Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni
alyp barşy hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 49-njy madda)
(20.10.2018 ý. № 80-VI, 05.10.2019 ý. № 181-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna talaplary ýokarlandyrmaga gönükdirilendir we döwlet gullukçysynyň hünär işini mynasyp amala aşyrmagy üçin onuň umumy etiki kadalaryny we özüni alyp baryş düzgünlerini belleýär.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni
alyp barşy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy
Döwlet gullukçysynyň etikasy we gulluk özüni alyp barşy hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, şeýle hem jemgyýetiň we döwletiň umumy ykrar edilen ahlak ýörelgelerine we kadalaryna esaslanýar hem-de döwlet gullukçylarynyň eýeleýän wezipesine garamazdan goldanmaly bolan gulluk, hünär etikasynyň umumy ýörelgeleriniň we özüni alyp barşyň esasy düzgünleriniň jemi bolan şu Kanundan, «Döwlet gullugy hakynda», «Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryndan we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2-nji madda. Şu Kanunda peýdalanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler peýdalanylýar:
1) hünär etikasy – hünärmeniň hünär işiniň aýratynlyklaryny we anyk ýagdaýlary hasaba almak bilen onuň özüni alyp barşynyň ahlak ýörelgeleriniň, kadalarynyň we düzgünleriniň ulgamy;
2) gulluk etikasy – özüni alyp barşyň jemgyýetçilik pikirine we däplerine esaslanýan we zähmetkeşler köpçüligini jebisleşdirmäge, sagdyn psihologik ýagdaýy döretmäge we işiň ýokary hilini üpjün etmäge gönükdirilen kadalar we düzgünler;
3) gulluközüni alyp barşy – döwlet gullugynyň ahlak mazmunyna döwletiň we jemgyýetiň talaplaryny beýan edýän kadalaryň jemi, olar döwlet gullukçysynyň öz gulluk işini amala aşyrmagynyň barşynda özüni alyp barş düzgünleriniň emele getirilmegi üçin esas bolýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň hereketiniň aýratynlyklary
1. Döwlet gullugyna girýän raýat şu Kanunyň kadalary bilen tanyşmaga we wezipe borçlaryny ýerine ýetirende olary berjaý etmäge borçludyr.
2. Döwlet gullukçysy şu Kanunyň kadalaryny berjaý etmelidir. Her bir raýat döwlet gullukçysyndan özi bilen gatnaşyklarda şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda özüni alyp barşa garaşmaga haklydyr.
3. Döwlet gullukçysynyň ahlak keşbine we işewür sypatlaryna ýokary talaplar jemgyýet we döwlet tarapyndan döwlet gullugyna bolan aýratyn ynamyň ýüze çykmasydyr.
4-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary
1. Döwlet gullukçylarynyň hünär işlerini amala aşyrmaklary üçin olaryň umumy etiki kadalaryny we özüni alyp barşyň düzgünlerini bellemek, şeýle hem döwlet gullukçysynyň abraýynyň, raýatlaryň döwlet edaralaryna ynamynyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmek we döwlet gullukçylarynyň özüni alyp barşynyň ahlak-kada esaslarynyň bütewiligini üpjün etmek şu Kanunyň maksatlary bolup durýar.
Şu Kanun döwlet gullukçysynyň amala aşyrýan hünär işine ähli güýjüni, bilimini we tejribesini ulanmagyny, Watanyna, halkyna we Türkmenistanyň Prezidentine halal gulluk etmegini, şeýle hem wezipe borçlaryny ýerine ýetirmeginiň netijeliligini ýokarlandyrmagy üpjün etmäge gönükdirilendir.
2. Şu Kanun döwlet gullugy çygrynda ýokary ahlak ýörelgeleriniň emele getirilmegi, jemgyýetçilik aňynda döwlet gullugyna hormat bilen garalmagy üçin esas bolup hyzmat edýär, şeýle hem döwlet gullukçylarynyň jemgyýetçilik aňyny we ahlagyny, olaryň öz-özlerine gözegçilik etmeklerini üpjün edýär.
3. Döwlet gullukçysynyň şu Kanunyň kadalaryny bilmegi we olary berjaý etmegi onuň hünär işiniň hiline we gullukda özüni alyp barşyna baha bermegiň talaplarynyň biri bolup durýar.
