Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Administratiw önümçilik hakynda

 

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

 

Administratiw önümçilik hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 69-madda)

 

Şu Kanun administratiw edaralar tarapyndan administratiw namalarynyň kabul edilmegi, ýerine ýetirilmegi ýa-da ýatyrylmagy bilen bagly amala aşyrylýan işiň hukuk esaslaryny, ýörelgelerini we önümçilik düzgünlerini belleýär we adam hukuklarynyň we azatlyklarynyň berjaý edilmeginiň üpjün edilmegine hem-de kanunyň hökmürowanlygyna gönükdirilendir.

 

I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER

 

1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler

Şu Kanunda şu  esasy düşünjeler ulanylýar:

1) administratiw edara – ýerine ýetiriji häkimiýet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem administratiw namalaryny kabul etmäge hukuk berlen ygtyýarly şahslar;

2) administratiw nama  administratiw edara tarapyndan döwlet we raýat arasyndaky hukuk gatnaşyklar çygrynda belli bir (anyk) meseläni kadalaşdyrmak maksady bilen, daşky täsire eýe bolan we fiziki ýa-da ýuridik şahs üçin kesgitli hukuk netijelere getiren kabul edilen çözgüt, görkezme ýa-da gaýry häkimlik ediji çäre;

3) administratiw önümçilik – administratiw edaralaryň administratiw namanyň kabul edilmegine gönükdirilen işi;

4) gyzyklanýan şahs – administratiw namanyň kabul edilmegi ýa-da degişli hereketleriň edilmegi bilen baglylykda administratiw edara ýüz tutan, ýa-da özi babatda administratiw nama kabul edilen ýa-da degişli hereket ýa-da hereketsizlik edilen şahs, ýa-da kabul edilmegi göz öňünde tutulan ýa-da kabul edilen administratiw nama hukuklaryna ýa-da kanun tarapyndan goralýan bähbitlerine gönüden-göni täsir eden, ýa-da täsir edip biljek islendik fiziki ýa-da ýuridik şahs ýa-da administratiw edaranyň hereketi, ýa-da öz haýyşnamasy esasynda ýa-da administratiw edaranyň başlangyjy boýunça onuň gulluk ýagdaýyndan gelip çykýan ýagdaýlarda administratiw önümçilige çekilen şahs;

5) diskresion ygtyýarlyk (öz garaýşyň boýunça hereket etmek hukugy) – administratiw edara çözgütler kabul edilende öz garaýşy boýunça hereket etmäge ýa-da kanuna laýyk gelýän mümkin bolan çözgütleriň birini saýlamak hukugyna kanun bilen berlen ygtyýarlyk;

6) oňaýly administratiw nama – gyzyklanýan şahsa hukuk berýän ýa-da onuň hukugynyň barlygyny tassyklaýan ýa-da oňa ýüklenen borjy aýyrýan administratiw nama;

7) oňaýsyz administratiw nama – gyzyklanýan şahsy hukuklaryndan mahrum edýän ýa-da hukugyny çäklendirýän, ýa-da oňa kesgitlenen borjy ýükleýän administratiw nama.

 

2-nji madda. Administratiw önümçilik hakynda

Türkmenistanyň kanunçylygy

Administratiw önümçilik hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar, şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.

 

3-nji madda. Şu Kanunyň ulanylýan çygry

1. Şu Kanunyň düzgünleri administratiw edaralaryň işi babatynda ulanylýar.

2. Şu Kanunyň hereketi şulara degişli däldir: 

1) kadalaşdyryjy hukuk namalaryň taýýarlanylmagyna we kabul edilmegine;

2) Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalary, jenaýat, raýat we arbitraž iş ýörediş kanunçylygy bilen seretmek tertibi bellenilen raýatlaryň ýüz tutmalarynyň we beýleki işleriň seredilmegine;

3) zähmet gatnaşyklaryna;

4) kazyýet ýerine ýetirijileriniň işine.

 

4-nji madda. Administratiw önümçiligi amala 

aşyrmagyň esasy ýörelgeleri

Şular administratiw önümçiligi amala aşyrmagyň esasy ýörelgeleridir:

1) kanunylyk – administratiw edara tarapyndan öz ygtyýarlylygynyň çäginde we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplara laýyklykda administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy;

2) kanunyň öňünde deňlik – administratiw edaralaryň administratiw önümçiligi amala aşyrylanda deň çemeleşmäni üpjün etmek borjy; 

3) administratiw önümçiligiň dessinligi we elýeterliligi – gyzyklanýan şahs tarapyndan administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin resminamalaryň we (ýa-da) maglumatlaryň administratiw edara iň az möçberde berilmegi bilen administratiw önümçiligiň gysga wagtda amala aşyrylmagy;

4) administratiw önümçiligi amala aşyrylanda hyzmatdaşlyk – administratiw önümçiligi amala aşyrylanda administratiw edaralaryň beýleki administratiw edaralar, gaýry guramalar bilen administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan ýüz tutma ibermek, resminama we (ýa-da) maglumat alyşmak arkaly, şeýle hem beýleki görnüşlerde özara gatnaşyklary;

5) barabarlyk – ýuridik ýa-da fiziki şahslaryň hukuk derejesine haýsydyr bir goşulmagy göz öňünde tutýan çäreleriň administratiw edaranyň ugur alýan kanuny maksatlaryna ýaramly, zerur we deň bolmagy;

6) ynamy goramak – ak ýürekden hereket edýän gyzyklanýan şahslaryň administratiw edaralaryň işiniň netijelerine ynamynyň kanun bilen goralmagy;

7) inkiwizision ýörelge – işiň ähli ýagdaýlaryny dogry barlamak ýörelgesi.

 

5-nji madda. Administratiw önümçiligiň görnüşi 

Eger önümçiligiň görnüşi barada ýörite düzgünler bolmasa, administratiw önümçiligi kesgitlenilen görnüşi berjaý etmek bilen bagly däldir. 

 

6-njy madda. Çäk degişliligi

1. Administratiw önümçiligi administratiw edaralar tarapyndan öz ygtyýarlylyklaryna laýyklykda gyzyklanýan şahsyň ýaşaýan (ýerleşýän) ýeri boýunça ýa-da olaryň ýokarda durýan edaralary tarapyndan şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylýar, şu bölegiň üçünji tesiminde görkezilen administratiw önümçiligi muňa degişli däldir. 

Eger gyzyklanýan şahsyň bolýan ýeri boýunça bellige alynmagy hökmany bolan halatynda, administratiw edaralar öz ygtyýarlylyklaryna laýyklykda administratiw önümçiligi onuň bolýan ýeri boýunça amala aşyrýarlar.

Gozgalmaýan emläk babatda administratiw önümçiligi administratiw edaralar tarapyndan gozgalmaýan emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça amala aşyrylýar.

2. Administratiw edara gyzyklanýan şahsyň ýüz tutmasynda görkezilen meseleleri çözmek boýunça öz ygtyýarlylygyny özbaşdak barlamaga borçludyr.

3. Administratiw edaranyň ygtyýarlylygynyň onuň we gyzyklanýan şahsyň arasyndaky ylalaşyk bilen esaslandyrylmagyna ýol berilmeýär.

4. Eger gyzyklanýan şahslaryň biri administratiw edarany ygtyýarly diýip hasap edýän bolsa, edaranyň özi bolsa özüni şeýle hasap etmese, ol haýal etmän gyzyklanýan tarapy habarly etmek bilen, işi ygtyýarly edaranyň garamagyna iberýär.

 

7-nji madda. Administratiw önümçilikde wekilçilik

1. Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, administratiw önümçiligi amala aşyrylanda gyzyklanýan şahsyň hut özi we (ýa-da) wekiliň üsti bilen gatnaşmaga haklydyr.

2. Gyzyklanýan şahsyň özüniň gatnaşmagy ony wekiliniň  bolmagy hukugyndan mahrum etmeýär, şonuň ýaly hem wekiliň gatnaşmagy gyzyklanýan şahsyň özüniň gatnaşmak hukugyny aradan aýyrmaýar. 

3. Gyzyklanýan şahsyň wekili diýlip, administratiw edara we beýleki gatnaşyjylar bilen şu Kanun bilen düzgünleşdirilýän gatnaşyklarynda onuň bähbitlerine wekilçilik etmäge ygtyýarlandyrylan fiziki ýa-da ýuridik şahs ykrar edilýär.

Gyzyklanýan şahsyň administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy üçin ýüz tutan administratiw edarasynyň işgärleri gyzyklanýan şahsyň wekili bolup bilmeýärler, muňa gyzyklanýan şahsyň kanuny wekilleri bolup durýan administratiw edaranyň işgärleri degişli däldir. 

4. Ýuridik şahsyň wekili öz ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilen tertipde berlen ynanç haty esasynda amala aşyrýar. 

