Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer
kömegi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 3, 34-nji madda)
Şu Kanun adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömeginiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) adatdan daşary ýagdaýda halkara ynsanperwer kömegi (mundan beýläk ‒ halkara kömegi) – adatdan daşary ýagdaýy ýok etmekde we onuň netijelerini aradan aýyrmakda, heläkçilikden halas ediş, dikeldiş, şeýle hem beýleki gaýragoýulmasyz işleri geçirmekde hemaýatkär subýekt tarapyndan islendik döwlete berilýän kömek;
2) «Bir penjire» ýörelgesi – halkara kömegi çygrynda dessin özara ylalaşykly hereket etmek, Türkmenistana gelýän halkara işgärler toparyny (personaly), harytlary, üpjünçilik närselerini, enjamlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň Döwlet serhedinden ýeňilleşdirilen we tizleşdirilen tertipde geçirmek maksady bilen, halkara kömegini bermek boýunça döredilen iş toparlarynyň işiniň bir bitewi ulgama birikdirilen tertibi;
3) halkara hemaýatkär subýekt – Türkmenistana halkara kömegini bermäge gatnaşýan ýa-da daşary ýurt döwletine halkara kömegini bermek üçin Türkmenistanyň çäginden halkara işgärler toparyny, harytlary, üpjünçilik närselerini, enjamlary we ulag serişdelerini üstaşyr geçirýän daşary ýurt döwleti, onuň ýuridik ýa-da fiziki şahsy, halkara gurama, hökümetara gurama, hökümete dahylsyz halkara gurama;
4) halkara işgärler topary – halkara hemaýatkär subýekt tarapyndan işgärler ýa-da meýletinçiler hökmünde hakyna tutulmagyna çenli Türkmenistanyň raýaty ýa-da Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar bolup durmadyk, Türkmenistana halkara kömegini bermäge gatnaşýan daşary ýurt döwletiniň fiziki şahslary;
5) hemaýatkär subýekt – Türkmenistanyň çäginde, şonuň ýaly-da daşary ýurt döwletiniň çäginde halkara kömegini bermäge gatnaşýan halkara ýa-da milli hemaýatkär subýekt;
6) hukuk ýeňillikleri – şu Kanuna laýyklykda hukuga eýe subýekte berilýän aýratyn hukuklar we artykmaçlyklar;
7) hukuga eýe subýekt – oňa şu Kanun bilen bellenilen hukuk ýeňilliklerini almaga hukuk berýän çözgüt kabul edilen hemaýatkär subýekt;
8) hyzmatlar – adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenlere halkara kömegini bermek (durmuş, jemagat, lukmançylyk we gaýry hyzmatlar, gözleg-halas ediş işleri), olaryň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin ýerine ýetirilýän işler ýa-da hereketler;
9) milli hemaýatkär subýekt – Türkmenistanyň çäginde, şonuň ýaly-da daşary ýurt döwletiniň çäginde halkara kömegini bermäge gatnaşýan Türkmenistanyň ýuridik şahsy ýa-da raýatlary, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar;
10) ulag serişdeleri – Türkmenistanyň çäginde, şonuň ýaly-da daşary ýurt döwletiniň çäginde halkara kömegini bermek üçin hemaýatkär subýekt tarapyndan ýa-da onuň adyndan ulanylýan, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen ulag serişdeleri;
11) üpjünçilik närseleri – halkara kömegini bermek üçin niýetlenen maddy-tehniki, azyk, lukmançylyk we beýleki harytlar hem-de serişdeler, şeýle hem adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenleriň zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin niýetlenen ilkinji zerur närseler (iýmit önümleri, geýim, aýakgap, arassaçylyk närseleri, derman serişdeleri, lukmançylyk maksatlaryna niýetlenen önümler we başgalar);
12) ýerli işgärler topary – halkara kömegini bermek maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan ugradylýan ýa-da halkara hemaýatkär subýekt tarapyndan hakyna tutma işgärler ýa-da meýletinçiler hökmünde hakyna tutulýan Türkmenistanyň raýatlary, şeýle hem Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar.
2-nji madda. Halkara kömeginiň hukuk esasy
Halkara kömeginiň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun, halkara kömeginiň meselelerini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem halkara hukugynyň umumy ykrar edilen ýörelgeleri we kadalary düzýärler.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanun adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan halatynda Türkmenistana halkara kömegini bermegiň, halkara kömegine mätäç daşary ýurt döwletine halkara kömeginiň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmeginiň, Türkmenistan tarapyndan daşary ýurt döwletlerine halkara kömegini bermegiň esaslaryny kesgitleýär.
2. Şu Kanunyň düzgünleri ýaragly çaknyşyk şertlerinde ýa-da ýaragly çaknyşygyň netijesinde ýüze çykan adatdan daşary ýagdaý şertlerinde ulanylmaýar. Şeýle şertlerde halkara kömeginiň berilmegi Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary
Şu Kanunyň maksatlary şular bolup durýar:
1) halkara kömegi berlende döwlet edaralarynyň, hemaýatkär subýektleriň wezipelerini, ygtyýarlyklaryny we jogapkärçiligini bellemek;
2) Türkmenistan tarapyndan daşary ýurt döwletine halkara kömegini bermek;
3) halkara kömegini berýän hemaýatkär subýektiň hökman laýyk gelmegine bildirilýän iň pes talaplary kesgitlemek;
4) çäginde adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan daşary ýurt döwletlerine Türkmenistanyň çäginden üstaşyr daşamalary geçirmekde ýardam bermek arkaly Türkmenistan tarapyndan halkara kömegini bermek;
5) halkara kömegini bermek boýunça başlangyç bilen çykyş etmegiň, ony utgaşdyrmagyň we işini bes etmegiň tertibini kesgitlemek;
6) Türkmenistanyň çäginde adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda hemaýatkär subýekt tarapyndan halkara kömegini bermek;
7) ilkinji zerur närseler bilen gaýragoýulmasyz üpjün etmek, ilatyň adatdan daşary ýagdaýlara hukuk, guramaçylyk taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmakda ýardam bermek arkaly adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken adamlaryň kömege mätäçligini azaltmaga ýardam bermek.
5-nji madda. Halkara kömegini bermegiň esasy ýörelgeleri
Halkara kömegini bermegiň esasy ýörelgeleri şular bolup durýarlar:
1) ynsanperwerlik;
2) bitaraplyk;
3) tarapgöýsüzlik;
4) meýletinlik;
5) elýeterlilik;
6) muzdsuzlyk;
7) dessinlik;
8) howpsuzlyk;
9) hyzmatdaşlyk.
