Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny
goramak, äkitmek we getirmek hakynda
(Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2016 ý., № 1, 58-nji madda)
(25.11.2017 ý. № 662-V, 22.08.2020 ý. № 278-VI Türkmenistanyň Kanunlary esasynda girizilen üýtgetmeler bilen)
Şu Kanun milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýüze çykarylmagy, aýawly saklanylmagy, peýdalanylmagy, ýaýradylmagy, döwlet tarapyndan goralmagy, äkidilmegi we getirilmegi çygryndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär, türkmen halkynyň öz milli-medeni özboluşlylygyny gorap saklamaga we ösdürmäge bolan hukugyny üpjün edýär, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda gatnaşyklary belleýär, olaryň bikanun äkidilmeginden, getirilmeginden we olara bolan eýeçilik hukugynyň berilmeginden goramaga gönükdirilendir we halkara medeni hyzmatdaşlygyny ösdürmeklige ýardam etmäge niýetlenendir.
I bölüm. UMUMY DÜZGÜNLER
1-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklary düşünjesi
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary diýlip, öz niýetlenilişi we tebigaty boýunça jemgyýetçilik-adamzat işiniň elli we ondan hem köp ýyl ozal döredilen gozgalýan maddy eserlerine we uly medeni gymmata eýe bolan beýleki serişdelere, hususan-da, etniki, arheologiki, taryhy, çeperçilik, ylmy, tehniki, dini we gaýry babatdaky serişdelere, şeýle hem türkmen halkynyň durmuşynyň umumy we özboluşly wakalaryny häsiýetlendirýän görnüşlere düşünilýär. Taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy mundan elli ýyldan bärde döredilen, uly medeni gymmata eýe bolan ajaýyp eser hem bolup biler.
Şu Kanunyň hereketi häzirki zaman sowgatlyk önümlerine, önümçiligiň tapgyrlaýyn we köpçülikleýin medeni maksatly serişdelerine degişli däldir.
2-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň görnüşleri
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary şu görnüşlere bölünýär:
1) taryhy – türkmen halkynyň durmuşyndaky taryhy wakalar, jemgyýetiň we döwletiň ösüşi, ylmyň we tehnikanyň taryhy bilen baglanyşykly, şeýle hem meşhur şahsyýetleriň (döwlet, syýasy, jemgyýetçilik işgärleriniň, akyldarlaryň, ylmyň, edebiýatyň, sungatyň wekilleriniň) durmuşyna we döredijiligine degişli bolan serişdeler;
2) arheologiki – arheologiki gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan artefaktlar;
3) çeperçilik – sungat eserleri, şol sanda: islendik esasdaky we islendik materiallardan bolan tutuşlygyna el işiniň şekilleri we suratlary; islendik materiallardan bolan hakyky heýkeltaraşlyk önümleri, şol sanda güberçek nagyşlar; islendik materiallardan bolan hakyky çeperçilik kompozisiýalar we gurnama işleri; dini maksatly çeperçilik taýdan taýýarlanan serişdeler; haşamly şekiller, estamplar, litografiýalar we olaryň hakyky çap edilen görnüşleri; amaly-haşam sungatynyň eserleri, şol sanda elde dokalan gadymy halylar we haly önümleri, keçeler, aýnadan, keramikadan, agaçdan, metaldan, süňkden, matadan we beýleki materiallardan bolan çeperçilik önümleri; nusgawy halk çeperçilik senediniň önümleri, gadymy nagyşlary saklanyp galan keşdeler; taryhy-binagärlik desgalarynyň we monumental sungatyň ýadygärlikleriniň düzüm bölekleri we galyndylary;
4) bibliografiki – aýratynlykda ýa-da toplamalarda bolan, aýratyn gyzyklanma bildirilýän (taryhy, çeper, ylmy we edebi) gadymy kitaplar, neşirler; seýrek golýazmalar we hakyky ýadygärlikler; awtograflar, arhiw resminamalary, şol sanda surat-, ses-, kino-, wideoarhiwler;
5) filatelistiki – aýratynlykda ýa-da toplamalarda bolan poçta markalary, beýleki materiallar;
6) numizmatiki – gadymy şaýy pullar, ordenler, medallar, möhürler we toplanylýan beýleki serişdeler;
7) etnografiki – ýaşaýyş durmuşynyň gadymy gurallary, milli altyn-kümüş şaý-sepleri, ýaraglar, zähmet gurallary, täsin we seýrek saz gurallary we beýleki serişdeler.
3-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we
getirmek hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygy
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we şu Kanundan we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan ybaratdyr.
