bellemegiň tertibi. Kazyýet oturdaşlarynyň
ygtyýarlyklarynyň möhleti
1. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary raýatlaryň işleýän ýa-da ýaşaýan ýerlerinde ýygnaklarda açyk ses bermek arkaly saýlanýarlar. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlarynyň saýlawlaryny geçirmegi etraplaryň we etrap hukukly şäherleriň häkimlikleri guraýarlar.
2. Işleýän we ýaşaýan ýeri boýunça raýatlaryň köplüginiň gatnaşan ýagdaýynda ýygnak ygtyýarly hasaplanylýar.
3. Ýygnaga gatnaşan raýatlaryň ýarysyndan köpüsiniň sesini alan adamlar etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlygyna saýlanan hasaplanylýar.
4. Ýygnakda ýygnagyň prezidiumy saýlanylýar we prezidiumyň bütin düzümi tarapyndan gol çekilýän teswirnama ýöredilýär. Ýygnagyň teswirnamasy degişli etrabyň we etrap hukukly şäheriň häkimligine iberilýär.
5. Häkimlikler ýygnaklaryň teswirnamalary esasynda kazyýet oturdaşlarynyň saýlawlarynyň netijelerini takyklaýarlar, olaryň sanawyny tassyklaýarlar, soňra sanawy degişli etrabyň we etrap hukukly şäher kazyýetine iberýärler.
6. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary welaýatlaryň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäherleriň häkimleri tarapyndan bellenilýär. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet oturdaşlary Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
7. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň we Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet oturdaşlygyna dalaşgärleri hödürlemek zähmetkeşler toparlary ýa-da raýatlaryň ýaşaýan ýerlerindäki ýygnaklary tarapyndan amala aşyrylýar.
8. Kazyýet oturdaşlaryny hödürlemek boýunça guramaçylyk çäreleri degişlilikde häkimlikler we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
9. Kazyýet oturdaşlarynyň ygtyýarlyklarynyň möhleti – bäş ýyl. Eger bu möhlet kazyýet işine seredilýän döwürde tamamlansa, olaryň ygtyýarlyklary iş seljerilip gutarylýança saklanyp galýar.
10. Kazyýet oturdaşlary nobatlylyk tertibinde kazyýetde borçlaryny ýerine ýetirmäge zerurlygyna görä çagyrylýar.
IX BAP. KAZYNYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ
HUKUKLARY WE BORÇLARY
71-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň hukuklary
1. Kazy we kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetligi amala aşyrmak üçin zerur bolan häkimiýet ygtyýarlyklaryna eýelik edýärler. Bu ygtyýarlyklar Türkmenistanyň kanunçylygy esasynda kesgitlenilýär.
2. Kazylaryň şu aşakdaky hukuklary bardyr:
1) wezipeli adamlardan we raýatlardan kazyýetiň kanun tarapyndan üstlerine ýüklenen borçlary bilen baglanyşykly kararlaryny ýerine ýetirmeklerini talap etmäge;
2) kärhananyň, edaranyň, guramanyň wezipeli adamlaryna kanunyň bozulmalaryna, hukuk bozulmalaryna getirýän sebäpleri we şertleri aradan aýyrmak hakynda teklipnamalar girizmäge;
3) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan ýuridik şahslardan zerur bolan maglumatlary sorap almaga.
3. Ýuridik şahslar we wezipeli adamlar kazynyň adyl kazyýetligi amala aşyrmagy bilen baglanyşykly talaplaryny we görkezmelerini ýerine ýetirmäge, olaryň teklipnamalaryna we talapnamalaryna öz wagtynda jogap bermäge borçludyrlar.
4. Kazy kazylaryň maslahatyna, şeýle hem gös-göni Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmak meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleriň berilmegi barada resmi talap girizip biler.
72-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň borçlary
1. Kazy we kazyýet oturdaşlary işlere seredilende kanunlaryň talaplaryny takyk ýerine ýetirmäge, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, olaryň at-abraýynyň we mertebesiniň, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagyny, ýokary medeniýetliligi we kazyýet işiniň terbiýeleýjilik täsirini üpjün etmäge, adalatly we ynsanperwer bolmaga borçludyrlar.
2. Kazy öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirende, şeýle hem gullukdan daşarky gatnaşyklarynda kazyýet häkimiýetiniň abraýyna, kazynyň mertebesine ýa-da onuň obýektiwligine, adalatlylygyna we tarapgöýsüzligine şübhe döredip biljek ähli zatlardan gaça durmalydyr.
3. Kazy kazyýet oturdaşlaryny seredilmäge degişli işler bilen, Türkmenistanyň kanunçylygy we onuň ulanylyş tejribesi bilen deslapdan tanyşdyrmaga, olara öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaklarynda başga kömegi bermäge borçludyr.
4. Kazylaryň we kazyýet oturdaşlarynyň kazylaryň maslahatynyň syryny we ýapyk kazyýet mejlisleri geçirilende alnan maglumatlary ýaýratmaga haklary ýokdur.
5. Kazyýet oturdaşlary adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça wezipelerini ýerine ýetirmek üçin kazyýete öz wagtynda gelmäge borçludyrlar. Kazyýete çagyrmak kazyýet oturdaşynyň işleýän ýa-da okaýan edarasynyň, guramasynyň, kärhanasynyň administrasiýasy üçin hökmanydyr.
73-nji madda. Kazylaryň etikasynyň kodeksi
1. Kazylaryň etikasynyň kodeksi kazylaryň maslahatynyň namasy bolup, ol jemgyýetiň we döwletiň umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar. Kazylaryň etikasynyň kodeksi adyl kazyýetligi amala aşyrmak boýunça her bir kazy üçin hünär işini amala aşyranda özüni alyp barşynyň hökmany kadalaryny belleýär.
2. Kazylaryň etikasynyň kodeksi Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda tassyklanylýar.
X BAP. TÜRKMENISTANYŇ KAZYLARYNYŇ MASLAHATY.
KAZYLARYŇ KWALIFIKASION KOLLEGIÝASY
74-nji madda. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahaty
1. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahaty zerurlygyna görä, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň teklibi ýa-da öz başlangyjy boýunça Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan çagyrylýar we onuň senesi hem-de gün tertibi maslahata azyndan bir aý galanda yglan edilýär.
2.Türkmenistanyň kazylarynyň maslahaty:
1) Türkmenistanyň kanunçylygyny ulanmagyň kazyýet iş tejribesinde ýüze çykýan meselelerini ara alyp maslahatlaşýar;
2) kazyýet ulgamyny we kazyýet önümçiligini kämilleşdirmäge ýardam edýär;
3) kazylaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen baglanyşykly meselelere garaýar we onuň kanuny çözgüdiniň tapylmagy barada çäre görýär;
4) Kazylaryň etikasynyň kodeksini tassyklamak we ony kämilleşdirmek boýunça meselelere garaýar;
5) zerurlyk bolan halatlarynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy tarapyndan kazyýet iş tejribesiniň we kanunçylygyň kadalarynyň ulanylmagynyň ol ýa-da beýleki meseleleri boýunça ugrukdyryjy düşündirişleriň berilmegi hakynda Türkmenistanyň Ýokary kazyýetine teklipler bilen ýüz tutýar;
6) ara alnyp maslahatlaşylýan meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär.
3. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatyna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň we Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary gatnaşýarlar. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň her birinden bu kazyýetleriň Prezidiumlary tarapyndan üç kazy saýlanýar, olaryň etrap we etrap hukukly şäher kazyýetlerinden ýedi kazy şol kazyýetleriň kazylarynyň umumy ýygnaklarynda saýlanýarlar.