II BAP. HALKARA KÖMEGINI BERMEK ÇYGRYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE GÖZEGÇILIGI
6-njy madda. Halkara kömegini bermek çygrynda döwlet
düzgünleşdirmesini we gözegçiligini
amala aşyrmak
Halkara kömegini bermek çygrynda döwlet düzgünleşdirmesi we gözegçiligi öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet topary (mundan beýläk ‒ Döwlet topary), halkara kömegini bermek çygrynda ygtyýarlandyrylan edara (mundan beýläk ‒ ygtyýarlandyrylan edara), ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti halkara kömegini bermek çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
3) şulary tassyklaýar:
a) Halkara kömegini bermegiň, almagyň we üstaşyr geçirmegiň Tertibini;
b) «Bir penjire» ýörelgesi esasynda halkara kömegini bermek boýunça işiň Tertibini.
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
8-nji madda. Döwlet toparynyň ygtyýarlylygy
Döwlet topary halkara kömegini bermek çygrynda:
1) adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we özara hereket etmek boýunça bitewi döwlet ulgamynyň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrýar;
2) adatdan daşary ýagdaýyň görnüşine we aýratynlygyna baglylykda döwlet edaralarynyň özara hereketlerini we işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrýan ygtyýarlandyrylan edarany kesgitleýär;
3) ygtyýarlandyrylan edaranyň ýolbaşçylygynda Dolandyryş merkeziniň işini ýola goýýar hem-de Dolandyryş merkeziniň teklipleri esasynda ýerine ýetirilmegi hökmany bolan çözgütleri kabul edýär;
4) zerur üpjünçilik närseleriniň we hyzmatlaryň Sanawyny tassyklaýar;
5) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
9-njy madda. Ygtyýarlandyrylan edaranyň ygtyýarlylygy
1. Ygtyýarlandyrylan edara halkara kömegini bermek çygrynda beýleki döwlet edaralarynyň özara ylalaşykly hereketlerini we işini utgaşdyrýan döwlet edarasy bolup durýar.
2. Ygtyýarlandyrylan edara:
1) halkara kömegini bermek çygrynda taýýarlyk çäreleriniň geçirilmegini guraýar, halkara kömeginiň berilýän döwründe ilaty, maddy we medeni gymmatlyklary goramak maksady bilen, zerur güýçleri hem-de serişdeleri taýýarlyk ýagdaýyna getirýär;
2) şularyň işlenip taýýarlanylmagyny guraýar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýär:
a) Halkara kömegini bermegiň, almagyň we üstaşyr geçirmegiň Tertibini;
b) «Bir penjire» ýörelgesi esasynda halkara kömegini bermek boýunça işiň Tertibini;
3) Türkmenistana halkara kömeginiň berilmeginiň zerurlygyna baha berýär we bu barada teklipleri taýýarlaýar;
4) ýerli işgärler toparyny adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan zolaga ugratmaga taýýarlamak boýunça döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmagy amala aşyrýar;
5) halkara kömegini bermek meselelerinde degişli hemaýatkär subýektler bilen özara hereket edýär;
6) halkara kömegini bermek meseleleri boýunça umumy usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar;
7) degişli döwlet edaralary tarapyndan iş toparlarynyň düzümine gatnaşmak üçin bellenilen işgärler toparynyň sanawyny işläp taýýarlaýar we ýöredýär;
8) halkara kömegini bermek çygrynda ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda dessin hereketleriň we hereketleri utgaşdyrmagyň meýilnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyny we ylalaşylmagyny guraýar, şeýle hem ony tassyklaýar;
9) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
10-njy madda. Ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary halkara kömegini bermek çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
2) şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýarlar;
3) ygtyýarlandyrylan edara bilen özara ylalaşykly hereketleri guraýarlar;
4) garamagyndaky edaralarda we kärhanalarda halkara kömegini bermek çygrynda taýýarlyk çäreleriniň geçirilmegini guraýarlar, halkara kömegi berilýän döwürde ilaty, maddy we medeni gymmatlyklary goramak maksady bilen, zerur güýçleri we serişdeleri taýýarlyk ýagdaýyna getirýärler;
5) özleriniň alyp barýan iş ugurlary boýunça zerur bolan işleri amala aşyrýarlar;
6) halkara kömeginiň berilmegi hakynda daşary ýurt döwletine, halkara guramasyna, hökümetara gurama ýa-da halkara jemgyýetçiligine ýüzlenme bilen ýüz tutmagyň zerurlygyna baha bermek we bu barada teklipleri taýýarlamak işlerine gatnaşýarlar;
7) hemaýatkär subýekt tarapyndan halkara kömegini bermek boýunça Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan işlere öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet gözegçiligini amala aşyrýarlar;
8) ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň arasynda dessin hereketleriň we özara gatnaşyklaryň utgaşdyrylmagy boýunça meýilnamanyň işlenip taýýarlanylmagyna we ylalaşylmagyna gatnaşýarlar;
9) şu Kanunda göz öňünde tutulan halkara kömegini bermek boýunça iş toparlaryna zerurlyga görä öz wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün edýärler;
10) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
11-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň
we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň
ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary halkara kömegini bermek çygrynda:
1) ilaty, maddy we medeni gymmatlyklary goramak üçin zerur güýçleriň we serişdeleriň taýýarlanylmagyny we taýýar ýagdaýda saklanylmagyny amala aşyrýarlar;
2) ewakuasiýa (göçüriş) çärelerini geçirmek barada çözgüt kabul edýärler we olaryň geçirilmegini guraýarlar;
3) halkara kömegini bermek üçin maliýe we maddy serişdeleriň ätiýaçlygyny döredýärler;
4) heläkçilikden halas ediş we beýleki işleri guraýarlar hem-de geçirýärler, şeýle hem olar amala aşyrylanda jemgyýetçilik tertibini saklaýarlar;
5) adatdan daşary ýagdaýyň ýüze çykmak howpunyň bardygy ýa-da ýüze çykandygy hakynda ilaty öz wagtynda habardar etmegi üpjün edýärler;
6) döwlet edaralaryna adatdan daşary ýagdaýlar hakynda we adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk barada ilata maglumat bermek we habarly etmek boýunça ýöriteleşdirilen tehniki habar beriş serişdeleri gurnamak üçin ýerleri bölüp bermekde we (ýa-da) gurnamakda ýardam edýärler;
7) Türkmenistanyň kanunçylygy bilen öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
III BAP. TÜRKMENISTANA HALKARA KÖMEGINI
BERMEGIŇ ESASLARY
12-nji madda. Türkmenistana halkara kömeginiň
berilmeginiň zerurlygyna baha bermek
1. Ygtyýarlandyrylan edara ýüze çykan adatdan daşary ýagdaý zerarly ýetirilen zyýanyň (zeleliň) aýratynlygyna, görnüşine we möçberine laýyklykda ýagdaýa seljeriş geçirip, Türkmenistana halkara kömeginiň berilmeginiň zerurlygyna baha bermegi amala aşyrýar.
