Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Muzeýler we muzeý işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2017 ý., № 3, 103-madda)
Şu Kanun muzeýler we muzeý işi babatda döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini kesgitleýär, Türkmenistanda muzeýleriň döredilişini we işleýşini, muzeýleriň işi bilen baglanyşykly ýüze çykýan hukuk we başga gatnaşyklary düzgünleşdirýär, şeýle hem muzeýe gelýän adamlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) muzeý – tebigy ýadygärlikleri, medeniýetiň maddy we ruhy gymmatlyklaryny toplamagy, öwrenmegi, gorap saklamagy amala aşyrýan, muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň jemagata görkezilmegini, şeýle hem muzeýe gelýänleriň ylma, bilime, medeniýete we muzeý işi bilen bagly beýleki aýratynlyklara degişli isleglerini üpjün edýän ýuridik şahs ýa-da ýuridik şahsyň gurluş düzüm birligi;
2) muzeý işi – ylmy, medeni aň-bilim we bilim işiniň Türkmenistanyň muzeýler ulgamynyň döredilmegini we ösdürilmegini, muzeý gaznasynyň toplanylmagyny, öwrenilmegini we goralyp saklanylmagyny, muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň jemagata görkezilmegini, muzeý işgärleriniň hünär taýýarlygyny, hünäriniň ýokarlandyrylmagyny we gaýtadan taýýarlanylmagyny, Türkmenistanyň muzeýler ulgamynyň işlemeginiň ylmy we usulyýet üpjünçiligini özünde jemleýän ugur;
3) Türkmenistanyň muzeýler ulgamy – guramaçylyk-hukuk görnüşine, eýeçiliginiň görnüşine we haýsy pudaga degişliligine garamazdan, muzeýleriň jemi;
4) muzeý esbaby – görnüş özboluşlylygy ýa-da aýratyn alamatlary bolan we jemgyýet üçin saklanyp galmagy, öwrenilmegi we köpçülige görkezilmegi zerur bolan medeni, ruhy hem-de maddy gymmatlyk;
5) muzeý toplamasy – gelip çykyşynyň aýratynlygy, görnüşi boýunça umumylygy ýa-da başga alamatlary boýunça diňe bir ýerde jemlenen we muzeý ähmiýetli esbaba eýe bolan medeni, ruhy hem-de maddy gymmatlyklaryň jemi;
6) muzeý gaznasy – muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň bellenilen kadalara laýyklykda goralyp saklanmagy üçin niýetlenen jemi;
7) Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasy – Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň obýektlerine degişli edilen we Türkmenistanyň muzeýleriniň muzeý gaznalarynda hemişelik saklanylýan, ýurduň çäginden çykarylmagy şu Kanuna we muzeý işi bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda çäklendirilen muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň jemi;
8) muzeý katalogy – her bir muzeýiň muzeý gaznasyna degişli bolan, çap edilen, şonuň ýaly-da elektron görnüşde bolan her bir muzeý esbaby we muzeý toplamasy baradaky ulgamlaşdyrylan maglumatlaryň sanawy. Muzeýleriň kataloglarynyň binýadynda Türkmenistanyň muzeýleriniň muzeý gaznalarynyň Bitewi katalogy emele getirilýär;
9) Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň Döwlet katalogy – Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen, çap edilen, şonuň ýaly-da elektron görnüşde bolan, her bir muzeý esbaby we muzeý toplamasy baradaky esasy maglumatlary özünde jemleýän hasaba alyş resminamasy;
10) saklamak – muzeý esbabynyň we muzeý toplamasynyň goralyp saklanylmagy üpjün edilýän işiniň maddy we hukuk şertleriniň döredilmegini göz öňünde tutýan muzeý işiniň görnüşi;
11) çap etmek –çap neşirlerinde we maglumat göterijileriň başga görnüşlerinde beýan etmek arkaly muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň ähli görnüşleriniň jemagata köpçülikleýin görkezilmegi üçin niýetlenen muzeý işiniň görnüşi;
12) muzeý işgäri – muzeýleriň döredilmegi we ösdürilmegi, muzeý gaznalarynyň toplanylmagy, öwrenilmegi we görkezilmegi, şeýle hem muzeýleri ösdürmegiň ylmy we usulyýet üpjünçiligi bilen baglanyşykly işi amala aşyrýan fiziki şahs;
13) muzeý hyzmaty– muzeýleriň döredilmeginiň maksatlaryna laýyk gelýän hyzmatlaryň ýerine ýetirilmegi boýunça işleriň, şeýle hem muzeýleriň amala aşyrýan işiniň toplumy.
2-nji madda. Muzeýler we muzeý işi hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygy we onuň wezipeleri
1. Türkmenistanyň muzeýler we muzeý işi hakynda kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň muzeýler we muzeý işi bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Şular Türkmenistanyň muzeýler we muzeý işi hakynda kanunçylygynyň wezipeleridir:
1) her bir raýatyň muzeý işi babatda konstitusion hukugyny üpjün etmek we goramak;
2) muzeý işi babatda döwlet syýasatynyň ýörelgelerini kesgitlemek;
3) muzeýlerde saklanylýan ylmy, taryhy, çeper we gaýry medeni gymmatlyklaryň raýatlar üçin erkin elýeterliligini üpjün etmek;
4) muzeý işi babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýän hukuk kadalaryny we ýörelgelerini bellemek;
5) Türkmenistanda muzeýleri ösdürmegiň we muzeý işiniň döwlet goldawynyň hukuk esaslaryny döretmek.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanyň çäginde muzeýleriň döredilmegi, olaryň işleýşi we muzeý işi bilen baglanyşykly hukuk we gaýry gatnaşyklara degişlidir.
4-nji madda. Muzeý işi babatda döwlet syýasatynyň
esasy ýörelgeleri we döwletiň wezipeleri
1. Muzeý işi babatda döwlet syýasaty şu esasy ýörelgelere esaslanýar:
1) muzeýleriň ygtyýarynda duran muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň ählumumy elýeterli bolmagy üçin şertleriň döredilmegi;
2) muzeýlere gelýänleriň hukuklarynyň we döwlet häkimiýet edaralarynyň muzeýleriň maksatlaýyn işine gatyşmazlygynyň kepillikleriniň üpjün edilmegi;
3) maliýeleşdirmek, degişli salgyt, karz we nyrh syýasatyny geçirmek arkaly muzeý işiniň ösdürilmeginiň goldanylmagy;
4) ilatyň durmuş we ykdysady taýdan has pes goragly gatlaklaryna we toparlaryna (çagalara, ýaşlara, maýyplara, pensionerlere, oba ýerinde we barmasy kyn etraplaryň ýaşaýjylaryna) muzeý hyzmatyny etmegiň ösdürilmeginiň goldanylmagy;
5) ilata umumy elýeter mugt muzeý hyzmatyny guraýan eýeçiligiň döwlete dahylsyz muzeýleriniň goldanylmagy.
2. Şular döwletiň muzeý işi babatda esasy wezipelerine degişlidir:
1) muzeý işini ösdürmek we muzeýleriň netijeli işlemegi üçin hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş şertlerini üpjün etmek;
2) muzeý işine bildirilýän zerur bolan iň pes derejeli talaplary belleýän muzeý işiniň ýeke-täk döwlet standartlaryny kesgitlemek;
3) eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki muzeýleriň işini utgaşdyrmak, döwlet eýeçiliginde bolan muzeýleriň işini düzgünleşdirmek;
4) Türkmenistanyň muzeýler ulgamynyň ösdürilmeginiň döwlet maksatnamalaryny kabul etmek we olaryň maksatlaýyn maliýeleşdirilmegini üpjün etmek;
5) Türkmenistanyň milli medeni baýlygy bolup durýan muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň goralyp saklanmagynyň we aýawly ulanylmagynyň kepilliklerini döretmek;
6) daşary ýurt döwletleriniň muzeýlerinde saklanýan we Türkmenistanyň milli medeni baýlygy hasaplanýan muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň (eger bu mümkin bolmasa, olaryň nusgalarynyň) Türkmenistana gaýtarylmagyny üpjün etmek;
7) muzeý gaznalarynyň saklanylmagy, olaryň toplanylmagy we maddy-tehniki taýdan üpjün edilmegi üçin şertleri döretmek;
8) muzeý işini awtomatlaşdyrmak, elektron alşyk ulgamlaryny (Internet toruny we beýleki kompýuter torlaryny) ulanmak we ol ulgamlarda Türkmenistanyň muzeý gaznalary baradaky maglumatlary ýerleşdirmek;
9) döwlet muzeý gaznalaryny abat saklamak we ösdürmek;
10) döwlet muzeýleriniň binalarynyň gurluşygy we düýpli abatlanylmagy, döwlet muzeýlerini häzirki zaman enjamlary we tehniki serişdeler bilen enjamlaşdyrmak;
11) muzeý işi bilen baglanyşykly ylmy barlaglaryň we usulyýet çäreleriniň geçirilmegine ýardam bermek;
12) muzeý işgärleriniň hünär taýýarlygynyň, hünärini ýokarlandyrmagyň we gaýtadan taýýarlamagyň ýeke-täk ulgamyny döretmek we ösdürmek;
13) muzeýleriň halkara hyzmatdaşlygy üçin şertleri döretmek;
14) Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň obýektlerine degişli edilen muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň döwlet ätiýaçlandyryş ulgamyny döretmek.
