Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Ýerleriň meliorasiýasy hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

Ýerleriň meliorasiýasy hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 87-nji madda)

 

(08.06.2019 ý. № 160-VI, 25.11.2023 ý. № 75-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)

 

Şu Kanun ýerleriň meliorasiýasyny geçirmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de bu babatda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. 

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:

1) ýerleriň meliorasiýasy – ýer serişdelerini rejeli we durnukly peýdalanmak maksady bilen, ýerleriň oňaýsyz tebigy (gidrologik, toprak, agroklimatik) şertlerini düýpli gowulandyrmaga gönükdirilen agrotehniki, gidrotehniki, tokaý-tehniki, medeni-tehniki, himiki we beýleki melioratiw çäreleriň toplumy;

2) ýerleriň melioratiw ýagdaýy – ýerleriň ýokarky gatlaklarynyň yzgarlylyk derejesine täsir edýän ýerasty suwlaryň ýerleşiş çuňlugy we duzlulygy, şeýle hem ýerleriň sürümli gatlagynda bar bolan duzlaryň mukdary baradaky maglumatlar;

3) melioratiw ulgam – düzümine ýerleriň amatly melioratiw ýagdaýynyň döredilmegini we oba hojalyk ekinleri we beýleki ösümlikler üçin iň amatly suw, howa, ýylylyk, duzlulyk we topragyň iýmitleniş düzgünleriniň saklanylmagyny, şeýle hem öri meýdanlarynyň suwlulandyrylmagyny üpjün edýän gidromelioratiw ulgamlar we aýratyn ýerleşen gidrotehniki desgalar (mundan beýläk – suw hojalygynyň obýektleri), gorag tokaý zolaklary, şeýle hem olaryň ulanylmagy we olara hyzmat edilmegi üçin zerur bolan ulanyş ýollary, köprüler we beýleki özara baglanyşykly desgalar we gurluşlar girýän emläk toplumy; 

4) melioratiw çäreler – melioratiw ulgamlary taslamalaşdyrmak, gurmak, durkuny täzelemek we ulanmak, ýerleri özleşdirmek, ýerleri suwarmak, topraklaryň gurplulygyny ýokarlandyrmak, öri meýdanlaryny suwlulandyrmak, gorag tokaý zolaklaryny döretmek, şeýle hem bu işleri ylmy we önümçilik-tehniki taýdan üpjün etmek;

5) agromelioratiw çäreler – ýerleri tekizlemek, suwarmak we sürüm geçirmek, keş çekmek, topragyň dykyzlygyny peseltmek, çuň ýumşatmak, joýa çekmek, şeýle hem beýleki agrotehniki işler;

6) döwlet melioratiw ulgamlary – döwlet eýeçiliginde durýan we suwuň sebitara we (ýa-da) hojalygara paýlanylmagyny hem-de sowlup äkidilmegini, daşgyn suwlaryna garşy goragy, şeýle hem döwlet hajatlaryny üpjün etmek üçin zerur bolan eroziýa garşy we öri meýdan gorag tokaý zolaklaryny üpjün edýän melioratiw ulgamlar;

7) gidromelioratiw ulgamlar – ýerleriň suwarylmagy, suwlulandyrylmagy we zeý suwlarynyň aýrylmagy üçin niýetlenilen, tehnologiýa taýdan özara baglanyşykly gidrotehniki desgalaryň, enjamlaryň we abzallaryň toplumy (suwaryş we zeýsuwakaba-zeýkeş ulgamlary, turba geçirijileri, suw howdanlary, bentler, suw geçiriji desgalar, suw göteriji beketler, suw alyjy we beýleki gidrotehniki desgalar);

8) gidrotehniki desgalar – suw serişdeleriniň peýdalanylyşyny we goralyşyny düzgünleşdirmek, suw bilen üpjün etmek, zeý we zyňyndy suwlaryny äkitmek hem-de suwlaryň ýaramaz täsirini ýok etmek maksady bilen emeli döredilen desgalar; 

