Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda

 

 

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin

Döwlet býujeti hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2018 ý., № 4, 103-nji madda)

 

 

1-nji madda

Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 83 868,3 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça 21 501,2 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

2-nji madda

Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Merkezleşdirilen býujetini girdejiler we çykdajylar boýunça 76 604,8 mln. manat möçberde, şol sanda býujetiň birinji derejesini girdejiler we çykdajylar boýunça         14 237,6 mln. manat möçberde tassyklamaly.

 

3-nji madda

Umumydöwlet salgytlaryndan Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerine geçirmeleriň 2019-njy ýyl üçin kadalyk ölçeglerini şu aşakdaky möçberlerde bellemeli:

 

 

goşulan baha üçin

salgytdan

peýdadan alynýan

salgytdan

ýerasty baýlyklardan peýdalanmak üçin salgytdan

Aşgabat şäheri

4,0%

4,3%

4,0%

Ahal welaýaty

95,0%

95,0%

95,0%

Balkan welaýaty

16,0%

14,8%

16,0%

Daşoguz welaýaty

95,0%

95,0%

95,0%

Lebap welaýaty

95,0%

95,0%

95,0%

Mary welaýaty 

58,0%

57,4%

58,0%

 

4-nji madda 

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Merkezleşdirilen býujetinden welaýatlaryň býujetleriniň deňeçerligini üpjün etmek üçin olara              1 513,8 mln. manat möçberde serişdeleri bölüp bermeli, şol sanda:

 

Ahal welaýaty

187,2

mln. manat
Daşoguz welaýaty

1 104,1

mln. manat
Lebap welaýaty

222,5

mln. manat

 

5-nji madda 

Ýerli býujetleri 8 777,4 mln. manat möçberde, şol sanda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň býujetlerini aşakdaky möçberlerde tassyklamaly:

 

Aşgabat şäheri

1 683,1 

    mln. manat
Ahal welaýaty

1 149,1 

    mln. manat
Balkan welaýaty

1 003,9 

    mln. manat
Daşoguz welaýaty

1 556,4 

    mln. manat
Lebap welaýaty

1 800,5 

    mln. manat
Mary welaýaty

1 584,4 

    mln. manat

 

6-njy madda 

Zähmet haky, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň çykdajylarynyň goralan maddalarydyr diýip bellemeli.

 

7-nji madda 

Býujet ýetmezçiliginiň emele gelen ýagdaýynda döwlet nesýe almalaryndan gelen serişdeler we (ýa-da) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujet serişdelerinden emele gelen galyndylary maliýeleşdiriş çeşmeleri bolup durýar diýip bellemeli.

2019-njy ýylda Türkmenistanyň Döwlet býujetine beýleki çeşmelerden gelip gowuşýan goşmaça girdejiler, şeýle hem girdejileriň çykdajylardan artyk gelen pul möçberleri, birinji nobatda döwlet     nesýe almalary boýunça bergini üzmek üçin gönükdirilýär diýip bellemeli.

 

 

8-nji madda 

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine Türkmenistanyň kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň permanlaryndan, kararlaryndan we buýruklaryndan gelip çykýan zerur bolan takyklamalary Türkmenistanyň 2019-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň görkezijilerine girizmegi, şeýle hem Merkezleşdirilen we ýerli býujetleriň ýerine ýetirilmeginiň barşynda ähli çykdajy maddalary boýunça tygşytlanan serişdeleri zerur bolan ýagdaýlarda beýleki çykdajy maddalara gönükdirmegi tabşyrmaly.

 

 

Türkmenistanyň                                                               Gurbanguly

     Prezidenti                                                                Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2018-nji ýylyň 1-nji dekabry.

№ 96-VI.