II BAP. MUZEÝ IŞI BABATDA DÜZGÜNLEŞDIRMEK
5-nji madda. Muzeý işi babatda düzgünleşdirmäni
amala aşyrýan edaralar
Muzeý işi babatda düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we öz-özüňi dolandyryş edaralary, öz ygtyýarynda muzeýleri bolan beýleki ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan amala aşyrylýar.
6-njy madda. Muzeý işi babatda Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlylyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) muzeý işi babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) Türkmenistanyň muzeý ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
3) muzeýleriň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul edýär;
4) Türkmenistanyň muzeý ulgamy üçin işgärleri hünär taýdan taýýarlamak, hünärini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak babatda döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryny, olaryň zähmetine hak tölemegi we muzeýleriň işgärleri üçin durmuş kepillikleriniň we ýeňillikleriniň bellenilmegini kesgitleýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda muzeý işi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7-nji madda. Muzeý işi babatda düzgünleşdirmek
böleginde medeniýet babatda ýerine
ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly
edarasynyň ygtyýarlylygy
Medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy:
1) muzeý işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) Türkmenistanyň muzeý ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar we durmuşa geçirýär;
3) döwlet standartlaryny we muzeýleriň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlaýar;
4) muzeýlere umumy usulyýet ýolbaşçylygyny amala aşyrýar, muzeý hyzmatynyň derejesine bolan döwlet talaplaryny kesgitleýär;
5) Türkmenistanda muzeý ulgamynyň döredilmegini we ösdürilmegini guraýar, muzeýleriň işini utgaşdyrýar;
6) döwlet muzeýlerini döredýär we maliýeleşdirýär, bu muzeýleriň dolandyrylmagyny üpjün edýär we olaryň işine gözegçiligi amala aşyrýar;
7) muzeýleriň işini maddy-tehniki we ylmy-usulyýet taýdan üpjün etmek üçin ýöriteleşdirilen guramaçylyk gurluşlaryny döredýär;
8) muzeýleriň işgärlerini iş bilen üpjün etmek, zähmetine hak tölemek we bu işgärler üçin durmuş kepilliklerini we ýeňilliklerini bellemek babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagyny üpjün edýär;
9) Türkmenistanyň muzeý ulgamy üçin işgärleriň hünär taýdan taýýarlanylmagyny, hünäriniň ýokarlandyrylmagyny hem-de olaryň gaýtadan taýýarlanylmagyny guraýar;
10) muzeýleriň işgärleriniň hünär synagyny geçirýär we ony amala aşyrmagyň tertibini hem-de şertlerini kesgitleýär;
11) muzeý işi babatda ylmy barlaglara we usulyýet üpjünçiligine ýardam edýär;
12) muzeý gaznalaryny Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň desgalaryna degişli etmegiň tertibini kesgitleýär we olary saklamagyň we peýdalanmagyň aýratyn düzgüniniň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
13) Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň aýawly saklanylyşynyň berjaý edilişine gözegçiligi üpjün edýär;
14) muzeý işiniň maglumat taýdan üpjünçilik ulgamyny guraýar;
15) Türkmenistanyň muzeý gaznasynyň Bitewi katalogyny döretmegiň we ýöretmegiň tertibini tassyklaýar;
16) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda muzeý işi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8-nji madda. Muzeý işi babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň
ýerli edaralarynyň we öz-özüňi dolandyryş
edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarywe öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) raýatlaryň muzeý hyzmatyna bolan hukuklarynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;
2) öz tabynlygyndaky çäkde muzeý hyzmatynyň guralyşyna gözegçiligi amala aşyrýarlar;
3) muzeý gaznalarynyň üpjün edilmegi we abat saklanylmagy üçin zerur maddy-tehniki we guramaçylyk şertlerini döredýärler;
4) edara tabynlygyndaky muzeýleriň işini maliýeleşdirmek bilen baglanyşykly meseleleri çözýärler;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda muzeý işi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
9-njy madda. Öz ygtyýarynda muzeýleri bolan
ýuridik we fiziki şahslaryň ygtyýarlylygy
Öz ygtyýarynda muzeýleri bolan ýuridik we fiziki şahslar:
1) muzeý işi babatda döwlet syýasatyny durmuşa geçirýärler;
2) öz tabynlygyndaky muzeý ulgamlaryny dolandyrmagy kesgitleýärler;
3) medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň muzeýleri bilen edara tabynlygyndaky muzeýleriň işiniň utgaşdyrylmagyny üpjün edýärler;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda muzeý işi babatda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
10-njy madda. Muzeýleriň öz-özüni dolandyrmagy
Muzeýleriň öz-özüni dolandyrmak boýunça edaralary, ýagny: muzeýiň işini guramak, muzeý esbaplarynyň we toplamalarynyň durkuny dikeltmek, muzeý işgärleriniň hünärini ýokarlandyrmak we gaýtadan taýýarlamak we muzeý işiniň beýleki ugurlary boýunça, olaryň işine dürli ugurdaky hünärmenleri çagyrmak arkaly alymlar, usulyýet, muzeý-pedagogik, neşir edijilik, çeperçilik, rejeleýiş-dikeldiş we beýleki geňeşleri döretmäge hukugy bardyr.
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MUZEÝLER ULGAMY
11-nji madda. Muzeýleriň esasy görnüşleri we derejeleri
1. Türkmenistanyň muzeýler ulgamynyň düzümine döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, gaýry ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan esaslandyrylýan muzeýler degişlidir.
2. Muzeýleriň görnüşleri:
1) eýeçiliginiň görnüşleri boýunça;
2) muzeý gaznalarynyň mazmuny boýunça;
3) dolandyryş-çäk ýörelgeleri boýunça kesgitlenilýär.
3. Eýeçiliginiň görnüşleri boýunça muzeýler aşakdaky görnüşlere bölünýärler:
1) döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýlere;
2) döwlete dahylsyz muzeýlere.
4. Muzeý gaznalarynyň mazmuny boýunça muzeýler şu aşakdaky görnüşlere bölünýärler:
1) taryhy muzeýlere;
2) taryhy-ülkäni öwreniş muzeýlere;
3) şekillendiriş muzeýlerine;
4) sungat muzeýlerine;
5) edebiýat muzeýlerine;
6) teatr we saz ugurly muzeýlere;
7) memorial muzeýlere;
8) ýadygärlik muzeýlerine;
9) goraghana muzeýlerine;
10) pudaklaýyn muzeýlere;
11) jemgyýetçilik we mekdep muzeýlerine.
5. Dolandyryş-çäk ýörelgeleri boýunça muzeýler şu görnüşlere bölünýärler:
1) umumydöwlet (aýratyn döwlet we jemgyýetçilik ähmiýeti bolan muzeýlere);
2) welaýat;
3) şäher;
4) etrap;
5) şäherçe;
6) oba.
6. Türkmenistanyň muzeýleriniň ulgamyna şu Kanun we muzeýler we muzeý işi bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirýän Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýän tertipde döredilýän beýleki muzeýler hem girip biler.
7. Muzeýlere derejeler berilýär, oňa laýyklykda olaryň işleriniň maliýe, zähmete hak tölemek we maddy-tehniki üpjünçiligi amala aşyrylýar. Muzeýleriň derejeleriniň sanawy we olary muzeýlere bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
12-nji madda. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan
esaslandyrylýan muzeýler
1. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýler – şu Kanun hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilýän tertipde muzeý işini amala aşyrýan ýörite muzeý edaralarydyr.
2. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýler:
1) döwlet häkimiýetiniň degişli edarasynyň işiniň wezipelerine jogap berýän muzeý gaznasyny döredýärler we onuň abat saklanylmagyny üpjün edýärler;
2) Türkmenistanyň muzeý gaznalarynyň Bitewi katalogynyň döredilmegine gatnaşýarlar;
3) beýleki muzeýler bilen arkalaşykly hereket edýärler;
4) Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň Döwlet katalogynyň döredilmegine gatnaşýarlar.
3. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýleriň muzeý gaznalary döwlet eýeçiligi bolup durýar.
4. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýlere berkidilen gozgalmaýan emläkler, gönüden-göni dolandyryş hukugynda, bu emläk diňe niýetlenişi boýunça ulanylmadyk ýagdaýynda ýa-da muzeý ýatyrylanda eýesi tarapyndan alnyp bilner.
5. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýlere berkidilen gozgalmaýan emläkler kärendesine berlen ýagdaýynda, gönüden-göni dolandyryş hukugynda, kärende tölegleri muzeýleriň ygtyýarynda galýar we diňe olaryň maddy-tehniki ýagdaýlaryny goldamaga gönükdirilýär.
6. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýleriň ýerleşýän ýer bölekleri olara hemişelik (möhletsiz) ulanmak hukugynda muzdsuz berilýär.
7. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýler hakyndaky düzgünnama medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşylyp, bu edaralaryň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanylýar.
8. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan, umumydöwlet ähmiýetli muzeý gaznalary bolan, olaryň medeniýet we muzeý işi babatdaky işleri aýratyn döwlet we jemgyýetçilik ähmiýete eýe bolan muzeýlere «Medeniýet hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda «Milli» derejesi berlip bilner.
9. Döwlet häkimiýet edaralary tarapyndan esaslandyrylýan we «Milli» derejesi bolan muzeýleriň hataryndan ýurduň öňdebaryjy milli muzeýi kesgitlenilýär, ol:
1) muzeý işi babatda döwlet syýasatyny amala aşyrmakda we umumydöwlet ähmiýetli muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny ýygnamakda baş muzeý bolup durýar;
2) döwletiň we Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň bähbitlerinde muzeý işini guramak babatda, olaryň edara tabynlygyna garamazdan ýurduň muzeýlerine ylmy-usulyýet kömegini bermekde beýleki muzeýlere garanda merkezi muzeý bolup durýar.
10. Ýurduň öňdebaryjy milli muzeýine aşakdaky esasy wezipeler ýüklenilýär:
1) muzeý işi babatda döwlet syýasatynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;
2) Türkmenistanyň muzeý ulgamynyň ösdürilmeginiň döwlet maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna we durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;
3) muzeý işi babatda ylmy-barlag we ylmy-usulyýet işini amala aşyrmak, muzeý işgärleriniň hünär taýdan kämilleşmegine ýardam etmek;
4) seýrek we aýratyn gymmatly muzeý gaznalaryny gorap saklamak, konserwasiýa etmek we durkuny dikeltmek boýunça işleri amala aşyrmak;
5) Türkmenistanyň muzeý gaznalarynyň Bitewi katalogyny döretmek we onuň maglumatlaryny ýöretmek;
6) Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň Döwlet katalogyny döretmek;
7) Türkmenistanyň halkynyň taryhy hakydasyny, şeýle hem dünýä taryhy we medeni ýadygärliklerini aýap saklamak boýunça Türkmenistanyň muzeýleriniň işini utgaşdyrmaga gönükdirilen beýleki wezipeler.
11. Ýurduň öňdebaryjy milli muzeýiniň derejesi, onuň işiniň mazmuny şu Kanun we Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan ol baradaky düzgünnama esasynda kesgitlenilýär.
13-nji madda. Goraghana muzeýleri
1. Goraghana muzeýleri bitewi taryhy-medeni we tebigy toplumlaryň, ylmy-barlag, medeni aň-bilim we syýahatçylyk-ekskursion maksatlar bilen, öz taryhy, medeni we tebigy gurşawynda maddy we ruhy gymmatlyklaryň abat saklanylmagyny, dikeldilmegini, öwrenilmegini we jemagata görkezilmegini üpjün etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde eýeleri tarapyndan döredilýär.
2. Aýratyn goralýan taryhy-medeni çäkler hukuk derejesi berilýän çäklerde döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň düzümindäki gurluş-düzüm birligi hökmünde, taryhy obalarda we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan aýratyn goralýan taryhy-medeni çäkleriň beýleki görnüşleriniň düzüminde döwlet goraghana muzeýleri döredilip bilner.
3. Döwlet goraghana-muzeýleri şu Kanunyň we olaryň işi bilen baglanyşykly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kanunçylygynyň esasynda döredilýär we işleýär.
14-nji madda. Döwlete dahylsyz muzeýler
1. Döwlete dahylsyz muzeýlere ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri, eýeçiligiň döwlete dahylsyz beýleki ýuridik şahslar we fiziki şahslar, şeýle hem Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda daşary ýurt ýuridik we fiziki şahslar, halkara guramalary tarapyndan esaslandyrylýan muzeýler degişlidir.
2. Muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň döwlete dahylsyz muzeýlere berkidilmegi onuň eýesi tarapyndan gös-göni dolandyrmak esasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Döwlete dahylsyz muzeýleriň Tertipnamalary (düzgünnamalary) olary esaslandyryjylar tarapyndan tassyklanylýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alynýar.
4. Gönüden-göni dolandyrmak hukugynda döwlete dahylsyz muzeýlere berkidilen gozgalmaýan emläk, bu emläk diňe niýetlenişi boýunça ulanylmadyk ýagdaýynda ýa-da muzeý ýatyrylanda eýesi tarapyndan alnyp bilner.
5. Türkmenistanyň raýatlary, eger-de olar gozgalýan taryhy-medeni gymmatlyklaryň şahsy toplamalaryna, şeýle hem muzeýiň işini üpjün etmek üçin göwnejaý şertlere eýelik edýän bolsalar, hususy (şahsy ýa-da öý) muzeýleri döredip bilerler.
6. Şahsy ýa-da öý muzeýleri Türkmenistanyň raýatlary tarapyndan olaryň öz serişdeleriniň hasabyna döredilýär. Şahsy ýa-da öý muzeýleri döwlet tarapyndan maliýeleşdirilmeýär.
7. Şahsy ýa-da öý muzeýleriniň muzeý gaznasy taryhy we çeperçilik ähmiýeti bolan gymmatlyklardan we muzeý ähmiýeti bolan esbaplardan ybarat bolup biler.
Muzeý toplamalarynyň şunuň ýaly muzeýlerde abat saklanylmagy olaryň eýeleri tarapyndan şu Kanuna we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda üpjün edilýär.
8. Şahsy ýa-da öý muzeýleriniň döredilmegi we işlemegi üçin we onda sergi ekspozisiýasyny guramak, muzeý gymmatlyklaryny gorap saklamak üçin ýörite enjamlaşdyrylan binanyň bolmagy hökmany talaplaryň biridir.
Şahsy ýa-da öý muzeýleriniň işi şu Kanun, Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
15-nji madda. Muzeýleriň işiniň ygtyýarlylandyrylmagy
Muzeýleriň işini ygtyýarlylandyrmak Türkmenistanyň ygtyýarlylandyrmak hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
IV BAP. MUZEÝLERIŇ DÖREDILMEGI, ÜÝTGEDILIP
GURALMAGY WE ÝATYRYLMAGY
16-njy madda. Muzeýleriň döredilmegi
1. Muzeýler şu maksatlar bilen döredilip bilner:
1) muzeý esbaplaryny we toplamalaryny ýüze çykarmak, ýygnamak we öwrenmek;
2) muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny saklamak;
3) muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny çap etmek we aň-bilim we bilim işini amala aşyrmak.
Başga maksatlar üçin muzeýleriň döredilmegine ýol berilmeýär.
2. Muzeýleri döretmek şu şertlerde amala aşyrylýar:
1) möçberi we taryhy-medeni gymmatlyklary olaryň muzeý ekspozisiýasy görnüşinde köpçülige görkezilmegini guramaga mümkinçilik berýän muzeý esbaplarynyň we toplamalarynyň bolmagy;
2) muzeýiň niýetlenilişine, onuň tematikasyna, muzeý esbaplaryny we toplamalaryny aýawly saklamagyň talaplaryna laýyk gelýän binanyň (jaýyň), şol sanda durkuny dikeldiş işlerini geçirmäge ýaramly bolan we olaryň köpçülige görkezilmegi (ekspozisiýalary) üçin jaýlaryň we gazna saklaýyş jaýlaryň bolmagy;
3) muzeýiň işlerini (hususy muzeýlerden başga) üpjün etmek üçin maliýeleşdirmek çeşmeleriniň, maddy-tehniki serişdeleriň we işgärler üpjünçiliginiň bolmagy.