Fiziki şahsyň wekili öz ygtyýarlyklaryny notarial taýdan tassyklanan ynanç haty esasynda amala aşyrýar. 

Eger wekilçilik adwokat tarapyndan amala aşyrylýan bolsa, onda onuň ygtyýarlyklary order bilen tassyklanylýar.

Ygtyýarnama esasynda hukuk kömegini berýän şahslaryň ygtyýarlyklary hukuk kömegini bermek hakyndaky şertnama we ygtyýarnamanyň nusgasy bilen tassyklanylýar.

5. Gyzyklanýan şahslaryň topary özbaşdak ýa-da administratiw edaranyň haýyşy boýunça administratiw önümçilige şu toparyň adyndan gatnaşmaga ygtyýarly bir ýa-da birnäçe şahslary wekil edip bellemäge haklydyr.

 

II BAP. ÖNÜMÇILIK ÝÖRELGELERI WE 

KEPILLIKLERI

 

8-nji madda. Administratiw edara ýüz tutmaga bolan hukuk

1. Her bir şahsyň özüniň hukuklary we kanuny bähbitleri bilen gönüden-göni bagly bolan meseleler boýunça administratiw edara ýüz tutmaga, haýyşnama bildirmäge ýa-da administratiw edaradan maglumat almaga hukugy bardyr.

2. Administratiw edara bu ýüz tutmalar boýunça degişli çözgütleri kabul etmäge ýa-da maglumaty bermäge borçludyr. 

 

9-njy madda. Administratiw önümçilikde hukuk 

     ukyby we kämillik ukyby

1. Administratiw önümçilige gatnaşmak hukugyna şular eýedirler:

1) fiziki we ýuridik şahslar;

2) administratiw edaralar.

2. Administratiw önümçiligi boýunça hereketleri amala aşyrmaga şular ukyply bolup durýarlar:

1) kämillik ukyby bolan fiziki şahslar;

2) kämillik ukyby çäklendirilen fiziki şahslar, eger olaryň kämillik ukybynyň çäklendirilmegi administratiw önümçiligiň närsesine degişli bolmasa;

3) ýuridik şahslar özleriniň ýolbaşçylarynyň, wekilleriniň ýa-da ygtyýarlandyrylanlarynyň üsti bilen;

4) administratiw edaralar özleriniň ýolbaşçylarynyň, olaryň orunbasarlarynyň ýa-da ygtyýarlandyrylanlarynyň üsti bilen.

 

10-njy madda. Administratiw önümçiligiň gatnaşyjylary

1. Administratiw önümçilige gatnaşyjylar şular bolup durýarlar:

1) administratiw namanyň kabul edilmegi ýa-da hereketiň amala aşyrylmagy barada haýyşnama bilen ýüz tutýan şahs;

2) administratiw nama ýa-da hereket gönükdirilen şahs;

3) administratiw nama ýa-da hereket bilen hukuklaryna ýa-da borçlaryna deglip bilinjek şahs.

2. Kabul edilmegi göz öňünde tutulýan administratiw namanyň beýleki şahslaryň hukuklaryna we kanun tarapyndan goralýan bähbitlerine gönüden-göni täsir etjekdigine esaslar bolanda, administratiw edara şol şahslaryň üçünji (gyzyklanýan) şahslar hökmünde önümçilige gatnaşmagyny üpjün etmäge borçludyr. 

3. Eger kabul edilmegi göz öňünde tutulýan administratiw nama beýleki şahslaryň hukuklaryna we kanun tarapyndan goralýan bähbitlerine täsir edip biljek bolsa, administratiw edara öz başlangyjy boýunça ýa-da şol şahslaryň haýyşnamasy boýunça olary administratiw önümçilige gatnaşyjy hökmünde çekip biler. 

 

11-nji madda. Administratiw önümçiligiň başlanmagy

1. Şular administratiw önümçilige başlamak üçin esas bolup durýarlar:

1) fiziki ýa-da ýuridik şahsyň arzasy (şikaýaty);

2) administratiw edaranyň başlangyjy ýa-da kanunda göz öňünde tutulan halatlarda administratiw edaranyň administratiw namany kabul etmek borjy.

2. Administratiw önümçiligi arzanyň (şikaýatyň) hasaba alnan pursadyndan ýa-da ilkinji iş ýörediş hereketi amala aşyrylan pursadyndan başlanýar.

 

12-nji madda. Işlere seredilende tarapgöýsüzlik 

1. Administratiw edaralar öz ygtyýarlyklaryny tarapgöýsiz amala aşyrmaga borçludyrlar. 

2. Işiň ahyrky netijesine gyzyklanýan wezipeli adam administratiw önümçilige gatnaşyp bilmez.

 

13-nji madda. Işiň ýagdaýlaryny dogry barlamak 

1. Administratiw edara administratiw önümçiligiň barşynda işiň çözülmegi üçin ähmiýeti bar bolan ähli hakyky ýagdaýlary hemmetaraplaýyn, doly we dogry barlamaga borçludyr. 

2. Administratiw edara işe degişli bolan ýagdaýlary barlamakdan we hasaba almakdan ýüz dönderip bilmez. 

3. Barlamagyň usuly we möçberi administratiw edara tarapyndan kesgitlenilýär. Administratiw edara gyzyklanýan şahslaryň delillerine we berlen subutnamalara bagly däldir.

4. Berlen subutnamalar ýeterlik bolmasa, administratiw edara öz başlangyjy boýunça goşmaça subutnamalary ýygnamaga borçludyr.

5. Administratiw edaranyň administratiw önümçilige gatnaşýan şahslar tarapyndan berlen arzalary ýa-da haýyşnamalary işe degişli däldigi ýa-da esassyzlygy sebäpli, kabul etmekden ýüz döndermäge haky ýokdur. 

 

14-nji madda. Administratiw edaranyň maslahatlary we 

      administratiw edara tarapyndan zerur 

      maglumatlaryň berilmegi

1. Administratiw edara gyzyklanýan şahsa arza ýa-da haýyşnama bermekde, arzada ýa-da haýyşnamada ýol berlen ýalňyşlary ýüze çykarmakda we aradan aýyrmakda ýardam etmäge, administratiw önümçilige gatnaşýan şahsa hukuklaryny we borçlaryny düşündirmäge borçludyr.

2. Degişli administratiw edara fiziki ýa-da ýuridik şahslaryň ýüz tutmasy esasynda olara arzalaryň nusgalyklaryny we administratiw önümçiligi bilen bagly beýleki blanklary bermelidir ýa-da olary poçta aragatnaşygynyň üsti bilen ibermelidir.

 

15-nji madda. Subut etmegiň serişdeleri

1. Administratiw edara işiň ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmak üçin zerur hasaplaýan subut etmegiň serişdelerini ulanýar. Administratiw edara subut etmegiň şu serişdelerini peýdalanyp biler:

1) resminamalary;

2) taraplaryň we gatnaşyjy üçünji şahslaryň düşündirişini;

3) şaýatlaryň düşündirişini;

4) önümçilige gatnaşyjylaryň, bilermenleriň ýazmaça görnüşindäki pikirini;

5) degişli barlaglary geçirmegi;

6) işiň dogry çözülmegi üçin ähmiýeti bolan gaýry subutnamalary.

2. Administratiw önümçilige gatnaşyjylar işiň ýagdaýlaryny aýdyňlaşdyrmaga ýardam etmelidirler, özlerine mälim bolan faktlar barada habar etmelidir we zerur bolan subutnamalary bermelidir.

 

16-njy madda. Administratiw önümçilige gatnaşyjylary 

                           diňlemek

1. Administratiw önümçilige gatnaşyjynyň hukuklaryna täsir edýän administratiw namasy kabul edilmezinden öň, bu gatnaşyja çözgüt kabul etmek üçin möhüm faktlar babatda öz pikirini aýtmaga mümkinçilik döredilmelidir.

2. Administratiw önümçiligi diňlemesiz geçirilip bilner, eger: 

1) önümçiligiň uzaga çekmeginiň töwekgelçiligi sebäpli ýa-da jemgyýetçilik bähbidinden ugur alyp, haýal etmän çözgüdi kabul etmek zerurlygy ýüze çykanda;

2) diňlemegi geçirmek çözgüdi kabul etmek üçin bellenilen möhleti berjaý etmekde mesele döretjek bolsa;

3) administratiw önümçilige gatnaşyjy haýyşnamasynda ýa-da düşündirişinde inkär edip bolmajak hakyky maglumatlary getiren bolsa we goşmaça maglumatlary almagyň zerurlygy bolmasa;

4) iş boýunça kabul edilýän çözgüt bu administratiw önümçilige gatnaşyja zyýan ýetirmeýän bolsa;

5) administratiw edara umumy görkezme ýa-da birmeňzeş administratiw namalar çykarmagy niýet eden bolsa;

6) administratiw önümçilikde ýerine ýetiriş boýunça çäreler kabul edilmeli bolsa.

