Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Söwda işi hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 55-nji madda)
(01.12.2018 ý. № 102-VI, 05.10.2019 ý. № 184-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler we goşmaça bilen)
Şu Kanun Türkmenistanda söwda işiniň amala aşyrylmagynyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, onuň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmeginiň guramaçylyk esaslaryny we ýörelgelerini belleýär.
I bap. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Şu Kanunda ulanylýan esasy düşünjeler
1. Şu Kanunda aşakdaky esasy düşünjeler ulanylýar:
1) söwda işi (mundan beýläk, şeýle-de – söwda) – fiziki we ýuridik şahslaryň telekeçilik işiniň harytlary satyn almagyň-satmagyň amala aşyrylmagy, şeýle hem işleriň ýerine ýetirilmegi we hyzmatlaryň, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti boýunça hyzmatlaryň edilmegi bilen baglanyşykly görnüşi;
2) lomaý söwda – şahsy, maşgalada, öýde we gaýry meňzeş peýdalanylmagy bilen baglanyşykly bolmadyk harytlaryň telekeçilik işinde peýdalanylmagy, önümçilik zerurlyklary we gaýry maksatlar üçin satylmagy bilen baglanyşykly söwda işiniň görnüşi;
3) bölek söwda – telekeçilik işiniň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly bolmadyk şahsy, maşgalada, öýde we gaýry maksatlarda peýdalanylmagy üçin harytlaryň gönüden-göni ilata satylmagy, şol sanda goşmaça hyzmatlaryň edilmegi bilen baglanyşykly söwda işiniň görnüşi;
4) jemgyýetçilik iýmiti – iýmit önümleriniň önümçiligi, gaýtadan işlenilmegi, ýerlenilmegi we sarp edilmeginiň guralmagy, şeýle hem senagat önümçiliginiň önümleriniň ýerlenilmegi we hyzmatlaryň edilmegi bilen baglanyşykly telekeçilik işi;
5) söwda hyzmatlary – söwda obýektiniň satyjysynyň alyjy bilen gönüden-göni özara gatnaşykda bolup, ol harytlary satyn alan mahalynda alyjynyň isleginiň kanagatlandyrylmagyna gönükdirilýän işi;
6) internet-dükan – söwda işiniň subýektiniň ählumumy Internet kompýuter torunda söwda obýekti gatnaşmazdan (daşyndan) harytlary saýlamaga we satyn almaga mümkinçilik berýän maglumatlar gory (mundan beýläk – Internet ulgamy);
7) söwda ulgamy – umumy dolandyryşda duran we (ýa-da) ýeke-täk täjirçilik belgilenmesi ýa-da başga şahsy aýratynlaşdyryş serişdesi astynda ulanylýan, umumy söwda meýdany 1000 inedördül metrden az bolmadyk iki we şondan köp bolan söwda obýektleriniň jemi;
8) söwda meýdany – söwda obýektiniň harytlaryň çykarylyp goýulmagy, görkezilmegi, alyjylara hyzmatlaryň edilmegi we harytlar satylýan mahalynda alyjylar bilen pul hasaplaşyklarynyň geçirilmegi, alyjylaryň ýöräp geçmegi üçin niýetlenilen, ýörite enjamlar goýlan meýdany;
9) söwda işiniň subýekti – Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde bellige alnan we söwda işini amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahs;
10) haryt – zähmetiň, satylmagy ýa-da alyş-çalyş üçin niýetlenilen, dolanyşykdan aýrylmadyk islendik önümi;
11) şertli çyzyk – optiki gözden geçiriş enjamy bilen kybaplaşdyrylmagy üçin, harydyň gabynyň daşynda ýerleşdirilýän we onuň kömegi bilen harydyň käbir has möhüm taraplary barada maglumatlar şifrlenen ýörite belgi.
2. Şu Kanundaky başga düşünjeler Türkmenistanyň raýat we beýleki kanunçylygynda, şeýle hem şu Kanunyň degişli maddalarynda kesgitlenen manylarynda ulanylýar.
2-nji madda. Türkmenistanyň söwda işi çygryndaky
kanunçylygy
1. Türkmenistanyň söwda işi çygryndaky kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan hem-de Türkmenistanyň söwda işi çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybarat bolup durýar.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamasynda şu Kanunda göz öňünde tutulan kadalardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar.
3-nji madda. Şu Kanunyň maksatlary we hereket edýän çygry
1. Şular şu Kanunyň maksatlary bolup durýar:
1) Türkmenistanda söwda işiniň erkin bäşdeşlik şertlerinde amala aşyrylmagy üçin degişli hukuk esaslarynyň döredilmegi;
2) ilatyň toplumlaýyn görnüşli, ilkinji nobatda ýurdumyzda öndürilen sarp ediş harytlaryna we hyzmatlara islegini has doly kanagatlandyrmak üçin, elýeterli bahalar boýunça baryp bolýan çäklerde şertleriň döredilmegi;
3) bäsdeşlik gurşawynyň emele getirilmegi;
4) söwda hyzmatlarynyň barşynda alyjylaryň janynyň, saglygynyň, howpsuzlygynyň we ykdysady bähbitleriniň goralmagy;
5) söwda işiniň subýektleriniň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini berjaý etmegiň üpjün edilmegi;
6) ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň goldanylmagy.
2. Şu Kanunyň hereketi Türkmenistanda söwda işiniň amala aşyrylmagynyň barşynda ýüze çykýan gatnaşyklara degişlidir, şu maddanyň üçünji böleginde göz öňünde tutulan gatnaşyklar muňa degişli däldir.
3. Şu Kanunyň düzgünleri aşakdaky gatnaşyklaryň guralmagy we amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly gatnaşyklar babatda ulanylmaýar:
1) daşary ykdysady işiň;
2) haryt-çig mal we gazna biržalarynyň söwdalarynyň;
3) gozgalmaýan emlägiň obýektleriniň, şeýle hem eýeçiligiň döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň we döwlet emläginiň hususylaşdyrylmagynyň obýektlerini satyn almagyň-satmagyň;
4) önümçilik-tehniki maksatly önümleriň aýry-aýry görnüşleriniň, şol sanda elektrik energiýasynyň (kuwwatlygynyň), uglewodorod serişdeleriniň, ýylylyk energiýasynyň (kuwwatlygynyň) we gaýry energetika serişdeleriniň görnüşlerini satyn almagyň-satmagyň.
4-nji madda. Söwda işiniň esasy ýörelgeleri
Şular söwda işiniň esasy ýörelgeleri bolup durýar:
1) söwda işiniň subýektleriniň hukuklarynyň deňligi;
2) söwda işiniň we söwdanyň amala aşyrylýan görnüşleriniň erkin saýlanylmagy;
3) päk ýürekli bäsdeşlik;
4) söwda işini düzgünleşdirýän hukuk kadalarynyň berjaý edilmegi;
5) monopoliýa garşy kadalaryň berjaý edilmegi;
6) alyjylaryň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň ileri tutulmagy;
7) alyjylaryň, söwda işiniň subýektleriniň we döwletiň bähbitleriniň berjaý edilmegi;
8) söwda hyzmatlarynyň medeniýetiniň ýokary derejesiniň üpjün edilmegi;
9) işewür hyzmatdaşlaryň erkin saýlanylmagy.
5-nji madda. Söwda işiniň çygryndaky döwlet syýasaty
Söwda işiniň çygryndaky döwlet syýasaty şu aşakdakylara gönükdirilýär:
1) söwdanyň dürli görnüşleriniň ösdürilmegi üçin amatly şertleriň döredilmegine;
2) harytlaryň hereketiniň durnukly ulgamynyň üpjün edilmegine we sarp ediş bazarynda monopoliýalaşmagyň ýüze çykma mümkinçiliginiň öňüniň alynmagyna;
3) söwda infrastrukturasynyň ösdürilmegine;
4) ýurdumyzyň haryt öndürijileriniň goldanylmagyna we päk ýürekli telekeçiligiň ösdürilmegine;
5) oňat hilli söwda hyzmatlarynyň üpjün edilmegine;
6) söwda çygrynda döwlet gözegçiliginiň guralmagyna;
7) alyjylaryň, söwda işiniň subýektleriniň hem-de döwletiň hukuklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagynyň üpjün edilmegine.
6-njy madda. Ýurdumyzyň haryt öndürijilerini döwlet
tarapyndan goldamagyň çäreleri
Şular söwda çygrynda ýurdumyzyň haryt öndürijilerini döwlet tarapyndan goldamagyň çäreleri bolup durýar:
1) ýarmarkalaryň, ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň satuw-sergisiniň guralmagy;
2) ýurdumyzda öndürilýän harytlar üçin bellenilen tertipde mahabat we maglumat goldawynyň berilmegi;
3) ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň satylmagy üçin elýeterliligiň üpjün edilmegi böleginde iri söwda obýektleriniň işiniň düzgünleşdirilmegi;
4) söwda işiniň ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň satylmagyny amala aşyrýan subýektlerini goldamagyň maliýe-karz çäreleriniň ulanylmagy;
5) haryt öndürijileriň gönüden-göni gatnaşmagynda lomaý, lomaý-bölek, azyk we gaýry bazarlaryň ulgamynyň döredilmegi.
