Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY

 

 

 

Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak

syýasatynyň hukuk esaslary hakynda

 

 

 

Şu Konstitusion kanun hemişelik bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarynda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitleýär.

 

1-nji madda. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we

     ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary

1. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak çygryndaky döwlet syýasaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny we ynsanperwerlik ýörelgelerini kesgitleýän «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunyna hem-de şu Konstitusion kanuna esaslanýar.

2. Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň halkara hukuk esaslaryny halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky, 2015-nji ýylyň           3-nji iýunyndaky hem-de 2025-nji ýylyň 21-nji martyndaky «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Rezolýusiýalary hem-de parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen beýleki halkara hukuk resminamalary düzýär.

 

2-nji madda. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň

     esasy ýörelgeleri

Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasy ýörelgeleri şulardan ybaratdyr:

1) bitaraplyk;

2) deňhukuklylyk;

3) adamyň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak;

4) birek-birege hormat goýmak;

5) özara ynam, açyklyk we hormat esasynda hyzmatdaşlyk;

6) hoşniýetli goňşuçylyk;

7) güýç ulanmazlyk we güýç ulanmak howpuny salmazlyk, harby bileleşiklere hem-de birleşmelere gatnaşmazlyk;

8) beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk;

9) jedelleriň öňüni almak we olary parahatçylyk ýollary bilen çözmek;

10) ynsanperwerlik;

11) halkara gatnaşyklarynda «Dialog - parahatçylygyň kepili» filosofiýasyna eýermek;

12) halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak;

13) halkara borçnamalary ak ýürekden ýerine ýetirmek;

14) döwletleriň deňhukuklylygyny we özygtyýarlylygyny hormatlamak.

 

3-nji madda. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň

                        esasy maksatlary

Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň esasy maksatlary şulardan ybaratdyr:

1) Birleşen Milletler Guramasynyň esasgoýujy ýörelgelerine, gymmatlyklaryna we maksatlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak;

2) ynam we açyklyk esasynda gatnaşyklary ösdürmek;

3) sebit we dünýä derejesinde ynamy berkitmek, howpsuzlygy güýçlendirmek;

4) Türkmenistanyň durnukly ösmegi üçin amatly daşarky şertleri döretmek;

5) parahatçylyk we ynanyşmak arkaly Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak boýunça köptaraplaýyn tagallalary birleşdirmek;

6) deňhukukly we sazlaşykly dialogyň esasynda jedelleriň we gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözülmegi üçin ynanyşykly dialog medeniýetini ösdürmek;

7) dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmekde täsirli gural hökmünde Bitaraplygyň dostlary toparynyň işini ösdürmek;

8) parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny durmuşa geçirmekde parlament diplomatiýasynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak;

9) parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini ykrar etmegiň toplumlaýyn çemeleşmelerini öz içine alýan Ählumumy Howpsuzlyk Strategiýasy baradaky Türkmenistanyň başlangyjyny ýaýbaňlandyrmak we onuň ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak;

10) parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek we goldamak;

11) «Türkmenistan - Birleşen Milletler Guramasy» strategik maslahat beriş geňeşiniň işine goldaw bermek;

12) Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça ulag arabaglanyşygynyň maksatlaryny we bu ugurdaky alnyp barylýan işleriň durmuşa geçirilmegini goldamak;

13) halkara gatnaşyklar ulgamynda döwletiň milli bähbitlerini yzygiderli goramak;

14) daşary ýurtlar bilen ikitaraplaýyn, şonuň ýaly-da köptaraplaýyn görnüşde dostlukly, açyk, köpugurly, milli bähbitleriň gapma-garşylyksyz ileri tutulmagyna hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan döwletara birleşikler we halkara guramalar hem-de forumlar arkaly toplumlaýyn özara gatnaşyklary ösdürmek;

15) hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak we halkara giňişliginde ýaýmak arkaly Türkmenistanyň dünýäde parahatçylyk dörediji, ylalaşdyryjy-araçyllyk merkezi hökmünde ornuny berkitmek.

