Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Kanuny
Hossarlyk we howandarlyk hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 70-nji madda)
(20.11.2022 ý. № 516-VI Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetme we goşmaça bilen)
Şu Kanun hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlara hossarlygy ýa-da howandarlygy bellemek, amala aşyrmak we bes etmek bilen baglanyşykly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň durmuş taýdan goralmagyna gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunyň maksatlary üçin aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) hossarlyk – ýetim çagalaryň we ata-enesiniň hossarlygyndan galan ýedi ýaşa çenli çagalaryň, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adamlaryň kanunda göz öňünde tutulan ýerleşdirilmeginiň görnüşi;
2) howandarlyk – ýetim çagalaryň we ata-enesiniň hossarlygyndan galan ýedi ýaşdan on sekiz ýaşa çenli çagalaryň, şeýle hem kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlaryň kanunda göz öňünde tutulan ýerleşdirilmeginiň görnüşi;
3) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlar – ýetim çagalar, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalar, kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok, kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlar, şeýle hem kämillik ýaşyndaky, kämillik ukyby bolan, saglyk ýagdaýy sebäpli öz hukuklaryny özbaşdak gorap we borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän adamlar;
4) hossarlykda bolýan adam – özi babatda hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilen adam;
5) ýetim çagalar – ata-enesiniň ikisi-de ýa-da ýanýoldaşsyz atasy ýa-da enesi ölen çagalar;
6) ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalar – ata-enesiniň ikisi-de ýa-da ýanýoldaşsyz atasy ýa-da enesi ölen ýa-da kazyýet tarapyndan ölen diýlip yglan edilen, kazyýetiň çözgüdi esasynda ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilen, ata-enelik hukuklary çäklendirilen, kazyýetiň çözgüdi esasynda ata-enesi nam-nyşansyz giden diýlip ykrar edilen, kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen, ata-enesi syrkawlanda, olar uzak wagtlap bolmadyk mahalynda, çagalary terbiýelemekden ýa-da olaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramakdan boýun gaçyrmagy, şol sanda ata-enäniň öz çagalaryny degişli çagalar edaralaryndan, durmuş hyzmaty edarasyndan ýa-da başga edaradan almakdan ýüz döndermegi zerarly, ata-enäniň azatlykdan mahrum etmek görnüşinde jezany ýerine ýetirýän edaralarda jeza çäresini çekýän, şeýle hem beýleki sebäpli ýagdaýlara görä ata-enesiniň hossarlygyndan galan on sekiz ýaşyna ýetmedik çagalar;
7) patronaž – kämillik ýaşyndaky, kämillik ukyby bolan, saglyk ýagdaýy sebäpli öz hukuklaryny özbaşdak gorap we borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän adama, onuň öz haýyşy boýunça bellenilýän, kanunda göz öňünde tutulan howandarlygyň görnüşi;
8) kämillik ukyby ýok adam – ýedi ýaşy dolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik (kiçi ýaşly) çaga, şeýle hem Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen adam;
9) kämillik ukyby çäklendirilen adam – ýedi ýaşdan on sekiz ýaşyna çenli bolan kämillik ýaşyna ýetmedik çaga, şeýle hem Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilen esaslar boýunça kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adam.
2-nji madda. Türkmenistanyň hossarlyk we howandarlyk
hakynda kanunçylygy
Türkmenistanyň hossarlyk we howandarlyk hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
1. Şu Kanunyň hereketi hossarlygyň ýa-da howandarlygyň bellenilmegi, amala aşyrylmagy, bes edilmegi bilen ýüze çykýan gatnaşyklara, hossarlyk we howandarlyk boýunça işleriň guralmagyna we amala aşyrylmagyna degişlidir.
2. Şu Kanunyň hossarlaryň we howandarlaryň hukuklaryna, borçlaryna we jogapkärçiligine degişli düzgünleri, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, hossarlyga ýa-da howandarlga mätäç adamlaryň ýerleşdirilen edaralaryna hem degişlidir.
4-nji madda. Şu Kanunyň maksady
Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň we hossarlykda bolýan adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy, olaryň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegi, hossarlaryň, howandarlaryň, hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň üstüne ýüklenen borçlarynyň ýerine ýetirilmegine gözegçiligiň amala aşyrylmagy şu Kanunyň maksady bolup durýar.
5-nji madda. Hossarlyk we howandarlyk çygrynda
maliýeleşdirmek
Hossarlyk we howandarlyk çygrynda maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylýar.
6-njy madda. Hossarlygyň we howandarlygyň
esasy ýörelgeleri
Hossarlygyň we howandarlygyň esasy ýörelgeleri:
1) kanunylyk;
2) ynsanperwerlik we rehimdarlyk;
3) aç-açanlyk;
4) gizlin syrlary gorap saklamak;
5) hossarlyk we howandarlyk boýunça borçlary ýerine ýetirmegi kabul etmegiň ýa-da boýun gaçyrmagyň meýletinligi;
6) hossarlyk we howandarlyk boýunça işleriň gözegçilikde saklanylmagy.
7-nji madda. Hossarlyk we howandarlyk çygrynda
döwlet syýasatynyň esasy ugurlary
Hossarlyk we howandarlyk çygrynda döwlet syýasatynyň esasy ugurlary:
1) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň, şeýle hem hossarlykda bolýan adamlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak;
2) Türkmenistanyň hossarlyk we howandarlyk hakyndaky kanunçylygynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek;
3) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň wagtynda ýüze çykarylmagyny, hasaba alynmagyny we ýerleşdirilmegini üpjün etmek;
4) çagalaryň terbiýesiniň maşgala görnüşiniň ileri tutulmagyny üpjün etmek;
5) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň aladasyny edýän maşgalalary goldamak;
6) çagalaryň iň gowy bähbitleriniň üpjün edilmegi;
7) hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň beýleki döwlet edaralary we jemgyýetçilik birleşikleri bilen özara gatnaşygyny üpjün etmek;
8) hossarlyk we howandarlyk çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak.
II BAP. HOSSARLYK WE HOWANDARLYK ÇYGRYNDA
DÖWLET TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRMEK WE GÖZEGÇILIK
8-nji madda. Hossarlyk we howandarlyk çygrynda
döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi
we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, hossarlyk we howandarlyk edaralary, beýleki döwlet edaralary hossarlyk we howandarlyk çygrynda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmegi we gözegçiligi amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
2. Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň bolmadyk ilatly ýerlerinde hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze çykarmak, olara hossar ýa-da howandar bellemek boýunça işleri amala aşyrmak, perzentlige almak bilen bagly resminamalary taýýarlap, hossarlyk we howandarlyk edaralaryna hödürlemek, şeýle hem Türkmenistanyň hossarlyk we howandarlyk hakyndaky kanunçylygynda bellenen döwlet kepillikleriniň üpjün edilmegine gözegçiligi amala aşyrmak boýunça işi amala aşyrýarlar.
3. Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan, hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç Türkmenistanyň raýatlaryna hossar ýa-da howandar bellemek boýunça çäreleri görýärler we Türkmenistanyň hossarlyk we howandarlyk hakyndaky kanunçylygynda bellenen döwlet kepillikleriniň üpjün edilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar.
4. Hossarlyk we howandarlyk edaralaryndan başga, ýuridik we fiziki şahslaryň hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýerleşdirmek boýunça işine ýol berilmeýär.
9-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) hossarlyk we howandarlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) hossarlyk ýa-da howandarlyk çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny tassyklaýar;
3) hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň işini utgaşdyrýar, olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar we olardan hasabatlaryny alýar;
4) şulary tassyklaýar;
a) Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda düzgünnamany;
b) Hossarlygy we howandarlygy amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamany;
5) hossarlyk ýa-da howandarlyk çygrynda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda hossarlyk we howandarlyk çygrynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýar.
10-njy madda. Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň
ygtyýarlylygy
1. Etraplaryň, etrap hukukly şäherleriň, şäherdäki etraplaryň häkimlikleriniň hossarlyk we howandarlyk çygrynda iş alyp barýan bölümi hossarlyk we howandarlyk edaralary bolup durýarlar.