7-nji madda. Söwda kadalary
1. Söwda kadalary – söwda işiniň amala aşyrylmagy we söwda hyzmatlarynyň edilmegi bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmegi boýunça söwda işiniň subýektlerine bildirilýän ýeke-täk talaplary özünde jemleýän kadalaşdyryjy hukuk namasy.
2. Söwda kadalary söwda işiniň subýektleriniň ählisi üçin hökmany bolup durýar.
II BAP. SÖWDA IŞINIŇ DÖWLET
TARAPYNDAN DÜZGÜNLEŞDIRILMEGI
8-nji madda. Söwda işiniň döwlet tarapyndan
düzgünleşdirilmeginiň esaslary
Söwda işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi şu aşakdakylar arkaly amala aşyrylýar:
1) söwda işiniň guralmagyna we amala aşyrylmagyna bildirilýän talaplaryň bellenilmegi;
2) monopoliýa garşy düzgünleşdirilme;
3) kadalaşdyryjy hukuk we maglumat üpjünçiliginiň ösdürilmegi we kämilleşdirilmegi;
4) söwda işiniň ösdürilmegini höweslendirmek we ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak boýunça çäreleriň amala aşyrylmagy;
5) söwda bilen baglanyşykly işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy;
6) sertifikatlaşdyrmak;
7) harytlaryň aýry-aýry görnüşleriniň bahalarynyň, şol sanda olaryň bahalaryna söwdada goýulýan goşmaça pullaryň (bahasynyň artdyrylmagynyň) we bahasynyň aşakladylmagynyň bellenilmegi arkaly düzgünleşdirilmegi;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ýagdaýlarda söwda işiniň amala aşyrylmagyna çäklendirmeleriň we (ýa-da) gadaganlyklaryň girizilmegi;
9) Türkmenistanyň söwda işi hakynda kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişine döwlet gözegçiligi;
10) harytlaryň anyk görnüşleriniň bazarynyň ýagdaýyna seljeriş-maglumat gözegçiliginiň geçirilmegi.
9-njy madda. Söwda işiniň döwlet tarapyndan
düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, söwda babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarly edarasy (mundan beýläk – ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gaýry döwlet edaralary söwda işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini amala aşyrýan edaralar bolup durýarlar.
10-njy madda. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlylygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti söwda işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi çygrynda:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) şulary tassyklaýar:
a) söwdany ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny;
b) durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň sanawyny;
3) içerki bazaryň goralmagy boýunça çäreleri görýär;
4) kadalaşdyryjy hukuk namalaryny çykarýar;
5) döwlet häkimiýet edaralarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işlerini utgaşdyrýar;
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
11-nji madda. Ygtyýarly edaranyň ygtyýarlylygy
Söwda işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi çygryndaky ygtyýarly edara:
1) ýeke-täk döwlet syýasatyny durmuşa geçirýär;
2) söwdany ösdürmegiň döwlet maksatnamasynyň taslamasyny işläp düzýär we tassyklatmak üçin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär:
3) döwlet we halkara sergileriniň we ýarmarkalarynyň geçirilmegine ýardam edýär;
4) Söwda kadalaryny we öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp düzýär we tassyklaýar;
5) şu aşakdaky teklipleri işläp düzýär we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine hödürleýär:
a) söwda işiniň çygryndaky Türkmenistanyň kanunçylygynyň kämilleşdirilmegi boýunça;
b) içerki bazaryň goralmagy boýunça çäreler hakynda;
ç) durmuş ähmiýetli harytlaryň görnüşleriniň sanawy boýunça;
6) döwlet söwda obýektlerinde harytlaryň satyşdyrylmagynyň guralmagynyň we olaryň bahalarynyň arzanladylmagynyň geçirilmegi hakynda karar kabul edýär;
7) şu aşakdakylary amala aşyrýar:
a) Döwlet söwda sanawynyň ýöredilmegini we Döwlet söwda sanawyndan maglumatlaryň berilmegini;
b) daşary ýurt döwletleri, söwda işi çygryndaky halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk we özara hereket etmegi;
ç) söwda bilen baglanyşykly işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagyny;
d) söwda düzgünleriniň, şol sanda gözegçilik üçin satyn almak arkaly berjaý edilişine döwlet gözegçiligini;
e) ilatyň harytlara we hyzmatlara, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti babatda hyzmatlara bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagy boýunça çäreleri;
ä) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy boýunça çäreleri;
f) harytlar bazarynyň ýagdaýyna we söwda işiniň amala aşyrylyşyna seljeriş-maglumat gözegçiligini;
8) söwda işiniň subýektleri üçin işgärleriň taýýarlanylmagy boýunça okuwlary guraýar;
9) şulary ylalaşýar:
a) göçürip bolýan söwda obýektlerini ýerleşdirmegiň çyzgysyny we olaryň möçberini;
b) ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen iň az üpjün bolmagynyň kadalyk ölçeglerine laýyklykda söwda obýektleriniň ýerleşdirilmegini;
10) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
12-nji madda. Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi
dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlylygy
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary söwda işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegi çygrynda:
1) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde ýerlerde döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýärler;
2) degişli çäkde söwda işine amatly şertleriň döredilmegi boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
3) degişli çäkde ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen iň az üpjün bolmagynyň kadalyk ölçegleri boýunça teklipleri degişli döwlet edaralaryna hödürleýärler;
4) öz ygtyýarlylygynyň çäklerinde söwda işiniň subýektleriniň işiniň düzgünleşdirilmegini amala aşyrýarlar;
5) degişli çägi ösdürmegiň meýilnamalarynyň taslamalarynda söwda obýektleriniň gurluşygyny, şeýle hem olaryň ýaşaýyş jaýlarynda we görkezilen taslamalarda gurluşygy göz öňünde tutulýan beýleki obýektlerde ýerleşdirilmegini göz öňünde tutýarlar;
6) ygtyýarly edara bilen ylalaşylmagy boýunça göçürip bolýan söwda obýektlerini ýerleşdirmegiň çyzgysyny işläp taýýarlaýarlar we tassyklaýarlar;
7) ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen iň az üpjün bolmagynyň kadalyk ölçegleri boýunça üpjünçiliginiň derejesine ýetilmegi boýunça çäreleri durmuşa geçirýärler;
8) jemgyýetçilik ýerlerinde söwda obýektleriniň, şol sanda jemgyýetçilik iýmiti öbýektleriniň ýerleşdirilmegine rugsatnamany berýärler;
9) degişli çäkde harytlar bazarynyň ýagdaýyna we söwda işiniň amala aşyrylyşyna seljeriş-maglumat gözegçiligini geçirýärler;
10) degişli çäkde söwda işiniň ösdürilmegine ýardam edýän çäreleri geçirýärler, şol sanda mekdep bazarlarynyň, söwda-sergileriniň, ýarmarkalaryň geçirilmegini guraýarlar;
11) öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy boýunça çäreleri amala aşyrýarlar;
12) söwda obýektleriniň iş düzgünini belleýärler;
13) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda başga ygtyýarlyklary amala aşyrýarlar.
13-nji madda. Söwda bilen baglanyşykly işiň aýry-aýry
görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy
Söwda bilen baglanyşykly, sol sanda harytlaryň aýry-aýry görnüşleriniň getirilmegi we ýerlenilmegi, ilata iýmit nokatlarynyň guralmagy we taýýar azygyň iberilmegi babatda işiň aýry-aýry görnüşleriniň ygtyýarlylandyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
14-nji madda. Söwda işiniň amala aşyrylmagyna bolan
hukugyň çäklendirilmegi
Söwda işiniň amala aşyrylmagyna bolan hukugyň çäklendirilmegi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilýär.
15-nji madda. Söwda çygrynda standartlaşdyrmak,
sertifikatlaşdyrmak we ölçegleriň bitewüligini
üpjün etmek
Söwda çygrynda standartlaşdyrmak, sertifikatlaşdyrmak we ölgeçleriň bitewüligini üpjün etmek Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
III BAP. SÖWDA IŞINIŇ GÖRNÜŞLERI WE ÝÖRITELEŞDIRILMEGI. SÖWDANYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNYŇ GÖRNÜŞLERI
16-njy madda. Söwda işiniň görnüşleri
1. Şular söwda işiniň esasy görnüşleri bolup durýar:
1) lomay söwda;
2) bölek söwda;
3) jemgyýetçilik iýmiti we onuň bilen baglanyşykly hyzmatlaryň guralmagy;
4) harytlary satyn almak-satmak bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmegi.
2. Lomaý söwda harytlaryň satylmagynyň-satyn alynmagynyň amala aşyrylmagy bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmegi bilen, hemişelik durýan ammar jaýlarynyň (dükan-ammarlaryň) üstünden amala aşyrylýar.
3. Bölek söwda hemişelik duran ulgamlaryň (dükanlaryň) we göçürip bolýan ulgamlaryň üstünden (pawilionlar, kiosklar, çadyrlar, söwda enjamlary, lotoklar, ýörite enjamlaşdyrylan awtoulag serişdeleri) ýa-da şu Kanuna laýyklykda söwdanyň beýleki görnüşleriniň ulanylmagy bilen amala aşyrylýar.
4. Ownuk bölek söwda, komission söwda, tölegi möhletlere bölünip tölenilmegi bilen söwda bölek söwdanyň görnüşleri bolup durýar.
