Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan
sport ussady» diýen hormatly adyny
döretmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 98-nji madda)
1-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyny döretmeli.
2-nji madda. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň Düzgünnamasyny we onuň döşe dakylýan nyşanynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).
3-nji madda. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.
№ 591-V.
Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan
sport ussady» diýen hormatly adynyň
DÜZGÜNNAMASY
(30.03.2024 ý. № 94-VII Türkmenistanyň Kanuny esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
1. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady Türkmenistanyň döwlet sylagydyr.
2. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady:
- köp ýyllaryň dowamynda sportuň dürli görnüşleri boýunça okuw-türgenleşik işlerinde aýratyn tapawutlanyp, «Türkmenistanyň çempiony» diýen ada birnäçe gezek mynasyp bolan;
- Olimpiýa, Paralimpiýa, Aziýa we Aziýa Para oýunlarynda, dünýä çempionatlarynda, Aziýa we dünýä Kuboklary ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş edip, ýeňiji bolan, çempion diýen ady, birnäçe baýrakly orunlary, şol sanda ulularyň arasynda şahsy birinjilikde baýrakly orunlary eýelän we türkmen sportunyň halkara abraýyny belende götermekde uly hyzmatlary bitiren;
- sportuň oýun we beýleki görnüşleri boýunça toparlaryň düzüminde Olimpiýa, Paralimpiýa, Aziýa we Aziýa Para oýunlarynda, dünýä çempionatlarynda, Aziýa we dünýä Kuboklary ugrundaky ýaryşlarda üstünlikli çykyş eden, toparlaryň arasynda birinjiligi gazanan ýa-da Aziýa we Aziýa Para oýunlarynda, çempionatlarynda baýrakly orunlary eýelän, şol sanda jemleýji tapgyrlarda oýnan we ýokary netijeleri gazanan türgenlere dakylýar.
3. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady Türkmenistanyň raýatlaryna dakylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adyny Türkmenistanyň raýaty bolmadyk adamlara hem dakmaga haklydyr.
4. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakylan adamlara Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň şahadatnamasy we döşe dakylýan nyşany gowşurylýar.
5. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakylan adamlara iň pes aýlyk zähmet hakynyň dört essesi möçberinde birwagtlaýyn baýrak tölenýär we iň pes aýlyk zähmet hakynyň 20 göterimi möçberinde iş hakyna, aýlyk wezipe hakyna, pensiýasyna, döwlet kömek puluna, talyp hakyna her aýda goşmaça hak bellenýär.
6. Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly ady dakylan adamlar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we halatlarda beýleki ýeňilliklerden hem peýdalanýarlar.
Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady»
diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşanynyň
ÝAZGYSY
Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly adynyň döşe dakylýan nyşany üsti-üstüne goýlan üç bölekden ybarat bolup, onuň esasyny sekizburçluk emele getirýär. Döşe dakylýan nyşanyň umumy diametri – 43,5 mm.
Döşe dakylýan nyşanyň esasyny emele getirýän sekizburçlugyň üstünde ýerligi ak reňk bilen syrçalanan altyn çaýylan çyzyklar şekillendirilen kiçi onaltyburçluk ýerleşdirilip, onuň ýiti burçlarynyň her biri ak reňkli sirkoniý daşy bilen bezelen.
Döşe dakylýan nyşanyň ýokardaky bölegi umumy diametri 29,5 mm bolan tegelekden ybarat bolup, onuň merkezi böleginde gün şöhleleri şekillendirilen we kiçi tegeleginiň ortasynda güberçek görnüşli, Türkmenistanyň ýaşyl reňkli syrçalanan kartasy ýerleşdirilen.
Döşe dakylýan nyşanyň diametri 20,5 mm bolan kiçi tegeleginiň daşynda ini 4,5 mm bolan ak reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň ýokarky böleginde «TÜRKMENISTANYŇ AT GAZANAN SPORT USSADY» diýen ýaşyl reňkli ýazgy, aşaky böleginde bolsa, ak reňkli sirkoniý daşynyň bäşisi ýerleşdirilen.
Döşe dakylýan nyşan halkajyk arkaly ini 31 mm, beýikligi 18,5 mm bolan baýdak görnüşli ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodka birikdirilýär. Kolodkada bäş sany türkmen milli haly gölleri we bäş ýyldyzly ýarym Aý şekillendirilen.
Döşe dakylýan nyşan we onuň kolodkasy 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.