Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

 

 

Şahsy durmuş barada maglumat we 

ony goramak hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 25-madda) 

 

Şu Kanun adamyň şahsy durmuşy barada maglumat çygrynda jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär we ony ýygnamak, işläp taýýarlamak we goramak bilen bagly işiň maksadyny, ýörelgelerini we hukuk esaslaryny kesgitleýär.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Esasy düşünjeler

Şu Kanunyň maksatlary üçin şu esasy düşünjeler peýdalanylýar:

1) biometriki maglumatlar – şahsy durmuş barada maglumat degişli bolan adamyň fiziologiki we biologiki aýratynlyklaryny häsiýetlendirýän we onuň şahsyýetini anyklamaga mümkinçilik berýän maglumatlar; 

2) şahsy durmuş barada maglumat (mundan beýläk – şahsy maglumatlar) – elektron, kagyz ýa-da gaýry maddy göterijide berkidilen, bu maglumatlaryň esasynda kesgitlenen ýa-da kesgitlenýän fiziki şahsa (mundan beýläk – subýekt) degişli bolan islendik maglumatlar;

3) şahsy maglumatlar binýady – şahsy maglumatlaryň niýetlenilýän we peýdalanylýan maksatlaryna baglylykda toplanyp, tertipleşdirilen jemi;

4) şahsy maglumatlar binýadynyň operatory (mundan beýläk ‒ operator) – şahsy maglumatlary ýygnamagy, işläp taýýarlamagy we goramagy amala aşyrýan, şeýle hem bu hereketleriň maksatlaryny we mazmunyny kesgitleýän döwlet edaralary we beýleki ýuridik ýa-da fiziki şahslar;

5) şahsy maglumatlara rugsat – şahsy maglumatlary almaga we peýdalanmaga bolan mümkinçilik;

 

6) şahsy maglumatlary bermek – şahsy maglumatlaryň şahslaryň kesgitli topary tarapyndan alynmagyna ýa-da oňa geçirilmegine gönükdirilen hereketler;

7) şahsy maglumatlary gabamak – şahsy maglumatlary ýygnamagy, toplamagy, olara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmegi (mundan beýläk – anyklamak), peýdalanmagy, ýaýratmagy, atsyzlandyrmagy we ýok etmegi wagtlaýyn bes etmek boýunça hereketler;

8) şahsy maglumatlary işläp taýýarlamak – şahsy maglumatlary toplamaga, saklamaga, anyklamaga, peýdalanmaga, ýaýratmaga, atsyzlandyrmaga, gabamaga we ýok etmäge gönükdirilen hereketler;

9) şahsy maglumatlary toplamak – şahsy maglumatlary şahsy maglumatlar binýadyna girizmek ýoly bilen olaryň ulgamlaşdyrylmagy boýunça hereketler;

10) şahsy maglumatlary ýygnamak – şahsy maglumatlary almaga gönükdirilen hereketler;

11) şahsy maglumatlary ýok etmek – şahsy maglumatlary dikeldip bolmajak derejä eltýän hereketler;

12) şahsy maglumatlary atsyzlandyrmak – şahsy maglumatlaryň subýekte degişliligini kesgitläp bolmajak ýagdaýa getirýän hereketler;

13) şahsy maglumatlary goramak – şu Kanunda bellenilen maksatlar üçin amala aşyrylýan toplumlaýyn çäreler, şol sanda hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreler;

14) şahsy maglumatlary peýdalanmak – şahsy maglumatlar bilen operatoryň we üçünji şahsyň işiniň maksatlaryny durmuşa geçirmäge gönükdirilen hereketler;

15) şahsy maglumatlary saklamak – şahsy maglumatlaryň bitewüligini, ýaşyrynlygyny we elýeterliligini üpjün etmek boýunça hereketler;

16) şahsy maglumatlary ýaýratmak – şahsy maglumatlaryň adamlaryň kesgitli sanyna geçirilmegi ýa-da şahsy maglumatlar bilen adamlaryň çäksiz sanynyň tanyşdyrylmagy, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti ýa-da şahsy maglumatlara haýsydyr-bir gaýry usul bilen rugsadyň berilmegi bilen amala aşyrylýan hereketler;

17) şahsy maglumatyň ýaşyrynlygy – şahsy maglumatlary peýdalanmaga rugsat alan şahs tarapyndan ýerine ýetirilmegi üçin hökmany bolan, şeýle maglumatlary subýektiň razylygy bolmazdan üçünji tarapa bermezlik barada şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygyny üpjün edýän talap;

18) üçünji şahs – subýekt ýa-da operator bolup durmaýan, ýöne şahsy maglumatlary ýygnamak, işläp taýýarlamak we goramak boýunça ýagdaýlarda ýa-da hukuk gatnaşyklarynda olar bilen bagly bolan şahs.

 

2-nji madda. Şu Kanunyň maksady

Şahsy maglumatlar ýygnalanda, işlenip taýýarlananda we goralanda adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goralmagyny, şol sanda şahsy durmuşynyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna bolan hukugyň goralmagyny üpjün etmek şu Kanunyň maksady bolup durýar.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň hereketi

1. Şu Kanun bilen operatorlar tarapyndan amala aşyrylýan şahsy maglumatlary ýygnamak, işläp taýýarlamak we goramak bilen bagly gatnaşyklar düzgünleşdirilýär.