 

17-nji madda. Administratiw önümçiligiň materiallary 

bilen tanyşmak hukugy

1. Gyzyklanýan şahslar administratiw önümçiligiň materiallary bilen tanyşmaga hukuklydyrlar, ýagny onda saklanýan resminamalary bilmek olaryň kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmek ýa-da goramak üçin zerur bolup durýar, döwlet ýa-da kanun arkaly goralýan gaýry syrlary saklaýan maglumatlar muňa degişli däldir.

2. Administratiw önümçilik bilen bagly maglumatlar gaýry şahslara diňe gyzyklanýan şahslaryň razylygy esasynda berlip bilner.

3. Administratiw edara degişli maglumatlary gyzyklanýan şahslaryň ýüz tutmalarynyň gelip gowşan gününden ýedi günüň dowamynda bermäge borçludyr.

4. Administratiw edaranyň haýsydyr bir kanun arkaly goralýan syrlary saklaýan resminamalary gyzyklanýan şahslaryň zyýanyna ulanmaga haky ýokdur.

5. Gyzyklanýan şahslar administratiw önümçiligiň materiallary bilen, bu önümçilik amala aşyrylan administratiw edarada tanşyp bilerler.

Aýratyn halatlarda, gyzyklanýan şahslar ýazmaça ýüz tutmak esasynda, administratiw önümçiligiň materiallary bilen gaýry administratiw edaralarda tanşyp bilerler.

6. Gyzyklanýan şahsyň administratiw önümçilik bilen bagly resminamalaryň we gaýry materiallaryň nusgasyny almaga haky bardyr.

Resminamalaryň we gaýry materiallaryň göçürmesini almak we olary poçta aragatnaşygy arkaly ibermek bilen baglanyşykly hyzmatlar üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan möçberde töleg alynýar.

 

18-nji madda. Kanun arkaly goralýan syry saklaýan

resminamalaryň ýa-da maglumatlaryň 

gizlinligini üpjün etmek

Administratiw edara gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça onuň şahsy ýa-da maşgala durmuşynyň syryny, şeýle hem hünär ýa-da täjirçilik syryny saklaýan resminamalaryň ýa-da maglumatlaryň gizlinligini üpjün etmäge borçludyr.

 

19-njy madda. Administratiw önümçiligi alyp

        barmagyň dili

1. Administratiw önümçilik Türkmenistanyň döwlet dilinde alnyp barylýar.

2. Administratiw önümçiligiň dilini bilmeýän gatnaşyjylara terjimeçiniň hyzmatyndan peýdalanmak hukugy düşündirilýär.

3. Daşary ýurt dilinde düzülen ýüz tutmalar, haýyşnamalar, güwänamalar ýa-da gaýry resminamalar administratiw edara Türkmenistanyň döwlet diline terjimesi bilen  berilmelidir.

 

III BAP. MÖHLETLER

 

20-nji madda. Administratiw önümçiligi amala 

aşyrmagyň möhletleri

1. Administratiw önümçiligiň amala aşyrylmagy ýönekeý, maksadalaýyk we gysga möhletli bolmalydyr.

2. Administratiw önümçilik, administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli resminamalary we (ýa-da) maglumatlary almak we işlemek üçin talap edilýän wagtdan ugur alnyp kesgitlenýän möhletde amala aşyrylýar. Administratiw edara bir aýdan köp bolmadyk möhletde administratiw namany kabul etmek hakynda ýa-da ony kabul etmekden ýüz döndermek hakynda çözgüt kabul edýär. 

Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda gaýry möhlet bellenilmedik bolsa, administratiw önümçilige ähmiýetli bolan ýagdaýlary anyklamak üçin köp möhlet talap edilýän halatynda, bu möhlet administratiw edara tarapyndan kyrk bäş güne çenli uzaldylyp bilner. Administratiw edara gyzyklanýan şahsa möhletiň uzaldylandygy barada habar berýär.

Haçan-da, administratiw önümçiligi amala aşyrmak üçin gerek bolan resminamalar we (ýa-da) maglumatlar gaýry ýollar bilen alnyp bilinmeýän bolsa, administratiw edara tarapyndan ygtyýarly edara olaryň berilmegi barada talap haty iberilen halatynda, administratiw önümçiligi amala aşyrmak möhleti talap haty iberilen gününden başlap, talap edilen resminamalaryň we (ýa-da) maglumatlaryň alnan gününe çenli togtadylýar.

3. Gyzyklanýan şahsyň arzasynyň hasaba alnan güni ýa-da ilkinji iş ýörediş hereketiň amala aşyrylan güni administratiw önümçiligiň başlanan güni hasap edilýär.

 

21-nji madda. Möhletleri hasaplamak

1. Administratiw önümçiligi bilen bagly hereketler şu Kanunda bellenilen möhletlerde amala aşyrylýar. Eger iş ýöredişiň möhletleri kanun tarapyndan bellenilmedik halatynda, olar administratiw edara tarapyndan bellenilýär.

2. Kanunda bellenilen möhletiň dowamlylygy senenama senesiniň başlanan möhletinden ýa-da wakanyň bolan gününden soňky günden başlanýar. 

3. Administratiw edara tarapyndan bellenilen möhlet bu barada gyzyklanýan şahs habarly edilen gününden ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda degişli maglumatlar resmi taýdan yglan edilen pursadyndan başlanýar.

4. Möhletler Türkmenistanyň Raýat kodeksiniň 145-nji maddasyna laýyklykda senenama günlerinde hasaplanýar. 

 

22-nji madda. Möhletleri uzaltmak

1. Administratiw edara tarapyndan bellenen möhletler gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça bu edara tarapyndan uzaldylyp bilner.

2. Administratiw edara gyzyklanýan şahsa bellenilen möhletiň berjaý edilmezliginiň netijeleri barada duýdurmaga borçludyr. 

 

23-nji madda. Möhletleri dikeltmek

1. Kanunda bellenilen möhletiň geçirilmeginiň sebäpleri esasly diýlip ykrar edilende, administratiw edara gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça geçirilen möhleti dikeldip biler.

2. Gyzyklanýan şahs geçirilen möhletiň dikeldilmegi barada administratiw edara ýazmaça arza bilen ýüz tutýar. Möhletiň geçirilmeginiň sebäbiniň esaslydygyny tassyklaýan resminamalar arza goşulýar.

3. Geçirilen möhleti dikeltmek baradaky arza administratiw edara tarapyndan bäş günüň dowamynda seredilýär.

4. Möhleti dikeltmek baradaky arzanyň berilmegi bilen bir wagtda möhleti geçen hereketler amala aşyrylýar (arza, şikaýat, resminamalar we ş.m. berilýär). 

5. Gyzyklanýan şahs Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde administratiw edaranyň geçirilen möhleti dikeltmekden ýüz döndermek hakynda çözgüdine şikaýat edip biler.

 

IV BAP. RESMINAMALARA WE GOLLARYŇ

HAKYKYLYGYNA RESMI ŞAÝATLYK ETMEK

 

24-nji madda. Resmi şaýatlyk etmek 

1. Resmi şaýatlyk etmek – bu administratiw edara tarapyndan resminamalardan nusganyň ýa-da göçürmäniň dogrulygynyň, şeýle hem goluň hakykylygynyň tassyklanmagydyr.

2. Resmi şaýatlyk etmegiň subut ediji güýji şaýatlyk etmek hakynda bellikde görkezilen ýagdaýlar bilen çäklenýär.

3. Resmi şaýatlyk etmek notarial taýdan şaýatlyk etmegiň ornuny tutmaýar.

4. Notarial taýdan şaýatlyk etmek resmi şaýatlyk etmegiň ornuny tutýar.

 

25-nji madda. Resminamalara şaýatlyk etmek

1. Resmi resminamany bermäge hukugy bolan ýa-da resminamany arhiw resminamasy hökmünde saklaýan administratiw edara, şeýle resminamanyň nusgasyny ýa-da ondan göçürmäni berip we olaryň dogrulygyna resmi şaýatlyk edip biler.

2. Nusga ýa-da göçürme ýazgynyň soňunda tassyklaýjy ýazgy bilen şaýatlyk edilýär. Tassyklaýjy ýazgy hökman şulary öz içine almalydyr:

1) nusgasy ýa-da göçürmesi şaýatlyk edilýän resminamanyň anyk ady; 

2) şaýatlyk edilen nusganyň ýa-da göçürmäniň berilýän resminama laýyklygyny tassyklama; 

3) eger resminamanyň asyl nusgasy administratiw edara tarapyndan resmileşdirilmedik bolsa, şaýatlyk edilen nusganyň ýa-da göçürmäniň diňe görkezilen administratiw edara görkezmek üçin berlendigine salgylanma;

4) şaýatlyk edilmegiň ýeri we wagty, resminamalara şaýatlyk etmegi amala aşyrmaga administratiw edaranyň ygtyýarly işgäriniň goly we möhrüniň basylan yzy.