9) hojalygara melioratiw ulgamlar – döwlet eýeçiliginde durýan we iki ýa-da birnäçe hojalyga, şeýle hem beýleki suwy sarp edijilere hyzmat edýän melioratiw ulgamlar; 

10) içerki hojalyk melioratiw ulgamlary – bir ýa-da birnäçe ýuridik ýa-da fiziki şahsyň eýeçiliginde duran, ýa-da bellenen tertipde ýuridik ýa-da fiziki şahsa peýdalanmaga berlen melioratiw ulgamlar;

11) melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar – olaryň ýer böleklerinde melioratiw ulgamlary ýerleşýän, şeýle hem ýerleriň meliorasiýasy geçirilen (geçirilýän) ýerden peýdalanyjylar;

12) aýratyn ýerleşen gidrotehniki desgalar – gidromelioratiw ulgamlara girmeýän we suwuň sazlanylmagyny, ýokary göterilmegini, eltip berilmegini, sarp edijilere paýlanylmagyny, suwlaryň ugruny sowmagy, topragy suw eroziýasyndan goramagy, sile garşy hem-de toprak süýşgünine garşy goraglary üpjün edýän injenerçilik desgalar we gurluşlar;

13) melioratiw ulgamlaryň tükellenilişi – melioratiw ulgamlaryň we olaryň aýry-aýry bölekleriniň ýerinde barlygy, ýerleşýän ýeri, tutýan meýdany, tehniki ýagdaýy, bahasy baradaky maglumatlaryň we beýleki maglumatlaryň toplanylmagy hem-de ulgamlaşdyrylmagy;

14) suwarymly ýerleriň melioratiw kadastry – suwarymly ýerleriň melioratiw ýagdaýy barada maglumatlaryň ulgamyny öz içine alýan, Döwlet ýer kadastrynyň düzüm bölegi;

15) gorag tokaý zolaklary – tokaý gaznasyna girmeýän, topraklary ýel we suw eroziýasyndan goramak üçin, şeýle hem melioratiw ulgamlary we aýratyn ýerleşen gidrotehniki desgalary zyýanly tebigy hem-de antropogen ýagdaýlardan goramak üçin niýetlenen eroziýa garşy we suwy goraýyş tokaý zolaklary, şeýle hem tebigy we emeli usulda döredilen agaç, gyrymsy agaç ösümlikleri (agaçlar, ösümlikler);

16) öri meýdanlaryny suwlulandyrmak – gidrotehniki desgalary we wagtlaýyn ýerüsti akymlary (kaklar, sardobalar, howdanlar we ownuk köller) ulanmak bilen suwsuz hem-de az suwly ýerlerde maldarçylyk obýektlerini suw bilen üpjün etmek üçin niýetlenen çäreleriň toplumy.

 

2-nji madda. Ýerleriň meliorasiýasy hakynda

     Türkmenistanyň kanunçylygy

Ýerleriň meliorasiýasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň ýerleriň meliorasiýasy babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Ýerleriň meliorasiýasynyň esasy maksatlary 

Ýerleriň meliorasiýasy şu maksatlar bilen amala aşyrylýar:

1) suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we goramak;

2) ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak;

3) ýerleriň gurplulygyny ýokarlandyrmak we durnukly saklamak;

4) ekerançylyk ýerlerinde topragyň gurplulygyny dikeltmegiň we durnukly saklamagyň netijesinde oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak;

5) melioratiw çäreleri geçirmek bilen ulanyşdan galan we pes hasyl berýän ýerleri oba hojalyk dolanyşygyna goşmak;

6) ýerleri sil we daşgyn suwlaryndan, ýel we suw eroziýasyndan, ýerasty suwlaryň derejesiniň ýokary galmagyndan goramak;

7) täze ýerleri özleşdirmek;

8) öri meýdanlaryny suwlulandyrmagy üpjün etmek.