Ownuk bölek söwda – bölek söwdanyň ownuk bölek söwda ulgamynyň obýektleriniň üsti bilen, satmagyň aýratyn şertlerini talap etmeýän harytlaryň ýerlenilmegi bilen baglanyşykly görnüşi. Ownuk bölek söwda ulgamyna, hemişelik durýan we göçürip bolýan ownuk bölek söwda ulgamy (çadyrlar, kiosklar, pawilýonlar, söwda awtomatlary); eltilip edilýän söwdanyň we aýlap edilýän söwdanyň göçürilýän serişdeleri (arabalar, awtolawkalar, furgonlar, nowalar, sebetler) degişlidir.
Komission söwda – üçünji şahslara satyn almagyň-satmagyň şertnamasy esasynda komissiýa üçin tabşyrylan harytlary höweslendirme üçin satmak maksady bilen, bir tarapdan (komissioner tarapyndan) oňa komissiýanyň şertnamasyna laýyklykda beýleki tarap (komitent) tarapyndan berlen harytlaryň satylmagy boýunça bölek söwdanyň görnüşi.
Tölegi möhletlere bölünip tölenilmegi bilen söwda – bölek söwdanyň harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň ýerlenilmegi, tölegiň harydyň, hyzmatyň dessine we doly möçberde berilýän, tölegiň bolsa, möhletlere bölünip, aýry-aýrylykdaky töleglerde amala aşyrylýan aýratyn şertleri bilen baglanyşykly görnüşi.
5. Jemgyýetçilik iýmiti bilen baglanyşykly iş jemgyýetçilik iýmitiniň obýektlerinde we ýöriteleşdirilen ulgamynda amala aşyrylýar. Jemgyýetçilik iýmitiniň obýektleri sarp edijilere hödürleýän hyzmatlaryna baglylykda kysymlaryna görä kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda toparlara bölünýär.
Jemgyýetçilik iýmitiniň ýöriteleşdirilen ulgamy diýlip, anyk önümleriň birmeňzeş toplumlaýyn görnüşiniň (konditer, un, kulinariýa önümleriniň ýa-da ýarym taýýar önümleriň) çykarylmagy üçin niýetlenen ýöriteleşdirilen söwda obýektlerinde önümçiligiň guralmagyna düşünilýär.
17-nji madda. Söwda işiniň ýöriteleşdirilmegi
Söwda işi satylýan harytlaryň aýry-aýry toparlarynyň paýyna baglylykda köpugurly ýa-da ýöriteleşdirilen bolup biler.
18-nji madda. Söwdanyň amala aşyrylýan görnüşleri
1. Söwda şu aşakdaky görnüşlerde amala aşyrylyp bilner:
1) alyjy bilen şahsy aragatnaşyk etmek arkaly söwda;
2) öz-özüňe hyzmat etmek arkaly söwda;
3) bäsleşikli söwda;
4) ýarmarka;
5) uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwda;
6) göçme söwda;
7) nusgalar boýunça söwda;
8) söwda awtomatlarynyň peýdalanylmagy bilen söwda;
9) ulgamlaýyn marketing;
10) harytlaryň satyşdyrylmagy.
2. Alyjy bilen şahsy aragatnaşyk etmek arkaly söwda – söwda obýektiniň satyjysynyň we alyjynyň gönüden-göni şahsy aragatnaşygy mahalynda bolup geçýän özara hereketi amala aşyrylan mahalyndaky söwda.
3. Öz-özüňe hyzmat etmek arkaly söwda – barşynda alyja soňunda hasaplaşyk-kassa ýerinde bahasyny tölemek bilen, özüne gerek harydy ýanyna gelip saýlamaga mümkinçilik berýän söwda.
4. Bäsleşikli söwda – harytlaryň Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýän jemagat söwdasynyň geçirilmegi arkaly satylmagy.
5. Ýarmarka – harydy satyn almak-satmak şertnamasynyň baglaşylmagynyň maksady bilen, bellenilen ýerde wagtal-wagtal guralýan harytlaryň söwdasy (harytlaryň nusgalarynyň bazary).
6. Uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwda – harydy satyn almagyň-satmagyň şertnamasynyň alyjynyň harydyň beýan edilmegi bilen kataloglar, neşirler, kitapçalar, fotosuratlar, poçta we elektron aragatnaşyk serişdeleri arkaly tanyşmagynyň esasynda baglaşylýan hem-de söwda işiniň subýekti tarapyndan harydyň alyja eltip berilmek şerti bilen edilýän söwda.
7. Göçme söwda – söwda obýektiniň hemişelik ýerleşýän ýerinden başga bellenilen ýerlerde ýa-da kesgitlenilen çäkde amala aşyrylýan bölek söwda.
Göçme söwda eltilip edilýän we aýlap edilýän söwda görnüşinde amala aşyrylyp bilner:
1) eltilip edilýän söwda – ownuk bölek söwdanyň ýöriteleşdirilen ýa-da söwda üçin ýörite enjamlaşdyrylan ulag serişdeleriniň, şeýle hem diňe ulag serişdesi bilen bir toplumda ulanylýan ykjam enjamyň ulanylmagynda hemişelik durýan söwda ulgamyndan daşarda amala aşyrylýan görnüşi;
2) aýlap edilýän söwda ‒ ownuk bölek söwdanyň satyjynyň alyjy bilen guramalarda, ulagda, öýde ýa-da köçede gös-göni duşuşmagynda hemişelik durýan söwda ulgamyndan daşarda amala aşyrylýan görnüşi.
8. Nusgalar boýunça söwda – harytlaryň satylýan ýerinde çykarylyp goýlan, söwda işiniň subýekti tarapyndan hödürlenilýän harydyň nusgasy bilen alyjylaryň tanyşmagy esasynda baglaşylýan harytlaryň bölek satyn almak-satmak şertnamasy boýunça harytlaryň satylmagy. Harytlar nusgalary boýunça satylýan mahalynda alyja görkezilýän nusgalar bilen tanyşmaga, zerur harytlaryň saýlanylmagyna we satyn alynmagyna, şeýle hem eger şertnamada başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, olaryň onuň görkezen ýerine eltilmegine mümkinçilik döredilýär.
9. Söwda awtomatlarynyň peýdalanylmagy bilen söwda – harytlaryň satylmagynyň söwda işiniň subýektiniň özüniň gatnaşmazlygynda awtomatik serişdeleriň ýerleşdirilen ýerinde harydyň satyn alynmagyna we onuň töleginiň geçirilmegine mümkinçilik berýän awtomatik serişdeleriň peýdalanylmagy arkaly amala aşyrylýan söwdasy.
10. Ulgamlaýyn marketing – dükandan daşardaky bölek söwdanyň, önüm öndürijiniň adyndan harytlary satmak maksady bilen, alyjy bolup biljekler bilen höweslendirilme üçin göni gatnaşyklary ýola goýýan, şeýle hem meňzeş hukuklary bolan hyzmatdaşlary çekmek hukugyna eýe bolan garaşsyz distribýutorlarynyň (söwda ýumuşçylarynyň) ulgamynyň döredilmegine esaslanýan, göni (ýekänme-ýekän) satylmagynyň aýratyn görnüşi.
Distribýutorlar (söwda ýumuşçylary) hökmünde önümi öndüriji bilen raýat-hukuk gatnaşyklarynda durýan we onuň adyndan harytlaryň satuwyny amala aşyrýan hususy telekeçiler we ýuridik şahslar çykyş edip bilýärler.
IV BAP. SÖWDA IŞINIŇ GURALMAGY.
DÖWLET SÖWDA SANAWY
19-njy madda. Söwda işiniň guralmagy
1. Söwda işiniň guralmagy söwda obýektleriniň (söwda ulgamlarynyň) döredilmegi, söwda obýektiniň her bir görnüşiniň ýerleşdirilmegine bildirilýän Türkmenistanyň şähergurluşyk işi hakynda kanunçylygynyň kadalaryndan gelip çykýan, olaryň enjamlaşdyrylmagyna, olaryň hereket etmeginiň şertleriniň kesgitlenilmegine (iş wagty, hödürlenilýän harytlaryň iň az toplumlaýyn görnüşini, işgärleriň hünärmenlik we başga häsiýetine) bildirilýän talaplaryň bellenilmegi arkaly amala aşyrylýar.
2. Söwda obýekti diýlip alyjylara, şol sanda maýyplygy bolan adamlara harytlaryň görkezilmegi, hyzmatlaryň edilmegi, harytlar satylýan mahalynda pul hasaplaşyklarynyň geçirilmegi üçin niýetlenilen we peýdalanylýan ýörite söwda-tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bina ýa-da binanyň bölegine, gurluşa ýa-da gurluşyň bölegine, desga ýa-da desganyň bölegine düşünilýär.
3. Söwda obýektleri şu aşakdakylara baglylykda, şu toparlara bölünýärler:
1) binagärlik-gurluşyk häsiýetlerine baglylykda – hemişelik durýan we göçürip bolýan;
2) söwda meýdanynyň möçberine (oturylýan ýerleriniň sanyna) baglylykda – kiçi (500 inedördül metre, 50 ýere çenli), orta (1000 inedördül metre, 100 ýere çenli), iri (1000 inedördül metrden ýokary, 100 ýerden köp).
