Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Döwlet gullugy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 48-nji madda)
(26.08.2017 ý. № 601-V, 05.10.2019 ý. № 186-VI, 05.06.2021 ý. № 386-VI, 16.03.2023 ý. № 541-VI, 03.06.2023 ý. № 28-VII Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda döwlet gullugynyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny, Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna bolan hukuklaryny durmuşa geçirmeginiň şertlerini we tertibini kesgitleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Döwlet gullugy
1. Döwlet gullugy – bu döwlet gullukçylarynyň döwlet häkimiýetiniň wezipelerini durmuşa geçirmäge gönükdirilen wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek boýunça amala aşyrýan hünär işidir.
2. Döwlet gullugyna degişli çygyrda döwlet syýasatyny amala aşyrmaga degişli teklipleri taýýarlamak, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalaryny işläp düzmek ýa-da olaryň bilermenler seljermesini geçirmek, dolandyryş hyzmatlaryny etmek, döwlet gözegçiligini amala aşyrmak, döwlet emlägini dolandyrmak, döwlet edaralarynyň işgärlerine ýa-da olaryň diwanlaryna ýolbaşçylyk etmek boýunça we döwlet edarasynyň ygtyýarlyklaryny durmuşa geçirmek bilen gös-göni bagly bolan beýleki wezipeler ýüklenilýär.
2-nji madda. Döwlet gullugynyň hukuk esasy
1. Döwlet gullugynyň hukuk esasyny Türkmenistanyň Konstitusiýasy, şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary düzýärler.
2. Şu Kanun döwlet gullugyna girilmegi, onuň geçilmegi we bes edilmegi bilen bagly ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär we döwlet gullukçysynyň hukuk ýagdaýyny kesgitleýär.
3. Şu Kanun bilen düzgünleşdirilmedik döwlet gullugy bilen bagly gatnaşyklara Türkmenistanyň zähmet we gaýry kanunçylygynyň kadalarynyň hereketi degişli edilýär.
3-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda şu esasy düşünjeler peýdalanylýar:
1) döwlet gullukçysy – Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipäni eýeleýän we döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça işi amala aşyrýan Türkmenistanyň raýaty;
2) döwlet edarasy – Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda döredilen we döwlet işiniň degişli çygrynda döwlet häkimiýetiniň ygtyýarlyklaryny amala aşyrýan edara;
3) döwlet gullugynyň wezipeleri – şu Kanunda kesgitlenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda bellenilen wezipe borçlary bolan döwlet edarasynyň düzümi we işgär düzüm sanawy arkaly kesgitlenilen düzüm birligi;
4) wezipeli adam – hemişelik, wagtlaýyn ýa-da ýörite ygtyýarlyk boýunça häkimiýet wekiliniň wezipelerini amala aşyrýan ýa-da döwlet edaralarynda guramaçylyk-serenjam berijilik, administratiw-hojalyk ýa-da gözegçilik-derňew wezipelerini ýerine ýetirýän adam;
5) döwlet edarasynda döwlet gullugynyň ýolbaşçysy – döwlet edarasynda döwlet gullugynda ýokary wezipäni eýeleýän, wezipe borçlaryna bu edarada döwlet gullugy boýunça ygtyýarlyklar girýän wezipeli adam;
6) wezipe ygtyýarlyklar – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklary we borçlary bolan döwlet gullukçylarynyň öz işlerini amala aşyrýan, döwlet edaralarynyň öňlerinde durýan maksatlaryna we wezipelerine laýyk gelýän, döwletiň anyk wezipesi bilen göz öňünde tutulan ygtyýarlyklar;
7) wezipe borçlar – döwlet gullukçysynyň ýerine ýetirmegi hökmany bolan we onuň üçin wezipe gözükdirijisinde bellenilen döwlet gullugynyň wezipesine berkidilen wezipeleriň we ygtyýarlyklaryň sanawy;
8) gulluk borçlar – döwlet gullukçysynyň şu Kanun, döwlet edarasynyň içerki zähmet düzgün-tertip kadalary we onuň wezipe borçlary bilen kesgitlenilen borçlarynyň jemi;
9) döwlet wezipesi – Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen wezipe ygtyýarlyklaryň we wezipe borçlaryň sanawy ýüklenilen, şeýle hem bu sanaw boýunça döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri amala aşyrmak bilen bagly çözgütleri kabul etmäge hukuk berlen döwlet edarasynyň düzüm birligi;
10) döwlet gullukçysynyň ygtyýarlylygy – döwlet gullukçysynda wezipe borçlaryny onuň ýerine ýetirmegi üçin zerur bolan bilim-hünär derejesiniň we iş tejribesiniň bolmagy, şeýle hem döwlet gullukçysy tarapyndan ýörite bilimlere, başarnyklara we endiklere eýelik edilmeginiň derejesi;
11) hünär derejesine talaplar – döwlet wezipesini eýelemäge dalaşgärlik edýän Türkmenistanyň raýatlarynyň hünär taýýarlygynyň derejesini, ygtyýarlylygyny we anyk döwlet wezipesine laýyklygyny kesgitlemek maksatlary bilen olara bildirilýän talaplar;
12) harby gullukçylar – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda harby gullugy geçýän Türkmenistanyň raýatlary;
13) tabşyryk – ýolbaşçynyň anyk wezipeleri goýmagy, onuň närsesini, maksadyny, möhletini we ýerine ýetirilmegi üçin jogapkär adamy göz öňünde tutýan dolandyryş ygtyýarlyklaryny amala aşyrmagynyň görnüşi;
14) hyzmat etmek boýunça wezipeler – döwlet edarasynyň işgärleriniň döwlet gullugynyň öňünde durýan wezipeleri durmuşa geçirmek bilen gös-göni bagly bolan ygtyýarlyklary amala aşyrmagyny göz öňünde tutmaýan, bu edaralaryň işini üpjün etmek maksady bilen ýerine ýetirýän işi.
2. «Korrupsiýa», «korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulma», «bähbitleriň çaknyşygy» we «döwlet gullukçysynyň şahsy bähbidi» diýen düşünjeler şu Kanunda «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda kesgitlenilen manylarda peýdalanylýar.
