Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Atmosfera howasyny goramak hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 51-nji madda)
(05.01.2018 ý. № 685-V, 13.11.2021 ý. № 429-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaçalar bilen)
Şu Kanun atmosfera howasyny hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryndan goramagyň hukuk we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär hem-de ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň daşky gurşawa hem-de ilatyň saglygyna ýetirýän zyýanly täsiriniň öňüni almaga gönükdirilendir.
I BAP. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) atmosfera howasy – daşky tebigy gurşawyň, atmosfera gazlarynyň tebigy garyndysyndan ybarat bolup durýan düzüm bölegi;
2) hapalaýjy (zyýanly) maddalar – atmosfera howasynda saklanýan hem-de belli bir toplanmasynda daşky gurşawa we ilatyň saglygyna zyýanly täsirini ýetirýän himiki ýa-da biologik maddalar ýa-da şunuň ýaly maddalaryň garyndysy;
3) atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir – atmosfera howasynyň fiziki alamatlaryny üýtgetýän hem-de daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän galmagalyň, wibrasiýanyň, ionlaşdyryjy şöhle saçmanyň, magnit meýdanlarynyň, infragyzyl şöhle saçmanyň, temperaturanyň we beýleki fiziki faktorlaryň zyýanly täsiri;
4) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary – hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar we hereketlenýän çeşmelerinden zyňylmagy;
5) atmosfera howasynyň hapalanmagy – olaryň howadaky aňryçäk ýol berilýän toplanmasyndan artýan, hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna zyňylmagy;
6) atmosfera howasyny goramak – onuň daşky gurşawa we ilatyň saglygyna ýaramaz täsir etmeginiň öňüni almak maksady bilen döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň, beýleki ýuridik şahslaryň, şeýle hem fiziki şahslaryň, atmosfera howasynyň hiliniň gowulandyrylmagyna gönükdirilen işi;
7) hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmeleri – atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary amala aşyrylýan tehnologik we beýleki enjamlar, tehnologik prosesler, maşynlar we mehanizmler;
8) hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hereketlenýän çeşmeleri – ulanylmagy atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna getirýän, hereketlendirijiler bilen enjamlaşdyrylan, ulag we beýleki hereketlenýän serişdeler hem-de özi ýöreýän maşynlar;
9) hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar çeşmeleri – ýuridik ýa-da fiziki şahsa degişli obýektiň, kärhananyň, tutýan ýeriniň meýdançasynyň çäklerinde hemişelik ýa-da wagtlaýyn hereketlenýän, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň guramaçylykly ýa-da guramaçylyksyz zyňyndylarynyň islendik (zyňyndylaryň ujypsyz, meýdanlaýyn ýa-da beýleki çeşmesi) çeşmesi;
10) atmosfera howasynyň hili – atmosfera howasynyň gigiýena we ekologiýa kadalara laýyklyk derejesini görkezýän, onuň fiziki, himiki we biologik häsiýetleriniň jemi;
11) hapalaýjy maddalaryň aňryçäk ýol berilýän zyňyndysy – atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň tehniki kadalaryny we atmosfera howasynyň fon hapalanmagyny hasaba almak bilen hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar çeşmesi üçin, şunda bu çeşmäniň atmosfera howasynyň hiliniň gigiýena we ekologiýa kadalaryndan, ekologiýa ulgamlara aňryçäk ýol berilýän (gaty howply) agram salmalardan ýokary bolmadyk şertlerinde bellenilýän, hapalaýjy maddanyň atmosfera howasyna zyňyndysynyň aňryçäk ýol berilýän kadasy;
12) hapalaýjy maddalaryň aňryçäk ýol berilýän zyňyndysynyň kadasy – olar berjaý edilende atmosfera howasynyň hil kadalary üpjün edilýän, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň düşmeginiň ýokary ululyklary;
13) hapalaýjy maddalaryň kadadan artyk zyňyndysy – atmosfera howasyny hapalaýjy bir ýa-da şondan köp madda boýunça atmosfera howasyny goramak babatdaky kadalardan artýan, hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna zyňyndysy;
14) atmosfera howasynda hapalaýjy maddanyň aňryçäk ýol berilýän toplanmasy – häzirki ýa-da geljekki nesle göni ýa-da gytaklaýyn ýaramaz täsirini ýetirmeýän, adamyň zähmet çekmek başarnygyny peseltmeýän, onuň özüni duýşuny we ýaşaýşynyň sanitariýa-durmuş şertlerini ýaramazlaşdyrmaýan hapalaýjy maddalaryň toplanmasy;
15) atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň aňryçäk ýol berilýän toplanmasynyň kadasy – onuň artdyrylmagy daşky gurşawa we ilatyň saglygyna zyýanly täsir etmegine getirýän, bir ýa-da birnäçe hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna ýetirýän täsiriniň görkezijisi;
16) atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadasy – atmosfera howasyna galmagally, wibrasion, elektromagnit we beýleki fiziki täsirleriň, şunda fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegi atmosfera howasyna fiziki täsir etmeleriň aňryçäk ýol berilýän derejelerinden geçmegine getirmeýän, her bir çeşmesi üçin bellenilýän kada;
17) atmosfera howasynyň hiliniň gigiýena kadasy – ilatyň saglygyna zyýanly täsir etmeler ýok bolan ýagdaýynda, atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň aňryçäk ýol berilýän toplanmasyny görkezýän, atmosfera howasynyň hiliniň ölçütleri;
18) atmosfera howasynyň hiliniň ekologiýa kadasy – daşky gurşawa zyýanly täsir etmeler ýok bolan ýagdaýynda, atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň iň ýokary saklanyşyny görkezýän, atmosfera howasynyň hiliniň ölçütleri;
19) ýaramaz meteorologik şertler – atmosfera howasynyň ýerüsti gatlagynda hapalaýjy maddalaryň ýygnanmagyna (köpelmegine) ýardam edýän meteorologik şertler;
20) atmosfera howasynyň serhetüsti hapalanmagy – zyňyndylaryň çeşmesi başga döwletiň çäginde ýerleşýän hapalaýjy maddalaryň uly aralyga geçirilmegi netijesinde atmosfera howasynyň hapalanmagy;
21) atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň fon toplanmasy – anyk çägiň atmosfera howasynyň ýagdaýyna geçirilen gözegçiligiň maglumatlary boýunça hasaplanylýan we bu çäkde atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň ähli çeşmeleriniň täsiri bilen şertlendirilýän, atmosfera howasynyň göwrüminiň birliginde hapalaýjy maddanyň toplanmasy;
22) parnik gazlary – gün şöhlelerini geçirmek bilen, ýer üstünden uzyn tolkunly ýylylygyň ýaýramagyna päsgel berýän, parnik täsirini döredýän (uglewodorodyň dioksidi, metan, azodyň oksidi we beýleki gazlar) gazlar;
23) parnik gazlarynyň tükellenilişi – howanyň üýtgemeginiň öňüni almak boýunça çäreleri kesgitlemek üçin parnik gazlarynyň we ozondargadyjy maddalaryň zyňyndylarynyň atmosfera howasyna we howa ulgamyna täsir ediş derejesine baha bermek maksady bilen parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň möçberlerini we siňdirilişini kesgitlemek;
24) howanyň üýtgemegi – adamyň işi bilen döredilýän, ortaça howa görkezijileriniň gözegçilik edilýän we çaklanylýan uzak möhletleýin üýtgemeleri, şeýle hem gurakçylyklary, güýçli apy-tupanlary we suw joşmalary ýaly anomaliýalary goşmak bilen, howanyň durnuksyzlygy;
25) täsir ediş zonasy – atmosfera howasyna täsir ediş obýektlerinden atmosfera howasyna gelýän, hapalaýjy maddalaryň täsirine sezewar edilýän çäk;
26) atmosfera howasyna täsir ediş obýektleri – atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmesiniň ýerleşýän ýa-da hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmeleriniň toplanýan ýerleri (inženerçilik desgalary, şol sanda ýollar, önümçilik obýektleri we beýleki şuňa meňzeş obýektler).