2. Eger Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda şu Kanunda göz öňünde tutulanlardan başga kadalar bellenilen bolsa, onda halkara şertnamalarynyň kadalary ulanylýar.
II bölüm. MILLI TARYHY MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY GORAMAK
4-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň goragyny kesgitlemek
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak şu Kanuna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmaga, aýap saklamaga, peýdalanmaga we ýaýratmaga, şeýle hem döwlet tarapyndan goramaga gönükdirilen hukuk, guramaçylyk, maliýe, maglumat, maddy-tehniki we döwlet tarapyndan kabul edilýän beýleki çäreleriň ulgamy hökmünde kesgitlenýär.
I BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY GORAMAK
BABATDA DÖWLET DÜZGÜNLEŞDIRMESI
5-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet
tarapyndan düzgünleşdirmek
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, medeniýet babatda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlandyrylan edarasy (mundan beýläk – ygtyýarly edara), ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-öziňi dolandyryş edaralary tarapyndan amala aşyrylýar.
6-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň goralmagy babatda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
ygtyýarlygy
Türkmenistanyň Ministrler Kabineti:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda döwlet syýasatyny kesgitleýär;
2) döwlet eýeçiliginde duran milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik edýär, peýdalanýar we dolandyrýar;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň ýörite döwlet maksatnamalaryny kabul edýär;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik etmegiň, peýdalanmagyň we dolandyrmagyň kadalaryny we düzgünlerini belleýär;
5) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmagyň, döwlet tarapyndan hasaba almagyň, barlaglary geçirmegiň, ýapyp goýmagyň, durkuny dikeltmegiň, saklamagyň, başdaky görnüşe getirmegiň, muzeýleşdirmegiň, wagyz etmegiň, peýdalanmagyň tertibini belleýär;
6) muzeýleri döretmegiň we toplamalary saklamagyň tertibini kesgitleýär;
7) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda daşary ýurt döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy üpjün edýär;
8) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
7-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň goralmagy babatda
ygtyýarly edaranyň ygtyýarlygy
Ygtyýarly edara:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmagyň, aýap saklamagyň, goramagyň, peýdalanmagyň we ýaýratmagyň ýörite döwlet maksatnamasyny işläp taýýarlamaga gatnaşýar;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýüze çykarylmagynyň, aýap saklanylmagynyň, goralmagynyň, peýdalanylmagynyň we ýaýradylmagynyň meseleleri boýunça gyzyklanma bildirýän ýerine ýetiriji häkimiýetiň edaralarynyň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, arhiwleriň, ylym we bilim edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň işlerini utgaşdyrmagy amala aşyrýar;
3) Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyny ýöretmegiň tertibini tassyklaýar;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibini belleýär;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
8-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň goralmagy babatda ýerine
ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň ygtyýarlyklary
Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralary we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary öz garamagyndaky çäklerde we öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak barada Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilişini üpjün edýärler;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýüze çykarylmagyna, döwlet tarapyndan hasaba alynmagyna, aýap saklanylmagyna, goralmagyna, durkunyň dikeldilmegine we peýdalanylmagyna ýardam berýärler;
3) degişli çäkleri ykdysady we durmuş taýdan ösdürmek maksady bilen ýerli ähmiýetli milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet tarapyndan hasaba alynmagyny, aýap saklanylmagyny, goralmagyny we durkunyň dikeldilmegini guramak boýunça çäreleri göz öňünde tutýarlar;
4) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki ygtyýarlyklary amala aşyrýar.
9-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň goralmagyny üpjün
etmekde ylmy edaralaryň, ýokary okuw
mekdepleriniň we muzeýleriň gatnaşmagy
Ylmy edaralar, ýokary okuw mekdepleri we muzeýler:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmaklyga gatnaşýarlar, olary öwrenmek boýunça ylmy-barlag işlerini geçirýärler;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýaýratmak işlerini geçirýärler;
3) ylmy barlaglaryň meýilnamalarynda we okuw maksatnamalarynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagynyň meselelerini öwrenmegi we okatmagy göz öňünde tutýarlar;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylmy taýdan maslahatlary berýärler;
5) Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki borçlary ýerine ýetirýärler.
10-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň goralmagyny üpjün
etmekde jemgyýetçilik birleşikleriniň
we raýatlaryň gatnaşmagy
1. Tertipnamalarynda işleriniň esasy ugurlary hökmünde milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, aýap saklamak, peýdalanmak we ýaýratmak göz öňünde tutulan jemgyýetçilik birleşikleri milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goralmagyny üpjün etmekde şu Kanunda bellenilen tertipde gatnaşýarlar.
2. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri, şol sanda dini guramalar Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goragyny üpjün etmekde ygtyýarly edara ýardam berýärler.
3. Raýatlar we jemgyýetçilik birleşikleri şu Kanunda bellenilen tertipde we Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawynda bar bolan maglumatlaryň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary barada maglumatlary bökdençsiz almaga hukuklydyr.
4. Her bir raýat şu Kanunda bellenen tertipde milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna bolan elýeterlilik hukugyna eýedir.
II BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNYŇ
DÖWLET TARAPYNDAN GORALYŞY
11-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň döwlet tarapyndan
goralmagyny üpjün etmek
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýok edilmeginiň, peýdalanylmagynyň bellenilen tertibiniň bozulmagynyň öňüni almak we olara zyýan ýetirýän beýleki hereketleriň öňüni almak, şeýle hem olary daşky gurşawyň amatsyz täsirinden we beýleki ýaramaz täsirlerden goramak maksady bilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary döwlet tarapyndan goralmaga degişlidir.
2. Döwlet Türkmenistanyň çäginden daşarda ýerleşýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Türkmenistanyň eýeçiligine gaýtarylmagy boýunça zerur çäreleri amala aşyrýar, soňra olary döwlet muzeýlerinde, kitaphanalarynda we arhiwlerinde saklamaga berýär.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, döwlet tarapyndan hasaba almak, goramak, wagyz etmek, agtarmak we gaýtaryp almak boýunça işleri guramak we utgaşdyrmak üçin ygtyýarly edaranyň gurluşynda ýörite sergiler we milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bölümi döredilýär.
4. Ygtyýarly edara tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny agtarmak, gaýtaryp almak, döwlet tarapyndan hasaba almak, goramak we peýdalanmak üçin jemgyýetçilik esasda ylmy-usulyýet, alymlar, bilermenler we beýleki geňeşleri döredilýär, olaryň işine esasy alym-hünärmenler, arhiw we muzeý işgärleri, halk döredijiliginiň ussatlary, zergärler we döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri çekilýär.
5. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet tarapyndan goralmagy:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak babatda Türkmenistanyň kanunçylygynyň berjaý edilmegi üçin döwlet gözegçiliginiň amala aşyrylmagy;
2) taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan serişdeleri döwlet tarapyndan hasaba almaklygy amala aşyrmak we Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyny ýöretmek;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesiniň geçirilmegi;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýyna we olaryň toplamalaryna gözegçiligiň amala aşyrylmagy;
5) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda beýleki çäreleriň kabul edilmegi arkaly üpjün edilýär.
12-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan
hasaba almak
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almak Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawynda alnyp barylýar. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary döwlet tarapyndan hasaba alnanda ol gozgalýan gymmatlyklaryň gelip çykyşy, olaryň eýesi, görnüşiniň beýany, bahasy we olar barada beýleki maglumatlar ýazylýar.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet tarapyndan hasaba almagyň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
2. Muzeýlerde, kitaphanalarda, arhiwlerde we milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalarynda bar bolan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmak, döwlet tarapyndan hasaba almak we goramak bilen olaryň pudak tabynlygyna garamazdan görkezilen edaralar meşgullanýar.
Bu edaralar Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilmegi üçin özlerinde milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklary barada bar bolan zerur maglumatlary ygtyýarly edara bermäge borçludyrlar.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň bahasy, olary goramagyň derejesi we ýurduň çäginden daşary äkitmegiň mümkinçiligi Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesini geçirmek arkaly ygtyýarly edara tarapyndan kesgitlenilýär.
13-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny döwletiň milli
taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň aýawhanalarynda
saklamak we toplamak
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwletiň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýawhanalarynda saklamak we toplamak milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet goragynyň esasy düzüm bölekleriniň biri bolup durýar. Şu maksatlar bilen olaryň satyn alynmagy, gaýry usul bilen edinilmegi ýa-da depozit hukuklarynda saklamaklyga kabul edilmegi amala aşyrylýar.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwletiň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýawhanalarynda saklamagyň şertleri we tertibi Türkmenistanyň arhiwleriniň, kitaphanalarynyň we muzeýleriniň işini düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly bellenilýär.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet aýawhanalaryndaky milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goragyny düzgünleşdirýän Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalary arkaly milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramaga, saklamaga, ýapyp goýmaga we durkuny dikeltmäge bolan goşmaça talaplar bellenilýär.