4. Kazylaryň maslahaty saýlanan kazylaryň azyndan üçden iki bölegi gatnaşan ýagdaýynda, ol ygtyýarly hasaplanylýar.
5. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahaty iş prezidiumyny saýlaýar we onuň san düzümini kesgitleýär. Prezidium maslahatyň başlygyny we maslahatyň teswirnamasyny ýöredýän kätibi saýlaýar.
6. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynda seredilýän ähli meseleler onuň işine gatnaşýan kazylaryň sesleriniň köplügi bilen çözülýär.
7. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynyň işiniň maddy-tehniki üpjünçiligi welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri we Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
8. Türkmenistanyň kazylarynyň maslahatynyň kabul eden çözgütleriniň durmuşa geçirilmegi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti tarapyndan amala aşyrylýar.
9. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazylarynyň maslahatlary Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti, welaýat kazyýetleri, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleri tarapyndan çagyrylýar. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazylarynyň maslahatlary şu maddanyň ikinji böleginiň 1-nji, 2-nji, 5-nji we 6-njy bentlerinde görkezilen ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
75-nji madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary
Kazyýet edaralaryny ýokary hünärli işgärler bilen üpjün etmek we kazylaryň garaşsyzlygynyň kepilliklerini güýçlendirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetinde, welaýat kazyýetlerinde, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetlerinde Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary döredilýär.
76-njy madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalaryny
saýlamagyň tertibi
1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly bäş ýyl möhlete saýlanylýar.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň hataryndan saýlanylýar.
3. Welaýat kazyýetlerinde, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetlerinde Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylarynyň hataryndan şol kazyýetleriň kazylarynyň maslahatlary tarapyndan saýlanylýar.
4. Kazyýetleriň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasynyň başlygy, onuň orunbasary degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumy we kazylaryň maslahaty tarapyndan açyk ýa-da gizlin ses bermek arkaly saýlanylýar.
5. Kazyýetleriň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýalary bäş adamdan az bolmadyk düzümde saýlanylýar. Şol kollegiýanyň anyk sandaky düzümi ol saýlanan ýagdaýynda kesgitlenilýär.
6. Kazyýetleriň başlyklary we olaryň orunbasarlary kwalifikasion kollegiýalaryň düzümine girmeýärler, muňa etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary we orunbasarlary degişli däldir.
77-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň Kazylarynyň
kwalifikasion kollegiýalarynyň ygtyýarlyklary
1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary:
1) kazy wezipesine ilkinji gezek hödürlenýän her bir dalaşgäriň kazyýet işine taýýardygyna baha berýärler we kazy wezipesine dalaşgärler üçin hünär dereje synagyny geçirýärler;
2) kazy wezipesine dalaşgäri hödürlemegiň mümkinçiligi hakynda netijenama berýärler;
3) kazynyň hünär dereje synagyny geçirýärler;
4) kazyny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak, şeýle-de ygtyýarlyklaryny togtatmak hakyndaky mesele boýunça netijenama berýärler;
5) kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meselä seredýärler.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy, şeýle-de kazylaryň şikaýatlaryna we aşaky kwalifikasion kollegiýalaryň kazynyň ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak we düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meseleleri boýunça çözgüdine, düzgün-nyzam işini gozgan adamlaryň teklipnamalaryna seredýär.
3. Kwalifikasion kollegiýanyň kazynyň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi ýa-da möhletinden öň boşadylmagy, şeýle-de ygtyýarlyklarynyň togtadylmagy we düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi bilen baglanyşykly meseleler boýunça çözgütlerinden başga çözgütleri şikaýat edilmäge degişli däldir, ýöne bu meselä Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň delillendirilen teklipnamasy boýunça bir hepde möhletde gaýtadan seredilip bilner.
78-nji madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalarynyň
işiniň guralyşy
1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy öz üstüne ýüklenen ygtyýarlyklaryny amala aşyranda düzüminde kollegiýanyň agzalarynyň ýarysyndan az bolmadyk sany bolan halatynda ygtyýarlydyr.
2. Kwalifikasion kollegiýanyň düzümine girýän kazylar kollegiýanyň işleýän wagtynyň dowamynda zähmet hakynyň saklanyp galmagy bilen öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylýarlar.
3. Kwalifikasion kollegiýanyň başlygy mejlisiň geçirilýän wagtyny we ýerini hem-de kollegiýanyň seretmegine hödürlenýän meseleleri kesgitleýär. Kwalifikasion kollegiýanyň başlygy mejlisiň geçirilmegi we onda seredilmäge degişli meseleler hakynda kwalifikasion kollegiýanyň agzalaryna, kazy wezipesine dalaşgärlere, şeýle hem düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmäge degişli bolan kaza we beýleki gyzyklanýan adamlara habar berýär.
4. Kwalifikasion kollegiýanyň mejlisini taýýarlamak (zerur materiallary talap edip almak, söhbetdeşlik geçirmek we beýlekiler) kwalifikasion kollegiýanyň başlygy ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça kwalifikasion kollegiýanyň beýleki agzalary tarapyndan üpjün edilýär.
5. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň mejlisi kollegiýa degişli teklipnama gelip gowşan gününden soň bir aý möhletde, kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky mesele boýunça bolsa, gulluk barlagynyň wagty ýa-da kazynyň esasly sebäpli, emma etmişiň bolan gününden soň alty aýdan geçmeýän, işde bolmadyk wagty hasaba alynmazdan, etmişiň ýüze çykarylan gününden soň bir aýdan gijä galman geçirilmelidir.
6. Başlyklyk ediji mejlisi açýar we kwalifikasion kollegiýanyň düzümini yglan edýär. Kwalifikasion kollegiýanyň aýratyn agzalaryna ýa-da onuň bütin düzümine ynanmazlyk bildirilip bilner. Ynanmazlyk bildirmek baradaky mesele kwalifikasion kollegiýanyň düzümi tarapyndan seredilmäge degişlidir.
7. Kazynyň kwalifikasion kollegiýanyň mejlisine sebäpsiz gelmedik ýagdaýynda mejlis onuň ýoklugynda geçirilip bilner.
8. Teklipnama girizen kazyýetleriň ýolbaşçylary we beýleki adamlar kwalifikasion kollegiýanyň mejlisine gatnaşyp bilerler.
9. Kwalifikasion kollegiýanyň mejlisine girizilen meselelere seretmek başlyklyk edijiniň ýa-da kwalifikasion kollegiýanyň berlen resminamalaryň we materiallaryň deslapky öwrenilmegini geçiren agzalarynyň biriniň beýany bilen başlanýar. Soňra kwalifikasion kollegiýanyň mejlisine çagyrylan adamlar diňlenýär, zerur resminamalara we materiallara seredilýär. Kwalifikasion kollegiýanyň mejlisiniň barşynda kazynyň goşmaça düşündirişleri bermäge haky bardyr. Kwalifikasion kollegiýanyň mejlisinde onuň agzalarynyň biri tarapyndan teswirnama ýöredilýär, oňa başlyklyk ediji we kwalifikasion kollegiýanyň şol teswirnamany düzen agzasy tarapyndan gol çekilýär.
10. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdi sesleriň köplügi bilen kabul edilýär. Ses bermek özi hakynda meselä seredilýän adamyň we beýleki çagyrylan adamlaryň ýoklugynda geçirilýär. Kwalifikasion kollegiýanyň azlykda galan agzasy iş boýunça kabul edilen çözgüt bilen razylaşmadyk ýagdaýynda kollegiýanyň çözgüdine gol çekýär we özüniň aýratyn pikirini ýazmaça görnüşde beýan edýär. Aýratyn pikir işe goşulýar. Netijenama we çözgüt degişli delilleri getirmek bilen ýazmaça görnüşde beýan edilýär we oňa başlyklyk ediji, kollegiýanyň agzalary tarapyndan gol çekilýär hem-de yglan edilýär.
11. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdinde şular görkezilmelidir: kollegiýanyň ady, onuň düzümi, işiň seredilýän wagty we ýeri, kazynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi, teklipnama bilen ýüz tutan adamyň wezipesi we familiýasy, adynyň we atasynyň adynyň baş harplary, işiň ýagdaýlary, kazynyň teklipnama bilen ýüz tutan adamyň ýa-da onuň wekiliniň düşündirişi, kazynyň şahsyýetini häsiýetlendirýän maglumatlar, kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky işler boýunça kabul edilen çözgüdiň delili, düzgün-nyzam temmisiniň bellenilmeginiň ýa-da düzgün-nyzam işiniň bes edilmeginiň esaslary, şeýle hem çözgüde şikaýat etmegiň tertibi.
12. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgüdiniň ýa-da netijenamasynyň göçürilen nusgasy üç gün möhletde kaza hem-de Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasyna teklipnama bilen ýüz tutan jogapkär wezipeli adama iberilýär.
13. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgütleriniň ýa-da netijenamalarynyň göçürilen nusgasy kazynyň şahsy işine goşulýar.
14. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň işiniň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi degişlilikde Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň üstüne ýüklenilýär.
79-njy madda. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalarynyň
hasabatlylygy
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy öz işi barada Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumyna, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary bolsa, degişlilikde olary saýlan maslahatlara azyndan iki ýarym ýylda bir gezek, şeýle hem olaryň ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlananda hasabat berýärler.
80-nji madda. Kazylaryň hünär dereje synagy
1. Kazylaryň hünär dereje synagy kazylaryň hil düzümini gowulandyrmak, olaryň hünär derejesiniň ösüşine baha bermek we höweslendirmek, kanunylygyň pugtalandyrylmagyna, jemgyýetçilik bähbitleriniň goralmagynyň, raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň üpjün edilmegine jogapkärçiligi ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilýär.
2. Kazylaryň hünär dereje synagy Kazylaryň kwalifikasion kollegiýalary tarapyndan geçirilýär.
3. Hünär dereje synagy şu aşakdaky ýagdaýlarda geçirilýär:
1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy (Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan başga), Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy we kazysy, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklary we olaryň orunbasarlary babatda – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy tarapyndan Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça;
2) welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetiniň kazysy, şeýle hem etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazysy babatda – welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň degişli kwalifikasion kollegiýalary tarapyndan welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň teklipnamasy boýunça.
4. Hünär dereje synagy dalaşgäriň kazyýet işine taýýarlygyny barlamak maksady bilen dilden soraglara jogaplary, amaly işleriň çözgüdini, söhbetdeşligi öz içine alýar.
5. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy kazynyň hünär bilimleriniň, iş döwrüniň we tejribesiniň derejesine görä, şu aşakdaky çözgütleriň birini kabul edýär:
1) kaza hünär derejesini bermek hakynda;
2) kaza has ýokary hünär derejesini bermek hakynda;
3) kazyny oňa öň berlen hünär derejesinde galdyrmak ýa-da peseltmek hakynda.
6. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň kazyny höweslendirmek hakynda teklipnamalary, hünär derejesini ýokarlandyrmak we kazynyň öz borçlaryny amala aşyranda goýberen kemçiliklerini aradan aýyrmak zerurlygy hakynda teklipleri girizmäge haky bardyr.
7. Hünär dereje synagyny tabşyrmadyk dalaşgär azyndan 6 aýdan soň ikinji gezek synaga gatnaşyp biler.
81-nji madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylarynyň
hünär derejeleri
1. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylary üçin şu aşakdaky hünär derejeleri bellenilýär:
1) ýokary hünär derejesi;
2) birinji hünär derejesi;
3) ikinji hünär derejesi;
4) üçünji hünär derejesi;
5) dördünji hünär derejesi;
6) bäşinji hünär derejesi.
2. Hünär derejeleri şu aşakdakylara berilýär:
1) ýokary hünär derejesi, birinji hünär derejesi we ikinji hünär derejesi – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysyna;
2) birinji hünär derejesi, ikinji hünär derejesi we üçünji hünär derejesi – Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazysyna;
3) birinji hünär derejesi, ikinji hünär derejesi, üçünji hünär derejesi we dördünji hünär derejesi – welaýat kazyýetiniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazysyna;
4) ikinji hünär derejesi, üçünji hünär derejesi we dördünji hünär derejesi – etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň maşgala işleri boýunça kazysyna;
5) ikinji hünär derejesi, üçünji hünär derejesi, dördünji hünär derejesi we bäşinji hünär derejesi – etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazysyna.
3. Kazylara hünär derejesini bermek, peseltmek we ondan mahrum etmek Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Ilkinji gezek wezipä bellenilýän kazylara bäşinji hünär derejesi olar şol wezipä bellenilende berilýär.
5. Her bir hünär derejesinde bolmagyň möhletleri:
1) bäşinji hünär derejesinde – 3 ýyl;
2) dördünji hünär derejesinde – 5 ýyl;
3) üçünji hünär derejesinde – 5 ýyl;
4) ikinji hünär derejesinde – 5 ýyl.
6. Birinji we ýokary hünär derejesinde bolmagyň möhleti bellenilmeýär.
7. Eýeleýän wezipesi boýunça göz öňünde tutulan derejesine garamazdan, şeýle hem yzygiderliligi berjaý etmezden, ýokary hünärli kazylara iş tejribesini hasaba almak bilen, hünär derejesiniň berilmegine rugsat berilýär.
8. Kazy hünär derejesinden kanunylygyň bozulmagy ýa-da öz ýokary adyna sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişi edendigi üçin, şeýle hem kazyýetiň ol babatda kanuny güýje giren aýyplaw hökümi esasynda mahrum edilip bilner.
9. Kazylara kazy bolup işlän döwründe berlen hünär derejesi olar kazyýet edaralarynda işlän halatynda saklanyp galýar.
10. Kazylara we kazynyň hünär derejesi bolan beýleki kazyýet işgärlerine hünär derejesi üçin wezipe aýlyk haklaryna goşmaça tölegler bellenilýär.
XI BAP. KAZYNYŇ WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ
YGTYÝARLYKLARYNDAN MAHRUM EDILMEGI
WE MÖHLETINDEN ÖŇ BOŞADYLMAGY.
KAZYLARYŇ DÜZGÜN-NYZAM JOGAPKÄRÇILIGI
82-nji madda. Kazynyň we kazyýet oturdaşlarynyň
ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi
we möhletinden öň boşadylmagy
1. Kazy we kazyýet oturdaşlary ygtyýarlyklaryndan şu aşakdakylar esasynda mahrum edilip bilner:
1) kazynyň wezipe ygtyýarlyklary we kazyýet oturdaşynyň ygtyýarlyklary bilen bir ýere sygyşmaýan iş bilen meşgullanmagy;
2) kazyýetiň kanuny güýje giren aýyplaw hökümi;
3) lukmançylyk häsiýetli mejbury çäreleriň ulanylmagy hakynda kazyýetiň karary.