4-nji madda. Döwlet gullugynyň ýörelgeleri
1.Türkmenistanda döwlet gullugy şu ýörelgelere esaslanýar:
1) kanunylyk;
2) Türkmenistanyň halkyna hyzmat etmek we Watana gulluk etmek;
3) adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ileri tutulmagy, olaryň durmuşa geçirilmeginiň kepillikleri;
4) ynsanperwerlik we durmuş taýdan adalatlylyk;
5) jemgyýetçilik pikirini we aýanlygy hasaba almak;
6) döwlet gullugynyň ulgamynyň birligi;
7) döwlet gullukçylarynyň hünär ussatlygy we ygtyýarlylygy;
8) Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna deň elýeterlilige we özleriniň ukyplaryna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugy boýunça ýokary çekilmäge bolan hukugy;
9) döwlet gullukçylarynyň gözegçilikde bolmagy we hasabatlylygy, olaryň öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmezligi ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmezligi üçin şahsy jogapkärçiligi;
10) döwlet gullugyna girmegiň meýletinligi;
11) ýokarda durýan döwlet edaralary we wezipeli adamlar tarapyndan olaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde kabul eden çözgütlerini ýerine ýetirmegiň tabynlygyndaky döwlet gullukçylary we aşakda durýan döwlet edaralary üçin hökmanylygy;
12) döwlet gullukçylarynyň hukuk we durmuş taýdan goraglylygy;
13) döwlet gullukçylarynyň hünär gulluk işine döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň, şeýle-de fiziki we ýuridik şahslaryň bikanun gatyşmagyndan olaryň goralmagy;
14) deň gymmaty bolan zähmet üçin deň derejede sylag;
15) wezipe borçlaryň päk ýürekden, döredijilikli ýerine ýetirilenligi, aýratyn möhüm we çylşyrymly tabşyryklaryň ýerine ýetirilenligi üçin döwlet gullukçylarynyň höweslendirilmegi;
16) döwlet gullugynyň durnuklylygy;
17) döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň üznüksizligi.
2. Döwlet gullukçylary gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny goldanýarlar we syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň we olaryň edaralarynyň çözgütleri bilen bagly däldirler.
5-nji madda. Şu Kanunyň hereket edýän çygry
Şu Kanunyň hereketi ähli döwlet gullukçylaryna degişli edilýär, muňa Türkmenistanyň Konstitusiýasy, kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlaryna olaryň hünär işiniň aýratynlygy bilen şertlendirilen başga hukuk ýagdaýynyň kesgitlenen halatlary girmeýär.
II BAP. DÖWLET GULLUGYNYŇ GÖRNÜŞLERI,
DÖWLET GULLUKÇYLARYNYŇ WEZIPELERINIŇ SANAWY WE DÖWLET GULLUKÇYLARYNYŇ YGTYÝARLYKLARY
6-njy madda. Döwlet gullugynyň görnüşleri
1. Döwlet gullukçysynyň wezipe borçlarynyň häsiýetine baglylykda döwlet gullugy şu görnüşlere bölünýär:
1) döwlet raýat gullugy;
2) harby gulluk;
3) hukuk goraýyş gullugy.
2. Harby gulluk we hukuk goraýyş gullugy döwlet gullugynyň aýratyn görnüşleri bolup durýarlar.
3. Döwlet gullugynyň görnüşleriniň toparlara bölünişigi Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenýär.
4. Döwlet gullugynyň beýleki görnüşleri şu Kanuna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek arkaly bellenilip bilner.
7-nji madda. Döwlet raýat gullugy
Döwlet raýat gullugy – Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet edaralarynyň, şeýle hem döwlet wezipelerini eýeleýän adamlaryň ygtyýarlyklarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýän Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen wezipelerdäki hünär işi bolan döwlet gullugynyň görnüşidir.
8-nji madda. Harby gulluk
Harby gulluk – Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde, beýleki goşunlarynda we harby edaralarynda harby gullukçylaryň döwlet gullugynyň aýratyn görnüşidir.
9-njy madda. Hukuk goraýyş gullugy
Hukuk goraýyş gullugy – Türkmenistanyň raýatlarynyň howpsuzlygy, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek, jenaýatçylyga garşy göreşmek, adamyň we raýatyň hukuklaryny goramak boýunça ygtyýarlyklary amala aşyrýan döwlet edaralarynda we gulluklarynda hukuk goraýyş gullugynyň wezipelerindäki hünär işi bolan döwlet gullugynyň aýratyn görnüşidir. Şeýle raýatlara ýörite atlar dakylýar we hünär derejeleri berilýär.
10-njy madda. Döwlet gullugynyň wezipeleri
1. Döwlet gullugynyň wezipeleri Türkmenistanyň kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen döredilýär.
2. Döwlet gullugynyň wezipeleri şulara bölünýär:
1) döwlet raýat gullugynyň wezipeleri;
2) harby wezipeler;
3) hukuk goraýyş gullugynyň wezipeleri.
3. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynda döwlet gullugynyň wezipeleriniň dürli görnüşleri döredilip bilner, olar toparlara bölünýärler.
4. Döwlet gullugynyň wezipelerini eýelemek üçin Türkmenistanyň raýatlaryna bildirilýän hünär derejesine talaplar Türkmenistanyň kanunlary we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenýär.
5. Döwlet edarasynda döwlet gullugyna degişli bolmadyk wezipeler göz öňünde tutulyp bilner.
11-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawy
1. Döwlet edaralarynda işgärler bilen işlemegiň netijeliligini ýokarlandyrmak, işgärleriň, şol sanda ýolbaşçy işgärleriň hasaba alnyş ulgamyny kämilleşdirmek, olary seçip-saýlap almak, taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak, ýerli- ýerinde goýmak maksatlary bilen Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawy döredilýär.
Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawy Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.
2. Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawyny şular düzýärler:
1) döwlet raýat gullugynyň wezipeleriniň sanawy;
2) harby wezipeleriň sanawy;
3) hukuk goraýyş gullugynyň wezipeleriniň sanawy.
Görkezilen sanawlar Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da ygtyýarly wezipeli adamlar tarapyndan tassyklanýar.
3. Döwlet gullukçysynyň hukuk ýagdaýy, şol sanda gadaganlyklar, çäklendirmeler, borçnamalar, gullukda özüňi alyp barmagyň kadalary, jogapkärçilik, şeýle hem bähbitleriň çaknyşygyny we jedelleri çözmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenýär.
4. Döwlet edaralarynda işleýän we şol edaralara tehniki hyzmaty amala aşyrýan ýa-da kömekçi wezipeleri ýerine ýetirýän adamlar döwlet gullukçylarynyň hataryna girmeýärler.
12-nji madda. Döwlet wezipeleri
1. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, ol Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýany berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr.
2. Şu wezipeler döwlet wezipeleridir:
1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary;
2) Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty;
3) ministr, ministriň orunbasary;
4) döwlet komitetiniň, döwlet gullugynyň başlyklary we olaryň orunbasarlary;
5) Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky edaralaryň we guramalaryň ýolbaşçylary, ýolbaşçylarynyň orunbasarlary;
6) Türkmenistanyň döwlet edarasynyň we guramasynyň ýolbaşçysy, ýolbaşçynyň orunbasary;
7) döwlet, döwlet täjirçilik bankynyň müdiriýetiniň başlygy we onuň orunbasary;
8) döwlet konserniniň, korporasiýasynyň, assosiasiýasynyň, önümçilik birleşiginiň ýolbaşçysy we onuň orunbasary;
9) merkezi, welaýat gazetiniň we žurnalynyň baş redaktory;
10) ýokary okuw mekdepleriniň rektory, prorektory;
11) ilçi, konsul we diplomatik wekil;
12) welaýatyň, etrabyň, şäheriň häkimi, häkimiň orunbasary;
13) kazy;
14) prokuror;
15) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň ýolbaşçy düzümi.
3. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan döwlet wezipelerine döwlet häkimiýetiniň beýleki edaralarynyň ýolbaşçylarynyň wezipeleri hem degişli edilip bilner.
13-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň hukuklary
Döwlet gullukçylarynyň öz wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirenlerinde şulara hukuklary bardyr:
1) Türkmenistanyň Konstitusiýasy we kanunlary tarapyndan kepillendirilen hukuklardan we azatlyklardan peýdalanmaga;
2) meselelere garalanda we olar boýunça çözgütler kabul edilende öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gatnaşmaga, degişli edaralardan we wezipeli adamlardan olaryň ýerine ýetirilmegini talap etmäge;
3) wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek üçin zerur bolan maglumatlary we resminamalary bellenilen tertipde almaga;
4) eýeleýän wezipesine laýyklykda wezipe ygtyýarlyklaryň göwrüminiň we wezipeleriniň anyk kesgitlenilmegini ýolbaşçydan talap etmäge;
5) eger tabşyryk Türkmenistanyň kanunçylygyna garşy gelýän bolsa, ony ýerine ýetirmekden ýüz döndermäge;
6) wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek üçin kärhanalara, edaralara, guramalara bellenilen tertipde barmaga;
7) ýolbaşçylar, gaýry wezipeli adamlar we raýatlar tarapyndan şahsy mertebesiniň hormatlanylmagyna, özüne adalatly we hormat goýmak bilen çemeleşilmegine;
8) eýeleýän wezipesine, işiniň hiline we tejribesine, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gaýry esaslara baglylykda zähmetiniň maddy taýdan höweslendirilmegini we oňa hak tölenilmegini talap etmäge;
9) özüniň döwlet gullugyny geçişine degişli resminamalar we gaýry maglumatlar bilen päsgelçiliksiz tanyşmaga, zerur halatynda şahsy düşündirişlerini bermäge;
10) degişli býujet serişdeleriniň hasabyna gaýtadan taýýarlanmagy, hünär derejesini ýokarlandyrmagy geçmäge;
11) döwlet gullugyny kämilleşdirmek boýunça bellenilen tertipde teklipleri girizmäge;
12) hünär derejesini, hünär endiklerini, ukyplaryny, öz gulluk borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirişini hasaba almak bilen gulluk boýunça ýokary çekilmäge;
13) syýasy partiýalara we beýleki jemgyýetçilik birleşiklerine girmäge bolan erkinlige, muňa Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär;
14) at-abraýy we mertebäni abraýdan düşürýän maglumatlaryň hakyky däl diýlip ykrar edilmegi üçin gulluk barlagynyň geçirilmegini talap etmäge;
15) zähmetiň sagdyn we howpsuz şertlerine;
16) hukuk we durmuş taýdan goralmagyna;
17) pensiýa we durmuş taýdan üpjünçiligine;
18) döwlet gullukçysynyň öz başlangyjy boýunça zähmet şertnamasynyň ýatyrylmagyny talap etmäge;
19) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan beýleki hukuklary amala aşyrmaga.
14-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň borçlary
1. Döwlet gullukçylary şulara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny goldamaga, jemgyýetde durnuklylygyň ýokary derejesini, Türkmenistanyň halkynyň agzybirligini we jebisligini üpjün etmäge;
2) Türkmenistanyň milli bähbitlerini goramaga;
3) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny we kanunçylygyny berjaý etmäge, Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna hormat goýmaga;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Milli kasamyny kabul etmäge;
5) döwlet gullugynyň ýörelgelerine eýermäge;
6) Türkmenistanyň, onuň raýatlarynyň we ýuridik şahslaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň berjaý edilmegini we goralmagyny üpjün etmäge;
7) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we möhletlerde raýatlaryň ýüz tutmalaryna garamaga, şolar boýunça zerur çäreleri görmäge;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen çäklerde öz ygtyýarlyklaryny amala aşyrmaga;
9) Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen gadaganlyklary, çäklendirmeleri we borçnamalary özüne kabul etmäge;
10) döwlet we zähmet düzgün-nyzamyny, gulluk etikasynyň kadalaryny berjaý etmäge;
11) ýolbaşçylaryň buýruklaryny we tabşyryklaryny, ýokarda durýan edaralaryň we wezipeli adamlaryň öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde çykaran çözgütlerini we görkezmelerini ýerine ýetirmäge;
12) döwlet gullugyny abraýdan düşürýän we döwlet wezipesini eýelemek bilen bir ýere sygyşmaýan hereketlere ýol bermezlige;
13) partiýa degişliligine we şahsy syýasy ygtykadyna garamazdan gulluk borçlaryny halal we päk ýürekden ýerine ýetirmäge;
14) öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek barada işi hakynda şu Kanun tarapyndan bellenilen möhletlerde we tertipde yzygiderli hasabat bermäge;
15) döwlet edarasynda bellenilen dessury, içerki zähmet düzgün-tertip kadalaryny, wezipe gözükdirijilerini, gulluk maglumatlary bilen işlemegiň tertibini berjaý etmäge;
16) döwlet syrlaryny we kanun tarapyndan goralýan gaýry syry, şol sanda döwlet gullugy tamamlanandan soň hem kanun tarapyndan bellenilen wagtyň dowamynda şol syrlary saklamaga. Bu barada gol çekilip degişli borçnama berilýär;
17) gulluk borçlary ýerine ýetirilende raýatlaryň şahsy durmuşyna, namysyna we mertebesine dahylly alynýan maglumatlaryň ýaşyrynlyk häsiýetini saklamaga;
18) döwlet eýeçiliginiň abat saklanylmagyny üpjün etmäge;
19) korrupsiýa garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmäge;
20) döwlet gullukçysynyň şahsy bähbidinden ýüz döndermäge;
21) wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen bagly bähbitleriň çaknyşygynyň döremegi ýa-da onuň döremeginiň mümkinligi özüne mälim bolandan bu barada özüniň gös-göni ýolbaşçysyna ýazmaça görnüşde gaýragoýmazdan habar bermäge;
22) gulluk borçlaryny netijeli ýerine ýetirmek üçin hünär derejesini ýokarlandyrmaga;
23) Türkmenistanyň kanunçylygy tarapyndan ýüklenilen gaýry borçlary ýerine ýetirmäge.
2. Döwlet gullukçylarynyň şu Kanunda bellenilen borçlardan gelip çykýan anyk borçlary hünär derejesine talaplar esasynda kesgitlenýär we degişli döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan tassyklanýan wezipe gözükdirijilerinde beýan edilýär.
