Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 1, 26-njy madda)
(03.06.2023 ý. № 28-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetme bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda kitaphana işiniň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýär, her bir raýatyň maglumata, bilimlere bolan erkin elýeterlilik, kitaphanalarda saklanylýan milli we dünýä medeniýetiniň gymmatlyklaryna, ylma we bilime goşulmaga bolan hukugyny kepillendirýär, Türkmenistanda kitaphana ulgamynyň döredilmegini we işlemegini, kitaphana gaznalarynyň döredilmegini we abat saklanylmagyny üpjün etmek, kitaphanalardan peýdalanyjylara kitaphana hyzmatynyň guralyşy bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem kitaphanalardan peýdalananlarynda olaryň hukuklaryny we borçlaryny belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin şu aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) kitaphana – resminamalaryň guralan gaznasyna eýelik edýän we kitaphanadan peýdalanyjylaryň maglumat, ylmy, bilim, medeni we beýleki isleglerini kanagatlandyrmagy üpjün edýän, jemgyýetiň intellektual we ahlak mümkinçiliginiň ösmegine ýardam edýän ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsyň gurluş düzüm birligi;
2) kitaphana işi – kitaphanalar torunyň döredilmegini we ösdürilmegini, kitaphana gaznalarynyň döredilmegini, işläp geçilmegini we saklanylmagyny, kitaphanalardan peýdalanyjylara kitaphana hyzmatynyň guralyşyny, kitaphana işgärleriniň hünär taýdan taýýarlanylmagyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny we hünäriniň ýokarlandyrylmagyny, kitaphana ulgamynyň işlemeginiň ylmy we usulyýet üpjünçiligini öz içine alýan maglumat, ylmy, medeni aň-bilim we bilim işiniň pudagy;
3) Türkmenistanyň kitaphana ulgamy – kitaphana serişdeleriniň özaralarynda özara täsiri we özara peýdalanylmagy bilen baglanyşykly we bir bitewi ulgam hökmünde işleýän dürli görnüşli kitaphanalaryň şahalara bölünen tory;
4) kitaphana babatynda iş – maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň esasynda kitaphana gaznalaryny döretmek we kitaphana hyzmatyny guramak boýunça kitaphanalaryň işi;
5) kitaphanada hyzmat edilişi – kitaphanadan peýdalanyjylaryň kitaphana serişdelerine elýeterliliginiň üpjün edilmegi;
6) kitaphanadan peýdalanyjy – kitaphanada bellige alnan we onuň hyzmatlaryndan peýdalanýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
7) kitaphana serişdeleri – tertipleşdirilen kitaphana gaznalary, kitaphananyň maglumatnama-gözleg enjamy, maglumaty işläp taýýarlamagyň, saklamagyň we bermegiň maddy-tehniki serişdeleri;
8) kitaphana gaznasy – öz arasynda guramaçylyk we hyzmat ediş taýdan baglanyşykly, ilata kitaphana hyzmatyny etmek maksady bilen hasaba alynmaga, üpjün edilmäge, saklanylmaga we peýdalanylmaga degişli dürli maksatly we derejeli resminamalaryň jemi;
9) resminama – ony tanamak, saklamak we oňa elýeterliligi üpjün etmek üçin hökmany maglumatlary bolan, jemgyýetçilik tarapyndan peýdalanmak we saklamak maksady bilen wagtda we giňişlikde bermek üçin niýetlenen kagyzda, magnit, kino-, fotoplýonkada, optiki diskde ýa-da başga maddy göterijide, şol sanda ýazgy, ses ýazgysy (fonogrammalar), şekil ýa-da olaryň utgaşmagy görnüşinde berkidilen maglumat;
10) kitaphananyň maglumatnama-gözleg enjamy – medeniýet, ylmy we bilim maksatlarynda maglumatlaryň gözlegi üçin niýetlenen, maglumatnama, bibliografik, maglumat neşirleriniň, kartoçka we elektron kataloglarynyň, maglumatlar binýatlarynyň jemi;
11) kitaphana hyzmaty – kitaphanadan peýdalanyjylaryň maglumat, medeni, ylmy, bilim we beýleki isleglerini kanagatlandyrmak boýunça kitaphananyň işi;
12) bibliografiýa – bibliografik ýazgylar görnüşinde döredilýän, maglumatyň däp bolan we däp bolmadyk maddy göterijilerinde bilimiň ähli pudaklary boýunça resminamalar hakynda köpugurly maglumatyň maksada gönükdirilip taýýarlanylmagy, şeýle hem olary hasaba almak, saklamak we ýaýratmak bilen baglanyşykly maglumat işiniň pudagy;
13) bibliografik ýazgy – bibliografik gözlegi amala aşyrmak maksady bilen, resminamanyň anyklanylmagyna, düzüminiň we gysgaça mazmunynyň açylyp görkezilmegine mümkinçilik berýän ol baradaky maglumatlaryň resminamada ýa-da elektron görnüşde bellenilen ýazgysy. Bibliografik ýazgynyň düzümine sözbaşy (awtoryň ady, neşiriň ady), klassifikasiýa indeksi, predmet rubrikasy, annotasiýa (referat), resminamanyň saklanyş belgisi (şifri), goşmaça bibliografik ýazgylar baradaky maglumat, resminamanyň işlenilip tamamlanmagynyň senesi, gulluk häsiýetli maglumatlar girýär;
14) elektron katalog – resminamalar we kitaphana gaznalary hakyndaky ulgamlaşdyrylan maglumatyň sanawynyň elektron görnüşi;
15) kitaphanaara abonement – ýurduň we daşary ýurt kitaphanalarynyň kitaphana gaznalaryny we maglumatnama-gözleg enjamyny özara peýdalanmaga esaslanan kitaphana hyzmatynyň görnüşi;
16) deponirlemek – golýazma işlerini, esasan ylmy golýazmalary ýygnamagyň we ýaýratmagyň görnüşi.
2-nji madda. Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygy
Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de kitaphana işi babatda meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan durýar.
3-nji madda. Kitaphana işi babatda döwlet syýasatynyň
esasy ýörelgeleri we döwletiň wezipeleri
1. Kitaphana işi babatda döwlet syýasaty şu aşakdaky esasy ýörelgelere esaslanýar:
1) kitaphanalar tarapyndan toplanylýan we peýdalanmaga berilýän maglumatlaryň we medeni gymmatlyklaryň ählumumy elýeterliligi üçin şertleri döretmek;
2) kitaphanalardan peýdalanyjylaryň hukuklarynyň we döwlet häkimiýet edaralarynyň kitaphanalaryň hünär işine gatyşmazlygynyň kepilligine, haçanda şeýle işiň urşy, zorlugy we ýowuzlygy, jynsy, milli, dini we beýleki artykmaçlygy ýa-da çydamsyzlygy, şeýle hem pornografiýany wagyz etmäge alyp barýan halatlary muňa degişli däldir;
3) maliýeleşdirmek, degişli salgyt, karz we baha syýasatyny geçirmek arkaly kitaphana işiniň ösdürilmegini goldamak;
4) ilatyň durmuş we ykdysady taýdan goralmagyna mätäç gatlaklaryna we toparlaryna (çagalar, ýaşlar, maýyplygy bolan adamlar we pensiýa alýanlar, oba ýerleriniň we barmasy kyn ýerleriň ýaşaýjylary) edilýän kitaphana hyzmatynyň ösdürilmegini goldamak;
5) ilata mugt umumy elýeter kitaphana hyzmatyny guraýan, eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşindäki kitaphanalary goldamak.
2. Döwletiň kitaphana işi babatda esasy wezipelerine aşakdakylar degişlidir:
1) kitaphana işini ösdürmek we kitaphana işiniň netijeliligi üçin hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş şertlerini üpjün etmek;
2) kitaphana işine bolan talaplaryň zerur iň az derejesini belleýän kitaphana işiniň ýeke-täk döwlet standartlaryny kesgitlemek;
3) eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kitaphanalaryň işini utgaşdyrmak, döwlet eýeçiliginde bolan kitaphanalaryň işini düzgünleşdirmek;
4) Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny kabul etmek we olaryň maksatly maliýeleşdirilmegini üpjün etmek;
5) golýazmalary, çap neşirlerini we Türkmenistanyň milli medeni baýlygy bolup durýan beýleki resminamalary aýap saklamagyň we aýawly peýdalanmagyň kepilliklerini döretmek;
6) daşary ýurt döwletleriniň kitaphanalarynda saklanylýan we Türkmenistanyň milli medeni baýlygy diýlip hasap edilýän seýrek kitaplaryň we golýazmalaryň (eger bu mümkin däl bolsa, onda olaryň nusgalarynyň) Türkmenistana gaýtarylmagyny üpjün etmek;
7) kitaphana gaznalaryny saklamak, olaryň üpjünçiligi we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi üçin şertleri döretmek;
8) kitaphanaara maglumat alyş-çalşy üçin, şol sanda dünýä global kompýuter torlaryna aralaşmak üçin maglumat torlaryny we telekommunikasiýa ulgamlaryny döretmek;
9) kitaphana işiniň awtomatlaşdyrylmagy we kitaphana gaznalarynyň ýuwaş-ýuwaşdan häzirki zaman maglumat göterijilerine geçirilmegi, elektron alyş-çalyş ulgamlarynyň peýdalanylmagy («Internet» tory we başga kompýuter torlary) we Türkmenistanyň kitaphana gaznalarynyň bu ulgamlar bilen doly täzelenmegi;
10) döwlet kitaphana gaznalarynyň abat saklanylmagy we ösdürilmegi, döwlet kitaphanalaryny milli we daşary ýurt awtorlarynyň edebiýaty bilen yzygiderli üpjün etmek ulgamynyň döredilmegi;
11) kitaphanaara abonementiniň ulgamy, bitewi (jemlenen) kataloglar, depozitariler (seýrek duş gelýän we aýratyn tapawutly kitaplaryň aýawhanasy), alyş-çalyş kitaphana gaznalary arkaly kitaphana serişdelerini özara peýdalanmagyň işjeňleşdirilmegi;
12) döwlet kitaphanalarynyň jaýlaryny gurmak we düýpli abatlamak, döwlet kitaphanalaryny häzirki zaman enjamlar we tehniki serişdeleri bilen üpjün etmek;
13) kitaphana işi bilen baglanyşykly ylmy barlaglaryň we usulyýet çäreleriniň geçirilmegine ýardam etmek;
14) kitaphanalaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünärini ýokarlandyrmagyň bitewi ulgamyny döretmek we ösdürmek;
15) kitaphanalaryň halkara hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmek.