3. Şahsdan resminama kabul edýän administratiw edara bu resminamanyň nusgasyny alyp biler ýa-da ondan göçürme alyp, onuň dogrulygyna resmi taýdan şaýatlyk edip biler. Eger administratiw edara nusgasy bilen resminamanyň asyl nusgasy getirilen bolsa, administratiw edaranyň nusgalaryň notarial ýa-da resmi taýdan şaýatlyk edilmegini talap etmäge hukugy ýokdur.

4. Degişli tertipde şaýatlyk edilen administratiw edara tarapyndan kabul edilen administratiw namalaryň ýa-da gaýry resminamalaryň nusgalary ýa-da olardan göçürmeler resmi güýje eýedir. 

5. Resminamanyň düýp mazmunynyň üýtgedilendigine çak etmäge esaslar bolsa, şol sanda eger bu resminamada boş ýer, üsti çyzylan ýazgy, goşmaçalar, üýtgetmeler, düşnüksiz ýazylan sözler, sanlar ýa-da belgiler, sözleriň, sanlaryň ýa-da belgileriň öçürilendiginiň yzy ýa-da eger birnäçe sahypadan durýan resminamanyň bitewüligi bozulan bolsa, resminama şaýatlyk etmäge ýol berilmeýär. 

 

26-njy madda. Gollaryň hakykylygyna şaýatlyk etmek

1. Administratiw edara, eger gol çekilen resminama administratiw ýa-da gaýry edara bermek üçin talap edilýän bolsa, goluň hakykylygyna şaýatlyk etmäge haklydyr. 

2. Şu ýagdaýlarda goluň hakykylygyna resmi şaýatlyk etmäge ýol berilmeýär:

1) oňa degişli ýazgy bolmasa;

2) onuň hakykylygyna notarial taýdan şaýatlyk edilmeli bolsa.

3. Goluň hakykylygyna, eger ol şaýatlyk etmegi ýerine ýetirýän işgäriň gatnaşmagynda ýerine ýetirilen ýa-da ykrar edilen bolsa, şaýatlyk edilmelidir.

4. Tassyklaýjy ýazgy şaýatlyk edilmäge degişli goluň gönüden-göni ýanynda bolmalydyr. Tassyklaýjy ýazgy şulary hökman öz içine almalydyr:

1) goluň hakykylygy barada tassyklama;

2) golunyň hakykylygy şaýatlyk edilýän adamyň anyk familiýasy we ady, şeýle hem gola şaýatlyk etmäge jogapkär işgäriň         görkezilen adamyň şahsyýetini anyklandygy we goluň onuň gatnaşmagynda ýerine ýetirilendigi ýa-da ykrar edilendigi barada maglumatlar;

3) goluň hakykylygyna şaýatlyk edilmeginiň diňe görkezilen administratiw ýa-da gaýry edara bermek üçin amala aşyrylandygyna salgylanma;

4) şaýatlyk edilen ýeri we wagty, şaýatlyk etmegi amala aşyrmaga administratiw edaranyň ygtyýarly işgäriniň goly we möhrüniň      basylan yzy. 

 

V BAP. ADMINISTRATIW NAMA

 

27-nji madda. Administratiw namanyň mazmunyna we 

görnüşine talaplar 

1. Administratiw nama Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şu Kanuna we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda kabul edilmelidir.

2. Administratiw nama mazmun taýdan gysga, ýeterlik derejede aýdyň we düşnükli bolmalydyr, kime gönükdirilendigi we haýsy meseleleri düzgünleşdirýändigi barada maglumatlary özünde saklamalydyr.

3. Administratiw nama ýazmaça görnüşde kabul edilýär.

Administratiw nama şulary özünde saklamalydyr:

1) administratiw namany kabul eden edaranyň ady; 

2) bähbitlerine administratiw nama kabul edilen fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy   ýa-da ýuridik şahsyň ady we ýuridik salgysy;

3) administratiw namanyň ady, onuň kabul edilen wagty we ýeri, bellige alyş belgisi; 

4) administratiw namany kabul eden wezipeli adamyň (kollegial administratiw edaranyň agzalarynyň) familiýasy, ady, atasynyň ady;

5) şu administratiw nama şikaýat etmegiň möhleti we tertibi;

6) belli bir kesgitli hukuk netijelerini emele getirýän, daşky täsiri düzgünleşdirmek.

4. Аdministratiw nama ony kabul eden wezipeli adam (kollegial administratiw edaranyň agzalary) tarapyndan gol çekilmelidir.

5. Aýratyn ýagdaýlarda, haçan-da döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerine zelel ýetirip biljek howpuň öňüni almak ýa-da aradan aýyrmak maksady bilen, administratiw nama gaýragoýmazdan kabul edilmeli bolanda, administratiw nama dilden kabul edilip bilner. 

Eger administratiw nama dilden kabul edilen bolsa, gyzyklanýan şahsyň talap etmegi bilen ol ýazmaça görnüşde tassyklanylmalydyr.

 

28-nji madda. Administratiw namada goşmaça 

      tabşyryklary beýan etmek

1. Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen halatlarynda, şeýle hem administratiw namany kabul etmegiň şu Kanunda göz öňünde tutulan şertleriniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen öz garamagy boýunça çykarylýan administratiw namada goşmaça tabşyryklar beýan edilip bilner. 

2. Diskresion ygtyýarlyklary esasynda çykarylýan administratiw namada şu aşakdaky goşmaça tabşyryklar göz öňünde tutulyp bilner: 

1) güýjüne girmegiň, güýjüni ýitirmegiň möhleti, haýsydyr bir ýeňilligiň ýa-da çäklendirmäniň (borçnamanyň) hereketiniň möhleti;

2) haýsydyr bir ýeňillikleriň ýa-da çäklendirmeleriň (borçnamalaryň) güýje girmegi, güýjüni ýitirmegi geljekde haýsydyr bir wakanyň bolmagy bilen baglylygy;

3) bu namanyň ýatyrylmagy hakynda bellik;

4) administratiw nama degişli bolan şahsa hereketi amala aşyrmaga ýa-da onuň amala aşyrylmagyna ýol bermäge ýa-da hereketden saklanmaga borçlandyrmalar;

5) geljekde tabşyrygy kabul etmek, üýtgetmek ýa-da oňa goşmaça girizmek boýunça bellik.

3. Goşmaça tabşyryklar administratiw namanyň maksatlaryna garşy gelmeli däldir. 

 

29-njy madda. Administratiw namanyň kepili

1. Administratiw namanyň kepili – bu administratiw edara tarapyndan soňraky kesgitli administratiw namanyň çykaryljakdygy          ýa-da onuň çykarylmagyndan ýüz dönderiljekdigi barada berlen ýazmaça resminama. 

2. Administratiw edara administratiw namany kabul etjekdigine kepil bermezinden öň gyzyklanýan şahslaryň pikirlerini diňlemelidir we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kepil berlen administratiw namany kabul etmäge zerur bolan administratiw edaranyň razylygyny almalydyr.

 

3. Administratiw namanyň kepiliniň şu ýagdaýlarda güýji    ýokdur: 

1) esasyna bikanun kepil goýlan bolsa; 

2) esasyna gyzyklanýan şahsyň bikanun hereketi goýlan bolsa; 

3) administratiw namany hakyky däl diýip ykrar etmek üçin ulanylýan alamatlary özünde saklaýan bolsa. 

4. Eger administratiw edara tarapyndan kepil çykarylandan soňra işiň hakyky ýagdaýlary ýa-da hukuk ýagdaýy şeýle bir üýtgän bolsa, bu üýtgetmeler hakynda maglumat alanda administratiw edara şol kepili berip bilmejek ýa-da bermäge mümkinçiligi bolmajak bolsa, bu administratiw edara şu kepile bagly hasap edilmeýär.

 

30-njy madda. Administratiw namany esaslandyrmak

1. Administratiw nama esaslandyrylmaga degişlidir.

2. Administratiw namanyň esaslandyrmasyna administratiw edaranyň çözgüt çykaranda ugur alan ähli möhüm hakyky we ýuridik esaslary getirilmelidir.

3. Eger administratiw nama administratiw edaranyň diskresion ygtyýarlyklary esasynda kabul edilen bolsa, administratiw edaranyň pikiri aýdyň we düşnükli delillendirilen bolmalydyr. 

4. Administratiw namanyň esaslandyrmasynyň esasyna administratiw önümçiligiň dowamynda diňe barlanylan faktlar we subutnamalar goýlan bolmalydyr.