2-nji madda. Atmosfera howasyny goramak hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygy
1. Atmosfera howasyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de atmosfera howasyny goramak bilen bagly gatnaşyklary düzgünleşdirýän Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Ozondargadyjy maddalar tarapyndan atmosfera howasynyň hapalanmagy bilen bagly önümçilik gatnaşyklary, ozon gatlagyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
3. Atmosfera howasyna himiki we radioaktiw maddalaryň zyňyndylary bilen bagly gatnaşyklar, şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
4. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunyň kadalaryndan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Atmosfera howasyny goramagyň esasy
ýörelgeleri
Atmosfera howasynyň goragy aşakdaky esasy ýörelgeleriň esasynda amala aşyrylýar:
1) her bir adamyň amatly daşky gurşawa bolan hukugyny, ilatyň ömrüni we saglygyny goramagyň ileri tutulmagyny üpjün etmek;
2) atmosfera howasyny goramak babatda döwlet dolandyryşy we atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hem-de oňa fiziki taýdan zyýanly täsirleriň döwlet düzgünleşdirilişi;
3) atmosfera howasynyň hapalanmagynyň we daşky gurşawa zyýan ýetirilmeginiň öňüni almak;
4) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak;
5) atmosfera howasyny goramak meselelerini ylmy esasda çözmek;
6) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny peseltmek maksady bilen energiýa tygşytlaýjy we (ýa-da) serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň oňat elýeterli tehniki usullary ornaşdyrmak we peýdalanmak;
7) atmosfera howasynyň ýagdaýy, oňa fiziki taýdan zyýanly täsirler we ony goramak boýunça görülýän çäreler baradaky ekologiýa maglumatyň elýeterliligi;
8) atmosfera howasyny goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy üçin jogapkärçilik we hojalyk hem-de beýleki işiň netijesinde atmosfera howasynyň hapalanmagy sebäpli ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak.
4-nji madda. Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly
täsir edilmegi
1. Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmeginiň döwlet dolandyryşy atmosfera howasyna fiziki taýdan täsir etmeleriň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny kesgitlemek arkaly amala aşyrylýar.
2. Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegine atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmeleriň bellenilen aňryçäk ýol berilýän kadalarynyň berjaý edilen şertlerinde ýol berilýär.
II BAP. ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK BABATDA DÖWLET DOLANDYRYŞY
5-nji madda. Atmosfera howasyny goramak babatda döwlet
dolandyryşyny amala aşyrýan edaralar
Atmosfera howasyny goramak babatda döwlet dolandyryşy Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy, saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
6-njy madda. Atmosfera howasyny goramak babatda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlyklary
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) atmosfera howasyny goramak babatda döwlet maksatnamalaryny tassyklaýar;
3) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary üçin tölegiň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalarynyň taslamalaryny we ony almagyň tertibini tassyklaýar;
4) atmosfera howasynyň ýagdaýyna döwlet monitoringini geçirmegiň we onuň maglumatlaryny ulanmagyň tertibini tassyklaýar;
5) atmosfera howasyny goramak babatda şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda onuň ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.
7-nji madda. Daşky gurşawy goramak babatda döwlet
dolandyryşynyň ygtyýarlandyrylan
edarasynyň ygtyýarlyklary
Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy:
1) atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleri amala aşyrýar, atmosfera howasyny goramak babatda döwlet maksatnamalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny üpjün edýär we olaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
2) ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan atmosfera howasyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligini amala aşyrýar;
3) zyňyndylaryň stasionar we hereketlenýän çeşmeleri tarapyndan atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny tassyklaýar we görkezilen kadalaryň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrýar;
4) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary üçin tölegiň ylmy taýdan esaslandyrylan kadalarynyň taslamalaryny we ony almagyň tertibini işläp taýýarlaýar hem-de olary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine tassyklamaga berýär;
5) senagat we önümçilik kärhanalarynda tozan tutujy we gaz arassalaýjy enjamlaryň netijeli işlemegi üçin gözegçiligi amala aşyrýar;
6) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna bellenen tertipde rugsatnamalary berýär, olara üýtgetmeleri we (ýa-da) goşmaçalary girizýär, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna rugsatnamalaryň hereket ediş möhletini wagtlaýyn togtadýar, dikeldýär, uzaldýar, olaryň hereketini bes edýär;
7) hapalaýjy maddalaryň sanawyny tassyklaýar we olar üçin atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň ýol berilýän kadalary bellenilýän, atmosfera howasyna täsir ediş obýektleriniň howplulyk klasyny kesgitleýär;
8) olar üçin atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň ýol berilýän kadalary bellenilmeýän, atmosfera howasyna täsir ediş obýektleriniň, şeýle hem atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmeleriniň sanawyny tassyklaýar;
9) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hasaba alnyşyny amala aşyrmagyň tertibini belleýär;
10) atmosfera howasynyň ýagdaýyna monitoringi guraýar we geçirýär;
101) atmosfera howasyna ýaramaz täsir edýän tozanly we duzly aerozollaryň ýaýramagyny azaltmak maksady bilen, tokaý zolaklaryny döredýär;
102) atmosferanyň ýaramaz şertlerine (tozanly we duzly) has çydamly ösümlikleriň görnüşlerini ylmy esasda öwrenýär we önümçilige ornaşdyrýar;
11) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň we parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň tükellenilişini geçirmegiň tertibini belleýär;
12) ýuridik we fiziki şahslara atmosfera howasyny goramak boýunça kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamaga, şeýle hem atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny, ekologiýa pasportlaryny işläp taýýarlamaga we daşky gurşawa täsirine baha bermege ygtyýarnamalary berýär;
13) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, atmosfera howasyny goramak babatda administratiw hukuk bozulmalary hakyndaky işlere garaýar;
14) atmosfera howasyny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygyny amala aşyrýar;
15) atmosfera howasyny goramak babatda şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.