II BAP. TÜRKMENISTANYŇ KITAPHANA ULGAMY
4-nji madda. Kitaphanalaryň esasy görnüşleri
1. Türkmenistanyň kitaphana ulgamynyň düzümine döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan esaslandyrylýan kitaphanalar girýär.
2. Kitaphanalaryň görnüşleri aşakdaky ýaly kesgitlenilýär:
1) eýeçiliginiň görnüşleri boýunça;
2) kitaphana gaznalarynyň mazmuny boýunça;
3) niýetlenilişi boýunça;
4) çäk ýörelgesi boýunça.
3. Eýeçiliginiň görnüşleri boýunça kitaphanalar şu aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1) döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan döwlet kitaphanalary;
2) ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiliginiň döwlete dahylsyz görnüşleriniň fiziki şahslary we (ýa-da) ýuridik şahslary, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurt ýuridik we fiziki şahslary, halkara guramalary tarapyndan esaslandyrylýan döwlete dahylsyz kitaphanalar.
4. Kitaphana gaznalarynyň mazmuny boýunça kitaphanalar şu görnüşlere bölünýär:
1) bilimleriň dürli pudaklary boýunça kitaphana gaznalaryny döredýän we kitaphanalardan peýdalanyjylaryň dürli derejeleriniň isleglerini kanagatlandyrýan köpugurly kitaphanalar;
2) pudaklaýyn kitaphanalar;
3) pudagara kitaphanalar.
5. Kitaphanalar niýetlenilişi boýunça aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1) Türkmenistanyň Milli kitaphanasy;
2) umumy elýeter kitaphanalar (jemagat kitaphanalary, çagalar, ýaşlar we beden ýetmezçilikleri bolan adamlar üçin ýöriteleşdirilen kitaphanalar);
3) bilimleriň bir ýa-da birnäçe garyşyk pudaklary boýunça kitaphana gaznalaryny döredýän we peýdalanyjylaryň aýry-aýry derejeleriniň maglumata bolan isleglerini kanagatlandyrýan ýörite kitaphanalar (Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Merkezi ylmy kitaphanasy, ylmy guramalaryň, bilim edaralarynyň, şeýle hem kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň kitaphanalary).
6. Çäk ýörelgesi boýunça kitaphanalar aşakdaky görnüşlere bölünýär:
1) umumydöwlet;
2) welaýat;
3) şäher;
4) etrap;
5) şäherçe;
6) oba.
7. Türkmenistanyň kitaphana ulgamyna şu Kanun we Türkmenistanyň kitaphana işi babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän tertipde döredilýän beýleki kitaphanalar girip biler.
8. Taryhy we medeni ýadygärlikler hökmünde döwlet tarapyndan gorag astyna alnan kitaphanalar Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna goşulýar.
5-nji madda. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy
1. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy – umumydöwlet ähmiýetli kitaphana, ol döwletiň we jemgyýetiň köpugurly maglumat isleglerini kanagatlandyrmak, Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bähbitlerinde kitaphana işini guramak, Türkmenistanyň halkynyň taryhy hakydasyny aýap saklamak, şeýle hem ýurduň we dünýä medeniýetini, ylmyny we bilimini ösdürmek üçin niýetlenen esasy medeni, bilim, ylmy-maglumat döwlet edarasy bolup durýar.
2. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy şu aşakdaky esasy wezipeleri ýerine ýetirýär:
1) kitaphana işi babatda döwlet syýasatynyň işlenilip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;
2) Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşýar;
3) ýurduň resminamalarynyň, ylmy taýdan ähmiýetli daşary ýurt resminamalarynyň has doly ýygyndysyny döredýär, saklaýar we kitaphanadan peýdalanyjylara berýär, şeýle hem bu resminamalary ylmy taýdan işläp taýýarlaýar we abat saklanylmagyny üpjün edýär;
4) watançylyk ähmiýetli neşirleriň bibliografik hasabyny ýöretmäge ýardam berýär;
5) kitaphana işi babatda ylmy-barlag we ylmy-usulyýet işini amala aşyrýar, Türkmenistanyň kitaphanalaryna olaryň edara tabynlygyna garamazdan usulyýet kömegini berýär, kitaphanalaryň işgärleriniň hünär taýdan ösüşine ýardam edýär;
6) seýrek duş gelýän we aýratyn gymmatly kitaphana gaznalaryny aýap saklamak, olaryň peýdalanylmagyny çäklendirmek (konserwirlemek) we durkuny dikeltmek boýunça işi amala aşyrýar;
7) binýadynda depozitar gazna döredilýän, hem içerki döwlet, hem halkara ähmiýetli depozitar merkez bolup durýar;
8) awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hem resminamanyň elektron görnüşdäki hökmany nusgasyny almagyň hasabyna, hem kitaphana gaznasyny elektron görnüşe geçirmegiň hasabyna elektron kitaphanany döredýär;
9) elektron katalogy, şol sanda bitewi katalogy döredýär we ýöredýär;
10) kitaphana serişdelerini beýleki kitaphanalar bilen özara peýdalanmak üçin şertleri döredýär;
11) beýleki kitaphanalar bilen özara aragatnaşygy amala aşyrýar;
12) dünýä kitaphana serişdeleriniň döredilmeginde we peýdalanylmagynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar, Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki halkara guramalarynyň maksatnamalaryna gatnaşýar, olar bilen ylalaşyp bu guramalaryň depozitar wezipelerini ýerine ýetirýär.
3. Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň öz nyşany bardyr, öz gaznalarynda saklanylýan şekilleri we medeni gymmatly eserleriň beýleki görnüşlerini mahabat we täjirçilik däl maksatlarynda ulanýar, şeýle hem awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şertnamalaýyn esasda peýdalanmaga beýleki ýuridik we fiziki şahslara rugsat berýär.
Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň döwlet nyşanlaryny ulanmaga hukugy bardyr.
4. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýratyn gymmatly obýektlerine degişlidir we döwlet eýeçiligi bolup durýar.
Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň kitaphana gaznasy türkmen halkynyň medeni mirasynyň aýrylmaz düzüm bölegi, Türkmenistanyň milli medeni baýlygy bolup durýar we döwletiň goragy astynda durýar.
5. Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň eýeçiliginiň görnüşini üýtgetmäge, ony ýatyrmaga ýa-da gaýtadan ugruny üýtgetmäge ýol berilmeýär, onuň kitaphana gaznasynyň bitewüligi we aýrybaşgalanmazlygy kepillendirilýär.
6. Türkmenistanyň Milli kitaphanasynyň jaýlary, desgalary we beýleki emlägi onuň gönüden-göni dolandyryşynda durýar, onuň eýeleýän ýer bölekleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda muzdsuz we möhletsiz peýdalanmak üçin berilýär.
7. Milli kitaphananyň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalaryň hökmany mugt nusgalygyny almaga hukugy bardyr.
8. Kitaphana gaznasyndaky resminamalary aýap saklamak we peýdalanyjylaryň olara bolan elýeterliligini üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Milli kitaphanasy şu aşakdakylaryň elektron görnüşdäki nusgalyklaryny taýýarlaýar:
1) çagşan, könelen, zaýalanan, kemçilikli resminamalar;
2) olaryň kitaphanadan peýdalanyjylara berilmegi olaryň ýitirilmegine, zaýalanmagyna ýa-da ýok edilmegine getirip biljek ýeke-täk we (ýa-da) seýrek resminamalar, golýazmalar;
3) maşynda okalýan göterijilere ýazylan we olardan peýdalanmak üçin zerur tehniki serişdeleri bolmadyk resminamalar;
4) ylmy we bilim ähmiýeti bolan resminamalar.
Intellektual işiň goralýan netijeleri beýan edilen, elektron görnüşdäki resminamalaryň nusgalyklaryny taýýarlamak we kitaphanadan peýdalanyjylara bermek Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde we şertlerde amala aşyrylýar.
9. Türkmenistanyň Milli kitaphanasy şu Kanunyň we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan olar hakyndaky düzgünnamalaryň esasynda döredilýär we hereket edýär.
6-njy madda. Jemagat kitaphanalary
1. Jemagat kitaphanasy umumy elýeter köpugurly kitaphanadyr, olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan ol fiziki şahslaryň we ýuridik şahslaryň esasy kitaphana islegini mugt kanagatlandyrýar we ol belli bir administratiw-çäk birliginiň çäklerinde ilatyň esasan maglumat, medeni we bilim hajatlaryna gönükdirilendir.
2. Jemagat kitaphanalary:
1) degişli çäkde Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler;
2) Türkmenistanyň ähli raýatlaryna resminama serişdeleriniň ähli görnüşlerini peýdalanmak we deň derejede elýeter etmek arkaly bilimlere, maglumata we çeperçilik gymmatlyklaryna elýeterliligi üpjün edýärler;
3) çagalaryň we ýaşlaryň terbiýesine ugrukdyrylan raýatlaryň umumybilim, medeni we estetiki taýdan hajatlaryny üpjün edýärler;
4) degişli çäkde ilatyň kitaphana hyzmatyny amala aşyrýarlar;
5) çap neşirleriniň we beýleki materiallaryň zerur köpugurly gaznasyny toplaýarlar we saklaýarlar;
6) Türkmenistanyň kitaphana ulgamynyň beýleki kitaphanalary bilen aragatnaşygy üpjün edýärler.