4. Söwda obýektleriniň toparlara bölünmegi harytlaryň toplumlaýyn görnüşine, hödürlenilýän hyzmatlaryň hiline we düzümine, jaýlaryň tehniki taýdan enjamlaşdyrylmagyna, hyzmatyň edilmeginiň hiline we usulyna, işgärleriň hünär derejelerine talaplary belleýän kadalaşdyryjy resminamalara laýyklykda geçirilýär.
5. Söwda obýektiniň haryt taýdan ýöriteleşdirilmegi söwda işiniň subýekti tarapyndan ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary bilen ylalaşmak arkaly kesgitlenilýär.
6. Söwda obýektiniň hukuk ýagdaýy Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenilýär.
20-nji madda. Söwda obýektiniň esasy ugrunyň üýtgedilmegi
1. Döwlet eýeçiligine degişli obýektleriň söwda işiniň esasy ugruny saklap galmak şertlerinde hususylaşdyrylmagynyň we döwletiň garamagyndan aýrylmagynyň barşynda söwda obýektleriniň eýeleri bolan söwda işiniň subýektleri satyn almak-satmak şertnamasynda görkezilen möhletiň dowamynda söwda obýektiniň esasy ugruny saklap galýarlar.
2. Çörek-köke önümlerini, süýt we gök önümlerini, çaga we berhizlik önümlerini ýerleýän ýöriteleşdirilen söwda obýektleriniň, şeýle hem işiň beýleki çygryna geçilmegi bilen baglanyşykly söwda obýektiniň esasy ugry üýtgedilmezinden öň söwda işiniň subýektleri bu barada şeýle söwda obýektleriniň ýerleşýän ýeri boýunça ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy bilen ylalaşmaga borçludyr.
21-nji madda. Döwlet söwda sanawy
1. Döwlet söwda sanawy – söwda obýektleri we şol obýektler eýeçiliginde bolan ýa-da şol obýektleri kärendesine alan söwda işiniň subýektleri hakynda maglumatlary özünde jemleýän ýeke-täk maglumat ulgamy bolup durýar.
2. Döwlet söwda sanawynyň ýöredilmegi we ondan maglumatlaryň berilmegi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar.
3. Döwlet söwda sanawynda saklanylýan maglumatlar ygtyýarly edara tarapyndan bellenilen tertipde gyzyklanýan taraplara muzdsuz berilýär.
22-nji madda. Iş düzgüni
1. Eýeçiliginiň görnüşine we haýsy pudaga degişliligine garamazdan söwda obýektleriniň, şol sanda jemgyýetçilik iýmitiniň obýektleriniň iş düzgüni söwda işiniň subýektleriniň teklibi esasynda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary tarapyndan bellenilýär.
2. Söwda obýektleriniň iş düzgüninde şu aşakdakylar bellenilýär:
1) işiniň başlanýan we tamamlanýan wagty, şol sanda dynç alyş we baýramçylyk günleri;
2) işgärleriň naharlanmagy we dynç almagy üçin arakesmeleriň wagty;
3) sanitariýa-öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi üçin zerur bolan sagatlar (günler).
3. Söwda obýektiniň iş düzgüni alyjylaryň dykgatyna ýetirilýär.
23-nji madda. Ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen iň az
üpjün bolmagynyň kadalyk ölçegleri
1. Söwda işiniň ösdürilmeginiň maksady ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen iň az üpjün bolmagynyň kadalyk ölçegleriniň ‒ azyk we azyk däl harytlaryň ilat üçin elýeterliligine we şeýle harytlara bolan islegiň kanagatlandyrylmagynyň derejesine baha bermegiň esasy ölçegleriniň gazanylmagy bolup durýar.
2. Ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen iň az üpjün bolmagynyň kadalyk ölçegleri degişli döwlet edarasy tarapyndan ilatly ýerleriň derejeleriniň, ilatyň gürlüginiň we düzüminiň, ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň teklipleriniň hasaba alynmagy bilen işlenip düzülýär we tassyklanylýar.
3. Ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen iň az üpjün bolmagynyň kadalyk ölçegleri çäkleri meýilnamalaşdyrmagyň resminamalarynda, ilatly ýerleriň baş meýilnamalarynda, söwdany ösdürmegiň maksatnamalarynda, göçürip bolýan söwda obýektleriniň ýerleşdirilmeginiň çyzgylarynda nazara alynýar.
24-nji madda. Söwda obýektlerini, söwda obýektlerindäki
söwda ýerlerini kärendesine berýän
kärendeçilere bildirilýän talaplar
Hususy telekeçiler we ýuridik şahslar-kärendeçiler söwda obýektleriniň, söwda obýektlerindäki, şol sanda söwda bazarlaryndaky söwda ýerlerini Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kärendesine beren halatlarynda ýazmaça görnüşde kärende şertnamasyny baglaşmaga borçludyrlar.
25-nji madda. Göçürip bolýan söwda obýektleriniň
ýerleşdirilmeginiň aýratynlyklary
Göçürip bolýan söwda obýektleriniň ýerleşdirilmegi degişli çäklerde onuň durnukly ösdürilmeginiň üpjün edilmeginiň we ilatyň söwda obýektleriniň meýdany bilen iň az üpjün bolmagynyň kadalyk ölçeglerine ýetilmeginiň zerurlygynyň hasaba alynmagy bilen göçürip bolýan söwda obýektleriniň ýerleşdirilmeginiň çyzgylaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
Göçürip bolýan söwda obýektleriniň ýerleşdirilmeginiň çyzgylary ygtyýarly edara bilen ylalaşylmagy boýunça degişli dolandyryş-çäk birliginiň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanylýar we tassyklanylýar.
V BAP. SÖWDA IŞINIŇ AMALA AŞYRYLMAGY
26-njy madda. Içerki bazarda dolanyşykda bolýan harytlara
bildirilýän talaplar
1. Içerki bazarda Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen talaplara laýyk gelýän hili bolan harytlar dolanyşykda bolmaga degişlidir.
2. Harytlaryň içerki bazardaky dolanyşygy olaryň gelip çykyşyny tassyklaýan, harytlaryň ugradyjy resminamalary – girdeji resminamalary we laýyklyk sertifikaty bolan mahalynda amala aşyrylýar.
3. Içerki bazarda dolanyşykda bolýan harytlaryň azyk we azyk däl harytlaryň sarp ediş gabynyň belgilenmegine bildirilýän talaplara laýyk gelýän belgilemeleri bolmalydyr.
4. Harytlaryň belgilemesi şu aşakdaky maglumatlary özünde jemlemelidir:
1) harydyň gelip çykan ýurdunyň adyny;
2) taýýarlaýjynyň ýuridik salgysyny we onuň haryt nyşanyny;
3) harydyň adyny;
4) harydyň düzümini (toplumlylygyny);
5) azyklyk gymmatlylygyny, azyk harytlary üçin – genetik taýdan modifisirlenen organizmleriň (GMO) ýokdugy barada maglumaty;
6) taýýarlanylan senesini;
7) saklanyş, ýaramlylyk, hyzmat ediş möhletini;
8) saklanyş şertlerini;
9) özüne laýyklykda harydyň kybaplaşdyrylyp bilinjek kadalaşdyryjy resminamasynyň belgilemesini – milli harytlar üçin;
10) şertli çyzyklary;
11) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry maglumatlary.
5. Şu maddanyň dördünji böleginde göz öňünde tutulan maglumatlar etiketkalarda, ýarlyklarda, içlik-kagyzlarda Türkmenistanyň döwlet dilinde we rus dilinde we (ýa-da) iňlis dilinde, şeýle-de öndürijiniň garamagyna görä – beýleki dillerde bolmalydyr.
6. Içerki bazarda dolanyşykda bolýan alkogolly önümler we temmäki önümleri goşmaça töleg nyşanlary bilen hökmany belgilenilmäge degişlidir.
7. Harytlaryň saklanylmagy we daşalmagy olaryň hiliniň saklanyp galmagyny we sarp edilmegi üçin howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmeginiň şertlerinde, şol sanda ýörite enjamlaşdyrylan jaýlarda saklanylmagynyň, bu maksatlar üçin niýetlenilen ýörite ulag serişdelerinde daşalmagynyň şertlerinde amala aşyrylmalydyr. Bellenilen ýagdaýlarda şeýle talaplaryň berjaý edilmegi degişli resminamalardaky ýazgylar bilen tassyklanylýar.
8. Şu aşakdakylaryň satylmagy gadagan edilýär:
1) dolanyşykdan aýrylan harytlaryň;
2) ýörite rugsatnamasy bolmazdan, dolanyşyga ukyplylygy çäklendirilen harytlaryň;
3) awtorlyk we (ýa-da) gatyşyk hukuklaryň bozulmagy bilen ýa-da keseki haryt nyşanynyň bikanun peýdalanylmagy bilen taýýarlanylan harytlaryň;
4) bellenilen tertipde belgilenilmäge degişli bolan goşmaça töleg tölenilmäge degişli harytlaryň, olarda goşmaça töleg nyşanlary bolmadyk halatynda;
5) şu maddada we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen harytlaryň belgilenilmegine bildirilýän degişli talaplara laýyk gelmeýän harytlaryň;
6) ugradyjy resminamalary bolmadyk harytlaryň;
7) howpsuzlygyň we kadalaşdyryjy resminamalaryň talaplaryna laýyk gelmeýän hili pes bolan harytlaryň;
8) Türkmenistanyň kanunçylygynda satylmagy gadagan edilen gaýry harytlaryň.