15-nji madda. Döwlet gullukçysynyň tabşyryklary
ýerine ýetirmegi
1. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilen ygtyýarlyklaryň çäklerinde we wezipe gözükdirijilerine laýyklykda hereket edýärler.
2. Ýolbaşçylaryň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde beren tabşyryklary tabynlygyndaky döwlet gullukçylarynyň ýerine ýetirmegi üçin hökmanydyr.
3. Ýolbaşçynyň beren tabşyrygynyň kanunylygy babatda şübhe dörän halatynda döwlet gullukçysynyň bu tabşyrygyň ýazmaça tassyklanmagyny talap etmäge hukugy bardyr, ony alandan soňra ol tabşyrygy ýerine ýetirmäge borçludyr. Şu halatda, eger tabşyryk bellenilen tertipde bikanun diýlip bilnen bolsa, döwlet gullukçysy jogapkärçilikden boşadylýar, muňa görnetin bikanun ýa-da jenaýatçylykly buýrugyň ýa-da başga görkezmäniň ýerine ýetirilmegi girmeýär.
4. Ýolbaşçy döwlet gullukçysynyň tabşyrygy ýazmaça tassyklamak barada talabyny alan halatynda, ony ýazmaça tassyklamaga ýa-da degişli tabşyrygy ýatyrmaga borçludyr.
16-njy madda. Döwlet gullukçysynyň syýasy tarapgöýsüzligine bildirilýän talaplar
1. Döwlet gullukçysynyň iş taşlaýyşlary guramaga we olara gatnaşmaga, şonuň ýaly-da eger bu döwlet gullugynyň bähbitlerine garşy gelýän bolsa, gulluk ýagdaýyny syýasy partiýalaryň, dini guramalaryň, gaýry ýuridik şahslaryň, şeýle hem raýatlaryň bähbitlerine peýdalanmaga hukugy ýokdur.
2. Gulluk borçlaryny ýerine ýetirende syýasy garaýyşlaryny açyk görkezýän ýa-da haýsydyr-bir syýasy partiýa aýratyn gatnaşygyna şaýatlyk edýän hereketleri etmäge döwlet gullukçysynyň hukugy ýokdur.
17-nji madda. Döwlet gullugyna bolan hukugy we döwlet gullukçysynyň hukuklaryny goramak
Şu Kanun bilen berlen hukuklaryň bozulan ýa-da olary durmuşa geçirmekde päsgelçilikleriň döredilen halatynda döwlet gullugyna dalaşgärlik edýän adam ýa-da döwlet gullukçysy tarapyndan döwlet edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hereketlerine Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde kazyýete şikaýat edilip bilner.
III BAP. DÖWLET GULLUGYNY DOLANDYRMAK
18-nji madda. Döwlet gullugy çygrynda döwlet dolandyryşy
1. Döwlet gullugy çygrynda döwlet syýasaty Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan amala aşyrylýar.
Türkmenistanyň Prezidenti döwlet gullugynyň meseleleri boýunça özüne gös-göni tabyn we hasabat berýän Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet ýolbaşçylary we wezipeli adamlar bilen işlemek boýunça işgärler gullugyny ýa-da beýleki ygtyýarly döwlet edarasyny (mundan beýläk – ygtyýarly edara) döretmäge, onuň hukuk ýagdaýyny we degişli ygtyýarlyklaryny kesgitlemäge haklydyr.
2. Döwlet edaralarynyň işgärler gullugynyň bitewi ulgamyny ygtyýarly edara, ministrlikleriň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň işgärler bilen işlemek barada bölünmeleri düzýärler.
3. Döwlet edarasynda şu Kanunyň we döwlet gullugy çygrynda Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
19-njy madda. Ygtyýarly edaranyň esasy ygtyýarlyklary
Döwlet gullugyny döwletiň dolandyrmagy barada ygtyýarly edaranyň esasy ygtyýarlyklary şulardyr:
1) döwletiň bitewi işgärler syýasatynyň durmuşa geçirilmegini amala aşyrmak;
2) döwlet gullugynyň işgärleri hakynda maglumatlary döretmek we merkezleşdirmek;
3) döwlet gullugynyň işgärleriniň ýagdaýyna seljerişi alyp barmak;
4) döwlet gullugynyň işgärler ätiýaçlygyny döretmek;
5) döwlet edaralarynda işgärler bilen geçirilýän işe guramaçylyk-usulyýet ýolbaşçylygy amala aşyrmak;
6) döwlet edaralarynda işgärler bilen geçirilýän işiň alnyp barlyşyna gözegçiligi amala aşyrmak;
7) Döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň sanawyny işläp düzmek we ony Türkmenistanyň Prezidentine tassyklamaga bermek;
8) döwlet wezipelerine we döwlet gullukçylarynyň wezipelerine bildirilýän hünär derejesine talaplary işläp düzmek we tassyklamak;
9) zähmete hak tölemek ulgamyny, döwlet gullukçylaryny hukuk we durmuş taýdan goramagy kämilleşdirmek;
10) döwlet gullugynyň işgärlerini taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň meseleleri boýunça, şol sanda daşary ýurtlarda hem döwlet edaralarynyň işini utgaşdyrmak;
11) döwlet maksatnamalary boýunça döwlet gullukçylaryny taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň we hünär derejesini ýokarlandyrmagyň döwlet sargydynyň döredilmegini we ýerleşdirilmegini utgaşdyrmak;
12) döwlet gullugynyň netijeliligini kämilleşdirmek we ýokarlandyrmak çygrynda döwlet maksatnamalarynyň işlenip düzülmegine we durmuşa geçirilmegine gatnaşmak;
13) döwlet wezipelerini eýelemek boýunça bäsleşikleri geçirmegiň tertibini kesgitlemek, şeýle hem bäsleşikleri geçirmegiň dogrulygyna gözegçiligi amala aşyrmak;
14) döwlet gullugyny kadalaşdyrýan Türkmenistanyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça teklipleri işläp düzmek, şeýle hem öz ygtyýarlylyklarynyň çäklerinde bellenilen tertipde kadalaşdyryjy hukuk namalaryny kabul etmek;
15) döwlet edaralary tarapyndan edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri işläp düzmek;
16) döwlet gullugy çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň döwlet edaralary tarapyndan berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak;
17) döwlet gullugynyň meseleleri boýunça halkara şertnamalarynyň taslamalarynyň taýýarlanmagyna gatnaşmak;
18) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrmak.
