Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary

hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2019 ý. № 2, 25-nji madda)

 

 

Şu Kanun harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy we ulanylmagy çygrynda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) bikanun harytlar – harydyň gelip çykan ýeriniň bellige alnan ady ýa-da onuň bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belgi özünde bikanun ulanylýan harytlar, olaryň etiketkalary we gaplary;

2) bilermenler seljermesi – haýyşnama, şeýle hem harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we görkezilen ady ulanmaga bolan hukugyň ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki resminamalara harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edara ‒ Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan seredilmeginiň  iş amallary;

3) harydyň gelip çykan ýeriniň ady – geografik obýektiň häzirki zaman ýa-da taryhy, resmi ýa-da resmi däl, doly ýa-da gysgaldylan ady bolup durýan ýa-da ony özünde saklaýan belgi, şeýle hem bu atdan ýasalan we aýratyn häsiýetleri diňe ýa-da esasan şol geografik obýekti üçin mahsus bolan tebigy şertler we (ýa-da) etnografik faktorlar bilen kesgitlenilýän haryt babatda onuň ulanylmagynyň netijesinde belli bolan belgi. Geografik obýektiň Türkmenistanda ählumumy ulanyşa giren ady belli bir görnüşdäki harydyň onuň taýýarlanylan ýeri bilen baglanyşykly bolmadyk belgisi hökmünde harydyň gelip çykan ýeriniň ady diýlip ykrar edilmeýär;

4) harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukuk hakynda şahadatnama (mundan beýläk – şahadatnama) – harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugy tassyklaýan resminama;

5) harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň Döwlet sanawy (mundan beýläk – Döwlet sanawy) – harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary we olary ulanmaga bolan hukuklar baradaky maglumatlary, harydyň gelip çykan ýeriniň ady özi üçin bellige alnan harydyň aýratyn häsiýetleri baradaky maglumaty, şeýle hem harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki maglumatlary özünde saklaýan resminama;

6) harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň Resmi býulleteni (mundan beýläk – Resmi býulleten) – harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edaranyň seredilmegi üçin kabul edilen haýyşnamalar we harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň we olary ulanmaga bolan hukuklaryň döwlet belligine alynmagy baradaky Döwlet sanawyna girizilen maglumatlaryň çap edilmegi üçin niýetlenilen döwürleýin neşiri;

7) haýyşnama – harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we görkezilen ady ulanmaga bolan hukugyň ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy üçin zerur bolan resminamalaryň jemi;

8) haýyşnamaçy – haýyşnamany beren, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahs ýa-da telekeçilik işini amala aşyrýan ýuridik şahs;

9) patent ynamdary – Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edarada hünär synagyndan geçen we bellige alnan hem-de harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugy almakda fiziki we ýuridik şahslaryň bähbitlerine professional esasda wekilçilik edýän Türkmenistanyň raýaty.

 

2-nji madda. Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary

      hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

 

3-nji madda. Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny 

     ulanmaga bolan hukuk

1. Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukuk şu Kanun bilen ýa-da Türkmenistanyň halkara şertnamalarynyň esasynda goralýar we şahadatnama bilen tassyklanylýar.

2. Harydyň gelip çykan ýeriniň şol bir adyny ulanmaga bolan hukuk şol bir geografik obýektiň çäklerinde şonuň ýaly esasy häsiýetleri bolan harydy öndürýän islendik şahsa berlip bilner.

3. Görkezilen ady ulanmaga bolan hukugy döwlet belligine aldyrmazdan, harydyň gelip çykan ýeriniň Türkmenistanda bellige alnan adyny ulanmaga hiç kimiň hukugy ýokdur.

 

4-nji madda. Wekillik

1. Türkmenistanyň ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslary we ýuridik şahslary harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edara bilen işlerini gönüden-göni hem, wekilleriniň ýa-da patent ynamdarlarynyň üsti bilen hem alyp barmaga haklydyrlar.

2. Wekiliň ýa-da patent ynamdarynyň ygtyýarlyklary degişli ynanç haty bilen tassyklanylýar.

 

5-nji madda. Daşary ýurtly fiziki we ýuridik 

     şahslaryň hukuklary

1. Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda, daşary ýurtly fiziki we ýuridik şahslar şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklardan Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslary bilen deň hatarda peýdalanýarlar.

2. Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlaryny Türkmenistanda bellige aldyrmak hukugy Türkmenistanyň fiziki we ýuridik şahslaryna şeýle hukugy berýän döwletleriň fiziki we ýuridik şahslaryna berilýär.

3. Daşary ýurtly fiziki we ýuridik şahslar harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edara bilen gatnaşyklarda öz hukuklaryny patent ynamdarlarynyň üsti bilen durmuşa geçirýärler.