 

4-nji madda. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň

                        ileri tutulýan ugurlary

Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary şulardan ybaratdyr:

1) Durnukly ösüş maksatlaryny ilerletmek boýunça hyzmatdaşlygyň ulgamlaýyn strategiýasyny işjeňleşdirmek arkaly geljegiň ykdysadyýetine täze çemeleşmeleri we uzak möhletleýin nusgalary döretmek; 

2) pes uglerodly energetika geçmek, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak, energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalara elýeterliligi üpjün etmek, energetiki geçişi amala aşyrmagyň täze çeşmelerini ornaşdyrmak arkaly «ýaşyl ykdysadyýet», «akylly şäher» strategik ugurlaryny ösdürmek;

3) demokratik institutlar, adam hukuklaryny we azatlyklaryny        hem-de kanuny bähbitlerini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň edaralary bilen birek-birege hormat goýmak esasynda netijeli gatnaşyklary ösdürmek;

4) energiýa serişdeleriniň daşarky bazarlara howpsuz üstaşyr geçelgelerini döretmek;

5) ulag-aragatnaşyk ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek;

6) daşky gurşawyň goragyny we ekologiýa taýdan abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek;

7) Merkezi Aziýada çölleşmä garşy göreşmek, suw serişdelerini rejeli we adalatly peýdalanmaga gönükdirilen tagallalary birleşdirmek;

8) Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň hem-de ýaşlaryň halkara gatnaşyklarda we parahatçylykly başlangyçlarda işjeňligini artdyrmak;

9) medeniýetleriň arasyndaky dialogy ösdürmek, halklaryň we döwletleriň özboluşly medeniýetlerine, däp-dessurlaryna hormat goýmak arkaly medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek we bu ugurda halk diplomatiýasynyň mümkinçiliklerini ulanmak;

10) dünýäniň ykdysady we medeni-ynsanperwer giňişligine deňhukukly goşulmak, bu gatnaşyklaryň mundan beýläk hem ösdürilmegine we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna ýardam berjek zerur şertleri döretmek;

11) Türkmenistanda halkara maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine we giňeldilmegine zerur bolan daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin amatly şertleri döretmek babatda hyzmatdaşlygy alyp barmak;

12) ýurtlaryň arasynda uzak möhletleýin daşary söwda-ykdysady syýasatyny giňişleýin we netijeli utgaşdyrmak.

 

5-nji madda. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny durmuşa

                        geçirmekde «Dialog - parahatçylygyň kepili»

                        filosofiýasy

«Dialog - parahatçylygyň kepili» filosofiýasyny öňe sürmegiň maksatlary şu aşakdakylardan ybaratdyr:

1) «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly filosofiki ýörelgäni parahatçylyk we ynanyşmak babatda halkara gatnaşyklaryň baş ýörelgesine öwürmek;

2) halkara we sebit derejesinde ýüze çykýan gapma-garşylyklary hem-de garşy durmalary çözmegiň ýeke-täk kabul ederlikli usuly hökmünde diplomatik gepleşikleri ykrar etmek;

3) häzirki zaman wehimleriň we howplaryň öňüni almaga, olaryň täsirini peseltmäge gönükdirilen çäreleri amala aşyrmak;

4) hemmetaraplaýyn, doly görnüşli, köp derejeli we ulgamlaýyn dialogyň ýola goýulmagynyň tarapdary hökmünde çykyş etmek.

6-njy madda. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynda

                         ynsanperwerlik

1. Türkmenistan adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy hökmünde ykrar etmek bilen, halkara gatnaşyklarda ynsanperwerlige parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde garaýar.

2. Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny amala aşyrmagyň çägindäki ynsanperwerlik tagallalarynda umumadamzat gymmatlyklaryny we adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmegi esasgoýujy ýörelge hökmünde kabul edýär.

3. Halkara gatnaşyklarda ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň mümkinçilikleriniň ulanylmagy ileri tutulýar.

4. Türkmenistanyň jemgyýetçilik gaznalary özüne mahsus bolan milli tejribesine daýanmak bilen, halkara ynsanperwerlik guramalary we gaznalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy guraýarlar.

5. Halkara gatnaşyklary ynsanperwerleşdirmegiň möhüm ugry hökmünde bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmegi üçin şertleriň döredilmeginde Türkmenistan milli tejribesini ýaýbaňlandyrýar.

6. Türkmenistan halkara we sebit guramalary bilen netijeli we işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmak bilen, parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň berkidilmegine, deňagramly we birleşdiriji häsiýete eýe bolan gün tertibiniň döredilmegine ýardam edýär.

7. Türkmenistan goňşy we sebit ýurtlary bilen ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary alyp barýar. Bu ugurda adam hukuklarynyň goralmagy, medeni, ylym-bilim ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň ösdürilmegi, ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga ýardam edýän çäreleriň geçirilmegi boýunça başlangyçlaryň amala aşyrylmagyna gönükdirilen tagallalary goldaýar.

