Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin

Döwlet býujeti hakynda

 

 

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 131 845,1 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 36 500,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda

Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 119 703,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça         24 358,2 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2026-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

 

goşulan baha üçin

salgytdan

peýdadan alynýan

salgytdan

ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri

5,1%

5,0%

6,0%

Arkadag şäheri

100,0%

100,0%

0%

Ahal welaýaty

96,0%

96,0%

97,0%

Balkan welaýaty

25,0%

25,0%

24,0%

Daşoguz welaýaty

100,0%

100,0%

100,0%

Lebap welaýaty

100,0 %

100,0 %

100,0%

Mary welaýaty 

80,0%

81,0%

81,0%

 

 

4-nji madda

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden Arkadag şäheriniň we welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara 3 379,2 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Arkadag şäheri   256,9mln. manat
Daşoguz welaýaty1 911,3mln. manat
Lebap welaýaty1 211,0mln. manat

 

5-nji madda

Ýerli býujetleri 15 521,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat, Arkadag şäherleriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri

2 742,8

    mln. manat
Arkadag şäheri

    299,9

    mln. manat
Ahal welaýaty

1 893,8

    mln. manat
Balkan welaýaty

1 662,3

    mln. manat
Daşoguz welaýaty

2 808,7

    mln. manat
Lebap welaýaty

3 125,6

    mln. manat
Mary welaýaty

2 987,9

    mln. manat

 

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2026-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda bank karzlary boýunça bergini üzmek, döwletiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek ugurlaryny maliýeleşdirmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

9-njy madda

Hökmany döwlet pensiýa ätiýaçlandyrmasyna pensiýa gatançlary Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň býujetiniň girdejiler boýunça göz öňünde tutulan meýilnamasyndan artyk gelip gowşan halatynda, Türkmenistanyň Pensiýa gaznasyna tölegler Döwlet býujetiniň çykdajylar boýunça bellenen meýilnamasyndan şol möçberde artyk amala aşyrylyp bilner diýip bellemeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                        Serdar

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2025-nji ýylyň 22-nji noýabry.

№ 178-VII.