 

 

 

 

 

II BAP. HARYTLARYŇ GELIP ÇYKAN ÝERLERINIŇ

ATLARYNYŇ HUKUK GORAGY WE ULANYLMAGY

ÇYGRYNDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI WE

GÖZEGÇILIGI

 

 

6-njy madda. Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň

      atlarynyň hukuk goragy we ulanylmagy

      çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we

      gözegçiligini amala aşyrýan edaralar

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy babatda ygtyýarly edara ‒ Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy (mundan beýläk – Türkmenpatent) harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy we ulanylmagy çygrynda döwlet düzgünleşdirmesini we gözegçiligini amala aşyrýan edaralardyr.

 

7-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

      ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Ministrler Kabineti harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;

3) döwlet häkimiýet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

4) haýyşnamaçynyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri şol geografik obýekt üçin mahsus bolan tebigy şertler we (ýa-da) etnografik faktorlary bilen kesgitlenilýän harydy öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralarynyň sanawyny tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

8-nji madda. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet

     ministrliginiň ygtyýarlylygy

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

 

2) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;

3) Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda öz üstüne alan borçnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýär;

4) şulary tassyklaýar:

a) Türkmenpatent hakynda Düzgünnamany;

b) harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlaryny döwlet belligine almagyň Tertibini;

ç) harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlaryny ulanmaga bolan hukuklary döwlet belligine almagyň Tertibini;

d) Döwlet sanawyny ýöretmegiň Tertibini;

e) Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň Düzgünnamasyny;

ä) fiziki we ýuridik şahslaryň bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklary baradaky şikaýatlaryna seretmegiň Tertibini;

f) harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň we olary ulanmaga bolan hukugyň, şeýle hem harytlaryň gelip çykan ýerleriniň öň bellige alnan atlaryny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki düzgünnamalary we tertipleri, şeýle hem resminamalaryň görnüşlerini;

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar. 

 

9-njy madda. Türkmenpatentiň ygtyýarlylygy

Türkmenpatent harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň hukuk goragy çygrynda:

1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň ulanylmagy boýunça düşündirişleri berýär; 

3) şu Kanunyň 8-nji maddasynyň 4-nji bendinde görkezilen resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine berýär;

4) haýyşnamalary seredilmegi üçin kabul edýär, haýyşnamanyň bilermenler seljermesini geçirýär we harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň we görkezilen atlary ulanmaga bolan hukuklaryň ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagyny amala aşyrýar;

5) Döwlet sanawyny ýöredýär we şahadatnamany berýär;

 

 

6) harytlaryň gelip çykan ýerleriniň bellige alnan atlary we olary ulanmaga bolan hukuklaryň eýeleri baradaky maglumatlaryň Resmi býulletende çap edilmegini amala aşyrýar;

7) patent ynamdarlarynyň hünär synagyny geçirýär we olary bellige alýar;

8) Türkmenpatent hakynda Düzgünnama laýyklykda, tölegli hyzmatlary edýär;

9) Türkmenistanyň kanunçylygynda onuň ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.

 

 

III BAP. HARYTLARYŇ GELIP ÇYKAN ÝERLERINIŇ

ATLARYNYŇ WE GÖRKEZILEN ATLARY

ULANMAGA BOLAN HUKUKLARYŇ DÖWLET

BELLIGINE ALYNMAGY

 

10-njy madda. Haýyşnamanyň berilmegi

1. Haýyşnama Türkmenpatente berilýär.

2. Haýyşnamada saklanýan maglumatlara ýa-da oňa goşulýan resminamalara bildirilýän talaplar Türkmenpatent tarapyndan bellenilýär.

3. Haýyşnama haýyşnamaçy, patent ynamdary ýa-da başga wekil tarapyndan gol çekilýär.

4. Haýyşnama harydyň gelip çykan ýeriniň bir adyna degişli bolmalydyr.

5. Haýyşnama bir ýa-da birnäçe şahs tarapyndan berlip bilner.

6. Haýyşnamada şular bolmalydyr:

1) haýyşnamaçynyň, şeýle hem onuň ýaşaýan ýeriniň ýa-da ýerleşýän ýeriniň görkezilmegi bilen, harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we ol ady ulanmaga bolan hukugyň ýa-da diňe harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy baradaky arza. Arza döwlet dilinde berilýär we oňa haýyşnamaçy ýa-da onuň wekili, ýa-da patent ynamdary tarapyndan gol çekilýär;

2) haýyşnama berlen belgi;

3) ol babatda harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we ol ady ulanmaga bolan hukugyň ýa-da diňe harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy soralýan harydyň görkezilmegi;

4) harydyň aýratyn häsiýetleriniň ýazgysy;

5) tebigy şertleri we (ýa-da) etnografik faktorlary harydyň aýratyn häsiýetlerini doly ýa-da esasan kesgitleýän, ýa-da kesgitläp biljek harydyň gelip çykan ýeriniň (geografik obýektiň çäkleriniň) görkezilmegi.