8-nji madda. Saglygy goraýyş we derman senagaty babatda
ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan
edarasynyň ygtyýarlyklary
Saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy:
1) atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirmäge, şeýle hem atmosfera howasyny goramak babatda döwlet maksatnamalaryny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;
2) hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna zyňylmagyna ýol berilýän aňryçäk kadasyny we sanitariýa-gorag zonalarynyň taslamalaryny bellenen tertipde ylalaşýar;
3) atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň aňryçäk ýol berilýän toplanmasynyň we ilatly ýerleriň hem-de ilatyň köpçülikleýin dynç alýan ýerleriniň atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň takmynan howpsuz täsir ediş derejeleriniň kadasyny tassyklaýar;
4) hapalaýjy maddalaryň howplulyk klaslaryny we hapalaýjy maddalaryň howplulygynyň belli bir klaslaryna hapalaýjy maddalary degişli etmegiň tertibini belleýär;
41) daşky gurşawyň ilatyň saglygyna ýaramaz täsiriniň öňüni almak boýunça çäreleri guraýar;
5) atmosfera howasyny goramak babatda şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda öz ygtyýarlygyna girýän beýleki meseleleri çözýär.
9-njy madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi
dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
1. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary:
1) özleriniň garamagyndaky çäklerde atmosfera howasyny goramak babatda ýeke-täk döwlet syýasatyny we döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam edýär;
2) özleriniň garamagyndaky çäklerde atmosfera howasynyň hapalanmagynyň öňüni almaga, peseltmäge we ýok etmäge gönükdirilen çäreleriň geçirilmegine ýardam edýär;
3) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde atmosfera howasynyň hapalanmagynyň ýagdaýy barada ilata habar berýär;
4) degişli ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen ylalaşylmagy boýunça önümçiligiň we sarp edişiň atmosfera howasyny hapalaýan galyndylaryny özleriniň garamagyndaky çäklerde ýerleşdirmek üçin ýeri kesgitlemäge gatnaşýar;
5) atmosfera howasyny goramak babatda şu Kanuna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda özleriniň ygtyýarlyklaryna girýän beýleki meseleleri çözýär.
III BAP. ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK
BABATDA KADALAŞDYRMA
10-njy madda. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň
zyňyndylarynyň çeşmelerini toparlara bölme
1. Atmosfera howasyny goramak babatda hasaba almagy alyp barmak, tükelleýiş geçirmek, şeýle hem kadalaşdyrmak we gözegçilik etmek maksady bilen hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyna zyňyndylarynyň çeşmelerini toparlara bölmek amala aşyrylýar.
2. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmeleri stasionar, hereketlenýän we stasionar däl çeşmelere bölünýärler.
3. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar çeşmeleri zyňyndylaryň guramaçylykly stasionar çeşmelerine we zyňyndylaryň guramaçylyksyz stasionar çeşmelerine bölünýärler:
1) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň guramaçylykly stasionar çeşmelerine, olaryň kömegi bilen atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň düşmegi çäklendirilýän enjamlar bilen üpjün edilen, görkezilen zyňyndylaryň çeşmeleri degişlidir;
2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň guramaçylyksyz stasionar çeşmelerine, olaryň kömegi bilen atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň düşmegi çäklendirilýän enjamlar bilen üpjün edilmedik, görkezilen zyňyndylaryň çeşmeleri degişlidir.
4. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hereketlenýän çeşmeleri aşakdakylara bölünýärler:
1) mehaniki ulag serişdeleri (elektrik hereketlendirijiler bilen herekete getirilýän ulag serişdelerinden başga);
2) demir ýol ulag serişdeleri (elektrik hereketlendirijiler bilen herekete getirilýän ulag serişdelerinden başga);
3) howa gämileri;
4) deňiz gämileri we içerki ýüzüş gämileri.
5. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar däl çeşmelerine zyňyndylarynyň stasionar däl ýa-da hereketlenýän çeşmeleri bolup durmaýan we daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýan atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar däl çeşmeleriniň sanawyna girizilen, görkezilen zyňyndylaryň çeşmeleri degişlidir.
11-nji madda. Atmosfera howasyna zyňylýan hapalaýjy
maddalary toparlara bölme
1. Hapalaýjy maddalary howplulyk klaslary boýunça toparlara bölmek, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary üçin tölegleriň möçberini, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň daşky gurşawa ýetiren zyýanynyň öwezini dolmagyň möçberini kesgitlemek üçin amala aşyrylýar.
2. Atmosfera howasyna zyňylýan, hapalaýjy maddalaryň howplulyk klaslaryny we olary hapalaýjy maddalaryň belli bir howplulyk klasyna degişli etmegiň tertibini bellemeklik şu Kanunyň 8-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
12-nji madda. Atmosfera howasyny goramak babatda
kadalar
1. Atmosfera howasyny goramak babatda kadalar şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) atmosfera howasynyň hiliniň kadalaryny;
2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň kadalaryny;
3) atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny.
2. Türkmenistanyň kanunçylygy bilen atmosfera howasyny goramak babatda kadalaryň beýleki görnüşleri hem bellenilip bilner.
13-nji madda. Atmosfera howasynyň hiliniň kadalary
1. Atmosfera howasynyň hiliniň kadalary hojalyk we beýleki işler amala aşyrylan mahalynda, daşky gurşawyň we ilatyň saglygynyň howpsuzlygyny üpjün edýän atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny bellemegiň wezipelerini ýerine ýetirýärler.
2. Atmosfera howasynyň hiliniň kadalaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň aňryçäk ýol berilýän toplanmasynyň we ilatly ýerleriň, şeýle hem eýeçiligiň görnüşine garamazdan edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň jaýlarynyň atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň çen edilýän howpsuz täsir ediş derejeleriniň kadasy;
2) aýratyn goralýan tebigy ýerleriň, dynç alyş zonalaryň, şeýle hem ýörite goraga degişli tebigy çäkleriň we biosfera rezerwatlarynyň (ätiýaçlyk bölekleriniň) atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň ekologiýa taýdan howpsuz toplanmalarynyň kadalary;
3) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hereketlenýän we stasionar çeşmeleri, tehnologik prosesler we enjamlar üçin bellenilýän, önümiň, kuwwatyň, ulag ýa-da beýleki hereketlenýän serişdeleriň geçen ýolunyň birligine hasaplama görä atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň udel zyňyndylarynyň kadalary.