5. Administratiw namany esaslandyrmak şu aşakdaky ýagdaýlarda talap edilmeýär:

1) gyzyklanýan şahsyň arzasyny kanagatlandyrýan administratiw nama ýa-da gyzyklanýan şahs babatda oňaýly administratiw nama   kabul edilende, eger olar üçünji şahsyň bähbitlerine täsir etmeýän   bolsa;

2) haçan-da, her bir administratiw nama üçin özbaşdak esaslandyrmanyň zerurlygy ýok bolsa, birmeňzeş köpsanly administratiw nama kabul edilende;

3) eger administratiw edara tarapyndan kabul edilen umumy häsiýete eýe bolan görkezme jemagat öňünde yglan edilende (köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edilen ýa-da gaýry usul bilen hemmeleriň dykgatyna ýetirilen bolsa); 

4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry halatlarda. 

 

31-nji madda. Administratiw edaranyň öz garamagy 

boýunça hereketi 

Eger administratiw edara diskresion ygtyýarlyklar berlen bolsa, ol bu ygtyýarlyklary kanunyň çäginde we berlen ygtyýarlyklaryň maksadyna laýyklykda amala aşyrmaga borçludyr.

 

32-nji madda. Administratiw namany yglan etmek 

1. Administratiw nama özüne niýetlenen ýa-da şu administratiw nama bilen bähbitlerine deglip geçilýän önümçilige gatnaşyja yglan edilmelidir.

2. Poçta üsti bilen önümçiligiň gatnaşyjysyna iberilýän ýazmaça administratiw nama onuň poçta berlen pursadyndan ýedi gün geçenden soň yglan edilen hasap edilýär. Elektron görnüşde ugradylýan administratiw nama iberilen pursadyndan üç gün geçenden soň yglan edilen hasap edilýär. 

3. Eger gyzyklanýan şahs administratiw namany almandygy ýa-da ony giç alandygy barada habarly etse, namanyň berlendiginiň faktyny we onuň gowşurylan wagtyny subut etmek güzaby bu administratiw namany kabul eden administratiw edaranyň üstüne ýüklenilýär. 

4. Eger administratiw namany administratiw önümçilige gatnaşyjylaryň hut özlerine yglan etmek mümkin bolmasa hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän gaýry ýagdaýlarda, ol jemagat öňünde yglan edilip bilner. 

5. Administratiw nama jemagat öňünde yglan edilende, şol administratiw nama we onuň esaslandyrmasy bilen tanyş bolnup bilinjek ýeri hakynda habar berilmelidir. Administratiw nama jemagat öňünde yglan edilende, onuň yglan edilen pursadyndan on gün geçenden soň, ol yglan edilen hasap edilýär. 

 

33-nji madda. Administratiw namadaky göz-görtele 

                          ýalňyşlyklar

1. Administratiw namada harp, ýazuw, arifmetiki we gaýry  göz-görtele ýalňyşlyklar ýüze çykarylanda, ony kabul eden administratiw edara öz başlangyjy bilen ýa-da gyzyklanýan şahsyň arzasy esasynda bu ýalňyşlyklary düzedip biler. Şunda administratiw edara düzedilýän administratiw namanyň asyl nusgasyny talap edip biler.

2. Administratiw namadaky düzedişler administratiw edaranyň degişli wezipeli adamynyň ýa-da kollegial administratiw edaranyň agzalarynyň goly bilen tassyklanylýar. 

VI BAP. ADMINISTRATIW NAMANYŇ

HAKYKYLYGY

 

34-nji madda. Administratiw namanyň ýuridik güýji

1. Administratiw nama şu Kanunyň 32-nji maddasyna laýyklykda yglan edilen pursadyndan güýje girýär. Administratiw nama onuň şol yglan edilen mazmunynda hakykydyr. 

2. Eger administratiw nama Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ýatyrylmadyk, üýtgedilmedik bolsa ýa-da onuň hereketi möhletiň geçmegi bilen baglanyşykly bes edilmedik bolsa ýa-da gaýry sebäpler boýunça güýjüni ýitirmedik bolsa, ol özüniň hukuk güýjüni saklap galýar we hakyky hasap edilýär.

3. Administratiw edara administratiw namanyň ýatyrylandygy, üýtgedilendigi ýa-da güýjüni ýitirendigi barada gyzyklanýan şahslary habarly etmäge borçludyr.

4. Hakyky däl administratiw nama ýuridik güýje eýe däldir.

 

35-nji madda. Administratiw namanyň biderekligi

1. Eger işiň üns berilmäge degişli ähli ýagdaýlaryna seredilende göz-görtele görünýän aýratyn ähmiýetli ýalňyşlyk bar bolsa, administratiw nama biderek bolup durýar.

2. Şeýle hem, administratiw nama biderek bolup durýar, eger:

1) onuň haýsy administratiw edara tarapyndan kabul edilendigini anyklamak mümkin bolmasa;

2) ol ygtyýarlylygy bolmadyk administratiw edara tarapyndan kabul edilen bolsa; 

3) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ol diňe onuň gowşurylmagy bilen kabul edilip bilinýän bolsa, ýöne bu talap ýerine ýetirilmedik bolsa;

4) onuň kime gönükdirilendigi ýa-da haýsy meseläni düzgünleşdirýändigi düşnüksiz bolsa;

5) hakyky esaslar boýunça ony hiç kim ýerine ýetirip bilmejek bolsa;

6) ol gyzyklanýan şahsdan jenaýat ýa-da administratiw hukuk bozulma bolup durýan hukuga garşy hereketleri etmegi talap edýän bolsa.

3. Diňe şularyň netijesinde administratiw nama biderek bolup durmaýar:

 

1) şu Kanunyň 12-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda önümçilige gatnaşmakdan aýrylmaga degişli şahs oňa gatnaşan bolsa;

2) administratiw edara Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan zerur bolan ýardamy etmedik bolsa. 

4. Eger administratiw namanyň diňe bir bölegi biderek bolup durýan bolsa, eger biderek bölek uly ähmiýete eýe bolup, administratiw edara şeýle administratiw namany biderek bölegi bolmazdan kabul edip bilmejek bolsa, ol bütinleý biderek bolup durýar.

5. Biderek administratiw nama onuň kabul edilen pursadyndan hakyky däldir we ol ulanylmaga ýa-da ýerine ýetirilmäge degişli däldir. Biderek administratiw namanyň ýerine ýetirilmezligi gyzyklanýan şahs üçin haýsydyr bir jogapkärçilige eltmeýär. 

6. Biderek administratiw namany kabul eden administratiw edara öz başlangyjy boýunça ýa-da gyzyklanýan şahsyň arzasy boýunça administratiw namanyň biderekligini tassyklamaga borçludyr. Gyzyklanýan şahs administratiw namany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýete arza bilen ýüz tutmaga haklydyr.

 

36-njy madda. Önümçilik we formal ýalňyşlyklaryň

       netijeleri 

1. Şu Kanunyň 35-nji maddasyna laýyklykda biderek bolup durmaýan administratiw nama diňe ol kabul edilende önümçilik talaplarynyň bozulmagy sebäpli ýa-da formal talaplara laýyk däldigi üçin ýatyrylyp bilinmez, eger:

1) administratiw namany kabul etmek üçin zerur bolan haýyşnama administratiw nama kabul edilenden soň berlen bolsa;

2) administratiw namany kabul etmek üçin zerur bolan esaslandyrma administratiw nama kabul edilenden soň berlen bolsa;

3) administratiw namany kabul etmek üçin zerur bolan administratiw önümçilige gatnaşyjynyň birini diňlemeklik administratiw nama kabul edilenden soň geçirilen bolsa;

4) administratiw namany kabul etmek üçin ýardam etmegi talap edilýän edaranyň çözgüdi administratiw nama kabul edilenden soň çykarylan bolsa;

5) administratiw namany kabul etmek üçin zerur bolan gaýry administratiw edaranyň ýardamy administratiw nama kabul edilenden soň berlen bolsa.

2. Administratiw namanyň hakyky bolmagy üçin şu maddanyň birinji böleginde görkezilen hereketler nägilelik basgançakly kazyýetde administratiw kazyýet önümçiligi gutarmazdan öň amala aşyrylandygy ýeterlikdir. 

3. Eger şu maddanyň birinji böleginiň 2-nji we 3-nji bentlerinde görkezilen hereketler administratiw nama şikaýat etmegiň möhletini geçirmeklige sebäp bolan bolsa, şu Kanunyň 23-nji maddasyna laýyklykda şikaýat etmegiň möhletiniň geçirilmeginiň sebäbi esasly diýlip hasap edilýär. 

 

37-nji madda. Bikanun administratiw namanyň

      ýatyrylmagy

1. Administratiw edara tarapyndan administratiw önümçiligi baradaky maddy ýa-da iş ýörediş kadalaryň bozulmagy ýa-da nädogry ulanylmagy netijesinde kabul edilen administratiw nama bikanun bolup durýar.

2. Bikanun oňaýly administratiw nama diňe şu maddanyň dördünji böleginde bellenilen çäklendirmeler bilen doly ýa-da bölekleýin ýatyrylyp bilner.