7. Haýyşnama şular goşulmalydyr:

1) haýyşnamany bermek üçin bellenen möçberdäki pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminama;

2) eger haýyşnama wekiliň ýa-da patent ynamdarynyň biriniň üsti bilen berilýän bolsa, olaryň ygtyýarlyklaryny tassyklaýan ynanç haty;

3) haýyşnamaçynyň Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän şol geografik obýektiň çäklerinde aýratyn häsiýetleri diňe ýa-da esasan şol geografik obýekt üçin mahsus bolan tebigy şertler we (ýa-da) etnografiki faktorlar bilen kesgitlenilýän harydy öndürýändigi barada ygtyýarly edaranyň netijenamasy (Türkmenistanyň haýyşnamaçylary üçin).

Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adynyň ulanylmagyna bolan hukugyň berilmegi üçin haýyşnama ygtyýarly edaranyň haýyşnamaçynyň şol geografik obýektiň çäklerinde Döwlet sanawynda görkezilen aýratyn häsiýetlere eýe bolan harydy öndürýändigi barada netijenamasy hem goşulmalydyr;

4) daşary ýurtly haýyşnamaçynyň harydyň gelip çykan ýeriniň haýyşnama berlen adyna bolan hukugyny tassyklaýan resminama (daşary ýurtly haýyşnamaçylar üçin).

Käbir halatlarda haýyşnama harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň döwlet belligine alynmagy üçin zerur bolan beýleki resminamalar hem goşulyp bilner.

8. Eger haýyşnama şahslaryň binäçesi tarapyndan berilse, oňa her bir haýyşnamaçynyň harydy babatynda şu maddanyň ýedinji böleginiň 3-nji bendinde görkezilen netijenama goşulmalydyr.

Haýyşnama goşulýan resminamalar olaryň döwlet diline terjimesi goşulmak bilen, daşary ýurt dilinde berlip bilner. Daşary ýurt dilinde berlen resminamalar, eger olaryň döwlet diline terjimesi haýyşnamanyň berlen senesinden başlap, üç aýyň içinde gelip gowşan bolsa, olaryň Türkmenpatente gelip gowşan senesinde berlen diýlip hasap edilýär.

Eger görkezilen terjime haýyşnamanyň berlen senesinden başlap, üç aýyň içinde berilmese, terjimäni bermegiň möhleti haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça, eger towakganamanyň bu möhletiň tamamlanmazyndan öň degişli pajyň tölenilendigi baradaky resminama bilen bilelikde gelip gowşan şertinde, goşmaça üç aý uzaldylyp bilner.

Döwlet diline terjimesiniň bellenilen möhletlerde berilmedik halatynda haýyşnama ýatyrylýar.

9. Şu maddanyň altynjy böleginde göz öňünde tutulan resminamalaryň Türkmenpatente gelip gowşan güni harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnamanyň berlen senesi diýlip hasap edilýär, eger görkezilen resminamalar bir wagtda berilmedik bolsa, soňky resminamanyň gelip gowşan güni harydyň gelip çykan ýeriniň ady üçin haýyşnamanyň berlen senesi diýlip hasap edilýär.

10. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnamanyň seredilmegi üçin kabul edilen halatynda Türkmenpatent berlen haýyşnamalar baradaky maglumatlary haýyşnamalaryň Resmi býulleteninde çap edýär; harydyň aýratyn häsiýetleriniň ýazgysyny özünde saklaýan maglumatlar muňa degişli däldir.

Seredilmegi üçin kabul edilen haýyşnama baradaky maglumatlar çap edilenden soň, harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we ol ady ulanmaga bolan  hukugyň döwlet belligine alnan senesinden öň islendik şahs, degişli pajyň tölenilen şertinde, harydyň gelip çykan ýeriniň adyna hukuk goragynyň berilmegine degişli ýazmaça görnüşdäki delillendirilen nägileligi Türkmenpatente bermäge haklydyr.

 

11-nji madda. Haýyşnamanyň bilermenler seljermesi 

1. Haýyşnamanyň bilermenler seljermesi Türkmenpatent tarapyndan geçirilýär we ol haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesini hem-de haýyşnama berlen belginiň düýp manysy boýunça bilermenler seljermesini öz içine alýar.