14-nji madda. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni
mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň
Döwlet sanawyna girizilen milli taryhy-medeni
mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny saklamak
1. Ygtyýarly edara Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilen her bir milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň goragynyň dessurynyň işlenip taýýarlanylmagyny amala aşyrýar, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň pasportyny doldurýar we ony dessur bilen eýesine ýa-da peýdalanyja gowşurýar. Eýesi ýa-da peýdalanyjy milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramagyň dessurlarynyň talaplaryny berjaý etmäge borçludyrlar.
2. Ygtyýarly edara Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny saklamak maksady bilen:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gorag dessurynyň berjaý edilişine gözegçiligi;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň söwdasyna, olaryň Türkmenistana getirilişine we Türkmenistandan äkidilişine gözegçiligi;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýapyp goýulmagynyň, durkunyň dikeldilmeginiň, öwrenilmeginiň maliýeleşdirilmegini, şeýle hem gorag serişdeleriniň enjamlaşdyrylmagyny hem-de sergilerde görkezilmegini;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň awtorlygy anyklananda, ýagdaýyna baha berlende, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny aýap saklamak, ylmy taýdan tükellemek, şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny we olaryň toplamalaryny ylmy taýdan öwrenmek üçin zerur bolan serişdeler babatynda hünär taýdan mugt maslahatlary bermegi;
5) şeýle hem, ýitirilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gözlegine gatnaşmagy amala aşyrýar.
15-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň ýagdaýyna gözegçiligi
guramak
1. Ygtyýarly edara, muzeýler, kitaphanalar, arhiwler, hususy toplaýjylar Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawyna girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýyna gözegçilik etmäge borçludyrlar we bu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny gorap saklamak boýunça häzirki we gelejekki maksatnamalary işläp taýýarlamak maksady bilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýyna bäş ýyldan bir gezek barlaglary we ýagdaýyny ýazyp almagy geçirmelidirler.
2. Muzeýde saklamaga degişli täsin serişdeleri, Türkmenistanyň halkynyň taryhy-medeni mirasy bilen baglanyşykly seýrek duş gelýän çeperçilik we medeni gymmatlyklary, görnüşiniň üýtgeşikliligi, gymmaty we nagyşlarynyň doýgunlygy, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan we aýratyn habar berijilik-öwredijilik maglumatlara eýe bolan önümleri, golýazmalary, seýrek duş gelýän çap edilen neşirleri we kitaplary, ylmy, taryhy, çeper ýa-da gaýry gymmata eýe bolan beýleki serişdeleri we resminamalary toplaýan we olary bilermenler seljermesiniň netijenamasyndan soňra ygtyýarly edarada bellige aldyran ýuridik şahslar we raýatlar gymmatlyklary toplaýjylar diýlip ykrar edilýär, olaryň toplamalaryna bolsa milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary derejesi berilýär.
3. Hususy toplamalaryň eldegrilmesizligi, goragy we goraglylyk kepillendirmeleri olar ygtyýarly edarada bellige alnandan we hasaba goýulandan soňra, şeýle hem toplama serişdeleriniň dolanyşygyny görkezýän, ylmy barlaglary geçirmek üçin elýeterli bolan her bir toplama üçin Katalog düzülenden soňra üpjün edilýär. Toplamalaryň Katalogyny ýöretmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
4. Toplamalary bellige alýan döwlet edaralary bellige alan gymmatlyklary barada syry saklamaga we olaryň eýelerine olaryň goraglylygyny kepillendirýän ýerlerde saklanylmagy üçin zerur şertleri döretmäge, toplamalaryň döwlet ätiýaçlandyrylmasynyň üpjün edilmegine ähli taraplaýyn ýardam bermäge borçludyrlar. Toplaýjylar we toplamalar baradaky maglumat diňe milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýesiniň ýazmaça razylygy bilen berilýär. Görkezilen maglumatlar onuň eýesinden rugsatsyz Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde alnyp bilner.
III BAP. TÜRKMENISTANYŇ MILLI TARYHY-MEDENI
MIRASYNYŇ GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNYŇ
DÖWLET SANAWY
16-njy madda. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni
mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň
Döwlet sanawy düşünjesi
1. Türkmenistanyň milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Döwlet sanawy (mundan beýläk – Sanaw) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň hukuk derejesi, mukdary we hil häsiýetnamalary we bahasy hakyndaky täzelenip durulýan maglumatlardan we resminamalardan ybarat maglumatlar binýadyny öz içine alýan döwlet maglumat ulgamyny aňladýar.