2. Uly möçberli adatdan daşary ýagdaý ýüze çykanda ygtyýarlandyrylan edara zerurlyklaryň we ýetirilen zyýanyň (zeleliň) ilkinji baha berilmesinden ugur alyp, içerki mümkinçilikleriň ýeterlikdigi we Türkmenistana halkara kömegini bermegiň zerurlygynyň ýokdugy barada netijä gelip biler. Türkmenistana halkara kömegini bermegiň zerurlygyna baha bermek uly möçberli adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmazyndan öň hem amala aşyrylyp bilner.
3. Täze dessin maglumatlaryň gelip gowşuşyna görä, ygtyýarlandyrylan edara içerki mümkinçilikleriň ýeterlikdigi we Türkmenistana halkara kömegini bermegiň zerurlygynyň ýokdugy ýa-da ony bes etmek hakyndaky teklibine gaýtadan seredip biler.
4. Eger ygtyýarlandyrylan edara tarapyndan adatdan daşary ýagdaýyň möçberini hasaba almak bilen, içerki mümkinçiligiň ýeterlik däldigi hakynda netijä gelnen halatynda, onda ol Türkmenistana halkara kömegini bermek hakynda halkara hemaýatkär subýekte ýüzlenme bilen ýüz tutmagyň zerurdygy barada Döwlet toparyna teklip berip biler.
5. Döwlet topary ygtyýarlandyrylan edaranyň teklibine garap, Türkmenistana halkara kömegini bermek hakynda halkara hemaýatkär subýekte ýüzlenme bilen ýüz tutmagyň zerurdygy hakynda çözgüt çykarýar.
13-nji madda. Türkmenistana halkara kömeginiň
berilmegi hakynda ýüzlenme
1. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Döwlet toparynyň çözgüdi esasynda Türkmenistana halkara kömeginiň berilmegi hakynda halkara hemaýatkär subýekte ýüzlenme iberýär.
2. Görkezilen ýüzlenme aýry-aýry halkara hemaýatkär subýektlere iberilip bilner ýa-da tutuş halkara jemgyýetçiligine gönükdirilen umumy ýüzlenme görnüşinde hem bolup biler.
3. Umumy ýüzlenme, ony mümkin bolan halkara hemaýatkär subýektleriň arasynda ýaýratmak maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Ynsanperwer Utgaşdyryjysyna ýa-da Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysyna ugradylýar.
4. Ýüzlenme şulary özünde saklamalydyr:
1) Döwlet topary tarapyndan tassyklanylýan zerur üpjünçilik närseleriniň we hyzmatlaryň Sanawyna laýyklykda, halkara kömeginiň möçberi we görnüşleri, ony bermegiň şertleri hakynda maglumatlary;
2) halkara hemaýatkär subýektler tarapyndan teklipleri we halkara kömegini bermegiň tertibi hakynda maglumatlary.
5. Halkara hemaýatkär subýekte iberilen ýüzlenmäniň ýany bilen halkara kömeginiň berilmegi boýunça usuly maslahatlar hem goşulmalydyr.
14-nji madda. Halkara kömeginiň berilmegi hakynda
teklip we onuň kabul edilmegi
1. Türkmenistana halkara kömegini bermek üçin halkara hemaýatkär subýektler degişli teklibi Türkmenistana iberip bilerler. Türkmenistana halkara kömegi diňe şu maddada bellenilen tertipde, eger Türkmenistan tarapyndan görkezilen teklip kabul edilen ýagdaýynda berlip bilner.
2. Türkmenistana halkara kömegini bermäge gyzyklanýan hökümetara guramalar özleriniň tekliplerini diplomatik ýollar arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine iberýärler. Tekliplerde halkara kömegini bermegiň görnüşleri, möçberi, möhletleri we ony bermegiň çak edilýän dowamlylygy görkezilýär. Döwlet topary teklipleri dolulygyna ýa-da bölekleýin kabul edip ýa-da olardan ýüz dönderip biler.
3. Harby çygyrdaky subýektler bilen hyzmatdaşlyk etmek arkaly Türkmenistana halkara kömegini bermegi meýilleşdirýän halkara hemaýatkär subýektler şu Kanunda we Türkmenistanyň halkara şertnamasynda bellenilen tertipde degişli tekliplerini berýärler.
4. Türkmenistana halkara kömegini bermek barada umumy ýüzlenme iberilen ýagdaýynda şu Kanunyň VII babyna laýyklykda, hukuk ýeňilliklerini almaga hukugy bar diýlip öň ykrar edilen ýa-da hasap edilen halkara hemaýatkär subýektlerden resmi teklip ibermek talap edilmeýär.
5. Halkara hemaýatkär subýektler (daşary ýurt döwletleri we hökümetara guramalary muňa degişli däldir) umumy ýüzlenmede beýan edilen şertleri berjaý etmäge we halkara kömegini bermegiň görnüşleri, möçberi, möhletleri we ony bermegiň çak edilýän dowamlylygy barada kömegiň gelmezinden ýetmiş iki sagatdan az bolmadyk wagt öňünden ygtyýarlandyrylan edara ýa-da Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine habar bermäge borçludyrlar.
6. Türkmenistana halkara kömegini bermek hakynda umumy ýüzlenme bolmadyk mahalynda halkara hemaýatkär subýektler öz başlangyjy boýunça tekliplerini diplomatik ýollar arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine iberip bilerler.
7. Türkmenistana halkara kömegini bermek hakyndaky teklibi kabul etmek ýa-da kabul etmezlik hakynda Döwlet toparynyň çözgüdi zerurlyklaryň soňky baha berilmesinden ugur alnyp, gelip gowşan teklipleri hasaba almak bilen kesgitlenilýär.
15-nji madda. Türkmenistana halkara kömegini
bermegiň başlanmagy
Türkmenistana halkara kömegini bermegiň başlanýan wagty diýlip, Türkmenistana halkara kömegini bermek boýunça ýüzlenmäniň resmi metbugatda çap edilen güni ýa-da şu Kanunyň 14-nji maddasyna laýyklykda, halkara hemaýatkär subýekt tarapyndan teklip edilen halkara kömeginiň Türkmenistan tarapyndan kabul edilen güni hasaplanylýar.
16-njy madda Türkmenistana halkara kömegini
bermegiň tamamlanmagy
1. Ygtyýarlandyrylan edara Türkmenistana halkara kömegini bermek boýunça zerurlygyň iň soňky baha berilmesinden, şeýle hem halkara hemaýatkär subýekt bilen geňeşmeleriň netijesinden ugur alyp, halkara kömegini bermegiň zerurlygynyň aradan aýrylýandygy barada Döwlet toparyny habarly edýär.