2. Kazy we kazyýet oturdaşlary öz wezipelerini ýerine ýetirmekden möhletinden öň şu aşakdakylar bilen baglylykda boşadylyp bilner:
1) işi dowam etmäge päsgel berýän saglyk ýagdaýy boýunça uzak wagtyň dowamynda ýa-da başga sebäpler boýunça ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga ukypsyzlygy;
2) başga işe geçmegi ýa-da başga sebäpler boýunça öz ygtyýarlyklaryny bes etmegi hakynda ýazmaça arza bermegi;
3) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;
4) hünär dereje synagyny yzygider iki gezek tabşyrmazlygy;
5) kazyýet işlerine seredende ünssüzligi we seresapsyzlygy sebäpli kanunylygyň düýpli bozulmagy, eger olar agyr netijelere getiren bolsa (raýatlaryň, guramalaryň ýa-da döwletiň bähbitleriniň düýpli bozulmagy, adamyň bikanun azatlykdan mahrum edilmegi) we (ýa-da) Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň kadalarynyň gödek bozulandygy üçin bir ýylyň dowamynda azyndan iki gezek düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi;
6) kazyýetiň onuň kämillik ukybyny çäklendirmek ýa-da ony kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakyndaky çözgüdiniň kanuny güýje girmegi.
3. Türkmenistanyň kazylarynyň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi ýa-da möhletinden öň boşadylmagy şu Kanunyň 90-njy maddasynyň birinji böleginde bellenen tertipde girizilýän Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy esasynda amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň razylygy bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan eýeleýän wezipesinden boşadylýar.
5. Şu Kanunyň 90-njy maddasynyň birinji böleginde bellenen tertipde girizilýän teklipnamalar boýunça etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlarynyň ygtyýarlyklaryndan mahrum edilmegi we möhletinden öň boşadylmagy kazyýet oturdaşynyň saýlanan ýeri boýunça raýatlaryň ýygnaklary tarapyndan, ýokarky kazyýetleriň kazyýet oturdaşlary babatda bolsa, degişlilikde olary wezipä bellän häkimler we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.
83-nji madda. Kazynyň düzgün-nyzam
jogapkärçiliginiň esaslary
Kazy şu esaslar boýunça düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilip bilner:
1) kazyýet işlerine seredende ünssüzligi we seresapsyzlygy sebäpli kanunylygy düýpli bozanda;
2) zähmet düzgün-nyzam kadalaryny gödek bozanda;
3) Kazylaryň etikasynyň kodeksiniň kadalaryny gödek bozanda;
4) öz ýokary adyna sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişi eden halatynda.
84-nji madda. Kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi
1. Şu aşakdakylara düzgün-nyzam önümçiligini gozgamak hukugy degişlidir:
1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyna – kazyýetleriň ähli kazylary (Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan başga) babatynda;
2) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygyna – bu kazyýetiň kazylary babatynda;
3) welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklaryna – bu kazyýetleriň kazylary, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary babatynda.
2. Düzgün-nyzam önümçiligini gozgan şu maddanyň birinji böleginde görkezilen wezipeli adamlar kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmeginiň esaslaryna degişli maglumatlary öňünden barlaýarlar we ondan ýazmaça düşündirişi talap edip alýarlar, şondan soň düzgün-nyzam işini gozgamak hakynda karar çykarylýar. Bu kararda düzgün-nyzam önümçiliginiň gozgalmagynyň deslapky barlagda bellenen esaslary görkezilmelidir.
3. Etmişiň ýüze çykarylan gününden soň bir aýdan gijä goýulman kaza düzgün-nyzam temmisi berlip bilner, gulluk barlagynyň ýa-da kazynyň esasly sebäpli işden galan wagty muňa girmeýär, emma ol etmiş edilen gününden soň alty aýdan geçmeli däldir.
4. Düzgün-nyzam önümçiliginiň materiallary Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasyna iberilmezinden öň olar bilen özi babatda iş gozgalan kazy tanyşdyrylmalydyr. Şunda kazy goşmaça düşündiriş bermäge ýa-da goşmaça barlagyň geçirilmegi hakynda haýyşnama bildirmäge haklydyr.
5. Düzgün-nyzam işini gozgamak hakyndaky karar zerur materiallary bilen degişli Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň garamagyna iberilýär.
6. Düzgün-nyzam önümçiligini gozgamak hakyndaky karar Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy tarapyndan işe seredilip başlanmazyndan öň ony gozgan adam tarapyndan yzyna alnyp bilner.
7. Zerurlyk bolanda işe seredilip başlanmazyndan öň kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmeginiň esaslarynyň goşmaça barlagy geçirilýär, ony Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň başlygy kollegiýanyň agzalarynyň birine tabşyrýar. Şonuň bilen birlikde, zerur bolan halatlarda kanunyň bozulmagyna ýol berlen işler bilen bir hatarda goşmaça resminamalar we materiallar talap edilip alnyp bilner.
8. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdakylaryň düzgün-nyzam etmişleri hakyndaky işlere seredýär:
1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazylarynyň, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygynyň we kazylarynyň;
2) welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, olaryň orunbasarlarynyň.
9. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýalary welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazylarynyň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklarynyň, olaryň orunbasarlarynyň, kazylarynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligi hakyndaky meselelere seredýärler.
10. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdakylar hakynda çözgüt çykaryp biler:
1) düzgün-nyzam temmisini bermek;
2) düzgün-nyzam önümçiligini bes etmek;
3) düzgün-nyzam önümçiliginiň materiallaryny kazyny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da ony möhletinden öň boşatmak hakyndaky meseläni gozgamaga ýa-da ol babatda jenaýat işini gozgamaga hukugy bolan adamlara ibermek.
85-nji madda. Kazylara düzgün-nyzam temmisini bermek
1. Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy tarapyndan kazylara şu aşakdaky düzgün-nyzam temmileri ulanylýar:
1) duýduryş;
2) käýinç;
3) berk käýinç.
2. Temmi berlen ýagdaýynda düzgün bozulmanyň häsiýeti we onuň netijeleri, etmişiň agyrlygy, kazynyň şahsyýeti, onuň günäkärliginiň derejesi nazara alynmalydyr.
86-njy madda. Düzgün-nyzam işiniň bes edilmegi
Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdaky halatlarda düzgün-nyzam işini bes edýär:
1) kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmeginiň esassyzlygy;
2) şu Kanunyň 84-nji maddasynyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekmegiň möhletiniň geçmegi;
3) eger düzgün-nyzam işine diňe mejlisde seretmek bilen çäklenmegi mümkin diýlip tapylan halatlarynda düzgün-nyzam temmisiniň maksadalaýyk däldigi.
87-nji madda. Düzgün-nyzam temmisine şikaýat etmek
1. Welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kwalifikasion kollegiýalarynyň çözgütlerine Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyna düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilen adam we düzgün-nyzam önümçiligini gozgan adam kabul edilen çözgüde bir hepdäniň dowamynda şikaýat edip biler. Çözgüde gaýtadan seretmek hakyndaky şikaýat Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy tarapyndan gelip gowşan gününden bir aý möhletde seredilýär. Kollegiýanyň mejlisine şikaýaty beren adam gatnaşyp biler.
2. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumyna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasynyň çözgütlerine gaýtadan seretmek hakynda teklipnama girizmäge haklydyr.
3. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasy şu aşakdakylara haklydyr:
1) çözgüdi üýtgetmän, şikaýaty ýa-da teklipnamany kanagatlandyrman goýmaga;
2) çözgüdi ýatyrmaga we düzgün-nyzam işini täzeden seredilmegi üçin ibermäge;
3) çözgüdi ýatyrmaga we kazynyň düzgün-nyzam jogapkärçiligine çekilmegi hakyndaky meseläni öz önümçiligine almaga;
4) çözgüdi ýatyrmaga we düzgün-nyzam işi boýunça önümçiligi bes etmäge;
5) çözgüdi üýtgetmäge we kaza has ýeňil düzgün-nyzam temmisini bermäge.
4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasynyň düzgün-nyzam temmisini bermek hakyndaky çözgüdi, şeýle hem şikaýat boýunça çözgüde gaýtadan seretmek hakyndaky çözgüdi şikaýat edilmäge degişli däldir.