2. Şahsy maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň we goramagyň aýratynlyklary Türkmenistanyň beýleki kanunlary we Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary bilen düzgünleşdirilip bilner.

3. Şu Kanunyň hereketi şu halatlarda döreýän gatnaşyklara degişli edilmeýär:

1) subýekt şahsy maglumatlaryny şahsy ýa-da maşgala hajatlary üçin ýygnanda, işläp taýýarlanda we goranda, eger şunda beýleki ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň hukuklary we Türkmenistanyň kanunlarynyň talaplary bozulmaýan bolsa;

2) Türkmenistanyň arhiwleri we arhiw işi hakynda kanunçylygyna laýyklykda şahsy maglumatlary saklaýan arhiw resminamalary döredilende, saklananda, hasaba alnanda we peýdalanylanda;

3) «Döwlet syrlary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda döwlet syrlaryna degişli edilen şahsy maglumatlar ýygnalanda, işlenip taýýarlananda we goralanda; 

4) şahsy maglumatlar Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen razwedka, kontrrazwedka we dessin-agtaryş işleriniň, şeýle hem goralýan şahslaryň we desgalaryň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça gorag çärelerini amala aşyrmagyň dowamynda ýygnalanda, işlenip taýýarlananda we goralanda.

 

4-nji madda. Şahsy maglumatlar we olary goramak 

                      hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy

1. Şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de şahsy maglumatlary ýygnamagyň, işläp taýýarlamagyň we goramagyň tertibini kesgitleýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr. 

2. Döwlet edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu Kanunyň esasynda we ony ýerine ýetirmek üçin şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň aýry-aýry meseleleri boýunça kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edip bilerler, şol namalar subýektiň hukuklaryny çäklendirýän kadalary özünde saklamaly däldir we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resmi taýdan çap edilmäge degişlidir.

 

5-nji madda. Şahsy maglumatlary ýygnamagyň, işläp

                       taýýarlamagyň we goramagyň ýörelgeleri

Şahsy maglumatlary ýygnamak, işläp taýýarlamak we goramak şu ýörelgelere laýyklykda amala aşyrylýar:

1) subýektiň razylygy bolmazdan onuň şahsy maglumatlarynyň ýygnalmagyna, saklanylmagyna, peýdalanylmagyna we ýaýradylmagyna ýol bermezlik;

2) adamyň we raýatyň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny berjaý etmek;

3) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlarynyň we usullarynyň kanunylygy;

4) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlarynyň olar ýygnalanda kesgitlenen maksatlara, şeýle hem operatoryň ygtyýarlyklaryna laýyk gelmegi;

5) şahsyýetiň, jemgyýetiň we döwletiň howpsuzlygynyň üpjün edilmegi;

6) ýygnalýan we işlenip taýýarlanýan şahsy maglumatlaryň möçberiniň we häsiýetiniň, olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň usullarynyň şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryna laýyk gelmegi;

7) şahsy maglumatlaryň hakykylygy, ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlary üçin olaryň ýeterlikligi, şahsy      maglumatlar ýygnalanda kesgitlenen maksatlar babatda gereginden artyk şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň ýol berilmesizligi;

8) rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy.

 

 

II BAP. ŞAHSY MAGLUMATLARY ÝYGNAMAK

 WE IŞLÄP TAÝÝARLAMAK

 

6-njy madda. Şahsy maglumatlaryň elýeterliligi

1. Şahsy maglumatlar elýeterliligi boýunça hemmelere elýeter bolan we rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlara bölünýärler.

2. Hemmelere elýeter bolan şahsy maglumatlara subýektiň razylygy bilen rugsat erkin bolan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýaşyrynlygy berjaý etmegiň talaplary degişli edilmedik şahsy maglumatlar degişlidir.

Ilaty maglumat taýdan üpjün etmek maksatlary bilen şahsy maglumatlaryň hemmelere elýeter bolan çeşmeleri (şol sanda soragnamalar, telefon we salgy kitaplary, hemmelere elýeter bolan elektron maglumat serişdeleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri) peýdalanylýar.

Subýekt barada hemmelere elýeter bolan çeşmelerdäki maglumatlar islendik wagtda onuň talap etmegi boýunça ýa-da kazyýetiň ýa-da gaýry ygtyýarly döwlet edaralarynyň çözgüdi boýunça aýrylyp bilner.

3. Rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlara indiwidual barabarlaýyş we şahsy telefon belgileri, ýaşaýan ýeriniň salgysy, milleti, işleýän ýeri, zähmet şertnamasynyň şertleri we subýektiň garamagy boýunça beýleki şahsy maglumatlar degişlidir, olara subýektiň özi tarapyndan ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygy bilen rugsat çäklendirilip bilner.

Şahsy maglumatlara görkezilen çäklendirmeleriň girizilmegi bir tarapdan subýektiň we beýleki tarapdan operatoryň, şeýle hem üçünji şahsyň arasyndaky degişli şertnama bilen resmileşdirilmelidir.