2. Döwlet topary ygtyýarlandyrylan edaranyň habarnamasyna seredip, Türkmenistana halkara kömegini bermegiň tamamlanýandygy hakynda çözgüt kabul edýär. Şunda halkara kömegini bermegiň tamamlanýan senesi halkara hemaýatkär subýektiň degişli hyzmatlary etmek boýunça dowam edýän hereketlerine degişli edilmeýär.
3. Döwlet topary halkara kömeginiň tamamlanmagynyň çak edilýän wagtyndan togsan günden gijikdirmän onuň tamamlanýandygy barada halkara hemaýatkär subýekte habar berýär. Bildirişiň ýazgysy üpjünçilik närselerine we hyzmatlaryna bolan çak edilýän zerurlyklar hakyndaky maglumaty özünde saklamalydyr.
17-nji madda. Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý
Milli jemgyýetiniň halkara goldawy
1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen öz işiniň esas goýujy ýörelgelerine laýyklykda, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti Döwlet topary bilen ylalaşylmagy esasynda Gyzyl Haçyň Halkara Komitetinden, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasyndan, daşary ýurt döwletleriniň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetlerinden Türkmenistana halkara kömeginiň berilmegi hakynda islendik wagtda ýüz tutup biler.
2. Eger Türkmenistana halkara kömeginiň berilmegi hakynda umumy ýüzlenme heniz iberilmedik bolsa, onda Döwlet topary Türkmenistana halkara kömegini bermegiň başlanýan senesini Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň haýyşy boýunça Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti ýa-da Gyzyl Haçyň Halkara Komiteti, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasy, daşary ýurt döwletleriniň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetleri tarapyndan onuň berlendigini hasaba almak arkaly belläp biler.
18-nji madda. Birleşen Milletler Guramasynyň
Türkmenistandaky wekilhanasynyň
halkara goldawy
1. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy Türkmenistanda adatdan daşary ýagdaý ýüze çykan mahalynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine halkara kömegini bermek hakynda öz başlangyjy boýunça teklibini iberip biler. Teklipde halkara kömegini bermegiň görnüşleri, möçberi we möhletleri, şeýle hem ony bermegiň çak edilýän dowamlylygy görkezilýär. Şeýle teklip Birleşen Milletler Guramasynyň aýry-aýry düzümleri tarapyndan ýa-da umumy teklip hökmünde Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy tarapyndan hem iberilip bilner.
2. Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy şu Kanunyň 13-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň iberen ýüzlenmesine jogap hökmünde halkara kömegini bermek hakynda teklibini iberip biler.
3. Türkmenistana halkara kömegi diňe, Türkmenistan tarapyndan şu Kanunda bellenilen tertibe laýyklykda, adatdan daşary ýagdaýda halkara kömegini bermek çygrynda Birleşen Milletler Guramasynyň degişli utgaşdyrylan, umumulgamlaýyn ylalaşylan usullary arkaly berlen teklibi kabul edilen ýagdaýynda berlip bilner.
IV BAP. HALKARA KÖMEGINI BERMEK BOÝUNÇA
IŞI UTGAŞDYRMAK
19-njy madda. Döwlet edaralarynyň hemaýatkär subýektler
bilen özara ylalaşykly hereketleri
1. Ygtyýarlandyrylan edara Döwlet topary bilen hemaýatkär subýektleriň arasynda baş utgaşdyryjy merkez bolup hyzmat edýär we halkara kömeginiň berlişine netijeli ýardamy, utgaşdyrmagy we gözegçiligi üpjün edýär.
2. Adatdan daşary ýagdaýy we onuň netijelerini aradan aýyrmak boýunça dessin hereketleriň we hereketleri utgaşdyrmagyň tertibiniň meýilnamalary işlenip taýýarlanylanda degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hemaýatkär subýektiň netijeli işlemegi üçin zerur şertleri döredýärler.
3. Halkara kömegi berlen mahalynda hemaýatkär subýekt ygtyýarlandyrylan edara, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen özara ylalaşykly hereket edýär.
4. Hemaýatkär subýekt adatdan daşary ýagdaýa utgaşykly we netijeli jogap berilmegini üpjün etmek üçin, zerurlyga görä adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken ilatyň zerurlyklary barada, halkara kömegini bermek boýunça işleriň geçirilýän ýeri, görnüşleri we göwrümi barada habar berýär.
20-nji madda. «Bir penjire» ýörelgesi esasynda halkara
kömegini bermek boýunça iş toparlary
1. Dessin özara ylalaşykly hereket etmek we Türkmenistana gelýän halkara işgärler toparyny, harytlary, üpjünçilik närselerini, enjamlary we ulag serişdelerini Türkmenistanyň Döwlet serhedinden ýeňilleşdirilen we tizleşdirilen tertipde geçirmek maksady bilen, «Bir penjire» ýörelgesi esasynda halkara kömegini bermek boýunça iş toparlary döredilýär.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan «Bir penjire» ýörelgesi esasynda halkara kömegini bermek boýunça işiň Tertibinde iş toparlarynyň san düzümi, wezipeleri, ygtyýarlyklary we işiniň tertibi kesgitlenilýär.
3. Halkara kömegini bermek işi başlanan pursadyndan «Bir penjire» ýörelgesi esasynda halkara kömegini bermek boýunça iş toparlary halkara kömeginiň gelýän esasy nokatlarynda, şol sanda portlarda we Türkmenistanyň Döwlet serhediniň gözegçilik-geçiriş ýerlerinde ýerleşdirilýär.
4. «Bir penjire» ýörelgesi esasynda halkara kömegini bermek boýunça iş toparynyň işi halkara hemaýatkär subýektler bilen ylalaşylmagy boýunça Döwlet toparynyň çözgüdi esasynda tamamlanýar.
V BAP. HEMAÝATKÄR SUBÝEKTLERIŇ
ESASY BORÇLARY
21-nji madda. Halkara hemaýatkär subýektleriň
esasy borçlary
1. Halkara hemaýatkär subýektler Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge we kömek berilýän ilatyň medeni, ruhy däp-dessurlaryna we özboluşlylygyna hormat goýmaga borçludyrlar.
2. Halkara hemaýatkär subýektler ýerli işgärler toparyny hakyna tutanda Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyny berjaý etmäge borçludyrlar.
22-nji madda. Adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken adamlaryň
abraýyna we mertebesine hormat goýmak
1. Kömek berýän hemaýatkär subýektler adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken adamlaryň abraýyna we mertebesine hormat goýmaga, hususan-da, adatdan daşary ýagdaýy we onuň getiren netijelerini aradan aýyrmakda halkara kömegini bermek boýunça öz işini meýilleşdirende, onuň monitoringini (gözegçiligini) amala aşyranda we oňa baha berende kömegi alýanlar bilen maslahatlaşmalary geçirmäge borçludyrlar.