2. Hossarlyk we howandarlyk edaralary:
1) hossarlyk we howandarlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
2) hossarlyk we howandarlyk çygrynda kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýärler;
3) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze çykarmagy amala aşyrýarlar;
4) hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilýänçä hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň wagtlaýyn ýerleşdirilmegini, şeýle hem olaryň emläginiň abatlygyny üpjün edýärler;
5) hossar ýa-da howandar bolmaga isleg bildirýän adamlary saýlap alýarlar, kämillik ýaşyna ýetmedik çaga hossar ýa-da howandar bellemek üçin, hossar ýa-da howandar bolmaga isleg bildiren adamlaryň ýaşaýyş şertlerini we maddy ýagdaýyny barlaýarlar we bu barada ykrarhaty düzýärler we ähli resminamalary degişli netijenama bilen bilelikde häkimiň garamagyna berýärler;
6) hossarlyk ýa-da howandarlyk belleýärler, hossarlary ýa-da howandarlary belleýärler, olara degişli şahadatnamalary berýärler, olaryň hasabatlaryny barlaýarlar, hossarlary we howandarlary üstlerine ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadýarlar ýa-da çetleşdirýärler;
7) Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda nam-nyşansyz giden diýip ykrar edilen adamyň emlägine hossarlyk belleýärler, şeýle hem görkezilen emläge hossarlyk edýänleri borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadýarlar ýa-da çetleşdirýärler;
8) aýratyn ýagdaýlarda, eger-de bu çaganyň iň gowy bähbitleri üçin zerur bolsa howandaryň on alty ýaşyny dolduran hossarlykda bolýan adamy bilen aýry ýaşamagyna rugsat berýärler;
9) hossarlara hossarlykda bolýan adamyň adyndan durmuş geleşikleriniň çäklerinden çykýan geleşikleriň baglaşylmagyna, howandarlaryň bolsa, şolar ýaly geleşikleriň baglaşylmagyna razylyk bermegine (notarial tertipde tassyklanmaga degişli şertnamalaryň baglaşylmagy, hossarlykda bolýan adama degişli hukuklardan ýüz dönderilmegi, emlägiň bölünmeginiň amala aşyrylmagy, ýaşaýyş jaýlarynyň çalşylmagynyň önümçiligi we emlägiň çetleşdirilmegi we Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki geleşikleri) rugsatnama berýärler;
10) hossarlaryň we howandarlaryň öz üstlerine ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmegi boýunça işine gözegçiligi amala aşyrýarlar we hossarlara we howandarlara öz hossarlygynda bolýan adamlary eklemäge we terbiýelemäge kömek berýärler;
11) hossarlykda bolýan adamlaryň ýaşaýyş jaý hukuklarynyň goralmagy, zerurlyk bolan halatynda olaryň başga ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegi boýunça çäreleri görýärler;
12) zerur bolan halatlarda hossarlara we howandarlara hossarlygynda bolýan adamlary eklemek üçin pensiýanyň ýa-da döwlet kömek pulunyň bellenilmegi üçin Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň ýerli edaralaryna arza bilen ýüz tutýarlar;
13) ata-eneleriň ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmegi ýa-da ata-enelik hukuklarynyň çäklendirilmegi, eger çagalaryň ata-enelerde galdyrylmagy olaryň jany we saglygy üçin howply bolsa, olaryň ata-enelik hukuklaryny mahrum etmezden, çagalary olaryň elinden almak barada kazyýete hak islegi bilen ýüz tutýarlar;
14) ata-enäniň arasynda çaganyň terbiýesine gatnaşmak babatda düşünişmezlik dörän mahalynda, çagadan aýratyn ýaşaýan atanyň ýa-da enäniň çaga bilen gatnaşmagynyň tertibini kesgitleýär, şeýle hem, eger-de şeýle gatnaşmak çaganyň beden we psihiki saglygyna, ahlak taýdan ösmegine zyýan ýetirýän bolsa, çagadan aýry ýaşaýan atany ýa-da enäni onuň bilen gatnaşyk saklamak hukugyndan anyk möhlete çäklendirýärler;
15) maşgalada çagalara göwnejaý terbiýe berilmegini üpjün etmeýän ata-eneler bilen iş geçirýärler, şeýle hem çagalary bilen bilelikde ýaşamaýan hem-de olara terbiýe bermekden we ekläp-saklamakdan boýun gaçyrýan ata-enelere ata-ene hukuklaryndan mahrum bolup biljekdiklerini duýdurýarlar;
16) hossarlykda bolýan adamyň hemişe saglygy goraýyş gözegçiliginiň geçirilmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;
17) hossarlykda bolýan adamlaryň hasabyny ýöredýärler;
18) hossarlykda bolýan adamlaryň şahsy we emläk hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagyny amala aşyrýarlar;
19) hossarlaryň we howandarlaryň hereketlerine (hereketsizligine) bildirilýän şikaýatlara seredýärler;
20) gyzyklanýan taraplara hossarlyk we howandarlyk meselelerine degişli maglumatlary we netijenamalary berýärler;
21) çagany perzentlige almak barada haýyş bilen ýüz tutan adamlaryň perzentlige alýanlara bildirilýän talaplara laýyk gelýändikleriniň barlagyny amala aşyrýarlar, perzentlige alynmak islenýän çaganyň bähbitlerine laýyk gelýändigini anyklamak maksady bilen olaryň ýaşaýyş şertlerini barlaýarlar;
22) on ýaşyny dolduran kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň özüniň perzentlige alynmagyna razylygy, onuň ata-enesiniň, howandarynyň, perzentlige alyjynyň äriniň (aýalynyň) razylygy baradaky meselelere seredýärler, şeýle hem eger-de perzentlige almak çaganyň iň gowy bähbitlerine garşy gelmese çaganyň perzentlige alynmagy hakynda kararyň çykarylmagy üçin zerur bolan degişli resminamalary häkime berýärler;
23) çaganyň perzentlige alynmagy baradaky resminamalary taýýarlaýarlar, perzentlige alnan çaganyň familiýasynyň, adynyň, atasynyň adynyň, onuň doglan wagtynyň we ýeriniň nama ýazgysynyň üýtgedilmegi hakyndaky meseleleri çözýärler, şeýle hem perzentlige alyjylaryň perzentlige alynýan çaganyň ata-enesi hökmünde ýazylmagy barada ýazgylary geçirýärler, perzentlige alnan çaganyň perzentlige alyjynyň maşgalasynda terbiýelenmegine gözegçiligi amala aşyrýarlar;
24) zerurlyk bolanda, perzentlige alyjy ölen halatynda, perzentlige almak hakynda maglumatlar bilen tanyşmak üçin razylyk berýärler;
25) kämillik ýaşyna ýetmedik çagadan aýry ýaşaýan atanyň ýa-da enäniň hukugynyň, şeýle hem garry atanyň we enäniň, babanyň we mamanyň çaga terbiýe bermeklige gatnaşmaga we onuň bilen aragatnaşyk saklamaga hukugynyň üpjün edilmegi boýunça çäreleri görýärler;
26) kazyýetde hossarlyk ýa-da howandarlyk, çagany perzentlige almak ýa-da perzentlige almagy ýatyrmak, perzentlige almagy hakyky däl diýip ykrar etmek meselelerine degişli işleriň seredilmegine gatnaşýar, bu işler boýunça netijenamalary berýärler;
27) şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 3-nji bendinde görkezilen adamlaryň hossarlaryna we howandarlaryna tölegsiz maslahat beriş, hukuk, durmuş, psihologik-mugallymçylyk, saglygy goraýyş kömegini berýärler;
28) eger-de bu çaganyň iň gowy bähbitlerine garşy gelmese kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň Türkmenistanyň çäginden daşarda ýaşaýan ata-enesi (olaryň biri) we ýakyn garyndaşlary, garyndaşlary bilen gatnaşmagy üçin Türkmenistanyň çäginden gitmegine rugsat berýärler;
29) beýleki döwlet edaralaryna, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralaryna, jemgyýetçilik birleşiklerine hossarlyk we howandarlyk işiniň üpjün edilmegi boýunça çäreleriň guralmagynda guramaçylyk, maglumat beriş ýardamyny berýärler;
30) Türkmenistanyň kanunçylygynda hossarlyk we howandarlyk çygrynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
21. Hossarlyk we howandarlyk edaralary öz işini degişli jemgyýetçilik gaznasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlykda guraýar.
3. Hossarlyk we howandarlyk edaralary öz wezipelerini Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýan Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda düzgünnama laýyklykda amala aşyrýarlar.
11-nji madda. Beýleki döwlet edaralarynyň ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi hossarlyk we howandarlyk çygryndaky işi alyp barýan beýleki döwlet edaralary (mundan beýläk – beýleki döwlet edaralary) bolup durýarlar.
Beýleki döwlet edaralary:
1) hossarlyk we howandarlyk çygrynda ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýarlar;
2) şulary işläp taýýarlaýarlar we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna berýärler:
a) Hossarlyk we howandarlyk edaralary hakynda düzgünnamany;
b) Hossarlygy we howandarlygy amala aşyrmagyň tertibi hakynda düzgünnamany;
3) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýärler;
4) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze çykarmagy amala aşyrýarlar;
5) hossar ýa-da howandar bolmak, ýa-da ata-enesiniň howandarlygyndan galan çagalary Türkmenistanyň maşgala kanunçylygynda bellenen başga görnüşlerde maşgalasyna terbiýelemek üçin almak isleýän adamlary saýlamaga we taýýarlamaga gatnaşýarlar;
6) hossarlykda bolýan adamlar üçin ýaşamagyň we ekläp saklamagyň mynasyp şertlerini üpjün edýärler;
7) kazyýetde hossarlyk ýa-da howandarlyk, çagalary terbiýelemek bilen baglanyşykly işlere seredilen mahalynda gatnaşýarlar, olar boýunça öz netijenamalaryny berýärler;
8) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç, şeýle hem hossarlykda bolýan kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryň hasaba alynmagynyň we şahsy işleriniň ýöredilmegine ýardam berýärler;
9) raýaty kämillik ukyby ýok diýip ykrar etmek hakynda, raýatyň spirtli içgileri ýa-da neşe serişdelerini kast bilen içmegi-çekmegi zerarly kämillik ukybynyň çäklendirilmegi hakynda zerur resminamalary taýýarlaýarlar we kazyýete arza bilen ýüzlenýärler ýa-da Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenen tertipde başga adamlar tarapyndan gozgalan şeýle işler kazyýetde seredilende gatnaşýarlar;
10) hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýyş şertlerine we eklenişine, hossaryň ýa-da howandaryň üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirişine gözegçiligi amala aşyrýarlar, hossarlykda bolýan adam sagalan ýa-da onuň saglygy has gowulaşan halatynda ony kämillik ukyply adam diýip ykrar etmek hakynda kazyýete arza bilen ýüz tutýarlar;
11) hossarlykda bolýan adama zerur bolan saglygy goraýyş kömegini berýärler we hossarlykda bolýan adamyň hemişelik saglygy goraýyş gözegçiliginiň amala aşyrylyşyna gözegçilik edýärler;
12) zerur bolan halatlarda häkime hossary ýa-da howandary üstlerine ýüklenen borçlary ýerine ýetirmekden boşatmak ýa-da çetleşdirmek hakynda haýyşnama bilen ýüz tutýarlar;
13) hossar ýa-da howandar tarapyndan hossarlykdan ýa-da howandarlykdan betnebis maksatlar bilen peýdalanylan mahalynda ýa-da hossarlykda bolýan adam gözegçiliksiz we zerur bolan kömeksiz goýlan mahalynda, şeýle hem hossar ýa-da howandar tarapyndan hossarlykda bolýan adamyň özüne ynanylan emlägini eýelände, günäkär adamy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige çekmek baradaky meseläniň çözülmegi üçin zerur resminamalary prokuratura berýärler;
14) kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok, ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamlary hasaba alýarlar we şahsy kagyzyny ýöredýärler;
15) saglyk ýagdaýy sebäpli öz hukuklaryny özbaşdak gorap we borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän kämillik ukyply adamlary ýüze çykarýar;
16) saglyk ýagdaýy sebäpli öz hukuklaryny özbaşdak gorap we borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän kämillik ukyply adamlara howandarlyk bellenýänçe kömek berýärler;
17) hossarlyk we howandarlyk edaralaryna hossarlyk we howandarlyk meseleleri boýunça guramaçylyk, maglumat we usulyýet ýardamyny berýärler;
18) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün edýän beýleki döwlet edaralary bilen özara hereket edýärler;
19) durmuş işi çygrynda degişli hünärmenleriň taýýarlanylmagyny amala aşyrýarlar;
20) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlara maslahat beriş, durmuş-hukuk, psihologik-mugallymçylyk, saglygy goraýyş goldawyny amala aşyrýarlar;
21) Türkmenistanyň kanunçylygynda hossarlyk we howandarlyk çygrynda öz ygtyýarlylygyna degişli edilen beýleki wezipeleri amala aşyrýarlar.