27-nji madda. Harytlaryň toplumlaýyn görnüşi
1. Harytlaryň toplumlaýyn görnüşi diýlip haýsy-da bolsa bir ýa-da bilelikdäki alamatlary boýunça birleşdirilen harytlaryň toplumyna düşünilýär.
2. Söwda işiniň subýekti harytlaryň ýöriteleşdirilmeginden ugur alyp, harytlaryň satylmagy üçin toplumlaýyn görnüşiniň sanawyny özbaşdak kesgitleýär.
3. Söwda harytlarynyň toparlar boýunça toplumlaýyn görnüşi ilatyň dykgatyna ýetirilmelidir.
28-nji madda. Harytlaryň kabul edilmegi
1. Harytlaryň kabul edilmegi diýlip söwda işiniň subýekti tarapyndan harydyň möçberi, hili, tükelligi boýunça tehniki kadalaşdyryjylara laýyklygynyň barlagynyň, şeýle hem gelip gowşan harydyň hakyky görkezijileriniň ugradyjy resminamalardaky maglumatlar bilen deňeşdirilmeginiň esasynda harydyň kabul edilmegine düşünilýär.
2. Harydyň kabul edilmegi harydyň satyn almak-satmak şertnamasyna we Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda geçirilýär.
29-njy madda. Harydyň mahabatlandyrylmagy
1. Harydyň mahabatlandyrylmagy alyjylara harydyň hili, alamaty we wezipesi hakynda, şol sanda daşarda mahabatlandyrylmagy, sergilerde görkezilmegi, harydyň hereketde hödürlenilmegi, alyjylaryň harydy synap görmegi, arzanladylmagy, ýadygärlik sowgatlaryň paýlanylmagy we beýleki usullar bilen maglumat berilmegi arkaly geçirilýär.
Söwda işiniň subýekti haryt bilen bilelikde harytlaryň toplumlaýyn görnüşini we söwda obýektini mahabatlandyrýan tölegsiz mahabatlandyrma goşundylaryny ýaýratmaga haklydyr.
2. Harydyň häsiýetleri we hiliniň kepillikleri hakynda nädogry maglumatlaryň görkezilmegine, şeýle hem onuň bahasynyň ýalandan aşakladylmagynyň ýoly bilen mahabatlandyrylmagyna ýol berilmeýär.
3. Alkogolly önümleriň we temmäki önümleriniň islendik mahabatlandyrylmagy gadagan edilýär.
30-njy madda. Ýarmarkalary geçirmegiň aýratynlyklary
1. Döwlet häkimiýet edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, şeýle hem söwda işiniň subýektleri ýarmarkalary guraýjylar bolup bilerler.
2. Ýarmarkany guraýjy ýarmarkanyň guralmagy boýunça çäreleriň meýilnamalaryny işläp taýýarlaýar we tassyklaýar, şeýle hem onuň iş düzgünini we tertibini, şol sanda ýarmarkada söwda ýeriniň berilmeginiň şertlerini we tertibini kesgitleýär.
3. Ýarmarkany guraýjy ýarmarkalaryň guralmagy boýunça çäreleriň meýilnamasy we onuň iş tertibi hakynda maglumatlary habar beriş serişdelerinde çap edýär we özüniň Internet ulgamyndaky saýtynda ýerleşdirýär.
4. Ýarmarkadaky söwda ýerleri söwda işiniň subýektlerine, şeýle hem oba hojalyk we gaýry önümleri öndürýän gaýry şahslara berilýär.
5. Ýarmarkada enjamlaşdyrylan söwda ýerleriniň berilmegi üçin, şeýle hem söwdanyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly hyzmatlaryň edilmegi üçin (çäkleriň arassalanmagy, weterinariýa-sanitariýa bilermenler seljermesiniň geçirilmegi we beýleki hyzmatlar), tölegleriň möçberi ýarmarkalaryň guramaçylary tarapyndan onuň guralmagyna we geçirilmegine çykarylýan harajatlaryň öweziniň dolunmagynyň zerurlygynyň hasaba alynmagy bilen kesgitlenilýär.
31-nji madda. Harytlaryň satyşdyrylmagynyň we harytlar
üçin ýörite çäreleriň geçirilmeginiň
aýratynlyklary
1. Harytlaryň satyşdyrylmagy diýlip harytlaryň arzanladylan baha boýunça satylýan bölek söwdanyň görnüşine düşünilýär.
2. Harytlaryň satyşdyrylmagy we onuň geçirilýän ýeri baradaky habarlar onuň başlanmagyna azyndan bäş gün galanda ilatyň dykgatyna ýetirilýär.
3. Harytlaryň satyşdyrylmagy şu aşakdaky şertler berjaý edilen halatynda geçirildi diýlip ykrar edilýär:
1) eger ähli harytlaryň satyşdyrylmagy anyk ýeriň ýa-da harytlaryň anyk kesgitlenen toparynyň çäklerinde amala aşyrylýan bolsa;
2) harytlaryň satyşdyrylmagy çäklendirilen we görkezilen wagtyň dowamynda bolup geçýän bolsa;
3) harytlaryň bahalary satyşdyrylmaga degişli harytlaryň adaty bahalaryndan arzan bolsa.
4. Söwda işiniň subýekti satylýan harydyň birliginiň bahasyny görkezmäge borçludyr. Harydyň bahasynyň ýazgysynda iki baha: başdaky we arzanladylan bahasy görkezilen bolmalydyr.
5. Harytlaryň satyşdyrylmagy geçirilýän mahalynda olaryň bahasynyň arzanladylmagynyň möçberi söwda işiniň subýektleri tarapyndan harydyň görnüşine we söwda obýektiniň ölçeglerine baglylykda kesgitlenilýär. Bahalaryň arzanladylmagy bonus, lomaý, söwdalaşma, möwsümleýin ýaly görnüşlere bölünýär.
6. Eger haryt kemçiligi zerarly bahasynyň arzanladylmagy bilen satylýan halatynda alyja berlen çekde ýa-da gaýry resminamada «kemçilik» diýlip ýazylan bellik edilýär. Şeýle bellik bolmasa we haryt satyn alnandan soň kemçilik ýüze çykarylsa, alyjynyň harydy yzyna tabşyrmaga hukugy bardyr.
7. Arzan baha bellenilen degişli harydyň bahasy harydyň satylmagy ýa-da arzanladylmagy barada bildiriş berlen pursatyndan 30 günden az bolmadyk döwürde saklanylmalydyr.
8. Söwda işiniň subýekti ýörite çäreleri geçirmäge haklydyr.
Ýörite çäreler diýlip harytlara bolan islegi höweslendirmek maksady bilen, harytlaryň bahasynyň arzanladylmagynyň bellenilmegine düşünilýär. Ýörite çäreleriň yzygiderliligi we mazmuny söwda işiniň subýekti tarapyndan kesgitlenilýär.
9. Döwlet söwda obýektlerinde harytlaryň satyşdyrylmagynyň geçirilmegi we olaryň bahalarynyň arzanladylmagy hakynda karar söwda işiniň subýektiniň ýokarda durýan edarasy tarapyndan kabul edilýär.
32-nji madda. Söwda işi çygryndaky hasaplaşyk-töleg ulgamy
1. Söwda işiniň çygrynda hasaplaşyklar we tölegler nagt, şeýle hem nagt däl görnüşlerde, şol sanda Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda elektron töleg serişdeleriniň (kartlaryň) peýdalanylmagy arkaly amala aşyrylýar.
2. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda başgaça bellenilmedik bolsa, elektron töleg serişdeleriniň (kartlaryň) peýdalanylmagynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär.
3. Harytlaryň bölek satuwy mahalynda alyja haryt bilen birlikde hökmany tertipde satyn almagyň jemine elektron gözegçilik-kassa enjamynyň we elektron töleg serişdeler (kartlar) arkaly tölegiň amala aşyrylmagy üçin enjamyň ulanylmagy bilen bellenilen görnüşde hasaplaşyk resminamasy berilýär, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda ilat bilen pul hasaplaşyklary olaryň ulanylmazlygynda amala aşyrylyp bilinýän halatlary muňa degişli däldir.
33-nji madda. Söwda işiniň çygrynda nyrh emele gelmegi
Harytlaryň bahalary söwda işiniň subýektleri tarapyndan özbaşdak ýa-da şertnamanyň taraplarynyň ylalaşmagy boýunça kesgitlenilýär, bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän harytlar muňa degişli däldir.
VI BAP. SÖWDA IŞINIŇ SUBÝEKTLERINIŇ
HUKUKLARY WE BORÇLARY
34-nji madda. Söwda işiniň subýektleriniň hukuklary
1. Söwda işiniň subýektleriniň söwda işi amala aşyrylan mahalynda şu aşakdakylary özbaşdak kesgitlemäge hukuklary bardyr:
1) söwda işiniň görnüşini;
2) söwdanyň amala aşyrylýan görnüşini;
3) söwda işiniň ýöriteleşdirilmegini;
4) söwda obýektiniň kysymyny;
5) söwda işiniň amala aşyrylmagynyň şertlerini we tertibini, şol sanda:
a) satylýan harytlaryň toplumlaýyn görnüşini;
b) harytlaryň satylmagy amala aşyrylýan tärlerini, usullaryny;
ç) tehnologik enjamlaryň, inwentarlaryň mukdaryny, kysymlaryny, nusgalaryny;
d) satylmagy üçin hödürlenilýän harytlar, edilýän hyzmatlar hakynda maglumatlaryň alyjylaryň dykgatyna ýetirilmeginiň usullaryny;
6) satylýan harytlaryň bahalaryny, bahalary döwlet tarapyndan düzgünleşdirilýän harytlar muňa degişli däldir;
7) söwda obýektinde we onuň tekjelerinde mahabatlandyrmany ýaýratmagyň görnüşini;
8) söwda işiniň amala aşyrylmagynyň gaýry şertlerini.