3. Jemagat kitaphanalarynyň tory medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýän kadalaşdyrmalara laýyklykda degişli çägiň ilatynyň sanyny we onuň ýerleşişiniň gürlügini hasaba almak bilen döredilýär.
4. Jemagat kitaphanalaryny döretmek, üýtgedip guramak we ýatyrmak welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen ylalaşylyp, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
5. Jemagat kitaphanasy hakyndaky düzgünnama medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
7-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralarynyň kitaphanalary
1. Döwlet häkimiýet edaralarynyň kitaphanalary – şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýän tertipde kitaphana işini amala aşyrýan ýörite kitaphana edaralary.
2. Döwlet häkimiýet edaralarynyň kitaphanalary:
1) kitaphana gaznasyny döredýärler we onuň abat saklanylmagyny üpjün edýärler;
2) elektron kitaphanany we elektron katalogy döredýärler;
3) kitaphana serişdeleriniň beýleki kitaphanalar bilen özara peýdalanylmagyny guraýarlar;
4) beýleki kitaphanalar bilen arkalaşykly hereket edýärler;
5) bitewi elektron katalogyň döredilmegine gatnaşýarlar.
3. Döwlet häkimiýet edaralarynyň kitaphanalarynyň kitaphana gaznalary döwlet eýeçiligi bolup durýar.
4. Döwlet häkimiýet edaralarynyň kitaphanalary hakyndaky düzgünnama medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, bu edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanylýar.
8-nji madda. Ylmy guramalaryň kitaphanalary
1. Ylmy guramalaryň kitaphanalary ylym, tehnika, ykdysadyýet, taryh, medeniýet, bilim çygyrlarynda we bilimleriň beýleki pudaklarynda kitaphanalardan peýdalanyjylaryň ýörite maglumata bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün edýärler.
2. Ylmy guramalaryň kitaphanalary ylmy guramanyň işiniň ugurlaryny we esasy wezipelerini hasaba almak bilen kitaphana işini döredýärler we amala aşyrýarlar.
3. Ylmyň aýratyn ýa-da birnäçe pudaklary boýunça toplumlaýyn maglumaty öz içine alýan kitaphana gaznasyny döretmek maksady bilen merkezi ylmy kitaphanalar döredilip bilner.
4. Ylmy guramalaryň kitaphanalary hakyndaky düzgünnama medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan tassyklanylýar.
9-njy madda. Bilim edaralarynyň kitaphanalary
1. Bilim edaralarynyň kitaphanalary okuwçylaryň, talyplaryň, diňleýjileriň, aspirantlaryň, ylmy we pedagogik işgärleriň maglumata bolan isleglerini üpjün edýän çap neşirlerini we beýleki materiallary toplamak, saklamak we ulgamlaşdyrmak, şeýle hem bilim edaralary tarapyndan okuw, terbiýeçilik, ylmy we usulyýet wezipelerini amala aşyrmak üçin zerur maglumat mümkinçiliklerini döretmek maksady bilen ähli görnüşlerdäki bilim edaralarynda döredilip bilner.
2. Bilim edaralarynyň kitaphanalarynyň işiniň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan olar hakyndaky düzgünnama bilen kesgitlenilýär.
10-njy madda. Hususy kitaphanalar
1. Hususy kitaphanalara öz serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan döredilýän kitaphanalar degişlidir.
Hususy kitaphanalar döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeýär.
2. Hususy kitaphanalaryň kitaphana gaznasy çap önüminden we maglumatyň beýleki göterijilerinden ybarat bolup biler.
3. Hususy kitaphanalaryň işi şu Kanun, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan hususy kitaphana hakyndaky düzgünnama we Türkmenistanyň kitaphana işi babatda beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
11-nji madda. Elektron kitaphanalar
Elektron kitaphana kitaphana gaznasynyň elektron görnüşidir, fiziki we ýuridik şahslara olara bolan elýeterliligi bermek üçin niýetlenen, kitaphananyň ygtyýarynda bar bolan tertipleşdirilen elektron resminamalaryň toplumydyr.
12-nji madda. Merkezleşdirilen kitaphana ulgamy
1. Türkmenistanyň kitaphana ulgamynyň dürli görnüşlerinden biri-de kitaphanalary ýeke-täk gurluş-bitewi birlige birleşdirýän merkezleşdirilen kitaphana ulgamydyr, oňa merkezi kitaphana we kitaphana şahamçalary girýär.
2. Döwlet häkimiýet edaralary kitaphana merkezi kitaphananyň derejesini berip bilýärler, onuň wezipelerini aşakdakylar ýerine ýetirýärler:
1) umumydöwlet derejesinde – umumydöwlet we esasy pudaklaýyn (ýörite) kitaphanalar;
2) sebit derejesinde – welaýat we etrap jemagat kitaphanalary.
3. Merkezi kitaphana hyzmat edýän çäginiň çäklerinde resminamalaryň has doly köpugurly ýygyndysyny döredýär, saklaýar we kitaphanadan peýdalanyjylara berýär, kitaphana serişdeleriniň özara peýdalanylmagyny guraýar, şol sanda kitaphanaara abonementiň wezipelerini amala aşyrýar we bitewi katalogyň ýöredilmegini üpjün edýär, edara tabynlygyndaky kitaphana şahamçalaryna usulyýet kömegini berýär.
4. Merkezi kitaphanalar öz ygtyýarlygynyň çäklerinde Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet we sebit maksatnamalarynyň işlenilip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine, resminamalary işläp bejermegiň we maglumatlary alyşmagyň ýeke-täk standartlarynyň esasynda maglumat torlarynyň döredilmegine gatnaşýarlar.
5. Döwlet häkimiýet edaralary merkezi kitaphanalary pudaklaýyn ýörelge boýunça we kitaphanalardan peýdalanyjylaryň belli bir derejelerine (çagalyk we ýetginjek ýaşly şahslar, körler we gowşak görýänler we adamlaryň beýleki toparlary) hyzmat etmek boýunça esaslandyryp bilerler.
6. Kitaphanalar – merkezi kitaphananyň şahamçalary onuň çäk aýrybaşgalanan düzüm birlikleri ýaly döredilýär, olar merkezi kitaphananyň ýerleşýän ýeriniň daşynda ýerleşendir.
7. Jemagat kitaphanalary merkezi kitaphanalar ýaly öz şahamçalaryny, kada bolşy ýaly, has uzakdaky ilatly nokatlarda, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda we guramalarda ylalaşygyň esasynda (şertnama boýunça) açýarlar.
8. Merkezleşdirilen kitaphana ulgamy medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan düzgünnamanyň esasynda döredilýär we işleýär.
13-nji madda. Kitaphanalaryň arkalaşykly hereketiniň
guralyşy
1. Kitaphanalardan peýdalanyjylaryň maglumata bolan isleglerini has doly kanagatlandyrmak, kitaphana gaznalarynyň rejeli peýdalanylmagy üçin döwlet häkimiýet edaralary kitaphana serişdeleriniň (kitaphanaara abonementiň, bitewi kataloglaryň, awtomatlaşdyrylan maglumatlar binýatlarynyň, depozitarileriň, elektron kitaphanalaryň) özara peýdalanylmagyny işjeňleşdirýärler.
2. Dürli görnüşli kitaphanalaryň arkalaşykly hereketini üpjün etmek degişli çäkleriň we ykdysadyýetiň pudaklarynyň merkezi kitaphanalarynyň üstüne ýüklenilýär.
14-nji madda. Kitaphanalaryň ylmy-tehniki maglumat
guramalary we arhiwler bilen arkalaşykly
hereketi
1. Maglumat serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmek maksady bilen kitaphanalar ylmy-tehniki maglumat guramalary we arhiwler bilen arkalaşykly hereket edýärler.
2. Kitaphanalaryň ylmy-tehniki maglumat guramalary we arhiwler bilen arkalaşykly hereket etmeginiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy, şeýle hem kitaphanalar bilen ylmy-tehniki maglumat guramalarynyň we arhiwleriň arasynda baglaşylan şertnamalar bilen kesgitlenilýär.
15-nji madda. Kitaphanalaryň kärhanalar, edaralar we
guramalar bilen arkalaşykly hereketi
1. Döwletiň maglumat serişdeleriniň düzüm bölegi hökmünde kitaphana serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmegiň maksatlarynda kitaphanalar maglumat binýatlary bolan we işi maglumaty döretmek, ýygnamak, işläp geçmek, toplamak we saklamak bilen baglanyşykly kärhanalar, edaralar we guramalar bilen arkalaşykly hereket edýärler.
2. Kitaphanalaryň kärhanalar, edaralar we guramalar bilen arkalaşykly hereketi Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň çäklerinde, şeýle hem olaryň arasynda baglaşylan şertnamalaryň esasynda amala aşyrylyp bilner.
III BAP. KITAPHANALARYŇ DÖREDILMEGI,
ÜÝTGEDILIP GURALMAGY WE ÝATYRYLMAGY
16-njy madda. Kitaphanalaryň döredilmegi
1. Kitaphanalar döwletiň we raýatlaryň durmuş-ykdysady, medeni-bilim, ylmy we maglumat talaplaryna laýyklykda döredilýär.
2. Kitaphanalary esaslandyryjylar döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem ýuridik we fiziki şahslar bolup biler.
Kitaphanany esaslandyryjy onuň Tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklaýar, ony maliýeleşdirmek we maddy-tehniki taýdan üpjün etmek boýunça borçnamalary öz üstüne alýar. Kitaphananyň Tertipnamasynda (düzgünnamasynda) onuň ýuridik derejesi, maliýeleşdirmegiň çeşmesi, kitaphananyň işiniň esasy ugurlary, onuň elýeterliliginiň şertleri, kitaphana bilen ony esaslandyryjynyň arasyndaky emläk gatnaşyklary, kitaphanany dolandyrmagyň tertibi berkidilmelidir.