III BAP. HOSSARLYGA ÝA-DA HOWANDARLYGA
MÄTÄÇ ADAMLARY ÝÜZE ÇYKARMAK WE
HASABA ALMAK
12-nji madda. Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary
ýüze çykarmagyň we hasaba almagyň tertibi
1. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlar barada maglumatlary alan gününden başlap üç iş gününiň dowamynda olaryň ýaşaýyş şertleriniň barlagyny geçirmäge, olary ýerleşdirmek baradaky mesele çözülýänçä görkezilen adamlaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlaryň hasaba alynmagyny amala aşyrmaga, olaryň hasabyny ýöretmäge, olaryň saglyk ýagdaýyny kesgitlemek maksady bilen, görkezilen adamlaryň lukmançylyk gözden geçirmesini gurnamaga, olaryň saklanyş, terbiýeleniş we bilim berliş şertlerini barlamaga borçludyrlar. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlar barada maglumatlaryň gelen gününden başlap bir aýyň dowamynda, olaryň kämillik ukybyny ýitirmeginiň ýa-da kämillik ukybynyň çäklendirilendiginiň anyk ýagdaýlaryndan ugur alyp, şu Kanuna laýyklykda olara hossarlyk ýa-da howandarlyk bellemäge borçludyrlar.
3. Ýetim çagalary, ata-enesiniň hossarlygyndan galan çagalary, ata-enelik hukugyndan mahrum edilmedik ata-enesi bolan çagalary özlerinde saklaýan ýörite bilim edaralarynyň, durmuş hyzmatlary edaralarynyň we beýleki edaralaryň ýolbaşçylygy çagalaryň janyna ýa-da saglygyna gönüden-göni howp salýan ýa-da olaryň saklanmagynyň, terbiýelenmeginiň we bilim berilmeginiň talaplaryna laýyk gelmeýän ýagdaýlar dörän ýagdaýynda, özlerine bu ýagdaýlaryň mälim bolan gününden başlap, ýedi günüň dowamynda dörän ýagdaý aradan aýrylýança çaganyň wagtlaýyn maşgalada terbiýelenmäge berlip bilinjekdigi hakynda görkezilen edaranyň ýerleşýän ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar bermäge borçludyrlar.
4. Eger şu maddanyň 3-nji böleginde görkezilen çagalary olaryň hakyky ýaşaýan ýeri boýunça maşgala terbiýelenmegi üçin ýerleşdirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, hossarlyk we howandarlyk edarasy görkezilen çagalar barada maglumat gelip gowşan gününden on günüň dowamynda olaryň Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan, Türkmenistanyň raýatlarynyň maşgalalaryna ýerleşdirilmegini guraýar, şonda ilkinji nobatda çaganyň iň gowy bähbitlerine üns berilýär.
13-nji madda. Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň,
beýleki döwlet edaralarynyň hossarlyga
ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze
çykarmakdaky we hasaba almakdaky borçlary
1. Hossarlyk we howandarlyk edaralary, beýleki döwlet edaralary hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze çykaran halatlarynda şulara borçludyr:
1) görkezilen adamlar baradaky maglumatlary olaryň hakykatda bolýan ýeri boýunça häkimlere bermäge;
2) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň ýaşaýan ýeri boýunça hossarlyk we howandarlyk edarasyna onuň ýüze çykarylandygy barada habar bermäge;
3) hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň ýaşaýan ýeri boýunça hossarlyk we howandarlyk edarasyndan onuň ata-enesiniň ýa-da başga garyndaşlarynyň, ýaşaýyş jaýynyň we başga emläginiň bardygyny tassyklaýan resminamalary almaga;
4) olaryň öňki ýaşaýan ýerine gaýdyp barmagyna ýardam etmäge.
2. Hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýan ýeri üýtgän halatynda hossarlyk ýa-da howandarlyk bellän hossarlyk we howandarlyk edarasy hossardan ýa-da howandardan hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýan ýeriniň üýtgändigi baradaky habary alan gününden soň üç iş gününiň dowamynda hossarlykda bolýan adamyň şahsy kagyzyny onuň täze ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna ibermäge borçludyrlar.
3. Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň ýaşaýan ýeri we onuň emläk ýagdaýy üýtgän halatynda, hossarlyk we howandarlyk edarasy bu üýtgemeler hakynda ýedi iş gününiň dowamynda häkime habar bermäge borçludyr hem-de ol adamyň täze ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna onuň şahsy kagyzyny ibermäge borçludyr. Şonda hossarlyk we howandarlyk edarasynyň arhiwinde onuň şahsy kagyzynyň göçürilen nusgasy saklanyp galmalydyr.
4. Hossarlykda bolýan adamyň täze ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasynyň borçlary hossarlykda bolýan adamyň şahsy kagyzyny alan gününden şol edaranyň üstüne ýüklenilýär.
5. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlar, olaryň ýerleşdirilişi, emläginiň ýagdaýy barada her aýda häkime maglumat bermäge borçludyrlar.
6. Beýleki döwlet edaralary hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamlary ýüze çykaran mahalynda ýüze çykarylan gününden başlap ýedi iş gününiň dowamynda ol adamlar barada hossarlyk we howandarlyk edaralaryna ýazmaça görnüşindäki maglumatlary ibermäge borçludyrlar.
IV BAP. HOSSARLARYŇ WE HOWANDARLARYŇ
HUKUK DEREJESI
14-nji madda. Hossarlar ýa-da howandarlar saýlanylan
mahalynda olara bildirilýän talaplar
1. Hossarlar ýa-da howandarlar saýlanylan mahalynda olaryň şahsy häsiýetleri, hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirmäge ukyby, hossar ýa-da howandar bilen hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň arasyndaky gatnaşyklar, şeýle hem eger bu mümkin bolsa ‒ hossarlykda bolýan adamyň islegine üns berilmelidir.
2. Saglyk ýagdaýy sebäpli öz hukuklaryny özbaşdak gorap we borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän kämillik ýaşyna ýeten kämillik ukyply adama howandar diňe onuň öz razylygy bilen saýlanyp bilner.
3. Hossarlyk we howandarlyk edaralary geljekde hossar ýa-da howandar diýlip bellenip bilinjek adamyň şahsyýeti barada maglumatlary almak maksady bilen, özüniň hossar ýa-da howandar bellenilmegi barada arza beren adamdan degişli resminamalaryň berilmegini talap etmäge haklydyrlar.
4. Hossarlyk we howandarlyk edaralary özüniň hossar ýa-da howandar bellenilmegi barada arza beren adam barada içeri işler edaralaryndan, raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy edaralaryndan, saglygy goraýyş, bilim we gaýry edaralardan maglumatlary soramaga borçludyrlar. Şonda hossarlyk we howandarlyk edaralary diňe onuň hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirip bilmek ukybyny kesgitlemäge mümkinçilik berjek maglumatlaryň berilmegini talap etmäge haklydyrlar.
5. Hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilmegi üçin zerur bolan resminamalar ýa-da resminamalaryň nusgalary we başga maglumatlar hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň talaby boýunça tölegsiz berilýär.
6. Hossar ýa-da howandar bolmak üçin ähli beýleki adamlara garanda şu adamlaryň artykmaç hukugy bardyr:
1) ýaşaýan ýerine garamazdan, hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň ýakyn garyndaşlarynyň we garyndaşlarynyň;
2) hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilmegine mätäç adamyň ýaşaýan maşgalasynyň adamlarynyň;
3) doganlary we uýalary bilelikde hossarlyga ýa-da howandarlyga alýan adamlaryň;
4) Türkmenistanyň raýatlarynyň.
7. Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç bolan her bir adamda, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlardan başga ýagdaýlarda, bir hossar ýa-da howandar bolup biler.
8. Şol bir adam diňe bir hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň hossary ýa-da howandary bolup biler. Kämillik ýaşyna ýetmedik doganlaryň ýa-da uýalaryň dürli adamlara hossarlyga ýa-da howandarlyga berilmegine rugsat berilmeýär, çagalaryň şeýle berilmegi olaryň iň gowy bähbitlerine laýyk gelýän halatlary muňa degişli däldir.
9. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossarlykda bolýan adamlaryň bähbitlerinden ugur alyp, şol bir adamy hossarlykda bolýan adamlaryň birnäçesiniň hossary ýa-da howandary edip saýlap bilerler.
15-nji madda. Hossarlygyň ýa-da howandarlygyň
bellenilmegi
1. Hossarlyk ýa-da howandarlyk häkimiň karary esasynda bellenilýär.
2. Hossarlyk ýa-da howandarlyk hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň ýaşaýan ýeri boýunça, aýry-aýry ýagdaýlarda bolsa, hossaryň ýa-da howandaryň ýaşaýan ýeri boýunça bellenilip bilner.