2. Söwda işiniň subýektleri söwda işini harydyň eýeçilige alynmagynyň hukugy bilen ýa-da hukugy bolmazdan amala aşyryp bilerler.
35-nji madda. Söwda işiniň subýektleriniň borçlary
Söwda işini amala aşyran mahalynda söwda işiniň subýektleri şulara borçludyr:
1) Söwda kadalaryny berjaý etmäge;
11) Döwlet söwda sanawynyň ýöredilmegi üçin zerur bolan maglumatlary ygtyýarly edara bermäge;
2) laýyklyk sertifikaty bolan halatynda howpsuzlygyň talaplaryna laýyk gelýän oňat hilli harytlary satmaga;
3) harydyň jemagat ofertasynyň, harydy satyn almak-satmak şertnamalarynyň we gaýry geleşikleriň şertlerine laýyklykda bellenilen görkezijiler boýunça satylmagyna;
4) alyja harydyň hili we gelip çykan ýeri, sarp ediş alamatlary, kepillik borçnamalary we nägilelikleri bildirmegiň tertibi, harydyň ulanylmagynyň, onuň saklanylmagynyň usullary we kadalary, kazyýete talap arza bildirilen halatynda bolsa – şeýle-de söwda işiniň subýektiniň ýa-da üpjün edijiniň (taýýarlaýjynyň) ýerleşýän ýeri we gaýry rekwizitleri hakynda dogry we zerur maglumatlaryň berilmegine;
5) ölçegleriň bitewüliginiň üpjün edilmeginiň döwlet ulgamynyň talaplaryna laýyklykda gözegçilik-ölçeg enjamynyň söwda obýektiniň hemmä elýeterli ýerinde ýerleşdirilmegine, olaryň ýagdaýy we öz wagtynda barlanylmagy üçin jogapkärçilik çekmäge;
6) alyjyda harydyň agramyna (göwrümine) ýa-da boýuna şübhe dörän ýagdaýlarynda oňa gözegçilik-ölçeg enjamynyň kömegi bilen görkezilen häsiýetnamalary özbaşdak barlamaga mümkinçiligi döretmäge;
7) alyjynyň talap etmegi boýunça oňa girdeji resminamasyny, laýyklyk sertifikatyny ýa-da bellenilen tertipde kepillendirilen laýyklyk sertifikatynyň nusgasyny görkezmäge;
8) özara hasaplaşyklar mahalynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda we tertipde elektron gözegçilik-kassa enjamyny we elektron töleg serişdeler (kartlar) arkaly tölegiň amala aşyrylmagy üçin enjamy ulanmaga;
9) harydyň Türkmenistanyň degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen bellenilen howpsuzlygyna, belgilenilmegine we gabyna bildirilýän talaplara laýyk gelmeýän harydy satylyşdan aýyrmaga;
10) gözegçilik barlagy we gözegçilik boýunça ygtyýarlyk berlen döwlet edaralarynyň bellenilen tertipde çykarýan teklipnamalaryny ýerine ýetirmäge;
11) jemgyýetçilik iýmitiniň söwda obýektlerinde işleýänleriň hem-de söwda zallarynda gönüden-göni alyjylara hyzmat edýän şahslaryň bellenilen nusgadaky ýörite lybaslarda bolmagyny üpjün etmäge;
12) söwda hyzmatlarynyň medeniýetiniň ýokary derejesiniň, alyjylara hormat bilen gatnaşygyň üpjün edilmegi;
13) sarp edijileriň Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen hukuklaryny bozýan hereketlere ýol bermezlige.
Söwda işiniň subýektleri Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda gaýry borçlary hem çekip bilerler.
VII BAP. HARYTLARYŇ SATYN ALMAK- SATMAK ŞERTNAMASY
36-njy madda. Harytlaryň satyn almak-satmak şertnamasynyň
baglaşylmagy hakynda teklip (oferta)
1. Eger harytlaryň satyn almak-satmak şertnamasynda harytlaryň ady, şeýle hem olaryň möçberi we bahasy göni ýa-da gytaklaýyn bellenilen ýa-da olaryň bellenilmeginiň tertibi göz öňünde tutulan bolsa, onda onuň baglaşylmagy hakynda teklip (oferta) edilen diýlip hasap edilýär.
2. Söwda obýektleriniň tekjelerinde bahalarynyň ýarlyklary bilen goýlan harytlar (harytlaryň nusgalary), jemgyýetçilik iýmiti obýektleriniň menýulary, şeýle hem kataloglar we harytlar hakynda internet-dükanynyň saýtynda, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýerleşdirilen beýleki maglumat-mahabatlandyrma materiallar harytlaryň satyn almak-satmak şertnamasynyň baglaşylmagy hakynda teklip (oferta) bolup durýar. Şeýle-de, söwda awtomatynda bar bolan haryt hem oferta diýlip ykrar edilýär.
3. Eger Türkmenistanyň kanunçylygynda ýa-da harytlaryň satyn almak-satmak şertnamasynyň şertlerinde başgaça bellenilmedik bolsa, alyjynyň harytlaryň satyn almak-satmak şertnamasynyň baglaşylan mahalynda söwda işiniň subýektinde bar bolan harydyň, şeýle hem geljekde satlykda boljak harydyň hem satyn alynmagyna hukugy bardyr.
37-nji madda. Bölek söwda amala aşyrylan mahalyndaky
şertnama gatnaşyklary
1. Bölek söwda amala aşyrylan mahalynda harydyň anyk görnüşiniň satyn almagyň-satmagyň anyk şertleri söwda işiniň subýekti we alyjy tarapyndan özbaşdak kesgitlenilýär.
2. Şu aşakdaky ýagdaýlarda harytlaryň bölek satyn almak-satmak şertnamasy baglaşylan diýlip hasap edilýär:
1) alyjy teklip edilýän harydy satyn almaga we onuň tölegini şol bada ýa-da taraplaryň öňünden gepleşen möhletinde tölemäge ylalaşan halatynda;
2) söwda işiniň subýekti alyjydan haryt üçin sargyt kabul eden halatynda.
3. Geleşik geçirilýän mahalynda ýerine ýetirilýän harytlaryň bölek satyn almak-satmak şertnamasy dilden görnüşde baglaşylýar.
Harytlaryň tölegi möhletlere bölünip tölenilmegi bilen, öňünden sargyt boýunça we beýleki ýagdaýlarda bölek satyn almak-satmak şertnamasy ýazmaça görnüşde resmileşdirilýär.
4. Harytlaryň bölek satyn almak-satmak şertnamasynda söwda işiniň subýektiniň goşmaça borçlary, şol sanda satylan harytlaryň goralmagy, goşmaça gaplanylmagy, ugradylyş we gaýry borçlary göz öňünde tutulyp bilner.
5. Harytlaryň bölek satyn almak-satmak şertnamasy harydyň söwda işiniň subýekti tarapyndan alyja berlen we onuň töleginiň alyjy tarapyndan tölenen ýagdaýynda ýerine ýetirilen bolup durýar.
38-nji madda. Uzaklykdan satmak arkaly edilýän söwda
amala aşyrylan mahalynda şertnama
gatnaşyklarynyň aýratynlyklary
1. Söwda işiniň subýekti internet-dükanyň saýtynda, katalogda ýa-da köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (ofertalarda) ýerleşdirilen maglumatlaryň esasynda onuň ýazgylarynda beýan edilen harytlary satyn almakçy bolýan islendik şahs bilen şertnama baglaşmaga borçludyr.
Şunda, harydyň bölek satyn almak-satmak şertnamasy baglaşylmazdan öň alyja onuň baglaşylmagy hakynda teklibiň haýsy möhletiň dowamynda hereket edýändigi barada maglumat berilmelidir.
2. Şeýle ofertanyň esasynda alyjy harydyň bölek satyn almak-satmak şertnamasynyň baglaşylmagyna, saýtda sargydyň görnüşini ýazyp doldurmak şekilinde, sargydyň resmileşdirilmegi üçin, söwda işiniň subýektine jaň edilmegi arkaly hödürlenilýän şertlerde ýa-da berilmeginde ýa-da söwda işiniň subýekti tarapyndan teklip edilen gaýry usulda razylygyny berýär.
3. Harydyň bölek satyn almak-satmak şertnamasy söwda işiniň subýekti tarapyndan alyjynyň harydy satyn almakçy bolýandygy hakynda habary alan pursatyndan baglaşylan diýlip hasap edilýär we şondan soň harydyň bölek satyn almak-satmak şertnamasynyň şerti üýtgedilmäge degişli däl bolup durýar.
39-njy madda. Komission söwda mahalyndaky
şertnama gatnaşyklary
1. Komissiýa şertnamasy boýunça komissioner öz adyndan we komitentiň tabşyrygy boýunça oňa degişli harydy satmaga borçlanýar, komitent bolsa tabşyrygyň ýerine ýetirilmegi boýunça komissionere komission höweslendirmesini tölemäge borçlanýar.