Kitaphanany esaslandyryjynyň kitaphananyň döredijilik işine gatyşmaga haky ýokdur, onuň Tertipnamasynda (düzgünnamasynda) we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar muňa degişli däldir.
3. Kitaphanalar ýuridik şahsyň hukuklary bolan özbaşdak edara görnüşinde, kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň gurluş düzüm birlikleri görnüşinde, şeýle hem merkezi kitaphanalaryň şahamçalary görnüşinde döredilip bilner.
Kitaphana ýuridik şahs bolmak bilen özbaşdak balansa we smeta, banklarda we beýleki karz edaralarynda hasaplara, bellenilen nusgadaky möhre, onuň işi üçin zerur bolan beýleki möhürlere we möhürçelere, öz nyşanyna eýedir.
Kitaphana Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde emläk we emläk däl hukuklary amala aşyryp biler, borçlary ýerine ýetirýär, kazyýetde hak isleýji we jogap berijidir, öz borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekýär.
4. Türkmenistanyň çägindäki ähli kitaphanalar medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
Kitaphanalary döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
5. Kitaphanalary döretmek iň az kitaphana gaznasy, maddy-tehniki we işgärler üpjünçiligi bolanda amala aşyrylýar. Kitaphanalary döretmegiň kadalaşdyryjy namalary medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.
17-nji madda. Kitaphanalaryň üýtgedilip guralmagy
1. Kitaphana ony esaslandyryjynyň karary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda üýtgedilip guralyp bilner.
2. Kitaphananyň goşulmak, birleşmek, bölünmek, bölünip aýrylmak, özgertmek görnüşinde üýtgedilip guralmagy taraplaryň hemmesiniň razylygy bolanda hem kitaphanany esaslandyryjynyň hem-de kitaphananyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylyp bilner.
3. Kitaphanany üýtgedip guramak hakynda karar kabul eden edara ýa-da beýleki ýuridik ýa-da fiziki şahs bu hakda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna ýazmaça görnüşde habar berýär we üýtgedip guramagyň bellenilen möhletine çenli iki aýdan gijä galman kabul edilen karar hakyndaky habary metbugatda çap edýär.
18-nji madda. Kitaphanalaryň ýatyrylmagy
1. Kitaphana ony esaslandyryjynyň karary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ýatyrylyp bilner.
2. Kitaphanany ýatyrmak hakynda karar kabul eden edara ýa-da beýleki ýuridik ýa-da fiziki şahs bu hakda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna ýazmaça görnüşde habar berýär, esaslandyryjynyň we kitaphananyň zähmetkeşler köpçüliginiň wekillerinden ýatyryş toparyny döredýär we ýatyrmagyň bellenilen möhletine çenli iki aýdan gijä galman kabul edilen karar hakyndaky habary metbugatda çap edýär.
3. Kitaphana ýatyrylanda onuň kitaphana gaznasyny edinmegiň artykmaç hukugyna döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we degişli ugurdaky kitaphanalar eýelik edýärler.
IV BAP. KITAPHANALARYŇ WEZIPELERI, AMALA
AŞYRÝAN IŞLERI, HUKUKLARY WE BORÇLARY
19-njy madda. Kitaphanalaryň esasy wezipeleri we
amala aşyrýan işleri
1. Şu aşakdakylar kitaphanalaryň esasy wezipeleridir:
1) raýatlaryň ruhy, intellektual we medeni isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen medeni, ylmy, bilim we aň-bilim işini amala aşyrmak;
2) jemgyýetde bilimleri we maglumaty ýaýratmak, ilata kitaphana hyzmatyny etmek;
3) kitaphana gaznasyny döretmek we abat saklamak.
2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen kitaphanalar şu aşakdaky işleri amala aşyrýarlar:
1) kitaphana gaznalaryny döredýärler;
2) kitaphana gaznalaryny ylmy taýdan işläp geçmegi amala aşyrýarlar we dürli göterijilerdäki kataloglar ulgamynyň kömegi bilen kitaphanadan peýdalanyjylar üçin olaryň mazmunyny açýarlar;
3) kitaphana gaznasyny hasaba almak, resminamalaryň rejeli saklanylmagyny, olaryň peýdalanylyşynyň çäklendirilmegini (konserwirlemegi) we durkunyň dikeldilmegini guramak, kitaphana gaznasynyň howpsuzlyk çäreleriniň ulgamy arkaly kitaphana gaznasynyň howpsuzlygyny we abat saklanylmagyny üpjün edýärler; kitaphanadan peýdalanyjylaryň kitaphana gaznasyna bolan aýawly garaýşyny terbiýeleýärler;
4) kitaphana gaznalarynyň peýdalanylyşyny seljerýärler we kitaphanadan peýdalanyjylaryň isleglerine laýyklykda olaryň düzümini baýlaşdyrýarlar;
5) kitaphanalardan peýdalanyjylaryň bähbitlerini, ýaş, fiziki, sosial, psihologik we beýleki aýratynlyklaryny hasaba almak bilen olara kitaphana hyzmatyny guraýarlar;
6) kitaphanaara abonement ulgamy, materiallary elektron görnüşde hödürlemek arkaly okalga zallarynda kitaphana gaznalaryna bolan ýokary amatly elýeterliligi üpjün edýärler;
7) kitaphananyň işgärleri üçin zähmetiň amatly şertlerini döredýärler;
8) esaslandyryja bu iş hakynda seljeriş we statistik hasabatlylygy berip, ylmy, önümçilik, hojalyk we maliýe işini meýilleşdirýärler we amala aşyrýarlar.
20-nji madda. Kitaphanalaryň hukuklary
Kitaphanalar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) kitaphanalaryň Tertipnamalarynda (düzgünnamalarynda) görkezilen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda öz işiniň mazmunyny we anyk görnüşlerini özbaşdak kesgitlemek; şunda maglumaty ýygnamak we ýaýratmak, kitaphana hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işler olaryň esasy işi bolup durýar;
2) esaslandyryjylar bilen ylalaşyp kitaphanalardan peýdalanmagyň düzgünlerini tassyklamak;
3) kitap ýadygärlikleri, seýrek we gymmatly neşirler berlende, şeýle hem kitaphanalardan peýdalanmagyň kadalary bilen kesgitlenen beýleki halatlarda girewiň möçberini kesgitlemek;
4) kitaphanalardan peýdalanmagyň kadalaryna laýyklykda hemişelik saklamak üçin niýetlenen kitap ýadygärlikleriniň we beýleki resminamalaryň nusgasynyň alynmagyna, eksponirlenilmegine (eksponat hökmünde sergä çykarmak) we berilmegine çäklendirmeleri bellemek;
5) kitaphanalardan peýdalanmagyň kadalaryna laýyklykda peýdalanyjylar we kitaphana işgärleri tarapyndan ýetirilen zyýanyň görnüşlerini we öwez pulunyň möçberini kesgitlemek;
6) kitaphanalardan peýdalanyjylara berilýän hyzmatlaryň sanawyny giňeltmek we kitaphanalary durmuş-döredijilik taýdan ösdürmek maksady bilen hojalyk işini olaryň esasy işine zyýan ýetirmedik ýagdaýynda amala aşyrmak;
7) ýuridik we fiziki şahslar bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda kitaphana gaznalaryndan peýdalanmagyň şertlerini kesgitlemek;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kitaphana birleşiklerini döretmek;
9) Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine bäsdeşlik ýa-da başga esasda gatnaşmak;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde daşary ýurt döwletleriniň kitaphanalary we beýleki edaralary hem-de guramalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmak, şol sanda halkara kitap alyş-çalşyklaryny ýöretmek, halkara guramalaryna girmek, halkara kitaphana maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;
11) öz kitaphana gaznalaryny üpjün etmegiň çeşmelerini kesgitlemek; kitap neşir etmegiň döwlet maksatnamalary boýunça çykarylýan resminamalaryň edinilmegine we ýatyrylýan kitaphanalaryň resminamalaryny ilkinji nobatda edinmäge bolan artykmaç hukuga eýe bolmak;
12) şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz kitaphana gaznalaryndan resminamalary aýyrmak we ýerlemek (beýleki kitaphanalara geçirmek, satmak, satuw sergisine çykarmak). Şunda kitaphanalaryň olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kitap ýadygärliklerine degişli edilen resminamalary hasapdan aýyrmaga we ýerlemäge hukugy ýokdur;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamalaryna (düzgünnamalaryna) laýyklykda maglumat, medeni, aň-bilim, ylym, bilim işini amala aşyrmak;
14) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektron kitaphanalaryny döretmek;
15) telekeçiligiň esasy işe zyýan ýetirmedik şertinde kitaphanalardan peýdalanyjylara edilýän kitaphana hyzmatynyň sanawyny giňeltmek we kitaphanalary durmuş-döredijilik taýdan ösdürmek maksady bilen telekeçilik işini amala aşyrmak. Kitaphana hyzmatynyň islendik tölegli görnüşlerine, eger olardan gelýän girdeji kitaphanalaryň işini ösdürmek we kämilleşdirmek üçin peýdalanylsa, telekeçilik işi ýaly garalmaýar;
16) Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki hereketleri amala aşyrmak.
Kitaphana Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özi tarapyndan döredilen maglumatlar binýadyny, intellektual eýeçiligiň beýleki obýektlerini goramak hukugyna eýedir.