 

7-nji madda. Şahsy maglumatlary ýygnamagyň we 

                       işläp taýýarlamagyň şertleri

1. Şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak operator tarapyndan subýektiň ýazmaça razylygy we onuň bilen bilelikde hereket etmek arkaly amala aşyrylýar, muňa şu Kanunyň 9-njy maddasynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

2. Subýektiň şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga onuň ýazmaça razylygy şulary öz içine almalydyr: 

1) familiýasyny, adyny, atasynyň adyny, salgysyny, onuň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň belgisini, görkezilen resminamanyň berlen senesini we ony beren edara barada maglumatlary;

 

2) subýektiň razylygyny alýan operatoryň adyny (familiýasyny, adyny, atasynyň adyny) we salgysyny;

3) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryny;

4) ýygnamaga we işläp taýýarlamaga subýektiň razylygyny berýän şahsy maglumatlarynyň sanawyny;

5) amala aşyrmaga subýektiň razylygy berilýän şahsy maglumatlar bilen bagly hereketleriň sanawyny, şahsy maglumatlar ýygnalanda we işlenip taýýarlananda peýdalanylýan usullaryň umumy ýazgysyny;

6) razylygyň hereket edýän möhletini, şeýle hem ony yzyna almagyň tertibini.

Subýektiň ýazmaça razylygynda saklanýan şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak üçin goşmaça razylyk talap edilmeýär.

3. Subýektiň kämillik ukyby ýok bolan halatynda onuň şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga razylygy ýazmaça görnüşde subýektiň kanuny wekili berýär.

4. Ölen (kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen) ýa-da kazyýet tarapyndan nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen subýektiň şahsy maglumatlaryny ýygnamak we işläp taýýarlamak Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

5. Şahsy maglumatlary saklaýan elektron maglumat serişdelerinde şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň aýratynlyklary şu Kanunyň düzgünlerini hasaba almak bilen maglumat we ony goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär.

Elektron maglumat serişdelerini döretmek üçin fiziki şahslaryň şahsy we maşgala syrlary bolup durýan şahsy maglumatlary, şol sanda gelip çykyşyna, saglygyna, dine garaýyşlaryna, syýasy ynam-ygtykadyna degişli maglumatlary, hat-habarlarynyň, telefon gepleşikleriniň we beýleki habarlarynyň syrlaryny bermegini olardan talap etmäge ýa-da şeýle maglumatlary olaryň erkiniň garşysyna başga hili ýol bilen almaga hiç kimiň haky ýokdur.

6. Şahsy maglumatlar ýygnalanda we işlenip taýýarlananda operatorda rugsat beriji häsiýetli resminamalaryň (ygtyýarnamalar, kepilnamalar we beýlekiler) bolmagy talap edilmeýär.

7. Biometriki maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.

Şahsy maglumatlaryň ýörite toparlaryny ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleri şu Kanunyň 21-nji maddasy bilen kesgitlenýär.

8. Şahsy maglumatlary ýygnamagy, işläp taýýarlamagy we goramagy amala aşyrýan operatorlaryň işgärleri şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga başlamazyndan öň bu barada öz ýolbaşçylaryny habarly etmäge borçludyrlar.

9. Şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak boýunça hereketleri ýerine ýetirmek barada şertnama baglaşmaga operatoryň haky ýokdur.

 

8-nji madda. Şahsy maglumatlary ýygnamaga we 

                       işläp taýýarlamaga subýektiň razylygyny 

                       bermegiň (yzyna almagyň) tertibi

1. Subýekt şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga razylygy ýazmaça ýa-da elektron resminama görnüşinde ýa-da gorag hereketlerini ulanmak bilen, Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry usul bilen berýär (yzyna alýar). 

Subýekt şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga razylygyny yzyna almaga haklydyr.

2. Razylygyň yzyna alynmagy Türkmenistanyň kanunlaryna garşy gelýän halatlarynda ýa-da ýerine ýetirilmedik borçnama bar bolanda subýekt şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga razylygyny yzyna alyp bilmez.

3. Şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kanunlary bilen konstitusion gurluşyň esaslaryny, adamlaryň saglygyny we ahlaklylygyny, hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramagyň, ýurdy goramagy we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlaryna şahsy maglumatlary hökmany bermegiň halatlary göz öňünde tutulyp bilner.

 

9-njy madda. Subýektiň razylygy bolmazdan şahsy

                        maglumatlary ýygnamak we işläp

                        taýýarlamak

Şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak şu halatlarda subýektiň razylygy bolmazdan geçirilýär:

1) hukuk goraýjy edaralaryň we kazyýetleriň, ýerine ýetiriş önümçiliginiň işi amala aşyrylanda;

2) döwlet statistiki işi amala aşyrylanda;

3) şahsy maglumatlary hökmany atsyzlandyrmak şerti bilen olar döwlet edaralary tarapyndan statistiki maksatlar üçin peýdalanylanda;

4) Türkmenistanyň tassyklan halkara şertnamalary durmuşa geçirilende;

5) subýektiň ýa-da başga adamlaryň jany, saglygy, gaýry kanuny bähbitleri, konstitusion hukuklary we azatlyklary goralanda, eger subýektiň razylygyny almak mümkin bolmasa;

6) adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilýän şertinde žurnalistleriň kanuny hünär işi ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işi ýa-da ylmy, edebiýat ýa-da gaýry döredijilik işi amala aşyrylanda;

7) şahsy maglumatlar, şol sanda saýlawly döwlet wezipelerine dalaşgärleriň şahsy maglumatlary Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda çap edilende;

8) şahsy maglumatlary Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda bermek boýunça borçlar subýekt tarapyndan ýerine ýetirilmände;

9) Türkmenistanyň kanunlary bilen bellenilen gaýry halatlarda.