II BAP. DÖWLET GULLUKÇYLARYNYŇ GULLUK ÖZÜNI ALYP BARŞYNYŇ ÝÖRELGELERI WE DÜZGÜNLERI
5-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp
barşynyň ýörelgeleri we düzgünleri
1. Döwlet gullukçylarynyň gulluk özüni alyp barşynyň ýörelgeleri we düzgünleri olar wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde goldanylmaly bolan özüni alyp barşyň esaslarydyr.
2. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde kanunylyk ýörelgesini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny goldanmalydyrlar, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyna ygrarly bolmalydyrlar we ony yzygiderli durmuşa geçirmelidirler, özleriniň hereketleri bilen döwlet häkimiýetiniň abraýyny pugtalandyrmalydyrlar, döwlet edaralarynyň abraýyny gaçyryp biljek hereketleri etmäge ýol bermeli däldirler.
3. Döwlet gullukçylary jemgyýetiň, döwletiň we raýatlaryň öňündäki jogapkärçilige düşünip, şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) Türkmenistanyň Milli kasamynyň talaplaryny gyşarnyksyz berjaý etmäge;
2) döwlet edaralarynyň işiniň netijeliligini üpjün etmek maksady bilen wezipe borçlaryny päk ýürekden we ýokary hünär derejesinde ýerine ýetirmäge;
3) adamy goramagyň, goldamagyň we oňa hyzmat etmegiň döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleri bolup durýanlygyndan, adamyň we raýatyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň ykrar edilmeginiň, berjaý edilmeginiň we goralmagynyň bolsa döwlet edaralarynyň we döwlet gullukçylarynyň işiniň manysyny we mazmunyny kesgitleýändiginden ugur almaga;
4) ýuridik şahslaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagyny üpjün etmäge;
5) öz işini degişli döwlet edarasynyň ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrmaga;
6) döwletiň bähbitlerine zyýan ýetirýän, döwlet edaralarynyň netijeli işlemegine päsgel berýän hereketleriň öňüni almaga we olara garşy durmaga;
7) haýsydyr-bir hünär ýa-da sosial umumylyklara, fiziki we ýuridik şahslara artykmaçlyk bermezlige, wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde olaryň täsirine garaşsyz bolmaga;
8) ýüztutmalara garalanda başdansowmalygyň we süýrenjeňligiň ýüze çykmalaryna ýol bermezlige, olar boýunça bellenilen möhletlerde zerur çäreleri görmäge;
9) wezipe borçlaryny päk ýürekden ýerine ýetirmäge päsgel berýän haýsydyr-bir şahsy, emläk, maliýe we gaýry bähbitleriň täsiri bilen bagly hereketleri aradan aýyrmaga;
10) döwlet gullugyny geçmek bilen bagly Türkmenistanyň kanunlarynda bellenilen gadaganlyklary, çäklendirmeleri we borçnamalary berjaý etmäge, borçlary ýerine ýetirmäge;11) syýasy partiýalaryň, gaýry jemgyýetçilik birleşikleriniň çözgütleriniň öz gulluk işine täsir etmek mümkinçiligini aradan aýyrýan bitarap çemeleşmegi berjaý etmäge;
12) gulluk, hünär etikasynyň kadalaryny we işde özüni alyp barşyň düzgünlerini berjaý etmäge, olaryň beýleki döwlet gullukçylary tarapyndan bozulmalarynyň öňüni almaga;
13) döwlet we zähmet düzgün-nyzamyny gyşarnyksyz berjaý etmäge, berlen ygtyýarlyklara netijeli ygtyýar etmäge; iş wagtyny rejeli peýdalanmaga;
14) halal, adalatly, salyhatly bolmaga, umumy kabul edilen ahlak-etiki kadalary berjaý etmäge, raýatlar, wezipeli adamlar we işdeşleri bilen gatnaşyklarda sypaýyçylykly we ünsli bolmaga;
15) Türkmenistanyň halkynyň birliginiň we ýurtda milletara hem-de dinara ylalaşyklylygyň pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge, döwlet diline we beýleki dillere, Türkmenistanyň halkynyň däplerine we adatlaryna hormat bilen garamaga;
16) Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna hormat bilen garamagyň nusgasy bolmaga;
17) döwlet gullugyna, döwlete we onuň edaralaryna jemgyýetiň ynamyny gorap saklamaga we berkitmäge;
18) döwlet gullukçylarynyň wezipe borçlaryny päk ýürek bilen ýerine ýetirmegine şübhe döredip biljek hereketlerden saklanmaga, şeýle hem olaryň at-abraýyna ýa-da döwlet edarasynyň abraýyna zyýan ýetirip biljek çaknyşykly ýagdaýlardan gaça durmaga;
19) işgärleriň Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryny berjaý etmezden seçilip-saýlanyp alynmagyna we ýerli ýerinde goýulmagyna ýol bermezlige, tabynlygyndaky işgärleriň öz borçlaryny birkemsiz berjaý etmeklerini üpjün etmek barada çäreleri görmäge;
20) şahsy häsiýetli meseleleri çözende döwlet edaralaryna, wezipeli adamlara, döwlet gullukçylaryna we gaýry adamlara täsir etmek üçin gulluk ýagdaýyny peýdalanmazlyga;
21) özüniň hereketleri bilen jemgyýet tarapyndan esasly tankyt edilmegi üçin delilbermezlige, tankyt üçin yzarlamaga ýol bermezlige, ony kemçilikleri düzetmek we öz işini gowulandyrmak üçin peýdalanmaga;
22) ýolbaşçylaryň tabşyryklarynyň ýerine ýetirilmeginiň barşynda diňe obýektiw we äşgär mälim bolan maglumatlaryň berilmegine;
23) zähmetkeşler köpçüliginde özara iş gatnaşyklarynyň we netijeli hyzmatdaşlygyň bolmagyna we pugtalandyrylmagyna ýardam etmäge;
24) öz gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän döwründe geýminde iş sypatynyň saklanylmagyna;
25) döwlet emläginiň aýawly saklanmagyny, özüne ynanylan döwlet emläginiň diňe gulluk maksatlary üçin rejeli peýdalanylmagyny üpjün etmäge.
4. Ýolbaşçy wezipeleri eýeleýän döwlet gullukçylarynyň tabynlygyndaky döwlet gullukçylary we beýleki işgärleri babatda şulara hukugy ýokdur:
1) bikanun hereketleri etmäge, şeýle hem syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, dini we beýleki guramalaryň işlerine gatnaşmaga mejbur etmäge;
2) olardan wezipe borçlarynyň çäklerinden çykýan tabşyryklary ýerine ýetirmeklerini talap etmäge;
3) esassyz aýyplamalara, gödeklige, adam mertebesini peseltmäge ýol bermäge.
6-njy madda. Döwlet gullukçylarynyň jemagat öňünde
çykyş etmekleri
1. Döwlet edarasynyň işiniň meseleleri boýunça jemagat öňünde çykyşlar onuň ýolbaşçysy ýa-da döwlet edarasynyň oňa ygtyýarly edilen wezipeli adamlary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Döwlet gullukçysy şulara borçludyr:
1) jemagat öňündäki çykyşlarynda we gulluk maglumatlaryny bermekde döwlet edarasynda bellenilen düzgünleri berjaý etmäge;
2) eger wezipe borçlaryna girmeýän bolsa, döwlet edaralarynyň, olaryň ýolbaşçylarynyň işleri babatda jemagat öňünde pikir ýöretmekden we baha bermekden saklanmaga;
3) döwlet edarasynyň işi hakynda jemgyýeti habarly etmek boýunça köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň işine hormat bilen garamaga, şeýle hem äşgär mälim bolan maglumatlary bellenilen tertipde almaga ýardam etmäge;
4) jemagat öňünde çykyşlarda, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde harytlaryň, işleriň we hyzmatlaryň Türkmenistanyň çägindäki gymmatyny, ähli derejedäki býujetleriň görkezijilerini, döwlet karzynyň we döwlet bergileriniň möçberlerini beýan etmekden saklanmaga, muňa maglumatlaryň anyk berilmegi üçin zerur bolan, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan halatlar girmeýär;
5) çekişmeleri döwlet gullugynyň abraýyny gaçyrmazdan mylakatlylyk bilen alyp barmaga.
