Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Bosgunlar hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 2, 73-madda)
Şu Kanun Türkmenistanda adamyň bosgun diýlip ykrar edilmeginiň, goşmaça we wagtlaýyn gorag berilmeginiň tertibini we esaslaryny hem-de bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň hukuklaryny goramagyň hukuk, ykdysady we durmuş kepilliklerini belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) bosgun – teniniň reňki, jynsy, dine garaýşy, raýatlyk alamaty, jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişliligi boýunça ýa-da syýasy ynam-ygtykady sebäpli yzarlamalaryň pidasy bolmakdan doly esaslandyrylan howatyrlanmalary netijesinde Türkmenistanda bolýan we öz ýurdunyň goragyndan peýdalanyp bilmeýän ýa-da şeýle howatyrlanmalar sebäpli şeýle goragdan peýdalanmak islemeýän ýa-da belli bir raýatlygy bolman we şeýle ýagdaýlaryň netijesinde öňki adaty ýaşan ýurdunyň çäklerinden daşarda bolmak bilen, şeýle howatyrlanmalar sebäpli oňa dolanyp baryp bilmeýän ýa-da dolanmak islemeýän adam;
2) bosgun statusynyň berilmegi hakynda towakga edýän adam – Türkmenistanyň çägine gelen ýa-da onuň çäginde kanun esasynda bolýan we şu Kanunyň 10-njy maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar boýunça bosgun diýlip ykrar edilmegine isleg bildiren daşary ýurt raýaty ýa-da raýatlygy bolmadyk adam (mundan beýläk – adam);
3) bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnama – bosgun statusynyň berilmegi hakynda towakga edýän adamyň şahsyýetini we towakganama garalýan döwürde şol adamyň Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň kanunylygyny tassyklaýan bellenilen nusgadaky resminama;
4) bosgun statusy – Türkmenistanda bosgun diýlip ykrar edilen adamyň Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen hukuk ýagdaýy;
5) bosgun şahsyýetnamasy – Türkmenistanda bosgun statusy berlen adamyň şahsyýetini tassyklaýan bellenilen nusgadaky resminama;
6) bosgunyň ýol resminamasy – bosguna Türkmenistandan gitmäge we Türkmenistana gelmäge hukuk berýän hem-de Türkmenistanyň çäginden daşarda onuň şahsyýetini tassyklaýan bellenilen nusgadaky resminama;
7) goşmaça gorag – Türkmenistanda bosgun statusyny bermekden ýüz döndermek barada çözgüt kabul edilen we goşmaça gorag berlen adamyň hukuklarynyň we borçlarynyň jemi;
8) goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnama – goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän adamyň şahsyýetini we towakganama garalýan döwürde şol adamyň Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň kanunylygyny tassyklaýan bellenilen nusgadaky resminama;
9) goşmaça goragyň berlendigi hakyndaky şahsyýetnama – Türkmenistanda goşmaça gorag berlen adamyň şahsyýetini tassyklaýan bellenilen nusgadaky resminama;
10) wagtlaýyn gorag – Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen we Türkmenistanda wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň hukuklarynyň we borçlarynyň jemi;
11) wagtlaýyn gorag berlen adamyň hasaba alnandygy baradaky şahadatnama – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde wagtlaýyn gorag berlen adamyň şahsyýetini we onuň hasaba alnandygyny tassyklaýan bellenilen nusgadaky resminama;
12) wagtlaýyn ýaşalýan ýer – bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, şeýle hem bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn ýaşamagy üçin berlen ýaşaýyş jaýlary;
13) wagtlaýyn ýerleşiş nokady – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň wagtlaýyn ýaşamagy üçin Türkmenistanyň Döwlet serhediniň çägine ýakyn ýerlerde döredilen kabul edilýän nokatlar;
14) howpsuz üçünji ýurt – gaçybatalga ýa-da bosgun statusy berlip bilinjek ýa-da berlen, şeýle hem goragyndan peýdalanmak mümkinçiligi bolan döwlet;
15) maşgala agzalary – adamyň raýaty bolup durýan ýurduny ýa-da öňki adaty ýaşan ýerini terk edip gaýtmagyndan öň nikada duran adamsy (aýaly), on sekiz ýaşyna ýetmedik we nikada durmaýan çagalary (şol sanda perzentlige alnanlar), on sekiz ýaşyna ýeten, nikada durmaýan we şol adamyň eklenjinde bolýan zähmete ukypsyz çagalary (şol sanda perzentlige alnanlar), şol adam bilen bile ýaşan hem-de raýaty bolup durýan ýurdunda ýa-da öňki adaty ýaşan ýerinde umumy hojalygy ýöreden, zähmete ukypsyz ata-eneler;
16) maşgalanyň birleşmegi – şu Kanunda bellenen tertipde bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen adamyň maşgala agzalarynyň bilelikde ýaşamak üçin Türkmenistana gelmegi;
17) ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adam – Türkmenistana gelende ýanynda kanuny wekilleri ýa-da maşgalanyň kämillik ýaşyna ýetmedik agzalaryny ekläp-saklamak üçin jogapkärçiligi öz üstüne meýletin alan on sekiz ýaşy dolan maşgala agzalary bolmadyk, şeýle hem Türkmenistana gelenden soň bellenen tertipde hossar ýa-da howandar bellenilmedik on sekiz ýaşyna ýetmedik adam;
18) wagtlaýyn ýaşalýan ýerleriň sanawy –Türkmenistanda bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen adamlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň wagtlaýyn ýaşamagy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kesgitlenen ýaşaýyş jaýlarynyň sanawy.
2-nji madda. Bosgunlar hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygy
1. Bosgunlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna we ýörelgelerine esaslanýar hem-de şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulandan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Türkmenistanda bosgun statusynyň ýa-da
goşmaça goragyň berilmegi hakynda
towakga eden adamlaryň, Türkmenistanda
bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn
gorag berlen adamlaryň hukuklarynyň
kepillikleri
1. Eger adam, öz janyna ýa-da azatlygyna howp abanan çäkden gelip, özünе bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama bilen Türkmenistanyň degişli ygtyýarly döwlet edaralaryna gaýragoýmazdan ýüz tutan halatynda, ol Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň kadalaryny bozup geçendigi we Türkmenistanyň çäginde bikanun bolandygy üçin jogapkärçilikden boşadylýar.
2. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamasyna garalýan adam, şeýle-de Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adam şu Kanunda göz öňünde tutulan hukuklara eýedir hem-de borçlary ýerine ýetirýär.
3. Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygynyň ýa-da jemgyýetçilik tertibiniň bähbitleriniň goralmagy bilen baglanyşykly bolan ýagdaýlardan başga halatlarda bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamasyna garalýan adam, şeýle-de Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adam öz erkiniň garşysyna terk edip gaýdan ýurduna yzyna gaýtarylyp bilinmez.
4. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we wezipeli adamlaryň bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga eden adamlaryň, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklaryny kemsidýän çözgütleri we hereketleri barada ýokarda durýan edaralara ýa-da kazyýete şikaýat edilip bilner.
5. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga eden adamlar, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlar baradaky maglumatlar gizlin bolup, şol adamlaryň razylygy bolmadyk halatynda, olaryň maglumatlary raýaty bolup durýan ýurdunyň ýa-da öňki adaty ýaşan ýeriniň döwlet edaralaryna, beýleki guramalaryna we şol ýurduň raýatlaryna, köpçülikleýin habar beriş serişdelerine berlip bilinmez.
4-nji madda. Maşgalanyň bitewüligi ýörelgesi
1. Eger maşgala agzalarynyň birine şu Kanunda bellenen tertipde bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen bolsa, maşgalanyň birleşmegini üpjün etmek üçin onuň maşgala agzalaryna, şeýle hem şol maşgalanyň Türkmenistanyň çäginde doglan çagalaryna maşgalanyň bitewüligi ýörelgesine laýyklykda bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berilýär.
2. Maşgalanyň her bir kämillik ýaşyna ýeten agzasy beýleki agzalaryndan aýratynlykda bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakganama berip biler.
5-nji madda. Türkmenistanda adamyň bosgun diýlip
ykrar edilmegi
1. Türkmenistanda adamyň bosgun diýlip ykrar edilmegi şu Kanunda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
2. Türkmenistanda adamyň bosgun diýlip ykrar edilmegi bilen şular göz öňünde tutulýar:
1) bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama bilen ýüz tutmagy;
2) bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnamanyň berilmegi;
3) bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnama berlenden soň towakga edýän adamyň hasaba alynmagy;
4) bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama garalmagy;
5) bosgun statusynyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň netijeleri boýunça bosgun statusyny bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek hakynda çözgüdiň kabul edilmegi we bu barada towakga edýän adama habar berilmegi;
6) bosgun şahsyýetnamasynyň berilmegi.
6-njy madda. Şu Kanunyň hereket ediş çäkleri
Özi babatda şulary çak etmäge düýpli esaslar bolan adama şu Kanun degişli edilmeýär, eger-de ol:
1) parahatçylyga garşy jenaýat, harby jenaýat ýa-da şeýle jenaýatlar babatda çäreler görmek maksady bilen düzülen halkara namalarynda şol etmişlere çäre görmek üçin berlen kesgitlemede görkezilen jenaýaty adamzadyň garşysyna eden bolsa;
2) Türkmenistana goýberilmezinden öň Türkmenistanyň çäginden daşarda syýasy häsiýeti bolmadyk agyr jenaýaty eden bolsa;
3) Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelýän hereketleri amala aşyrmakda günäkär bolsa;
4) onuň ýaşaýan döwletiniň ygtyýarly häkimiýet edaralary tarapyndan şol döwletiň raýatlygy bilen baglanyşykly hukuklar we borçlar ykrar we üpjün edilýän bolsa;
5) Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissaryndan başga Birleşen Milletler Guramasynyň beýleki edaralarynyň ýa-da guramalarynyň goragyndan we (ýa-da) kömeginden peýdalanýan bolsa.
II BAP. BOSGUN STATUSYNYŇ, GOŞMAÇA WE
WAGTLAÝYN GORAGYŇ BERILMEGI, BOSGUN STATUSYNYŇ WE GOŞMAÇA GORAGYŇ
ÝITIRILMEGI WE ONDAN MAHRUM EDILMEGI
7-nji madda. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň
berilmegi hakyndaky towakganamanyň
berilmegi
1. Adam bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy almak üçin özi ýa-da özüniň ygtyýarly wekiliniň üsti bilen ýazmaça görnüşinde bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama bilen şu döwlet edaralaryna ýüz tutmaga borçludyr:
1) Türkmenistanyň Döwlet serhedindäki gözegçilik-geçiriş ýerlerine gelen halatynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň edaralaryna (mundan beýläk – migrasiýa gullugynyň edaralary);
2) Türkmenistanda kanun esasynda bolýan halatynda, bolýan ýeri boýunça migrasiýa gullugynyň edaralaryna;
3) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň kadalaryny bozup geçmäge mejbur bolan halatynda, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň degişli bölümlerine.
Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň kadalaryny bozup geçmäge mejbur bolan adamyň bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy almak niýeti Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň degişli bölümleriniň wekilleri tarapyndan anyklanylandan soň, şol adam we onuň bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamasy seredilmegi üçin haýal edilmän ýakyndaky migrasiýa gullugynyň edaralaryna iberilýär. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň wezipeli adamlary ýüz tutýan adama bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermegiň tertibi we esaslary baradaky maglumatlary bermäge borçludyr.
2. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň berlen gününden, migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan şeýle towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky bellenilen nusgadaky wagtlaýyn şahadatnama berilýär we şol şahadatnamanyň esasynda towakga edýän adamyň wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde hasaba alynmagy amala aşyrylýar.
3. Adamyň şahsyýetini tassyklaýan resminamalarynyň bolmazlygy, onuň bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamasyny hasaba almakdan we bu barada wagtlaýyn şahadatnamany bermekden ýüz döndermek üçin esas bolup bilmez.
4. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnamany resmileşdirmegiň we bermegiň tertibi, şeýle hem olaryň nusgalary Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.
5. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga etmäge niýeti bolan, ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlary bolýan ýerleri boýunça hossarlyk we howandarlyk edaralaryna ugrukdyrmak boýunça migrasiýa gullugynyň edaralary haýal etmän degişli çäreleri görýärler. Hossarlyk we howandarlyk edaralary üç iş gününiň dowamynda ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň adyndan bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama bilen migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutýarlar hem-de şol adamlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini gоramak boýunça beýleki zerur bolan çäreleri amala aşyrýarlar.
Ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlar şu Kanunyň 8-nji, 15-nji, 16-njy, 17-nji maddalarynda göz öňünde tutulan hukuklara eýedirler.