2. Hemaýatkär subýektler adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenleriň şahsy durmuşyna hormat goýmaga borçludyrlar. Hemaýatkär subýektler olaryň berýän kömeginden peýdalanyjylar baradaky şahsy maglumatlary, eger ynsanperwer kömeginiň berilmeginiň we kömek bermekdäki tagallalaryň gaýtalanmazlygy üçin zerurlygyň ýüze çykan halatynda berip bilerler.
23-nji madda. Üpjünçilik närseleriniň we hyzmatlaryň
hiline kepillikler
1. Üpjünçilik närseleriniň we hyzmatlaryň hili döwlet standartlaryna we halkara kadalaryna laýyk gelmelidir.
2. Hemaýatkär subýektler özleri tarapyndan berilýän harytlaryň, üpjünçilik närseleriniň we hyzmatlaryň adatdan daşary ýagdaýda ejir çekenleriň zerurlyklaryna we ýaşaýyş şertlerine laýykdygyny we şu Kanunyň hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryna jogap berýändigini kepillendirmäge borçludyrlar.
3. Eger hemaýatkär subýekt ýüze çykan ýagdaý şu maddanyň birinji böleginiň düzgünlerini berjaý etmäge mümkinçilik bermeýär ýa-da berjaý etmek boýunça islendik hereket maksadalaýyk däl diýip hasap edýän bolsa, onda hemaýatkär subýekt bu barada ygtyýarlandyrylan edara habar bermelidir we şu maddanyň birinji bölegindäki talaplardan boşatmak hakynda öňünden onuň razylygyny almalydyr.
24-nji madda. Ulanmaga ýaramsyz üpjünçilik närselerini
we gaýry galyndylary alyp gitmek, ýok etmek
ýa-da gaýtadan ulanmak
1. Hemaýatkär subýektler halkara kömegini bermek üçin olar tarapyndan getirilýän, ýaramsyz bolan ýa-da ulanmaga ýaramsyz ýagdaýa gelen üpjünçilik närseleriniň, şeýle hem islendik başga galyndylaryň, şol sanda halkara kömegini ýa-da hyzmatlary etmek boýunça işleriň dowamynda öndürilen howply galyndylaryň alnyp gidiljekdigi, ýok ediljekdigi ýa-da howpsuz, ekologiýa taýdan zyýansyz we netijeli usulda gaýtadan ulanyljakdygy barada kepillendirmäge borçludyrlar.
2. Ulanmaga ýaramsyz üpjünçilik närselerini we gaýry galyndylary alyp gitmek, ýok etmek ýa-da gaýtadan ulanmak hemaýatkär subýektler tarapyndan öz hasabyna amala aşyrylýar.
VI BAP. HUKUK ÝEŇILLIKLERINI ALMAGA
BOLAN HUKUK
25-nji madda. Hukuga eýe subýektlere hukuk
ýeňilliklerini bermek
1. Şu Kanunyň VII we VIII baplarynda görkezilen hukuk ýeňillikleri diňe hukuga eýe subýektlere berilýär we diňe halkara kömeginiň hem-de hyzmatlarynyň edilýän döwrüniň dowamynda hereket edýär.
2. Şu Kanunyň 28-nji maddasyna laýyklykda, hukuk ýeňillikleri şeýle ýeňilliklere hukugy bar diýlip ykrar edilen halkara we milli hemaýatkär subýektlere berilýär.
3. Hukuga eýe subýektlere hukuk ýeňilliklerini bermek diňe olaryň ýüz tutmagy boýunça ýa-da olar tarapyndan şu Kanunyň talaplary berjaý edilmedik ýagdaýynda bes edilip bilner.
26-njy madda. Hemaýatkär subýektleriň hukuk
ýeňilliklerini almaga bolan hukugyny
ykrar etdirmek üçin ýüztutmasy
1. Hukuk ýeňilliklerini almaga bolan hukugyny ykrar etdirmek üçin ýüz tutýan hemaýatkär subýektler (muňa şu Kanunyň 28-nji maddasyna laýyklykda şeýle hukuga eýe diýlip ykrar edilen hemaýatkär subýektler degişli däldir) hukuk ýeňilliklerini almaga şu madda laýyklykda haýyşnama berýärler. Halkara hemaýatkär subýektler şeýle haýyşnama diňe şu ýagdaýda, eger-de olar başga döwletde ýuridik şahs bolup durýan bolsalar ýa-da halkara hukugynyň çäklerinde berip bilerler.
2. Hususy kärhanalara berilýän hukuk ýeňilliklerini almaga bolan hukuk, diňe halkara kömegini bermek bilen baglanyşykly işe degişlidir we olar bu işden girdeji ýa-da başga bir täjirçilik bähbit alyp bilmezler.
3. Hukuk ýeňilliklerini almaga bolan haýyşnamalar adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmazyndan öň ýa-da soň berlip bilner. Eger hukuk ýeňilliklerini almaga bolan hukuk adatdan daşary ýagdaý ýüze çykmazyndan öň berlen bolsa, onda bu hukuk bäş ýyllyk möhletiň dowamynda öz güýjüni saklaýar we möhleti tamamlanandan soň täze haýyşnamany bermek talap edilýär. Hukuk ýeňillikleri diňe halkara kömegini bermegiň başlanmagy bilen güýje girýär.
4. Hukuk ýeňilliklerini almaga bolan hukugyny ykrar etdirmek üçin ýüz tutýan hemaýatkär subýektleriň ählisi şulary tabşyrýarlar:
1) eger gürrüň halkara hemaýatkär subýektler barada gidýän bolsa, olaryň daşary ýurt ýurisdiksiýasynyň ýa-da halkara hukugynyň çäklerinde, ýa-da eger gürrüň milli hemaýatkär subýektler barada gidýän bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynyň çäklerinde hukuk subýektliligini tassyklaýan resminamalaryň tassyklanylan göçürmelerini;
2) hemaýatkär subýekt hakynda, şol sanda onuň doly ygtyýarly wekiliniň familiýasy, ady, atasynyň ady, eger-de döwletde wekilhanasy bar bolsa, onda onuň salgysy barada doly maglumaty;
3) dessin halkara kömegini bermek boýunça iş tejribesi we bar bolan mümkinçilikleri hakyndaky maglumaty özünde saklaýan resminamalary.
