Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adyny döretmek hakynda

 

  •  
  • TÜRKMENISTANYŇ KANUNY

 

 

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi»

diýen hormatly adyny döretmek hakynda

 

(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 97-nji madda)

 

1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adyny döretmeli.

 

2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

 

3-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

 

 

Türkmenistanyň                                               Gurbanguly

    Prezidenti                                               Berdimuhamedow

 

 

 

Aşgabat şäheri.

2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.

№ 590-V.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan

tälimçisi» diýen hormatly adynyň

DÜZGÜNNAMASY

 

(30.03.2024 ý. № 94-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmebilen)

 

1. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.

2. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady:

- Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde, onuň şöhratyny ýokarlandyrmakda we dünýä ýaýmakda uly hyzmatlary bitiren;

Olimpiýa, Paralimpiýa, Aziýa we Aziýa Para oýunlarynda, dünýä çempionatlarynda, Aziýa we dünýä Kuboklary ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan we baýrakly orunlary eýelän türgenleri hem-de sportuň oýun we beýleki görnüşleri boýunça toparlaryň düzüminde Olimpiýa, Paralimpiýa, Aziýa we Aziýa Para oýunlaryna, dünýä çempionatlaryna gatnaşmaga hukuk gazanan belli türgenleri we toparlary taýýarlamakda, olaryň üstünlikli çykyş etmegini üpjün etmekde, türkmen sportuny ösdürmekde, onuň inçe syrlaryny, tälimlerini we nusgalyk ýollaryny ýaş nesle öwretmekde, sportuň görnüşleri boýunça ýokary derejeli türgenleri we toparlary taýýarlamakda usuly gollanmalary (düşündiriş-maslahatlary) işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde aýratyn şahsy goşant goşan;

sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işlerinde uly hyzmatlary bitiren we ýokary netijeleri gazanan adamlara dakylýar.

3. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adyny Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlara hem dakmaga haklydyr.

4. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakylan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adynyň şahadatnamasy we döşe dakylýan nyşany gowşurylýar.

5. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň dört essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak bellenýär.

6. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly ady dakylan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we halatlarda beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi»

diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanynyň

ÝAZGYSY

 

Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany üsti-üstüne goýlan üç bölekden ybarat bolup, onuň esasyny sekizburçluk emele getirýär. Sekizburçlugyň burçlarynyň her biri gyzyl reňkli sirkoniý daşy bilen bezelen. Döşe dakylýan nyşanyň umumy diametri – 43,5 mm.

Döşe dakylýan nyşanyň esasyny emele getirýän sekizburçlugyň üstünde ýerleşdirilen kiçi sekizburçlugyň görünýän burçlary ýaşyl reňk  bilen syrçalanan.

Döşe dakylýan nyşanyň ýokardaky bölegi umumy diametri         29,5 mm bolan tegelekden ybarat bolup, onuň merkezi böleginde gün şöhleleri şekillendirilen we kiçi tegeleginiň ortasynda güberçek görnüşli, Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşanyň diametri 20,5 mm bolan kiçi tegeleginiň daşynda ini 4,5 mm bolan ýaşyl reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň ýokarky böleginde «TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN TÄLIMÇISI» diýen altyn çaýylan ýazgy, aşaky böleginde bolsa ak reňkli sirkoniý daşynyň bäşisi ýerleşdirilen.

Döşe dakylýan nyşan halkajyk arkaly ini 31 mm, beýikligi                  18,5 mm bolan baýdak görnüşli ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodka birikdirilýär. Kolodkada bäş sany milli haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarym Aý şekillendirilen. 

Döşe dakylýan nyşan we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.