8-nji madda. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň
berilmegi hakyndaky towakganamasy hasaba
alnan adamyň hukuklary we borçlary
1. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama hasaba alnandan soň, towakga eden adam we onuň maşgala agzalary towakganama boýunça çözgüt kabul edilýän döwründe şu hukuklara eýedirler:
1) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegine dahylly meseleler babatda terjimeçiniň muzdsuz hyzmatlaryndan peýdalanmaga;
2) bosgun diýlip ykrar edilmeginiň we goşmaça goragyň berilmeginiň tertibi, öz hukuklary we borçlary baradaky, şeýle hem şu madda laýyklykda başga maglumatlary almaga;
3) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnamany we wagtlaýyn ýaşalýan ýere ýerleşmek üçin migrasiýa gullugynyň edaralarynyň ýollaýyş hatyny almaga;
4) wagtlaýyn ýaşalýan ýere çenli Türkmenistanyň ygtyýarly döwlet edaralarynyň wekilleriniň ýany bilen gitmegine we zerur ýagdaýlar ýüze çykan halatynda howpsuzlygynyň üpjün edilmegi üçin wagtlaýyn ýaşalýan ýerde goragdan peýdalanmaga;
5) wagtlaýyn ýaşalýan ýere çenli mugt gitmäge we ýüküni alyp barmaga;
6) wagtlaýyn ýaşalýan ýerde berlen ýaşaýyş jaýyndan mugt peýdalanmaga we iýmit almaga;
7) lukmançylyk kömeginden we durmuş hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga;
8) wagtlaýyn ýaşalýan ýerde işe ýerleşmäge;
9) Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda mekdebe çenli we umumy orta bilim almaga;
10) maşgalanyň birleşmegine;
11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi, şahsy emlägiň daşalmagy bilen baglanyşykly paçlary, salgytlary we ýygymlary tölemekden boşadylmaga;
12) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmeginiň meseleleri boýunça hukuk kömeginden muzdsuz peýdalanmaga;
13) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda kazyýet goragyna;
14) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garalmagyny bes etmek baradaky arzany bermäge;
15) raýaty bolup durýan ýurduna ýa-da öňki adaty ýaşan ýerine meýletin dolanmaga;
16) başga döwlete hemişelik ýaşamak üçin gitmäge;
17) Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlarynyňky ýaly beýleki hukuklardan peýdalanmaga.
2. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama hasaba alnandan soň, towakga eden adam we onuň maşgala agzalary towakganama boýunça çözgüt kabul edilýän döwründe şulara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryny, taryhyny, medeni we tebigy mirasyny hormatlamaga;
2) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garaýan migrasiýa gullugynyň edarasyna şeýle towakganama garamak üçin zerur bolan maglumatlary bermäge;
3) ýollaýyş hatynyň alynmagy bilen, wagtlaýyn ýaşalýan ýere gitmäge we üç iş gününiň dowamynda migrasiýa gullugynyň edarasynda hasaba durmaga;
4) wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerde ýaşamagyň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibini berjaý etmäge;
5) saglygy goraýyş edaralarynyň talap etmegi boýunça lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge we olaryň tabşyryknamalaryny ýerine ýetirmäge;
6) hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistandan gitmek baradaky niýetini migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlarynyňky ýaly beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
9-njy madda. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň
berilmegi hakyndaky towakganama
garamagyň tertibi
1. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garamak şeýle towakganamanyň hasaba alnan gününden başlap üç aýyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan amala aşyrylýar.
Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň möhleti zerur bolan halatynda bir ýyla çenli uzaldylyp bilner.
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garamak meseleleri boýunça degişli döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket edýär.
2. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň, bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmeginiň, olaryň ýitirilmeginiň we olardan mahrum edilmeginiň, şeýle hem wagtlaýyn goragyň berilmeginiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama esaslandyrylmadyk diýlip ykrar edilýär we şeýle towakganama garamagy bes etmek hakynda çözgüt kabul edilýär, eger-de:
1) adamyň garşysyna Türkmenistanyň çäginde jenaýat işi gozgalan bolsa;
2) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlaryň ýokdugy sebäpli bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermekden öň ýüz dönderilen bolsa hem-de onuň raýaty bolup durýan ýurdundaky ýa-da öňki adaty ýaşan ýerindäki ýagdaýlar ýüz dönderilen gününden täze towakganamanyň berlen gününe çenli üýtgemedik bolsa;
3) şu Kanunyň 10-njy maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar boýunça yzarlanmalaryň pidasy bolmagynda esaslandyrylan howatyrlanmalar bolmadyk halatynda, adam goragyndan peýdalanyp biljek howpsuz üçünji ýurduň raýatlygynda durýan bolsa ýa-da onuň şol howpsuz üçünji ýurduň çäklerinde kanun esasynda bolmaga hukugy bar bolsa;
4) adam Türkmenistana gelmezinden öň bolan howpsuz üçünji ýurdunda bellenen tertipde gaçybatalga alyp biljek ýa-da bosgun statusyny resmileşdirip biljek bolsa ýa-da oňa gaçybatalga berlen bolsa;
5) adam şu Kanunyň 10-njy maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar bilen bagly bolmadyk sebäplere görä, raýaty bolup durýan ýurduny ýa-da öňki adaty ýaşaýan ýerini terk edip gaýdan hem-de şol döwletiň kanunçylygyna laýyklykda bikanun terk edip gaýdandygy ýa-da haýsy-da bolsa başga bir hukuk bozulmalar üçin jogapkärçilige çekilmeginden howatyrlanma sebäpli raýaty bolup durýan ýurduna ýa-da öňki adaty ýaşaýan ýerine dolanmak islemeýän bolsa;
6) adam Türkmenistanyň milli howpsuzlygyna we jemgyýetçilik tertibine howp salýan bolsa ýa-da şol sebäpli öň Türkmenistanyň çäginden çykarylan bolsa;
7) adam Türkmenistanyň raýaty bilen nikada durýan hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň çäginde ýaşamak üçin ygtyýarnama almaga mümkinçiligi bar bolsa;
8) adamyň Türkmenistanda ýaşamak üçin ygtyýarnamasy bar bolsa;
9) adam towakganamasyna garalýan döwürde Türkmenistanyň çäklerinden giden bolsa;
10) adam towakganamasyna garalmagyny bes etmek barada arza beren bolsa;
11) aradan çykan bolsa.
Şeýle hem bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garamak bes edilýär, eger-de:
1) adam Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özüniň biometriki maglumatlaryny bermek boýunça talaplary ýerine ýetirmekden ýüz dönderse;
2) adam wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça hasaba alynmagy üçin migrasiýa gullugynyň edaralaryna esassyz sebäplere görä bellenen möhletde gelmese;
3) adam hökmany lukmançylyk barlagyndan geçmekden ýüz dönderse;
4) adam bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garalýan döwürde şahsyýetini anyklamak, raýaty bolup durýan ýurdy ýa-da öňki adaty ýaşan ýeri, şol ýeri terk edip gaýtmagynyň we Türkmenistana gelmeginiň sebäpleri bilen bagly meseleler barada degişli ygtyýarly döwlet edaralaryna bilkastlaýyn yzygiderliligi bolmadyk, çapraz, nätakyk, göz-görtele ýalan maglumatlary ýa-da galp resminamalary beren bolsa, şol babatda jogap bermese ýa-da jogap bermekden ýüz dönderse;
5) adam tarapyndan şahsyýetini tassyklaýan resminamalaryň ýok edilendigi we (ýa-da) galp resminamalaryň ulanylandygy anyklanan bolsa;
6) adam Türkmenistanyň çäginde edilen hukuk bozulmalary sebäpli administratiw taýdan Türkmenistanyň çäginden çykarylmazlygy üçin bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama bilen ýüz tutan bolsa.