2. Haýyşnamaçy haýyşnamanyň Türkmenpatente gelip gowşan senesinden başlap, iki aýyň içinde, degişli pajy tölemezden, öz başlangyjy boýunça haýyşnamanyň ýanyna goşulýan resminamalara üýtgetmeleri ýa-da goşmaçalary girizmäge haklydyr.

Haýyşnamaçydan üýtgetmeler ýa-da goşmaçalar girizilen resminamalaryň haýyşnamanyň gelip gowşan senesinden başlap, iki aý geçenden soň gelip gowşan mahalynda degişli paç tölenilýär.

3. Bilermenler seljermesiniň geçirilýän döwründe görkezilen bilermenler seljermesini geçirmek üçin zerur bolan goşmaça maglumatlary haýyşnamaçydan talap etmäge Türkmenpatentiň hukugy bardyr.

 

4. Talap edilýän goşmaça maglumatlar talapnamanyň iberilen senesinden başlap, üç aýyň içinde berilmelidir. Haýyşnamaçynyň towakganamasy boýunça, haýyşnamanyň bu möhletiň tamamlanmazyndan öň gelip gowşan we degişli pajyň tölenilen şertinde, bu möhlet uzaldylyp bilner. Türkmenpatentiň talap etmegi boýunça goşmaça maglumatlary bermegiň möhletiniň uzaldylmagy bellenilen üç aýlyk möhletiň tamamlanan senesinden başlap, alty aýdan köp bolmaly däldir.

Eger görkezilen möhletler haýyşnamaçy tarapyndan berjaý edilmese, haýyşnama ýatyrylýar, bu barada haýyşnamaçy habarly edilýär.

5. Haýyşnamaçynyň haýyşy boýunça haýyşnama oňa garalmagynyň islendik döwründe, ýöne harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň döwlet belligine alnan senesinden gijä galynman, yzyna alnyp bilner.

Ýatyrylan ýa-da yzyna alnan haýyşnama boýunça ýuridik ähmiýetli hereketler amala aşyrylmaýar.

6. Bilermenler seljermesiniň geçirilmeginiň barşynda ýüze çykýan meselelere garalmagyna gatnaşmaga haýyşnamaçynyň hukugy bardyr.

 

12-nji madda. Haýyşnamanyň deslapky bilermenler

       seljermesi

1. Haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden başlap, iki aý geçenden soň, şu Kanunyň 10-njy maddasynda göz öňünde tutulan resminamalaryň bar bolan halatynda, bir aý möhletde ol boýunça deslapky bilermenler seljermesi geçirilýär.

2. Haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesiniň geçirilmeginiň barşynda haýyşnamanyň manysy, zerur resminamalaryň barlygy, olaryň bellenen talaplara laýyklygy, şeýle hem pajyň tölenilendigi barlanylýar.

3. Eger haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesiniň barşynda haýyşnamanyň bellenilen talaplara laýyk gelmeýändigi anyklanylsa, ýüze çykarylan kemçilikleri görkezmek bilen we ýetmeýän ýa-da düzedilen resminamalaryň talapnamanyň iberilen senesinden başlap, üç aýyň içinde berilmegi teklip edilip, haýyşnamaça talapnama iberilýär.

Türkmenpatentiň talap etmegi boýunça berilýän goşmaça maglumatlara şu Kanunyň 11-nji maddasynyň dördünji böleginde bellenen talaplar degişlidir.

4. Haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça haýyşnamasynyň seredilmegi üçin kabul edilendigi barada haýyşnamaçy habarly edilýär ýa-da haýyşnamasyny seredilmegi üçin kabul etmekden ýüz dönderilmeginiň sebäpleri görkezilen, delillendirilen hat iberilýär.

 

13-nji madda. Haýyşnama berlen belginiň düýp 

       manysy boýunça bilermenler

       seljermesi

1. Haýyşnama berlen belginiň düýp manysy boýunça bilermenler seljermesi haýyşnamanyň deslapky bilermenler seljermesi tamamlanandan soň we degişli pajyň tölenilen şertinde, ýöne haýyşnamanyň berlen senesinden başlap, alty aýdan soň geçirilýär.

Görkezilen bilermenler seljermesi geçirilende haýyşnama berlen belginiň şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 3-nji bendinde göz öňünde tutulan kadalara laýyklygy anyklanylýar.

2. Harydyň gelip çykan ýeriniň ady hökmünde haýyşnama berlen belginiň we harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy üçin haýyşnamanyň bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça harydyň gelip çykan ýeriniň ady hökmünde haýyşnama berlen belginiň we görkezilen ady ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy barada çözgüt kabul edilýär ýa-da haýyşnama berlen belgini harydyň gelip çykan ýeriniň ady hökmünde döwlet belligine almakdan ýüz döndermek barada deslapky çözgüt kabul edilýär.