3. Atmosfera howasynyň hiliniň kadalary Türkmenistanyň ähli çägi üçin ýeke-täk bolup durýar. Zerur bolan mahalynda käbir çäkler üçin atmosfera howasynyň hiliniň başga kadalary bellenilýär.
14-nji madda. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň
zyňyndylarynyň kadalary
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň kadalary şu aşakdakylary öz içine alýar:
1) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň tehnologik kadalaryny;
2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny;
3) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hereketlenýän çeşmeleriniň işlenen gazlarynda hapalaýjy maddalaryň saklanyş derejesiniň kadalaryny.
2. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň tehnologik kadalaryna şu aşakdakylar degişlidir:
1) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň pudaklaýyn tehnologik kadalary;
2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aýratyn tehnologik kadalary.
Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň pudaklaýyn tehnologik kadalary daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça degişli döwlet edaralary tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aýratyn tehnologik kadalary atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bilen bagly işi amala aşyrýan ýuridik şahslar tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
3. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar çeşmeleri üçin atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalary daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan tassyklanylýar.
4. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hereketlenýän çeşmeleriniň işlenen gazlarynda hapalaýjy maddalaryň saklanyş derejesiniň kadalary Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilýär.
15-nji madda. Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly
täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalary
1. Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegini döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek maksady bilen atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalary bellenilýär.
2. Atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalary Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän ygtyýarlandyrylan döwlet edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar.
16-njy madda. Täsir ediş zonalary
1. Täsir ediş zonalary atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bilen bagly hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan, şu aşakdakylar üçin kesgitlenilýär:
1) taslama resminamalarynyň düzüminde – taslamalaşdyrylýan atmosfera howasyna täsir ediş obýektleri;
2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňylmalarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalarynyň taslamasynda – hereket edýän atmosfera howasyna täsir ediş obýektleri.
2. Täsir ediş zonalarynyň ölçegleri we araçägi atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň fon toplanmasyny hem-de bu zonalaryň çäkleriniň daşynda atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň saklanyşynyň atmosfera howasynyň hiliniň kadalaryndan ýokary bolmajakdygyny hasaba almak bilen, atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň dumly-duşa ýaýramagynyň hasaplamalary esasynda kesgitlenilýär.
IV BAP. ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK
BOÝUNÇA TALAPLAR
17-nji madda. Işi atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň
zyňyndylary we atmosfera howasyna fiziki
taýdan zyýanly täsir edilmegi bilen bagly
bolan ýuridik we fiziki şahslaryň borçlary
Işi atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary we atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegi bilen bagly bolan ýuridik we fiziki şahslar, şu aşakdakylara borçludyrlar:
1) atmosfera howasyny goramak boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan talaplary ýerine ýetirmäge;
2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňylmagyny we atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegini peseltmek üçin desgalaryň we enjamlaryň netijeli işlemegini üpjün etmäge we olara gözegçiligi amala aşyrmaga;
3) atmosfera howasyna zyňylýan hapalaýjy maddalaryň mukdarynyň we düzüminiň hasaba alnyşyny amala aşyrmaga;
4) atmosfera howasyny goramak boýunça talaplaryň berjaý edilişi böleginde kärhanalaryň, desgalaryň we beýleki obýektleriň taslamalaşdyrylyşyna we gurluşygynyň barşyna gözegçiligi amala aşyrmaga;
5) ýaramaz meteorologik şertler bilen baglylykda atmosfera howasynyň hapalanmak derejesiniň mümkin bolan ýokarlanmasy barada duýduryş alnan ýagdaýlarynda ýörite çäreleri ýerine ýetirmäge;
6) atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny berjaý etmäge;
7) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň birbada köp mukdardaky we heläkçilikli zyňyndylaryny ýok etmek boýunça bellenen tertipde çäreleri görmäge;
8) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmeleri bar bolan garamagyndaky kärhanalaryň, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça Türkmenistanyň döwlet statistika edaralarynda bellige alnyşyny geçirmäge;
9) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň guramaçylyksyz çeşmelerini ýok etmek, olary guramaçylykly çeşmeleriň hataryna geçirmek boýunça çäreleri görmäge;
10) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmelerini tozan tutujy enjamlar, gaz arassalaýjy abzallar bilen enjamlaşdyrmaga;
11) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny peseltmek üçin bar bolan tozan tutujy enjam we gaz arassalaýjy abzal, şeýle hem beýleki serişdeler we abzallar hakynda maglumaty daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasynyň talap etmegi boýunça bermäge;
12) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna rugsatnama almaga we bu rugsatnamada görkezilen şertleri berjaý etmäge;
13) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary üçin tölegleri öz wagtynda amala aşyrmaga;
14) atmosfera howasyny goramak bilen bagly Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen beýleki borçlary ýerine ýetirmäge.
18-nji madda. Atmosfera howasyny goramak babatda
kadalaşdyryjy resminamalary işläp
taýýarlamagy amala aşyrýan ýuridik we
fiziki şahslaryň işini ygtyýarlandyrmak
Atmosfera howasyny goramak babatda kadalaşdyryjy resminamalaryň taslamalaryny işläp taýýarlamagy, şeýle hem atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryny işläp taýýarlamagy, ekologiýa pasportlary işläp düzmegi we daşky gurşawa täsirine baha bermegi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslaryň işi, işiň käbir görnüşlerini ygtyýarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde, ygtyýarlandyrylmaga degişlidir.
19-njy madda. Hojalyk we beýleki işiň obýektleri
taslamalaşdyrylanda, ýerleşdirilende, gurlanda,
durky täzelenende we ulanylanda atmosfera
howasyny goramaga bildirilýän talaplar
1. Hojalyk we beýleki işiň obýektleri taslamalaşdyrylanda, ýerleşdirilende, gurlanda, durky täzelenilende we ulanylanda, şeýle hem şäherler we beýleki ilatly ýerler gurlanda Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda atmosfera howasynyň hil kadalarynyň berjaý edilmegi üpjün edilmelidir.
2. Atmosfera howasynyň hiline zyýanly täsir edip biljek, hojalyk we beýleki işiň obýektleri taslamalaşdyrylanda we ýerleşdirilende, şeýle hem şäherleriň we beýleki ilatly ýerleriň gurluşyklary meýilleşdirilende atmosfera howasynyň hapalanmagynyň fon derejesi nazara alynmalydyr hem-de onuň hiliniň üýtgemeginiň deslapky çaklanmasy amala aşyrylmalydyr.
3. Atmosfera howasyny goramak maksady bilen şäherlerde we ilatly ýerlerde hojalyk hem-de beýleki işiň obýektleriniň sanitariýa-gorag zonalary bellenilýär.