Adamyň migrasiýa gullugynyň edaralaryna wagtynda gelmegine ýa-da biometriki maglumatlaryny bermegine, bellenen tertipde hökmany lukmançylyk barlagyndan geçmegine päsgel berýän ýagdaýlaryň bardygy barada subutnamalary bolan halatynda, bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagy bes etmek hakynda çözgüt kabul edilmeýär.
4. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylandan soň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy aşakdaky çözgütlerden birini kabul edýär:
1) bosgun statusyny bermek hakynda;
2) bosgun statusyny bermekden ýüz döndermek hakynda;
3) goşmaça goragy bermek hakynda;
4) goşmaça goragy bermekden ýüz döndermek hakynda.
5. Adama bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermekden ýüz dönderilip bilner, eger-de:
1) bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermek üçin esaslar bolmadyk halatynda;
2) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama esaslandyrylmadyk diýlip ykrar edilen, şeýle hem şu maddanyň 3-nji bölüminde göz öňünde tutulan beýleki halatlarda;
3) şu Kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulan halatlarda.
6. Bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermek hakyndaky towakganama garamagyň netijeleri Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan on iş günüň dowamynda ýazmaça görnüşde towakga eden adamyň dykgatyna ýetirilýär.
7. Bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen adama on iş günüň dowamynda bellenilen nusgadaky şahsyýetnama berilýär. Bosgun statusy berlen adamyň ýüz tutmagy boýunça oňa ýol resminamasy berilýär.
Bosgun şahsyýetnamasy we bosgunyň ýol resminamasy, goşmaça goragyň berlendigi hakyndaky şahsyýetnama kesgitlenen möhlete laýyklykda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tölegsiz resmileşdirilýär. Bosgun şahsyýetnamasyny we onuň ýol resminamasyny, goşmaça goragyň berlendigi hakyndaky şahsyýetnamany resmileşdirmegiň we bermegiň, çalşyrmagyň, möhletini uzaltmagyň, ýatyrmagyň tertibi, şeýle hem goşmaça goragyň berlendigi hakyndaky şahsyýetnamanyň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.
8. Bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen adamyň wagtlaýyn ýaşaýan ýeri boýunça bosgun şahsyýetnamasy ýa-da goşmaça gorag berlendigi hakyndaky şahsyýetnamasy esasynda hasaba alynmagy we onuň hasaba alynmagynyň möhletiniň uzaldylmagy migrasiýa gullugynyň edaralarynda amala aşyrylýar.
9. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän adamlary, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlary hasaba almagyň, olaryň hasaba alynmagynyň möhletini uzaltmagyň we olaryň hasabatyny ýöretmegiň tertibi Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kesgitlenilýär.
10. Bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermekden ýüz dönderilen halatynda, towakganama bilen ýüz tutan adama ýüz dönderilmeginiň sebäpleri, şeýle hem oňa bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermekden ýüz dönderilmegi hakyndaky çözgüde şikaýat etmegiň tertibi we möhleti barada habar berilýär.
10-njy madda. Bosgun statusynyň berilmegi
Teniniň reňki, jynsy, dine garaýşy, raýatlyk alamaty, jemgyýetiň belli bir gatlagyna degişliligi boýunça ýa-da syýasy ynam-ygtykady sebäpli yzarlamalaryň pidasy bolmakdan doly esaslandyrylan howatyrlanmalary netijesinde Türkmenistanda bolýan we öz ýurdunyň goragyndan peýdalanyp bilmeýän ýa-da şeýle howatyrlanmalar sebäpli şeýle goragdan peýdalanmak islemeýän ýa-da belli bir raýatlygy bolman we şeýle ýagdaýlaryň netijesinde öz öňki adaty ýaşaýan ýurdunyň çäklerinden daşarda bolmak bilen, şeýle howatyrlanmalar sebäpli oňa dolanyp baryp bilmeýän ýa-da dolanmak islemeýän adama bosgun statusy berilýär.
Adama bosgun statusy onuň raýaty bolan ýurdundaky ýa-da öňki adaty ýaşan ýerindäki bosgun statusyny bermek üçin esaslaryň bolmagynyň dowam edýän möhletine çenli berilýär.
11-nji madda. Goşmaça goragyň berilmegi
1. Goşmaça gorag adama şu ýagdaýlarda berlip bilner, eger-de:
1) adamy şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar boýunça Türkmenistanda bosgun diýip ykrar etmek üçin esaslaryň ýokdugy sebäpli bosgun statusyny bermekden ýüz döndermek barada çözgüt kabul edilen bolsa, emma ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alnyp Türkmenistanyň çäginden çykaryp bolmasa;
2) Şu Kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlar boýunça Türkmenistanda bosgun diýip ykrar etmek üçin esaslaryň bardygyna garamazdan, adam goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakganama beren bolsa.
2. Goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamany bermegiň we oňa garamagyň tertibi şu Kanunyň 7-nji hem-de 9-njy maddalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Goşmaça gorag adama bir ýyla çenli möhlet bilen berilýär. Goşmaça gorag berlen adamyň raýaty bolup durýan ýurdunda ýa-da öňki adaty ýaşan ýerinde goşmaça goragyň berilmeginiň esaslarynyň dowam edýän halatynda, goşmaça goragyň möhleti bir ýyla çenli uzaldylyp bilner. Adamyň goşmaça goragyň möhletiniň uzaldylmagy hakyndaky towakganamasy boýunça goşmaça goragyň möhletini uzaltmak ýa-da ony uzaltmakdan ýüz döndermek baradaky çözgüt degişli barlaglar geçirilenden soň Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kabul edilýär.
4. Goşmaça goragyň möhletiniň uzaldylmagy hakynda towakganama bilen ýüz tutan adama şu ýagdaýlarda ýüz dönderilip bilner, eger-de:
1) goşmaça goragyň berilmegi üçin esaslar aradan aýrylan bolsa;
2) adam goşmaça goragyň möhletini uzaltmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegine täsir edip biljek görnetin ýalan maglumatlary beren bolsa;
3) Şu Kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulan esaslar anyklanan bolsa;
4) adam goragyndan peýdalanyp biljek üçünji ýurduň raýatlygyny edinen bolsa;
5) goşmaça goragyň möhletini uzaltmak baradaky meselä garalýan döwürde adam Türkmenistanyň çäginden giden bolsa;
6) goşmaça goragyň möhletini uzaltmak baradaky meselä garalýan döwürde adam Türkmenistanyň çäginde agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin jogapkärçilige çekilen bolsa.