3. Harydyň gelip çykan ýeriniň Türkmenistanda öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň berilmegi üçin haýyşnamanyň bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça görkezilen ulanmaga bolan hukugyň berilmegi barada çözgüt kabul edilýär ýa-da bu                hukugy bermekden ýüz döndermek barada deslapky çözgüt kabul edilýär.

4. Haýyşnamaçy Türkmenpatentiň harydyň gelip çykan ýeriniň ady hökmünde haýyşnama berlen belgini ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň Türkmenistanda öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugy döwlet belligine almakdan ýüz döndermek baradaky deslapky çözgüdi bilen razylaşmadyk halatynda, çözgüdiň iberilen senesinden başlap, üç aýyň içinde görkezilen çözgüt bilen razylaşmaýandygy barada arza bermäge haklydyr. Şunda görkezilen arzany bermegiň möhleti haýyşnamaçynyň möhletiň uzaldylmagy baradaky towakganamasy üç aýlyk möhletiň tamamlanmazyndan öň gelip gowşan we uzaldylmagyň her aýy üçin degişli pajyň tölenilen şertinde alty aýa çenli uzaldylyp bilner.

5. Türkmenpatentiň deslapky çözgüdi bilen razylaşylmaýandygy baradaky arza onuň gelip gowşan senesinden başlap, iki aý möhletde seredilmelidir we oňa seredilmeginiň netijeleri boýunça Türkmenpatentiň gutarnykly çözgüdi çykarylýar.

6. Islendik şahs haýyşnama seredilmeginiň islendik döwründe harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we görkezilen ady ulanmaga bolan hukugyň ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagyna ýol berilmezligi barada delillendirilen arzany berip biler. Görkezilen arza degişli pajyň tölenilen şertinde berlip bilner.

 

14-nji madda. Türkmenpatentiň haýyşnamanyň 

       bilermenler seljermesiniň netijeleri 

       boýunça çözgüdiniň jedelleşilmegi 

       we geçirilen möhletleriň dikeldilmegi

1. Türkmenpatentiň haýyşnamanyň bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça çözgüdi görkezilen çözgüdiň iberilen senesinden başlap, üç aýyň içinde Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna degişli şikaýaty bermek arkaly haýyşnamaçy tarapyndan jedelleşilip bilner.

Şikaýatyna seredilmegine haýyşnamaçynyň özüniň ýa-da wekiliniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr.

2. Türkmenpatentiň talap etmegi boýunça resminamalary ýa-da maglumatlary bermegiň haýyşnamaçy  tarapyndan geçirilen möhleti we Türkmenpatentiň haýyşnamanyň bilermenler seljermesiniň netijeleri boýunça çözgüdine şikaýat etmegiň geçirilen möhleti dikeldilip bilner. Geçirilen möhletiň dikeldilmegi baradaky arza, degişli pajyň tölenilen şertinde, bellenilen möhletiň tamamlanan senesinden başlap, alty aýdan gijä galynman Türkmenpatente haýyşnamaçy tarapyndan berlip bilner.

Geçirilen möhletiň dikeldilendigi barada haýyşnamaçy habarly edilýär.

 

15-nji madda. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň

       döwlet belligine alynmagynyň amala

       aşyrylmagy

1. Haýyşnama berlen belgini harydyň gelip çykan ýeriniň ady hökmünde döwlet belligine almak barada çözgüdiň kabul edilen we degişli pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň alnan halatynda Türkmenpatent görkezilen bellige almaklygy amala aşyrýar hem-de harydyň gelip çykan ýeriniň ady baradaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizýär.

Degişli pajyň tölenilendigi baradaky resminama degişli çözgüdiň haýyşnamaça iberilen senesinden başlap, üç aýyň içinde Türkmenpatente berilmelidir.

2. Pajyň şu maddanyň birinji böleginde görkezilen möhletde tölenilmedik halatynda haýyşnamaça, her geçirilen aý üçin degişli pajyň tölenilen şertinde, bellenilen möhletiň tamamlanan senesinden başlap, alty aýlyk möhlet berilýär.

Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny döwlet belligine almak degişli pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminama alnandan soň, bir aýyň dowamynda geçirilýär.

Pajyň tölenilendigi baradaky resminamanyň görkezilen möhletlerde berilmedik halatynda harydyň gelip çykan ýeriniň adyny döwlet belligine almak geçirilmeýär. Şu ýagdaýlarda haýyşnama ýatyrylýar, bu barada haýyşnamaçy habarly edilýär.