2. Komission söwda şertlerinde täze, şonuň ýaly-da öň peýdalanylan (ulanyşda bolan), peýdalanmak üçin ýaramly, abatlanylmagy ýa-da dikeldilmegi talap edilmeýän harytlar ýerlenilýär.
40-njy madda. Tölegi möhletlere bölünip tölenilmegi bilen
söwda mahalyndaky şertnama gatnaşyklary
1. Uzak wagtlap peýdalanylýan harytlaryň töleginiň möhletlere bölünip tölenilmegi arkaly satylmagy söwda subýekti tarapyndan taraplaryň ylalaşmagy boýunça alyjy üçünji bir şahsyň zamunlygyny mälim eden mahalynda geçirilýär. Şeýle harytlaryň satylmagy satylýan güni hereket edýän baha boýunça geçirilýär. Tölegi möhletlere bölünip tölenilmegi bilen satylýan harytlaryň satylandan soňky bahasynyň üýtgemegi harydyň bahasyna täzeden hasaplaşyk geçirilmegine getirmeýär.
2. Tölegi möhletlere bölünip tölenilmegi bilen satyn almak-satmak şertnama gatnaşyklary Türkmenistanyň raýat kanunçylygyna laýyklykda düzgünleşdirilýär.
41-nji madda. Söwda wekilleriniň, dellallarynyň gatnaşmagy
bilen harytlar satyn alnan-satylan mahalyndaky
şertnama gatnaşyklary
Tabşyryk şertnamasy boýunça işi amala aşyrýan söwda wekilleriniň, dellallaryň gatnaşmagy bilen baglanyşykly söwda çygryndaky gatnaşyklar Türkmenistanyň raýat kanunçylygy bilen düzgünleşdirilýär.
42-nji madda. Harytlar lomaý satyn alnan-satylan
mahalyndaky şertnama gatnaşyklary
1. Harytlaryň lomaý satyn almak-satmak şertnamasy uzak möhletli, gysga möhletli, bir gezeklik bolup biler.
2. Harytlaryň lomaý satyn almak-satmak şertnamasy şu aşakdakylary özünde jemlemelidir:
1) satylýan harytlaryň adyny, toplumlaýyn görnüşini, möçberini, hili hakynda maglumaty;
2) harytlaryň ugradylmagynyň (geçirilmeli) möhletini;
3) harydyň bahasyny;
4) harytlaryň daşalmagynyň (geçirilmeginiň) usulyny, olar üçin hasaplaşyklaryň görnüşini we tertibini;
5) harytlaryň gaplanylmagyna we gabyna bildirilýän talaplary, gaplaryň yzyna gaýtarylmagynyň möhletini we tertibini;
6) şertnamanyň şertleriniň ýerine ýetirilmändigi ýa-da ýaramaz ýerine ýetirilendigi üçin jogapkärçiligi.
3. Harytlaryň lomaý satyn almak-satmak şertnamasynda, şeýle-de söwda işiniň subýektiniň söwda işi bilen baglanyşykly bolmadyk borçlary (taslanmalaryň ýasalmagy, enjamlaryň kärendesi, ugratmalar we beýlekiler) göz öňünde tutulyp bilner.
4. Harytlaryň lomaý satyn almak-satmak şertnamasy şu aşakdaky şertler berjaý edilen mahalynda ýerine ýetirilen hasap edilýär:
1) harydyň bahasy tölenende;
2) haryt alyja daşalýan mahalynda ol ugradylanda;
3) haryt ammarda söwda işiniň subýektine ýa-da alyja geçirilende.
Taraplaryň ylalaşygy bilen harytlaryň lomaý satyn almak-satmak şertnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň başga tertibi hem göz öňünde tutulyp bilner.
VIII BAP. SÖWDA HYZMATLARY
43-nji madda. Söwda hyzmatlarynyň amala aşyrylmagynyň
tertibi
1. Alyjylara söwda hyzmaty gönüden-göni söwda obýektinde, enjamlaşdyrylan söwda jaýlarynda, bazarlarda hem-de söwda işiniň, jemgyýetçilik iýmiti hyzmatynyň ýerine ýetirilmegi üçin niýetlenen başga ýerlerde amala aşyrylyp bilner.
2. Alyjylara amatly bolmagy üçin söwda hyzmatlary kärhanalarda, edaralarda onuň üçin ýörite ýerleriň bölünip berilmegi, şeýle hem jaýlarda göçme söwdanyň guralmagy arkaly amala aşyrylyp bilner.
3. Söwda hyzmatlary şu aşakdaky usullar bilen amala aşyrylýar:
1) şahsy hyzmat etmek;
2) öz-özüňe hyzmat etmek;
3) öňünden sargyt etmek;
4) söwda awtomatlarynyň kömegi bilen hyzmat etmek;
5) uzaklykdan satmak üçin niýetlenen serişdeleriň kömegi bilen hyzmat etmek.
4. Harby bölümleriň çäklerinde, demir ýol, howa we suw ulaglarynda, gümrük zolaklarynda, düzediş edaralarynda, önümçiligiň wahta hyzmatlary mahalynda we gaýry halatlarda söwda hyzmatlary, hyzmat edilýänleriň aýratynlyklarynyň hasaba alynmagy bilen, söwda işiniň subýektleriniň ýörite söwda obýektleri tarapyndan amala aşyrylyp bilner.
5. Fiziki şahs hususy kömekçi hojalygynda – mellek ýerinde ösdürilip ýetişdirilen (öndürilen) bagçylyk ösümlikleriň iýmişleriniň we miweleriniň, ir-iýmişleriň, ýeralmanyň we gök önümleriň, ýumurtganyň, etiň, süýdüň, gülleriň, şeýle hem öň ulanyşda bolan şahsy zatlaryň söwdasyny bazarda hususy telekeçi hökmünde döwlet tarapyndan bellige alynmazdan amala aşyryp biler.
Şunda, hususy kömekçi hojalygynyň – mellek ýeriniň bardygyny tassyklaýan resminamalaryň görkezilmegi hökmandyr.
44-nji madda. Söwda hyzmaty mahalynda zerur bolýan
resminamalar
Söwda hyzmaty amala aşyrylan mahalynda söwda işiniň subýektinde şu aşakdakylaryň bolmagy hökmanydyr:
1) döwlet tarapyndan bellige alnandygy hakynda resminama;
2) eger şu Kanunda başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, söwda bilen baglanyşykly işiň görnüşleriniň amala aşyrylmagyna degişli ygtyýarnama;
3) söwda obýektiniň sanitariýanyň düzgünlerine we kadalaryna laýyklygyna sanitariýa-epidemiologiýa netijenamasy;
4) söwda obýektiniň kärende şertnamasy ýa-da söwda obýektine eýeçilik hukugy hakynda resminama, ýer böleginiň kärendesiniň ýa-da ýaşalmaýan jaýlaryň söwda obýekti üçin ulanylmagy barada şertnamalar;
5) söwda obýektiniň bellenilen iş düzgüni hakynda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edarasynyň ýa-da ýerli öz özüňi dolandyryş edarasynyň karary;
6) ýangyn howpsuzlygynyň ýagdaýy hakynda kepilnama;
7) ölçegleriň bitewüliginiň üpjün edilmegi babatda döwlet edarasynyň ölçeg enjamlarynyň barlanylandygyny tassyklaýan resminama;
8) ugradyjy resminamalar, şol sanda:
a) satylýan harydyň ýanhaty, harydyň gelýän çeşmelerini görkezýän gaýry resminamalar;
b) laýyklyk sertifikaty we (ýa-da) harytlaryň hilini we howpsuzlygyny tassyklaýan resminamalar;
9) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan gaýry resminamalar.
45-nji madda. Alyjylara harytlaryň öňünden sargyt edilmegi
boýunça söwda hyzmatynyň aýratynlyklary
1. Söwda işiniň subýektleri alyjylara harytlaryň toplumlaýyn görnüşinde hem-de meňzeş toplamalar görnüşinde öňünden sargyt boýunça söwda hyzmatlaryny gurnap bilerler. Meňzeş toplamalar dürli wezipeli harytlaryň toplumyny özünde jemläp biler.
2. Alyjy harytlary satyn almak üçin gönüden-göni söwda işiniň subýektine sargyt etmäge haklydyr. Sargytlary, şeýle-de hödürlenilýän prospektlerde, kataloglarda, bukletlerde we beýleki maglumat beriş-mahabatlandyrma materiallarynda bar bolan harytlaryň nusgalarynyň ýa-da olaryň ýazgylarynyň, şol sanda poçta ugratmalary, elektron habarnamalar görnüşindäki ýollamalaryň esasynda amala aşyrylyp bilner.
3. Sargydy kabul etmegiň we harytlary bermegiň wagty söwda işiniň subýekti tarapyndan kesgitlenilýär.
4. Harytlaryň öňünden sargyt edilmegi boýunça eltilmeginiň usuly, şeýle hem hasaplaşyklaryň görnüşi alyjy bilen söwda işiniň subýektiniň arasyndaky ylalaşyk boýunça bellenilýär.
5. Sargydyň kabul edilmegi we ýerine ýetirilmegi boýunça hyzmatlaryň bahasy söwda işiniň subýekti tarapyndan kesgitlenilýär we alyjy tarapyndan harytlar üçin hasaplaşylan wagtynda tölenilýär.