2. Sanawda bar bolan maglumatlar milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary baradaky esasy maglumat çeşmesi hasaplanýar.
17-nji madda. Sanawyň ýöredilmegi
1. Sanawyň ýöredilmegi ygtyýarly edaranyň üstüne ýüklenilýär.
2. Sanawyň ýöredilmegi milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýüze çykarmak we hasaba almak boýunça işleri öz içine alýar.
Resminamalaryň sanawy, olary alyp barmagyň görnüşleri, hasaba alyş resminamalaryny doldurmak boýunça hödürnamalar ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanýar. Görkezilen resminamalar Sanawyň düzüm bölegi hasaplanýar we möhletsiz saklanmaga degişlidir.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary Sanawda bellige alnanda şu maglumatlar girizilýär:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň bellige alnan belgisi;
2) Sanawa girizmek üçin serişdeleri hödürleýän gurama barada maglumatlar;
3) milli taryhy-medeni mirasynyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa girizmek üçin kesgitlenen resminamanyň belgisi we senesi;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň görnüşi;
5) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň ady;
6) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň emele gelen wagty ýa-da döredilen senesi, taryhy-medeni gymmatlyk bolup durýan serişdäniň we (ýa-da) onuň bilen bagly taryhy wakalardaky esasy üýtgeşmeleriň senesi;
7) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň alnan senesi;
8) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň ýerleşýän ýeri;
9) onuň milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň (ýa-da toplamalaryň) Sanawyna girizilmegi üçin esas bolup hyzmat eden we üýtgetmeklige degişli bolmadyk aýratynlyklarynyň beýany.
4. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary barada Sanawa girizilen maglumatlaryň gözegçiligi ygtyýarly edara tarapyndan Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary baradaky maglumatlaryny öz wagtynda üýtgetmek maksady bilen amala aşyrylýar.
5. Sanawyň resminamalaýyn üpjünçiligi ygtyýarly edara tarapyndan amala aşyrylýar we Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary baradaky maglumatlary özünde jemleýän şu Kanunda bellenilen resminamalaryň taýýarlanmagyny we goralyp saklanmagyny öz içine alýar. Görkezilen resminamalaryň esasynda onuň awtomatlaşdyrylan esasda ýöredilmegini üpjün edýän Sanawyň maglumatlar gory emele gelýär.
18-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny Sanawa girizmegiň
tertibi
1. Taryhy-medeni gymmatlygy bolan serişdeleri Sanawa girizmeklige bolan hukuk ygtyýarly edara degişlidir.
2. Taryhy-medeni gymmatlygy bolan serişdeler bu serişdeleri Sanawa girizmegiň maksadalaýyklygy barada milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesiniň netijenamasy alnan gününden başlap, ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna degişli hasaplanýar.
3. Seýrek arheologiki tapyndylar olar aýan edilen pursatyndan milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan gozgalýan gymmatlyklaryna degişli hasaplanýar.
4. Taryhy, ylmy, çeper ýa-da gaýry taryhy-medeni gymmatlyga eýe bolan täze ýüze çykarylan serişdeler, olary Sanawa girizmek barada çözgüt kabul edilýän wagtyna çenli şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda goralyp saklanmaga degişlidir.
5. Döredilen wagtyndan bäri elli ýyldan az bolmadyk wagt geçen milli taryhy-medeni mirasyň ýüze çykarylan gozgalýan gymmatlyklary Sanawa girizilip bilner. Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary bolan meşhur şahsyýetleriň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly we görkezilen adamlaryň aradan çykmagy bilen gönüden-göni ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hasaplanýan serişdeler, şeýle hem döredilen wagtyna garamazdan uly medeni gymmata eýe bolan ajaýyp eserler muňa degişli däldir.
6. Ygtyýarly edara ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň eýesine görkezilen serişdäniň Sanawa girizilmegi barada çözgüt kabul edilen pursatyndan başlap, otuz günüň dowamynda habar bermäge borçludyr.
19-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlygynyň pasporty
1. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyna pasport düzülýär. Bu pasporta Sanawda saklanylýan maglumatlar girizilýär.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň pasportynyň görnüşi ygtyýarly edara tarapyndan tassyklanýar.
20-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlygyny Sanawdan çykarmak
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmak ygtyýarly edara tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesiniň bu gozgalýan gymmatlygyň fiziki durkuny doly ýitirendigini ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy hökmünde öz gymmatyny ýitirendigini kesgitleýän netijenamasy esasynda amala aşyrylýar.