 

10-njy madda. Şahsy maglumatlara rugsat 

1. Eger Türkmenistanyň kanunlarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şahsy maglumatlara rugsat olary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga subýekt tarapyndan operatora berlen razylygyň şertleri bilen kesgitlenýär. 

Operator tarapyndan şahsy maglumatlaryň üçünji şahsa geçirilmegi subýektiň ýazmaça razylygynyň esasynda amala aşyrylýar.

Eger operator we üçünji şahs tarapyndan şu Kanynyň talaplaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmek boýunça borçnamalary kabul etmekden ýüz dönderilýän ýa-da olar üpjün edilip bilinmeýän bolsa, şahsy maglumatlara rugsat gadagan edilmelidir. 

2. Subýektiň öz şahsy maglumatlaryna degişli rugsat barada ýüztutmasy operatora ýazmaça ýa-da elektron resminama görnüşinde ýa-da gorag hereketlerini ulanmak bilen Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry usul bilen berilýär. 

3. Şahsy maglumatlara degişli rugsat barada operatoryň we üçünji şahsyň arasyndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.

 

11-nji madda. Şahsy maglumatlaryň ýaşyrynlygy 

1. Rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlara rugsat alýan operatorlar, şeýle hem üçünji şahslar subýektiň razylygy ýa-da gaýry kanuny esas bolmazdan olaryň ýaýradylmagyna ýol bermezlik barada talaplary berjaý etmek arkaly olaryň ýaşyrynlygyny üpjün edýärler.

 

2. Elektron maglumat serişdelerinde saklanýan şahsy maglumatlar, şeýle hem biometriki maglumatlar ýaşyryndyrlar, olary ýygnamak we işläp taýýarlamak şol maglumatlaryň ýygnalan maksatlary bilen çäklendirilýär.

Şahsy maglumatlary saklaýan elektron maglumat serişdeleri üçin ýaşyrynlygy berjaý etmek subýekt tarapyndan şol maglumatlar berlen pursadyndan hökmanydyr.

3. Gulluk zerurlygy, şeýle hem zähmet gatnaşyklary bilen bagly rugsat çäklendirilen şahsy maglumatlar özlerine mälim bolan adamlar olaryň ýaşyrynlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.

 

12-nji madda. Şahsy maglumatlary toplamak we saklamak

1. Şahsy maglumatlary toplamak operator, şeýle hem üçünji şahs tarapyndan amala aşyrylýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin zerur we ýeterlik bolan şahsy maglumatlary ýygnamak arkaly geçirilýär.

2. Şahsy maglumatlary saklamak operator, şeýle hem üçünji şahs tarapyndan Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän şahsy maglumatlar binýadynda subýekti kesgitlemäge mümkinçilik berýän görnüşde amala aşyrylýar.

Eger Türkmenistanyň kanunlarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, şahsy maglumatlary saklamagyň möhleti olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryna ýetilen sene bilen kesgitlenýär.

 

13-nji madda. Şahsy maglumatlary anyklamak

Şahsy maglumatlary anyklamak subýektiň ýüztutmasy esasynda  ýa-da Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry halatlarda operator tarapyndan amala aşyrylýar.

 

14-nji madda. Şahsy maglumatlary peýdalanmak

1. Şahsy maglumatlary peýdalanmak diňe olary toplamagyň öň kesgitlenen maksatlary üçin operator we üçünji şahs tarapyndan amala aşyrylýar.

2. Şahsy maglumatlaryň maddy ýa-da ahlak taýdan zyýan ýetirmek maksatlary üçin, şunuň ýaly-da Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary bilen kepillendirilen hukuklaryň we azatlyklaryň durmuşa geçirilmegini çäklendirmek üçin peýdalanylmagyna ýol berilmeýär.

 

 

15-nji madda. Şahsy maglumatlary ýaýratmak

1. Eger subýektiň hukuklaryny we azatlyklaryny bozmaýan, şeýle hem gaýry ýuridik we fiziki şahslaryň kanuny bähbitlerine täsir etmeýän bolsa, şahsy maglumatlaryň ýaýradylmagyna ýol berilýär.

2. Şahsy maglumatlary ýygnamagyň öň kesgitlenen maksatlarynyň çäklerinden çykylýan halatlarynda, olary ýaýratmak subýektiň razylygy bilen amala aşyrylýar.

3. Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlarda kanuny işiň netijesinde şahsy maglumatlaryň ýaýradylmagyna subýektiň razylygy bolmazdan hem ýol berilýär.

 

16-njy madda. Şahsy maglumatlary köpçülikleýin habar 

                          beriş serişdeleriniň üsti bilen ýaýratmagyň 

                          aýratynlyklary

1. Şahsy maglumatlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýaýaradylmagy «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleri şahsy maglumatlaryň hemmelere elýeter bolan çeşmeleri diýlip ykrar edilýär, şeýle çeşmelerde bolan şahsy maglumatlara rugsat erkindir we olara ýaşyrynlygy berjaý etmek boýunça talaplar degişli edilmeýär.

2. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerini neşir edijiler döwürleýin neşirleriň abunaçylarynyň, kabel telewideniýesiniň abonentleriniň we beýlekileriň şahsy maglumatlaryny ýygnanlarynda, saklanlarynda, geçirenlerinde we olar bilen beýleki hereketleri ýerine ýetirenlerinde operatorlar bolup durýarlar we olara operatoryň şu Kanunda göz öňünde tutulan borçlary ýüklenýär.

 

17-nji madda. Şahsy maglumatlary serhetüsti geçirmek 

1. Şahsy maglumatlaryň daşary ýurt döwletleriniň çägine geçirilmegi şahsy maglumatlaryň serhetüsti geçirilmegi bolup durýar. Şahsy maglumatlar Türkmenistanyň çäginde şahsy maglumatlar binýadynda saklanýan halatlarynda olar serhetüsti geçirilmäge degişlidirler.

2. Şu Kanuna laýyklykda daşary ýurt döwletleriniň çägine şahsy maglumatlaryň serhetüsti geçirilmegi diňe ol döwletler tarapyndan şahsy maglumatlaryň goragynyň üpjün edilen halatynda amala aşyrylýar.

 

3. Şahsy maglumatlaryň goragyny üpjün etmeýän daşary ýurt döwletleriniň çägine olaryň serhetüsti geçirilmegi şu halatlarda amala aşyrylyp bilner:

1) subýektiň öz şahsy maglumatlarynyň serhetüsti geçirilmegine ýazmaça razylygy bar bolanda;

2) Türkmenistanyň tassyklan halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulanda;

3) Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulanda, eger ol konstitusion gurluşyň esaslaryny, adamyň we raýatyň hukuklaryny we azatlyklaryny, ilatyň saglygyny we ahlaklylygyny goramagyň, jemgyýetçilik tertibini, ýurdy goramagy we döwletiň howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatlaryna zerur bolsa;

4) subýektiň ýa-da başga adamlaryň jany, saglygy, gaýry kanuny bähbitleri, konstitusion hukuklary we azatlyklary goralanda, eger subýektiň razylygyny almak mümkin bolmasa.

4. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen şahsy maglumatlaryň daşary ýurt döwletleriniň çägine serhetüsti geçirilmegi gadagan edilip ýa-da çäklendirilip bilner.

 

18-nji madda. Şahsy maglumatlary atsyzlandyrmak

Statistik, sosiologik, ylmy barlaglary geçirmek üçin şahsy maglumatlar ýygnalanda we işlenip taýýarlananda operator ýa-da üçünji şahs olary atsyzlandyrmaga borçludyr.

 

19-njy madda. Şahsy maglumatlary ýok etmek

Operator ýa-da üçünji şahs şahsy maglumatlary şu halatlarda ýok edýärler:

1) saklamak möhleti geçende;

2) subýektiň, operatoryň, şeýle hem üçünji şahsyň arasynda hukuk gatnaşyklary bes edilende;

3) kazyýetiň çözgüdi kanuny güýje girende;

4) şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen gaýry halatlarda.

 

20-nji madda. Şahsy maglumatlar bilen hereketler barada

                         habar bermek

1. Subýektiň şahsy maglumatlarynyň üçünji şahsa geçirilenligi barada operator bir iş gününiň dowamynda subýekte habar berýär.

 

2. Şu maddanyň birinji böleginiň talaplary şu halatlara degişli edilmeýär:

1) döwlet edaralary tarapyndan Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan borçlaryň ýerine ýetirilmegi, şeýle hem adwokatlyk işiniň amala aşyrylmagy;

2) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň statistik, sosiologik ýa-da ylmy maksatlar üçin amala aşyrylmagy.

 

21-nji madda. Şahsy maglumatlaryň ýörite toparlaryny

                         ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň tertibi

1. Milletine, teniniň reňkine, dine garaýşyna, syýasy ynam-ygtykadyna, saglyk ýagdaýyna, pynhan durmuşyna degişli şahsy maglumatlaryň ýörite toparlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga ýol berilmeýär, muňa şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.

2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen şahsy maglumatlaryň ýörite toparlarynyň ýygnalmagyna we işlenip taýýarlanmagyna şu halatlarda ýol berilýär, eger:

1) subýekt ýazmaça razylygyny beren bolsa;

2) şahsy maglumatlar hemmelere elýeter bolsa;

3) şahsy maglumatlar subýektiň saglygyna degişli bolsa we olary ýygnamak we işläp taýýarlamak subýektiň ýa-da beýleki adamlaryň janyny, saglygyny we ýaşamagyň gaýry möhüm bähbitlerini goramak üçin zerur bolsa we subýektiň razylygyny almak mümkin bolmasa;

4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda lukmançylyk syryny gorap saklamaga borçly we saglygy goraýyş edarasynyň işgäri tarapyndan amala aşyrylýan şertinde lukmançylyk maksatlary üçin geçirilýän bolsa;

5) jemgyýetçilik birleşikleriniň ýa-da dini guramalaryň agzalarynyň (gatnaşyjylarynyň) şahsy maglumatlarynyň olaryň ýazmaça razylygy bolmazdan ýaýradylmazlygy şertinde esaslandyryş resminamalarynda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hereket edýän degişli jemgyýetçilik birleşigi ýa-da dini gurama tarapyndan amala aşyrylýan bolsa;

6) adyl kazyýetligi amala aşyrmak bilen baglylykda zerur bolanda;

7) Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda dessin-agtaryş işleri geçirilende, şeýle hem jenaýat jezalary ýerine ýetirilende amala aşyrylýan bolsa.