 

16-njy madda. Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny 

        ulanmaga bolan hukugyň döwlet 

        belligine alynmagynyň amala 

        aşyrylmagy we şahadatnamanyň

        berilmegi

1. Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugy döwlet belligine almak barada çözgüdiň kabul edilen we degişli pajyň tölenilendigini tassyklaýan resminamanyň alnan halatynda Türkmenpatent görkezilen bellige almaklygy amala aşyrýar, harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukuk baradaky maglumatlary Döwlet sanawyna girizýär hem-de şahadatnamany berýär.

2. Şahadatnamany bermek Türkmenpatent tarapyndan harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alnan senesinden başlap, üç aýyň içinde geçirilýär.

Şahadatnamanyň görnüşi we onda görkezilýän maglumatlaryň sanawy Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.

3. Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy we şahadatnamanyň berilmegi üçin şu Kanunyň 15-nji maddasynyň birinji böleginiň ikinji tesiminde göz öňünde tutulan möhletlerde degişli paç tölenilýär.

 

Pajy tölemegiň ýa-da pajyň tölenilendigi baradaky resminamany bermegiň möhletleriniň berjaý edilmedik  halatynda şu Kanunyň 15-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan kadalar ulanylýar.

4. Şahadatnamanyň eýesi harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň ýanynda ulanylýan belginiň harydyň gelip çykan ýeriniň Türkmenistanda bellige alnan ady bolup durýandygyny görkezýän «R» ýa-da halkanyň içindäki «R» latyn harplarynyň görnüşinde, ýa-da «harydyň gelip çykan ýeriniň ady» ýa-da «harydyň gelip çykan ýeriniň bellige alnan ady» diýen sözler bilen aňladylan duýduryjy belgilemäni goýmaga haklydyr.

5. Şahadatnamanyň eýesiniň başga bir şahslara, ygtyýarlandyryjy şertnama boýunça, harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga rugsatnama bermäge hukugy ýokdur.

 

17-nji madda. Şahadatnamanyň hereket ediş möhleti

1. Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukuk hakynda şahadatnama haýyşnamanyň Türkmenpatente berlen senesinden başlap, on ýylyň dowamynda hereket edýär.

2. Degişli pajyň tölenilen we Döwlet sanawynda görkezilen häsiýetlere eýe bolan harydyň öndürilmeginiň faktyny tassyklaýan resminamanyň berlen şertinde şahadatnamanyň hereket ediş möhleti onuň eýesiniň towakganamasy boýunça indiki on ýyla uzaldylyp bilner.

Şahadatnamanyň eýesi Türkmenistanyň çäklerinden daşarda ýerleşýän geografik obýektiň ady bolup durýan harydyň gelip çykan ýeriniň ady babatynda degişli pajyň tölenilendigi baradaky resminama bilen birlikde şahadatnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy barada arzanyň berlen senesinde harydyň gelip çykan ýurdunda onuň harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugyny tassyklaýan resminamany ýa-da onuň tassyklanylan nusgasyny berýär.

Şahadatnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy baradaky arza onuň hereket ediş möhletiniň soňky ýylynyň dowamynda berilýär.

3. Degişli pajyň tölenilen şertinde, şahadatnamanyň eýesine onuň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy üçin alty aýlyk möhlet berilýär.

4. Şahadatnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy baradaky ýazgy Döwlet sanawyna girizilýär, bu barada şahadatnamanyň eýesi habarly edilýär.

Şahadatnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy baradaky maglumatlar Resmi býulletende çap edilýär.

 

18-nji madda. Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň

       girizilmegi

1. Döwlet sanawyna harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň, şahadatnamanyň eýesiniň familiýasynyň, adynyň ýa-da atasynyň adynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly üýtgetmeler, şeýle hem harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň ýa-da ony ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagyna degişli beýleki üýtgetmeler girizilýär.

2. Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň girizilmegi, degişli pajyň tölenilen şertinde, şahadatnamanyň eýesiniň arzasy boýunça geçirilýär. Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň girizilmegi barada arzalary bermegiň we olara seretmegiň tertibi Türkmenpatent tarapyndan kesgitlenilýär.

 

19-njy madda. Döwlet sanawyndan maglumatlaryň

        berilmegi

Türkmenpatent islendik şahsyň ýazmaça arzasy esasynda, degişli pajyň tölenilen şertinde, harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we görkezilen ady ulanmaga bolan hukugyň ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy baradaky maglumatlary berýär. Görkezilen maglumatlar Döwlet sanawyndan göçürme görnüşinde berilýär.

Döwlet sanawyndan alnan maglumatlary özünde saklaýan resminama Türkmenpatentiň ýolbaşçysy tarapyndan gol çekilýär we onuň möhri bilen tassyklanylýar.