21-nji madda. Kitaphanalaryň borçlary
1. Kitaphanalar şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) raýatyň medeniýetiň we ylmyň gymmatlyklaryna goşulmagyna, maglumaty erkin gözlemäge we almaga bolan aýrylmaz hukugynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge, şahsyýeti ösdürmek we öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ylmy taýdan akyl ýetirmek, kämilleşmek we özbaşdak bilim almak, medeni işler we boş wagtyňy geçirmek üçin şertleri döretmäge;
2) kitaphanadan peýdalanyjylaryň tanyşmagy üçin elýeter ýerde ýerleşdirilen kitaphananyň Tertipnamasyna (düzgünnamasyna) we kitaphanadan peýdalanmagyň kadalaryna laýyklykda kitaphanadan peýdalanyjylara hyzmat etmäge;
3) ylmy we kitaphana-önümçilikden başga gaýry maksatlarda kitaphanadan peýdalanyjylar we olaryň gyzyklanmalary hakynda maglumatlary peýdalanmazlyga;
4) kitaphanadan peýdalanyjylaryň maglumat isleglerini öwrenmäge we olaryň has doly kanagatlandyrylmagyny üpjün etmäge;
5) kitaphanadan peýdalanyjylara kitaphana gaznalaryna erkin elýeterliligi we olardan peýdalanmak mümkinçiligini üpjün etmäge;
6) kitaphanadan peýdalanyjylara kitaphana gaznalarynyň düzümi hakyndaky maglumaty bermäge;
7) kitaphana gaznalarynyň abat saklanylmagyny üpjün etmäge, öz kitaphana gaznalaryny we edýän hyzmatlaryny ýaýratmaga, kitaphanadan peýdalanyjylaryň kitaplara we beýleki resminamalaýyn çeşmelere bolan gyzyklanmasyny ösdürmäge;
8) kitaphanadan peýdalanyjylara edilýän kitaphana hyzmatyny kämilleşdirmek boýunça işi amala aşyrmaga;
9) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde kitaphana gaznalarynyň düzümine girýän resminamalaryň hasaba alynmagyny, üpjünçiligini, saklanylmagyny we peýdalanylmagyny üpjün etmäge;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda we kitaphananyň esaslandyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan tertipde olary esaslandyryjylaryň we döwlet statistika edaralarynyň öňünde hasabat bermäge;
11) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
2. Öz kitaphana gaznalarynda taryhy we medeni ýadygärliklere degişli edilen aýratyn ähmiýetli neşirleri we toplamalary bolan kitaphanalar olaryň abat saklanylmagyny üpjün edýärler we olaryň öz wagtynda kataloglarda hasaba alynmagy üçin, Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň bir bölegi hökmünde olaryň bellige alynmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.
V BAP. KITAPHANA GAZNALARY
22-nji madda. Kitaphana gaznalarynyň düzümi
1. Kitaphana gaznalaryna çap neşirleri (kitaplar, žurnallar, gazetler we başga çap neşirleri), çap edilmedik resminamalar (elýazmalar), audiowizual we elektron resminamalar, mikrofilmler we beýleki maglumat göterijiler degişlidir.
2. Kitaphana gaznalary kanuny esasda raýat dolanyşygyna girizilen resminamalaryň, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda resminamalaryň, şol sanda elektron resminamalaryň hökmany nusgalyklaryny almagyň esasynda döredilýär.
3. Kitaphana gaznalary köpugurly, pudaklaýyn, köp pudakly we ýöriteleşdirilen bolup biler. Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasy olaryň gurluşynda aýratyn orny eýeleýär.
4. Kitaphana gaznalaryny döretmek kitaphanalaryň maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda olary üpjün etmek, hasaba almak, işläp geçmek, ýerleşdirmek we saklamak, kitaphanalardan peýdalanyjylaryň we kitaphanalaryň görnüşleriniň düzümini öwrenmek arkaly resminamalaryň tertipleşdirilen ýygyndysy görnüşinde amala aşyrylýar.
5. Kitaphana gaznalarynda saklanylýan seýrek we gymmatly neşirler, resminamalaryň aýratyn toplamalary Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna girizilýär.
23-nji madda. Kitaphana gaznalarynyň üpjünçiligi
1. Kitaphana gaznalarynyň üpjünçiligi mazmuny boýunça kitaphanalaryň wezipelerine we olardan peýdalanyjylaryň isleglerine laýyk gelýän çap neşirlerini we beýleki materiallary seçip almak hem-de meýilnama görä toplamak arkaly amala aşyrylýar.
2. Kitaphanalar olaryň guramaçylyk-hukuk görnüşlerine we edara tabynlygyna garamazdan olaryň kitaphana gaznalaryny üpjün etmegiň ugruna laýyklykda çap önümini we beýleki maglumat göterijileri goýberýän döwlet we döwlete dahylsyz neşirýatlar tarapyndan çykarylan kitaplary, beýleki çap we gaýry materiallary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ilkinji nobatda edinmek hukugyna eýedirler.
3. Kitaphana gaznalaryny üpjün etmek işi şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylýar:
1) döwletiň çägindäki we halkara kitap alyş-çalşy görnüşinde;
2) döwürleýin neşirlere ýazylmak arkaly;
3) ýurduň we daşary ýurt söwdasynyň ulgamynda gös-göni neşir edijilerden we neşirleriň eýelerinden nagt we nagt däl görnüşinde töleg geçirmek bilen satyn almak arkaly;
4) miras boýunça galan neşirleri peşgeş bermek we miras esasynda bermek arkaly;
5) ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan çap önümlerini we beýleki resminamalary kitaphanalara muzdsuz bermegiň hasabyna.
4. Türkmenistanyň neşir önüminiň döwlet bibliografik bellige alynmagynyň we statistik hasaba alynmagynyň ýöredilmegini, kitaphanalary çap önümleri bilen yzygiderli üpjün etmek we kitaphana gaznalarynyň üstüni ýetirmek, olaryň uzak möhletli aýawly saklanylmagyna ýardam etmek maksady bilen kitaphana gaznalarynyň üpjün edilmegi kitaphanalar tarapyndan resminamalaryň hökmany nusgalygyny almagyň esasynda amala aşyrylýar.
5. Bilim edaralarynyň kitaphanalaryny okuw kitaplary, okuw gollanmalary we beýleki okuw materiallary bilen üpjün etmek bilim babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan düzgünleşdirilýär.
24-nji madda. Resminamalaryň hökmany nusgalygynyň
düzümine girýän resminamalaryň görnüşleri
1. Resminamalaryň hökmany nusgalygy resminamalaryň dürli görnüşleriniň nusgalyklarynyň jemidir, olara şu aşakdakylar degişlidir:
1) çap önümi – poligrafiýa taýdan özbaşdak resmileşdirilen we döwlet hem-de halkara standartlaryna laýyklykda bibliografik hasaba alynmagyny amala aşyrmak üçin ýeterlik çykyş maglumatlary bolan, redaksion taýýarlygyny geçen, neşir sany köpeldilen neşirler (ýazgyly, nota, kartografik, şekillendiriş);
2) audiowizual önüm – maddy göterijileriň islendik görnüşlerinde döredilen we gaýtadan öndürilen kino-, wideo, foto-, ses resminamalary we olaryň jemlemeleri;
3) elektron neşirler – elektron hasaplaýjy maşynlar üçin niýetlenen programmalar, şeýle hem redaksion taýýarlygyny geçen, çykyş maglumatlary bolan, köpeldilen we maşynda okalýan göterijilerde ýaýradylýan maglumatlaryň elektron binýatlary we resminamalar;
4) elektron resminamalar – olary peýdalanmak üçin hasaplaýyş tehnikasynyň serişdeleri gerek bolan, maşynda okalýan göterijidäki resminamalar;
5) körler we gowşak görýän raýatlar üçin neşirler – Braýlyň ulgamy boýunça relýef-nokatly şrift bilen taýýarlanylýan neşirler, relýef-grafiki neşirler, «gürleýän kitaplar», gowşak görýänler üçin uly harply neşirler, körler üçin elektron neşirler, braýl displeýiniň we sözleýşiň sintezatorynyň kömegi bilen görşüň bozulmalarynda okamak üçin uýgunlaşdyrylan neşirler;
6) ylmy işiň netijelerini özünde saklaýan çap edilmedik resminamalar (dissertasiýalar, ylmy-barlag, tejribe-konstruktorçylyk we beýleki barlag işleri hakynda hasabatlar, deponirlenen ylmy işler, algoritmler we programmalar);
7) resmi resminamalar – kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet häkimiýetiniň hökmany, maslahat beriji ýa-da maglumat häsiýetine eýe bolan neşirleri;
8) patent resminamalary – senagat eýeçiliginiň obýektleri üçin patentlere we ýüz tutmalara berlen beýanlar;
9) resminamalaryň beýleki görnüşleri, şol sanda awtorlyk hukugy we gatyşyk hukuklar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň täsirine düşmeýän resminamalar.
2. Resminamalaryň hökmany nusgalygy kitaphanalara hem muzdsuz esasda ugradylýar hem-de olar tarapyndan muzdly edinilýär.
3. Döwlet we döwlete dahylsyz neşirýatlar, poligrafiýa kärhanalary we neşirýat işi bilen meşgullanýan beýleki ýuridik şahslar öz çykarýan çap önüminden, elektron görnüşini goşmak bilen resminamalaryň hökmany mugt nusgalygyny Türkmenistanyň kitaphanalaryna ugratmak üçin bermelidirler.
Kitaphanalaryň sanawy, resminamalaryň kitaphanalara ugradylmaly hökmany mugt nusgalyklarynyň sany we tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
25-nji madda. Kitaphana gaznalarynyň hasaba alnyşy,
saklanylyşy we peýdalanylyşy
1. Kitaphana gaznalaryny saklamagyň şertleri, hasaba almagyň we peýdalanmagyň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýan kitaphana gaznalaryny hasaba almagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň kadalary bilen düzgünleşdirilýär.
2. Elýazmalary, gadymy, seýrek, aýratyn gymmatly çap önümlerini we kitaphana gaznalarynda durýan we Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalary bolup durýan beýleki materiallary hasaba almak, saklamak we peýdalanmak taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmek bilen amala aşyrylýar.
3. Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna girizilen ýa-da girizilmäge degişli resminamalar üçin:
1) goramagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilýär;
2) medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen tertipde olaryň ätiýaçlandyryş nusgalary döredilýär.
Eger kitaphana Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna girizilen resminamalary saklamak we peýdalanmak üçin zerur şertleri üpjün etmedik halatynda, olar medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň karary boýunça beýleki kitaphanalara berlip bilner.