Muzeýleri döretmegiň kadalary medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär.
3. Muzeýi esaslandyryjy onuň Tertipnamasyny (düzgünnamasyny) tassyklaýar, onuň maliýeleşdirilişi we maddy-tehniki üpjünçiligi boýunça borçnamalary öz üstüne alýar. Muzeýiň Tertipnamasynda (ol baradaky düzgünnamada) onuň hukuk ýagdaýy, maliýeleşdiriliş çeşmeleri, muzeý işiniň esasy wezipeleri, onuň elýeterlilik şerti, muzeý bilen ony esaslandyryjynyň arasyndaky emläk gatnaşyklary, muzeýi dolandyrmagyň tertibi berkidilmelidir.
Muzeýi esaslandyryjynyň muzeýiň döredijilik işine gatyşmaga haky ýokdur, onuň Tertipnamasynda (onuň düzgünnamasynda) we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaý muňa degişli däldir.
4. Muzeýler ýuridik şahsyň hukuklary bolan özbaşdak edaralar ýaly hem-de kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň gurluş düzüm birlikleri ýaly, şeýle hem umumydöwlet muzeýleriniň şahamçalary ýaly döredilip bilner.
Muzeý ýuridik şahs bolmak bilen özbaşdak balansa we smeta, banklarda we beýleki karz edaralarynda hasaplara, bellenilen nusgadaky möhre, onuň işi üçin zerur bolan beýleki möhürlere we möhürçelere, öz nyşanyna eýedir.
Muzeý Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde emläk we emläk däl hukuklary amala aşyryp, borçlary ýerine ýetirip biler, kazyýetde hak isleýji we jogap berijidir, öz borçnamalary boýunça jogapkärçilik çekýär.
5. Muzeýi döretmek üçin zerur bolan ýer bölekleri, beýleki tebigy serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde peýdalanmaga berilýär.
6. Muzeýler Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik we öz maksatlaryna laýyk gelýän islendik işi amala aşyryp bilerler.
Muzeýler, eger-de ol şu Kanunda göz öňünde tutulan maksatlara ýetmegi üpjün edýän bolsa, telekeçilik işini amala aşyryp bilerler.
7. Türkmenistanyň çägindäki ähli muzeýler medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynda döwlet tarapyndan bellige alynmaga degişlidir.
Muzeýleri döwlet tarapyndan bellige almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
17-nji madda. Muzeý gaznasy we onuň muzeýler
tarapyndan döredilişi
1. Muzeý gaznasy muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň ýygyndysy bolmak bilen:
1) olaryň görnüşine, döredilen ýerine we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan we Türkmenistanyň çäklerinde saklanylýan tebigy, taryhy, ylmy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni gymmaty bolan, medeniýetiň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň gozgalýan we aýratyn gozgalmaýan tapyndylarynyň jemidir (etnografik gymmatlyklar, arheologik tapyndylar, bezeg-amaly haşam sungatynyň eserleri, golýazmalar we beýleki tapyndylar);
2) Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanýan gozgalmaýan ýadygärlikleriň jemidir (taryhy we memorial obýektler, monumental sungatyň eserleri, bitewi tebigy-taryhy ýadygärlikler, taryhy-medeni goraghanalar we beýleki ýadygärlikler).
2. Muzeýleriň muzeý gaznasyny döretmek aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:
1) medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna we muzeýler tarapyndan öz serişdeleriniň hasabyna ilatdan we beýleki çeşmelerden muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny satyn almak;
2) arheologiýa, etnografiýa, ylmy-tebigy we beýleki ekspedisiýalar, gurluşyk, abatlaýyş ýa-da durkuny dikeldiş işler wagtynda ýüze çykarylan, tapylan, şol sanda gymmat bahaly metallardan we gymmat bahaly daşlardan ybarat bolan muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny we hazynalary bellenilen tertipde muzeýlere bermek;
3) kärhanalar, edaralar, guramalar we raýatlar tarapyndan muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny muzeýlere muzdsuz bermek;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda muzdsuz alnan muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny muzeýlere bermek;
5) gözlenilýän, Türkmenistanyň çäginden bikanun çykarylan muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny gaýtaryp almak we muzeýlere bermek;
6) gümrükhanada ele salnan muzeý esbaplaryny we muzeý toplamalaryny muzeýlere bermek;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelmeýän beýleki usullar bilen muzeý gaznalarynyň üstüni dolmak.
18-nji madda. Muzeýiň çägi
Muzeý üçin bölünip berlen çäkde onuň wezipe boýunça ýerine ýetirmeli işine garşy gelýän ýa-da muzeý gaznasynyň saklanyş ýagdaýyna ýaramaz täsir edip biljek iş, şeýle hem medeniýet edarasy hökmünde muzeýiň işi bilen bir ýere sygyşmaýan beýleki iş gadagandyr. Muzeýiň Tertipnamasyna laýyklykda oňa şu aşakdaky çäkler (ýerler, zolaklar) bölünip berlip bilner:
1) ýadygärlikleri we has gymmatly taryhy-medeni toplumlary we aýratyn obýektleri saklamak we goramak üçin – goralýan ýerler;
2) muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny stasionar usulda görkezmek (sergilemek) we olary medeni aň-bilim maksatlarda peýdalanmak üçin – ekspozisiýa ýerleri;
3) muzeýiň ylmy-barlag we ylmy-usulyýet işlerini maksada gönükdirip guramak we geçirmek üçin – ylmy-usulyýet işlerini alyp barmak üçin ýerleri;
4) muzeý hyzmatlaryny amala aşyrmagy, dynç alşy we muzeýe gelýänlere hyzmat etmegi (naharhana, garbanyşhana, sowgatlyklar dükany we beýlekiler) guramak üçin muzeýiň düzüminde kesgitlenen goşmaça gurluş birlikler bolan – dynç-alyş ýerleri;
5) guramaçylyk-hojalyk we kömekçi düzümleri we beýleki obýektleri we desgalary ýerleşdirmek üçin – hojalyk ýerler.
19-njy madda. Tebigy serişdelerden peýdalanmak
Muzeý ýerden, beýleki tebigy serişdelerden peýdalanýar we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda olaryň goragy we olardan rejeli peýdalanmak boýunça kadalaryň berjaý edilmegi üçin jogapkärçilik çekýär.
20-nji madda. Muzeýleriň üýtgedilip guralmagy
1. Muzeý ony esaslandyryjynyň karary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda üýtgedilip guralyp bilner.
2. Muzeýiň goşulmak, birleşmek, bölünmek, bölünip aýrylmak, özgertmek görnüşinde üýtgedilip guralmagy taraplaryň hemmesiniň razylygy bolanda hem muzeýi esaslandyryjynyň hem-de muzeýiň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylyp bilner.
3. Muzeýi üýtgedip guramak hakynda karar kabul eden ýuridik ýa-da fiziki şahs bu barada medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna ýazmaça görnüşde habar berýär we üýtgedip guramagyň bellenilen möhletine çenli iki aýdan gijä galman kabul edilen karar hakyndaky habary metbugatda çap edýär.
21-nji madda. Muzeýleriň ýatyrylmagy
1. Muzeý ony esaslandyryjynyň karary boýunça, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlarda ýatyrylyp bilner.
2. Muzeý ýatyrylanda onuň muzeý gaznasyny edinmegiň artykmaç hukugyna döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary we degişli ugurdaky muzeýler eýelik edýärler.
3. Muzeýi ýatyrmak hakynda karar kabul eden ýuridik ýa-da fiziki şahs bu barada medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasyna ýazmaça görnüşde habar berýär, esaslandyryjynyň we muzeýiň zähmetkeşler köpçüliginiň wekillerinden ýatyryş toparyny döredýär we ýatyrmagyň bellenilen möhletine çenli iki aýdan gijä galman kabul edilen karar hakyndaky habary metbugatda çap edýär.
4. Döwlet eýeçiliginde esaslandyrylan ýatyrylýan muzeýleriň emlägi we muzeý gaznalaryny mundan beýläk peýdalanmagyň tertibini medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy bilen ylalaşyp, oňa hak-hukukly adam kesgitleýär.
5. Eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşine esaslanýan muzeýler ýatyrylan halatynda olaryň emlägini we muzeý gaznasyny almaga bolan artykmaç hukuk ýatyrylýan muzeýiň ýerleşýän sebitinde hereket edýän döwlet muzeýlerine degişli bolup durýar.