88-nji madda. Düzgün-nyzam temmisiniň aýrylmagy
1. Eger düzgün-nyzam temmisiniň berlen gününden soň bir ýylyň dowamynda kaza täze düzgün-nyzam temmisi berilmedik bolsa, onda onuň düzgün-nyzam temmisi ýok hasaplanylýar.
2. Kazylaryň düzgün-nyzam temmisini beren Kwalifikasion kollegiýasy temmi berlen günden bir ýyl dolmanka, kazy özüni birkemsiz alyp baran we öz üstüne ýüklenen borçlaryny päk ýürekli ýerine ýetiren ýagdaýynda düzgün-nyzam önümçiligini gozgan adamyň teklipnamasy boýunça, şonuň ýaly-da öz başlangyjy bilen ony möhletinden öň aýryp biler.
89-njy madda. Kazyny we kazyýet oturdaşyny
ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek
we möhletinden öň boşatmak hakynda
meseläni gozgamak
1. Kazyny we kazyýet oturdaşyny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky meseläni gozgamak hukugy şu aşakdakylara degişlidir:
1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy babatda – Türkmenistanyň Prezidentine;
2) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlary, kazylary we kazyýet oturdaşlary, Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy hem-de welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary, başlyklarynyň orunbasarlary babatynda, şu Kanunyň 82-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyna;
3) Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň kazylary babatynda, şu Kanunyň 82-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça – Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygyna;
4) welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň hem-de etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary we kazyýet oturdaşlary babatynda, şu Kanunyň 82-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça – welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklaryna;
5) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary babatynda, şu Kanunyň 82-nji maddasynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça – etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklaryna;
6) etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlary babatynda, kazyýet oturdaşynyň ýokary ady bilen bir ýere sygyşmaýan, abraýdan düşürýän etmişi edendigi üçin – saýlawçylaryň ýygnaklaryna.
2. Ygtyýarlyklardan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky meseläni gozgan adamlar bu meseläni goýmak üçin esas bolup hyzmat eden materiallaryň jikme-jik barlagyny guraýarlar, kaza ygtyýarlyklaryndan mahrum etmegiň ýa-da möhletinden öň boşatmagyň delilleri hakyndaky meseläni gozgamak barada habar berýärler, şeýle hem ýazmaça düşündirişi talap edip alýarlar.
3. Kazyny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky meseläni gozgamak üçin esas bolup hyzmat eden materiallar şu aşakdakylar babatynda netijenama bermek üçin iberilýär:
1) Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyna – Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazysy (Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň orunbasarlaryndan başga), Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň Başlygy we kazysy, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň başlyklary we başlyklarynyň orunbasarlary;
2) welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň Kazylarynyň kwalifikasion kollegiýasyna – welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazylary, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazylary.
90-njy madda. Kazyny we kazyýet oturdaşyny
ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek
ýa-da möhletinden öň boşatmak
hakynda teklipnama girizmegiň tertibi
1. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazysyny, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň kazyýet oturdaşyny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky teklipnamalar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlaryny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky teklipnamalar olary bellän häkimiň, etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň kazyýet oturdaşlaryny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky teklipnamalar – kazyýet oturdaşynyň saýlanan ýeri boýunça raýatlaryň ýygnaklarynyň garamagyna degişli kazyýetleriň başlyklary tarapyndan girizilýär.
2. Kazyny we kazyýet oturdaşyny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakynda teklipnama degişli Kazylaryň kwalifikasion kollegiýasynyň bu teklipnamanyň ýanyna goşulýan netijenamasyny göz öňünde tutmak bilen girizilýär.
91-nji madda. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher
kazyýetiniň kazyýet oturdaşlaryny
ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da
möhletinden öň boşatmak hakynda
teklipnamalara seretmegiň tertibi
1. Etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň kazyýet oturdaşlaryny ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky teklipnama zähmetkeşler toparynyň ýygnagy ýa-da etrabyň we etrap hukukly şäheriň häkimligi, şeýle hem geňeşligi tarapyndan çagyrylýan raýatlaryň ýaşaýan ýeri boýunça ýygnagy tarapyndan seredilýär. Çözgüt açyk ses bermek arkaly sesleriň köplügi bilen kabul edilýär. Ýygnak özi babatda ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky mesele çözülýän kazyýet oturdaşynyň gatnaşmagynda geçirilýär.
2. Kazyýet oturdaşy ýygnaga sebäpsiz gelmedik ýagdaýynda ygtyýarlyklaryndan mahrum etmek ýa-da möhletinden öň boşatmak hakyndaky mesele onuň ýoklugynda seredilip bilner.
3. Ýygnagyň teswirnamasy ýygnagyň çözgüdini etrap kazyýetiniň we etrap hukukly şäher kazyýetiniň başlygyna habar bermek üçin häkimlige ýa-da geňeşlige berilýär.
XII BAP. KAZYLARYŇ, KAZYÝET IŞGÄRLERINIŇ
WE KAZYÝET OTURDAŞLARYNYŇ MADDY
ÜPJÜNÇILIGI WE DURMUŞ GORAGLYLYGY.
KAZYLAR WE KAZYÝET IŞGÄRLERI BARADA
HÖWESLENDIRIŞ ÇÄRELERI
92-nji madda. Kazylaryň, kazyýet işgärleriniň maddy
üpjünçiligi
1. Kazynyň hem-de kazyýet işgärleriniň zähmet haky wezipe aýlyk hakyndan, hünär derejeleri we kazyýet edaralarynda işlän ýyllary üçin goşmaça töleglerden ybaratdyr. Kazynyň hem-de kazyýet işgärleriniň hünär derejesi üçin wezipe aýlyk hakyna goşmaça tölegleriň möçberleri Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan bellenilýär.
2. Kazylara hem-de kazyýet işgärlerine kazyýet edaralarynda işlän ýyllary üçin goşmaça tölegiň möçberleri olaryň wezipe aýlyk hakyna we hünär derejeleri üçin goşmaça tölegine baglylykda, aşakdaky tertipde bellenilýär:
5 ýyldan 10 ýyla çenli - 15 göterim;
10 ýyldan 15 ýyla çenli - 25 göterim;
15 ýyldan 20 ýyla çenli - 30 göterim;
20 ýyldan 25 ýyla çenli - 35 göterim;
25 ýyldan ýokary - 40 göterim.
93-nji madda. Kazylaryň, kazyýet işgärleriniň durmuş
goraglylygynyň kepillikleri we öwezlik tölegler
1. Döwlet kazylaryň we kazyýet işgärleriniň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýär.
2. Kazylar, kazyýet işgärleri iş saparlaryna iberilende myhmanhanalarda ýerleri we ulagyň ähli görnüşlerinde ýol resminamalaryny nobatsyz almaga (bronirlemäge) bolan hukukdan peýdalanýarlar.
3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ýaşaýyş jaý şertleriniň gowulandyrylmagyna mätäç kazylara we kazyýet işgärlerine abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny ilkinji nobatda bermäge, kazy wezipesine bellenilenden soň alty aýdan gijä galman ony abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmäge borçludyrlar.
4. Kazylaryň we kazyýet işgärleriniň hususy eýeçiligine şahsy kömekçi hojalygyny alyp barmak üçin mellek ýeri we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini nobatsyz almaga hukugy bardyr.
5. Kazylar we kazyýet işgärleri hem-de özi bilen bile ýaşaýan maşgala agzalary eýeläp oturan ýaşaýyş jaý meýdany we durmuş taýdan hyzmatlary (jemagat, elektrik energiýasy, suw we gaz) boýunça çykdajylary tölemek üçin, ýaşaýyş jaý gorunyň eýeçiliginiň görnüşine we degişliligine garamazdan elli göterimi möçberinde ýeňillikden peýdalanýarlar.
6. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kazylara we kazyýet işgärlerine durmuş taýdan goraglylygyň şu Kanunda göz öňünde tutulmadyk beýleki kepillikleri bellenilip bilner.
94-nji madda. Kazynyň utgaşdyryp işlemegi
Kazylar mugallymçylyk, döredijilik we ylmy-barlag işlerinden başga hak tölenilýän haýsydyr bir beýleki wezipäni eýeläp bilmezler.
95-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna,
Adalatçynyň ýa-da onuň orunbasarynyň
wezipesine saýlanan ýa-da Türkmenistanyň
Prezidenti tarapyndan başga wezipä bellenilen
kazy we kazyýet işgäri üçin kepillikler
1. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, Adalatçynyň ýa-da onuň orunbasarynyň wezipesine saýlanan ýa-da Türkmenistanyň Prezidentiniň namasy bilen başga wezipä bellenilen kazynyň, kazyýet işgäriniň degişli ygtyýarlyk möhleti tamamlanandan soňra ol öňki işlän wezipesine, şeýle mümkinçiligiň ýok halatynda onuň razylygy bilen öňküsi bilen deň derejedäki başga wezipä bellenilýär.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen kazynyň, kazyýet işgäriniň degişli ygtyýarlyklaryny amala aşyran döwri onuň umumy iş döwrüne we nobatdaky hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän iş döwrüne goşulýar.
96-njy madda. Kazyýet oturdaşlarynyň kazyýetde öz
borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda
zähmet haklarynyň saklanyp galmagy
1. Kazyýet oturdaşlary kazyýetde öz borçlaryny ýerine ýetiren wagtynda olaryň hemişelik iş ýeri boýunça ortaça zähmet haky saklanyp galýar.
2. Kazyýet oturdaşlarynyň öz borçlaryny ýerine ýetiren ýagdaýyndaky beýleki tölegler we ýeňillikler babatynda olaryň esasy işini ýerine ýetirýän wagtyna deňleşdirilýär.
97-nji madda. Kazylar we kazyýet işgärleri barada
höweslendiriş çäreleri
1. Kazylara we kazyýet işgärlerine adyl kazyýetligi amala aşyrýandygy we gulluk borçlaryny ak ýürekden ýerine ýetirýändigi, hünär derejesini we işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda üstünliklere eýe bolýandygy, köp ýyllaryň dowamynda döwlet gullugyny birkemsiz ýerine ýetirendigi üçin şu aşakdaky höweslendiriş çäreleri ulanylyp bilner:
1) minnetdarlyk yglan etmek;
2) sowgat bilen sylaglamak;
3) hünär derejesini möhletinden öň bermek ýa-da nobatdakysyndan bir dereje ýokary hünär derejesini bermek;
4) «Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan bilen sylaglamak.
2. «Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň hormatly işgäri» diýen döşe dakylýan nyşan hakynda Düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Aýratyn tapawutlanan kazylar we kazyýet işgärleri Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglanylmaga hödürlenip bilner.
4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy şu maddanyň birinji böleginiň 1-nji, 2-nji we 4-nji bentlerinde göz önünde tutulan sylaglary kazyýet edaralarynyň işgärleri bolup durmaýan, kazyýetleriň işiniň kämilleşdirilmeginde we kanunylygyň pugtalandyrylmagynda uly goşant goşan beýleki adamlar babatda hem ulanyp biler.
IV BÖLÜM. MAŞGALA IŞLERI BOÝUNÇA
KAZYLAR
98-nji madda. Maşgala işleri boýunça kazy
1. Maşgalanyň, eneligiň, atalygyň we çagalygyň döwlet goragynyň üpjün edilmeginde adyl kazyýetligiň ähmiýetini ýokarlandyrmak, maşgala işleri boýunça adyl kazyýetligiň we kazyýet önümçiliginiň ýokary hünär ussatlygy şertlerinde amala aşyrylmagyny gazanmak we maşgalanyň jebisliginiň kepilliklerini berkitmek maksady bilen, etrap we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde şu Kanunyň 99-njy maddasynyň birinji bölegine laýyklykda maşgala işleri boýunça kazy wezipesi girizilýär.
2. Maşgala işleri boýunça kazy maşgala işleri boýunça önümçilikde adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyny üpjün edýär we şu görnüşli işler boýunça ýörite kazy hasaplanylýar.
99-njy madda. Maşgala işleri boýunça kazy wezipesiniň
girizilmeginiň şertleri, onuň bolmadyk
ýagdaýynda wezipeleriniň ýerine ýetirilmegi
1. Maşgala işleri boýunça kazy wezipesi Aşgabat we Arkadag şäherleriniň etrap kazyýetlerinde, welaýat merkezi bolan şäherleriň kazyýetlerinde, şeýle hem maşgala işleri boýunça iş ýüküniň ýagdaýyna laýyklykda etrap kazyýetlerinde we etrap hukukly şäher kazyýetlerinde girizilýär.
2. Eger etrap kazyýetinde we etrap hukukly şäher kazyýetinde bir kazynyň wezipesi bolsa, onda şol kazynyň üstüne maşgala işleri boýunça kazynyň wezipeleri ýüklenilýär.
3. Kazyýetlerde maşgala işleri boýunça önümçiligiň işlerine seredilişiniň ýokary hilini we netijeliligini üpjün etmek maksady bilen, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklary etrap kazyýetinde we etrap hukukly şäher kazyýetinde kazynyň bardygyna garamazdan, şol kazyýetleriň maşgala işleri boýunça önümçiliginiň işlerine seretmegi beýleki deň derejeli kazyýetiň maşgala işleri boýunça kazysynyň üstüne wagtlaýyn ýüklemäge haklydyr. Şunda kazyýet kararynda maşgala işleri boýunça kazynyň işe ýörite kazy hökmünde seredýändigi görkezilmelidir.
100-nji madda. Maşgala işleri boýunça kazynyň wezipeleri
Şu Kanunyň 3-nji maddasynda göz öňünde tutulan kazyýetleriň wezipelerinden başga-da, maşgala işleri boýunça kazylar şu wezipeleri ýerine ýetirýärler:
1) seredilýän her bir işde, eger onuň netijeleri täsirini ýetirýän bolsa, çaganyň iň gowy bähbitlerini ileri tutmaklygy üpjün edýärler;
2) nika bozmak hakyndaky işler boýunça taraplaryň ýaraşmagy üçin her bir işiň aýratynlyklaryndan ugur alyp, zerur çäreleri görýärler we şunda maşgalanyň çaganyň, jemgyýetiň we döwletiň ösüşindäki ähmiýetiniň ileri tutulmagyny üpjün edýärler;
3) maşgala we onuň bilen bagly çygyrlardaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzmeklige işjeň gatnaşýarlar;
4) seredilýän her bir işde işiň hakyky ýagdaýlaryny anyklamak ýörelgesini gollanýarlar, kazyýete çenli taraplaryň ylalaşyga gelmegi üçin kanunda ýol berilýän çäreleri görýärler;
5) iş ýöredişe gatnaşyjylaryň diňlenmek hukugyny üpjün etmek üçin zerur bolsa ýa-da hereket edýän kanunçylyk talap edýän bolsa, degişli şahslaryň kazyýet mejlislerine gatnaşmagy we çykyş etmegi üçin şertleri döredýärler;
6) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda, beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
101-nji madda. Maşgala işleri boýunça kazy wezipesine
dalaşgäre bildirilýän talaplar
Maşgala işleri boýunça kazy wezipesine dalaşgär otuz ýaşy dolan, ýokary ýuridik bilimli, ýuridik hünäri boýunça azyndan ýedi ýyl, şol sanda bäş ýyl kazylyk iş döwri bolan we hünär dereje synagyndan geçen Türkmenistanyň raýaty bolup biler.