4. Kitaphanany esaslandyryjy kitaphana gaznalaryny hasaba almak, saklamak we peýdalanmak üçin göwnejaý maddy-tehniki şertleri üpjün etmäge borçludyr.
5. Mazmuny boýunça könelen we ylmy gymmatyny ýitiren resminamalar, gaýtalanýan nusgadaky, şeýle hem peýdalanmakdan könelen resminamalar medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ýörite döreden toparlarynyň çözgüdi boýunça kitaphana gaznalaryndan aýrylyp bilner.
6. Kitaphana gaznalaryndan aýrylan, mazmuny boýunça könelen we ylmy gymmatyny ýitiren resminamalar, her bir neşiriň iki nusgalykdan kitaphanalaryň kitaphana gaznalarynda galdyrylanyny hasaba almak bilen gaýtalanýan nusgadaky resminamalar, şeýle hem olaryň könelmegi bilen baglanyşykly peýdalanmakdan galan, dikeldilmäge degişli bolmadyk resminamalar beýleki ýuridik ýa-da fiziki şahslara mugtuna ýa-da tölegli esasda berlip bilner.
Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna girizilmedik resminamalary, şeýle hem kitaphana gaznalarynda isleg bilen peýdalanylmaýan resminamalar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde beýleki kitaphanalara muzdsuz ýa-da muzdly, şeýle hem kitap alyş-çalyş arkaly berlip bilner.
7. Kitaphanalaryň maddy-tehniki üpjünçiliginiň ýaramazlaşmagyna, olaryň zähmeti goramagyň talaplaryna, kitaphana gaznalaryny saklamagyň kadalaryna we şertlerine laýyk gelmeýän jaýlara geçirilmegine ýol berilmeýär.
8. Kitaphanalaryň işgärleri kitaphana gaznalaryny hasaba almagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge borçludyrlar we bu kadalaryň bozulmagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda we kitaphananyň Tertipnamasynda (düzgünnamasynda) göz öňünde tutulan jogapkärçiligi çekýärler.
26-njy madda. Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasy
1. Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasy hemişelik saklamak we jemgyýetçiligiň peýdalanmagy üçin niýetlenen aýratyn taryhy, ylmy, medeni ähmiýete eýe bolan kitaphana gaznasydyr.
2. Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasy resminamalaryň we kitap ýadygärlikleriniň hökmany nusgalygynyň ulgamy esasynda toplanylýan resminamalardan durýar.
3. Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasy Türkmenistanyň milli medeni baýlygydyr we döwlet tarapyndan goralýar.
4. Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasyna degişli edilen resminamalaryň hasaba alnyşy, üstüniň ýetirilişi, saklanylyşy, peýdalanylyşy we aýap saklamagyň üpjün edilişi şu Kanuna we arhiwler we arhiw işi hakynda, muzeýler we muzeý işi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kitaphanalar, arhiwler, muzeýler tarapyndan amala aşyrylýar.
27-nji madda. Kitap ýadygärlikleri
1. Kitap ýadygärliklerine ajaýyp ruhy, maddy gymmatlyga eýe bolan, aýratyn taryhy, ylmy, medeni ähmiýeti bolan we olar babatda hasaba almagyň, saklamagyň we peýdalanmagyň aýratyn düzgüni bellenilen ýazuw we çap eserleri degişlidir.
2. Kitap ýadygärlikleri Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasynyň aýratyn gymmatly bölegi bolup durýar.
3. Kitap ýadygärlikleri aşakdakylara bölünýär:
1) ýeke-täk kitap ýadygärliklerine;
2) kitap ýadygärlikleriniň toplamalaryna.
4. Kitap ýadygärlikleriniň toplamalary ‒ öz gelip çykyşynyň, görnüş häsiýetiniň güýjünde ýa-da beýleki alamatlary boýunça diňe bilelikde birleşdirilende kitap ýadygärliginiň häsiýetlerine eýe bolýan resminamalaryň jemi bolup durýar.
5. Kitap ýadygärlikleri taryhy-medeni gymmatlylyk derejesi boýunça aşakdaky derejelere bölünýär:
1) ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulan we goşmak nazarda tutulýan, şeýle hem beýleki ýurtlaryň halklarynyň taryhyna we medeniýetine akyl ýetirmek üçin möhüm ähmiýeti bolan, bütin adamzadyň bütindünýä mirasy üçin özüniň aýratyn taryhy, ylmy we çeperçilik gymmaty bolan halkara ähmiýetli kitap ýadygärliklerine;
2) Türkmenistanyň taryhy we medeniýeti üçin özüniň taryhy, ylmy we çeperçilik gymmaty bolan, umumydöwlet ähmiýetli kitap ýadygärliklerine;
3) welaýatlaryň, etraplaryň, şäherleriň, şäherçeleriň we obalaryň taryhy we medeniýeti üçin özüniň taryhy, ylmy, çeperçilik gymmaty bolan ýerli ähmiýetli kitap ýadygärliklerine.
6. Kitap ýadygärlikleri kitap ýadygärlikleriniň Döwlet sanawynda bellige alynmaga degişlidir.
7. Eger kitaphana kitap ýadygärliklerine bolan howpsuzlygy, aýap saklamak we elýeterlilik üçin zerur şertleri üpjün etmedik halatynda, olar medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň karary bilen beýleki kitaphananyň düzümine berlip bilner.
8. Kitaphana gaznalarynda kitap ýadygärlikleri saklanýan kitaphanalary ýatyrmak işi diňe kitap ýadygärlikleriniň soňra aýawly saklanylmagyny we peýdalanylmagyny üpjün etmek bilen medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň rugsady bilen olaryň esaslandyryjylary tarapyndan geçirilýär.
9. Resminamalary kitap ýadygärliklerine degişli etmegiň tertibi, kitap ýadygärliklerini kitap ýadygärlikleriniň Döwlet sanawynda bellige almagyň tertibi, kitap ýadygärlikleriniň Döwlet sanawyny alyp barmagyň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.
10. Kitaphanalaryň düzümindäki kitap ýadygärlikleri arhiw we muzeý işinde peýdalanmak düzgüninde saklanylýar.
11. Kitap ýadygärlikleriniň asyl nusgalaryna gös-göni elýeterlilik pugta ylmy maksatlarda amala aşyrylýar.
12. Kitap ýadygärlikleriniň döwlet we jemagat gazna saklaýjylary olaryň gaznalarynyň we kitap ýadygärlikleriniň − toplamalarynyň düzümini we mazmunyny açýan kataloglaryň, maglumatnama, maglumat neşirleriniň ulgamynyň döredilmegini we ösdürilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.
13. Döwlet we hususy eýeçilikde durýan kitap ýadygärlikleri üçin ölçeglerde we göterijilerde ätiýaçlandyryş we iş nusgalary döredilýär, munuň özi kitap ýadygärlikleriniň asyl nusgalarynyň aýawly saklanylmagyny we ylmy, okuw we neşirýat maksatlarynda olaryň nusgalarynyň elýeterliligini üpjün edýär.
14. Kitap ýadygärlikleriniň ätiýaçlandyryş nusgalarynyň döredilmegi medeniýeti we sungaty ösdürmegiň we aýap saklamagyň maksatlaýyn maksatnamalarynda göz öňünde tutulan maliýeleşdiriş bilen üpjün edilýär.
15. Kitap ýadygärliklerini peýdalanmak bilen baglanyşykly täjirçilik işi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan düzgünleşdirilýär.
16. Kitap ýadygärliklerini Türkmenistanyň gümrük serhetleriniň üsti bilen getirmek we äkitmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, şeýle hem bu çygyrda halkara ylalaşyklaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
28-nji madda. Depozitar gazna
Az peýdalanylýan, ýöne medeni, ylmy, çeperçilik babatda gymmatly çap neşirleri we beýleki resminamalar depozitar gazna berlip bilner. Depozitar gaznany üpjün etmek we oňa çap neşirlerini we beýleki resminamalary bermegiň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
29-njy madda. Alyş-çalyş gaznasy
1. Türkmenistanyň milli medeni baýlyklarynyň desgalarynyň Döwlet sanawyna girmeýän çap önümi we beýleki resminamalar alyş-çalyş gaznalarynyň üsti bilen bellenilen tertipde bir kitaphanadan beýleki kitaphana berlip bilner.
2. Kitaphananyň ugruna degişli bolmadyk, gaýtalanýan nusgaly, az peýdalanylýan, şeýle hem alyş-çalyş üçin niýetlenen çap neşirleri we kitaphananyň beýleki resminamalary alyş-çalyş gaznasyna berlip bilner.
3. Çap önümlerini we beýleki resminamalary alyş-çalyş etmegiň, kitaphanalaryň alyş-çalyş gaznasyndan olary bermegiň we satmagyň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
30-njy madda. Döwlet bibliografik hasaba alyş
Kitaphana gaznalarynda saklanylýan nusgalyklary goşup, çap önümlerini we beýleki resminamalary döwlet bibliografik hasaba almak we merkezleşdirilen katalogy ýöretmek neşirýat işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde amala aşyrylýar.
VI BAP. KITAPHANA HYZMATY
31-nji madda. Kitaphana hyzmaty we onuň wezipeleri
1. Kitaphana hyzmaty abonementleriň, okalga zallarynyň, kitaphanaara we halkara abonementleriň, bibliografiýanyň, ylmy-tehniki maglumatyň, hususy we köpçülikleýin, ýazmaça we dilden maglumatlaryň, hyzmatyň adaty we adaty däl görnüşleriniň kömegi bilen guralýar.
2. Kitaphana hyzmatynyň wezipeleri kitaphana gymmatlyklaryny, dünýä edebiýatynyň nusgalyklaryny ýygnamagy üpjün etmekden, ygtybarly aýap saklamakdan we geljekki nesillere bermekden, ilatyň arasynda olary giňden wagyz etmekden, ilaty umumadamzat gymmatlyklaryna çekmekden ybaratdyr.