12-nji madda. Wagtlaýyn goragyň berilmegi
1. Adamlar Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen halatynda, olaryň bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamalaryna aýratynlykda garamak mümkinçiliginiň ýokdugy sebäpli, olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy bilen bagly meseleleriň çözülmegi üçin wagtlaýyn gorag berilýär.
2. Wagtlaýyn goragy bermek, onuň möhletini uzaltmak ýa-da ony uzaltmakdan ýüz döndermek baradaky çözgüt degişli ygtyýarly döwlet edaralarynyň teklipleri esasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kabul edilýär.
3. Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen adamlara wagtlaýyn goragyň berilmegi bilen, olar Türkmenistanyň Döwlet serhediniň çägine ýakyn ýerlerde döredilen wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynda ýerleşdirilýär, şol ýerlerde olaryň migrasiýa gullugynyň edaralary tarapyndan üç aýa çenli möhlete hasaba alynmagy amala aşyrylýar wewagtlaýyn gorag berlen adamlaryň hasaba alnandygy baradaky şahadatnamalar bilen üpjün edilýär.
Wagtlaýyn gorag berlen adamyň hasaba alnandygy baradaky şahadatnamany resmileşdirmegiň we bermegiň, möhletini uzaltmagyň hem-de ýatyrmagyň tertibi, şeýle hem wagtlaýyn gorag berlen adamyň hasaba alynmagy baradaky şahadatnamanyň nusgasy Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan tassyklanylýar.
Şu Kanunyň 10-njy maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar bar mahalynda, adamlar Türkmenistanyň çäginde bolan wagtynda bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy almak üçin towakganama bilen ýüz tutmaga, şu Kanunyň 10-njy maddasynda göz öňünde tutulan ýagdaýlar bolmadyk halatynda bolsa, özüniň raýaty bolup durýan ýurduna ýa-da öňki adaty ýaşan ýerine dolanyp barmaga ýa-da howpsuz üçünji ýurda gitmäge hukugy bardyr.
4. Eger wagtlaýyn gorag berlen adam wagtlaýyn goragyň möhletiniň tamamlanmagy bilen özüniň raýaty bolup durýan ýurduna ýa-da öňki adaty ýaşan ýerine dolanyp baryp bilmedik ýa-da howpsuz üçünji ýurda gidip bilmedik halatynda, onuň bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamasyna garamak şu Kanunyň 9-njy maddasynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
5. Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen adamlary kabul etmek we olara kömek bermek şu Kanuna laýyklykda hem-de döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklaryny, borçlaryny we özara hereketlerini, şeýle hem şol adamlary kabul etmäge bolan taýýarlyk çäreleriniň ulgamyny kesgitleýän adatdan daşary ýagdaýlar üçin Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
6. Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen adamlary kabul etmek boýunça taýýarlyk çäreleriniň ulgamynda şular göz öňünde tutulýar:
1) tiz gurnalýan göçme desgalar arkaly serhet sebitinde gurnalýan meýdan şertlerindäki wagtlaýyn ýerleşiş nokatlaryny işe girizmek;
2) gelen adamlaryň göçme migrasiýa gözegçilik postlary arkaly hasaba alynmagyny we olaryň hasabatynyň ýöredilmegini guramak;
3) adamlaryň ulaglar arkaly wagtlaýyn ýerleşiş nokatlaryna çenli äkidilmegini guramak;
4) wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynda lukmançylyk we derman kömegini bermek, şeýle hem sanitariýa-epidemiologiýa hyzmatlaryny guramak;
5) iýmit we egin-eşik bilen üpjün edilmegini guramak;
6) terjimeçiler bilen üpjün edilmegini guramak;
7) beýleki zerur bolan çäreleri görmek.
7. Türkmenistana gyssagly ýagdaýda köpçülikleýin gelen adamlara üç aý möhlete çenli wagtlaýyn gorag berlip bilner hem-de zerur bolan halatynda olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagynyň möhleti bir ýyla çenli uzaldylyp bilner.
8. Wagtlaýyn goragyň möhletini uzaltmakdan şu ýagdaýlarda ýüz dönderilip bilner, eger-de:
1) adama wagtlaýyn goragyň berilmegi üçin esaslar aradan aýrylan bolsa;
2) adam wagtlaýyn goragyň möhletini uzaltmak baradaky çözgüdiň kabul edilmegine täsir edip biljek görnetin ýalan maglumatlary beren bolsa;
3) şu Kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulan esaslar anyklanan bolsa;
4) adam goragyndan peýdalanyp biljek üçünji ýurduň raýatlygyny edinen bolsa;
5) wagtlaýyn goragyň möhletini uzaltmak baradaky meselä garalýan döwürde adam Türkmenistanyň çäginden giden bolsa;
6) wagtlaýyn goragyň möhletini uzaltmak baradaky meselä garalýan döwürde adam Türkmenistanyň çäginde agyr ýa-da aýratyn agyr jenaýaty edendigi üçin jogapkärçilige çekilen bolsa.
13-nji madda. Bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň
ýitirilmegi we ondan mahrum edilmegi
1. Adam bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy şu ýagdaýlarda ýitirýär, eger-de ol:
1) özüniň raýaty bolan döwletiniň goragyndan meýletin gaýtadan peýdalanan bolsa;
2) özüniň öňki raýatlygyndan mahrum bolup, ony ýene-de meýletin edinen bolsa;
3) täze raýatlygy edinen bolsa we täze raýatlygyny alan döwletiniň goragyndan peýdalanýan bolsa;
4) yzarlanmalardan howatyrlanmalar netijesinde terk edip gaýdan ýurdunyň çäklerinden daşarda bolup, soňra terk edip gaýdan ýurdunda ýene-de ornaşan bolsa;
5) özüniň raýaty bolan döwletiniň goragyndan peýdalanmakdan mundan beýläk ýüz öwrüp bilmese ýa-da onuň bosgun diýlip ykrar edilmegi üçin esaslar aradan aýrylan bolsa;
6) raýatlygy bolmadyk adam bolmak bilen, özüniň öňki adaty ýaşan ýerine dolanyp bilýän bolsa ýa-da onuň bosgun diýlip ykrar edilmegi üçin esaslar aradan aýrylan bolsa;
7) bosgun statusyndan ýa-da goşmaça goragdan meýletin ýüz dönderen bolsa;
8) Türkmenistanyň raýatlygyny edinen bolsa.
2. Adam goşmaça goragy şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilenlerden başga şu ýagdaýlarda ýitirýär, eger-de:
1) oňa bosgun statusy berlen bolsa;
2) terk edip gaýdan ýurduna ýa-da goşmaça goragyň berilmegi üçin göz öňünde tutulan esaslar sebäpli çäklerinden daşarda bolan ýurduna gaýtadan ornaşan bolsa;
3) goşmaça goragyň berilmegi üçin esaslar aradan aýrylan bolsa.