 

3. Iş kesilenlik aýby barada şahsy maglumatlary ýygnamak we işläp taýýarlamak Türkmenistanyň kanunlary bilen kesgitlenýän halatlarda we tertipde ygtyýarlyklarynyň çäklerinde döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.

4. Eger şu maddanyň ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan şahsy maglumatlaryň ýörite toparlaryny ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň sebäpleri aradan aýrylan bolsa, olary ýygnamak we işläp taýýarlamak gaýragoýmazdan bes edilmelidir.

 

III BAP. ŞAHSY MAGLUMATLARY GORAMAK

 

22-nji madda. Şahsy maglumatlaryň goragynyň kepilligi

1. Her bir adamyň öz şahsy maglumatlaryny goramaga hukugy bardyr, olar bellenilen tertipde kesgitli maksatlara we subýektiň rugsat bermegi esasynda ýa-da Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan gaýry esaslar bar bolanda peýdalanylmalydyr.

2. Her bir adamyň özüne degişli bolan şahsy maglumatlara rugsada we olary anyklamaga hukugy bardyr.

3. Şahsy maglumatlar goraga degişlidirler, ol döwlet tarapyndan kepillendirilýär.

4. Şahsy maglumatlaryň ýygnalmagy we işlenip taýýarlanmagy diňe olaryň goragynyň üpjün edilen halatlarynda amala aşyrylýar.

 

23-nji madda. Şahsy maglumatlary goramagyň maksatlary

Şahsy maglumatlary goramak toplumlaýyn çäreleri, şol sanda hukuk, guramaçylyk we tehniki çärelerini şu maksatlar üçin ulanmak arkaly amala aşyrylýar:

1) şahsy durmuşyň eldegrilmesizligine, şahsy we maşgala syrlaryna bolan hukuklaryň durmuşa geçirilmegi;

2) bitewüliginiň we abat saklanmagynyň üpjün edilmegi;

3) ýaşyrynlygynyň berjaý edilmegi;

4) rugsada bolan hukugyň durmuşa geçirilmegi;

5) bikanun ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň öňüniň alynmagy.

 

24-nji madda. Şahsy maglumatlary goramak boýunça 

                         operatoryň, şeýle hem üçünji şahsyň borçlary

1. Operator, şeýle hem üçünji şahs şahsy maglumatlary goramak boýunça şulary üpjün edýän zerur çäreleri görmäge borçludyr:

1) şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň öňüni almagy;

2) eger şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň öňi alnyp bilinmedik bolsa, şeýle bikanun rugsadyň hakyky ýagdaýlaryny öz wagtynda ýüze çykarmagy;

3) şahsy maglumatlara bikanun rugsadyň oňaýsyz netijelerini peseltmegi.

2. Operatoryň, şeýle hem üçünji şahsyň şahsy maglumatlary goramak boýunça borçlary şol maglumatlaryň ýygnalan pursadynda ýüze çykýar we olaryň ýok edilen ýa-da atsyzlandyrylan pursadyna çenli hereket edýär.

 

25-nji madda. Şahsy maglumatlary saklaýan elektron

                         maglumat serişdelerini goramak

Şahsy maglumatlary saklaýan elektron maglumat serişdelerini goramagyň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenýär.

 

IV BAP. SUBÝEKTIŇ WE OPERATORYŇ

HUKUKLARY WE BORÇLARY

 

26-njy madda. Subýektiň hukuklary we borçlary

1. Subýektiň şulara hukugy bardyr:

1) operatorda ýa-da üçünji şahsda öz şahsy maglumatlarynyň barlygyny bilmäge, şeýle hem şulary özünde saklaýan maglumaty almaga;

a) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň hakyky ýagdaýynyň, maksadynyň, çeşmeleriniň, usullarynyň tassyklanmagyny;

b) şahsy maglumatlaryň sanawyny;

ç) şahsy maglumatlary işläp taýýarlamagyň möhletlerini, şol sanda olary saklamagyň möhletlerini;

2) degişli resminamalar bilen tassyklanýan esaslar bar bolanda öz şahsy maglumatlarynyň anyklanmagyny operatordan talap etmäge;

3) öz şahsy maglumatlaryny ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleriniň bozulanlygy barada maglumaty bolan halatynda operatordan, şeýle hem üçünji şahsdan olaryň gabalmagyny talap etmäge;

4) öz şahsy maglumatlary Türkmenistanyň kanunçylygy bozulyp ýygnalanda we işlenip taýýarlananda, şeýle hem şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan gaýry halatlarda şol maglumatlaryň ýok edilmegini operatordan, şeýle hem üçünji şahsdan talap etmäge;

5) eger öz şahsy maglumatlary doly däl, könelen, hakyky däl bolsa  ýa-da olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlary üçin zerur bolmasa, şol maglumatlaryň anyklanylmagyny, gabalmagyny ýa-da ýok edilmegini operatordan, şeýle hem üçünji şahsdan talap etmäge;

6) şahsy maglumatlaryny ýygnamaga, işläp taýýarlamaga razylygyny yzyna almaga, şu Kanunyň 8-nji maddasynyň ikinji böleginde göz öňünde tutulan halatlar muňa girmeýär;

7) öz şahsy maglumatlaryny hemmelere elýeter bolan çeşmelerde ýaýratmaga operatora razylygyny bermäge (bermezlige);

8) öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga, şol sanda maddy we ahlak taýdan zyýanyň öweziniň dolunmagyna;

9) şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kanunlary bilen göz öňünde tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.