IV BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNYŇ DÖWLET
TARYHY-MEDENI BILERMENLER SELJERMESI
21-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni
bilermenler seljermesiniň maksatlary
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet taryhy-medeni bilermenler seljermesi (mundan beýläk – Bilermenler seljermesi) şu maksatlar bilen geçirilýär:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa girizmegi esaslandyrmak;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň görnüşini kesgitlemek;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmak.
2. Bilermenler seljermesiniň netijenamasy boýunça ygtyýarly edara ýa-da kazyýet tertibinde şikaýat edilip bilner.
22-nji madda. Bilermenler seljermesini geçirmegiň
ýörelgeleri
Bilermenler seljermesi şu ýörelgeleriň esasynda geçirilýär:
1) ylmy taýdan esaslandyrylmagy, hakykylygy we kanunalaýyklygy;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň islendik bellenen hojalyk işinde aýap saklanylyşynyň dogry hasaplanmagy;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy babatda howpsuzlyk talaplarynyň berjaý edilmegi;
4) gyzyklanma bildirýän şahsyň Bilermenler seljermesine berýän habarlarynyň ygtybarly we doly bolmagy;
5) Bilermenleriň garaşsyzlygy;
6) aç-açanlyk.
23-nji madda. Bilermenler seljermesiniň serişdeleri
Bilermenler seljermesiniň serişdeleri şular hasaplanýar:
1) şu Kanunyň 2-nji maddasyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň alamatlaryna eýe bolan serişdeler;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa girizmekligi esaslandyrýan resminamalar;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawdan çykarmaklygy esaslandyrýan resminamalar;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny gorap saklamak boýunça durkuny dikeldiş işlerini geçirmekligi esaslandyrýan resminamalar.
24-nji madda. Bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi
Bilermenler seljermesini geçirmegiň tertibi, bilermenler hökmünde işe çekilip bilinjek ýuridik we fiziki şahslary kesgitlemeklige talaplar, bilermenlere berilýän resminamalaryň sanawy, olara garamagyň tertibi, bu Bilermenler seljermesiniň çäklerinde beýleki barlaglary geçirmegiň tertibi ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýär.
25-nji madda. Bilermenler seljermesiniň netijenamasy
1. Bilermenler seljermesiniň netijenamasy delilnama görnüşinde resmileşdirilýär, onuň mazmunynda şu Kanunyň 24-nji maddasynda bellenilen tertipde bilermenler tarapyndan geçirilen barlaglaryň netijeleri beýan edilýär.
2. Bilermenler seljermesiniň netijenamasy bu Bilermenler seljermesiniň netijenamasyndan gelip çykýan degişli çözgütleri kabul etmek üçin ygtyýarly edara esas bolup durýar. Bilermenler seljermesiniň netijenamasy bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda ygtyýarly edara öz başlangyçlary boýunça ýa-da gyzyklanma bildirýän şahsyň arzasy esasynda Bilermenler seljermesiniň gaýtadan geçirilmegini bellemäge hukuklydyr.
3. Ygtyýarly edaranyň çözgüdi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda ýuridik ýa-da fiziki şahslar bu barada kazyýete şikaýat edip bilerler.
V BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY SAKLAMAK
26-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny saklamak boýunça çäreler
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny saklamak onuň ýapyp goýulmagyny, durkunyň dikeldilmegini we muzeýleşdirilmegini öz içine alýan fiziki taýdan aýawly saklanmagyny üpjün etmeklige gönükdirilen çäreleri öz içine alýar.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny ýapyp goýmak – barlaglara esaslanýan iş bolup, onuň maksady – milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň öz-özünden zaýalanmagyndan goramak.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň durkuny dikeltmek – barlaglara esaslanýan iş bolup, onuň maksady – taryhy-medeni gymmatlygy bolan serişdeleriň zyýan ýetmelerini, näsazlygyny aradan aýyrmak, şeýle hem asyl nusgalaryny ýapyp goýmak we ýetmeýän düzüm böleklerini gaýtadan dikeltmek ýoly bilen gymmatlygyny ýüze çykarmak.
4. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny muzeýleşdirmek – degişli serişdäni muzeýlerde we sergilerde saklamak we görkezmek üçin degişli şertleri döretmek maksady bilen geçirilýän ylmy-barlag we önümçilik işleri.
5. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ýapyp goýmak, durkuny dikeltmek we muzeýleşdirmek boýunça işler ýöriteleşdirilen ylmy-barlag edaralary, beýleki ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan diňe ygtyýarly edara tarapyndan berilýän ýörite rugsatnama esasynda geçirilýär.