 

20-nji madda. Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň

       atlarynyň we görkezilen atlary ulanmaga

       bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy

       baradaky maglumatlaryň çap edilmegi

Harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlarynyň we görkezilen atlary ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy baradaky maglumatlar Resmi býulletende çap edilýär; harydyň aýratyn häsiýetleriniň ýazgysyny özünde saklaýan maglumatlar muňa degişli däldir.

Resmi býulletende harydyň gelip çykan ýeriniň adyny we ony ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagyna degişli soňky ähli üýtgetmeler hem çap edilýär.

 

 

 

21-nji madda. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we

       harydyň gelip çykan ýeriniň adyny 

       ulanmaga bolan hukugyň daşary ýurt 

       döwletlerinde bellige alynmagy

Türkmenistanyň raýaty bolup durýan, ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik işi bilen meşgullanýan fiziki şahslar ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döredilen ýuridik şahslar harydyň gelip çykan ýeriniň adyny we ony ulanmaga bolan hukugy daşary ýurt döwletlerinde bellige aldyrmaga haklydyrlar.

Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we ony ulanmaga bolan hukugyň daşary ýurt döwletlerinde bellige alynmagy üçin haýyşnama ol ady ulanmaga bolan hukuk Türkmenistanda alnandan soň, görkezilen şahslar tarapyndan berlip bilner.

 

22-nji madda. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we

       ony ulanmaga bolan hukugyň döwlet

       belligine alynmagynyň hakyky däl diýlip

       ykrar edilmegi

1. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň döwlet belligine alynmagy, eger ol şu Kanunda bellenen talaplar bozulyp geçirilen bolsa, onuň hereket ediş möhletiniň bütin dowamynda jedelleşilip we hakyky däl diýlip ykrar edilip bilner.

2. Islendik şahs, şu maddanyň birinji böleginde bellenen möhletde we degişli pajyň tölenilen şertinde, harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň döwlet belligine alynmagynyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi barada Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna şikaýat edip biler.

3. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň döwlet belligine alynmagy we onuň üçin berlen şahadatnama Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň ýa-da kazyýetiň çözgüdi esasynda hakyky däl diýlip ykrar edilýär.

 

23-nji madda. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň 

       hukuk goragynyň we şahadatnamanyň 

       hereketiniň bes edilmegi

1. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň hukuk goragy aşakdakylar bilen baglylykda bes edilýär:

1) şol geografik obýekt üçin mahsus bolan aýratynlyklaryň ýitip gitmegi we Döwlet sanawynda görkezilen häsiýetlere eýe bolan harydyň öndürilmeginiň mümkin däldigi;

2) harydyň gelip çykan ýurdunda daşary ýurtly fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugyň ýitirilmegi.

2. Şahadatnamanyň hereketi bes edilýär:

1) harydyň gelip çykan ýeriniň şol ady babatda Döwlet sanawynda görkezilen aýratyn häsiýetleriň harytda ýitirilmegi bilen baglylykda;

2) harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň hukuk goragynyň bes edilmegi bilen baglylykda;

3) ýuridik şahsyň – şahadatnamanyň eýesiniň ýatyrylan halatynda;

4) fiziki şahsyň – şahadatnamanyň eýesiniň telekeçilik işiniň bes edilen halatynda;

5) şahadatnamanyň eýesi tarapyndan Türkmenpatente berlen arzanyň esasynda.

 

24-nji madda. Paçlar

1. Haýyşnamanyň berilmegi, onuň bilermenler seljermesi, harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň we görkezilen ady ulanmaga bolan hukugyň ýa-da harydyň gelip çykan ýeriniň öň bellige alnan adyny ulanmaga bolan hukugyň döwlet belligine alynmagy, Döwlet sanawyna üýtgetmeleriň girizilmegi, şahadatnamanyň hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy we beýleki iş amallary bilen baglanyşykly ýuridik ähmiýetli hereketleriň amala aşyrylmagy üçin paç alynýar.

2. Paçlar, eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, haýyşnamaçy, harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugyň eýesi ýa-da islendik üçünji şahs tarapyndan tölenilýär.

3. Paçlaryň tölenilmeginden gelip gowşan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

4. Paçlaryň möçberi, olary tölemegiň möhletleri we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.

 

IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

25-nji madda. Türkmenpatentiň Arz-şikaýat topary

1. Türkmenpatentiň Arz-şikaýat topary bozulan ýa-da jedelleşilýän hukuklar baradaky arzalara seretmek boýunça ygtyýarly edara bolup durýar.