5. Hukuk ýeňilliklerine eýe bolan hemaýatkär subýektler Türkmenistanyň kanunçylygyny we adatdan daşary ýagdaý çygryndaky halkara kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
27-nji madda. Hukuga eýe subýektleriň borçlary
Hukuk ýeňilliklerini alan hukuga eýe subýektler şulara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň çägine özleri tarapyndan getirilýän üpjünçilik närseleriniň ählisiniň diňe halkara kömegini bermäge niýetlenendigi we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelýändigi hakynda ýazmaça arzany bermäge;
2) öz ýükleriniň Türkmenistanda hereket edýän döwlet standartlarynyň we/ýa-da tehniki dessuryň talaplaryna laýyklykda gaplanylmagyny, toparlara bölünilmegini we belgilenilmegini geçirmäge;
3) howa gämisiniň uçuşynyň çak edilýän gatnaw ýoly, görnüşi we çagyryş kody, ekipažyň agzalarynyň sany, ýüküň häsiýeti, uçuşlaryň tertibi we ähli ýolagçylaryň sanawy hakynda degişli döwlet edaralaryna öňünden habar bermäge we howa gatnawyny dolandyrmaga we gonuş amallaryna degişli olaryň görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
4) her bir deňiz ýa-da derýa gämisiniň çak edilýän gelmeli porty ýa-da ýeri, her bir deňiz ýa-da derýa gämisiniň görnüşi, tipi, niýetlenilen maksady we bellige alyş/identifikasion belgisi, bortdaky ekipaž agzalarynyň we ýolagçylaryň sany, bortdaky enjamlar, tehniki gurallar we beýleki bar bolan materiallar barada degişli döwlet edarasyna öňünden habar bermäge we gämileriň gelmegine gözegçilik we dokda goýmak işi bilen bagly onuň görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
5) demir ýol ulaglarynyň çak edilýän gatnaw ýoly, görnüşi, ekipažyň agzalarynyň sany, ýüküň häsiýeti, gatnawlaryň tertibi we ähli ýolagçylaryň sanawy hakynda degişli döwlet edaralaryna öňünden habar bermäge we gatnawy dolandyrmak bilen bagly olaryň görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
6) awtomobil ulaglarynyň çak edilýän gatnaw ýoly, görnüşi, ekipažyň agzalarynyň sany, ýüküň häsiýeti, gatnawlaryň tertibi we ähli ýolagçylaryň sanawy hakynda degişli döwlet edaralaryna öňünden habar bermäge we gatnawy dolandyrmak bilen bagly olaryň görkezmelerini ýerine ýetirmäge.
28-nji madda. Käbir hemaýatkär subýektleriň hukuk
ýeňilliklerini almaga bolan hukugyny
ykrar etmek
Halkara kömegi berlip başlanandan soňra, şu Kanunyň VII we VIII baplarynda görkezilen hukuk ýeňilliklerine bolan hukuk, hukuk ýeňilliklerine bolan hukugy ykrar etmek hakynda ýüz tutmasy bolmazdan şu hemaýatkär subýektlere berilýär:
1) hemaýatkär döwletlere;
2) degişli hökümetara guramalara, şol sanda Birleşen Milletler Guramasyna we sebitleýin guramalara;
3) Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine;
4) Gyzyl Haçyň Halkara Komitetine, Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň Halkara Federasiýasyna, daşary ýurt döwletleriniň Gyzyl Haç ýa-da Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetlerine.
VII BAP. HUKUGA EÝE SUBÝEKTLERE HUKUK ÝEŇILLIKLERINIŇ KÄBIR GÖRNÜŞLERINI BERMEK
29-njy madda. Wizalary bermekde ýeňillikler
1. Halkara kömegi berilýän döwürde hukuga eýe subýektleriň halkara işgärler toparyna ynsanperwerlik wizasyny bermek Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşýän gözegçilik-geçiriş ýerlerine gelen ýagdaýynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen örän gyssagly tertipde ýa-da Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki degişli diplomatik wekilhanasyna ýa-dа konsullyk edarasyna öňünden berlen arza esasynda, ýetmiş iki sagadyň dowamynda kabul edilýän çözgüt boýunça amala aşyrylýar.
2. Hukuga eýe subýektleriň halkara işgärler toparyna ynsanperwerlik wizasynyň berilmegi konsullyk ýygymlary tölenilmezden amala aşyrylýar. Ynsanperwerlik wizasynyň möhleti halkara kömegini bermegiň ähli döwri üçin Türkmenistandan daşyna çykmazdan uzaldylyp bilner.
30-njy madda. Adatdan daşary ýagdaý zolagyna
elýeterliligi üpjün etmek
1. Türkmenistan halkara kömegini gaýragoýulmasyz bermek maksady bilen, hukuga eýe subýektleriň halkara we ýerli işgärler toparlarynyň adatdan daşary ýagdaýyň dörän zolagyna girmegini we adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken ilkinji kömege we hyzmata mätäç adamlaryň ýanyna barmagyny üpjün edýär.
2. Hukuga eýe subýektleriň halkara we ýerli işgärler toparlaryna adatdan daşary ýagdaýdan ejir çeken çäk boýunça erkin hereket etmek we görkezilen çäkden çykyp gitmek hukugy berilýär, şeýle hem olaryň howpsuzlygyny üpjün etmek kepillendirilýär.
3. Adatdan daşary ýagdaý zolagyna girmek we adatdan daşary ýagdaýyň netijesinde zyýan çeken çäk boýunça erkin hereket etmek şahsyýetiň we jemgyýetiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň, Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny, konstitusion gurluşyny, çäk bitewüligini goramagyň zerurlygyny hasaba almak bilen amala aşyrylýar.
31-nji madda. Gümrük we salgyt ýeňilliklerini bermek
1. Halkara kömegini bermek üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, hukuga eýe subýektlere Türkmenistanyň gümrük we salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan gümrük we salgyt ýeňillikleri berilýär.
2. Türkmenistanyň gümrük edaralary hukuga eýe subýektleriň ulag serişdelerini, üpjünçilik närselerini getirmek, alyp gitmek we üstaşyr geçirmek amallaryny tizleşdirmäge ýardam berýän amatly şertleri döredýärler we olaryň ýükleri gümrük taýdan resmileşdirilende olara ilkinji nobat hukugyny berýärler.
3. Türkmenistanyň gümrük araçäginden geçýän we halkara kömegini bermek üçin niýetlenen ulag serişdeleri, üpjünçilik närseleri, şol sanda muzdsuz esasda hyzmatlary etmek we işleri ýerine ýetirmek gümrük paçlaryny tölemezden, şeýle hem tarifsiz düzgünleşdirme çärelerini ulanmazdan ilkinji nobat tertibinde ýörite gümrük amallaryna ýerleşdirilýär.
4. Hukuga eýe subýektler tarapyndan getirilýän ulag serişdeleri, üpjünçilik närseleri ähli ýygymlardan we paçlardan boşadylýar.
32-nji madda. Telekommunikasiýa enjamlaryny
getirmäge bolan hukuk
1. Hukuga eýe subýektlere halkara kömegini we hyzmatlaryny bermek üçin niýetlenilen telekommunikasiýa enjamlaryny çäklendirmezden getirmäge rugsat berilýär (muňa çäklendirmeleriň milli howpsuzlygy, jemgyýetçilik tertibini, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak maksatlary üçin zerur bolan ýagdaýlary degişli däldir).