Durkuny dikeldiş işleriniň ähli görnüşleri olaryň möçberine, häsiýetine we wezipelerine garamazdan diňe hünärmenleriň ylmy hödürnamalary esasynda geçirilip bilner we durkuny dikeldiş resminamalaryny düzmek we dikeldiş işleriniň tapgyrlaryny surata almak bilen utgaşykly alnyp barylmalydyr.
27-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlygynyň durkuny dikeltmek işi
amala aşyrylanda onuň goraglylygy üçin
jogapkärçilik
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň durkuny dikeltmek işleri amala aşyrylýan döwründe onuň goraglylygy üçin jogapkärçiligi durkuny dikeldiş işlerini geçiriji çekýär.
VI BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNA EÝEÇILIK
ETMEGIŇ WE PEÝDALANMAGYŇ AÝRATYNLYKLARY
28-nji madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklaryna we ýüze çykarylan
milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryna eýeçilik etmegiň we
peýdalanmagyň aýratynlyklary
1. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik etmegiň we peýdalanmagyň aýratynlyklary şu Kanun bilen kesgitlenýär.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary olaryň taryhy-medeni ähmiýetine garamazdan, Türkmenistanyň eýeçilik hakyndaky kanunçylygyna laýyklykda döwlet, hususy eýeçilikde we eýeçiligiň beýleki görnüşlerinde saklanyp bilner.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň eýesi özüne degişli bolan, Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny ýa-da ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda saklamak üçin jogapkärçilik çekýär.
4. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny, ýa-da ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny satyn almak-satmak şertnamasy döwlet tarapyndan bellige alnanda täze eýesi öz üstüne ony goragly saklamak boýunça borçlary alýar.
29-njy madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmaga
hukugyň we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni
mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan
peýdalanmaga hukugyň emele gelmegine
esaslar
Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmak hukugy we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmaga hukuk:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň eýesi üçin – olara bolan eýeçilik hukugyndan;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň eýesi hasaplanmaýan şahs (peýdalanyjy) üçin – döwlet edaralarynyň namalaryndan, şertnamalardan, kazyýet çözgütlerinden, şeýle hem Türkmenistanyň raýat kanunçylygynda göz öňünde tutulan beýleki esaslardan emele gelýär.
30-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryna eýeçilik edýänleriň
borçlary
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik edýänler olary gorap saklamak boýunça işleri amala aşyrýarlar we aşakdakylara borçlanýarlar:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň goragly saklanylmagyny üpjün etmek boýunça çäreleri görmäge;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny ygtyýarly edarada bellige aldyrmaga;
3) olara bolan eýeçilik hukugynyň üýtgemeginiň göz öňünde tutulýandygy ýa-da amala aşyrylandygy barada ygtyýarly edara habar bermäge;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň durkuny dikeltmek boýunça işleri geçirmegi ygtyýarly edara bilen ylalaşmaga.
31-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryna döwlet eýeçiligi
1. Döwlet milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny olaryň eýelerinden şertnamalar boýunça almak hukugyna ilkinji nobatda eýedir.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna döwletiň adyndan eýeçilige ygtyýarlygy ygtyýarly edara amala aşyrýar.
32-nji madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak
hukugyny we ýüze çykarylan milli
taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlygyny peýdalanmak hukugyny
mejbury çäklendirmek üçin esaslar
Şu Kanunyň talaplary bozulan ýagdaýynda Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugy ýa-da ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugy bu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny goramagy, aýap saklamagy, peýdalanmagy we ýaýratmagy üpjün etmek üçin zerur bolan çäklerde mejbury çäklendirilip bilner.
33-nji madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlygyndan ýa-da ýüze
çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanylanda
mejbury çäklendirmek
1. Sanawa girizilen we döwlet eýeçiliginde duran milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmagyň şertleri Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilen tertipde çäklendirilip bilner.
Eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanylanda çäklendirme girizmeklik zerurlygyny ýüze çykarýan ýagdaýlar ýa-da şertler aradan aýrylanda bu gymmatlykdan peýdalanmagyň tertibi doly göwrüminde gaýtadan dikeldilýär.
2. Sanawa girizlen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan ýa-da ýüze çykarylan, hususy eýeçilikde duran milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmaklyga hukuk kazyýetiň çözgüdi boýunça çäklendirilip ýa-da bes edilip bilner.