20-nji madda. Döwlet edaralarynyň işgärler bölünmeleri
Ministrlikleriň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň işgärler bilen işlemek bölünmeleri şu ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar:
1) ministrlikleriň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň ulgamynda, şeýle hem welaýatlarda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde işgärleriň ätiýaçlygy hakynda maglumatlary goşmak bilen döwlet gullugynyň işgärleri hakynda maglumatlary döredýärler;
2) garamagyndaky kärhanalarda, edaralarda, guramalarda işgärler bilen işiň alnyp barlyşyna gözegçilik edýärler;
3) işgärleri taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak we hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça teklipleri işläp taýýarlaýarlar we döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna hödürleýärler;
4) döwlet gullugyna girilmegi we onuň geçilmegi bilen baglanyşykly döwlet edaralarynyň çözgütlerini resmileşdirýärler;
5) döwlet edaralarynyň işgärleriniň şahsy işlerini ýöredýärler, olaryň zähmet depderçelerine ýa-da beýleki resminamalaryna döwlet gullugyny geçişini görkezýän zerur ýazgylary girizýärler;
6) korrupsiýa garşy hereket etmek çygrynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň, şeýle hem döwlet gullugynda bolmak bilen baglanyşykly gadaganlyklaryň, çäklendirmeleriň we borçnamalaryň berjaý edilişine gözegçilik edýärler;
7) ygtyýarly edara hödürlemek üçin ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ulgamynda, şeýle hem welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimliklerinde işgärler hakynda maglumatlary we işgärler bilen işlemek meseleleri boýunça beýleki zerur maglumatlary taýýarlaýarlar;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gaýry ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
21-nji madda. Döwlet gullugynyň işgärleriniň ätiýaçlygy
1. Döwlet gullugynyň işgärleriniň ätiýaçlygy döwlet wezipeli adamlary we döwlet gullukçylaryny netijeli seçip-saýlap almak, ýerli-ýerinde goýmak we gulluk boýunça iş ýerini üýtgetmek maksady bilen döredilýär.
2. Döwlet edaralarynyň gurluş bölünmeleriniň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerlerdäki edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde döwlet wezipelerini we döwlet gullukçylarynyň wezipelerini eýelemek üçin işgärleriň ätiýaçlygy ygtyýarly edara tarapyndan döredilýär.
3. Döwlet gullukçylarynyň wezipelerini eýelemek üçin işgärleriň ätiýaçlygy ministrlikleriň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň beýleki merkezi edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleriniň işgärler bilen işlemek bölünmeleri tarapyndan döredilýär.
4. Işgärleriň ätiýaçlygyny döretmegiň we olar bilen alnyp barylýan işi guramagyň tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan Döwlet gullugynyň işgärleriniň ätiýaçlygy hakynda düzgünnama bilen düzgünleşdirilýär.
IV BAP. DÖWLET GULLUGYNA GIRMEK,
ONY GEÇMEK WE BES ETMEK
22-nji madda. Döwlet gullugyna bolan hukuk we oňa girmek bilen baglanyşykly çäklendirmeler
1. Hünär derejesine talaplary, taýýarlygynyň ugruny we şu Kanunda bellenilen çäklendirmeleri hasaba almak bilen haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan 18 ýaşyny dolduran, döwlet dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugyna hukugy bardyr.
2. Döwlet gullugyna şu adam girip bilmez:
1) kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen ýa-da kämillik ukyby çäklendirilen;
2) bilkastlaýyn jenaýat edenligi üçin iş kesilenlik aýby bolan, ýagny şeýle iş kesilenlik aýby kanunda bellenilen tertipde öz-özünden aýrylmadyk ýa-da aýrylmadyk bolsa;
3) kazyýetiň hökümi esasynda döwlet gullugynyň wezipesinde işlemek hukugyndan mahrum edilen.
3. Türkmenistanyň kanunlary bilen döwlet gullugyna girmäge gaýry çäklendirmeler bellenip bilner.
23-nji madda. Döwlet gullugyna girilende berilýän resminamalar we maglumatlar
1. Döwlet gullugyna girilende şular berilýär:
1) arza;
2) Türkmenistanyň raýatynyň pasporty, harby hasap resminamasy (harby borçlular we harby gulluga çagyryşa degişli adamlar üçin);
3) zähmet depderçesi, muňa işe ilkinji gezek girýänler girmeýär;
4) diplom ýa-da degişli bilimi hakynda beýleki resminama, muňa döwlet wezipesini eýelemek üçin kesgitli bilimiň talap edilmeýän halatlary girmeýär;
5) döwlet gullugyna kabul etmegiň tertibini düzgünleşdirýän kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalar.
2. Döwlet gullugyna girilende berlen maglumatlar şu Kanunyň 24-nji maddasynda bellenilen tertipde öwrenilmäge degişlidir.
3. Zerur bolanda döwlet edarasy bu döwlet edarasynda döwlet wezipesini eýelemäge dalaşgärlik edýän raýaty häsiýetlendirýän maglumaty onuň öňki işlän ýerinden soramaga haklydyr.
24-nji madda. Döwlet gullugyna girilende berlen maglumatlary öwrenmek
1. Döwlet gullugyna girilende berilýän maglumatlary öwrenmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan guralýar we geçirilýär.
2. Döwlet wezipesini eýelemäge dalaşgärlik edýän adam barada maglumatlary öwrenmegiň netijeleri boýunça netijenama düzülýär.
3. Döwlet wezipesini eýelemäge dalaşgärlik edýän adam barada maglumatyň dogrulygy barada jogapkärçiligi ol barada maglumaty toplamagy we öwrenmegi amala aşyrýan edaralaryň wezipeli adamlary, şeýle hem maglumaty beren adamlar çekýärler.
4. Döwlet wezipesini eýelemäge dalaşgärlik edýän adamyň özüniň döwlet gullugyna girmegi üçin beren maglumatlaryny öwrenmegiň netijeleri boýunça düzülen netijenama bilen tanyşmaga hukugy bardyr.
25-nji madda. Döwlet gullugyna girilende bildirilýän esasy talaplar
1. Döwlet gullugyna girilende bildirilýän esasy talaplar şulardyr:
1) halallyk, Türkmenistanyň halkyna, Watana, Türkmenistanyň Prezidentine wepalylyk, ýurtda agzybirligi, jebisligi, durnuklylygy gorap saklamak, wepaly gulluk etmek;
2) syýasy, hukuk we ahlak medeniýetiniň ýokary derejesi;
3) raýatlara, olaryň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat bilen garamak;
4) eýeleýän wezipesine laýyk gelýän bilimli, nusgalyk özüni alyp baryşly, giň düşünjeli, salyhatly, pespäl bolmak we hünär ussatlygy;
5) başlangyç görkezmek we çözgüt kabul etmek başarnygy.