 

4-nji madda. Ýerleriň meliorasiýasy babatda esasy ýörelgeler

Ýerleriň meliorasiýasy şu ýörelgelere esaslanýar:

1) ýerleriň meliorasiýasynyň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi;

2) melioratiw ulgamlaryň döwlet tarapyndan hasaba alynmagy;

3) melioratiw çäreler geçirilen mahalynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

4) melioratiw çäreleriň geçirilmeginiň esaslandyrylmagy;

5) melioratiw ulgamlar gurlan we ulanylan mahalynda innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy;

6) ýerleriň goralyp saklanylmagy we rejeli peýdalanylmagy;

7) melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylaryň we beýleki taraplaryň hukuklarynyň hem-de kanuny bähbitleriniň goralmagy.

 

II BAP. ÝERLERIŇ MELIORASIÝASY BABATDA

DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI

 

5-nji madda. Ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet

     düzgünleşdirmesini amala aşyrýan edaralar

Ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet düzgünleşdirmesi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

Ygtyýarlandyrylan döwlet edaralaryna oba hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan edara hem-de suw hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan edara degişlidir.

 

6-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 

      ygtyýarlylygy

Ýerleriň meliorasiýasy babatda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) döwlet syýasatyny kesgitleýär;

2) döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;

3) maliýeleşdirmegiň we maýa goýum işiniň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitleýär;

4) ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrýar;

5) Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny üpjün edýär;

6) Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

7) şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

  1. 7-nji madda. Oba hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan
  2.                      edaranyň ygtyýarlylygy

Oba hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan edara:

1) ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet syýasatyny amala aşyrýar;

2) ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;

3) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde melioratiw çäreleriň toplumyny işläp taýýarlaýar we amala aşyrylmagyny üpjün edýär;

4) ýerleriň meliorasiýasy babatda monitoringi geçirýär;

5) ýer serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna we goralyp saklanylyşyna, şeýle hem olaryň ýagdaýynyň üýtgemelerine gözegçiligi amala aşyrýar;

6) ýerleriň gurplulygynyň ýokarlandyrylmagyna we durnukly saklanylmagyna gönükdirilen çäreleriň geçirilmegine ýardam edýär;

7) ýer bölekleriniň eýeleri, ýerden peýdalanyjylar we ýer kärendeçileri tarapyndan topragyň gurplulygyny dikeltmek we durnukly saklamak boýunça guramaçylyk-hojalyk, agrotehniki, tokaý-tehniki çäreleriň öz wagtynda, ýokary derejede geçirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;

8) ýel we suw eroziýasynyň täsirleriniň, şorlaşmagyň, suw basmagyň, çölleşmegiň, hapalanmagyň we ýerleriň ýaramazlaşmagyna getirýän beýleki täsirleriň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça çäreleriň geçirilişine gözegçiligi üpjün edýär;

  1. 9) ýerleriň meliorasiýasy babatda degişli maglumaty Döwlet ýer kadastryna girizýär;

10) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde ýerleriň meliorasiýasy babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

11) ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy amala aşyrýar;

12) hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýar;

13) ýerleriň meliorasiýasy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

14) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde ýerleriň meliorasiýasy babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

15) şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

8-nji madda. Suw hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan

     edaranyň ygtyýarlylygy

Suw hojalygy babatda ygtyýarlandyrylan edara:

1) ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;

2) ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirýär;

3) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde melioratiw çäreleriň toplumyny işläp taýýarlaýar we amala aşyrylmagyny üpjün edýär;

4) döwlet melioratiw ulgamlarynyň döwlet hasaba alnyşyny ýöredýär;

5) döwlet melioratiw ulgamlaryny arassalamak we abatlamak boýunça işleriň ýyllyk meýilnamalaryny işläp taýýarlaýar hem-de amala aşyrýar;

6) suwarymly ýerleriň melioratiw kadastryny ýöredýär;

7) pudagara ähmiýetli melioratiw ulgamlar babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kesgitleýär we degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça olary tassyklaýar;

8) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde gidrotehniki meliorasiýa babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;

9) gidrotehniki meliorasiýa hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;

10) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde gidrotehniki meliorasiýa babatda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;

11) suw hojalyk obýektleriniň pasportlarynyň we beýleki degişli resminamalarynyň görnüşlerini tassyklaýar hem-de olary ýöretmegiň tertibini belleýär;

12) ylmyň gazananlaryny we innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy amala aşyrýar;

13) hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň geçirilmegini guraýar;

14) şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.