16-njy madda. Ata-eneler wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça
bolmadyk mahalynda hossarlygyň ýa-da
howandarlygyň bellenilmegi
1. Ata-eneler wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça bolmadyk mahalynda, eger çaga olar tarapyndan alty aýdan köp wagtlap ýakyn garyndaşlarynyň, garyndaşlarynyň hossarlygyna we gözegçiligine goýlan bolsa, çaga hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenýär. Şunda çaga görkezilen adamlaryň hossarlygy ýa-da howandarlygy bellenýär.
2. Ata-eneler wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça bolmadyk mahalynda, eger çaga olar tarapyndan alty aýa çenli ýakyn garyndaşlarynyň, garyndaşlarynyň hossarlygyna we gözegçiligine goýlan bolsa, eger bu çaganyň bähbitleri üçin zerur bolsa, oňa hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilýär.
17-nji madda. Hossaryň ýa-da howandaryň bellenilmeginiň
tertibi
1. Kämillik ýaşyna ýeten adam diňe özüniň razylygy bilen hossar ýa-da howandar bellenilip bilner, şu maddanyň ýedinji böleginde görkezilen adamlar muňa degişli däldir.
2. Hossarlygyň ýa-da howandarlygyň bellenilýän ýeri boýunça hossarlyk we howandarlyk edaralary şu Kanunyň 1-nji maddasynyň 3-nji bendinde görkezilen adamlara hossaryň ýa-da howandaryň bellenilmeginiň zerurlygy barada özüne mälim bolan pursadyndan başlap bir aýyň dowamynda hossarlyk we howandarlyk boýunça resminamalary taýýarlaýarlar we olary häkimiň garamagyna hödürleýärler.
Häkim hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan berlen resminamalaryň esasynda bir aýyň dowamynda hossar ýa-da howandar bellemek barada karar çykarýar.
3. Häkimiň hossar ýa-da howandar bellemek baradaky karary hossaryň ýa-da howandaryň we hossarlykda bolýan adamyň arasynda gatnaşyklaryň ýüze çykmagyna esas bolup durýar. Hossar ýa-da howandar bellemek baradaky kararda hossaryň ýa-da howandaryň ygtyýarlyklarynyň hereket ediş möhleti bellenilip bilner, ol döwür bilen ýa-da anyk wakanyň gelmeginiň görkezilmegi bilen kesgitlenýär.
4. Hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adama bir aýyň dowamynda hossar ýa-da howandar bellenilmedik halatynda, hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirmek wagtlaýyn bu adamyň ýüze çykarylan ýeri boýunça hossarlyk we howandarlyk edarasyna ýüklenilýär.
5. Kämillik ýaşyna ýetmedik çaga babatda onuň ata-enesiniň ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň we garyndaşlarynyň hossarlygynyň ýokdugynyň fakty ýüze çykarylan gününden başlap, Türkmenistanyň maşgala kanunçylygyna laýyklykda, hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny hossarlyk ýa-da howandarlyk edarasy ýerine ýetirýär.
6. Hossarlyk ýa-da howandarlyk edaralary tarapyndan hossar ýa-da howandar bolmak isleýän adamyň şahsyýeti barada alnan maglumatlar gizlin bolup durýar we eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, ýaýradylmaga degişli däldir.
7. Şu adamlar hossar ýa-da howandar bellenip bilinmeýärler:
1) on sekiz ýaşyna ýetmedikler;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilenler;
3) ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilenler ýa-da ata-enelik hukuklarynda çäklendirilenler;
4) eger perzentlige almak perzentlige alanyň öz borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi, ata-enelik hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygy, perzentlige alanyna ýowuz daraşandygy üçin perzentlige almaklary ýatyrylan, öňki perzentlige alanlar;
5) özleriniň üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi üçin ýa-da öz hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanandygy üçin hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryndan çetleşdirilenler;
6) mugallymçylyk ýa-da terbiýeçilik işleri bilen baglanyşykly jenaýatlary, şeýle hem bilkastlaýyn agyr we (ýa-da) aýratyn agyr jenaýatlary edendigi üçin iş kesilenler, eger olaryň iş kesilenlik aýby öz-özünden aýrylmadyk ýa-da kazyýet tarapyndan aýrylmadyk bolsa;
7) arakhorlukdan, neşekeşlikden, toksikomaniýadan ýa-da ruhy keselden ejir çekýänler.
18-nji madda. Hossary ýa-da howandary deslapdan
bellemek
1. Eger hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň bähbitlerine görä hossary ýa-da howandary gaýragoýmazdan bellemek talap edilýän bolsa, şol sanda çagalar ata-eneleriň elinden alnanda häkim bir aý möhlete deslapdan hossar ýa-da howandar bellemek hakynda karar kabul etmäge haklydyr.
2. Hossary ýa-da howandary deslapdan bellemek hossar ýa-da howandar bolmaga isleg bildirýän adamyň arzasy boýunça, görkezilen adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamasyny, ozüniň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan berlen häsiýetnamany we güwänamany, şeýle hem ýaşaýyş-durmuş şertleriniň ykrarhatyny beren ýagdaýynda, hossarlyk we howandarlyk edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Deslapdan bellenen hossarlar ýa-da howandarlar hossaryň ýa-da howandaryň ähli hukuklaryna we borçlaryna eýe bolýarlar, hossarlykda bolýan adamyň emlägine onuň adyndan ygtyýarlyk etmek, şeýle hem ygtyýarlyk etmäge razylyk bermek hukugy muňa degişli däldir.
4. Eger hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adama hossary deslapdan bellemek ýa-da howandary deslapdan bellemek barada häkim tarapyndan karar kabul edilen gününden soň bir aý geçýänçä, şu Kanunyň 1-nji maddasynda görkezilen ýerleşdirmegiň bir görnüşi saýlanan bolsa, ýa-da wagtlaýyn bellenen hossar ýa-da howandar oňa hossar ýa-da howandar bellenmedik bolsa, deslapky hossarlyk ýa-da howandarlyk bes edilýär.
19-njy madda. Kämillik ýaşyna ýetmedik çagalar
babatda olaryň ata-enesiniň arzasy
boýunça hossar ýa-da howandar
bellemek
1. Ata-enäniň esasly sebäpler boýunça ata-enelik borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýändikleri sebäpli, anyk adamy, hossaryň ýa-da howandaryň ygtyýarlygynyň hereket edýän möhletini görkezmek bilen, eger-de muňa onuň razylygy bar bolsa, belli bir döwre özleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna hossar ýa-da howandar bellemek baradaky arzasy boýunça häkimiň karary bilen hossar ýa-da howandar bellenip bilner.
2. Ata-enäniň özleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna hossar ýa-da howandar bellemek hakyndaky arzasy çagalaryň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edaralaryna berlip bilner. Bu arza, ýazylan wagtyny görkezmek bilen ata-enäniň özleri tarapyndan gol çekilen we notarial tertipde tassyklanan bolmalydyr.
3. Ata-enäniň, özleriniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalaryna hossar ýa-da howandar bellemek hakyndaky arzasyny çagalaryň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna täzeden arza bermek arkaly ýatyrmaga ýa-da üýtgetmäge haky bardyr.
4. Ýanýoldaşsyz atanyň ýa-da enäniň özüniň aradan çykan ýagdaýy üçin özüniň kämillik ýaşyna ýetmedik çagasyna hossar ýa-da howandar kesgitlemäge haky bardyr, munuň üçin ol çaganyň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna arza bilen ýüz tutmalydyr. Arza ýanýoldaşsyz atanyň ýa-da enäniň hut özi gol çekmelidir we hossarlyk ýa-da howandarlyk edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanmalydyr. Eger-de ýanýoldaşsyz atanyň ýa-da enäniň hossarlyk we howandarlyk edarasyna barmaga mümkinçiligi bolmasa, arza onuň ýaşaýan ýeri boýunça notarial tertipde tassyklanmalydyr. Azatlykdan mahrum ediş ýerlerinde bolýan ýanýoldaşsyz atanyň ýa-da enäniň goly onuň bolýan ýerindäki edaranyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanýar.
Ýanýoldaşsyz atanyň ýa-da enäniň çaganyň ýaşaýan ýerindäki hossarlyk we howandarlyk edarasyna täzeden arza bermek arkaly özüniň aradan çykmagy bilen bagly ýagdaýda çagasyna hossar ýa-da howandar kesgitlemek baradaky arzasyny ýatyrmaga ýa-da üýtgetmäge haky bardyr.
5. Kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ata-enesiniň, ýanýoldaşsyz atanyň ýa-da enäniň hossar ýa-da howandar bellenmegi barada görkezen adamyny, eger-de görkezilen adamyň hossar ýa-da howandar bellenmegi çaganyň iň gowy bähbitlerine ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelse, häkimiň hossar ýa-da howandar bellemekden ýüz döndermek barada karar çykarmaga haky bardyr.
20-nji madda. Ata-enelik hukuklaryndan mahrum
edilmedik ata-enesi bolan kämillik ýaşyna
ýetmedik çaga hossar ýa-da howandar
bellenilmegi
1. Eger hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan ata-enelik hukuklaryndan mahrum edilmedik kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň ata-enesi bilen bile bolmagy onuň iň gowy bähbitlerine laýyk gelmeýär we onuň janyna ýa-da saglygyna gönüden-göni howp salýar diylip bilinse, oňa hossar ýa-da howandar bellenilip bilner.
2. Häkim hossarlyga ýa-da howandarlyga mätäç adamyň kanuny bähbitlerinden ugur alyp, oňa birnäçe hossar ýa-da howandar bellemek hakynda karar kabul edip biler. Şunda hossarlykda bolýan adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bir wagtda ähli hossarlar ýa-da howandarlar tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Eger hossarlykda bolýan adamyň şahsy kagyzyny ýöretmek hossarlar ýa-da howandarlar tarapyndan olaryň birine tabşyrylan ýagdaýynda, ol adam beýleki hossarlardan ýa-da howandarlardan ynanç hatyny almalydyr.