2. Döwlet gullugyna girilende bildirilýän hünär derejesine talaplar şulardyr:
1) degişli bilim, muňa döwlet wezipesini eýelemek üçin kesgitli bilimiň talap edilmeýän halatlary girmeýär;
2) zerur iş döwri we hünäri boýunça iş tejribesi, muňa olaryň döwlet wezipesini eýelemek üçin bellenmedik halatlary girmeýär;
3) Türkmenistanyň döwlet dilini bilmek;
4) Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, şeýle hem degişli wezipe borçlar ýerine ýetirilende ulanylýan kanunlary bilmek.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde göz öňünde tutulmadyk raýatlara degişli döwlet wezipelerini eýelemek üçin bildirilýän hünär derejesine talaplar Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenip bilner.
4. Döwlet wezipeleriniň hünär derejesiniň häsiýetnamalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti ýa-da ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenýär.
26-njy madda. Döwlet gullugyna girmegiň tertibi
1. Döwlet gullugyna girmek bellemek, tassyklamak ýa-da saýlamak arkaly amala aşyrylýar.
2. Döwlet gullugynyň wezipesine bellemek, tassyklamak ýa-da saýlamak degişli ýazgylary bellenilen tertipde zähmet depderçesine girizmek bilen degişli döwlet edarasynyň, wezipeli adamyň karary, buýrugy ýa-da gaýry namasy bilen resmileşdirilýär.
3. Döwlet wezipesini eýelemek üçin döwlet gullugyna girmek bäsleşigiň ýa-da synag möhletiniň netijesi boýunça amala aşyrylyp bilner.
27-nji madda. Raýatlaryň döwlet gullugynyň boş wezipeleri barada maglumat almaga bolan hukugy
Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugynyň boş wezipeleri, döwlet edaralarynyň iş şertleri we düzgüni barada maglumat almaga hukugy bardyr.
28-nji madda. Döwlet wezipelerini eýelemäge bäsleşik
1. Döwlet wezipesini eýelemäge bäsleşik Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet gullugynyň deň elýeterliligine bolan hukugyny üpjün edýär we ol döwlet wezipesini eýelemäge dalaşgärlik edýän adamyň synag tabşyrmagyny we onuň bilen söhbetdeşligiň geçirilmegini göz öňünde tutýar.
2. Döwlet wezipesini eýelemäge bäsleşik Türkmenistanyň Prezidentiniň çözgüdi boýunça boş döwlet wezipeleri bolan döwlet edarasy tarapyndan geçirilýär. Bäsleşigiň netijeleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar we Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde resmileşdirilýär.
3. Döwlet wezipesini eýelemäge bäsleşigi geçirmegiň, şol sanda bäsleşik toparyny döretmegiň şertleri we tertibi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýan Döwlet wezipesini eýelemäge bäsleşigi geçirmek hakynda düzgünnama bilen kesgitlenýär.
29-njy madda. Synag möhleti
1. Döwlet wezipelerine bellenilýän raýatlara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan kesgitlenýän tertipde synag möhleti bellenip bilner.
2. Döwlet wezipesinde bolmagyň synag möhleti bir ýyla çenli döwür üçin bellenýär.
Synag möhletiniň bellenmegi barada çözgüt bilen ylalaşylmadyk halatynda bu döwlet wezipesinden ýüz dönderilen hasap edilýär.
3. Döwlet wezipelerini eýeleýän adamlar synag möhletiniň dowamynda gulluk borçlaryny ýerine ýetirmedik ýa-da göwnejaý ýerine ýetirmedik halatlarynda eýeleýän wezipesinden boşadylýar.
30-njy madda. Döwlet gullukçylarynyň wezipelerine bellemek
1. Döwlet gullukçylarynyň wezipelerine bellemek döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.
2. Wezipä bellenilende döwlet gullukçysy bilen zähmet şertnamasy baglaşylýar. Döwlet gullukçylary bilen zähmet şertnamasyny baglaşmagyň we ýatyrmagyň tertibi hem-de şertleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanylýan düzgünnama bilen kesgitlenýär.
31-nji madda. Döwlet wezipelerine bellemek, tassyklamak we saýlamak
1. Döwlet raýat gullugynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen döwlet wezipelerine bellemek, tassyklamak we saýlamak Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da onuň ygtyýarly eden wezipeli adamy tarapyndan, ýa-da Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bu wezipelere hödürlenilýän adamlaryň öz maksatnamalary bilen degişlilikde pudaklaryň işgärleriniň we ilatyň öňünde çykyş edenlerinden we olaryň maksatnamalary makullanylandan soň amala aşyrylyp bilner.
Kazylary wezipelere bellemek Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
2. Döwlet raýat gullugynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen saýlawly döwlet wezipelerine tassyklamak Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Türkmenistanyň Prezidentini, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryny we beýleki saýlawly döwlet wezipelerine saýlamak saýlawlar hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde geçirilýär.
4. Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň, beýleki goşunlarynyň we harby edaralarynyň ýolbaşçy düzümine girýän, şeýle hem harby wezipeleriň sanawynda we hukuk goraýyş gullugynyň wezipeleriniň sanawynda görkezilen beýleki döwlet wezipelerine bellemek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde Türkmenistanyň Prezidenti ýa-da onuň ygtyýarly eden wezipeli adamy tarapyndan amala aşyrylýar.
32-nji madda. Döwlet gullukçysynyň şahsy işi
1. Döwlet gullugyny geçişi barada maglumatlar döwlet gullukçysynyň şahsy işinde görkezilýär. Şeýle hem şahsy işine döwlet gullukçysynyň bilimi, hünär synagy barada we beýleki maglumatlar goşulýar.
2. Döwlet gullukçylarynyň şahsy işlerinde döwlet gullukçysynyň ýa-da onuň maşgala agzalarynyň, beýleki ýakyn garyndaşlarynyň şahsy durmuşy barada maglumatlaryň, şeýle hem olaryň dine uýmagy we syýasy partiýalara, syýasy maksat tutýan beýleki jemgyýetçilik birleşiklerine degişliligi barada maglumatlaryň ýygnalmagy we girizilmegi gadagandyr, muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.
33-nji madda. Döwlet gullukçysynyň gulluk şahadatnamasy
Döwlet gullugyna girilende döwlet gullukçysyna onuň şahsyýetini we eýeleýän wezipesini tassyklaýan gulluk şahadatnamasy berilýär.
34-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň hasabatlylygy
1. Döwlet gullukçylary wezipe gözükdirijilerinde bellenilen, döwlet gullugynyň wezipelerine berkidilen wezipeleriň we ygtyýarlyklaryň ýerine ýetirilmegi barada Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen tertipde hasabat berýärler.
2. Döwlet gullukçylary şu tertipde yzygiderli hasabat berýärler:
1) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrler, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary – Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň öňünde;
2) häkimler – Türkmenistanyň Prezidentiniň öňünde;
3) etraplaryň we şäherleriň häkimleri – welaýatlaryň häkimleriniň öňünde.