Şahsy maglumatlaryň bazarda harytlary, işleri, hyzmatlary herekete getirmek maksatlary üçin, şeýle hem syýasy wagyz işleriniň maksatlary üçin ýygnalmagyna we işlenip taýýarlanmagyna Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda we diňe subýektiň deslapky razylygy bolan şertinde ýol berilýär.

2. Subýekt Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen halatlarda özüniň şahsy maglumatlaryny bermäge borçludyr.

3. Subýektiň öz şahsy maglumatlaryna rugsada bolan hukugy şu halatlarda çäklendirilýär, eger:

1) şahsy maglumatlaryň, şol sanda kontrrazwedka, razwedka we dessin-agtaryş işleriniň netijesinde alnan maglumatlaryň ýygnalmagy we işlenip taýýarlanmagy ýurdy goramagyň, döwletiň howpsuzlygynyň we hukuk tertibini goramagyň maksatlaryna amala aşyrylýan bolsa; 

2) şahsy maglumatlaryň ýygnalmagy we işlenip taýýarlanmagy subýekti jenaýat etmekde güman etmek boýunça tutup saklamagy amala aşyrýan ýa-da subýekte jenaýat işi boýunça aýyp bildiren ýa-da subýekte aýyp bildirmezden öň ätiýaçsyzlandyryş çäresini ulanan edaralar tarapyndan amala aşyrylýan bolsa, muňa eger güman edilýäni ýa-da aýyplanýany şeýle şahsy maglumatlar bilen tanyşdyrmaga ýol berýän Türkmenistanyň jenaýat iş ýörediş kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär;

3) şahsy maglumatlaryň berilmegi beýleki adamlaryň konstitusion hukuklaryny we azatlyklaryny bozýan bolsa.

 

27-nji madda. Operatoryň hukuklary we borçlary

1. Operatoryň şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen tertipde şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga hukugy bardyr.

2. Operator şulara borçludyr:

1) wezipelerini ýerine ýetirmek üçin zerur we ýeterlik bolan şahsy maglumatlaryň sanawyny tassyklamaga;

2) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şahsy maglumatlary goramak üçin zerur çäreleri, şol sanda hukuk, guramaçylyk we tehniki çäreleri görmäge we berjaý etmäge;

3) subýektiň ýüztutmasy boýunça oňa degişli islendik şahsy maglumaty bir iş gününiň dowamynda subýekte bermäge;

4) şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyny berjaý etmäge;

5) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryna ýetilen, şeýle hem şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen gaýry halatlarda bu maglumatlary ýok etmek boýunça çäreleri görmäge;

6) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga subýektiň razylygynyň alnanlygy barada subutnamalary bermäge.

Subýektiň şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga onuň razylygynyň alnanlygyna subutnama bermek borjy, hemmelere elýeter bolan şahsy maglumatlar ýygnalan we işlenip taýýarlanan halatlarynda bolsa ýygnalýan we işlenip taýýarlanýan şahsy maglumatlaryň hemmelere elýeter bolan şahsy maglumatlar bolup durýanlygyny subut etmek borjy operatoryň üstüne ýüklenýär;

7) ýüztutmanyň alnan gününden bir iş gününden geçmeýän möhletiň dowamynda subýekte maglumaty bermekden ýüz dönderilen halatynda delillendirilen jogap bermäge;

8) subýektiň şahsy maglumatlarynyň barlygy barada maglumaty oňa bermäge we olar bilen tanyşmaga mümkinçilik döretmäge;

9) eger subýektiň şahsy maglumatlary doly däl, könelen, hakyky däl bolsa ýa-da olary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlary üçin zerur bolmasa, subýektiň talaby boýunça şol maglumatlary anyklamaga, gabamaga ýa-da ýok etmäge;

10) subýektiň hukugyny goramak boýunça çäreleri görmäge;

11) bir iş gününiň dowamynda:

a) degişli resminamalar esasynda hakykylygy tassyklanýan şahsy maglumatlary anyklamaga ýa-da anyklamak mümkin bolmasa, olary ýok etmäge;

b) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleriniň bozulanlygy barada maglumat bolan halatynda subýekte degişli şahsy maglumatlary gabamaga;

ç) şahsy maglumatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy bozulyp ýygnalmagynyň we işlenip taýýarlanmagynyň hakyky ýagdaýy tassyk bolan halatynda, şeýle hem şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen göz öňünde tutulan gaýry halatlarda şol maglumatlary ýok etmäge;

d) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň şertleriniň bozulanlygy tassyk bolmadyk halatynda onuň gabawyny aýyrmaga.

3. Şahsy maglumatlar subýekte tölegsiz we elýeterli görnüşde berilmelidir we olarda beýleki subýektlere degişli şahsy maglumatlar saklanmaly däldir.