 

7-nji madda. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň

                        berkidilmeginde öňüni alyş diplomatiýasy

Parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmeginde öňüni alyş diplomatiýasy şulara gönükdirilendir:

1) Birleşen Milletler Guramasynyň öňüni alyş diplomatiýasy boýunça institutlarynyň, ýörite syýasy wekilhanalarynyň, ilkinji nobatda, Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işlerine goldaw bermäge;

2) Merkezi Aziýa we oňa ýanaşyk sebitleriň meseleleriniň toplumy boýunça maslahat beriş-bilermenlik dialogynyň we köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň binýadynyň döredilmegine we ilerledilmegine hem-de öňüni alyş diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklaryň tejribesine ornaşdyrylmagyna ýardam bermäge;

3) sebit we beýleki ýurtlar bilen özara ynanyşmaga esaslanýan gatnaşyklary goldamaga.

 

8-nji madda. Parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde

                        parlament diplomatiýasy

Parlament diplomatiýasynyň wezipeleri şulardan ybaratdyr:

1) parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny durmuşa geçirmegiň kadalaşdyryjy hukuk binýadyny berkitmek;

2) Türkmenistanyň parahatçylyk dörediji daşary syýasatyny halkara jemgyýetçiligine giňden ýaýmak boýunça daşary ýurtlaryň parlamentleri bilen parlamentara dostluk toparlarynyň hem-de parlamentara dialogyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak;

3) dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegi ugrunda halkara parlamentara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek.

 

9-njy madda. Halkara gatnaşyklarda parahatçylygy

                         we ynanyşmagy ösdürmekde 

                         Bitaraplygyň dostlary topary

Bitaraplygyň dostlary toparynyň maksatlary şulardan ybaratdyr:

1) parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde giň mümkinçilikleriň döredilmegi üçin ähli sagdyn we jogapkärli güýçleri, döwletleri ýa-da ýurtlaryň toparlaryny birleşdirýän meýdança hökmünde Bitaraplygyň dostlary toparyna agzalyga ýurtlaryň çekilmegine ýardam etmek;

2) Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan parahatçylyk dörediji milli tejribesini halkara gatnaşyklar ulgamyna ornaşdyrmakda Bitaraplygyň dostlary toparynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak;

3) Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine gönükdirilen duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegine ýardam bermek we öňe sürýän başlangyçlarynyň hem-de teklipleriniň durmuşa geçirilmegi boýunça tagallalary birleşdirmek;

4) parahatçylygyň we ynanyşmagyň ynsanperwer ýörelgelerini, sagdyn, bilimli ýaşlary kemala getirmegi wagyz etmek hem-de bu işe ählumumy derejede ýaşlaryň goşulyşmagyny gazanmak maksady bilen, Bitaraplygyň dostlary toparynyň işinde jemgyýetçilik torlaryny we sanly diplomatiýany amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ulanmak.

 

10-njy madda. Parahatçylygyň we ynanyşmagyň berkidilmegi

                           babatda halkara hyzmatdaşlyk

1. Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň öz ygtyýaryna girýän islendik meseleleri çözmekde onuň ileri tutulmagyny ykrar edýär hem-de ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün edýän, ähli hukuk ygtyýarlyklaryna eýe bolan ýeke-täk halkara gurama hökmünde möhüm ornunyň berkidilmegini goldaýar.

2. Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi hem-de parahatçylygyň we özara ynanyşmagyň üpjün edilmegi boýunça daşary ýurt döwletleri we halkara guramalar bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda  hyzmatdaşlygy amala aşyrýar.

 

11-nji madda. Parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň

                          durmuşa geçirilmegi

Bitarap Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň durmuşa geçirilmegi babatda ykdysady, guramaçylyk we hukuk şertlerine mümkinçilikleriň döredilmegine ýardam edýär we bu syýasatyň esaslarynyň amala aşyrylmagynda tagallalary birleşdirýär.

Türkmenistan parahatçylyk we ynanyşmak syýasatyny wagyz etmek babatda halkara forumlaryň we maslahatlaryň umumy syýasy meýdançasy bolup durýar.

 

12-nji madda. Şu Konstitusion kanunyň herekete girizilmegi

Şu Konstitusion kanun gol çekilen pursadyndan herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Serdar

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

Aşgabat şäheri.

2025-nji ýylyň 19-njy sentýabry.

№ 170-VII.