3. Bikanun oňaýsyz administratiw nama islendik halatda ýatyrylmaga degişlidir.

4. Eger, gyzyklanýan şahs eýýäm bu nama bilen berlen peýdadan peýdalanan bolsa ýa-da emläge ygtyýarlyk eden bolsa we bu hereketleri dolulygyna ýa-da gyzyklanýan şahsa kabul edip bolmaýan zyýan ýetirmezden ýatyryp bolmajak bolsa, pul borçnamasyny, bölünýän zat hukugyny belleýän ýa-da bu borçnamalar üçin esas bolup durýan bikanun oňaýly administratiw nama ýatyrylyp bilinmez.

Şu bölegiň birinji tesiminde görkezilen halatlarda bikanun oňaýly administratiw nama ýatyrylýar, eger gyzyklanýan şahs:

1) şu administratiw namanyň kabul edilmegini bulaşyklyga salmak, haýbat atmak ýa-da berim bermek ýoly bilen gazanan bolsa; 

2) şu administratiw namanyň kabul edilmegini ýoýlan ýa-da doly däl maglumatlar bermek ýoly bilen gazanan bolsa;

3) administratiw namanyň bikanunlygyny bilen bolsa ýa-da gödek seresapsyzlygy sebäpli bilmedik bolsa. Şunda gyzyklanýan şahs harçlanan pul serişdeleriniň ýa-da ulanylan emlägiň öwezini dolmaga borçludyr. 

5. Bikanun oňaýly administratiw nama onuň ýatyrylmagyna esas bolup biljek ýagdaýlaryň aýan bolan gününden bir ýylyň dowamynda ýatyrylyp bilner, muňa şu maddanyň dördünji böleginiň ikinji tesiminiň    1-nji bendinde göz öňünde tutulan halat degişli däldir. 

6. Güýje giren bikanun administratiw nama ony kabul eden edara, ýokarda durýan administratiw edara ýa-da kazyýet tarapyndan dolulygyna ýa-da bölekleýin ýatyrylyp bilner.

 

38-nji madda. Kanuny administratiw namanyň

      ýatyrylmagy

1. Güýje giren kanuny oňaýsyz administratiw nama ony kabul eden edara tarapyndan dolulygyna ýa-da bölekleýin ýatyrylyp bilner, muňa onuň ýatyrylmagy gönüden-göni kanun bilen gadagan edilýän halatlar girmeýär. 

2. Kanuny oňaýly administratiw nama diňe şu halatlarda ýatyrylyp bilner:

1) eger administratiw namanyň ýatyrylmagy gönüden-göni kanunda ýa-da administratiw namanyň özünde göz öňünde tutulan bolsa; 

2) eger gyzyklanýan şahs administratiw namada bellenilen hukuklaryndan peýdalanmadyk bolsa ýa-da olaryň berilmeginiň maksatlaryna laýyklykda ýa-da olardan administratiw namada bellenilen möhletde peýdalanmadyk bolsa;

3) eger administratiw nama kabul edilenden soňra ýüze çykan hukuk we hakyky ýagdaýlar sebäpli, şol nama bilen döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerine düýpli zelel ýetirilip bilinjek bolsa; 

4) eger administratiw edara kabul etmek üçin esas bolup hyzmat eden hukuk kadanyň üýtgemegi netijesinde administratiw namany kabul etmezlige hakly bolan bolsa we gyzyklanýan şahs administratiw namada bellenilen hukuklaryndan peýdalanmadyk bolsa ýa-da ol babatda borçnamalar ýerine ýetirilmedik bolsa, ýa-da eger bu namanyň güýjünde saklanmagy bilen döwlet we jemgyýetçilik bähbitlerine düýpli zelel ýetirilip bilinjek bolsa. 

3. Kanuny oňaýly administratiw nama onuň ýatyrylmagyna esas döredýän ýagdaýlar aýan bolan pursadyndan bir ýylyň dowamynda ýatyrylyp bilner.

4. Şu maddanyň ikinji böleginiň 3-nji we 4-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslar boýunça administratiw nama ýatyrylanda, administratiw edara gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça administratiw namanyň hereketine bildiren ynamy üçin oňa ýetirilen maddy zyýanyň öwezini dolmaga borçludyr. Öwezi dolunmaga degişli maddy zyýanyň möçberi administratiw edara tarapyndan kesgitlenilýär we ol şol şahsa ýetirilen zeleliň möçberine laýyk bolmalydyr. 

5. Gyzyklanýan şahs kanuny administratiw namanyň ýatyrylandygy barada şu Kanunyň 32-nji maddasynda bellenilen tertipde habarly edilýär.

 

39-njy madda. Şikaýat önümçiliginde administratiw 

        namany ýatyrmak

Üçünji şahs tarapyndan jedelleşilen oňaýly administratiw nama ýatyrylan halatynda, deslapky ýa-da kazyýet önümçiliginde şu Kanunyň 37-nji maddasynyň ikinji, dördünji we bäşinji böleklerinde hem-de          38-nji maddasynyň ikinji-dördünji böleklerinde bellenilen düzgünler ulanylmaýar.

 

40-njy madda. Administratiw önümçiligiň dikeldilmegi

1. Gyzyklanýan şahsyň haýyşnamasy boýunça administratiw edara jedelleşmäge degişli bolmadyk administratiw namany ýatyrmak ýa-da üýtgetmek hakynda çözgüt kabul etmäge borçludyr, eger:

1) administratiw namanyň esasyny düzýän işiň hakyky ýagdaýlary ýa-da hukuk ýagdaýy, ol kabul edilenden soň gyzyklanýan şahsyň bähbidine üýtgän bolsa;

2) gyzyklanýan şahs üçin has peýdaly çözgüt çykarmaga getirip biljek täze subutnamalar bar bolsa;

3) Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksiniň 403-nji maddasynyň ikinji bölegine laýyklykda administratiw önümçiligi dikeltmäge esaslar bar bolsa.

2. Eger administratiw nama şikaýat edilýän döwürde, administratiw önümçiligi dikeltmek üçin esas bildirmäge obýektiw ýagdaýlar bilen baglylykda gyzyklanýan şahsyň mümkinçiligi bolmadyk bolsa, administratiw önümçiligi dikeltmek hakynda haýyşnama gyzyklanýan şahs tarapyndan berlip bilner.

3. Haýyşnama administratiw önümçiligi dikeltmek üçin esas bolup durýan ýagdaýlar gyzyklanýan şahsa mälim bolan gününden üç aýyň dowamynda berlip bilner. 

4. Haýyşnama boýunça çözgüt şu Kanunyň 6-njy maddasynda bellenilen ygtyýarlylyklaryna laýyklykda administratiw edara tarapyndan kabul edilýär. 

 

41-nji madda. Resminamalary we zatlary gaýtarmak

Administratiw namanyň esasynda haýsydyr bir hukugy tassyklamak ýa-da amala aşyrmak üçin alnan resminamalar we zatlar degişli administratiw edara tarapyndan administratiw nama hakyky däl diýlip bilnenden ýa-da ýatyrylandan soň yzyna talap edilip alnyp bilner. Bu resminamalara we zatlara hakyky eýelik edýän şahs olary yzyna gaýtarmaga borçludyr.

 

VII BAP. ŞIKAÝAT ÖNÜMÇILIGI

 

42-nji madda. Administratiw nama şikaýat etmäge 

      bolan hukuk

Gyzyklanýan şahslar öz hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak maksady bilen administratiw nama ýa-da administratiw namany kabul etmekden ýüz dönderilmegine, şeýle hem administratiw edaranyň hereketine ýa-da hereketsizligine şikaýat etmäge hukuklydyrlar. 

 

43-nji madda. Şikaýat etmegiň tertibi

1. Administratiw nama administratiw şikaýat bermek arkaly administratiw ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.

2. Administratiw tertibindäki şikaýat ýokarda durýan administratiw edaranyň hut özüne ýa-da administratiw namany kabul eden ýa-da hereketi (hereketsizligi) amala aşyran edaranyň üsti bilen berilýär.

3. Eger şikaýat etmegiň gaýry tertibi Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk bolsa, kazyýet tertibinde administratiw nama şikaýat etmek, şikaýat administratiw tertipde seredilenden soň amala aşyrylýar.

4. Ýokarda durýan administratiw edara bolmadyk halatynda administratiw nama gönüden-göni kazyýete şikaýat edilip bilner. Şu ýagdaýda şikaýat etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.

 

44-nji madda. Şikaýaty bermegiň möhleti

1. Şikaýat ýokarda durýan administratiw edara administratiw nama güýje giren gününden otuz günüň dowamynda berilýär.

2. Administratiw nama, ol gönükdirilmedik gaýry gyzyklanýan şahslaryň kanuny bähbitlerine ilkinji gezek täsir edýän bolsa, administratiw nama şikaýat, olaryň şeýle namanyň kabul edilendigi barada habarly bolan gününden bir ýylyň dowamynda berlip bilner. 