4. Atmosfera howasynyň hiline zyýanly täsir edip biljek hojalyk we beýleki işiň obýektlerini döwrebaplaşdyrmagyň we durkuny täzelemegiň taslamalarynda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen talaplara laýyklykda, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň bellenilen kadalaryna çenli azaltmak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr.
Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny we atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsirleri bellenilen kadalara çenli azaltmak mümkin bolmadyk halatynda degişli kärhanalaryň işi, degişli desgalaryň we beýleki obýektleriň peýdalanylmagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň karary boýunça wagtlaýyn togtadylyp bilner.
5. Atmosfera howasynyň hiline zyýanly täsir edýän, hojalyk we beýleki işiň obýektleriniň ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary bilen ylalaşylýar.
6. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňylmagyny amala aşyrýan, hojalyk we beýleki işiň täze we (ýa-da) durky täzelenen obýektleri işe girizilende atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalarynyň we atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsirleriň aňryçäk ýol berilýän kadalarynyň berjaý edilmegi üpjün edilmelidir. Tehniki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplary bilen berjaý etmek üçin hökmanylygy göz öňünde tutulan halatlarynda, bu obýektler atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna gözegçilik etmegiň awtomatlaşdyrylan ulgamlary bilen enjamlaşdyrylýar.
7. Atmosfera howasyny goramagyň düzgünlerinde göz öňünde tutulan, gazlary arassalamak we atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny peseltmek üçin desgalary, şeýle hem görkezilen zyňyndylara gözegçilik etmegiň serişdeleri ýok bolan, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňylmagyny amala aşyrýan,
hojalyk we beýleki işiň obýektlerini ýerleşdirmek we ulanmak gadagan edilýär.
8. Işlemegi howanyň we Ýeriň ozon gatlagynyň ýaramaz üýtgemelerine, ilatyň saglygynyň ýaramazlaşmagyna, ösümlikleriň genetiki fondunyň we haýwanlaryň genetiki fondunyň ýok edilmegine, daşky gurşaw üçin dolanuwsyz netijeleriň ýüze çykmagyna getirip biljek, hojalyk we beýleki işiň obýektlerini taslamalaşdyrmak, ýerleşdirmek we gurmak gadagan edilýär.
Ýaşaýyş jaýlary, jemgyýetçilik we beýleki obýektler gurlanda hem-de durky täzelenende, ulanylmagy gadagan edilen materiallaryň sanawy, Türkmenistanyň kanunçylygy bilen kesgitlenýär.
20-nji madda. Zyňyndylaryň stasionar we stasionar däl
çeşmelerinden atmosfera howasyna hapalaýjy
maddalaryň zyňyndylary mahalynda atmosfera
howasyny goramak boýunça talaplar
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar çeşmeleri işlän mahalynda şu aşakdakylar ýerine ýetirilmelidir:
1) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň düzüminiň seljerişlerini geçirmek üçin zyňyndylaryň görkezilen çeşmelerinden howanyň nusgalyklaryny almak üçin ýerler kesgitlenilmelidir;
2) hapalaýjy maddalary zyýansyzlandyrmak ulgamlaryny ulanmagyň düzgünleri berjaý edilmelidir.
2. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar çeşmelerinden atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary diňe görkezilen zyňyndylara rugsatnama bar bolan mahalynda we atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryna hem-de munuň ýaly rugsatnamada bellenilen şertlere laýyklykda ýol berilýär.
3. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar däl çeşmelerinden atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňylmagyna, hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň çeşmeleriniň Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen ulanylýan şertlerinde ýol berilýär.
21-nji madda. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň
zyňyndylarynyň hereketlenýän çeşmeleriniň
Türkmenistana getirilmegine, öndürilmegine
we ulanylmagyna bildirilýän talaplar
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hereketlenýän çeşmeleriniň zyňyndylarynda hapalaýjy maddalaryň saklanyş derejesi Türkmenistanyň kanunçylygynda zyňyndylaryň bellenen udel kadalaryndan ýokary bolsa, olary öndürmek we ulanmak gadagan edilýär.
2. Zyňyndylarynda hapalaýjy maddalaryň saklanyşy we atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir ediş derejesi bellenen kadalardan ýokary bolsa, ulag we beýleki hereketlenýän serişdeleriň we gurluşlaryň Türkmenistana getirilmegine ýol berilmeýär.
3. Olaryň ulanylmagy netijesinde atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bolup geçýän ulag we beýleki hereketlenýän serişdelerini bejermegi we tehniki taýdan hyzmat etmegi ýerine ýetirýän ýuridik we fiziki şahslar, işlenen gazlarda hapalaýjy maddalaryň kadaly saklanmagyndan hem-de atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir etmegiň aňryçäk ýol berilýän kadalaryndan ýokary bolmagyna ýol bermezlige borçludyrlar.
4. Olaryň ulanylmagy netijesinde atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bolup geçýän ulag we beýleki hereketlenýän serişdeler, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň udel kadalaryna laýyklygyna bellenen tertipde hökmany barlagdan geçirilmäge degişlidir.
22-nji madda. Şäherler we beýleki ilatly ýerler ýerleşdirilen
we ösdürilen mahalynda atmosfera howasyny
goramak boýunça talaplar
Şäherleri we beýleki ilatly ýerleri taslamalaşdyrmak, gurmak, täze meýilnama boýunça gurmak, durkuny täzelemek atmosfera howasyny goramak babatda sanitariýa-gigiýena, ekologiýa we beýleki kadalara hem-de düzgünlere laýyklykda geçirilýär, şunda atmosfera howasynyň ýagdaýy, onuň mümkin bolan üýtgemeginiň çaklamasy we atmosfera howasyny goramak boýunça çäreler göz öňünde tutulmalydyr.
23-nji madda. Atmosfera howasyny hapalaýan galyndylar
saklanylan, gömlen, gaýtadan ulanylan we
zyýansyzlandyrylan mahalynda atmosfera
howasyny goramak boýunça talaplar
1. Kärhanalaryň, edaralaryň we guramalaryň, ilatly ýerleriň çäklerinde, şeýle hem önümçilik galyndylaryny ýerleşdirmek üçin galyndylaryň saklanylýan ýerlerinde atmosfera howasyny hapalaýan galyndylary saklamak, gömmek, gaýtadan ulanmak we zyýansyzlandyrmak Türkmenistanyň galyndylar bilen iş salyşmak çygryndaky kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilýär.
2. Hojalyk ýa-da gaýry işler bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar atmosfera howasynyň hapalanmagynyň çeşmesi bolup durýan galyndylaryň ähli görnüşlerini, olary ýerleşdirmegiň we (ýa-da) gömmegiň ýöriteleşdirilen ýerlerine, şeýle hem şunuň ýaly galyndylary çig mal hökmünde peýdalanýan hojalyk ýa-da gaýry işleriň beýleki obýektlerine öz wagtynda äkidilmegini üpjün etmäge borçludyrlar.