32-nji madda. Raýatlaryň kitaphana hyzmatyna bolan hukugy
1. Türkmenistanyň ähli raýatlary kitaphana hyzmatyna bolan deň hukuga eýedirler.
2. Türkmenistanyň raýatlary öz talaplaryna we isleglerine laýyklykda kitaphanalary erkin saýlamak hukugyna eýedirler.
Daşary ýurtly fiziki we ýuridik şahslara, raýatlygy bolmadyk adamlara kitaphanalarda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hyzmat edilýär.
3. Raýatlaryň kitaphana hyzmatyna bolan hukugy aşakdakylar bilen üpjün edilýär:
1) kitaphana hyzmatynyň esasy görnüşlerini mugt amala aşyrýan, umumy elýeter kitaphanalaryň döwlet toruny döretmek bilen;
2) kitaphanalaryň görnüşleriniň köpdürlüligi bilen;
3) eýeçiliginiň görnüşlerine garamazdan kärhanalara, edaralara, guramalara we fiziki şahslara kitaphanalary döretmek işinde döwlet goldawyny bermek bilen.
33-nji madda. Kitaphanalardan peýdalanyjylaryň hukuklary
1. Kitaphanalardan peýdalanyjylaryň ählisi öz talaplaryna we isleglerine laýyklykda kitaphanalara elýeterlilik hukugyna eýedirler.
2. Kitaphanalaryň kitaphana gaznalaryna bolan elýeterliligiň tertibi, esasy hyzmatlaryň sanawy we kitaphanalar tarapyndan olary bermegiň şertleri şu Kanuna, raýatlyk hakynda, döwlet syrlary hakynda, Türkmenistanyň milli medeni baýlyklarynyň desgalaryny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna, şeýle hem kitaphanalaryň Tertipnamalaryna (düzgünnamalaryna) we kitaphanalardan peýdalanmagyň kadalaryna laýyklykda bellenilýär.
3. Umumy elýeter kitaphanalarda raýatlar şu aşakdaky hukuklara eýedirler:
1) pasportyny ýa-da özleriniň şahsyýetini tassyklaýan başga resminamany görkezmek bilen kitaphanadan peýdalanyjy bolmak;
2) kataloglaryň ulgamy we kitaphana maglumatynyň beýleki görnüşleri arkaly kitaphana gaznalarynyň düzümi, olardaky anyk resminamanyň bardygy hakyndaky doly maglumaty mugtuna almak;
3) maglumat çeşmelerini gözlemekde we saýlamakda maglumat beriş kömegini mugtuna almak;
4) kitaphana gaznalaryndan wagtlaýyn peýdalanmak üçin islendik resminamany almak;
5) kitaphanaara abonement boýunça beýleki kitaphanalardan resminamalary ýa-da olaryň nusgalaryny almak;
6) kitaphana hyzmatlarynyň beýleki görnüşlerinden, şol sanda sanawy kitaphanadan peýdalanmagyň kadalary bilen bellenilýän tölegli hyzmatlardan peýdalanmak.
34-nji madda. Kitaphanalardan peýdalanyjylaryň aýratyn
toparlarynyň hukuklary
1. Kör we gowşak görýän raýatlar kitaphana hyzmatyna we ýörite döwlet kitaphanalarynda we beýleki umumy elýeter kitaphanalarda resminamalary ýörite maglumat göterijilerinde almak hukugyna eýedirler.
2. Ýaşynyň ötüşmegi we fiziki kemçilikleriniň bolmagy zerarly kitaphanalara baryp bilmeýän kitaphanalardan peýdalanyjylar resminamalary hyzmatyň adaty usulyndan daşary görnüşleriniň üsti bilen umumy elýeter kitaphanalaryň kitaphana gaznalaryndan almak hukugyna eýedirler.
3. Kämillik ýaşyna ýetmedik raýatlar umumy elýeter kitaphanalarynda, ýöriteleşdirilen döwlet çagalar we ýetginjekler kitaphanalarynda, şeýle hem bilim edaralarynyň kitaphanalarynda olaryň Tertipnamalaryna (düzgünnamalaryna) laýyklykda kitaphana hyzmatyna bolan hukuga eýedirler.
35-nji madda. Kitaphanalardan peýdalanyjylaryň borçlary
Kitaphanalardan peýdalanyjylar şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) kitaphanalardan peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;
2) kitaphana gaznalaryndaky kitaplara we beýleki resminamalara aýawly garamaga, olary bellenilen möhletlerde gaýtarmaga;
3) çap neşirleriniň we beýleki resminamalaryň ýitirilmegine ýa-da ýaramsyzlyga getirilmegine ýol bermezlige;
4) kitaphana gaznalaryndan alnan, ýitirilen (zeper ýetirilen) resminamalary olaryň deň gymmatlylary bilen çalyşmaga ýa-da kitaphanalardan peýdalanmagyň kadalary bilen bellenilen möçberde olaryň gymmatynyň öwezini dolmaga.
36-njy madda. Kitaphanaara abonement
Kitaphana gaznalarynda kitaphanalardan peýdalanyjylara zerur çap neşirleri we beýleki resminamalar bolmadyk mahalynda kitaphanalar olary beýleki kitaphanalardan kitaphanaara abonement boýunça soraýarlar.
VII BAP. KITAPHANA IŞINIŇ DOLANDYRYLYŞY
37-nji madda. Kitaphana işini dolandyrýan edaralar
Kitaphana işini dolandyrmak Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, öz ygtyýarynda kitaphanalary bolan beýleki ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
38-nji madda. Kitaphana işi babatda Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) kitaphana işi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
3) kitaphanalaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
4) Türkmenistanyň kitaphana ulgamy üçin işgärleri hünär taýdan taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, olaryň zähmetine hak tölemegi we kitaphanalaryň işgärleri üçin durmuş kepilliklerini we ýeňilliklerini bellemekligi kesgitleýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kitaphana işi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
39-njy madda. Kitaphana işi babatda dolandyrmak
böleginde medeniýet babatda ýerine ýetiriji
häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň
ygtyýarlylygy
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:
1) kitaphana işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
3) döwlet kitaphana standartlaryny we kitaphanalaryň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;
4) kitaphanalara umumy usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar, kitaphana hyzmatynyň derejesine bolan döwlet talaplaryny kesgitleýär;
5) Türkmenistanyň kitaphana ulgamynyň döredilmegini we ösdürilmegini guraýar, kitaphanalaryň işini utgaşdyrýar;
6) döwlet kitaphanalaryny döredýär we maliýeleşdirýär, bu kitaphanalaryň dolandyrylmagyny üpjün edýär we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;
7) kitaphanalaryň işini maddy-tehniki we ylmy-usulyýet taýdan üpjün etmek üçin ýöriteleşdirilen guramaçylyk gurluşlaryny döredýär;
8) kitaphanalaryň işgärlerini iş bilen üpjün etmek, zähmetine hak tölemek we bu işgärler üçin durmuş kepilliklerini we ýeňilliklerini bellemek babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;
9) Türkmenistanyň kitaphana ulgamy üçin işgärleriň hünär taýdan taýýarlanylmagyny, gaýtadan taýýarlanylmagyny hem-de olaryň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny guraýar;
10) kitaphanalaryň işgärleriniň hünär synagyny geçirýär we olary geçirmegiň tertibini hem-de şertlerini kesgitleýär;
11) kitaphana işi babatda ylmy barlaglara we usulyýet üpjünçiligine ýardam edýär;
12) kitaphana serişdelerini seýrek duş gelýän we aýratyn gymmatly kitaphana serişdelerine degişli etmegiň tertibini, şeýle hem olary saklamagyň we peýdalanmagyň tertibini belleýär;
13) Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalaryna degişli edilen kitaphana gaznalaryny saklamagyň we peýdalanmagyň aýratyn düzgüniniň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
14) Türkmenistanyň Milli kitaphana gaznasynyň aýawly saklanylyşynyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün edýär;
15) kitaphana işiniň maglumat taýdan üpjünçilik ulgamyny guraýar;
16) bitewi elektron katalogy döretmegiň we ýöretmegiň tertibini tassyklaýar;
17) elektron kitaphanalar ulgamynyň döredilmegini üpjün edýär;
18) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kitaphana işi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
40-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli
edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş
edaralarynyň kitaphana işi babatdaky
ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) raýatlaryň kitaphana hyzmatyna bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;
2) öz tabynlygyndaky çäkde kitaphana hyzmatynyň guralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;
3) kitaphana gaznalarynyň üpjün edilmegi we abat saklanylmagy üçin zerur maddy-tehniki we guramaçylyk şertlerini döredýärler;
4) edara tabynlygyndaky kitaphanalaryň işini maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözýärler;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kitaphana işi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
41-nji madda. Öz ygtyýarynda kitaphanalary bolan
ýuridik we fiziki şahslaryň ygtyýarlylygy
Öz ygtyýarynda kitaphanalary bolan ýuridik we fiziki şahslar:
1) kitaphana işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) öz tabynlygyndaky kitaphanalaryň toruny dolandyrmagyň ulgamyny kesgitleýärler;
3) medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň kitaphana ulgamy bilen edara tabynlygyndaky kitaphanalaryň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün edýärler;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kitaphana işi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
42-nji madda. Kitaphana işine jemgyýetçiligiň gatnaşmagy
Raýatlar we olaryň jemgyýetçilik birleşikleri Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň maliýeleşdirilmegine, kitaphanalaryň işinde döredijilik başlangyçlarynyň goldanylmagyna, kitaphanalaryň işgärleriniň durmuş meseleleriniň çözülmegine gatnaşmak hukugyna eýedirler. Bu hukuk kitaphanalaryň okyjylar geňeşlerini, haýyr-sahawat guramalaryny döretmek, hemaýatkärligi we haýyr-sahawatlylygyň beýleki görnüşlerini ösdürmek arkaly durmuşa geçirilýär.