4. Eger şahsy maglumatlar subýektden alynmadyk bolsa, muňa olaryň kanun esasynda alnan halatlary girmeýär, ýa-da subýektiň şahsy maglumatlary hemmelere elýeter bolsa, operator şeýle şahsy maglumatlary ýygnamaga we işläp taýýarlamaga başlamazdan öň subýekte şu maglumatlary bermäge borçludyr:

1) adyny (familiýasyny, adyny, atasynyň adyny) we salgysyny;

2) şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryny we olaryň hukuk esasyny;

3) şahsy maglumatlaryň çak edilýän peýdalanyjylaryny;

4) subýektiň şu Kanun bilen bellenilen hukuklaryny.

5. Şahsy maglumatlaryň hakyky dälligi ýa-da olar bilen bikanun hereketler ýüze çykarylan halatynda operator subýekt bilen bilelikde üç iş gününden köp bolmadyk möhletde ýol berlen bozulmalary aradan aýyrmaga borçludyr, olary aradan aýryp bolmasa görkezilen şahsy maglumatlar ýok edilýär, bu barada subýekt habarly edilýär. 

6. Şahsy maglumatlary ýygnamagyň we işläp taýýarlamagyň maksatlaryna ýetilen halatynda operator görkezilen hereketleri gaýra goýmazdan bes etmäge we bu barada subýekti habarly etmäge borçludyr.

7. Subýekt tarapyndan onuň şahsy maglumatlaryny ýygnamaga we işläp taýýarlamaga razylygynyň yzyna alnan halatynda, operator görkezilen hereketleri bes etmäge we görkezilen yzyna almagyň gelip gowşan gününden üç iş gününden köp bolmadyk möhletde şahsy maglumatlary ýok etmäge borçludyr. Şahsy maglumatlaryň ýok edilenligi barada subýekt habarly edilýär.

V BAP. ADAMYŇ ŞAHSY DURMUŞY BARADA

MAGLUMAT ÇYGRYNDA DÖWLET

DÜZGÜNLEŞDIRILIŞI

 

28-nji madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň

                         ygtyýarlylyklary

1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:

1) adamyň şahsy durmuşy barada maglumat çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny işläp taýýarlaýar;

2) adamyň şahsy durmuşy barada maglumat çygrynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralarynyň işine ýolbaşçylygy amala aşyrýar;

3) operator tarapyndan amala aşyrylýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegi üçin zerur we ýeterlik bolan şahsy maglumatlaryň sanawyny kesgitlemegiň tertibini tassyklaýar;

4) operator, şeýle hem üçünji şahs tarapyndan şahsy      maglumatlary goramak boýunça çäreleri amala aşyrmagyň tertibini tassyklaýar;

5) Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen ygtyýarlylygyna degişli edilen gaýry wezipeleri ýerine ýetirýär.

2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti subýektleriň hukuklaryny goramak boýunça ygtyýarly edarany döretmäge, onuň hukuk ýagdaýyny we ygtyýarlyklaryny kesgitlemäge haklydyr. 

 

29-njy madda. Döwlet edaralarynyň ygtyýarlylyklary

1. Döwlet edaralary öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde:

1) adamyň şahsy durmuşy barada maglumat çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar;

2) şahsy maglumatlar we olary goramagyň meseleleri boýunça ýuridik we fiziki şahslaryň haýyşlaryna garaýar;

3) şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol beren şahslary Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen jogapkärçilige çekmek boýunça çäreleri  görýär;

4) Türkmenistanyň kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy         hukuk namalarynda göz öňünde tutulan gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýar.

2. Işlerini amala aşyrmagyň barşynda döwlet edaralaryna                mälim bolan şahsy maglumatlar babatda olaryň ýaşyrynlygy üpjün edilmelidir.

 

30-njy madda. Şu Kanunyň berjaý edilmegine 

                          gözegçilik etmek

Şu Kanunyň we adamyň şahsy durmuşy barada maglumat çygrynda Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik etmegi Türkmenistanyň Baş prokurory hem-de oňa tabyn prokurorlar amala aşyrýarlar.

 

 

VI BAP. JEMLEÝJI WE GEÇIŞ DÜZGÜNLERI

 

31-nji madda. Şahsy maglumatlar we olary goramak 

                         hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň 

                         bozulanlygy üçin jogapkärçilik

Şahsy maglumatlar we olary goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda jogapkärçilige eltýär.

 

32-nji madda. Şikaýat etmegiň tertibi we jedellere

                         garamak

1. Şahsy maglumatlar ýygnalanda, işlenip taýýarlananda we goralanda subýektiň ýa-da operatoryň, şeýle hem üçünji şahsyň hereketlerine (hereketsizligine) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde şikaýat edilip bilner.

2. Şahsy maglumatlar ýygnalanda, işlenip taýýarlananda we goralanda döreýän jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde garalmaga degişlidir.

 

33-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi 

1. Şu Kanun 2017-nji ýylyň 1-nji iýulyndan güýje girýär.

 

2. Eger şahsy maglumatlary mundan beýläk işläp taýýarlamak we goramak olary ýygnamagyň maksatlaryna laýyk gelýän bolsa, şu Kanun güýje girmeginden öň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylan şahsy maglumatlaryň ýygnalmagy we işlenip taýýarlanmagy şu Kanunyň talaplaryna laýyk gelýän diýlip ykrar edilýär.

 

 

Türkmenistanyň                                                    Gurbanguly

    Prezidenti                                                      Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 20-nji marty.

№ 519-V.