 

 

45-nji madda. Şikaýatyň görnüşi we mazmuny

1. Administratiw şikaýat ýazmaça görnüşde düzülýär.

2. Administratiw şikaýat şulary öz içine almalydyr:

1) şikaýat berilýän administratiw edaranyň ady we salgysy;

2) şikaýat berýän fiziki şahsyň familiýasy, ady, atasynyň ady we hemişelik ýaşaýan ýeriniň salgysy ýa-da ýuridik şahsyň ady we ýuridik salgysy; 

3) şikaýat edilýän administratiw nama ýa-da şikaýat edilýän administratiw edaranyň hereketi ýa-da hereketsizligi;

4) şikaýat beren şahsyň talaby we onuň esaslary;

5) şikaýatyň düzülen senesi;

6) şikaýat beren şahsyň goly.

 

46-njy madda. Administratiw namanyň ýerine 

 ýetirilmeginiň togtadylmagy

1. Şikaýatyň berilmegi şikaýat edilýän administratiw namanyň ýerine ýetirilmegini togtadýar (gaýragoýujy hereket).

2. Şikaýatyň berilmeginiň gaýragoýujy hereketi şu halatda ýokdur:

1) jemagat çykdajylaryny we tutumlaryny talap etmek bilen bagly bolsa;

2) gyssagly ýerine ýetirilmegi jemgyýetiň ýa-da hukuk tertibini goramagyň bähbidi üçin ýa-da administratiw namany kabul eden ýa-da şikaýat babatda çözgüt kabul etmäge borçly administratiw edaranyň bähbitlerinden bähbidi artyk bolan gatnaşýan şahsyň bähbidi üçin zerur bolsa;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry halatlarda.

 

47-nji madda. Administratiw şikaýata seretmegiň tertibi

1. Eger şikaýat administratiw namany kabul eden administratiw edara berlen bolsa, şol edara bäş günüň dowamynda şikaýaty kanagatlandyrmalydyr ýa-da ony hem-de önümçilik bilen bagly materiallary ýokarda durýan administratiw edara ibermelidir.

2. Gyzyklanýan şahs tarapyndan şikaýat gönüden-göni ýokarda durýan administratiw edara berlen halatynda, şol edara şikaýat edilýän administratiw namany kabul eden administratiw edaradan şol nama bilen bagly materiallary talap edip almaga borçludyr.

3. Şikaýat boýunça önümçiligiň barşynda ýokarda durýan administratiw edara şikaýaty düýp manysy boýunça we doly möçberde seredýär, şikaýat edilýän namanyň kanuna laýyklygyny we maksadalaýyklygyny barlaýar. 

Şeýle hem, administratiw önümçilik aşakda durýan administratiw edara tarapyndan geçirilende gyzyklanýan şahs tarapyndan berilmedik täze talaplar kabul edilip we seredilip bilner.

4. Şikaýat boýunça çözgüt materiallarda bar bolan subutnamalara, şeýle hem goşmaça berlen subutnamalara esaslanýar.

5. Eger administratiw namanyň ýatyrylmagy ýa-da üýtgedilmegi şikaýat önümçiliginde ilkinji gezek borçlanmanyň döremegi bilen bagly bolsa, onda ýokarda durýan administratiw edara bähbidine täsir edýän şahsy diňlemäge borçludyr.

6. Şikaýat edilýän administratiw namany kabul eden administratiw edara ýa-da onuň wezipeli adamyna şikaýata seretmegi tabşyrmak gadagandyr.

 

48-nji madda. Şikaýata seretmegiň möhleti

1. Ýokarda durýan administratiw edara şikaýata gelip gowuşan gününden başlap on günüň dowamynda seretmäge we düýp manysy boýunça çözgüt kabul etmäge borçludyr.

2. Eger ýokarda durýan administratiw edara şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan möhletde degişli çözgüt çykarmadyk halatynda ýa-da şol edaranyň çözgüdi bilen ylalaşmadyk halatynda şikaýat eden gyzyklanýan şahs kazyýete şikaýat edip biler. 

 

49-njy madda. Şikaýat boýunça çözgüt kabul etmek 

1. Şikaýata seredenden soňra ýokarda durýan administratiw edara öz çözgüdi bilen haklydyr:

1) administratiw namany üýtgetmän, şikaýaty kanagatlandyrman galdyrmaga;

2) materialda bar bolan ýa-da goşmaça berlen subutnamalar esasynda administratiw namany doly ýa-da bölekleýin ýatyrmaga ýa-da täze administratiw nama kabul etmäge;

3) administratiw namany üýtgetmäge.

2. Şikaýat boýunça ýokarda durýan edara tarapyndan kabul edilen çözgüt administratiw nama hasap edilýär we ol şu Kanun bilen administratiw namalara bildirilýän talaplara laýyk gelmelidir.

 

 

 

VIII BAP. ADMINISTRATIW NAMALARY

ÝERINE ÝETIRMEK

 

50-nji madda. Administratiw namalary ýerine

      ýetirmegiň tertibi

1. Administratiw nama gönükdirilen şahs (şahslar) babatda hökmany häsiýete eýedir we şol şahs (şahslar) ony ýerine ýetirmäge borçludyrlar.

2. Eger administratiw nama gönükdirilen şahs ony meýletin ýerine ýetirmese, onda administratiw nama, şol sanda administratiw şikaýat boýunça kabul edilen çözgüt, ony kabul eden administratiw edara tarapyndan ýerine ýetirilýär. 

3. Administratiw namalar ýerine ýetirilende barabarlyk ýörelgesiniň berjaý edilmegini  üpjün etmek zerurdyr. 

4. Administratiw edaranyň administratiw namanyň ýerine ýetirilmegi bilen bagly kanuny talaplary ähli döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, gaýry ýuridik we fiziki şahslar üçin hökmany bolup durýar. 

5. Kesgitli hereketleri amala aşyrmaga, kesgitli hereketlere kaýyl bolmaga ýa-da kesgitlenen hereketlerden saklanmaga gönükdirilen administratiw nama, eger administratiw nama şikaýat edilmese ýa-da şikaýat etmegiň usuly gaýragoýujy herekete eýe bolmasa,                     mejbury ýerine ýetiriş çäreleriň ulanylmagy arkaly amala aşyrylyp bilner.

6. Administratiw edara öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde, eger haýal etmän ýerine ýetirmek jenaýat ýa-da administratiw hukuk bozulmasy bolup durýan haýsydyr bir hukuga garşy etmişiň ýa-da abanýan howpuň öňüni almak üçin zerur bolsa, mejbury ýerine ýetiriş çärelerini administratiw namasyz ulanyp biler. 

 

51-nji madda. Pul talaplaryny ýerine ýetirmek 

1. Pul talaby hakyndaky administratiw nama administratiw namada borçnamanyň ýerine ýetirilmegi üçin bellenilen möhlet geçenden soň, on günüň dowamynda ýerine ýetirilmäge degişlidir. 

2. Pul talaplaryny ýerine ýetirmek bilen bagly administratiw namalaryň mejbury ýerine ýetirilmegi ýerine ýetiriş önümçiligi hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 

 

 

52-nji madda. Administratiw nama gönükdirilen şahsy 

                         kesgitli hereketleri amala aşyrmaga, kesgitli 

                         hereketlere kaýyl bolmaga ýa-da kesgitli 

                         hereketleri amala aşyrmakdan saklanmaga 

                         borçlandyrýan administratiw namalary 

                         ýerine ýetirmek

1. Administratiw nama gönükdirilen şahsy kesgitli hereketleri amala aşyrmaga, kesgitli hereketlere kaýyl bolmaga ýa-da kesgitli hereketleri amala aşyrmakdan saklanmaga borçlandyrýan administratiw namany meýletin ýerine ýetirmek üçin gyzyklanýan şahsa ýeterlik möhlet bellenilmelidir. Bu möhlet on günden geçmeli däldir. 

2. Şu maddanyň birinji böleginde bellenilen möhletde meýletin tertipde ýerine ýetirilmedik administratiw nama mejbury tertipde ýerine ýetirilýär. 

Administratiw nama gönükdirilen şahsy kesgitli hereketleri amala aşyrmaga, kesgitli hereketlere kaýyl bolmaga ýa-da kesgitli hereketleri amala aşyrmakdan saklanmaga borçlandyrýan administratiw namany mejbury tertipde ýerine ýetirmek şu mejbury ýerine ýetirmek çäreleri bilen üpjün edilip bilner:

1) administratiw namada göz öňünde tutulan hereketleriň administratiw nama gönükdirilen şahsyň hasabyna gaýry şahs ýa-da administratiw edara tarapyndan amala aşyrylmagy; 

2) pul bilen mejbur etme;

3) gönüden-göni mejbur etme.