V BAP. MUZEÝLERIŇ WEZIPELERI, AMALA
AŞYRÝAN IŞLERI, HUKUKLARY WE BORÇLARY
22-nji madda. Muzeýleriň esasy wezipeleri we amala
aşyrýan işleri
1. Şu aşakdakylar muzeýleriň esasy wezipeleridir:
1) raýatlaryň ruhy, intellektual we medeni isleglerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen medeni, ylmy, bilim we aň-bilim işini amala aşyrmak;
2) ilata muzeý hyzmatlaryny etmek;
3) muzeý gaznasyny döretmek we gorap saklamak.
2. Şu maddanyň birinji böleginde görkezilen wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, muzeýler şu aşakdaky işleri amala aşyrýarlar:
1) muzeý gaznalaryny döredýärler;
2) muzeý gaznalarynyň maglumatlaryny ylmy taýdan işleýärler we muzeýlere gelýänler üçin olaryň mazmunyny açýarlar;
3) muzeý gaznasyny hasaba almak, muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň rejeli saklanylmagyny, olaryň konserwasiýa edilmegini we durkunyň dikeldilmegini guramak, muzeý gaznasynyň howpsuzlyk çäreleriniň ulgamy arkaly muzeý gaznasynyň howpsuzlygyny we abat saklanylmagyny üpjün edýärler; muzeýe gelýänleriň muzeý gaznasyna bolan aýawly garaýşyny terbiýeleýärler;
4) muzeýe gelýänleriň isleglerini, ýaş, fiziki, durmuş, psihologik we beýleki aýratynlyklaryny hasaba almak bilen olara hyzmaty guraýarlar;
5) muzeý işgärleri üçin zähmetiň amatly şertini döredýärler;
6) esaslandyryja bu iş hakynda seljeriş we statistik hasabatlylygy berip, ylmy, önümçilik, hojalyk we maliýe işini meýilleşdirýärler we amala aşyrýarlar.
23-nji madda. Muzeýleriň hukuklary
Muzeýler şu aşakdakylara hukuklydyrlar:
1) muzeýleriň tertipnamalarynda (düzgünnamalarynda) görkezilen maksatlaryna we wezipelerine laýyklykda öz işiniň mazmunyny we anyk görnüşlerini özbaşdak kesgitlemäge, şunda muzeý gaznasynyň üpjünçiligi we ony aýap saklamak, muzeý hyzmatlaryny ýerine ýetirmek boýunça işler olaryň esasy işi bolup durýar;
2) esaslandyryjylar bilen ylalaşyp muzeýlerden peýdalanmagyň düzgünlerini tassyklamaga;
3) muzeýden peýdalanmagyň düzgünlerine laýyklykda, muzeýe gelýänler we muzeý işgärleri tarapyndan ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň görnüşini we möçberini kesgitlemäge;
4) muzeýe gelýänlere edilýän muzeý hyzmatlarynyň sanawyny giňeltmek we muzeýleri durmuş-döredijilik taýdan ösdürmek maksady bilen, olaryň esasy işine zyýan ýetirmedik ýagdaýynda hojalyk işini amala aşyrmaga;
5) ýuridik we fiziki şahslar bilen baglaşylan şertnamalaryň esasynda muzeý gaznalaryndan peýdalanmagyň şertlerini kesgitlemäge;
6) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde muzeý birleşiklerini döretmäge;
7) Türkmenistanyň muzeý ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine bäsleşik ýa-da başga esasda gatnaşmaga;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde daşary ýurt döwletleriniň muzeýleri we beýleki edaralary hem-de guramalary bilen hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga, şol sanda muzeý gaznasyna degişli bolan muzeý esbaplary we muzeý toplamalary boýunça halkara alyş-çalşyklaryny ýöretmäge, halkara guramalaryna girmäge, halkara muzeý maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga;
9) öz muzeý gaznalaryny üpjün etmegiň çeşmelerini kesgitlemäge;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna (olar baradaky düzgünnamalara) laýyklykda maglumat, medeni, aň-bilim, ylym, bilim işini amala aşyrmaga;
11) telekeçiligiň esasy işe zyýan ýetirmedik şertinde muzeýe gelýänlere edilýän muzeý hyzmatynyň sanawyny giňeltmek we muzeýleri durmuş-döredijilik taýdan ösdürmek maksady bilen telekeçilik işini amala aşyrmaga. Muzeý hyzmatynyň islendik tölegli görnüşlerine, eger olardan gelýän girdeji muzeýleriň işini ösdürmek we kämilleşdirmek üçin peýdalanylsa, telekeçilik işi ýaly garalmaýar;
12) Türkmenistanyň kanunçylygyna ters gelmeýän beýleki hereketleri amala aşyrmaga.
24-nji madda. Muzeýleriň borçlary
1.Muzeýler şulara borçludyrlar:
1) raýatyň taryhyň, medeniýetiň we ylmyň gymmatlyklaryna goşulmagyna bolan aýrylmaz hukugynyň durmuşa geçirilmegine ýardam etmäge, şahsyýeti ösdürmek we öz mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ylmy taýdan akyl ýetirmek, kämilleşmek we özbaşdak bilim almak, medeni işler we boş wagtyňy gyzykly (täsirli) geçirmek üçin şertleri döretmäge;
2) muzeýe gelýänleriň tanyşmagy üçin elýeter ýerde ýerleşdirilen muzeýiň Tertipnamasyna (ol hakda düzgünnama) we muzeýden peýdalanmagyň kadalaryna laýyklykda muzeýe gelýänlere muzeý hyzmatyny etmäge;
3) muzeýe gelýänler we olaryň gyzyklanmalary hakynda maglumatlary ylmy we muzeý-önümçilikden başga gaýry maksatlarda peýdalanmazlyga;
4) muzeýe gelýänleriň isleglerini öwrenmäge we olaryň has doly kanagatlandyrylmagyny üpjün etmäge;
5) muzeýe gelýänlere muzeý gaznalaryna erkin elýeterliligi üpjün etmäge;
6) muzeýe gelýänlere muzeý gaznalarynyň düzümi hakyndaky maglumaty bermäge;
7) muzeý gaznalarynyň abat saklanylmagyny üpjün etmäge, öz muzeý gaznalaryny we ýerine ýetirýän hyzmatlaryny ýaýratmaga, muzeýe gelýänleriň muzeý gymmatlyklaryna we muzeý toplamalaryna bolan gyzyklanmasyny ösdürmäge;
8) muzeýe gelýänlere edilýän muzeý hyzmatyny kämilleşdirmek boýunça işi amala aşyrmaga;
9) şu Kanunda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde muzeý gaznalarynyň hasaba alynmagyny, üpjünçiligini we saklanylmagyny üpjün etmäge;
10) Türkmenistanyň kanunçylygynda we muzeýiň esaslandyryjy resminamalarynda göz öňünde tutulan tertipde olary esaslandyryjylaryň we döwlet statistika edaralarynyň öňünde hasabat bermäge;
11) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
2. Öz muzeý gaznalarynda taryhy we medeni ýadygärliklere degişli edilen aýratyn ähmiýetli muzeý esbaplary we muzeý toplamalary bolan muzeýler olaryň abat saklanylmagyny üpjün edýärler we Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň bir bölegi hökmünde olaryň öz wagtynda hasaba we bellige alynmagy üçin jogapkärçilik çekýärler.
VI BAP. TÜRKMENISTANYŇ MILLI MUZEÝ GAZNASY
25-nji madda. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň
düzümi we ýöredilişi
1. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar.
2. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary döwlet, hususy we eýeçiligiň beýleki görnüşlerinde bolup bilerler.
Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasyna Türkmenistanyň çäginden daşardaky we halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistana gaýtarylmaga degişli bolan muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary hem degişli bolup biler.
3. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasy döwlete dahylly we döwlete dahylsyz böleklerden durýar.
4. Muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizmek (ýa-da çykarmak) degişli bilermenler seljermesi geçirilenden soň medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasy hakyndaky Düzgünnamada bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
Muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary olar Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň Döwlet katalogynda bellige alnan gününden Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen (ýa-da çykarylan) hasap edilýär.
Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň eýesine degişli şahadatnama berilýär.
5. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary babatda fiziki we ýuridik şahslaryň raýatlyk hukuklarynyň we borçlarynyň bellenilmegine, üýtgedilmegine ýa-da ýatyrylmagyna gönükdirilen eýeçilik hukuklarynyň berilmegi we beýleki hereketleri diňe geleşik Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň Döwlet katalogynda bellige alnandan soň amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň Döwlet katalogy hakynda düzgünnama medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
6. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň, şeýle hem aýratyn ylmy, taryhy, çeperçilik ýa-da beýleki medeni ähmiýete eýe bolan seýrek muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary, eýeçiliginiň görnüşine we saklanylýan ýerine garamazdan medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan Türkmenistanyň milli medeni baýlygynyň obýektleriniň Döwlet sanawyna girizilýär.