 

9-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň

      ygtyýarlylygy 

Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary ýerleriň meliorasiýasy babatda:

1) döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;

2) melioratiw çäreleriň geçirilmegine ýardam berýärler;

3) melioratiw ulgamlaryň hasabyny ýöredýärler;

4) içerki hojalyk melioratiw ulgamlaryny arassalamak we abatlamak boýunça işleriň ýyllyk meýilnamalaryny tassyklaýarlar hem-de olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýarlar;

5) ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylyşyna we olaryň goralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;

6) şu Kanuna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlylygyna girýän beýleki meseleleri çözýärler.

 

III BAP. ÝERLERIŇ MELIORASIÝASY

 

10-njy madda. Ýerleriň meliorasiýasynyň görnüşleri

Melioratiw çäreleri geçirmegiň häsiýetine baglylykda ýerleriň meliorasiýasy şu görnüşlere bölünýär:

1) agrotehniki meliorasiýa;

2) gidrotehniki meliorasiýa;

3) tokaý-tehniki meliorasiýa;

4) medeni-tehniki meliorasiýa;

5) himiki meliorasiýa.

 

11-nji madda. Agrotehniki meliorasiýa

Agrotehniki meliorasiýa – gurplulygy pes bolan we şorlaşan ýerleriň gurplulygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, topraklaryň suw, howa we ýylylyk düzgünlerini we ýerüsti suw akymyny düzgünleşdirmegiň agrotehniki usullary.

Agrotehniki meliorasiýa çäreleriň şu görnüşlerini öz içine alýar:

1) ýerleri tekizlemek;

2) topragy çuň sürmek;

3) topraga organiki we mineral dökünleri dökmek;

4) ýeriň sürümli gatlagynyň astyndaky topragy ýumşatmak;

5) agrotehniki işleri ýokary hilli geçirmek;

6) ekin dolanyşyklaryny geçirmek;

7) ýaýlalaryň we öri meýdanlarynyň ýagdaýlaryny gowulandyrmak.

 

12-nji madda. Gidrotehniki meliorasiýa 

1. Gidrotehniki meliorasiýa topraklaryň suw düzgünini düzgünleşdirmek we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, şeýle hem suwlaryň olara oňaýsyz täsir etmeginiň öňüni almak boýunça toplumlaýyn çäreleriň geçirilmegini öz içine alýar.

2. Gidrotehniki meliorasiýa çäreleriň şu görnüşleri degişlidir:

1) ýerleri suwarmak;

2) ýerleriň şorlaşmagyna we batgalaşmagyna garşy göreşmek we olaryň öňüni almak;

3) suw ýitgilerini azaltmak;

4) topraklaryň suw düzgünini ikitaraplaýyn düzgünleşdirmek;

5) ýerleri sil we daşgyn suwlaryndan, şeýle hem suw eroziýasyndan goramak.

 

13-nji madda. Tokaý-tehniki meliorasiýa

Tokaý-tehniki meliorasiýasy topragyň çyglylyk derejesini kadalaşdyrmak, zerur bolan mikroklimat şertlerini gowulandyrmak, şeýle hem ekin meýdanlarynyň gyralarynda, eňňitliklerde, çöketliklerde we süýşýän çägeli ýerleriň çäklerinde, şonuň ýaly hem gorag tokaý zolaklary dörediljek çäklerde agaç nahallaryny oturtmak arkaly      ýerleri ýel we suw eroziýasyndan goramak maksady bilen amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Medeni-tehniki meliorasiýa

1. Medeni-tehniki meliorasiýa çägiň medeni-tehniki taýdan abadanlaşdyrylmadyklygynyň aradan aýrylmagyna gönükdirilen melioratiw çäreleriň toplumynyň geçirilmegini öz içine alýar.

2. Medeni-tehniki meliorasiýa çäreleriň şu görnüşleri degişlidir:

1) ýerleri iri daşlardan, haşal otlardan we agaçlardan arassalamak;

2) ýerleri düýpli tekizlemek;

3) topragy ilkinji gezek işläp bejermek;

4) agromelioratiw işleri geçirmek;

5) beýleki işleri geçirmek.