3. Adam bosgun statusyndan ýa-da goşmaça goragdan şu ýagdaýlarda mahrum edilýär, eger ol:
1) göz-görtele ýalan maglumatlary ýa-da galp resminamalary bermegi netijesinde bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy edinen bolsa;
2) Türkmenistanyň döwlet howpsuzlygyna ýa-da jemgyýetçilik tertibine howp salýan işe gatnaşýan bolsa;
3) Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna we ýörelgelerine ters gelýän işe gatnaşýan bolsa, şeýle hem şu Kanunyň 6-njy maddasynda göz öňünde tutulan beýleki ýagdaýlarda.
4. Türkmenistanda bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy ýitirmek ýa-da ondan mahrum etmek hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylyp, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy tarapyndan kabul edilýär.
5. Bosgun statusyndan ýa-da goşmaça goragdan mahrum etmek hakyndaky çözgüt şu maddada görkezilen esaslaryň we şikaýat etmegiň tertibiniň görkezilmegi bilen on gün möhletde ýazmaça görnüşde bosgun statusyndan ýa-da goşmaça goragdan mahrum edilen adamyň dykgatyna ýetirilýär.
14-nji madda. Bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy
bermekden ýüz döndermek, şeýle hem
bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy
bermek hakynda öň çykarylan çözgüdi
ýatyrmak baradaky çözgütlere
şikaýat edilmegi
1. Türkmenistanda bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermekden ýüz döndermek, şeýle hem Türkmenistanda bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermek hakynda öň çykarylan çözgüdi ýatyrmak baradaky çözgüde, ol barada degişli habarnama gowşurylan pursadyndan başlap, bir aýyň dowamynda kazyýete şikaýat edilip bilner.
2. Çykarylan çözgüt barada kazyýete şikaýat etmek hukugyndan peýdalanýan adam şikaýat boýunça kazyýetiň karary kabul edilýänçä Türkmenistanyň çäklerinde bolýar hem-de şu Kanunyň 8-nji, 15-nji, 16-njy maddalarynda göz öňünde tutulan hukuklardan peýdalanýar we borçlary ýerine ýetirýär.
3. Çykarylan çözgüt barada kazyýete berlen şikaýat kanagatlandyrylmadyk halatynda, kazyýetiň çözgüdiniň kanuny güýjüne girendigi baradaky habarnama gowşurylan pursadyndan başlap, şol adam on iş gününiň dowamynda ýurduň çäginden gitmäge degişlidir.
4. Bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag bermek hakyndaky towakganamalaryna garalmagy bes edilen, bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermekden ýüz dönderilen, goşmaça goragyň möhletini uzaltmakdan ýüz dönderilen, bosgun statusy ýa-da goşmaça goragy ýitirilen, bosgun statusyndan ýa-da goşmaça goragdan mahrum edilen adamlaryň yzyna dolanmagy ýa-da gaýtarylmagy mümkin bolmadyk halatynda, olaryň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertibe laýyklykda Türkmenistanyň çäginde bolmak üçin rugsat almaga hukugy bardyr.
III BAP. BOSGUN STATUSY, GOŞMAÇA WE
WAGTLAÝYN GORAG BERLEN ADAMYŇ
HUKUK ÝAGDAÝY
15-nji madda. Bosgunyň statusy berlen adamyň
hukuklary we borçlary
1. Bosgun statusy berlen adam Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen çäklerde hukuklardan peýdalanýar we borçlary ýerine ýetirýär.
2. Bosgun statusy berlen adam şu hukuklardan peýdalanýar:
1) öz hukuklary we borçlary baradaky, şeýle hem şu madda laýyklykda başga maglumatlary almaga;
2) ilatly ýerleriň hödürlenen sanawyndan ýaşajak ýerini saýlamaga;
3) öz garyndaşlarynyň ýanynda, olaryň razylygy bilen ýaşajak ýerini saýlamaga;
4) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar babatda Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan göz öňünde tutulan şertlerde zähmet çekmäge, emläk edinmäge, lukmançylyk kömeginden we durmuş üpjünçiliginiň hyzmatlaryndan peýdalanmaga;
5) maşgalanyň birleşmegine;
6) Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda mekdebe çenli we umumy orta bilim almaga;
7) medeniýetiň gazananlaryndan peýdalanmaga;
8) dini dessurlaryny erkin ýerine ýetirmäge;
9) degişli edaralaryň ýardam etmeginde öz ýurdunda ýaşaýan garyndaşlary we şol ýerde galdyran emlägi hakynda habar almaga;
10) Türkmenistanyň çägine özi bilen getiren emlägini, şeýle hem oňa ýaşamak üçin gitmäge hukuk berlen başga ýurda gazanan emlägini alyp gitmäge;
11) öňki adaty ýaşan ýurduna meýletin dolanyp barmaga ýa-da islendik üçünji ýurda göçüp gitmäge;
12) kazyýet goragyna;
13) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň raýatlygyny edinmäge;
14) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda beýleki hukuklardan peýdalanmaga.
3. Bosgun statusy berlen adam şulara borçludyr:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryny, taryhyny, medeni we tebigy mirasyny hormatlamaga;
2) bosgun statusy berlen gününden soň üç iş gününiň dowamynda wagtlaýyn bolýan ýeri boýunça migrasiýa gullugynyň edaralarynda hasaba durmaga;
3) Türkmenistanyň çäginden hemişelik ýaşamak üçin gitmek baradaky niýetini migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
4) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
16-njy madda. Goşmaça gorag berlen adamyň
hukuklary we borçlary
1. Goşmaça gorag berlen adam şu hukuklardan peýdalanýar:
1) öz hukuklary we borçlary barada maglumatlary almaga, şol sanda goşmaça goragyň möhletiniň uzaldylmagy üçin towakganama bilen ýüz tutmaga;
2) goşmaça goragyň berlendigi hakyndaky şahsyýetnamany almaga;
3) migrasiýa gullugynyň edaralarynyň ýollamagy esasynda wagtlaýyn ýaşalýan ýerde bellenen möhlete çenli ýaşamaga;
4) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmaga we işe ýerleşmäge;
5) Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda mekdebe çenli we umumy orta bilim almaga;
6) bosgun statusynyň berilmegi üçin esaslaryň dörän halatynda, täzeden towakganama bilen migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutmaga;
7) raýaty bolup durýan ýurduna ýa-da öňki adaty ýaşan ýerine meýletin dolanmaga;
8) başga döwlete hemişelik ýaşamak üçin gitmäge;
9) maşgalanyň birleşmegine;
10) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda kazyýet goragyna;
11) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda beýleki hukuklardan peýdalanmaga.