7. Muzeýlerde saklanylýan we Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen, Milli arhiw gaznasyna degişli resminamalary hasaba almak, saklamak we peýdalanmak Türkmenistanyň arhiwler we arhiw işi hakynda kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
8. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary ýurtdan çykarylmaga degişli däldir.
Görkezilen gymmatlyklaryň we toplamalaryň ýurduň çäginden daşary wagtlaýyn çykarylmagy sergilerde görkezmek ýa-da durkuny dikeltmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen beýleki ýagdaýlarda medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň rugsatnamasy bilen mümkindir.
Sergilerde görkezmek ýa-da durkuny dikeltmek üçin Türkmenistanyň çäginden daşary wagtlaýyn çykarylýan Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary hökmany ätiýaçlandyrylmaga degişlidir.
Olaryň kesilen we ätiýaçlandyryş bahasyny bellemegiň tertibi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy we ykdysadyýet we maliýe babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
9. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary diňe medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ýörite rugsatnamasy boýunça aýrybaşgalanyp ýa-da mirasdüşerlik tertibinde ýa-da başga usul bilen bir şahsdan beýlekisine geçirilip bilner.
10. Muzeýleriň esaslandyryjylary (eýeleri) bolup durýan ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň abat saklanylmagyny üpjün etmäge we onuň üstüniň doldurylmagyna ýardam etmäge borçludyrlar.
11. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasy hakynda düzgünnama Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
26-njy madda. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň
döwlete dahylly bölegi
1. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylly böleginiň düzümine döwlet eýeçiliginde bolan muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary girýär.
2. Döwlet muzeýleri tarapyndan toplanan muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylly böleginiň düzümine girýär.
3. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylly böleginiň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary aýrybaşgalanyp bilinmez, ýitirilmek, weýrançylyk ýagdaýlary ýa-da beýleki muzeý gymmatlyklaryna we muzeý toplamalaryna çalyşmak muňa degişli däldir.
Olary aýrybaşgalamak baradaky karar medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kabul edilýär.
4. Muzeý toplamalary bölünmesizdir.
5. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylly böleginiň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde gönüden-göni dolandyryş hukugynda döwlet muzeýlerine berkidilýär.
6. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylly böleginiň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary gönüden-göni dolandyrylmaga berlen döwlet muzeýleri şu aşakdakylary üpjün etmäge borçludyrlar:
1) muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň fiziki goraglylygyny we howpsuzlygyny;
2) şu muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary bilen baglanyşykly hasaba alyş resminamalarynyň ýöredilişini we aýalyp saklanylmagyny;
3) muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň ylmy, medeni, bilim, döredijilik-önümçilik maksatlarda ulanylmagyny.
7. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylly böleginiň ýagdaýyna döwlet gözegçiligini medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy aşakdaky görnüşlerde amala aşyrýar:
1) muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň aýalyp saklanyş ýagdaýyny we saklanyş şertlerini barlamak;
2) Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrmak üçin zerur bolan muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary barada haýyş hatyny ugratmak we maglumatlary almak.
8. Döwlet Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylly böleginiň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny saklamak üçin zerur bolan maliýe we beýleki şertleri üpjün edýär, şeýle hem ýetirilen zyýanyň öwezini dolmagyň zerur kepilliklerini berýär.
Döwlet döwlet muzeýlerine salgyt we beýleki ýeňillikleri berip biler, seýrek taryhy-çeperçilik toplamalary aýap saklamak boýunça goşmaça çäreleri kabul etmek zerurlygy sebäpli goldamagyň aýratyn görnüşlerini, şeýle hem dünýä ähmiýetli muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny saklaýan döwlet muzeýleriniň işleri üçin has amatly şertleriň döredilmegini belläp biler.
27-nji madda. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň
döwlete dahylsyz bölegi
1. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen we döwlete dahylly bölegine degişli bolmadyk muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary onuň döwlete dahylsyz bölegini düzýärler.
2. Muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylsyz böleginiň düzümine girizmek muzeý gymmatlyklarynyň ýa-da muzeý toplamalarynyň eýesiniň arzasy esasynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary ýitirilen ýa-da weýran edilen ýagdaýynda olary Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylsyz böleginiň düzüminden çykarmak bellenilen tertipde medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
4. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylsyz böleginiň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasy hakynda Düzgünnamada bellenilen kadalara we şertlere laýyklykda hasaba alynmaga we saklanylmaga degişlidir.
5. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylsyz böleginiň ýagdaýyna we döwlete dahylsyz muzeýleriň işine döwlet gözegçiligi medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy aşakdaky görnüşlerde amala aşyrýar:
1) muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň aýalyp saklanyş ýagdaýyny we saklanyş şertlerini barlamak;
2) bellenilen tertipde döwlete dahylsyz muzeýleriň müdirligine berlen muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň saklanýan ýerini üýtgetmek ýa-da olary aýrybaşgalamak barada onuň eýesiniň öňünde meseläni goýmak;
3) Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlet hasaba alnyşyny amala aşyrmak üçin zerur bolan muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary barada haýyş hatyny ugratmak we maglumatlary almak.
6. Döwlet häkimiýet edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylsyz bölegine we dürli görnüşlerdäki muzeýlere, şol sanda aşakdakylary göz öňünde tutmak bilen goldaw berýärler:
1) muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň durkuny dikeltmegi alyp barmak üçin döwlet durkuny dikeldiş edaralaryny hödürlemek;
2) zerur bolan ýagdaýynda muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny döwlet aýawhanalarynda saklamaga berilmegini üpjün etmek;
3) muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin edilýän harajatlaryň bölekleýin öwezini dolmak;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda salgyt we beýleki ýeňillikleri bermek.
7. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň döwlete dahylsyz böleginiň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny sowgat etmek ýa-da almak-satmak geleşikleri amala aşyrylanda sowgady alyjy ýa-da satyn alyjy bu gymmatlyklar babatda sowgat edijide ýa-da satyjyda bar bolan ähli borçnamalary öz üstüne almaga borçludyr. Şunlukda satyn almakda döwlet artykmaç hukuga eýedir.
8. Muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary wesýetnama boýunça ýa-da kanun boýunça nesilden-nesle geçirilende mirasdüşer bu gymmatlyklar babatda miras galdyryjyda bar bolan ähli borçnamalary öz üstüne almaga borçludyr. Bu borçnamalardan ýüz dönderilen ýagdaýynda mirasdüşer bu muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny satyp biler ýa-da ýokarda aýdylan şertlerde başga geleşigi baglaşyp biler, şunlukda satyn almakda döwlet artykmaç hukuga eýedir.
Eger-de mirasdüşer berlen muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary babatda borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üpjün etmese, onda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda döwletiň eýeçiliksiz saklanylýan gymmatlyklary satyn almaga hukugy bardyr.
9. Şu maddanyň ýedinji we sekizinji böleklerinde muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary bilen sanalyp geçilen ähli geleşikler Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň Döwlet katalogynda olaryň döwlet belligine alnan gününden amala aşyrylan diýip hasaplanylýar.
10. Satyn almagyň artykmaç hukugyny döwletiň adyndan ýerine ýetirmek medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
28-nji madda. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasyna
elýeterliligi üpjün etmek
1. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen we muzeýlerde saklanýan muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary raýatlaryň elýeterliligi üçin açykdyr.
2. Eýeleri ýa-da esaslandyryjylary tarapyndan Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen we muzeýlerde saklanýan muzeý gymmatlyklaryna we muzeý toplamalaryna aşakdaky esaslara görä çäklendirilen elýeterlilik bellenilip bilner:
1) abatlygyň kanagatlanarsyz ýagdaýy;
2) durkuny dikeldiş işleriniň alnyp barlyşy;
3) muzeýiň aýawhanasynda saklanmagy.
3. Muzeýiň aýawhanasynda saklanýan muzeý gymmatlyklaryna we muzeý toplamalaryna elýeterliligiň tertibi we şerti medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilýär we raýatlaryň dykgatyna ýetirilýär.
Muzeý gymmatlyklaryna we toplamalaryna maglumat gizlinligi düşünjesi bilen elýeterliligiň çäklendirilmegine ýol berilmeýär.
4. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasyna girizilen muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny täjirçilik esasda ilkinji gezek çap etmek hukugy, olaryň hasapda duran muzeýine degişlidir.
5. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasyna girizilen muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň nusgalaryny täjirçilik maksatlarda ulanmak hukugyny bermek olaryň eýesiniň bellän tertibinde muzeýler tarapyndan amala aşyrylýar.
6. Muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň, muzeýleriň jaýlarynyň, muzeýiň çäginde ýerleşen obýektleriň şekillerini ulanmak arkaly şekillendiriş, çap etmek, sowgatlyk we beýleki köp mukdardaky önümleri we sarp edilýän harytlary, şeýle hem olaryň atlaryny we nyşanlaryny ulanmak arkaly öndürmek muzeýleriň ýolbaşçylarynyň rugsatnamasy bilen amala aşyrylýar.
29-njy madda. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň
abatlygy
1. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň eýeleri ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen edaralar olaryň göwnejaý hasaba alynmagyny we abatlygyny üpjün etmäge borçludyrlar.
2. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň göwnejaý saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen, eýeleri ýa-da olar tarapyndan ygtyýarly edilen edaralar muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň saklanylmagynyň ýörite ylmy taýdan esaslandyrylan düzgünini ýola goýmalydyrlar, olaryň konserwasiýasyny we durkuny dikeltmegi geçirmelidirler.
3. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň ýok edilmegine rugsat berilmeýär.
4. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň hukuk taýdan goragy Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenilýär.
5. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen, döwlet eýeçiligi bolup durýan muzeý gymmatlyklary we muzeý toplamalary hususylaşdyrylmaga degişli däldir.
6. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň muzeýiň hasabyndan çykarylmagy medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň rugsat bermegi esasynda amala aşyrylýar.
7. Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan muzeýe ýetirilen maddy zyýanyň öwezi Türkmenistanyň kanunçylygy we muzeýler hem-de muzeý işi bilen baglanyşykly meseleleri düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda dolunýar.
30-njy madda. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň
düzümine girizilen muzeý gymmatlyklarynyň
we muzeý toplamalarynyň konserwasiýasy we
durkunyň dikeldilmegi
1. Türkmenistanyň Milli muzeý gaznasynyň düzümine girizilen muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň konserwasiýasyny we durkunyň dikeldilmegini diňe medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ýöriteleşdirilen edaralary, muzeýleriň degişli bölümleri, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasynyň ygtyýarnamalary bolan ýöriteleşdirilen kärhanalar, guramalar we aýry-aýry durkuny dikeldijiler ýerine ýetirip biler.
2. Döwlet muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň durkuny dikeldiji işgärleriň taýýarlanylmagyna, hünäriniň kämilleşdirilmegine we gaýtadan taýýarlanylmagyna, ýöriteleşdirilen durkuny dikeldiş edaralarynyň ulgamynyň ösdürilmegine, şeýle hem muzeý gymmatlyklarynyň we muzeý toplamalarynyň konserwasiýasy we durkunyň dikeldilmegi babatyndaky daşary ýurt hünärmenleriniň çagyrylmagyna ýardam berýär.
VII BAP. MUZEÝLERIŇ MALIÝELEŞDIRILIŞI,
MADDY-TEHNIKI ÜPJÜNÇILIGI WE
EMLÄK HUKUKLARY
31-nji madda. Muzeýleriň maliýeleşdirilmegi
1. Döwlet häkimiýet edaralary, döwlet eýeçiligindäki beýleki ýuridik şahslar tarapyndan döredilen muzeýleri maliýeleşdirmek Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň muzeýler ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamalaryny işläp düzmek we amala aşyrmak, döwlet muzeýleri üçin binalaryň, desgalaryň, jaýlaryň gurluşygy we durkunyň täzelenilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
2. Esaslandyryjylary eýeçiligiň döwlete dahylsyz görnüşleriniň ýuridik şahslary, şeýle hem fiziki şahslar bolan muzeýleri maliýeleşdirmek olaryň öz hususy serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar. Döwlet şeýle muzeýlere maliýe we maddy-tehniki goldawy bermäge haklydyr.
3. Muzeýleri goşmaça maliýeleşdirmek fiziki we ýuridik, şol sanda daşary ýurt şahslaryň serişdeleriniň hasabyna, muzeýler tarapyndan hojalyk işiniň amala aşyrylmagyndan alnan serişdeleriň, muzeýler tarapyndan tölegli hyzmatlaryň ýerine ýetirilmeginiň hasabyna, bagyş etmeleriň we Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeleriň hasabyna amala aşyrylyp bilner.
Muzeýleri maliýeleşdirmegiň goşmaça çeşmelerine şular degişli bolup biler:
1) muzeýlere we sergilere baryp görmek üçin töleg;
2) muzeýler tarapyndan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň, raýatlaryň birleşikleriniň we aýratyn raýatlaryň buýurmasy boýunça ýerine ýetirilýän ylmy-barlag we işleriň beýleki görnüşlerinden alynýan serişdeler;
3) sowgatlyk önümleriniň satylmagyndan we neşir işinden gelýän girdejiler;
4) kino (wideo) we surata düşürileni üçin tölegler;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki çeşmeler, şol sanda muzeý hyzmatlaryny etmekden alynýan serişdeler we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda alnan daşary ýurt pul serişdeleri.
4. Muzeýleriň maliýeleşdirilmeginiň goşmaça çeşmelerinden gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi çäklendirilmäge degişli däldir. Bu serişdeler býujet ýylynyň ahyrynda alnyp bilinmez, indiki ýyl üçin býujet maliýeleşdirilmesiniň möçberi kesgitlenilende hasaba alynmaýar we diňe muzeýiň tertipnamalaýyn işiniň (muzeýiň gaznasynyň toplanylmagy, maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi we işiň beýleki görnüşleri) amala aşyrylmagy üçin peýdalanylmalydyr.
32-nji madda. Muzeýleriň maddy-enjamlaýyn üpjünçiligi
1. Muzeýleriň ýörite taslamalar boýunça gurlan binalar, desgalar, jaýlar ýa-da muzeýlere gelýänlere hyzmat etmegiň, muzeýleriň gaznalaryny saklamagyň şertlerine laýyk gelýän, abadanlaşdyrylan beýleki jaýlar, degişli tehniki serişdeler, beýleki enjamlar we ulaglar bilen üpjünçiligi olaryň esaslandyryjylary (eýeleri) tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Muzeýlere gelýänlere hyzmat etmek, işgärleriň işlemegi, muzeý gaznalarynyň saklanylmagy üçin deň derejeli abadanlaşdyrylan jaý berilmezden muzeýleri göçürmek gadagan edilýär.
3. Muzeý obýektleri, ymaratlary, jaýlary taslanylanda we ulanylmaga tabşyrylanda çagalaryň, maýyplaryň, gartaşan adamlaryň muzeý gymmatlyklaryna we muzeý toplamalaryna barmakdaky islegleri nazara alynmalydyr.
33-nji madda. Muzeýleriň emläk hukuklary
1. Muzeý özüne berkidilen emläge Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde gönüden-göni dolandyryş hukugynda eýelik edýär, ygtyýar edýär we ondan peýdalanýar.
2. Döwlet muzeýlerine gönüden-göni dolandyryş hukugynda berkidilen binalar, desgalar, jaýlar, emläk, muzeý gaznalary döwletiň eýeçiligi bolup durýar.
3. Döwlet muzeýleri muzeýiň hereket edýän döwrüniň bütin dowamynda eýeleýän ýer böleklerinden muzdsuz peýdalanýarlar.
4. Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki muzeýleriň emläk hukuklarynyň goragyny kepillendirýär.
34-nji madda. Muzeýleriň hojalyk işi
1. Muzeýler Türkmenistanyň kanunçylygyna we öz tertipnamalaryna (düzgünnamalaryna) laýyklykda, muzeý gaznalarynyň goralyp saklanylmagyna bildirilýän talaplary berjaý etmek arkaly hojalyk işi bilen meşgullanyp bilerler.
2. Muzeýleriň hojalyk işinden alnan serişdeler dolulygyna olaryň ygtyýarynda galýar. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, muzeýleriň hojalyk işinden, şol sanda tölegli hyzmatlary ýerine ýetirmekden alynýan girdejilerine we bu girdejileriň hasabyna satyn alan emlägine özbaşdak ygtyýar etmäge hukugy bardyr.
3. Döwlet muzeýlerinde tölegli hyzmat etmek diňe hyzmatlaryň medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan bellenilen, zähmetiň goşmaça sarp edilmegini talap edýän aýratyn görnüşlerine degişlidir.