3. Türkmenistanyň raýatlarynyň demokratik ýörelgeler esasynda jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga işeňňir gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasarlary, ministrler, ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen iş hakynda özleriniň ýolbaşçylyk edýän pudaklarynyň işgärleriniň öňünde, häkimler bolsa degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň ilatynyň öňünde her ýyl hasabat berýärler.
4. Eger döwlet gullukçysynyň hasabatynyň netijesinde onuň wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek boýunça işi kanagatlanarsyz diýlip ykrar edilse, onda bu döwlet gullukçysyny eýeleýän wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edilip bilner.
35-nji madda. Döwlet gullugyna kabul etmekden ýüz döndermek üçin esaslar
1. Raýat şu halatlarda döwlet gullugyna kabul edilip bilinmez:
1) degişli döwlet wezipesini eýelemek üçin raýatlara bildirilýän hünär derejesine bolan talaplara laýyk gelmezligi;
2) döwlet gullugyna girmäge şu Kanunyň 22-nji maddasynyň ikinji we üçünji böleklerinde göz öňünde tutulan çäklendirmeleriň bolmagy;
3) döwlet wezipesini eýelemek üçin zerur bolan maglumatlaryň görnetin nädogry ýa-da resminamalaryň galplaşdyrylyp berilmegi;
4) gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegine päsgelçilik berýän Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanan keselleriň sanawyna girýän lukmançylyk netijenamasy bilen tassyklanýan keseliniň bolmagy;
5) döwlet syrlaryny düzýän maglumatlara ygtyýary resmileşdirmekden ýüz dönderilmegi, eger raýatyň eýelemäge dalaşgärlik edýän döwlet wezipesi boýunça gulluk borçlaryny ýerine ýetirmek, şeýle maglumatlary peýdalanmak bilen baglanyşykly bolsa;
6) girdejiler barada maglumatlaryň berilmezligi, görnetin nädogry ýa-da doly bolmadyk maglumatlaryň berilmegi;
7) Türkmenistanyň raýatlygynyň bolmazlygy;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gaýry halatlarda.
2. Türkmenistanyň raýatyna onuň haýyş etmegi boýunça döwlet gullugyna kabul etmekden ýüz döndermegiň sebäpleri barada maglumat ýazmaça görnüşde berilýär.
36-njy madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň döwlet
gullugyny geçmegi
Türkmenistanyň raýatlary döwlet edaralarynda döwlet wezipelerinde we döwlet gullukçylarynyň wezipelerinde döwlet gullugyny geçýärler.
37-nji madda. Döwlet gullukçysynyň kasamy
1. Döwlet gullugyna girişmek dabaraly ýagdaýda Türkmenistanyň Milli kasamyny kabul etmekden başlanýar.
2. Döwlet wezipesine girişilmegi, döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary üçin ygtyýarlyklaryň amala aşyrylmagy Watana, halka we Türkmenistanyň Prezidentine wepaly bolmaga kasam etmek bilen şertlendirilýär we Kasamyň döwlet gullukçysy tarapyndan gol çekilen beýany onuň şahsy işinde saklanýar.
3. Ygtyýarlyklaryny amala aşyrmak üçin kasam etmek zerur bolan döwlet wezipeleri, döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary, şeýle hem degişli kasamyň beýany we ony kabul etmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
38-nji madda. Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň tälim almagy we özbaşdak bilim almagy
1. Türkmenistanyň döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, hünär derejesini ýokarlandyrmak, olaryň tälim almagy, özbaşdak bilim almagy üçin degişli derejede şertler döredilýär.
2. Taýýarlamagyň, gaýtadan taýýarlamagyň, hünär derejesini ýokarlandyrmagyň, tälim almagyň we özbaşdak bilim almagyň netijeleri döwlet gullukçylarynyň gulluk boýunça ýokary çekilmegiň esaslarynyň biri bolup durýar.
3. Döwlet gullukçylaryny taýýarlamak, gaýtadan taýýarlamak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we tälim almagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
39-njy madda. Döwlet gullukçylarynyň hünär synagy
1. Döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini barlamak, işewür sypatlaryny kesgitlemek, kärine, hünärine, eýeleýän wezipesine laýyk gelşini ýüze çykarmak, şeýle hem olaryň hakyky işine, hünäri boýunça iş tejribesine, hünär bilimleriniň derejesine, hukuk medeniýetine we gulluk geljegine baha bermek maksatlary bilen döwlet gullukçylary hünär synagyny geçýärler.
2. Döwlet gullugyna ilkinji gezek girýän ýa-da döwlet gullugynyň iş döwrüniň arakesmesi bir ýyldan az bolmadyk döwlet gullukçylary döwlet gullugynda arakesmesiz bolmagyna üç ýyl geçenden soň hünär synagyny geçýärler. Çaga üç ýaşyna ýetýänçä oňa seretmek üçin rugsatda bolan işgärler işe çykanlaryndan azyndan bir ýyldan soň hünär synagyna degişlidirler.
3. Döwlet gullukçylarynyň hünär synagy döwlet gullukçysynyň gullukda duran degişli döwlet edaralarynda döredilýän hünär synag toparlary tarapyndan Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
4. Bellemek ýa-da tassyklamak ýokarda durýan döwlet edaralary tarapyndan geçirilýän döwlet gullukçylarynyň hünär synagy bu edaralaryň hünär synag toparlary tarapyndan amala aşyrylýar.
5. Hünär synag topary hünär synagyny hünär synagyndan geçýän döwlet gullukçysynyň gatnaşmagynda geçirýär we hünär synagynyň netijeleri boýunça şular hakynda çözgüt kabul edýär:
1) eýeleýän wezipesine laýyk gelýänligi;
2) eýeleýän wezipesine laýyk gelmeýänligi.
6. Hünär synag toparynyň çözgüdi maslahat beriji häsiýetdedir, ol gutarnykly çözgüt kabul etmek üçin hünär synagy tamamlanandan soň bäş gün möhletden gijä goýmazdan döwlet edarasynyň ýolbaşçysyna geçirilýär.
7. Hünär synagyny geçmekden boşatmak Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
8. Wezipelerini saýlanmak ýoly bilen eýeleýän döwlet gullukçylary hünär synagyna degişli däldirler.
9. Döwlet gullukçylaryny hünär synagyndan geçirmek hakynda düzgünnama Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanýar.
40-njy madda. Gulluk iş sapary
1. Döwlet gullukçylarynyň gulluk tabşyrygyny ýerine ýetirmek üçin degişli döwlet edarasynyň ýolbaşçysynyň görkezmesi boýunça kesgitli möhlete hemişelik gulluk ýerleriniň daşyna başga ýere gitmegi gulluk iş sapary diýlip ykrar edilýär.
2. Döwlet gullukçylarynyň gulluk iş saparyna ugramagy bellenilen görnüşdäki iş saparynyň şahadatnamasyny bermek bilen buýruk arkaly resmileşdirilýär.