3. Döwlet gullukçylary döwlet syýasatynyň we gulluk işiniň meseleleri boýunça öz pikirlerini jemagat öňünde beýan etmeli däldirler, eger olar:
1) döwlet syýasatynyň esasy ugurlaryna laýyk gelmese;
2) hemmeleriň dykgatyna ýetirmäge rugsat edilmedik gulluk maglumatlaryny aýan edýän bolsa;
3) döwlet häkimiýet edaralarynyň wezipeli adamlary, beýleki döwlet gullukçylary babatda etiki düzgünlere laýyk gelmeýän pikir aýtmalary özünde saklaýan bolsa.
4. Döwlet gullukçylarynyň döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek, döwlet edarasynyň we döwlet gullukçylarynyň işi bilen bagly bolmadyk meseleler boýunça döwlet edarasynyň adyndan çap etmelerine ýol berilmeýär.
5. Döwlet gullukçylarynyň mugallymçylyk, ylmy we gaýry döredijilik işi boýunça çap etmeleri diňe olaryň öz adyndan amala aşyrylyp bilner.
7-nji madda. Kanunylygyň berjaý edilmegi
1. Döwlet gullukçylary döwletiň bähbitlerine hereket etmäge we Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
2. Döwlet gullukçysy syýasy, ykdysady maksadalaýyklygyndan ýa-da gaýry delillerden ugur alyp, öz işinde Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagyna ýol bermeli däldir.
3. Döwlet gullukçylary syýasy ýa-da beýleki işe Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda özleriniň wezipe borçlaryndan daşary we olary halal ýerine ýetirmeklerinde jemgyýetiň ynamyny gaçyrmazdan gatnaşýarlar.
8-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň korrupsiýa garşy
özüni alyp barşyna talaplar
1. Döwlet gullukçylary fiziki we ýuridik şahslaryň özleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini durmuşa geçirmeklerini kynlaşdyrýan hereketlere (hereketsizlige) ýol bermeli däldirler.
2. Döwlet gullukçylary öz wezipe ygtyýarlyklaryny ýa-da olar bilen bagly mümkinçiliklerini emläk ýa-da emläk häsiýetli hyzmatlar, gaýry emläk hukuklary görnüşinde peýda almak üçin peýdalanmaly däldirler.
3. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde bähbitleriň çaknyşygyna getirýän ýa-da getirip biljek döwlet gullukçysynyň şahsy bähbidine ýol bermeli däldirler.
Döwlet gullugynyň wezipesine bellenenlerinde we wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde döwlet gullukçylary özlerinde olaryň wezipe borçlarynyň degişli derejede ýerine ýetirilmegine täsir edýän ýa-da täsir edip biljek döwlet gullukçysynyň şahsy bähbidiniň barlygyny ýa-da bolmagynyň mümkinligini beýan etmäge borçludyrlar.
4. Döwlet gullukçylary bähbitleriň çaknyşygyna ýol bermezlik üçin çäreleri görmelidirler.
Döwlet gullukçysy bähbitleriň çaknyşygy ýüze çykanda onuň öňüni almak we düzgünleşdirmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan çäreleri görmäge borçludyr.
5. Döwlet gullukçysy korrupsiýanyň ýüze çykmalaryna garşy durmaga borçludyr, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryna ýa-da korrupsiýa bilen utgaşdyrylan ýa-da korrupsiýa üçin şertleri döredýän etmişlere ýol bermeli däldir.
6. Döwlet gullukçylary korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalaryny etmäge ony yrmak maksady bilen özüne haýsydyr bir adamyň ýüz tutan ähli halatlary barada özüniň işleýän döwlet edarasynyň ýolbaşçylygyna, prokuratura edaralaryna ýa-da beýleki döwlet edaralaryna habar bermäge borçludyrlar.
7. Döwlet gullukçylary beýleki döwlet gullukçylarynyň korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň öňüni almaga borçludyrlar.
Korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalar barada äşgär mälim maglumaty bar bolan döwlet gullukçysy şeýle hukuk bozulmanyň öňüni almak we bes etmek boýunça zerur çäreleri görmelidir, şol sanda özüniň gös-göni ýolbaşçysyna, ygtyýarly döwlet edaralaryna ýazmaça görnüşde habar bermelidir.
Döwlet edarasynyň ýolbaşçysy döwlet gullukçysynyň, korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalary, ony şeýle hukuk bozulmalary etmäge, şol sanda barlaglary guramak arkaly, yrmak halatlary barada arzalary boýunça çäreleri görmäge we bu ýüztutmalary korrupsiýa garşy göreşi amala aşyrýan ygtyýarly döwlet edaralaryna ibermäge borçludyr.