Türkmenpatentiň Arz-şikaýat topary şahslaryň aşakdaky şikaýatlaryna seretmäge ygtyýarlydyr:

1) şu Kanunyň 14-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, Türkmenpatentiň çykaran çözgüdi bilen razylaşylmaýandygy baradaky;

2) şu Kanunyň 22-nji maddasynyň birinji bölegine laýyklykda, harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň döwlet belligine alynmagynyň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi baradaky;

3) şu Kanunyň 23-nji maddasyna laýyklykda, harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň hukuk goragynyň we şahadatnamanyň hereketiniň bes edilmegi baradaky;

4) hünär synagy toparynyň patent ynamdarlygyna dalaşgäriň hünär synagy boýunça çykaran çözgüdi bilen razylaşylmaýandygy baradaky.

Harydyň gelip çykan ýeriniň şikaýat berlen adynyň döwlet belligine alynmagy babatdaky ýuridik ähmiýetli hereketler şikaýata seredilmegi tamamlanýança togtadylýar.

2. Haýyşnamaçy şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan şikaýaty, degişli pajyň tölenilen şertinde, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen möhletlerde Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparyna bermäge haklydyr. Görkezilen şikaýata fiziki we ýuridik şahslaryň bozulan we jedelleşilýän hukuklary baradaky şikaýatlaryna seretmegiň Tertibinde bellenilen möhletlerde Türkmenpatentiň Arz-şikaýat topary tarapyndan seredilmelidir.

Şikaýata seretmegiň möhleti şikaýat eden şahsyň, şeýle hem harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugyň eýesiniň towakganamasy boýunça uzaldylyp bilner, ýöne ol şikaýata seretmegiň ilkibaşda bellenilen möhletiniň tamamlanan senesinden başlap, alty aýdan köp bolmaly däldir. 

Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň çözgüdine gaýtadan seredilmegi baradaky towakganama gyzyklanýan taraplaryň islendigi tarapyndan çözgüdiň alnan senesinden başlap, bir aýyň içinde Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň başlygynyň adyna berlip bilner. 

Gyzyklanýan taraplaryň islendigi Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň çözgüdine onuň tassyklanan senesinden başlap, kyrk bäş senenama gününiň içinde kazyýetde şikaýat edip biler.

 

26-njy madda. Jedellere kazyýet tertibinde

        seredilmegi

Kazyýetler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde şu Kanunyň ulanylmagy bilen baglanyşykly jedellere, şol sanda aşakdaky jedellere seredýärler:

 

1) harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukugyň bozulmagy baradaky;

2) harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň bikanun ulanylandygy üçin ýetirilen zeleliň öweziniň dolunmagy baradaky;

3) Türkmenpatentiň Arz-şikaýat toparynyň çözgütleriniň jedelleşilmegi bilen baglanyşykly.

Kazyýetler Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde şu Kanunyň ulanylmagy bilen baglanyşykly beýleki jedellere hem seredip bilerler.

 

27-nji madda. Gümrük gözegçiligi

Şahadatnamalaryň eýeleriniň hukuklarynyň goragy babatynda gümrük gözegçiligi Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda, gümrük edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

 

28-nji madda. Harydyň gelip çykan ýeriniň

       adynyň bikanun ulanylandygy 

       üçin jogapkärçilik

1. Harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň bikanun ulanylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan jogapkärçilige eltýär. 

Şular harydyň gelip çykan ýeriniň adynyň bikanun ulanylmagy bolup durýar:

1) harydyň gelip çykan ýeri we aýratyn häsiýetleri babatda alyjyny ýalňyşdyrmaga ukyply, gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belginiň islendik haryt üçin ulanylmagy;

2) adyň daşary ýurt diline terjimesinde ýa-da «kysym», «görnüş», «meňzetme» ýaly sözler bilen baglanyşdyrylyp ulanylmagy;

3) harydyň gelip çykan ýeriniň ady babatda şahadatnamanyň eýesine zelel ýetirýän beýleki hereketleriň amala aşyrylmagy.

2. Harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ýa-da onuň bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belgini bikanun ulanýan şahs şahadatnamanyň eýesiniň talap etmegi ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça şulara borçludyr:

1) ony ulanmaklygy bes etmäge;

2) hukugyň bozulmazyndan öňki ýagdaýy dikeltmäge;

3) ýitirilen peýdany hasaba almak bilen, ýitginiň öwezini dolmaga ýa-da kazyýetiň çözgüdi bilen ýa-da taraplaryň ylalaşygy boýunça kesgitlenilýän öwezini doluş puluny tölemäge;

4) harydyň gelip çykan ýeriniň bikanun ulanylýan adyny ýa-da onuň bilen gatyşyp gitmek derejesine çenli çalymdaş belgini bikanun harytlardan aýyrmaga.

3. Kazyýet bikanun harytlaryň muzdsuz alynmagy barada çözgüt çykarmaga haklydyr.

 

29-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2019-njy ýylyň 8-nji iýuny.

№ 142-VI.