 

15-nji madda. Himiki meliorasiýa

1. Himiki meliorasiýa topraklaryň himiki we fiziki häsiýetlerini gowulandyrmak boýunça melioratiw çäreleriň toplumyndan     ybaratdyr.

2. Himiki meliorasiýa çäreleriň şu görnüşleri degişlidir: 

1) topraga organiki we mineral dökünleri dökmek;

2) topragyň aşgarlylygyny we turşulygyny sazlaýjy maddalary (meliorantlary) ulanmak.

 

IV BAP. MELIORATIW ULGAMLAR

 

16-njy madda. Melioratiw ulgamlara bolan eýeçilik hukugy

1. Melioratiw ulgamlar döwlet eýeçiliginde ýa-da eýeçiligiň beýleki görnüşlerinde bolup biler.

2. Döwletara we döwlet melioratiw ulgamlary döwlet eýeçiligi bolup durýarlar hem-de döwlet suw hojalyk guramalaryna eýelik etmäge we peýdalanmaga berilýär.

3. Içerki hojalyk melioratiw ulgamlary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň ýuridik we fiziki şahslaryna eýelik etmäge, peýdalanmaga ýa-da eýeçilige berilýär hem-de olaryň hasabynda durýarlar.

 

17-nji madda. Melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar

1. Döwlet suw hojalyk guramalary döwletara we hojalygara melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar bolup durýarlar.

2. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler we beýleki oba hojalyk däl maksatly ýerden peýdalanyjylar içerki hojalyk melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar bolup durýarlar.

 

18-nji madda. Melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylaryň

       hukuklary we borçlary

1. Döwletara we hojalygara melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar bolup durýan döwlet suw hojalyk guramalary öz hukuklaryny hem-de borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrýarlar. 

2. Hojalygara melioratiw ulgamlardan peýdalanmak olary peýdalanmagyň düzgünnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar. 

3. Içerki hojalyk melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylaryň şulara hukuklary bardyr:

1) içerki hojalyk melioratiw ulgamlaryny arassalamak we abatlamak, şeýle hem ulanmak barada melioratiw çäreleri geçirmek boýunça hyzmatlary etmeklige, melioratiw ulgamlary gurmak, ulanmak we abatlamak boýunça hyzmat ediji edaralar bilen şertnama  baglaşmaga;

2) degişli döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça bellenilen tertipde melioratiw ulgamlaryň ýa-da olaryň käbir bölekleriniň gurluşygyny ýa-da durkunyň täzelenmegini amala aşyrmaga;

3) içerki hojalyk melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylaryň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen baglanyşykly, ýerleriň meliorasiýasy babatdaky meseleleriň garalmagyna gatnaşmaga;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän beýleki hereketleri etmäge.

4. Içerki hojalyk melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar şulara borçludyrlar:

1) içerki hojalyk melioratiw ulgamlaryny ulanmagy olary peýdalanmagyň düzgünnamasyna laýyklykda alyp barmaga;

2) melioratiw çäreleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirmäge;

3) içerki hojalyk melioratiw ulgamlaryň hasabyny ýöretmäge;

4) ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we durnukly saklamak boýunça çäreleri geçirmäge; 

5) ekin meýdanlarynyň töwereginde gorag tokaý zolaklaryny döretmäge;

6) suw serişdeleriniň möçberleriniň hasaba alynmagyny we olaryň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge;

7) melioratiw çäreler babatda innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmaga;

8) ýerleriň ýel we suw eroziýasyna garşy gönükdirilen çäreleri geçirmäge;

9) içerki hojalyk melioratiw ulgamlaryny arassalamak we abatlamak boýunça işleriň ýyllyk meýilnamalaryny işläp taýýarlamaga we amala aşyrmaga; 

10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.