4. Hossarlykda bolýan adama birnäçe hossar ýa-da howandar bellenilen mahalynda oňa ideg etmegi üpjün etmek we lukmançylyk kömegini öz wagtynda almagyna ýardam etmek boýunça borçlar, kämillik ýaşyna ýetmedik hossarlykda bolýan adam babatda bolsa, ony saklamak, terbiýelemek we bilim bermek boýunça borçlar häkimiň hossar ýa-da howandar bellemek baradaky kararyna laýyklykda, hossarlaryň ýa-da howandarlaryň arasynda paýlanylýar. Eger görkezilen borçlar paýlanylmadyk bolsa, onda hossarlar ýa-da howandarlar olaryň ýerine ýetirilmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirilmändigi üçin raýdaşlyk jogapkärçiligini çekýärler.
5. Hossarlykda bolýan adamyň we şol bir wagtda ähli hossarlaryň ýa-da howandarlaryň arasynda, şeýle hem öz borçlaryny ýerine ýetirmek babatda hossarlaryň ýa-da howandarlaryň arasynda düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda, dörän düşünişmezlik çözülýänçä hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny hossarlyk we howandarlyk edaralary ýerine ýetirýärler.
6. Zerurlyk bolanda, hossarlykda bolýan adamlaryň kanuny bähbitlerinden ugur alyp, häkimiň karary bilen şol bir adam birnäçe hossarlykda bolýan adamlara hossar ýa-da howandar bellenip bilner. Şol bir adamy ikinji we indiki hossarlykda bolýan adamlara hossar ýa-da howandar bellemek hakynda häkimiň karary kabul edilende, başga adamyň hossar ýa-da howandar bellenip bilinmeýändiginiň sebäpleri görkezilmelidir.
7. Şol bir hossaryň ýa-da howandaryň hossarlygynda bolýan adamlaryň bähbitleriniň arasynda düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda, dörän düşünişmezlik çözülýänçä hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny hossarlyk we howandarlyk edaralary ýerine ýetirýärler.
8. Kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň hossarlykda ýa-da howandarlykda bolýan döwründe hossarlyk we howandarlyk edaralary eger-de bu onuň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, kämillik ýaşyna ýetmedik çagany maşgalasyna gaýtarmak we maşgalasynda durmuş-terbiýeçilik taýdan dikeldilmegini geçirmek meseleleri boýunça hukuk goraýjy edaralar, beýleki döwlet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri bilen bilelikde işleri geçirýärler.
V BAP. HOSSARLARYŇ WE HOWANDARLARYŇ
HUKUKLARY WE BORÇLARY. HOSSARLYKDA
BOLÝAN ADAMYŇ HUKUKLARY
21-nji madda. Hossarlaryň we howandarlaryň
hukuklary
1. Hossarlar özleriniň hossarlygynda bolýan adamyň kanuny wekilleri hasaplanýarlar we olaryň adyndan ýa-da olaryň bähbidi üçin ähli zerur geleşikleri amala aşyrmaga hukuklydyrlar.
2. Howandarlar özleriniň hossarlygynda bolýan adamyň kanuny wekilleri hasaplanýar we olar öz hukuklaryny amala aşyranda we borçlaryny ýerine ýetirende kömek berýärler, şeýle hem olary üçünji bir şahslaryň hyýanatçylyk etmeginden goraýarlar.
3. Hossarlaryň we howandarlaryň şulara hukugy bar:
1) Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň tekliplerini we hossarlykda bolýan adamyň pikirini nazara almak bilen ony terbiýelemegiň usullaryny özbaşdak kesgitlemäge;
2) hossarlykda bolýan adamyň pikirini nazara almak bilen, bilim edarasyny we okatmagyň görnüşini saýlap almaga;
3) hossarlykda bolýan adamy eklemek, terbiýelemek, bilim bermek we saglygyny goramak boýunça hukuk, usulyýet, lukmançylyk we maslahat kömeklerini almaga;
4) hossarlykda bolýan adama zerur ýuridik, lukmançylyk, psihologik, pedagogik, durmuş kömekleriniň berilmegine hemaýat etmäge;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hossarlykda bolýan adamyň özbaşdak amala aşyrmaga hukugy bolmadyk geleşikleri amala aşyrmaga;
6) hossarlykda bolýan adamy islendik adamdan, şol sanda bikanun esaslarda öz ýanynda saklaýan ata-enesinden, ýakyn garyndaşlaryndan, garyndaşlaryndan gaýtarylyp berilmegini kazyýet tertibinde talap etmäge.
4. Eger bu hossarlykda bolýan adamyň iň gowy bähbitlerine zyýan ýetirmeýän bolsa, hossaryň ýa-da howandaryň hossarlykda bolýan adamyň ata-enesi, beýleki ýakyn garyndaşlary, garyndaşlary bilen aragatnaşyk saklamagyna päsgelçilik döretmäge haky ýokdur.
5. Hossarlaryň hossarlyk we howandarlyk edaralaryndan deslapdan razylyk alman hossarlykda bolýan adamyň adyndan durmuş geleşikleriniň çäklerinden çykýan geleşikleri baglaşmaga haky ýokdur, howandarlaryň bolsa ‒ şolar ýaly geleşikleriň baglaşylmagyna razylyk bermäge haky ýokdur.
6. Hossarlaryň we howandarlaryň, olaryň ýanýoldaşlarynyň we ýakyn garyndaşlarynyň, garyndaşlarynyň öz hossarlygynda bolýan adamlar bilen geleşikleri baglaşmaga, şonuň ýaly-da hossarlykda bolýan adam bilen hossarlaryň we howandarlaryň ýanýoldaşynyň we olaryň ýakyn garyndaşlarynyň, garyndaşlarynyň arasynda geleşikler baglaşylan ýa-da kazyýet işleri seredilen mahalynda özleriniň hossarlygynda ýa-da howandarlygynda bolýan adamlaryň adyndan wekilçilik etmäge haky ýokdur.
22-nji madda. Hossaryň we howandaryň borçlary
1. Hossarlar we howandarlar şulara borçludyrlar:
1) hossarlykda bolýan adamy terbiýelemäge, ony eklemäge, saglygy, fiziki, psihiki, ruhy we ahlak taýdan ösüşi barada alada etmäge, onuň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini goramaga;
2) hossarlykda bolýan adamyň umumy orta bilim almagy üçin şertleri üpjün etmäge;
3) hossarlykda bolýan adamyň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda seredilmegini, lukmançylyk gözegçiligini we saglygynyň dikeldilmegini üpjün etmäge, bu barada hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar bermäge;
4) hossarlykda bolýan adamyň oňa beren emlägi barada alada etmäge, şol emlägi dolandyrmakdan alnan girdejileri we hossarlykda bolýan adamyň beýleki serişdelerini onuň eklenip-saklanmagy üçin peýdalanmaga;
5) kämillik ýaşyna ýetmedik hossarlykda bolýan adam bilen bilelikde ýaşamaga;
6) özüniň ýaşaýan ýeriniň üýtgändigi barada hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar bermäge. Hossaryň hossarlykda bolýan adam bilen bilelikde ýaşaýan ýeriniň üýtgemegi hossarlyk we howandarlyk edarasynyň ýazmaça rugsady we on ýaşyna ýeten hossarlykda bolýan adamyň özüniň razylygy bilen amala aşyrylýar;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, hossarlykda bolýan adama alimentiň talap edilip alynmagy, pensiýalaryň ýa-da döwlet kömek pullarynyň tölenmegi we beýleki durmuş tölegleriniň tölenmegi boýunça zerur çäreleri görmäge;
8) eger adamyň kämillik ukyby ýok ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilmegine esas bolan ýagdaýlar aradan aýrylan bolsa, hossarlykda bolýan adamy kämillik ukyply diýip ykrar etmek hakyndaky arza bilen kazyýete ýüz tutmaga;
9) hossarlykda bolýan adamyň janyna we saglygyna ýa-da onuň emlägine ýetirilen zyýanyň (zeleliň) öweziniň dolunmagy barada talap bildirmäge;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
2. Aýratyn ýagdaýlarda, eger bu hossarlykda bolýan adamyň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan howandaryň on alty ýaşyna ýeten kämillik ýaşyna ýetmedik hossarlykda bolýan adam bilen aýratyn ýaşamagyna ýazmaça rugsat berlip bilner.
Ýaşaýan ýeri üýtgände howandar öňki ýaşaýan ýerinden giden gününden kyrk sekiz sagadyň dowamynda hossarlyk we howandarlyk edarasyna habar bermäge borçludyr. Şunda howandar hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýşynyň, bilim alşynyň şertlerine gözegçiligi amala aşyrmaga, ony töweregindäki adamlaryň ýaramaz täsirinden goramaga borçludyr.
3. Hossarlar ýa-da howandarlar hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýan ýeriniň üýtgändigi barada hossarlykda bolýan adamlaryň ýaşaýan ýerinden çykyp giden gününden başlap kyrk sekiz sagadyň dowamynda hossarlyk we howandarlyk edaralaryna habar bermäge borçludyr.
4. Hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýan ýerinde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýynda, şol sanda okuw ýa-da lukmançylyk edarasynda, jeza çäresini çekmegi bilen baglanyşykly ýerlerde bolmagy hossaryň ýa-da howandaryň hossarlykda bolýan adam babatdaky hukuklaryny amala aşyrmagyny we borçlaryny ýerine ýetirmegini bes etmeýär.
5. Kämillik ýaşyna ýetmedik hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýyş jaýy bolmadyk ýagdaýynda hossar ýa-da howandar ony Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygyna laýyklykda ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek boýunça çäreleri görmäge borçludyr.
6. Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamyň howandary ony spirtli içgileri içmekden, neşe serişdelerini, psihotrop maddalary ýa-da onuň janyna we saglygyna ýaramaz täsir edýän beýleki maddalary ulanmakdan goramak boýunça zerur çäreleri görmäge borçludyr.