3. Gyzyklanýan şahs administratiw edara tarapyndan öňünden mejbury ýerine ýetiriş çäreleriň ulanyljakdygy barada duýdurylmalydyr. Türkmenistanyň kanunçylygynda göni göz öňünde tutulan, şeýle hem döwlet ýa-da jemgyýetçilik bähbitlerine zelel ýetirip biljek howpuň öňüni almak ýa-da aradan aýyrmak bilen bagly bolan gaýragoýulmasyz halatlarda gyzyklanýan şahs mejbury ýerine ýetiriş çäreleri hakynda öňünden duýdurylman bilner.

Duýduryş ýazmaça görnüşinde düzülýär we gyzyklanýan şahsa şu Kanunda bellenilen tertipde resmi taýdan berilýär. 

Duýduryşda administratiw namany meýletin tertipde ýerine ýetirmek üçin bellenilen möhlet we bu möhletiň tamamlanmagy bilen ulanylmagy göz öňünde tutulýan mejbury ýerine ýetiriş çäresiniň degişli görnüşi görkezilýär. Duýduryşda mejbury ýerine ýetirmegiň diňe bir çäresi göz öňünde tutulyp bilner. Eger saýlanyp alnan mejbury ýerine ýetiriş çäresi administratiw namanyň ýerine ýetirilmegine getirmedik halatynda, şol mejbur ediş çäresiniň gaýtadan ulanylmagyna, has berk ýa-da gaýry mejbury ýerine ýetiriş çäresiniň ulanylmagyna ýol berilýär.

Duýduryşda ýerine ýetirilmäge degişli administratiw nama salgylanma berilýär we mejbury ýerine ýetiriş çärelerini ulanmaga esaslar görkezilýär. 

4. Administratiw nama şahs tarapyndan ýerine ýetirilen halatynda mejbury ýerine ýetiriş çärelerini ulanmak haýal etmän bes edilýär. 

 

53-nji madda. Administratiw namanyň administratiw

nama gönükdirilen şahsyň hasabyna 

ýerine ýetirilmegi

1. Administratiw namada göz öňünde tutulan hereket (hereketler) administratiw nama gönükdirilen şahs tarapyndan ýerine ýetirilmedik we bu hereketiň ýerine ýetirilmegi gaýry şahs ýa-da edara tarapyndan mümkin bolan halatynda, administratiw edara hereketi ýerine ýetirmegi şol şahsa ýa-da edara tabşyrýar. 

2. Şu maddanyň birinji böleginde göz öňünde tutulan halatlarda administratiw namany ýerine ýetirmek bilen bagly çykdajylar administratiw nama gönükdirilen şahsyň hasabyna tölenilýär.

 

54-nji madda. Administratiw namanyň ýerine

      ýetirilmegini pul bilen mejbur etme

      ýoly bilen üpjün etmek

1. Şahsy kesgitli hereketleri amala aşyrmaga, kesgitli hereketlere kaýyl bolmaga ýa-da kesgitli hereketleri amala aşyrmakdan saklanmaga borçlandyrýan administratiw namanyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek maksady bilen, administratiw edara Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda pul bilen mejbur etmegi belläp biler.

2. Pul bilen mejbur etmegiň möçberi döwlet pajyny hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdarynyň bäşisinden ellisine çenli bolup durýar. Pul bilen mejbur etmekden alnan serişdeler Türkmenistanyň Döwlet býujetine geçirilýär.

 

55-nji madda. Gönüden-göni mejbur etme

1. Şu Kanunyň 53-nji we 54-nji maddalarynda göz öňünde tutulan mejbury ýerine ýetiriş çäreleri bilen administratiw namanyň ýerine ýetirilmegi mümkin ýa-da maksadalaýyk bolmadyk halatynda, administratiw edara gyzyklanýan şahsy kesgitli hereketleri amala aşyrmaga, kesgitli hereketlere kaýyl bolmaga ýa-da kesgitli hereketleri amala aşyrmakdan saklanmaga gönüden-göni mejbur edip ýa-da özi bu hereketi gaýragoýmazdan amala aşyryp biler.

2. Gönüden-göni mejbur etmekde Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan degişli çäreler ulanylyp bilner.

3. Gönüden-göni mejbur etme çäresi diňe degişli ygtyýarlyklary bolan administratiw edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan tertipde ulanylyp bilner.

 

56-njy madda. Mejbury ýerine ýetiriş çäreleriniň

        ulanylmagyna şikaýat etmek

Gyzyklanýan şahs ýerine ýetirilmegi üpjün edilýän administratiw nama jedelleşmek üçin bellenilen tertipde mejbury ýerine ýetiriş çäreleriniň ulanylmagyna şikaýat edip biler.

 

IХ BAP. ÇYKDAJYLAR

 

57-nji madda. Administratiw önümçiliginde çykdajylar

1. Administratiw önümçiligi amala aşyrmak boýunça çykdajylaryň möçberi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilýär.

2. Eger adwokaty ýa-da gaýry ygtyýarly şahsy çekmek zerur bolan ýagdaýynda, adwokatyň ýa-da gaýry ygtyýarly şahsyň kömegi üçin töleg boýunça çykdajylaryň öwezi dolunmaga degişlidir.

3. Çykdajylar hakynda çözgüt administratiw namany çykaran edara tarapyndan kabul edilýär. Şeýle hem, çykdajylar hakyndaky çözgüt bilen adwokaty ýa-da beýleki ygtyýarly wekili çekmeklige zerurlygyň bolandygy ýa-da bolmandygy kesgitlenilýär.

 

58-nji madda. Şikaýat önümçiliginde çykdajylaryň 

öweziniň dolunmagy

1. Eger şikaýat kanagatlandyrylýan bolsa, onda administratiw namany kabul eden administratiw edara şikaýat beren şahsyň hukuklarynyň we hukuk goragynyň maksadalaýyk amala aşyrylmagy üçin ähli çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçludyr.

2. Eger şikaýat şu Kanunyň 36-njy maddasyna baglylykda kanagatlandyrylmadyk bolsa hem bu düzgün hereket edýär. 

3. Eger şikaýat kanagatlandyrylmaýan bolsa, onda şikaýaty beren şahs jedelleşilýän administratiw namany kabul eden administratiw edara hukuklary we hukuk goragy maksadalaýyk amala aşyrmak üçin zerur bolan ähli çykdajylarynyň öwezini dolmaga borçludyr.

4. Öwez tölegini almaga hukukly şahsyň günäsi boýunça emele gelen çykdajylary bu şahsyň özi tölemelidir, eger çykdajylar wekiliň günäsi bilen ýüze çykan bolsa, jogapkärçilik wekillik edilýäne ýüklenilýär.

 

59-njy madda. Ýerine ýetiriş bilen bagly çykdajylaryň

                          öweziniň dolunmagy

1. Eger kanun ýa-da şonuň esasynda kabul edilen administratiw nama bilen başgaça bellenilmedik bolsa, administratiw namany mejbury ýerine ýetirmek bilen bagly çykdajylary administratiw nama gönükdirilen şahs töleýär.

2. Gaýragoýulmasyz halatlarda, eger gyzyklanýan şahsa administratiw namany meýletin ýerine ýetirmegiň möhleti kesgitlenilmedik bolsa, ýerine ýetiriş boýunça çykdajylary degişli administratiw edara töleýär, haçan-da gaýragoýulmasyz zerurlyk halatlary administratiw namany ýerine ýetirmeli şahsyň hereketleri bilen ýüze çykan ýagdaýlar muňa degişli däldir. 

 

Х BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER

 

60-njy madda. Administratiw edaralaryň jogapkärçiligi

1. Degişli administratiw edara gyzyklanýan şahsa bikanun administratiw namalaryň kabul edilmegi ýa-da administratiw edaralaryň bikanun hereketleri (hereketsizligi) netijesinde ýetirilen zelel üçin Türkmenistanyň Raýat kodeksi bilen bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýär.

2. Gyzyklanýan şahs administratiw edaranyň ýetirilen zeleliň öweziniň dolunmagyndan ýüz döndermek baradaky çözgüdine kazyýete şikaýat edip biler.

 

61-nji madda. Administratiw edaralaryň wezipeli

                         adamlarynyň jogapkärçiligi

1. Administratiw edaralaryň wezipeli adamlary şu Kanunyň düzgünleriniň bozulandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.

2. Wezipeli adamyň gödek seresapsyzlygy ýa-da niýeti bilen gyzyklanýan şahsa ýetirilen zeleliň öwezi dolunanda, bu wezipeli adam administratiw edara tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda maddy jogapkärçilige çekilip bilner.

62-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi

1. Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.

2. Şu Kanun güýje giren gününden:

1999-njy ýylyň 14-nji ýanwarynda kabul edilen «Raýatlaryň ýüz tutmalary we olara garamagyň tertibi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1999 ý., № 1,         15-nji madda);

2016-njy ýylyň 26-njy martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň I böleginiň 2-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 63-nji madda) güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli.

 

 

Türkmenistanyň                                                   Gurbanguly

    Prezidenti                                                    Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.

№ 566-V.