VIII BAP. KITAPHANALARYŇ MALIÝELEŞDIRILMEGI,
MADDY-TEHNIKI ÜPJÜNÇILIGI WE EMLÄK
HUKUKLARY
43-nji madda. Kitaphanalaryň maliýeleşdirilmegi
1. Döwlet häkimiýet edaralary, eýeçiligiň döwlete degişli görnüşiniň kärhanalary, edaralary we guramalary tarapyndan döredilen kitaphanalary maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamagy we durmuşa geçirmegi, kitaphana binalaryny, desgalaryny, jaýlaryny gurmagy we durkuny täzelemegi, telekommunikasiýa serişdeleriniň kömegi bilen ilata uzak aralykdan edilýän hyzmatlaryň, beden kemçilikleri bolan adamlara kitaphana hyzmatynyň ösdürilmegini maliýeleşdirmek amala aşyrylýar.
2. Esaslandyryjylary eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşleriniň ýuridik şahslary, şeýle hem fiziki şahslar bolan kitaphanalary maliýeleşdirmek olaryň öz serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Döwlet şeýle kitaphanalara maliýe we maddy-tehniki goldawy bermäge haklydyr.
3. Kitaphanalary goşmaça maliýeleşdirmek fiziki we ýuridik şahslaryň, şol sanda daşary ýurt serişdeleriniň hasabyna, kitaphanalar tarapyndan hojalyk işiniň amala aşyrylmagyndan alnan serişdeleriň, kitaphanalar tarapyndan tölegli hyzmatlaryň berilmeginiň, bagyş etmeleriň hasabyna we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylyp bilner.
Kitaphanalary maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerinden gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi çäklendirilmäge degişli däldir. Bu serişdeler býujet ýylynyň ahyrynda alnyp bilinmez, indiki ýyl üçin býujet maliýeleşdirmegiň möçberleri kesgitlenilende nazara alynmaýar we diňe kitaphananyň tertipnamalaýyn işini amala aşyrmak (kitaphana gaznasyny üpjün etmek, tehniki serişdeleri edinmek we işiň beýleki görnüşleri) üçin peýdalanylmalydyr.
44-nji madda. Kitaphanalaryň maddy-enjamlaýyn
üpjünçiligi
1. Kitaphanalary ýörite taslamalar boýunça gurlan binalar, desgalar, jaýlar ýa-da kitaphanalardan peýdalanyjylara hyzmat etmegiň, kitaphana gaznalaryny saklamagyň degişli şertine laýyk gelýän beýleki abadanlaşdyrylan jaýlar, kitaphana prosesleriniň degişli mehanizmleşdirme we awtomatlaşdyrma serişdeleri, köpeldiji tehnika, beýleki enjam we ulag bilen üpjün etmek olaryň esaslandyryjysy (eýesi) tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Kitaphanadan peýdalanyjylara hyzmat etmek, işgärleriň işi, kitaphana gaznalaryny saklamak üçin deň derejedäki abadanlaşdyrylan jaýy bermezden kitaphanalary ondan-oňa geçirmek gadagandyr.
45-nji madda. Kitaphanalaryň emläk hukuklary
1. Kitaphana Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde özüne berkidilen emläge gönüden-göni dolandyrmak hukuklarynda eýelik edýär, peýdalanýar we ygtyýar edýär.
2. Gönüden-göni dolandyrmak hukugynda döwlet kitaphanalaryna berkidilen binalar, desgalar, jaýlar, emläk, kitaphana gaznalary döwlet eýeçiligi bolup durýar.
3. Döwlet we beýleki umumy elýeter kitaphanalar kitaphananyň işleýän bütin döwrüniň dowamynda eýeleýän ýer böleklerinden muzdsuz peýdalanýarlar.
4. Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kitaphanalaryň emläk hukuklarynyň goragyny kepillendirýär.
46-njy madda. Kitaphanalaryň hojalyk işi
1. Kitaphanalar Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz Tertipnamalaryna (düzgünnamalaryna) laýyklykda kitaphana gaznalaryny aýap saklamak boýunça talaplary berjaý etmek bilen hojalyk işi bilen meşgullanyp bilerler.
2. Kitaphanalaryň hojalyk işinden gelip gowuşan serişdeler olaryň ygtyýarynda doly galýar. Kitaphanalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hojalyk işinden alýan girdejilerine, şol sanda tölegli hyzmatlary etmekden alýan girdejilerine we bu girdejileriň hasabyna edinilen emläge özbaşdak ygtyýar etmek hukugyna eýedirler.
3. Döwlet kitaphanalarynda tölegli hyzmat diňe goşmaça zähmet harajatlaryny talap edýän we medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen hyzmatlaryň aýratyn görnüşlerine degişlidir.
47-nji madda. Kitaphanalary ösdürmegiň gaznalary
1. Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki kitaphanalaryň işiniň maddy taýdan üpjün edilmegine ýardam etmek maksady bilen kitaphanalary ösdürmegiň gaznalary döredilip bilner. Olary döretmegiň çeşmesi bu gaznalary esaslandyryjylaryň gatançlary, kärhanalardan, edaralardan we guramalardan gelip gowuşýan serişdeler, raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyr-sahawat gatançlary, ýörite lotereýalary, auksionlary we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýän beýleki täjirçilik çärelerini geçirmekden alynýan girdejiler bolup durýarlar.
2. Kitaphanalary ösdürmek gaznalarynyň serişdeleri kitaphana işini ösdürmek, kitaphanalaryň işini utgaşdyrmagy we özara hyzmatdaşlygy üpjün etmek boýunça taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen, şeýle hem bu gaznalary esaslandyryjylaryň tassyklaýan Tertipnamalarynda göz öňünde tutulan tertipde beýleki çäreleri maliýeleşdirmek maksady bilen ulanylýar.
IX BAP. KITAPHANALARYŇ IŞGÄRLERINIŇ
ZÄHMET GATNAŞYKLARY WE KITAPHANALARYŇ
IŞGÄRLERINE DURMUŞ KEPILLIKLERI
48-nji madda. Kitaphanalaryň işgärleriniň zähmet
gatnaşyklary
1. Kitaphanalaryň işgärleriniň zähmet gatnaşyklary şu maddanyň düzgünlerini hasaba almak bilen Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
2. Ýokary we orta hünär kitaphanaçylyk ýa-da beýleki degişli ýörite bilimi bolan adamlar kitaphanalarda wezipe sanawyndaky wezipelere bellenenlerinde artykmaç hukuga eýedirler. Aýratyn halatlarda kitaphanada degişli hünär bilimi bolmadyk, ýöne kitaphanada işlemegiň tejribesi we köp ýyllyk iş döwri bolan hünärmenler işläp bilerler.
3. Eýeçiliginiň görnüşlerine we kitaphanalary esaslandyrmagyň tertibine garamazdan kitaphanalaryň işgärleri zähmet gatnaşyklary çygrynda deň hukuklardan peýdalanýarlar.
49-njy madda. Kitaphanalaryň işgärleriniň hukuk we
durmuş goraglylygy
Kitaphanalaryň işgärleriniň hukuk we durmuş goraglylygy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwlet we kitaphanalary esaslandyryjylar tarapyndan üpjün edilýär.
50-nji madda. Kitaphanalaryň işgärleriniň hünär taýdan
taýýarlygy, gaýtadan taýýarlygy we olaryň
hünäriniň ýokarlandyrylmagy
1. Kitaphanalaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamak hem Türkmenistanyň, hem daşary ýurt döwletleriniň degişli orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynda amala aşyrylýar.
2. Kitaphanalaryň işgärlerini gaýtadan taýýarlamak we olaryň hünärini ýokarlandyrmak medeniýet ugrundan (kärler) taýýarlamak boýunça okatmagy amala aşyrýan ähli görnüşlerdäki bilim edaralarynda hem-de olarda degişli ygtyýarnamalar bolanda medeniýet guramalarynda geçirilip bilner.
Döwlet kitaphanalarynyň işgärlerini hünär taýdan gaýtadan taýýarlamak we hünärini ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna hem-de şertnamalaýyn başlangyçlarda, döwlete dahylsyz kitaphanalaryň we kitaphana guramalarynyň işgärlerini bolsa şertnamalaýyn esasda amala aşyrylyp bilner.
3. Kitaphanalary esaslandyryjylar kitaphanalaryň işgärlerini hünär taýdan gaýtadan taýýarlamak we hünärini yzygiderli ýokarlandyrmak üçin şertleri döretmäge borçludyrlar.
4. Döwlet hem Türkmenistanda, hem daşary ýurduň esasy medeni guramalarynda we degişli bilim edaralarynda kitaphanalaryň işgärlerini hünär taýdan taýýarlamakda, gaýtadan taýýarlamakda we hünärini ýokarlandyrmakda ýardam edýär.
X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
51-nji madda. Kitaphana işi babatda halkara
hyzmatdaşlygy
1. Türkmenistanyň kitaphanalarynyň halkara hyzmatdaşlygy aşakdaky ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) daşary ýurt döwletleriniň kitaphanalary, kitaphana we olara iş çygry boýunça ýakyn beýleki edaralar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga gatnaşmak;
2) kitaphana işi babatda halkara guramalarynyň işine gatnaşmak;
3) kitaphana işini guramagyň halkara tejribesini öwrenmek;
4) kitaphana gaznalarynyň çap önümleriniň we beýleki resminamalarynyň özara alyş-çalşygyny amala aşyrmak;
5) daşary ýurt döwletleriniň we halkara guramalarynyň kitaphana edaralary bilen bilelikde ylmy barlaglary geçirmek;
6) kitaphana işi babatda halkara maslahatlaryň, kongresleriň, simpoziumlaryň, sergileriň geçirilmegine gatnaşmak;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki bilelikdäki işi amala aşyrmak.
2. Türkmenistanyň kitaphanalary Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda kitaphana işi babatda halkara hyzmatdaşlygyna gatnaşýarlar.
52-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
53-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. «Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» 2000-nji ýylyň 15-nji iýunyndaky Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2000 ý., № 2, 16-njy madda).
«Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» 2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 81-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 20-nji marty.
№ 520-V.