24-nji madda. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň gorag
serişdeleri we mineral dökünler ulanylan,
daşalan, saklanylan hem-de ýok edilen
mahalynda atmosfera howasyny goramak
boýunça talaplar
1. Hojalyk we beýleki iş bilen meşgullanýan ýuridik we fiziki şahslar, atmosfera howasynyň hapalanmagyna ýol bermezlik maksady bilen, ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň gorag serişdeleri we mineral dökünler ulanylan, daşalan, saklanylan hem-de ýok edilen mahalynda atmosfera howasyny goramak babatda düzgünleri we talaplary berjaý etmäge borçludyrlar.
2. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň gorag serişdeleriniň we mineral dökünleriň ulanylmagyna şu aşakdakylar bar bolan mahalynda ýol berilýär:
1) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň gorag serişdeleri we mineral dökünler ulanylan we saklanylan mahalynda atmosfera howasyna düşüp biljek hapalaýjy maddalar üçin atmosfera howasynyň hiliniň bellenen kadalarynyň;
2) ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň gorag serişdeleri we mineral dökünler ulanylan we saklanan mahalynda atmosfera howasyna düşüp biljek hapalaýjy maddalaryň atmosfera howasyndaky toplanmalaryny kesgitlemegiň usullarynyň.
3. Ösümlik dünýäsiniň obýektleriniň gorag serişdelerini we mineral dökünleri ulanmak, daşamak, saklamak we ýok etmek atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny peseldýän usullar bilen amala aşyrylmalydyr.
25-nji madda. Ýerasty peýdaly baýlyklar gazylyp alnan we
partlama işleri geçirilen mahalynda atmosfera
howasyny goramak boýunça talaplaryň ýerine
ýetirilmegi
Ýerasty peýdaly baýlyklary gazyp almak we partlama işleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylan usullar arkaly, atmosfera howasyny goramak boýunça talaplary berjaý etmek bilen geçirilmelidir.
26-njy madda. Ýaramaz meteorologik şertler ýüze çykan
mahalynda atmosfera howasyny goramak
boýunça talaplar
1. Ýaramaz meteorologik şertler ýüze çykan döwründe atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny düzgünleşdirme, eger ýaramaz meteorologik şertler ýüze çykan we atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň iň ýokary toplanmalary atmosfera howasynyň hiliniň kadalaryndan ýokary bolan halatynda amala aşyrylýar.
2. Ýaramaz meteorologik şertler ýüze çykan döwründe atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny düzgünleşdirme, ýaramaz meteorologik şertler dowam edýän döwrüne atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny azaltmak boýunça çäreleri ýerine ýetirmek arkaly amala aşyrylýar.
3. Ýaramaz meteorologik şertler ýüze çykan döwründe atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny düzgünleşdirme, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
27-nji madda. Ilatyň saglygyna howp döredýän, atmosfera
howasyna hapalaýjy maddalaryň uly
heläkçilikli zyňyndylarynda döwlet
edaralarynyň işini guramak
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň uly heläkçilikli zyňyndylary sebäpli dörän, atmosfera howasynyň ýagdaýynyň üýtgän mahalynda we şunda ilatyň saglygyna howp döreýän bolsa, ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bu barada haýal etmän habar bermäge borçludyrlar, gyssagly ýagdaýlarda bolsa ilatyň wagtlaýyn göçürilişini üpjün edýärler we (ýa-da) beýleki gaýragoýulmasyz çäreleri görýärler.
2. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň uly heläkçilikli zyňyndylary bolan halatynda bellenen tertipde kärhanalaryň, edaralaryň, guramalaryň ýörite iş tertibini girizýär we atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň ýokary derejeliligini peseltmek hem-de atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsir edilmegini ýok etmek maksady bilen ulag serişdeleriniň hereketini ýola goýýar.
28-nji madda. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň
zyňyndylaryna rugsatnama
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bilen bagly hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň stasionar çeşmeleriniň ulanylmagyna diňe daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan berilýän, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna rugsatnamanyň bar bolan mahalynda ýol berilýär.
2. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna rugsatnamanyň berilmegi, görkezilen rugsatnama üýtgemeleriň we (ýa-da) goşmaçalaryň girizilmegi, munuň ýaly rugsatnamanyň hereketiniň togtadylmagy, dikeldilmegi we hereket ediş möhletiniň uzaldylmagy, onuň hereketiniň bes edilmegi daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenilen tertipde amala aşyrylýar.
3. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna rugsatnamada, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalary we şu Kanunyň 13-nji maddasyna laýyklykda atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny amala aşyrmagyň şertleri bellenýär.
4. Şu maddanyň 3-nji böleginde görkezilen, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalaryndan ýokary bolan ýa-da atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryna rugsatnamada görkezilen şertler bozulan mahalynda atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylaryny amala aşyrmak gadagan edilýär.
29-njy madda. Atmosfera howasynyň ýagdaýynyň adamlaryň
ömrüne we saglygyna howp salýan derejede
üýtgän mahalynda ilaty goramak boýunça
çäreler
1. Atmosfera howasynyň ýagdaýynyň adamlaryň ömrüne we saglygyna howp salýan derejede üýtgän mahalynda ilaty goramak boýunça çäreler Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanylýar we ýerine ýetirilýär.
2. Şu maddanyň 1-nji böleginde görkezilen çäreleri geçirmegiň tertibi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.
3. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň uly heläkçilikli zyňyndylary sebäpli dörän, atmosfera howasynyň ýagdaýynyň üýtgän mahalynda we şunda ilatyň saglygyna howp döreýän bolsa, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilaty goramak boýunça gyssagly çäreler görülýär.
30-njy madda. Atmosfera howasynyň serhetüsti
hapalanmagy
Türkmenistan atmosfera howasyny goramak babatda umumy ykrar edilen ýörelgelere we kadalara laýyklykda atmosfera howasynyň serhetüsti hapalanmagynyň derejesini peseltmek maksady bilen atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňylmalaryny azaltmak boýunça çäreleriň öz çäklerinde geçirilmegini üpjün edýär.
31-nji madda. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň
zyňyndylary üçin tölegleriň kadalary
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bilen daşky gurşawyň hapalanandygy üçin ýuridik we fiziki şahslar atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary üçin tölegiň bellenen kadalaryna laýyklykda tölegleri amala aşyrmaga borçludyrlar.
2. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary üçin tölegleriň kadalary öz içine şu aşakdakylary alýarlar:
1) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň bellenen çäklendirilen möçberleriň (atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň aňryçäk ýol berilýän kadalarynyň) çäklerinde zyňyndylary üçin tölegiň kadalaryny;
2) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň bellenilen çäklendirilen möçberlerden artyk zyňyndylary üçin tölegiň kadalaryny.