Maşgala işleri boýunça kazy wezipesine dalaşgäriň maşgalaly we şol ugurda alymlyk derejesiniň bolmagy ileri tutulýar.
102-nji madda. Maşgala işleri boýunça kazylaryň
bellenilmegi
Maşgala işleri boýunça kazylar Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň teklipnamasy boýunça Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär.
103-nji madda. Maşgala işleri boýunça kazynyň
ygtyýarlyklary
1. Maşgala işleri boýunça kazy kanunda göz öňünde tutulan maşgala gatnaşyklaryndan gelip çykýan işlere seredýär we şunda maşgalany saklamak üçin zerur çäreleri görýär.
2. Bir maşgalanyň dürli jedellerine, şol maşgala we onuň meseleleri boýunça bir bitewi garaýyşy üpjün etmek üçin, şol bir kazy tarapyndan seredilýär.
3. Maşgala işleri boýunça kazy şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kanunçylyk namalaryna laýyklykda, kazylar üçin bellenilen hukuklara eýedir we borçlary ýerine ýetirýär.
V BÖLÜM. KAZYÝETLERIŇ IŞINIŇ ÜPJÜN EDILMEGI
WE KAZYÝET KARARLARYNYŇ ÝERINE ÝETIRILMEGI
104-nji madda. Kazyýetleriň işiniň, iş dolandyryşynyň
guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi we
kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmegi
1. Kazyýetleriň işiniň hem-de iş dolandyryşynyň guramaçylyk taýdan üpjün edilmegi we adyl kazyýetligiň amala aşyrylmagyna oňyn şertleriň döredilmegi diýlip kazylaryň adyl kazyýetligi amala aşyrmaklary bilen baglanyşykly kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kodifikasiýasyny ýöredýän, olaryň kazyýet iş tejribesinde ulanylyşyny umumylaşdyrýan, işler boýunça ýüz tutmalaryň kanuny çözgüdini tapmaklaryna ýardam berýän, şeýle-de maliýe, maddy-tehniki we olaryň hakyky garaşsyzlygyny üpjün edýän başga häsiýetli çärelere düşünilýär.
2. Kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmegi diýlip, kazyýet kararlary, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda we halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda beýleki edaralaryň kararlary hem-de gaýry resminamalary esasynda açylýan ýerine ýetiriş önümçilikleriniň ýerine ýetirilmegine düşünilýär.
3. Şu maddanyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan wezipeleri Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň diwany hem-de onuň düzüminde döredilen müdirlikler, bölümler we beýleki düzüm birlikleri amala aşyrýarlar.
4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň müdirlikleriniň, olaryň bölümleriniň we beýleki düzüm birlikleriniň ygtyýarlyklary Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygynyň buýrugy bilen tassyklanylýan Düzgünnamalar esasynda kesgitlenilýär.
105-nji madda. Kazyýetiň diwany
1. Kazyýetiň diwany adyl kazyýetligi berjaý etmek boýunça iş üçin zerur şertleri döredýär, kazylar bilen bilelikde kazyýet iş tejribesini umumylaşdyrmaklyga gatnaşýar, kazyýetleriň kadaly işlemegine ýardam edýän beýleki işi amala aşyrýar. Kazyýetiň diwany degişli kazyýetiň başlygyna tabynlykda durýar.
2. Etrap kazyýetleriniň we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň diwanynyň, şol sanda bölümleriniň düzümi we işgärleriniň wezipe sanawy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy bilen ylalaşylyp, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň başlyklary tarapyndan tassyklanylýar.
3. Türkmenistanyň Arbitraž kazyýetiniň diwanynyň, welaýat kazyýetleriniň, welaýat hukukly we döwlet ähmiýetli şäher kazyýetleriniň diwanynyň, şol sanda bölümleriniň düzümi we işgärleriniň wezipe sanawy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanylýar.
4. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň diwanynyň, şol sanda müdirlikleriniň hem-de bölümleriniň düzümi we işgärleriniň wezipe sanawy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanylýar.
106-njy madda. Kazyýet işgärleri
1. Şu Kanunyň 104-nji maddasynyň birinji we ikinji böleklerinde göz öňünde tutulan wezipeleriň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän müdirlikleriň we bölümleriň müdirleri, müdirligiň müdiriniň orunbasarlary, maslahatçylary, kazyýet ýerine ýetirijileri, hünärmenleri, kazynyň kömekçileri kazyýet işgärleridir.
2. Kazyýet işgärleriniň zähmet hukuk gatnaşyklary şu Kanun we Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
3. Maşgala işleri boýunça kazy wezipesi girizilen kazyýetlerde maşgala psihology wezipesi girizilip bilner.
107-nji madda. Kazyýet ýerine ýetirijisi
Kazyýet ýerine ýetirijisi kazyýetleriň düzüminde durýar we ony wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi, onuň hukuk ýagdaýy, ygtyýarlyklary hem-de ýerine ýetiriş önümçiligini alyp barmagyň tertibi Türkmenistanyň ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
108-nji madda. Kazynyň kömekçisi
1. Kazynyň kömekçisi kazyýetlerde işleriň öz wagtynda we kanunda bellenilen tertipde seredilmegini guramaçylyk taýdan üpjün edýän wezipeli adamdyr.
2. Kazynyň kömekçisi:
1) işleri kazyýet seljerişine taýýarlaýar, kazynyň tabşyrygy esasynda taraplar bilen gürrüňdeşlik geçirýär we olaryň iş boýunça ýaraşmaga bolan meýillerini anyklaýar, talap etmäge degişli materiallary we çagyrmaly goşmaça şaýatlary aýdyňlaşdyrýar hem-de zerur hasap edilende, materiallary talap etmek we şaýatlary çagyrmak barada çäre görýär, kazynyň tabşyrygy boýunça jebir çekeniň şikaýaty boýunça gozgalýan jenaýat işleri boýunça jebir çekeni we aýyplanýany çagyrýar, olaryň ýaraşmaga bolan meýillerini anyklaýar. Jenaýat işi önümçilikden ýatyrylan halatynda, işi önümçilikden ýatyrmak baradaky kesgitnamanyň göçürilen nusgasyny prokurora iberýär, işi önümçilikden ýatyrylana we jebir çekene gowşurýar;
2) administratiw hukuk bozulmalary hakynda işler boýunça toplanan materiallaryň dolulygyna we seretmek mümkinçiligine garaýar, gelen netijesi barada kazyny habarly edýär;
3) işleriň kazyýet seljerişine bellenilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk işini ýerine ýetirýär;
4) işler boýunça kazyýete gelip gowşan arzalar we haýyşlar boýunça teklipleri taýýarlaýar we olary kazyýetde başlyklyk edijä berýär;
5) kazyýet kararlarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçilik edýär we ol barada kaza maglumat berýär;
6) serenjam hem-de kazyýet mejlislerinde kazyýet mejlisiniň kätibi hökmünde gatnaşýar;
7) kazyýet kararlaryna getirilen nägilelik şikaýaty, teklipnama, hususy şikaýat we hususy teklipnama bilen ýokary kazyýet basgançagynda nägilelik tertibinde seretmäge ibermek üçin işi taýýarlaýar;
8) jenaýat, raýat, administratiw, arbitraž, maşgala we beýleki işler boýunça kazyýet iş tejribesiniň umumylaşdyrylmagyna gatnaşýar;
9) şu Kanunda we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki işleri ýerine ýetirýär.
3. Kazynyň kömekçisi wezipesine ýokary ýuridik bilimi bolan Türkmenistanyň raýaty bellenip bilner.
109-njy madda. Türkmenistanyň kazyýet işgärleriniň
hünär derejesi
1. Kazyýetleriň işiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly işleri ýerine ýetirýän ýokary ýuridik bilimi bolan kazyýet işgärlerine Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda hünär derejesi berilýär.