7. Eger hossarlygyň ýa-da howandarlygyň amala aşyrylmagy hakyndaky şertnamada başga möhlet bellenilmedik bolsa, hossar ýa-da howandar her ýylyň 1-nji fewralyndan gijä galman, geçen ýylda hossarlykda bolýan adamyň emläginiň saklanylyşy, peýdalanylyşy we onuň dolandyrylyşy baradaky ýazmaça görnüşdäki hasabatyny, haryt çekleriniň nusgalaryny, salgytlaryň, ätiýaçlandyryş pul möçberleriniň tölenilendigi hakynda kagyzçalaryň we beýleki töleg resminamalarynyň göçürmelerini hem ýanyna goşmak bilen, hossarlyk we howandarlyk edarasyna bermäge borçludyr.
Hossaryň ýa-da howandaryň hasabaty hossarlyk we howandarlyk edarasynyň ýolbaşçysy tarapyndan tassyklanylýar. Hossarlyk we howandarlyk edarasy hossaryň ýa-da howandaryň hasabatyny tassyklanyndan soň, hossarlykda bolýan adamyň ulanmaga ýaramsyz zadyny emlägiň sanaw ýazgysyndan aýyrýar we hossarlykda bolýan adamyň emläginiň ýazgysyna degişli üýtgetmeleri girizýär. Hossaryň ýa-da howandaryň hasabaty hossarlykda bolýan adamyň şahsy kagyzynda saklanylýar.
23-nji madda. Hossarlyk ýa-da howandarlyk boýunça
borçlaryň tölegsiz ýa-da tölegli esaslarda
ýerine ýetirilmegi
1. Hossarlyk we howandarlyk boýunça borçlar tölegsiz ýerine ýetirilýär, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen ýagdaýlar muňa degişli däldir.
2. Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň hossarlykda bolýan adamyň bähbitlerinden ugur alyp, hossar ýa-da howandar bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hossarlygy ýa-da howandarlygy tölegli esaslarda amala aşyrmak barada şertnama baglaşmaga haky bardyr.
3. Hossaryň ýa-da howandaryň hossarlykda bolýan adama degişli ýaşaýyş jaýyndan tölegsiz peýdalanmagyna, hossaryň ýa-da howandaryň ýaşaýan ýeriniň hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýan ýerinden uzakda bolan halatynda, şeýle hem Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlaryň bar bolan mahalatynda ýol berilýär.
24-nji madda. Hossarlykda bolýan adamlaryň
hukuklary
Hossarlykda bolýan adamlaryň şulara hukugy bardyr:
1) özlerine hormat bilen we ynsanperwerlikli garalmagyna;
2) hossar ýa-da howandar tarapyndan özüniň ekläp-saklanylmagy, terbiýesi, bilim almagy we saglygy barada alada edilmegine;
3) öz hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyna;
4) hossarlyk we howandarlyk edaralaryndan öz hukuklary we özlerine edilip bilinjek hyzmatlar, şeýle hem öz hukuklaryny goramagyň usullary we serişdeleri hakynda maglumatlary almaga;
5) bilim almaga, saglygyny goramaga, durmuş taýdan goralmaga bolan hukuklarynyň amala aşyrylmagy, şeýle hem olaryň beden, akyl we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegine ýardam edýän başga hukuklarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur kömek we goldawlary almaga;
6) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, hossaryň ýa-da howandaryň maşgalasynda terbiýelenmäge, hossar ýa-da howandar bilen bilelikde ýaşamaga;
7) eger bu olaryň iň gowy bähbitlerine garşy gelmeýän bolsa, ata-enesi, ýakyn garyndaşlary, garyndaşlary bilen gatnaşyk saklamaga;
8) özleriniň şahsy durmuşyna degişli maglumatlaryň gizlin saklanmagynyň üpjün edilmegine;
9) ýaşaýyş jaýyna eýeçilik hukugynyň ýa-da ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmak hukugynyň, şeýle hem ata-enesi, ýakyn garyndaşlary, garyndaşlary bilen baglanyşygynyň faktyna esaslanýan emläk hukuklarynyň üpjün edilmegine;
10) hossarlaryň ýa-da howandarlaryň bikanun hereketi (hereketsizligi) barada hossarlyk we howandarlyk edaralaryna, şeýle hem kazyýete ýüz tutmaga;
11) aliment, pensiýa, döwlet kömek pullaryny we beýleki durmuş töleglerini almaga;
12) işe ýerleşmäge we zähmet hukuklarynyň goralmagyna;
13) ýaşaýyş ýaýyna eýeçilik hukugynyň, ýaşaýyş jaýyndan peýdalanmak hukugynyň saklanyp galmagyna, ýaşaýyş jaýy bolmadyk mahalynda ‒ Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslarda ýaşaýyş jaýyny nobatsyz almaga.
VI BAP. HOSSARLYKDA BOLÝAN ADAMLARYŇ
EMLÄGINIŇ HUKUK TERTIBI
25-nji madda. Hossarlykda bolýan adamlaryň emläk
hukuklary
1. Hossarlykda bolýan adamlara, hossarlara ýa-da howandarlara emläk Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan esaslar boýunça umumy eýeçilik hukugynda degişli bolup biler.
Hossarlykda bolýan adamlaryň öz hossarlarynyň ýa-da howandarlarynyň emlägini olaryň razylygy bilen peýdalanmaga haky bardyr.
2. Hossarlykda bolýan adamlar hossarlaryň ýa-da howandarlaryň emlägine eýeçilik etmek hukugyna eýe däldirler, hossarlaryň ýa-da howandarlaryň bolsa hossarlykda bolýan adamyň emlägine, şol sanda alimentiň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we beýleki durmuş tölegleriniň jemine eýeçilik etmek hukugyna eýe däldirler.
3. Hossarlaryň ýa-da howandarlaryň hossarlykda bolýan adamlaryň emlägini öz bähbitleri üçin peýdalanmaga haky ýokdur, Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan halatlar muňa degişli däldir.
26-njy madda. Hossarlykda bolýan adamyň emlägine
ygtyýarlyk etmek
1. Hossarlykda bolýan adamyň emlägine ygtyýarlyk etmegiň umumy düzgünleri Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenilýär.
2. Hossarlykda bolýan adamyň emlägine ygtyýarlyk etmek emlägiň ýerleşýän ýeri boýunça bellenilýär.
3. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossarlara ýa-da howandarlara hossarlykda bolýan adamyň emlägine ygtyýarlyk etmekleri üçin hossarlaryň ýa-da howandarlaryň ýerine ýetirmegi üçin hökmany bolan ýazmaça rugsatnamany berýärler.
4. Hossarlar hossarlykda bolýan adamyň pul serişdelerini geçirmäge, howandarlar bolsa hossarlykda bolýan adamyň pul serişdelerini bankda (banklarda) we beýleki karz edaralarynda açylan (açyk) hasabyna (hasaplaryna) goýmaga, eger görkezilen pul serişdeleri, şol sanda puluň jeminiň göterimlerini goşmak bilen fiziki şahslaryň goýumlarynyň hökmany ätiýaçlandyryş ulgamynda ätiýaçlandyrylan bolsa, pul serişdeleriniň geçirilmegine razylyk bermäge haklydyrlar.
Hossaryň ýa-da howandaryň hossarlykda bolýan adamyň banka (banklara) we beýleki karz edaralaryna geçirilen pul serişdelerini harçlamagy diňe hossarlykda bolýan adamy ekläp-saklamak üçin, hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň ýazmaça rugsady bilen amala aşyrylýar.
5. Hossarlaryň karz beriji hökmünde çykyş edýän hossarlykda bolýan adamyň adyndan karz şertnamasyny we karz bermek şertnamasyny baglaşmaga haky ýokdur, howandarlaryň bolsa görkezilen şertnamalaryň baglaşylmagyna razyçylyk bermäge haky ýokdur, karz almagyň hossarlykda bolýan adamy ekläp-saklamak ýa-da ony ýaşaýyş jaýy bilen üpjün etmek maksady bilen talap edilýän ýagdaýlary muňa degişli däldir. Görkezilen ýagdaýlarda hossarlykda bolýan adamyň adyndan karz şertnamasy, karz bermek şertnamasy hossarlyk we howandarlyk edaralaryndan deslapdan rugsat almak arkaly amala aşyrylýar. Rugsat berilmegi barada arza bilen ýüz tutanlarynda hossarlar ýa-da howandarlar karz borçlarynyň haýsy emlägiň hasabyna ýerine ýetiriljekdigini görkezmäge borçludyrlar.
6. Hossarlykda bolýan adamyň emlägi karzyň geçirilmegine degişli däldir, karzyň gaýtarylmagynyň ipoteka (gozgalmaýan emlägiň girewi) bilen üpjün edilýän ýagdaýlary muňa degişli däldir.
7. Eger emlägi peýdalanmagyň möhleti bäş ýyldan geçýän bolsa, hossarlaryň hossarlykda bolýan adamyň emläginiň peýdalanmaga berilmegi barada şertnama baglaşmaga haky ýokdur, howandarlaryň bolsa görkezilen şertnamanyň baglaşylmagyna razylyk bermäge haky ýokdur. Aýratyn ýagdaýlarda, hossarlykda bolýan adamyň emlägini bäş ýyldan köp möhlete peýdalanmaga bermek barada şertnamanyň baglaşylmagyna, eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başga möhlet bellenilmedik bolsa, görkezilen şertnamanyň aýratyn bähbide eýedigi barada subutnama bolan ýagdaýynda, hossarlyk we howandarlyk edaralaryndan deslapdan rugsat alnan ýagdaýynda rugsat berilýär.
8. Hossarlykda bolýan adamyň adyndan sowgat etmek şertnamasynyň baglaşylmagyna rugsat berilmeýär.
9. Patronaž astynda bolýan adamlaryň howandarlary hossarlykda bolýan adamyň razylygy bilen onuň eklenip-saklanylmagyna we islegleriniň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilen geleşikleri edýärler, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hossarlykda bolýan adamyň emlägini dolandyrmagy amala aşyrýarlar.