2. Türkmenistanyň aragatnaşyk hakynda kanunçylygyna laýyklykda, halkara kömegi we hyzmatlar edilende hukuga eýe subýektlere halkara kömegini bermäge gatnaşýan Türkmenistanyň degişli gulluklary bilen deň hatarda telekommunikasiýa aragatnaşygynyň torunyň işini üpjün etmek we maglumatlary geçirmek üçin zerur bolan radioýygylyga, köpugurly hyzmatlara (giň tolkunly elýeterlilige) we hemra aragatnaşygynyň hyzmatlaryna elýeterlilik berilýär.
33-nji madda. Derman serişdelerini, lukmançylyk maksatly
önümleri getirmäge bolan hukuk
1. Hukuga eýe subýektler tarapyndan halkara kömegini ýa-da hyzmatlaryny etmek üçin niýetlenilen derman serişdeleriniň we lukmançylyk maksatly önümleriň Türkmenistanyň çägine getirilmegine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýeňilleşdirilen tertipde rugsat berilýär. Şunda olar diňe maksatlaýyn niýetlenilişine görä ulanylmalydyr.
2. Islendik getirilýän derman serişdeleri we lukmançylyk maksatly önümler olaryň howpsuzlygyny we hilini üpjün etmek maksady bilen, talabalaýyk şertlerde daşalmalydyr we saklanylmalydyr.
34-nji madda. Iýmit önümleriniň getirilmegi
Hukuga eýe subýektler tarapyndan iýmit önümleriniň Türkmenistanyň çägine getirilmegine Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýeňilleşdirilen tertipde rugsat berilýär.
35-nji madda. Gözleg itlerini getirmäge bolan hukuk
Hukuga eýe subýektler tarapyndan kliniki taýdan sagdyn gözleg itleriniň Türkmenistanyň çägine wagtlaýyn getirilmegine sertifikatyň berilmegi bilen rugsat edilýär.
36-njy madda. Ulag serişdelerini peýdalanmakda
ýardam bermek
Hukuga eýe subýektler tarapyndan ýa-da olaryň adyndan Türkmenistana halkara kömegini bermek maksady bilen, halkara we ýerli işgärler toparlaryny, üpjünçilik närselerini gatnatmak üçin peýdalanylýan ulag serişdeleri:
1) ýer üstünden geçirilende we zerur halatda howada uçuş ugurlary düzülen we gonuşa rugsat alnanda artykmaçlyklardan peýdalanýarlar;
2) Türkmenistanyň çäginden uçup geçmegi, uçmagy, gonmagy, duralgada durmagy, wagonlaryň demirýol beketlerinde we (ýa-da) düşüriş nokatlarynda boş duranlygy üçin töleglerden we ýygymlardan, nawigasion ýygymlardan, ýol ýygymlaryndan boşadylýarlar.
37-nji madda. Ulag serişdelerini dolandyrýan şahslaryň
Türkmenistana gelmegi
Hukuga eýe subýektleriň peýdalanýan ýa-da olaryň adyndan peýdalanylýan ulag serişdeleriniň sürüjileriniň, uçarmanlarynyň we ekipažlarynyň agzalarynyň Türkmenistana bökdençsiz girmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda degişli resminamalaryň we rugsatnamalaryň resmileşdirilmeginiň ýeňilleşdirilen we tizleşdirilen amallary bellenilýär.
38-nji madda. Daşary ýurt döwletleriniň sürüjilik
şahadatnamalaryny ykrar etmek
Türkmenistan halkara kömegini bermegiň bütin dowamynda hukuga eýe subýektleriň halkara işgärler toparynyň daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarly edaralary tarapyndan berlen sürüjilik şahadatnamalaryny wagtlaýyn ykrar edýär.
39-njy madda. Hukuga eýe subýektleriň halkara işgärler
toparynyň hünär derejesini ykrar etmek
1. Hünär derejeleriniň resmi ykrar edilmegini talap edýän işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek üçin halkara işgärler toparyny çekmegi meýilleşdirýän hukuga eýe subýektler göz öňünde tutulýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bu işgärler toparynda şeýle hünäriň we ygtyýarlygyň bardygyny tassyklaýan resminamalary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bermelidirler.
2. Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary hukuga eýe subýektler tarapyndan tassyklaýjy resminamalar tabşyrylandan soň, halkara işgärler toparynyň hünär synagyny geçirmek we hünär derejesini ykrar etmek amallarynyň tizleşdirilen tertipde geçirilmegini amala aşyrýarlar.
3. Şu maddanyň talaplaryna laýyklykda, hünär derejesi ykrar edilen hukuga eýe subýektleriň halkara işgärler topary halkara kömegini bermegiň döwri tamamlanýança hünär derejesini bellige aldyrmak bilen bagly hökmany amallary geçmek boýunça beýleki talaplardan dolulygyna boşadylýar.
4. Şu maddanyň talaplaryna laýyklykda, hünär derejesini ykrar etmegiň güýji hünär işini alyp barmakdan şahsy çetleşdirmek üçin ýeterlik bolan, edilen jenaýatlaryň ýa-da beýleki hünär bozulmalarynyň bolmazlygy bilen halkara kömegini bermegiň döwri tamamlanýança saklanýar.
40-njy madda. Pul serişdeleriniň getirilmegi
Hukuga eýe subýektlere Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, halkara kömegini bermek üçin zerur bolan pul serişdelerini getirmegiň ýeňilleşdirilen tertibi üpjün edilýär.
VIII BAP. HALKARA KÖMEGINIŇ TÜRKMENISTANYŇ
ÇÄGINDEN ÜSTAŞYR GEÇIRILMEGI
41-nji madda. Halkara kömeginiň ýükleriniň
üstaşyr geçirilmegi
Halkara kömegine mätäç daşary ýurt döwletine halkara kömeginiň ýükleriniň, şol sanda halkara işgärler toparynyň, ulag serişdeleriniň, üpjünçilik närseleriniň Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilmegi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan ýeňilleşdirilen tertipde amala aşyrylýar.
42-nji madda. Üstaşyr gatnatmak üçin ulag
serişdelerinden peýdalanmak
Halkara işgärler toparyny üpjünçilik närseleri we ulag serişdeleri bilen bilelikde Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň çäginden üstaşyr gatnatmagy amala aşyrmak üçin Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçmäge hukugy bolan ulag serişdeleri ulanylyp bilner.
43-nji madda. Üstaşyr gatnawlaryň döwri
1. Üstaşyr gatnawlar Döwlet topary tarapyndan olaryň tamamlanandygy barada bellenilen tertipde yglan edilýänçä amala aşyrylýar.