35-nji madda. Muzeýleri ösdürmegiň gaznalary
1. Eýeçiligiň ähli görnüşlerindäki muzeýleriň işiniň maddy üpjünçiligine ýardam bermek maksady bilen muzeýleri ösdürmegiň gaznalary döredilip bilner. Bu gaznalary esaslandyryjylaryň gatançlary, kärhanalardan, edaralardan we guramalardan gelip gowuşýan serişdeler, raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň haýyr-sahawat gatançlary, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýörite lotereýalary, auksionlary we beýleki täjirçilik çärelerini geçirmekden alynýan girdejiler olary döretmegiň çeşmesi bolup durýar.
2. Muzeýleri ösdürmegiň gaznalarynyň serişdeleri muzeý işiniň ösdürilmegi boýunça taslamalary maliýeleşdirmek maksady bilen, şeýle hem bu gaznalaryň esaslandyryjylary tarapyndan tassyklanylan tertipnamalarynda göz öňünde tutulan tertipde başga çäreleri maliýeleşdirmek maksady bilen ulanylýar.
VIII BAP. MUZEÝ IŞGÄRLERI
36-njy madda. Muzeý işgärleriniň zähmet gatnaşyklary we
olaryň hukuklary
1. Muzeý işgärleriniň zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
Muzeý işgärleri muzeýleriň eýeçiliginiň görnüşine we esaslandyrylyş tertibine garamazdan zähmet gatnaşyklary çygrynda deň hukuklardan peýdalanýarlar.
2. Muzeýleriň wezipe sanawy boýunça wezipä bellenilen mahalynda muzeý işi boýunça ýokary we orta hünär bilimi bolan adamlar artykmaç hukukdan peýdalanýarlar. Aýratyn halatlarda muzeýde muzeý işi babatynda ýörite bilimi bolmadyk, emma muzeýde işlemegiň tejribesi we köp ýyllyk iş döwri bolan hünärmenler işläp bilerler.
3. Muzeý işgärleriniň hünär taýdan taýýarlygyny seljermek, barlamak, olaryň işjeňlik häsiýetlerini kesgitlemek, kärine, eýeleýän wezipesine laýyklygyny ýüze çykarmak, olaryň soňra muzeýlerde işläp bilmek mümkinçiligini anyklamak maksady bilen muzeý işgärleriniň hünär synagy geçirilýär.
Muzeý işgärlerini hünär synagyndan geçirmegiň tertibi Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Muzeý işgärleriniň durmuş goragyna hukugy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, döwlet we muzeýleriň esaslandyryjylary tarapyndan üpjün edilýär.
5. Muzeý işgärleriniň şulara hukugy bar:
1) eýeçiligiň görnüşine garamazdan muzeýlerde kärine we hünär derejesine laýyk gelýän işe;
2) hünär taýýarlygyna, hünäriniň kämilleşdirilmegine we gaýtadan taýýarlanylmagyna, okamagyň görnüşlerini we maksatnamasyny erkin saýlamaga, beýleki muzeýlerde, şol sanda daşary ýurtda tejribe geçmäge;
3) hünär derejesini almak maksady bilen hünär synagyna gatnaşmaga.
37-nji madda. Muzeý işgärleriniň hünär taýýarlygy,
hünäriniň ýokarlandyrylmagy we
gaýtadan taýýarlanylmagy
1. Muzeý işgärleriniň hünär taýýarlygy hem Türkmenistanyň, hem daşary ýurt döwletleriniň degişli orta hünär we ýokary hünär bilim edaralarynda amala aşyrylýar.
2. Muzeý işgärleriniň hünäriniň ýokarlandyrylmagy we gaýtadan taýýarlanylmagy medeniýet babatda taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okatmagy amala aşyrýan ähli kysymlardaky bilim edaralarynda, şonuň ýaly-da medeniýetiň beýleki guramalarynda, şol sanda özlerinde degişli ygtyýarnamalary bolan mahalynda muzeýlerde geçirilip bilner.
Döwlet muzeýleriniň muzeý işgärleriniň hünäriniň ýokarlandyrylmagy we gaýtadan taýýarlanylmagy Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň hasabyna, şonuň ýaly-da şertnamalaýyn başlangyçlarda, döwlete dahylsyz muzeýleriň işgärleriniňki bolsa, şertnamalaýyn esasda amala aşyrylyp bilner.
3. Muzeýleriň esaslandyryjylary muzeý işgärleriniň hünäriniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy we gaýtadan taýýarlanylmagy üçin şertleri döretmäge borçludyrlar.
4. Döwlet Türkmenistanda, şonuň ýaly-da daşary ýurtlaryň öňdebaryjy medeniýet guramalarynda we degişli bilim edaralarynda muzeý işgärleriniň taýýarlanylmagyna, hünäriniň ýokarlandyrylmagyna we gaýtadan taýýarlanylmagyna ýardam edýär.
IX BAP. MUZEÝ HYZMATY
38-nji madda. Raýatlaryň muzeý hyzmatyna hukugy
1. Türkmenistanyň ähli raýatlarynyň muzeý hyzmatyna deň hukugy bardyr.
2. Daşary ýurt fiziki we ýuridik şahslaryna, şeýle hem raýatlygy bolmadyk adamlara muzeýlerde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda hyzmat edilýär.
3. Raýatlaryň muzeý hyzmatyna hukugy şular bilen üpjün edilýär:
1) Türkmenistanyň muzeýler ulgamyny döretmek;
2) muzeýleriň görnüşleriniň köpdürlüliginden peýdalanmak;
3) eýeçiliginiň görnüşine garamazdan kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň we fiziki şahslaryň muzeýleri döretmek işinde döwlet tarapyndan goldanylmagy.
39-njy madda. Muzeýlere gelýänleriň hukuklary
1. Muzeýlere gelýänleriň hemmesiniň öz isleglerine we gyzyklanmalaryna laýyklykda muzeýlere elýeterlilik hukugy bardyr.
2. Muzeýleriň muzeý gaznalaryna elýeterliligiň tertibi, esasy hyzmatlaryň sanawy we olaryň muzeýler tarapyndan hödürlenmeginiň şertleri şu Kanuna, Türkmenistanyň milli taryhy-medeni baýlyklarynyň obýektlerini goramak hakynda kanunçylygyna, şeýle hem muzeýleriň tertipnamalaryna (olar hakynda düzgünnamalara) we muzeýlerden peýdalanmagyň kadalaryna laýyklykda bellenilýär.
40-njy madda. Muzeýlere gelýänleriň borçlary
Muzeýlere gelýänler şulara borçludyr:
1) muzeýlerden peýdalanmagyň kadalaryny berjaý etmäge;
2) muzeý gymmatlyklaryna we muzeý toplamalaryna aýawly garamaga;
3) zyýan ýetirilen muzeý esbaplarynyň we muzeý toplamalarynyň bahasynyň muzeýlerden peýdalanmagyň kadalarynda bellenilen möçberde öwezini dolmaga.
X BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
41-nji madda. Muzeý işi babatynda halkara
hyzmatdaşlygy
1. Türkmenistanyň muzeýleriniň halkara hyzmatdaşlygy şu ugurlar boýunça amala aşyrylýar:
1) daşary ýurt döwletleriniň muzeýleri, muzeý we iş çygry boýunça beýleki ýakyn edaralary bilen ikitaraplaýyn ýa-da köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga gatnaşmak;
2) halkara guramalarynyň muzeý işi babatdaky işine gatnaşmak;
3) muzeý işini guramagyň halkara tejribesini öwrenmek;
4) muzeý gaznalaryna degişli muzeý gymmatlyklaryny we muzeý toplamalaryny özara alyşmak;
5) daşary ýurt döwletleriniň muzeý edaralary we halkara guramalary bilen bilelikde ylmy barlaglary geçirmek;
6) muzeý işi babatda halkara ylmy maslahatlary, kongresleri, simpoziumlary, sergileri geçirmäge gatnaşmak;
7) Türkmenistanyň kanunçylygyna çapraz gelmeýän başga bilelikdäki işi amala aşyrmak.
2. Türkmenistanyň muzeýleri muzeý işi babatdaky halkara hyzmatdaşlygyna Türkmenistanyň kanunçylygyna we halkara şertnamalaryna laýyklykda gatnaşýarlar.
42-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Muzeýleriň we muzeý işiniň meseleleri boýunça ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
43-nji madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin
jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
44-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1996-njy ýylyň 20-nji dekabryndaky «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 4, 68-nji madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda) XXIV bölegini;
2013-nji ýylyň 9-njy noýabryndaky «Muzeýler we muzeý işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2013 ý., № 4, 80-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2017-nji ýylyň 26-njy awgusty.
№ 596-V.