10. Adamyň nam-nyşansyz giden diýip ykrar edilendigi ýa-da onuň ölen diýlip yglan edilendigi hakynda kazyýetiň çözgüdi ýatyrylanda, ýa-da miras kabul edilende hossarlykda bolýan adamyň emlägini dolandyrmak ýatyrylýar.
27-nji madda. Hossarlykda bolýan adamyň emläginiň
goralmagy
1. Hossar ýa-da howandar, kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamyň howandary muňa degişli däldir, hossarlyk ýa-da howandarlyk bellenilen gününden başlap üç iş gününiň dowamynda hossarlykda bolýan adamyň emlägini saklamagy amala aşyrýan adamlardan ony ýazgy boýunça kabul edip almaga borçludyr.
2. Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamyň ýa-da patronaž astynda bolýan adamyň howandary zerurlyk bolan halatynda, olaryň haýyşy boýunça hossarlykda bolýan adamyň emlägini ýazga görä kabul edip almaga hukuklydyr. Hossarlykda bolýan adamyň emläginiň ýazgysy hossaryň ýa-da howandaryň, şeýle hem hossarlykda bolýan adamyň gatnaşmagynda hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan düzülýär. Hossarlykda bolýan adamyň emläginiň ýazgysy düzülende başga gyzyklanýan adamlar hem gatnaşyp biler.
Hossarlykda bolýan adamyň emläginiň ýazgysy iki nusgada düzülýär we oňa emlägiň ýazgysy düzülende gatnaşýan adamlar tarapyndan gol çekilýär. Ýazgynyň bir nusgasy hossara ýa-da howandara berilýär, ikinji nusgasy hossarlykda bolýan adamyň hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan ýöredilýän şahsy kagyzynda saklanylýar.
3. Emlägi ynançly dolandyrmak barada şertnama baglaşylan hossarlykda bolýan adamyň emlägi hossara ýa-da howandara berilmeýär.
4. Eger muny hossarlykda bolýan adamyň kanuny bähbitleri talap edýän bolsa, hossar ýa-da howandar zerurlyk bolan halatynda, hossarlykda bolýan adamyň emläginiň başgalaryň bikanun eýelemeginden talap edip almak barada kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmaga ýa-da hossarlykda bolýan adamyň emläk hukuklaryny goramak boýunça başga çäreleri görmäge borçludyr.
5. Hossar ýa-da howandar özüne berlen hossarlykda bolýan adamyň emlägi barada alada etmäge borçludyr, hossarlykda bolýan adamyň emläginiň bahasynyň aşak düşmegine ýol bermeli däldir we ondan girdeji alynmagyna ýardam etmeli däldir. Hossaryň ýa-da howandaryň görkezilen borçlaryny ýerine ýetirmegi hossarlykda bolýan adamyň emläginiň hasabyna amala aşyrylýar.
6. Hossarlar özleriniň hossarlykda bolýan adamyň adyndan amala aşyran geleşikleri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilik çekýärler.
28-nji madda. Kazyýet tarapyndan kämillik hukugy
çäklendirilen diýlip ykrar edilen
adamyň emläk hukuklarynyň we
bähbitleriniň goragy
1. Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamyň emläk hukuklarynyň we bähbitleriniň goragy babatda Türkmenistanyň raýat kanunçylygynyň düzgünleri, şeýle hem şu babyň düzgünleri ulanylýar, şu Kanunyň 27-nji maddasynyň düzgünleri muňa degişli däldir.
2. Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adam özüniň emläk bähbitlerini goramak boýunça özbaşdak çäreleri görýär.
3. Kazyýet tarapyndan kämillik ukyby çäklendirilen diýlip ykrar edilen adamyň howandarynyň Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda, hossarlykda bolýan adamyň howandaryň razylygyny almazdan amala aşyran geleşikleriniň hakyky däl diýlip ykrar edilmegini talap etmäge haky bardyr.
29-njy madda. Hossarlykda bolýan adamyň emläk
hukuklaryna degişli hereketleri
hossar ýa-da howandar amala
aşyranda hossarlyk we howandarlyk
edaralarynyň rugsady
1. Hossaryň hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň rugsady bolmazdan, hossarlykda bolýan adamyň emlägini kireýine, kärendesine, muzdsuz peýdalanmaga berilmegine ýa-da girewine berilmegine, hossarlykda bolýan adamyň emläginiň çetleşdirilmegine (şol sanda çalyşmak ýa-da sowgat bermek boýunça) degişli geleşikleri amala aşyrmaga hukugy ýokdur, howandaryň bolsa, şeýle geleşikleriň baglaşylmagyna razylyk bermäge hukugy ýokdur, hossarlykda bolýan adama degişli hukuklardan ýüz dönderilmegine, onuň emläginiň bölünmegine ýa-da ondan paýlaryň bölünip alynmagyna we emläginiň bahasynyň peselmegine getirýän islendik başga geleşikleri amala aşyrmaga hukuklary ýokdur. Hossaryň ýa-da howandaryň hereketi hossarlykda bolýan adamyň emläginiň bahasynyň peselmegine getirip biljek ähli ýagdaýlarda hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň rugsady talap edilýär, şol sanda:
1) hossarlykda bolýan adamyň bähbidine berlen hak isleginden ýüz dönderilende;
2) kazyýet işleriniň seljermesinde hossarlykda bolýan adamyň adyndan barlyşyk ylalaşygy baglaşylanda;
3) hossarlykda bolýan adam algydar hasaplanýan ýerine ýetiriş önümçiligi boýunça bergidar bilen şertnama baglaşylanda.
Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň rugsady hossarlyk edilýän adamyň adyndan ynanç haty berlen ýagdaýynda hem talap edilýär.
2. Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň hossara ýa-da howandara hossarlykda bolýan adamyň emläk hukuklaryna degişli hereketleri etmegine rugsady ýa-da rugsat bermekden ýüz döndermegi hossara ýa-da howandara ýazmaça görnüşinde görkezilen rugsadyň berilmegi hakynda arza berlen gününden başlap 15 senenama gününden gijikdirilmän berilmelidir. Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň görkezilen rugsady bermekden ýüz döndermegi onuň sebäbiniň görkezilmegi bilen ýazmaça görnüşinde resmileşdirilip berilmelidir.
Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň hossara ýa-da howandara hossarlykda bolýan adamyň emläk hukuklaryna degişli hereketleri etmegine beren rugsady ýa-da ony bermekden ýüz döndermegi babatda hossar ýa-da howandar tarapyndan ýa-da beýleki gyzyklanýan adamlar tarapyndan kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner, şeýle hem prokuror tarapyndan täsir ediş namasy getirilip bilner.
3. Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň rugsady bolmazdan hossarlykda bolýan adamyň adyndan şertnamanyň baglaşylandygynyň fakty ýüze çykarylan ýagdaýynda hossarlyk we howandarlyk edaralary Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda, şertnamany hakyky däl diýip ykrar etmek hakynda kazyýete hak islegi bilen ýüz tutmaga borçludyrlar, görkezilen şertnamanyň hossarlykda bolýan adamyň bähbidine baglaşylan ýagdaýy muňa degişli däldir. Şertnama ýatyrlan mahalynda hossarlykda bolýan adama degişli emläk yzyna gaýtarylyp berilmäge degişli, şertnamanyň taraplarynyň ýitgileriniň öwezi hossar ýa-da howandar tarapyndan Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenen tertipde dolunmaga degişlidir.
30-njy madda. Hossarlykda bolýan adama degişli
gozgalmaýan emläge ygtyýarlyk
etmegiň aýratynlyklary
1. Hossarlykda bolýan adama degişli gozgalmaýan emläk şu aşakdaky ýagdaýlardan başga ýagdaýda çetleşdirilmäge degişli däldir:
1) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen esaslar we tertip boýunça mejbury tutulyp alynmaklyga degişli bolanda, şol sanda girew serişdesi tutulyp alnanda;
2) eger görkezilen şertnama hossarlykda bolýan adamyň peýdasyna amala aşyrylan bolsa, alyş-çalyş şertnamasy boýunça çetleşdirilende;
3) hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýan ýeri üýtgände, hossarlykda bolýan adama degişli ýaşaýyş jaýy çetleşdirilende;
4) eger-de hossarlykda bolýan adamyň bähbitleri talap edýän bolsa (gymmat bahaly saglygyny dikeldiş töleginiň zerurlygynda we beýleki ýagdaýlarda) aýratyn ýagdaýlarda gozgalmaýan emläk çetleşdirilende.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen geleşikleri baglaşmak üçin şu Kanunyň 29-njy maddasyna laýyklykda berlen hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň rugsady talap edilýär.
3. Hossarlykda bolýan adamyň ýaşaýyş jaýynyň hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň rugsadyny almazdan çetleşdirilendiginiň fakty ýüze çykarylanda, hossarlyk we howandarlyk edaralary şu Kanunyň 29-njy maddasynyň 3-nji böleginde göz öňünde tutulan tertipde kazyýete ýüz tutmaga borçludyr.
31-nji madda. Hossarlykda bolýan adamyň emlägini
ynançly dolandyrmak
Hossarlykda bolýan adamyň emlägini ynançly dolandyrmaklyk şu Kanunyň 27-nji we 30-njy maddalarynyň düzgünlerine we Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
VII BAP. HOSSARLYGY ÝA-DA HOWANDARLYGY
BES ETMEK. HOSSARY ÝA-DA HOWANDARY
ÖZ ÜSTÜNE ÝÜKLENEN BORÇLARYNY ÝERINE ÝETIRMEKDEN BOŞATMAK ÝA-DA ÇETLEŞDIRMEK
32-nji madda. Hossarlygy ýa-da howandarlygy
bes etmek üçin esaslar
1. Hossarlyk şu ýagdaýlarda bes edilýär:
1) hossarlykda bolýan adam aradan çykanda;
2) hossarlykda bolýan adamyň ýedi ýaşy dolanda;
3) hossarlykda bolýan adam ata-enesine gaýtarylyp berlende;
4) hossarlykda bolýan adam perzentlige alnanda;
5) kazyýet tarapyndan hossarlykda bolýan adamyň kämillik ukyby dikeldilende;
6) hossar bellemek hakyndaky kararyň hereket ediş möhleti gutaranda;
7) hossar öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylanda ýa-da çetleşdirilende;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.