46-njy madda. Söwda awtomatlary arkaly söwda hyzmatynyň
aýratynlyklary
1. Söwda awtomatlary alyjylary harytlar bilen hemişelik (gündelik) islegleriniň gije-gündiziň islendik wagtynda üpjün edilmegi üçin niýetlenilendir.
2. Her bir söwda awtomatynda söwda işiniň subýekti – söwda awtomatynyň eýesi, onuň ýuridik salgysy we habarlaşmak üçin telefon belgisi hakynda maglumat görkezilen bolmalydyr.
3. Söwda awtomatlarynyň üstünden çilim we temmäki önümleriniň, alkogolly önümleriň we piwonyň, energetiki içgileriň, derman serişdeleriniň, şol sanda düzüminde neşe serişdeleri ýa-da psihotrop maddalar bolan serişdeleriň, pirotehniki önümleriň, oýun kartlarynyň satylmagyna ýol berilmeýär.
47-nji madda. Alyjylaryň aýry-aýry toparlaryna edilýän
söwda hyzmatlary
Alyjylaryň aýry-aýry toparlaryna edilýän söwda hyzmatlarynda artykmaçlyklar we ýeňillikler berilýär. Alyjylaryň aýry-aýry toparlarynyň sanawy we söwda hyzmatlarynda olara berilýän ýeňillikler we artykmaçlyklar Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
48-nji madda. Söwda hyzmatlaryndaky çäklendirmeler
1. Alkogolly içgileriň 21 ýaşa, temmäki önümleriniň, oýun kartlarynyň, pirotehniki önümleriň 18 ýaşa ýetmedik şahslara satylmagy gadagan edilýär.
2. Söwda obýektiniň satyjysy alyjynyň ýaşyna şühbe dörän halatynda şu aşakdakylara borçludyr:
1) alyjynyň hakyky ýaşyny kesgitlemek maksady bilen pasportynyň (onuň ornuny tutýan resminamanyň) görkezilmegini talap etmäge;
2) eger pasport (onuň ornuny tutýan resminama) görkezilmedik ýagdaýynda satmakdan ýüz öwürmäge.
3. Söwda hyzmatlaryndaky çäklendirmeler şeýle-de söwda jaýynda bolýan alkogolly, neşe ýa-da seri dumanladyjy beýleki maddalary ulanmagy netijesinde serhoş bolan, jemgyýetçilik tertibini bozýan şahslara hem degişlidir.
IX BAP. SÖWDA IŞINIŇ ÇYGRYNDAKY ZÄHMET
GATNAŞYKLARY. ALYJYLARYŇ HUKUKLARY
49-njy madda. Söwda işiniň çygrynda zähmet gatnaşyklary
1. Söwda işiniň çygryndaky zähmet gatnaşyklary Türkmenistanyň zähmet kanunçylygy, zähmet şertnamalary we köpçülikleýin şertnamalar (ylalaşyklar) bilen düzgünleşdirilýär.
2. Işi gönüden-göni harytlaryň kabul edilmegi we satylmagy bilen baglanyşykly söwda işgärleriniň aýry-aýry toparlarynyň iş şertleriniň, iş wagtynyň we dynç alyş wagtynyň düzgüniniň aýratynlyklary kärdeşler arkalaşyklarynyň pikirleriniň hasaba alynmagy bilen bellenilýär.
3. Işi gönüden-göni alyjylara hyzmat edilmegi, jemgyýetçilik iýmiti önümleriniň önümçiliginiň we sarp edilmeginiň guralmagy bilen baglanyşykly işgärler üçin şu aşakdakylar hökmandyr:
1) iş berijiniň hasabyna deslapky ýa-da döwürleýin lukmançylyk gözegçiliginden (barlagyndan) geçmegi we saglyk ýagdaýy hakynda lukmançylyk resminamasynyň bolmagy;
2) hünär bilimi ýa-da ýörite taýýarlygy;
3) zähmeti goramak, tehniki howpsuzlyk we sanitariýa boýunça zerur bilimi.
4. Iş beriji işgärleriň hünäriniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmäge borçludyr.
50-nji madda. Alyjylaryň hukuklary we olaryň goralmagy
Alyjylaryň hukuklary we olaryň goralmagy Türkmenistanyň sarp edijileriniň hukuklarynyň goralmagy hakynda kanunçylygyna laýyklykda üpjün edilýär.
X BAP. SÖWDA IŞINIŇ ÇYGRYNDAKY GÖZEGÇILIK
51-nji madda. Söwda işiniň çygryndaky döwlet gözegçiligi
1. Söwda işiniň çygryndaky döwlet gözegçiligi söwda işiniň subýektleri tarapyndan söwda işi amala aşyrylan mahalynda şu Kanunyň, Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplarynyň berjaý edilmegini üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.
2. Söwda işiniň çygryndaky döwlet gözegçiligi öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik we gözegçilik barlagy boýunça ygtyýarlyklar berlen döwlet edaralary tarapyndan amala aşyrylýar (mundan beýläk şu maddada – döwlet gözegçiligi edaralary).
3. Söwda işiniň subýektleriniň işiniň barlagy döwlet gözegçiligi edaralarynyň oňa ygtyýarly edilen işgärleriniň diňe gulluk şahadatnamalaryny görkezmegi boýunça amala aşyrylýar, olar tarapyndan gözegçilik üçin satyn almagyň geçirilen halatlary muňa degişli däldir.
Gözegçilik üçin satyn almak diýlip, söwda işiniň çygryndaky döwlet gözegçiliginiň çäklerinde, söwda düzgünleriniň berjaý edilişini duýdansyz barlamak maksady bilen, döwlet gözegçilik edaralarynyň işgärleri tarapyndan amala aşyrylýan, gulluk şahadatnamasy görkezilmezden, harytlaryň bahasyny töläp satyn almagyň netijesindäki herekete düşünilýär.
Barlag tamamlanandan we barlagçylar tarapyndan gulluk şahadatnamasy görkezilenden soň, gözegçilik üçin satyn alnan harytlar öz bahalary boýunça yzyna gaýtarylýar.
4. Barlagyň netijeleri bellenilen tertipde resmileşdirilýär.
5. Döwlet gözegçiligi edaralary öz ygtyýarlyklaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylan özleri baradaky düzgünnamalara laýyklykda amala aşyrýarlar.
6. Döwlet gözegçiligi edaralarynyň wezipeli adamlary we beýleki işgärleri geçirilýän barlaglaryň netijeleriniň dogry däldigi we ýoýlandygy üçin, şeýle hem söwda işiniň subýektlerinde barlag geçirilen mahalynda özlerine mälim bolan kanun tarapyndan goralýan döwlet we gaýry syrlaryň ýaýradylandygy üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
7. Döwlet gözegçiligi edaralarynyň we barlagy amala aşyrýan beýleki şahslaryň hereketlerine Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda şikaýat edilip bilner.
52-nji madda. Söwda işiniň çygrynda jemgyýetçilik gözegçiligi
Söwda işiniň çygrynda sarp edijileriň hukuklarynyň goralmagy boýunça jemgyýetçilik gözegçiligi sarp edijileriň jemgyýetçilik birleşikleri, şeýle hem kärdeşler arkalaşyklary tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna we olaryň tertipnamasyna laýyklykda amala aşyrylýar.
53-nji madda. Harytlaryň satylmagynyň togtadylmagy
(bes edilmegi), harytlaryň aýrylmagy
Söwda işiniň çygrynda harytlaryň satylmagynyň wagtlaýyn saklanylmagy (bes edilmegi), harytlaryň aýrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde döwlet gözegçiligi edaralary tarapyndan geçirilýär.
54-nji madda. Söwda obýektiniň döredilmegi, üýtgedilip
guralmagy, işiniň togtadylmagy we bes edilmegi,
ýatyrylmagy
Söwda obýektiniň döredilmegi, üýtgedilip guralmagy, işiniň togtadylmagy we bes edilmegi, ýatyrylmagy Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
XI BAP. JEMJEÝJI DÜZGÜNLER
55-nji madda. Söwda işiniň subýektleri tarapyndan
raýatlaryň ýüz tutmalaryna garalmagy
Söwda işiniň çygrynda sarp edijileriň kanuny bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagynyň maksady bilen, söwda işiniň subýektleri raýatlaryň ýüz tutmalaryna öz wagtynda, dogry we hemmetaraplaýyn garamaga, olarda beýan edilen delilleri barlamagy amala aşyrmaga, Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda çözgütleri kabul etmäge, olaryň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge, ýüz tutmalara garamagyň netijeleri hakynda raýatlara habar bermäge borçludyr.
56-njy madda. Şu Kanunyň bozulandygy üçin
jogapkärçilik
Şu Kanunyň bozulmagynda günäkär şahslar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýärler.
57-nji madda. Jedelleriň çözülişi
Söwda işi babatda ýüze çykýan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
58-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
2002-nji ýylyň 5-nji iýulynda kabul edilen «Söwda hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2002 ý., № 2, 20-nji madda);
2004-nji ýylyň 19-njy awgustynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2004 ý., № 4, 30-njy madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelinde kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň XXXVII bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda);
2012-nji ýylyň 31-nji martynda kabul edilen «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň birinji böleginiň 8-nji bendini (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2012 ý., № 1, 48-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 26-njy marty.
№ 370-V.