Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin

Döwlet býujeti hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2020 ý., № 4, 75-nji madda)

 

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 79 509,6 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 23 398,0 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda

Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 72 075,0 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça         15 963,4 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2021-nji ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

 

goşulan baha üçin

salgytdan

peýdadan alynýan

salgytdan

ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri

3,4%

3,4%

3,4%

Ahal welaýaty

100,0%

100,0%

100,0%

Balkan welaýaty

18,0%

18,0%

18,0%

Daşoguz welaýaty

100,0%

100,0%

100,0%

Lebap welaýaty

100,0%

100,0%

100,0%

Mary welaýaty 

100,0%

100,0%

100,0%

 

 

4-nji madda

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara              2 638,4 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Ahal welaýaty

149,1

mln. manat
Daşoguz welaýaty

1 347,6

mln. manat
Lebap welaýaty

814,4

mln. manat
Mary welaýaty

327,3

mln. manat

 

5-nji madda

Ýerli býujetleri 10 073,0 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri

1 803,0 

    mln. manat
Ahal welaýaty

1 251,8 

    mln. manat
Balkan welaýaty

1 161,8 

    mln. manat
Daşoguz welaýaty

1 856,5 

    mln. manat
Lebap welaýaty

2064,8 

    mln. manat
Mary welaýaty

1 935,1 

    mln. manat

 

6-njy madda

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

7-nji madda

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2021-nji ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet nesýe almalary we bank karzlary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

 

 

8-nji madda

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2021-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň                             Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2020-nji ýylyň 24-nji oktýabry.

№ 300-VI.