 

 

 

 

 

V BAP. ÝERLERIŇ MELIORASIÝASYNY

GEÇIRMEK

 

19-njy madda. Ýerleriň meliorasiýasyny meýilleşdirmek

1. Ýerleriň meliorasiýasyny meýilleşdirmek ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet maksatnamalary we melioratiw ulgamlaryň tükellenilişiniň we barlagynyň netijelerini hasaba almak bilen işlenip taýýarlanylýan melioratiw ulgamlary gurmak, abatlamak boýunça her ýylky iş meýilnamalary görnüşlerinde amala aşyrylýar.

2. Melioratiw ulgamlary gurmak, abatlamak boýunça her ýylky iş meýilnamalarynda ýerleriň meliorasiýasynyň görnüşleri, melioratiw çäreler, maliýeleşdiriş çeşmeleri, işleriň möçberleri, olaryň ýerine ýetirilmeli möhletleri hem-de olaryň ýerine ýetirilmegine jogapkärler görkezilýär.

 

20-nji madda. Ýerleriň meliorasiýasyny maliýeleşdirmek

1. Ýerleriň meliorasiýasyny we melioratiw çäreleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň, melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylaryň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna amala aşyrylýar.

2. Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda melioratiw ulgamlaryny gurmak boýunça çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hem-de Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär. 

3. Döwletara we döwlet melioratiw ulgamlaryny gurmak, ulanmak, abatlamak boýunça çykdajylar Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.

4. Içerki hojalyk melioratiw ulgamlaryny gurmak, arassalamak, abatlamak we ulanmak boýunça çykdajylar bu ulgamlardan peýdalanyjylaryň serişdeleriniň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeleriň hasabyna maliýeleşdirilýär.

 

21-nji madda. Ýerleriň meliorasiýasy babatda taslama

        resminamalary

Ýerleriň meliorasiýasy tehniki-ykdysady taýdan esaslandyrylmasyna laýyklykda gurluşyk, ekologik, sanitariýa we beýleki kadalary berjaý etmek bilen işlenip taýýarlanylan hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet ekologiýa seljermesinden geçen ýerleriň meliorasiýasy boýunça taslama resminamasy esasynda amala aşyrylýar.

 

22-nji madda. Melioratiw çäreleri geçirmek

1. Döwlet melioratiw ulgamlarynda melioratiw çäreler melioratiw ulgamlary gurmak, ulanmak we abatlamak boýunça hyzmat ediji edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Içerki hojalyk melioratiw ulgamlarynda melioratiw çäreler melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar tarapyndan özbaşdak ýa-da melioratiw çäreleri geçirmek boýunça hyzmatlary etmegiň şertnamasy esasynda melioratiw ulgamlary gurmak, ulanmak we abatlamak boýunça hyzmat ediji edaralar tarapyndan amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Melioratiw çäreler geçirilýän ýerlerde hojalyk

       we beýleki işlere çäklendirmeler hem-de

       gadaganlyklar

1. Melioratiw çäreler geçirilýän ýerlerde binalar we desgalar ýerleşdirilen, gurlan, hojalyk we beýleki işler amala aşyrylan mahalynda topraklaryň suw, howa, ýylylyk, iýmitleniş düzgünleriniň ýaramazlaşmagyna, şeýle hem melioratiw ulgamlaryň gurulmagyna, ulanylmagyna we abatlanylmagyna päsgel berilmegine ýol berilmeýär.

2. Melioratiw çäreler geçirilýän ýerlerde ýerleriň meliorasiýasy bilen baglanyşykly bolmadyk binalary we desgalary ýerleşdirmek ýa-da gurmak melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar we (ýa-da) melioratiw ulgamlary gurmak, ulanmak we abatlamak boýunça hyzmat ediji edaralar bilen ylalaşylmagy boýunça amala aşyrylýar.