2. Kazyýet edaralaryna işe kabul edilen işgäriň adalat we prokuratura edaralaryndaky iş we gulluk ýyllary hem-de ýuridik maslahathanalarda adwokat bolup işlän iş döwri kazyýet işgäriniň nobatdaky hünär derejesiniň berilmegine hukuk berýän iş döwrüne goşulýar.
3. Kazyýet işgärlerine hünär derejesini bermegiň tertibi we onuň üçin goşmaça tölegleriň möçberi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýär.
110-njy madda. Kazyýetleriň ylmy we beýleki
edaralary hem-de ýörite neşirleri
Şu Kanunyň 39-njy maddasynyň 6-njy bendinde göz öňünde tutulan ygtyýarlygyny amala aşyrmak üçin, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti ylmy we beýleki edaralary döredip hem-de ýörite neşirleri çykaryp biler.
VI BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
111-nji madda. Kazynyň kasamy
1. Ilkinji gezek kazy wezipesine bellenen kazylar şu aşakdaky mazmunly kasam edýärler:
«Men (familiýasy, ady, atasynyň ady), kazynyň wezipesine girişmek bilen, öz borçlarymy päk ýürekli we dogruçyl ýerine ýetirmäge, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun tarapyndan goralýan döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga, diňe Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna tabyn bolup, adyl kazyýetligi amala aşyrmaga, kazylyk borjumyň we wyždanymyň maňa emr edişi ýaly tarapgöýsüz we adalatly bolmaga dabaraly kasam edýärin».
2. Kazynyň kasamy Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumynyň mejlisinde Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň öňünde dabaraly ýagdaýda kabul edilýär.
112-nji madda. Kazyýetlerde döwlet häkimiýetiniň nyşanlary
Kazyýetiň binasynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy oturdylýar, kazyýetiň mejlisler otagynda bolsa Türkmenistanyň Döwlet tugrasy we Döwlet baýdagy ýerleşdirilýär.
113-nji madda. Adyl kazyýetlik amala aşyrylanda
resmi nyşanlar
1. Kazy adyl kazyýetligi amala aşyranda kazyýet mejlisinde bellenen tertipde ýörite geýimi (mantiýany) geýýär we adyl kazyýetligiň çekijini ulanýar.
2. Kazylaryň ýörite geýiminiň (mantiýanyň) we adyl kazyýetligiň çekijiniň teswirleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
3. Kazyýet mejlisinde ýörite geýimi (mantiýany) geýmegiň we adyl kazyýetligiň çekijini ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Plenumynyň karary bilen tassyklanylýar.
114-nji madda. Kazylaryň we kazyýet işgärleriniň lybaslary
1. Kazylar we hünär derejesi bolan kazyýet işgärleri özlerine berlen hünär derejesine laýyklykda, tapawutlandyryş nyşanlary dakylan lybaslary bellenilen tertipde geýýärler.
Lybaslaryň we tapawutlandyryş nyşanlarynyň görnüşleri, olaryň teswiri we olary geýmegiň kadalary hem-de olar bilen üpjün etmegiň ölçegleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýar.
2. Kazyýet edaralarynda iş döwri 20 ýyldan az bolmadyk we kazyýet işgäriniň ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi ýa-da ondan ýokary hünär derejesi bolan ýa-da kazynyň şu Kanunda göz öňünde tutulan hünär derejesi bolan, kazyýet edaralaryndan işden çykan adamlaryň gulluk lybasyny geýmäge hukugy bardyr. Bu kada kazyýet edaralarynyň işgäriniň abraýyny masgaralaýan etmişi edendigi üçin işden boşadylan ýa-da hünär derejesinden mahrum edilen adamlara degişli däldir.
115-nji madda. Kazynyň, kazyýet oturdaşynyň we kazyýet
işgärleriniň şahsyýetnamalary
1. Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygyna bellenilen nusgadaky şahsyýetnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan berilýär.
2. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryna we kazyýet oturdaşlaryna Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Prezidiumy tarapyndan tassyklanan nusgada we tertipde şahsyýetnamalar berilýär.
3. Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazyýet işgärlerine şu Kanuna we Türkmenistanyň ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda kanunçylygyna laýyklykda şahsyýetnama berilýär. Şahsyýetnamanyň nusgasy we onuň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň Başlygy tarapyndan tassyklanylýar.
116-njy madda. Türkmenistanyň kazyýetleriniň möhürleri
Türkmenistanyň kazyýetleriniň Türkmenistanyň Döwlet tugrasy şekillendirilen we Türkmenistanyň döwlet dilinde öz ady görkezilen möhürleri bardyr.
117-nji madda. Kazyýetleriň işiniň maliýeleşdirilmegi
we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi
1. Türkmenistanyň kazyýet edaralarynyň maliýeleşdirilmegi we maddy-tehniki taýdan üpjünçiligi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
2. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary özleriniň garamagyndaky çäklerde ýerleşýän kazyýet edaralaryny degişli gulluk jaýlary we beýleki zerur binalar bilen üpjün etmäge borçludyrlar.
3. Kazyýet edaralary ulag we tehniki serişdeler bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýän merkezleşdirilen tertipde üpjün edilýär.
118-nji madda. Şu Kanunyň herekete girizilmegi
1. Şu Kanun 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan herekete girizilýär.
2. Şu Kanunyň herekete girizilmegi bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ozal wezipä bellenilen, Türkmenistanyň etrap we etrap hukukly şäher kazyýetleriniň administratiw we ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça kazylaryny ygtyýarlyklarynyň galan möhletine degişlilikde şol kazyýetleriň kazylary diýip hasaplamaly.
3. Şu Kanunyň herekete girizilen gününden şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1) 2009-njy ýylyň 15-nji awgustyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 3, 50-nji madda);
2) 2012-nji ýylyň 7-nji fewralyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 26-njy madda);
3) 2012-nji ýylyň 25-nji sentýabryndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3, 83-nji madda);
4) 2014-nji ýylyň 8-nji noýabryndaky «Kazyýet hakynda» (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 4, 135-nji madda);
5) 2015-nji ýylyň 28-nji fewralyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2015 ý., № 1, 22-nji madda);
6) 2016-njy ýylyň 26-njy martyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 61-nji madda);
7) 2016-njy ýylyň 12-nji sentýabryndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 3, 117-nji madda);
8) 2017-nji ýylyň 20-nji martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň 5-nji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 31-nji madda);
9) 2018-nji ýylyň 9-njy iýunyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 2, 38-nji madda);
10) 2019-njy ýylyň 2-nji martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň 5-nji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý., № 1, 9-njy madda);
11) 2020-nji ýylyň 14-nji martyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 1, 5-nji madda);
12) 2021-nji ýylyň 13-nji martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň 5-nji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 1, 14-nji madda);
13) 2021-nji ýylyň 18-nji dekabryndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2021 ý., № 4, 148-nji madda);
14) 2022-nji ýylyň 8-nji maýyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň 4-nji bölegini (Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Maglumatlary, 2022 ý., № 2, 30-njy madda);
15) 2023-nji ýylyň 16-njy martyndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň 18-nji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 1, 5-nji madda);
16) 2023-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 2, 28-nji madda);
17) 2023-nji ýylyň 30-njy sentýabryndaky «Kazyýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 3, 72-nji madda);
18) 2023-nji ýylyň 25-nji noýabryndaky «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I bölüminiň 5-nji bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2023 ý., № 4, 89-njy madda).
Türkmenistanyň Serdar
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2025-nji ýylyň 12-nji apreli.
№ 151-VII.