3. Döwlet gullukçylary gulluk iş saparyna ugranda myhmanhanalarda we ulagyň ähli görnüşlerinde ýerleri bronlamak hukugyndan peýdalanýarlar.
4. Döwlet gullukçylaryna gulluk iş saparynyň çykdajylarynyň öwezi dolunýar we beýleki öwezini dolmalar tölenilýär, şeýle hem Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda kepillikler berilýär.
5. Döwlet gullukçylarynyň daşary ýurt döwletlerine iş gulluk sapary Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
41-nji madda. Döwlet gullugynda wezipe iş ýeriniň üýtgedilmegi we wezipeleriň çalşyrylmagy
1. Döwlet gullukçylarynyň wezipe iş ýeriniň üýtgedilmegi döwlet ýa-da gulluk zerurlygyna laýyklykda ýolbaşçylyk hem-de guramaçylyk iş tejribesini, hünär derejesini, hünär taýýarlygyny we hünär mümkinçilikleriniň peýdalanylyşynyň netijeliligini nazara almak bilen geçirilýär.
2. Döwlet edaralarynyň düzümleýin gurluş bölünmeleriniň, şeýle hem ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerlerdäki edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde döwlet wezipeleriniň (saýlawly wezipelerden başga) we döwlet gullukçylarynyň wezipeleriniň çalşyrylmagy, kada bolşy ýaly, döwlet gullugynyň işgärleriniň ätiýaçlygynyň esasynda geçirilýär.
42-nji madda. Döwlet gullugyny geçmek bilen baglanyşykly çäklendirmeler
1. Döwlet gullukçysynyň aşakdakylara haky ýokdur:
1) mugallymçylyk, ylmy we döredijilik işinden başga hak tölenýän iş bilen meşgullanmaga;
2) özüniň ýa-da öz ynanylan wekiliniň üsti bilen telekeçilik işi bilen meşgullanmaga;
3) döwlet emlägini we gulluk maglumatyny gulluk däl maksatlary üçin peýdalanmaga;
4) wezipe ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmegi bilen baglanyşykly raýatlaryň we ýuridik şahslaryň hyzmatlaryndan şahsy maksatlar üçin peýdalanmaga.
2. Döwlet gullukçysyna «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda bellenilen beýleki talaplar, gadaganlyklar we çäklendirmeler degişli edilýär.
43-nji madda. Döwlet gullugyny bes etmegiň esaslary
1. Döwlet gullugy şu esaslarda bes edilýär:
1) öz islegi boýunça işden boşatmak;
2) döwlet wezipesinde möhletiniň geçmegi, ygtyýarlyklaryň möhletinden öň bes edilmegi;
3) döwlet gullugy bilen baglanyşykly çäklendirmeleriň berjaý edilmezligi;
4) döwlet syrlaryny düzýän maglumatlaryň aýan edilmegi;
5) wezipe borçlarynyň gödek bozulmagy, döwlet gullugynda bolmak bilen bir ýere sygyşmaýan etmişiň edilmegi;
6) Türkmenistanyň raýatlygynyň bes edilmegi;
7) kazyýetiň aýyplaw höküminiň kanuny güýje girmegi.
2. Döwlet gullugy Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki halatlarda hem bes edilip bilner.
3. Döwlet gullukçysyny eýeleýän wezipesinden boşatmak degişli ýazgylary bellenilen tertipde zähmet depderçesine girizmek bilen degişli döwlet edarasynyň, wezipeli adamyň karary, buýrugy ýa-da gaýry namasy bilen resmileşdirilýär.
4. Döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary bilen döwlet gullugyny bes etmegiň aýratynlyklary Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilip bilner.
V BAP. DÖWLET GULLUGYNY ÜPJÜN ETMEK
44-nji madda. Döwlet gullugyny maliýeleşdirmek we maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek
1. Döwlet gullugynyň maliýeleşdirilmegi Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýar, muňa Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär.
2. Döwlet gullugynyň işini maddy-enjamlaýyn taýdan üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
45-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmek
Döwlet gullugyna girmek, gulluk iş ýeriniň üýtgedilmegi, iş wagty we dynç alyş wagty, şeýle hem döwlet gullugynda durýan adamlaryň zähmet gatnaşyklarynyň döremegi, üýtgedilmegi we bes edilmegi bilen baglanyşykly beýleki meseleler şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
46-njy madda. Döwlet gullukçylarynyň maddy we durmuş taýdan üpjünçiliginiň kepillikleri
1. Döwlet gullukçylaryna aşakdakylar kepillendirilýär:
1) gulluk borçlaryny ýerine ýetirmegini üpjün edýän zähmet şertleri;
2) şu Kanunda we oňa laýyklykda kabul edilen Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda göz öňünde tutulan şertlerde we möçberlerde zähmet haky;
3) zähmete ukyplylygyny wagtlaýyn ýitiren döwründe we Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan beýleki halatlarda durmuş goragy;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňüne tutulan beýleki maddy we durmuş taýdan üpjünçiligi.
2. Döwlet gullukçylarynyň zähmet haky deň gymmaty bolan zähmet üçin deň töleg ýörelgesi esasynda döwlet gullugynyň wezipeleriniň toparlarynyň her biri üçin aýlyk wezipe haklarynyň iň pes we iň ýokary möçberlerini bellemek arkaly kesgitlenýär. Döwlet edarasynda döwlet gullugynyň ýolbaşçysy aýry-aýry döwlet gullukçysynyň hünärini, hünär derejesini, zähmetiniň çylşyrymlylygyny, ýerine ýetiren işiniň mukdaryny we hilini hasaba almak bilen zähmete hak tölemegiň bellenilen gaznasynyň çäklerinde oňa aýlyk wezipe hakynyň ýokarlandyrylan möçberini bellemäge haklydyr.
3. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryň päk ýürekden, döredijilikli ýerine ýetirilenligi, dowamly, birkemsiz döwlet gullugy, aýratyn möhüm we çylşyrymly tabşyryklaryň ýerine ýetirilenligi üçin Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde höweslendirilmäge degişlidirler.
4. Döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlarynyň döwlet gullugyny geçmeginiň aýratynlyklaryna we şertlerine baglylykda olar üçin olaryň hukuk ýagdaýyny berkidýän Türkmenistanyň kanunçylygynda maddy we durmuş taýdan üpjünçilige, eldegrilmesizlige we şahsy howpsuzlyga kepillikler bellenýär.
VI BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
47-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçilige eltýär.
48-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1997-nji ýylyň 12-nji iýunynda kabul edilen «Döwlet organlarynyň apparatyndaky gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1997 ý., № 2, 13-nji madda);
2002-nji ýylyň 9-njy awgustynda kabul edilen «Türkmenistanda döwlet gullugyna döwlet ýolbaşçylaryny we wezipeli adamlary seçip-saýlap almak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 3, 42-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 26-njy marty.
№ 363-V.