Döwlet edarasynyň ýolbaşçysy korrupsiýa bilen bagly hukuk bozulmalarynyň, ony şeýle hukuk bozulmalary etmäge yrmagyň äşgär mälim halatlary barada habar beren döwlet gullukçysyny onuň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini kemsidýän yzarlamalardan goramak boýunça çäreleri görmäge borçludyr.
8. Döwlet gullukçylary döwlete ykdysady zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak boýunça ähli mümkinçiliklerden peýdalanmalydyrlar, şahsy bähbitlerine we üçünji şahslaryň bähbitlerine barlaglaryň geçirilmegine ýol bermeli däldirler.
9. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirenlerinde ýa-da ýerine ýetirmegiň netijesinde özlerine berkidilen döwlet eýeçiliginiň goralyp saklanylmagyny üpjün etmäge, döwlet serişdelerini, şol sanda awtoulagyny, hyzmatlaryny ýa-da maglumatlaryny rejeli, netijeli we diňe gulluk maksatlaryna peýdalanmaga borçludyrlar.
10. Döwlet gullukçysyna wezipe borçlaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly fiziki we ýuridik şahslardan Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulmadyk sylag (pul we beýleki sylaglar, hyzmatlar, dynç almagy, ulag we beýleki çykdajylary tölemek) we sowgat almak gadagan edilýär. Döwlet gullukçysy tarapyndan teswirnamalaýyn çäreler, gulluk iş saparlary we beýleki resmi çäreler bilen baglanyşykda alnan sowgatlar Türkmenistanyň eýeçiligi diýlip hasaplanylýar we nama boýunça degişli döwlet edarasyna geçirilýär.11. Döwlet gullukçysyna korrupsiýa barada esassyz aýyplama bildirilende ol onuň ýalana çykarylmagy boýunça çäreleri görmäge haklydyr.
9-njy madda. Gulluk maglumaty bilen işlemek
1. Döwlet gullukçysy gulluk maglumatyny döwlet edarasynda hereket edýän Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kabul edilen kadalary we talaplary berjaý etmek şerti bilen işläp we geçirip biler. 2. Döwlet gullukçylary wezipe borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen özlerine mälim bolan maglumatyň howpsuzlygyny we ýaşyrynlygyny üpjün etmek üçin degişli çäreleri görmäge borçludyrlar, bu maglumatyň bellenilen tertibiniň bozulmagy bilen aýan edilendigi üçin olar Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen jogapkärçiligi çekýärler.
10-njy madda. Guramaçylyk-serenjam berijilik ygtyýarlyklary
berlen döwlet gullukçylarynyň beýleki döwlet
gullukçylary babatda özüni alyp barşynyň
etikasy
1. Beýleki döwlet gullukçylary babatda guramaçylyk-serenjam berijilik ygtyýarlyklary berlen döwlet gullukçysy olar üçin hünär ussatlygynyň, birkemsiz at-abraýyň nusgasy bolmalydyr, döwlet edarasynda netijeli iş üçin oňyn ahlak-psihologik ýagdaýyň emele getirilmegine ýardam etmelidir.
2. Beýleki döwlet gullukçylary babatda guramaçylyk-serenjam berijilik ygtyýarlyklary berlen döwlet gullukçysy şulara borçludyr:
1) özüni alyp barşy bilen halallygyň we adalatlylygyň nusgasyny görkezmäge;
2) bähbitleriň çaknyşyklarynyň öňüni almak we düzgünleşdirmek boýunça çäreleri görmäge;
3) korrupsiýanyň öňüni almak boýunça çäreleri görmäge;
4) syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň işine gatnaşmaga döwlet gullukçylaryny mejbur etmek halatlaryna ýol bermezlige.
3. Beýleki döwlet gullukçylary babatda guramaçylyk-serenjam berijilik ygtyýarlyklary berlen döwlet gullukçysy, eger etikanyň ýörelgelerini we gulluk özüni alyp barşyň düzgünlerini bozýan tabynlygyndaky işgärleriň hereketleri we hereketsizligi üçin olara çäreler görmedik bolsa, onda ol bu işgärleriň şeýle hereketleri we hereketsizligi üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.