2. Goşmaça gorag berlen adam şulara borçludyr:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryny, taryhyny, medeni we tebigy mirasyny hormatlamaga;
2) goşmaça goragyň berlen gününden soň üç iş gününiň dowamynda wagtlaýyn bolýan ýeri boýunça migrasiýa gullugynyň edaralarynda hasaba durmaga;
3) Türkmenistanyň çäginden hemişelik ýaşamak üçin gitmek baradaky niýetini migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
4) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
17-nji madda. Wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň
hukuklary we borçlary
1. Wagtlaýyn gorag berlen adam şu hukuklardan peýdalanýar:
1) öz hukuklary we borçlary barada maglumatlary almaga;
2) wagtlaýyn gorag berlen adamyň hasaba alnandygy baradaky şahadatnamany almaga;
3) migrasiýa gullugynyň edaralarynyň ýollamagy boýunça wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynda bellenen möhlete çenli ýaşamaga;
4) lukmançylyk kömeginden we durmuş hyzmatlaryndan mugt peýdalanmaga;
5) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda işe ýerleşmäge;
6) Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda mekdebe çenli we umumy orta bilim almaga;
7) bosgun statusynyň berilmegi üçin esaslaryň dörän halatynda, towakganama bilen migrasiýa gullugynyň edaralaryna ýüz tutmaga;
8) raýaty bolup durýan ýurduna ýa-da öňki adaty ýaşaýan ýerine meýletin dolanmaga;
9) başga döwlete hemişelik ýaşamak üçin gitmäge;
10) maşgalanyň birleşmegine;
11) Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda kazyýet goragyna;
12) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda beýleki hukuklardan peýdalanmaga.
2. Wagtlaýyn gorag berlen adam şulara borçludyr:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şu Kanuny hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň kanuny talaplaryny ýerine ýetirmäge, Türkmenistanyň halkynyň milli däp-dessurlaryny, taryhyny, medeni we tebigy mirasyny hormatlamaga;
2) wagtlaýyn goragyň berlen gününden soň, üç iş gününiň dowamynda wagtlaýyn bolýan ýeri boýunça migrasiýa gullugynyň edaralarynda hasaba durmaga;
3) Türkmenistanyň çäginden hemişelik ýaşamak üçin gitmek baradaky niýetini migrasiýa gullugynyň edaralaryna habar bermäge;
4) hökmany lukmançylyk barlagyndan geçmäge;
5) eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, Türkmenistanda wagtlaýyn bolýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
IV BAP. BOSGUNLARYŇ MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET EDARALARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY
18-nji madda. Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň
bosgunlaryň meseleleri boýunça
ygtyýarlyklary
1. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) bosgunlar bilen bagly meseleler boýunça ýeke-täk döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýär;
2) Türkmenistanda bosgun statusyny, goşmaça we wagtlaýyn goragy bermegiň tertibi hakynda Düzgünnamany tassyklaýar;
3) bosgun statusy we goşmaça gorag berlen adamlar üçin wagtlaýyn ýaşalýan ýerleriň sanawyny tassyklaýar;
4) bosgun şahsyýetnamasynyň we onuň ýol resminamasynyň görnüşini we teswirini tassyklaýar;
5) bosgun statusyny ýa-da goşmaça goragy bermek ýa-da bermekden ýüz döndermek barada bellenen tertipde hödürlenen resminamalara garaýar;
6) wagtlaýyn gorag bermek we onuň möhletini uzaltmak baradaky meseleler boýunça çözgütleri kabul edýär;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
2. Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy:
1) bosgunlar bilen bagly meseleler boýunça degişli döwlet edaralary bilen arkalaşykly hereket edýär;
2) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamany kabul edýär we hasaba alýar;
3) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän adamlary, bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlary hasaba alýar we olaryň hasabatyny ýöredýär;
4) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän adamlary, bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlary wagtlaýyn ýaşalýan ýerlere we wagtlaýyn ýerleşiş nokatlaryna bellenen tertipde ýollaýyş haty esasynda ugradýar;
5) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamanyň hasaba alnandygy baradaky wagtlaýyn şahadatnamany, wagtlaýyn gorag berlen adamyň hasaba alnandygy baradaky şahadatnamany, goşmaça goragyň berlendigi hakyndaky şahsyýetnamany, bosgun şahsyýetnamasyny we bosgunyň ýol resminamasyny resmileşdirýär we berýär;
6) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganama garamagyň möhletiniň uzaldylmagy we bes edilmegi, bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi, onuň ýitirilmegi we ondan mahrum edilmegi baradaky çözgütleri bellenen tertipde kabul edýär;
7) bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen adamlaryň maşgalalarynyň birleşmegine ýardam edýär;
8) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga etmäge niýeti bolan, ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlary bolýan ýerleri boýunça hossarlyk we howandarlyk edaralaryna ugrukdyrmak boýunça degişli çäreleri görýär;
9) bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň öz ýurtlaryna ýa-da olary kabul etmäge razylyk bildiren howpsuz üçünji ýurtlara meýletin gitmeklerine ýardam edýär;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
3. Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy:
1) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň kadalaryny bozup geçmäge mejbur bolan adamlary barlaýar we olaryň niýetlerini anyklaýar;
2) Türkmenistanyň Döwlet serhedinden geçmegiň kadalaryny bozup geçmäge mejbur bolan adamyň bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakyndaky towakganamasyny kabul edýär hem-de şol adamy we onuň towakganamasyny bellenen tertipde hasaba almak we garamak üçin migrasiýa gullugynyň edaralaryna iberýär;
3) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň soramagy boýunça bellenen möhletiň dowamynda degişli barlaglary geçirýär we olaryň netijesi boýunça maglumatlary berýär;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
4. Türkmenistanyň içeri işler edaralary:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu Kanunyň 6-njy maddasynyň 1‒3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslaryň bardygyny barlaýar;
2) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň soramagy boýunça degişli barlaglary geçirýär we olaryň netijesi boýunça maglumatlary berýär;
3) bosgun statusynyň we goşmaça goragyň ýitirilmegi ýa-da ondan mahrum edilmegi baradaky tekliplerini Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberýär;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň bolýan ýerlerinde jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün edýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
5. Türkmenistanyň milli howpsuzlyk edaralary:
1) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde şu Kanunyň 6-njy maddasynyň 1‒3-nji bentlerinde göz öňünde tutulan esaslaryň bardygyny barlaýar;
2) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň soramagy boýunça degişli barlaglary geçirýär we olaryň netijesi boýunça maglumatlary berýär;
3) bosgun statusynyň we goşmaça goragyň ýitirilmegi ýa-da ondan mahrum edilmegi baradaky tekliplerini Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugyna iberýär;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
6. Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalary we konsullyk edaralary:
1) Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň soramagy boýunça bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň raýaty bolup durýan ýurdundaky ýa-da öňki adaty ýaşan ýerindäki syýasy, durmuş-ykdysady we sanitariýa-epidemiologiýa ýagdaýlar baradaky maglumatlary berýär;
2) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň haýyşlary boýunça öz ýurtlaryna ýa-da olary kabul etmäge razylyk bildiren howpsuz üçünji ýurtlara meýletin gitmeklerine ýardam edýär;
3) Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň we konsullyk edaralarynyň üsti bilen maşgalalaryň birleşmegine hem-de ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň ata-eneleri (kanuny wekilleri) baradaky maglumatlary tapmagyna ýardam edýär;
4) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beýleki ygtyýarly döwlet edaralaryna şu Kanunyň ýerine ýetirilmegi boýunça ýardam edýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7. Türkmenistanyň saglygy goraýyş edaralary:
1) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerinde we wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynda hökmany lukmançylyk barlagyndan mugt geçmegini we olara döwlet saglygy goraýyş edaralarynda gaýragoýulmasyz mugt lukmançylyk kömeginiň berilmegini üpjün edýär;
2) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde Türkmenistanda ýaşaýan daşary ýurt raýatlary bilen deň hatarda wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerinde we wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynda lukmançylyk kömegini berýär we derman serişdeleri bilen üpjün edýär;
3) kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerinde we wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda lukmançylyk hyzmatlaryny berýär;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8. Türkmenistanyň bilim edaralary:
1) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen kämillik ýaşyna ýetmedik adamlary wagtlaýyn ýaşalýan ýerlerinde we wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hatarda mekdebe çenli we umumy orta bilim bilen üpjün edýär;
2) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen, ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar;
3) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
9. Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligi:
1) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň iş üpjünçiligi çygrynda Türkmenistanyň raýatlary bilen deň hukuklara eýe bolmagyny üpjün edýär we olaryň işe ýerleşmegine ýardam edýär;
2) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň hünär taýýarlygyna, hünärini ýokarlandyrmagyna we gaýtadan taýýarlanmagyna mümkinçilik döredýär;
3) ilkinji nobatda bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça ýa-da wagtlaýyn gorag berlen hemişelik gözegçilige mätäç bolan ýeke ýaşaýan gartaşan we maýyp adamlary ilaty durmuş taýdan goramak edaralaryna ýerleşdirýär;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
10. Döwlet häkimiýetiniň ýerli edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän we ýaşamak üçin maslahat berilýän ilatly ýerleriň sanawyny hem-de bu ilatly ýerlerde ýaşamagyň şertleri we işe ýerleşmegiň mümkinçilikleri barada bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen adamlara habar berýär;
2) migrasiýa gullugynyň edaralarynyň ýollaýyş haty boýunça ýaşajak ýerine gelen, bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga eden, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlary wagtlaýyn ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün edýär;
3) bosgun statusy berlen adama ýaşaýyş jaý kooperatiwine girmäge, ýer bölegini we gurluşyk materiallaryny almagyny hem goşmak bilen, hususy ýaşaýyş jaý gurluşygyny amala aşyrmaga ýardam edýär;
4) bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga edýän, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen, ýanynda hiç kimi bolmadyk kämillik ýaşyna ýetmedik adamlara hossarlyk we howandarlyk belleýär, olara terbiýe bermegiň beýleki görnüşleri bilen üpjün edýär;
5) kämillik ýaşyna ýetmedik adamlaryň şahsyýetlerini anyklamak üçin olaryň kanuny wekilleriniň gatnaşmagyny üpjün edýär;
6) bosgun statusy ýa-da goşmaça gorag berlen adamlaryň jemgyýete uýgunlaşmagyna ýardam berýär;
7) degişli harby we hukuk goraýjy edaralary bilen ylalaşyp, bellenen tertipde, wagtlaýyn ýaşalýan ýerleriň we wagtlaýyn ýerleşiş nokatlarynyň döredilmegini üpjün edýär;
8) Türkmenistanyň Döwlet serhediniň ýakynynda ýerleşýän ilatly ýerlerde meýletin terjimeçileriň ätiýaçdaky toparynyň döredilmegini göz öňünde tutýar;
9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
V BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
19-njy madda. Türkmenistanda bosgun statusynyň ýa-da
goşmaça goragyň berilmegi hakynda
towakga eden, Türkmenistanda bosgun
statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag
berlen adamlara kömek gaznasy
1. Türkmenistanda bosgun statusynyň ýa-da goşmaça goragyň berilmegi hakynda towakga eden, Türkmenistanda bosgun statusy, goşmaça we wagtlaýyn gorag berlen adamlaryň kabul edilmegi we ýerleşdirilmegi, şeýle hem olaryň Türkmenistanyň çäginde bolmagy we ondan gitmegi bilen baglanyşykly çykdajylary maliýeleşdirmek üçin Bosgunlara kömek gaznasy döredilýär.
2. Bosgunlara kömek gaznasy Türkmenistanyň baglaşýan halkara şertnamalary esasynda daşary ýurt döwletlerinden we halkara guramalaryndan alynýan serişdeleriň, ýurdumyzyň we daşary ýurt döwletleriniň kärhanalaryndan, guramalaryndan, jemgyýetçilik birleşiklerinden, aýratyn adamlardan gelýän meýletin haýyr-yhsanlardan, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenilýän beýleki çeşmelerden emele gelýär.
3. Bosgunlara kömek gaznasynyň serişdelerinden peýdalanmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
20-nji madda. Bosgun statusynyň berilmegi we togtadylmagy
babatdaky işlere daşary ýurt döwletleriniň
we bosgunlaryň işleri baradaky halkara
guramalarynyň gatnaşmagy
1. Türkmenistan bosgunlar bilen baglanyşykly meseleleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyny daşary ýurt döwletleri, Birleşen Milletler Guramasynyň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary Komissarynyň müdirligi we beýleki halkara guramalary bilen amala aşyrýar.
2. Bosgunlaryň işleri baradaky halkara guramalary ähli şahsy işler bilen doly tanyşmaga hukugy bolan synçylar hökmünde bosgun statusyny bermek we togtatmak babatdaky işlere gatnaşýarlar.
3. Bosgunlaryň işi baradaky halkara guramasynyň synçysy bosgun statusyny bermek hakyndaky towakganama garalmagyna gatnaşmaga we anyk işler boýunça, şeýle hem bosgunlaryň hukuklarynyň berjaý edilmeginiň meseleleri boýunça pikirini aýtmaga haklydyr.
21-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
22-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
2012-nji ýylyň 4-nji awgustynda kabul edilen «Bosgunlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 3, 62-nji madda);
2014-nji ýylyň 13-nji iýunynda kabul edilen «Bosgunlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna goşmaça girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2014 ý., № 2, 91-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 3-nji iýuny.
№ 570-V.