2. Üstaşyr gatnawlaryň döwrüniň tamamlanýandygy hakynda halkara hemaýatkär subýekte öňünden habar berilmelidir.
44-nji madda. Üstaşyr wiza
Adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken daşary ýurt döwletine üstaşyr geçmek maksady bilen, Türkmenistanyň çägine gelen hukuga eýe subýektleriň halkara işgärler toparyna üstaşyr wizany bermek, olar Türkmenistanyň Döwlet serhedinde ýerleşýän gözegçilik-geçiriş ýerlerine gelen ýagdaýynda – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen örän gyssagly tertipde, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletindäki degişli diplomatik wekilhanasyna ýa-dа konsullyk edarasyna öňünden berlen arza boýunça – ýigrimi dört sagadyň dowamynda kabul edilen çözgüt esasynda amala aşyrylýar. Şunda üstaşyr wizalaryň berilmegi konsullyk ýygymlary tölenmezden amala aşyrylýar.
45-nji madda. Üstaşyr geçmegiň ýeňilliklerini
almaga bolan hukuk
1. Halkara hemaýatkär subýektler Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçýän halkara işgärler toparynyň, üpjünçilik närseleriniň we ulag serişdeleriniň adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken ýurda kömek bermek üçin niýetlenendigi hakyndaky arzasy esasynda üstaşyr geçmegiň ýeňilliklerine bolan hukuga eýe bolýarlar.
2. Degişli döwlet edarasy, iş betnebis maksatlar bilen hakykatdan amala aşyrylan ýa-da öňünden bilkastlaýyn ýoýlan ýagdaýynda, şeýle hem milli howpsuzlygy, jemgyýetçilik tertibini, ilatyň saglygyny, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak maksady bilen islendik halkara hemaýatkär subýekte üstaşyr geçmegiň ýeňilliklerini bermekden ýüz dönderip biler.
3. Üstaşyr geçmegiň ýeňilliklerini bermekden ýüz dönderilmegine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.
IX BAP. HUKUGA EÝE WE HEMAÝATKÄR
SUBÝEKTLERIŇ IŞINIŇ AÝRATYNLYKLARY
46-njy madda. Ulag serişdelerine we üpjünçilik
närselerine ygtyýarlyk etmegiň tertibi
1. Hukuga eýe subýektleriň gümrük paçlaryny, salgytlary we beýleki ýygymlary tölemekden boşadylan hem-de halkara kömegini we hyzmatlary etmek boýunça işleriň tamamlanýan pursadyna olaryň eýeçiligi bolup galýan ulag serişdeleri we üpjünçilik närseleri:
1) hukuga eýe subýektleriň eýeçiliginde galdyrylyp ýa-da olar tarapyndan ynsanperwer, haýyr-sahawat maksatlary, ýa-da Türkmenistanyň çäklerinde ösüş maksatlary üçin ýerleşdirilip bilner;
2) reeksport edilip bilner;
3) sowgat berlip bilner;
4) gaýtadan ulanylyp bilner.
2. Şeýle ulag serişdeleri we üpjünçilik närseleri, diňe halkara kömegini bermek boýunça döwürler tamamlanandan soňra we hukuga eýe subýektleriň öň tölemekden boşadylan ähli paçlary, salgytlary ýa-da ýygymlary tölenen şertlerinde satylyp bilner.
47-nji madda. Hemaýatkär subýektleriň işine monitoring
1. Ygtyýarlandyrylan edaranyň hemaýatkär subýektler tarapyndan şu Kanunda göz öňünde tutulan borçlarynyň ýerine ýetirilişine monitoringi (gözegçiligi) amala aşyrmaga hukugy bardyr.
2. Hemaýatkär subýektler monitoringi amala aşyrmak üçin halkara kömeginiň we hyzmatlaryň edilişi hakynda maglumatlary yzygiderli bermäge borçludyrlar.
48-nji madda. Hemaýatkär subýekt tarapyndan
öz borçlarynyň ýerine ýetirilmezligi
1. Hemaýatkär subýekt tarapyndan şu Kanunyň düzgünleri bozulan ýagdaýynda, ygtyýarlandyrylan edara:
1) hemaýatkär subýekti öz işini bellenilen talaplara laýyklykda amala aşyrmaga borçly edip biler;
2) akkreditasiýanyň hereketini wagtlaýyn togtadyp ýa-da yzyna alyp biler;
3) hukuga eýe subýektiň hukuk ýeňilliklerini almaga bolan hukugy bar bolsa, onda onuň güýjüni ýatyryp biler;
4) anyk halkara hemaýatkär subýektiň işi bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlarda, şol subýektiň halkara kömegini bermegine Türkmenistanyň razylygyny yzyna alyp biler.
2. Şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji we 4-nji bentlerine laýyklykda, yzyna almak hakynda çözgüt kabul edilen ýagdaýynda, eger halkara hemaýatkär subýektiň Türkmenistanyň çäginde bolmagyny dowam etdirmek üçin kanuny esaslar ýok bolsa, degişli habarnamanyň gowşan gününden başlap oňa otuz günden gijä galman ýurtdan çykmak hakynda talap bildirilip bilner.
X BAP. TÜRKMENISTAN TARAPYNDAN DAŞARY ÝURT DÖWLETLERINE HALKARA KÖMEGINIŇ
BERILMEGINIŇ ESASLARY
49-njy madda. Türkmenistan tarapyndan daşary ýurt
döwletlerine halkara kömeginiň
berilmeginiň esasy maksatlary
Türkmenistan tarapyndan daşary ýurt döwletlerine halkara kömeginiň berilmeginiň esasy maksatlary şular bolup durýarlar:
1) heläkçilikden halas ediş işlerini guramakda ýardam bermek;
2) adatdan daşary ýagdaýda ejir çeken adamlaryň zerurlyklaryny üpjün etmek, olaryň janyny we saglygyny goramak;
3) ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek;
4) Türkmenistanyň dünýä ynsanperwer we ykdysady giňişlige goşulyşmagy;
5) ynsanperwer hyzmatlaryň halkara bazaryny özleşdirmek;
6) bileleşik gatnaşyklaryny ösdürmek.
50-nji madda. Türkmenistan tarapyndan daşary ýurt
döwletlerine halkara kömeginiň
berilmeginiň tertibi we şertleri
1. Türkmenistan tarapyndan daşary ýurt döwletlerine halkara kömeginiň berilmeginiň tertibi we şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
2. Türkmenistan daşary ýurt döwletlerine halkara kömegini berende, halkara kömegini bermek çygrynda halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine eýerýär.
3. Daşary ýurt döwletlerine halkara kömegini bermek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda amala aşyrylýar.
XI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
51-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Halkara kömegi çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
52-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
53-nji madda. Şu Kanunyň herekete girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2020-nji ýylyň 22-nji awgusty.
№ 261-VI.