Hossarlykda bolýan adamyň ýedi ýaşy dolanda, onuň hossary bolup durýan adam, bellenen tertipde howandary bellemek baradaky tertip boýunça bellenmezden hossarlykda bolýan adamyň howandary hasaplanýar.
2. Howandarlyk şu ýagdaýda bes edilýär:
1) hossarlykda bolýan adam aradan çykanda;
2) hossarlykda bolýan adamyň kämillik ýaşy dolanda;
3) hossarlykda bolýan adam ata-enesine gaýtarylyp berlende;
4) hossarlykda bolýan adam perzentlige alnanda;
5) kazyýetiň hossarlykda bolýan adamyň kämillik ukybyny çäklendirmek hakyndaky çözgüdi ýatyrlanda;
6) howandar bellemek hakyndaky kararyň hereket ediş möhleti gutaranda;
7) hossarlykda bolýan adam nika baglaşanda;
8) hossarlykda bolýan adamyň saglyk ýagdaýy gowulaşanda;
9) howandar öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylanda ýa-da çetleşdirilende;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.
3. Hossaryň ýa-da howandaryň esasly sebäplere görä öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirip bilmedik mahalynda, hossarlykda bolýan adamyň wagtlaýyn saglygy goraýyş edaralarynda, durmuş hyzmatlary we beýleki edaralarda bolmagy, hossaryň ýa-da howandaryň hossarlykda bolýan adam babatdaky hukuklaryny amala aşyrmagyny we borçlaryny ýerine ýetirmegini bes etmeýär.
4. Kämillik ýaşyna ýetmedik ata-eneleriň çagalaryna hossarlyk şu maddanyň 1-nji böleginde göz öňünde tutulan esaslar boýunça, şeýle hem görkezilen ata-eneleriň on sekiz ýaşy dolanda, şeýle hem olaryň kämillik ýaşyna ýetmänke doly möçberde kämillik ukybyna eýe bolanynda bes edilýär.
5. Hossar ýa-da howandar öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden öz haýyşy boýunça boşadylyp bilner.
6. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossarlykda bolýan adam bilen hossaryň ýa-da howandaryň bähbitleriniň arasynda düşünişmezlik ýüze çykan ýagdaýynda, hossary ýa-da howandary öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden wagtlaýyn boşadyp biler.
7. Hossarlyk we howandarlyk edaralary şu aşakdaky ýagdaýlarda hossary ýa-da howandary öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden çetleşdirmäge hukuklydyr:
1) öz üstüne ýüklenen borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmedik ýagdaýynda;
2) hossarlykda bolýan adamyň hukuklaryny, azatlyklaryny we kanuny bähbitlerini bozanda, şol sanda hossarlygy ýa-da howandarlygy betnebislik maksatlary bilen amala aşyranda ýa-da hossarlykda bolýan adamy gözegçiliksiz we zerur kömeksiz galdyranda;
3) hossarlyk we howandarlyk edaralary tarapyndan hossaryň ýa-da howandaryň şu Kanunyň ýa-da hossarlykda bolýan adamyň emlägini goramagyň we onuň emlägine ygtyýarlyk etmeginiň şertnamalaýyn düzgünlerini bozandygynyň faktlary ýüze çykarylanda.
8. Şu maddanyň 5-nji, 6-njy we 7-nji böleklerinde göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, hossaryň ýa-da howandaryň hukuklary we borçlary häkim tarapyndan hossaryň ýa-da howandaryň öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylandygy ýa-da çetleşdirilendigi hakynda karar kabul eden pursadyndan bes edilýär.
9. Häkimiň hossaryň ýa-da howandaryň öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylandygy ýa-da çetleşdirilendigi hakyndaky kararyna kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner, şeýle hem prokuror tarapyndan täsir ediş namasy getirilip bilner.
10. Hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetiren adam hossarlygyň ýa-da howandarlygyň bes edilendigi barada özüne mälim bolan gününden başlap, üç iş gününiň dowamynda hossarlyk we howandarlyk edaralaryna öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirendigi hakynda hasabat bermäge borçludyr.
11. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossaryň ýa-da howandaryň öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirendigi baradaky hasabatyny alan pursadyndan ýedi senenama günden gijä galman hossaryň ýa-da howandaryň hereketinde (hereketsizliginde) ony jogapkärçilige çekmek üçin esaslary ýüze çykan ýagdaýynda, ýa-da hossary ýa-da howandary jogapkärçiligine çekmek üçin esaslary ýüze çykaran pursadyndan on dört senenama gününden gijä galman degişli çäräni görmäge borçludyr.
12. Hossarlygyň ýa-da howandarlygyň bes edilmegi sebäpli, şu Kanunyň 23-nji maddasyna laýyklykda hossarlygy ýa-da howandarlygy amala aşyrmak barada baglaşylan şertnamanyň hereketi hem bes edilýär.
33-nji madda. Hossary ýa-da howandary öz üstüne
ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden
boşatmak we çetleşdirmek
1. Hossar ýa-da howandar öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden öz arzasy boýunça, şeýle hem hossarlykda bolýan adamyň talaby boýunça boşadylyp bilner.
Hossary ýa-da howandary öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden boşatmak baradaky karar hossarlyk we howandarlyk edaralaryň haýyşnamasy esasynda häkim tarapyndan kabul edilýär.
2. Öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmedik, ýa talaba laýyk ýerine ýetirmedik ýa-da öz hukuklaryndan hyýanatçylykly peýdalanan hossary ýa-da howandary öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden çetleşdirmek hakyndaky karar hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň haýyşnamasy esasynda häkim tarapyndan kabul edilýär.
3. Hossar ýa-da howandar öz üstüne ýüklenen borçlaryny betnebislik maksatlary üçin peýdalananda, hossarlykda bolýan adamy gözegçiliksiz galdyranda ýa-da zerur kömegi bermedik ýagdaýynda hossarlyk we howandarlyk edaralary ony Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde jogapkärçilige çekmek üçin zerur çäreleri görmäge borçludyr.
4. Hossar ýa-da howandar öz üstüne ýüklenen borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylan ýa-da çetleşdirilen ýagdaýynda, hossarlykda bolýan adamyň islegini nazara almak bilen oňa başga hossar ýa-da howandar bellenilýär, ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde ýerleşdirmegiň beýleki görnüşi kesgitlenýär.
5. Hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetiren adam, özüniň hossaryň ýa-da howandaryň borçlaryny ýerine ýetirmekden boşadylandygy ýa-da çetleşdirilendigi hakynda mälim bolan pursadyndan başlap üç iş gününiň dowamynda hossarlyk we howandarlyk edaralaryna öz üstüne ýüklenen borçlary ýerine ýetirendigi hakynda hasabat bermäge borçludyr.
VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
34-nji madda. Hossarlykda bolýan adama ýetirilen
zeleliň (zyýanyň) öwezini dolmak
1. Hossarlyk we howandarlyk edaralary hossaryň ýa-da howandaryň hossarlykda bolýan adamyň emlägini goramak we öňa ygtyýarlyk etmek boýunça borçlaryny ýerine ýetirmändigi ýa-da talaba laýyk ýerine ýetirmändigi (emlägi zaýalandygy, talaba laýyk saklamandygy, emlägi bellenen maksatlara görä sarp etmändigi, hossarlykda bolýan adamyň emläginiň bahasynyň peselmegine getirýän hereketleri (hereketsizligi) edendigi we beýleki emläge ýetirilen zelel (zyýan) barada delilnama düzmäge we hossarlykda bolýan adama ýetirilen emläk zeleliniň (zyýanynyň) öweziniň dolunmagy hakynda hossara ýa-da howandara talap bildirmäge borçludyr.
2. Hossarlyk we howandarlyk edaralaryndan rugsat almazdan hossarlykda bolýan adamyň adyndan baglaşylan şertnama hakyky däl diýlip ykrar edilende, hossarlykda bolýan adamyň emlägi yzyna gaýtarylyp berilmäge degişlidir, şertnamanyň taraplaryna ýetirilen zeleliň (zyýanyň) öwezi bolsa, Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda bellenen tertipde hossar ýa-da howandar tarapyndan dolunmaga degişlidir.
3. Hossarlyk we howandarlyk edaralarynyň bikanun çözgüdi ýa-da onuň wezipeli adamlarynyň hereketi (hereketsizligi), şeýle hem hossarlaryň ýa-da howandarlaryň bikanun hereketi (hereketsizligi) netijesinde hossarlykda bolýan adamyň janyna we saglygyna ýetirilen zeleliň (zyýanyň) öwezi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde dolunmaga degişlidir.
4. Kämillik ukyply, hossarlykda bolan adamyň hossarlyk ýa-da howandarlyk bes edileninden soň, öz hossaryndan ýa-da howandaryndan onuň bikanun hereketleri (hereketsizligi) sebäpli özüne ýetirilen emläk zeleliň (zyýanyň) doly möçberde öweziniň dolunmagyny talap etmäge haky bardyr. Şonda görkezilen adamyň emläk hukuklaryny goramak maksady bilen, hossarlyk we howandarlyk edaralary hossardan ýa-da howandardan hossarlykda bolan adama ýetirilen emläk zeleliň (zyýanyň) öweziniň dolunmagyny talap etmäge borçludyrlar.
35-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
36-njy madda. Jedelleri çözmek
Hossarlyk we howandarlyk çygrynda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
37-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun 2018-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girýär.
2. Şu Kanun güýje girýänçä Türkmenistanyň Ministrler Kabineti şu Kanunyň düzgünleriniň durmuşa geçirilmegi üçin zerur bolan kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamaly we kabul etmeli.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.
№ 567-V.