3. Ýerleriň meliorasiýasynyň ulanyşa girizilen obýektlerinde şular gadagandyr:

1) topraklaryň suw, howa, ýylylyk, iýmitleniş düzgünlerini ýaramazlaşdyrmak;

2) melioratiw ulgamlardan peýdalanyjylar we (ýa-da) melioratiw ulgamlary gurmak, ulanmak we abatlamak boýunça hyzmat ediji edaralar bilen ylalaşmazdan suwaryş we zeýsuwakabalarynda  gaçylary, mallaryň geçelgelerini hem-de beýleki gurluşlary gurmak;

3) suwaryş we zeýsuwakabalarynyň, gaçylaryň we bentleriň ýapgytlyklarynda mal bakmak;

4) suwaryş we zeýsuwakabalarynda, suw howdanlarynda hem-de köllerde suw alyjy desgalary özbaşdak gurmak;

5) gidrotehniki desgalaryň gurluşlaryny özbaşdak açmak we ýapmak;

6) bentleriň, gaçylaryň we beýleki gidrotehniki desgalaryň gatnaw böleginden bellenilen göwrümlerden artýan ýükleri geçirmek;

7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk ýagdaýlarda guran otlary, ösümlikleri we oba hojalyk ekinleriniň galyndylaryny otlamak; 

8) galyndylary ýerleşdirmek we gömmek.

4. Melioratiw çäreler geçirilýän ýerlerde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry çäklendirmeler we gadaganlyklar hem göz öňünde tutulyp bilner. 

5. Aýratyn goralýan tebigy ýerlerde melioratiw çärelerini geçirmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

VI BAP. MELIORATIW ULGAMLARYŇ

HASABA ALNYŞY WE TÜKELLENILIŞI

 

24-nji madda. Melioratiw ulgamlaryň hasaba alnyşy

1. Melioratiw ulgamlaryň hasaba alnyşy olaryň işlemegini üpjün etmek, ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet düzgünleşdirmesini we meýilleşdirmesini amala aşyrmak üçin olaryň mukdar, hil we beýleki görkezijilerini almak maksady bilen ýöredilýär.

2. Melioratiw ulgamlaryny hasaba almak olaryň pasportlarynyň we beýleki degişli resminamalarynyň esasynda amala aşyrylýar.

 

25-nji madda. Melioratiw ulgamlaryň tükellenilişi

Melioratiw ulgamlaryň tükellenilişi ýerleriň meliorasiýasy babatda döwlet maksatnamalarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamak üçin maglumatlary almak maksady bilen, şeýle hem melioratiw ulgamlary we olaryň aýry-aýry böleklerini mundan beýläk-de ulanmak barada çözgütleri kabul etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.

 

26-njy madda. Melioratiw ulgamlaryny we olaryň 

        aýry-aýry böleklerini ulanyşdan 

        çykarmak

1. Melioratiw ulgamlar we olaryň aýry-aýry bölekleri şu ýagdaýlarda ulanyşdan çykarylyp bilner:

1) ulanyş döwründe ulanmaga ýaramsyz ýagdaýa gelen we kada görkezijileri boýunça ulanyş möhletini geçen;

2) heläkçilikli ýagdaýlaryň, tebigy betbagtçylyklaryň we beýleki adatdan daşary ýagdaýlaryň netijesinde ulanmaga ýaramsyz ýagdaýa gelen, eger-de olaryň dikeldilmegi tehniki taýdan mümkin bolmadyk  ýa-da ykdysady taýdan maksadalaýyk bolmadyk;

3) oba we tokaý hojalygyny ýöretmek bilen bagly bolmadyk maksatlarda olary peýdalanmak üçin, melioratiw işler geçirilen oba hojalyk maksatly ýerler hem-de tokaý gaznasynyň ýerleri dolanyşykdan aýrylan mahalynda;

4) oba hojalyk maksatly melioratiw çäreler geçirilen ýerler ýerleriň beýleki toparlaryna we görnüşlerine geçirilen mahalynda; 

5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.

2. Ulanyşdan çykarylan peýdalanmaga ýaramsyz melioratiw ulgamlar we olaryň aýry-aýry bölekleri melioratiw ulgamlaryň döwlet hasabyndan aýrylýar.

 

VII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

27-nji madda. Jedelleri çözmek 

Ýerleriň meliorasiýasy babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.

 

28-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik

Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.

 

29-njy madda. Şu Kanunyň herekete girmegi

Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girizilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

     Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 20-nji oktýabry.

№ 76-VI.