3. Işi atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary netijesinde daşky gurşawyň hapalanmagyna täsir edýän kärhanalar, edaralar, beýleki ýuridik we fiziki şahslar üçin tölegleriň möçberleri, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary üçin tölegiň kadalaryna laýyklykda daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenilýär.
4. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary netijesinde daşky gurşawyň hapalanandygy üçin tölegler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
32-nji madda. Howa ulgamyny goramak
1. Howany goramagyň we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini gowşatmagyň maksady, howa ulgamyna antropogen taýdan howply täsir edilmegine ýol bermejek derejede atmosfera howasynda hapalaýjy maddalaryň hem-de parnik gazlarynyň toplanmasyny durnuklaşdyrmak bolup durýar.
2. Howa ulgamyny antropogen üýtgemelerden goramak boýunça çäreler öz içine şu aşakdakylary alýar:
1) çeşmelerden antropogen zyňyndylarynyň we ähli parnik gazlarynyň sorujylar tarapyndan siňdirilmeginiň kadastrlaryny işläp taýýarlamak;
2) howa ýaramaz täsir edýän maddalaryň, öndürilişini we peýdalanylmagyny düzgünleşdirmek;
3) parnik gazlarynyň antropogen zyňyndylaryny peseltmäge ýa-da bes etmäge ýardam edýän tehnologiýalary, usullary we prosesleri girizmek we ulanmak;
4) energiýa tygşytlaýjy we (ýa-da) serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary, iň oňat elýeterli tehniki usullary ornaşdyrmak we peýdalanmak;
5) günüň, ýeliň, ýeriň ýylylygynyň, suw akymlarynyň tebigy hereketleriniň energiýasyny we atmosfera howasyna iň az zyýanly fiziki täsir ýetirýän energiýanyň gaýtadan dikeldilýän beýleki çeşmelerinden peýdalanmak;
6) howa ulgamyny goramak we howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerini gowşatmak babatda beýleki çäreleri geçirmek.
V BAP. ATMOSFERA HOWASYNA HAPALAÝJY MADDALARYŇ ZYŇYNDYLARYNYŇ
HASABA ALNYŞY. ATMOSFERA HOWASYNY
GORAMAK BABATDA STATISTIK GÖZEGÇILIKLER.
ATMOSFERA HOWASYNA HAPALAÝJY MADDALARYŇ
ZYŇYNDYLARYNYŇ WE PARNIK GAZLARYNYŇ
TÜKELLENILIŞI
33-nji madda. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň
zyňyndylarynyň hasaba alnyşyny guramak
1. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hasaba alnyşy daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we statistika babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenen tertipde, zyňyndylaryň stasionar çeşmelerinden atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bilen bagly bolan hojalyk we beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan alnyp barylýar.
2. Olaryň işiniň netijesinde atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary we atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsir bolup geçýän ýuridik we fiziki şahslar, şulara borçludyrlar:
1) atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary we atmosfera howasyna zyýanly fiziki täsir barada hasabatlary döwlet statistikasy edaralaryna daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylmagy boýunça bellenilen möhletlerde bermäge;
2) daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy bilen ylalaşylan, öz önümçilik maglumatlarynyň esasynda kärhananyň, edaranyň ekologiýa pasportyny işläp düzmäge we yzygiderli doldurmaga borçludyrlar.
3. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň hasaba alnyşyny bellenilen tertipde amala aşyrýan edaralaryň sanawy, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan kesgitlenilýär.
34-nji madda. Atmosfera howasyny goramak babatda
döwlet statistik gözegçilikler
Atmosfera howasyny goramak babatda döwlet statistik gözegçiliklerini alyp barmak we bu babatda statistik maglumatlary bermek, statistika hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
35-nji madda. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň
zyňyndylarynyň tükellenilişi
1. Zyňyndylaryň stasionar çeşmelerinden atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylary bilen bagly hojalyk hem-de beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň tükellenilişini geçirmäge borçludyrlar.
2. Atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň zyňyndylarynyň tükellenilişini geçirmegiň tertibi daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenilýär.
36-njy madda. Atmosfera howasyna parnik gazlarynyň
zyňyndylarynyň tükellenilişi
1. Atmosfera howasyna parnik gazlarynyň zyňyndylary bilen bagly hojalyk hem-de beýleki işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar, atmosfera howasyna parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň tükellenilişini geçirmäge borçludyrlar.
2. Atmosfera howasyna parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň tükellenilişini geçirmegiň tertibi daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan bellenilýär.
VI BAP. ATMOSFERA HOWASYNYŇ DÖWLET
MONITORINGI. ATMOSFERA HOWASYNYŇ
GORALYŞYNA GÖZEGÇILIK ETMEK
37-nji madda. Atmosfera howasynyň döwlet monitoringi
1. Atmosfera howasynyň döwlet monitoringi döwletiň, ýuridik we fiziki şahslaryň atmosfera howasynyň hil ýagdaýy, hapalanmagy barada dogry maglumata bolan zerurlygyny üpjün etmek, şeýle hem atmosfera howasyň ýagdaýynyň mümkin bolaýjak üýtgemesini çaklamak we onuň hapalanyş derejesine baha bermek maksady bilen atmosfera howasynyň ýagdaýyna gözegçilik ediş ulgamyny öz içine alýar.
2. Atmosfera howasynyň döwlet monitoringi daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
Ilatly ýerlerde atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsiriň monitoringi saglygy goraýyş we derman senagaty babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Hapalaýjy maddalaryň we parnik gazlarynyň atmosfera howasyndaky toplanmasyny kesgitlemek üçin onuň döwlet monitoringini geçirmek, atmosfera howasynyň ýagdaýynyň üýtgemeleriniň proseslerini modelirlemegiň döwrebap usullaryny peýdalanmak we onuň ýagdaýyny çaklamak esasynda amala aşyrylýar.
4. Daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy atmosfera howasyna hapalaýjy maddalaryň we parnik gazlarynyň zyňyndylarynyň önümçilik monitoringini amala aşyrmaly edaralary kesgitleýär.
5. Atmosfera howasynyň döwlet monitoringini geçirmegiň we onuň maglumatlaryny ulanmagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
38-nji madda. Atmosfera howasynyň goralyşyna döwlet
gözegçiligi
1. Atmosfera howasynyň goralyşyna döwlet gözegçiliginiň wezipesi atmosfera howasyny goramak hakyndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň ähli ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan berjaý edilmegini üpjün etmek bolup durýar.
2. Atmosfera howasynyň goralyşyna döwlet gözegçiligi daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy we ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan beýleki edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde amala aşyrylýar.