11-nji madda. Döwlet gullukçysynyň iş wagtyndan daşary
özüni alyp barşy
1. Döwlet gullukçysy iş wagtyndan daşary umumy kabul edilen ahlak-etiki kadalary berjaý etmelidir, jemgyýetçilige garşy özüni alyp baryş halatlaryna ýol bermeli däldir.
2. Döwlet gullukçylary salyhatly bolmalydyrlar, gulluk ýagdaýyndan şahsy bähbitlerine peýdalanmaly däldirler, raýatlara hormat goýmalydyrlar, öz hereketleriniň jemgyýet tarapyndan esasly tankyt edilmegi üçin delil bermeli däldirler.
III BAP. DÖWLET GULLUKÇYLARYNYŇ GULLUK
ÖZÜNI ALYP BARŞYNYŇ ETIKI DÜZGÜNLERI
12-nji madda. Gulluk gürrüňdeşligi
1. Döwlet gullukçysynyň gulluk gürrüňdeşliginde jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygynyň adamdygy, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň bolsa tebigydygy hem mizemezdigi we her bir raýatyň şahsy eldegrilmesizlige, şahsy we maşgala syryna, at-abraýyny we mertebesini goramaga bolan hukugynyň bardygy barada kadalardan ugur almagy zerurdyr.
2. Gulluk gürrüňdeşliginde döwlet gullukçysy şulardan saklanýar:
1) haýsy millete degişliliginiň, teniniň reňkiniň, jynsynyň, gelip çykyşynyň, emläk hem wezipe ýagdaýynyň, ýaşaýan ýeriniň, diliniň, dine garaýşynyň, syýasy ygtykadynyň, haýsy partiýa degişlidiginiň ýa-da hiç partiýa degişli däldiginiň alamatlary boýunça islendik görnüşli pikir aýtmalardan we kemsitme häsiýetli hereketlerden;
2) gödeklikden, äsgermezlik äheňiniň ýüze çykarylmagyndan, gopbamlykdan, esassyz belliklerden, bikanun, mynasyp bolmadyk aýyplamalary bildirmekden we töhmet atmakdan;
3) adaty gürrüňdeşlige päsgel berýän ýa-da hukuga garşy özüni alyp barşy öjükdirýän haýbat atmakdan, masgaralaýjy sözlerden we hereketlerden;
4) raýatlar bilen gulluk maslahatlary ýa-da gaýry gulluk gürrüňdeşlikler wagtynda iýip-içmekden ýa-da gaýry şoňa meňzeş hereketlerden.
3. Döwlet gullukçylary raýatlar we işdeşleri bilen gürrüňdeşlikde sypaýçylykly, hoş niýetli, mylakatly we ünsli bolmalydyrlar.
13-nji madda. Döwlet gullukçysynyň daşky görnüşi
Wezipe borçlaryny ýerine ýetirende döwlet gullukçysynyň daşky görnüşi raýatlaryň döwlet edaralaryna bolan hormatyna ýardam etmelidir, resmilik, sabyrlylyk we däbe eýermeklik tapawutlandyrýan umumy kabul edilen iş sypatyna laýyk gelmelidir.
IV BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
14-nji madda. Döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary
üçin hünär etikasynyň kadalary
Şu Kanun döwlet gullukçylarynyň aýry-aýry toparlary üçin döwlet edaralarynyň hünär etikasynyň kadalaryny işläp taýýarlamak boýunça esas bolup durýar.
15-nji madda. Şu Kanunyň bozulmagy üçin döwlet
gullukçysynyň jogapkärçiligi
1. Döwlet gullukçysy tarapyndan şu Kanunyň bozulmagy döwlet edaralarynyň zähmetkeşler köpçülikleriniň ýygnaklarynda onuň ahlak taýdan ýazgarylmagyna degişlidir, Türkmenistanyň kanunlarynda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde jogapkärçilige eltýär.
2. Döwlet gullukçysy tarapyndan şu Kanunyň berjaý edilişi hünär synaglary geçirilende, ýokary wezipelere hödürlemek üçin işgärleriň ätiýaçlygy emele getirilende, şeýle hem höweslendirme ulanylanda ýa-da düzgün-nyzam temmisi berlende hasaba alynýar.
16-njy madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 26-njy marty.
№ 364-V.