3. Şu maddanyň ikinji böleginde görkezilen döwlet edaralary kärhanalaryň we edaralaryň önümçilik gulluklaryny, şeýle hem jemgyýetçilik gözegçilerini atmosfera howasynyň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmaga gatnaşmak üçin bellenen tertipde çekip bilýärler.
4. Atmosfera howasynyň goralyşyna döwlet gözegçiligini amala aşyrmagyň tertibi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen kesgitlenilýär.
39-njy madda. Atmosfera howasynyň goralyşyna
pudaklaýyn gözegçilik
1. Atmosfera howasynyň goralyşyna pudaklaýyn gözegçilik daşky gurşawy goramak babatda pudaklaýyn gözegçiligiň düzüm bölegi bolup durýar.
2. Atmosfera howasynyň goralyşyna pudaklaýyn gözegçilik ministrlikler we beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan öz garamagyndaky kärhanalarynda atmosfera howasyny goramak boýunça talaplaryň berjaý edilişini barlamak maksady bilen amala aşyrylýar.
3. Atmosfera howasynyň goralyşyna pudaklaýyn gözegçiligi amala aşyrmagyň tertibi degişli ministrlikler we beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralary tarapyndan öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde bellenilýär.
40-njy madda. Atmosfera howasynyň goralyşyna
önümçilik gözegçiligi
1. Atmosfera howasyna zyýanly täsir edýän çeşmeleri bar bolan kärhanalarda we edaralarda atmosfera howasynyň goralyşyna önümçilik gözegçiligi bu kärhanalaryň ekologiýa gulluklary tarapyndan amala aşyrylýar.
2. Atmosfera howasyna zyýanly täsir edýän çeşmeleri bar bolan kärhanalar we edaralar atmosfera howasyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda atmosfera howasynyň goragyny amala aşyrmalydyrlar.
3. Atmosfera howasynyň goralyşyna önümçilik gözegçiliginiň geçirilmegine jogapkär şahslar barada hem-de hojalyk we beýleki işiň obýektlerinde ekologiýa gulluklaryň guralyşy hakyndaky maglumatlar daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna berilýär.
Atmosfera howasynyň goralyşyna geçirilen önümçilik gözegçiliginiň netijeleri degişli talaplar boýunça daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna berilýär.
41-nji madda. Atmosfera howasynyň goralyşyna
jemgyýetçilik gözegçiligi
1. Atmosfera howasynyň goralyşyna jemgyýetçilik gözegçiligi, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
2. Jemgyýetçilik barlagynyň barşynda alnan, atmosfera howasynyň goralyşyna jemgyýetçilik gözegçiligini amala aşyrmagyň netijeleri, daşky gurşawy goramak babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasyna berilýär we maslahat beriji häsiýete eýedir.
42-nji madda. Atmosfera howasyny goramak babatda
raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň
hukuklary
1. Raýatlaryň we jemgyýetçilik birleşikleriniň şu aşakdakylara hukuklary bardyr:
1) ömri we saglygy üçin amatly atmosfera howasyna;
2) atmosfera howasynyň ýagdaýy, onuň hapalanmagy barada, şeýle hem atmosfera howasyny hapalaýan çeşmeleri we oňa fiziki taýdan zyýanly täsir hem-de atmosfera howasyny goramak boýunça görülýän çäreler hakynda dogry we öz wagtynda maglumaty almaga;
3) atmosfera howasyny goramak boýunça çäreleriň geçirilmegine gatnaşmaga;
4) atmosfera howasynyň hiline zyýanly täsirini ýetirip biljek, meýilleşdirilýän hojalyk we beýleki işiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak boýunça jemgyýetçilik diňleýişlerine gatnaşmaga;
5) atmosfera howasynyň hapalanmagynyň çeşmesiniň goşmaça döwlet ekologiýa seljermesini geçirmek barada meseläni ygtyýarly edaralaryň öňünde goýmaga;
6) atmosfera howasyny goramak babatda döwlet maksatnamalaryny ara alyp maslahatlaşmaga we olara onuň hilini gowulandyrmak hakynda öz tekliplerini girizmäge;
7) atmosfera howasyny goramak babatda olaryň hukuklarynyň, azatlyklarynyň ýa-da kanuny bähbitleriniň bozulandygy ýa-da bozulmak howpy barada hem-de atmosfera howasynyň hapalanmagy ýa-da atmosfera howasyna fiziki taýdan zyýanly täsiriň netijesinde raýatyň ömrüne, saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagy barada degişli edaralara ýüz tutmaga;
8) atmosfera howasyny goramak babatda Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşylanda gatnaşmaga.
2. Jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri şu Kanunyň 33-nji maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendinde görkezilen hasabatlar bilen tanyşmaga, şeýle hem Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde we şertlerde, atmosfera howasyny hapalaýan hem-de oňa fiziki taýdan zyýanly täsir edýän çeşmeleri bolan hojalyk we beýleki işiň obýektleriniň çäklerine barmaga bolan hukugy bardyr.
3. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri ministrlikleriň we beýleki ygtyýarlandyrylan döwlet edaralarynyň wezipeli adamlary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde, atmosfera howasyny goramak boýunça talaplaryň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen, görkezilen wezipeli adamlaryň hereketlerine şikaýat etmäge hukuklary bardyr.
VII BAP. ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK
BABATDA HALKARA HYZMATDAŞLYGY.
ATMOSFERA HOWASYNY GORAMAK HAKYNDA
TÜRKMENISTANYŇ KANUNÇYLYGYNYŇ
BOZULMAGY ÜÇIN JOGAPKÄRÇILIK
43-nji madda. Atmosfera howasyny goramak babatda
halkara hyzmatdaşlygy
Atmosfera howasyny goramak babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
44-nji madda. Atmosfera howasyny goramak hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy
üçin jogapkärçilik
Atmosfera howasyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagynda günäkär ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
VIII BAP. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
45-nji madda. Atmosfera howasyny goramak hakynda
Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy
netijesinde ýetirilen zyýanyň öwezini dolmak
Atmosfera howasyny goramak hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy netijesinde daşky gurşawa, edaralara ýa-da döwlete, raýatlaryň saglygyna we emlägine zyýan ýetiren ýuridik we fiziki şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýetirilen zyýanyň öwezini dolmaga borçludyrlar.
46-njy madda. Atmosfera howasyny goramak babatda
jedelleri çözmek
Atmosfera howasyny goramak babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde çözülýär.
47-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şu aşakdakylary güýjüni ýitiren diýip hasap etmeli:
1) «Atmosfera howasyny goramak hakynda» 1996-njy ýylyň 20-nji dekabryndaky Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 1996 ý., № 4, 66-njy madda);
2) «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip hasap etmek hakynda» 2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki Türkmenistanyň Kanunynyň ХХIII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 26-njy marty.
№ 366-V.