3. Peýdalanyjy bolup durýan ýuridik ýa-da fiziki şahs döwlet eýeçiliginde duran milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyndan peýdalanmak hukugyny çäklendirmek baradaky ýerine ýetiriji häkimiýetiň degişli edarasynyň çözgüdi bilen ylalaşmadyk ýagdaýynda bu çözgüt boýunça kazyýete şikaýat edip biler.
34-nji madda. Sanawa girizlen milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak
hukugyny we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni
mirasyň gozgalýan gymmatlygyny
peýdalanmak hukugyny bes etmegiň
esaslary we tertibi
1. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugy ýa-da ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugy şu ýagdaýlarda bes edilýär:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanyjy ondan peýdalanmak hukugyndan meýletin boýun gaçyranda;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny muzdsyz peýdalanmak hukugynyň ýa-da milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň kärende şertnamasynyň möhletiniň dolan ýagdaýynda;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýesi bolan fiziki şahs aradan çykan ýagdaýynda ýa-da ýuridik şahs işini bes eden ýagdaýynda;
4) şu Kanunda göz öňünde tutulan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugy mejbury bes edilen ýagdaýlarynda.
2. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugyny we ýüze çykarylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanmak hukugyny mejbury bes etmek milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyna milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny peýdalanyjy bilkastlaýyn zyýan ýetiren ýagdaýynda ýüze çykyp biler.
35-nji madda. Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklaryna eýeçilik hukugyny
bes etmek
1. Sanawa girizilen we hususy eýeçilikde duran milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy ol gozgalýan gymmatlygyň eýesinden kazyýetiň çözgüdi boýunça döwletiň satyn almagy ýa-da ygtyýarly edaranyň yglan etmegi boýunça köpçülikleýin söwdalaşmalarda satmak ýoly bilen alnyp bilner.
2. Eýeçilik edýänden Sanawa girizilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny almak barada kazyýetde talap bildirmek üçin milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň goraglylygyna howp salýan talaba laýyk saklanmandygy esas bolup biler.
36-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny aýrybaşgalamagyň
tertibi we esaslary
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary döwlet eýeçiliginden aýrylmaga degişli däldir.
2. Raýatlaryň we olaryň birleşiginiň eýeçiliginde duran milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny döwlet haýryna almagyň we olary saklamagyň tertibini üýtgetmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde amala aşyrylýar.
3. Dini maksatlara niýetlenen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen tertipde diňe dini edaralaryň eýeçiligine berlip bilner.
VII BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY GORAMAK
BOÝUNÇA IŞLERI MALIÝELEŞDIRMEK
37-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny goramak boýunça işleri
maliýeleşdirmegiň çeşmeleri
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak boýunça işleri maliýeleşdirmegiň çeşmeleri şular hasaplanýar:
1) Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň serişdeleri;
2) býujetden daşary serişdeler;
3) fiziki we ýuridik şahslaryň öz serişdeleri;
4) Türkmenistanyň kanunçylygynda gadagan edilmedik beýleki serişdeler.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak boýunça işlere serişdeleri peýdalanmagy üpjün etmek üçin Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda býujetden daşary gaznalar döredilip bilner.
38-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny goramak boýunça işleri
maliýeleşdirmek
1. Eýeçilikde duran ýa-da ýuridik we fiziki şahslaryň peýdalanmagyndaky milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak boýunça işler milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýeleriniň we peýdalanyjylarynyň serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny peýdalanmaga bermekden, hyzmatlary etmekden, meýletin pul goýbermelerinden we ýuridik we fiziki şahslaryň haýyr-sahawatlaryndan alnan serişdeler Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramaga, aýap saklamaga we ýaýratmaga gönükdirilýär.
III bölüm. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY
ÄKITMEK WE GETIRMEK
VIII BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ
GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY
ÄKITMEGIŇ WE GETIRMEGIŇ TERTIBI
39-njy madda. Türkmenistandan äkidilmäge degişli
bolmadyk milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklary
Şu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistandan äkidilmäge degişli däldir:
1) taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da gaýry medeni gymmata eýe bolan we olaryň döredilen wagtyna garamazdan, Türkmenistanyň kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda Türkmenistanyň halkynyň medeni mirasynyň aýratyn gymmatly obýektlerine degişli edilen;
2) döredilen wagtyna garamazdan, döwlet tarapyndan goralýan we Sanawa girizilen;
3) Türkmenistanyň döwlet muzeýlerinde, kitaphanalarynda, arhiwlerinde, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalarynda hemişelik saklanýan (ygtyýarly edaranyň çözgüdi bilen bu düzgün beýleki muzeýlere, kitaphanalara, arhiwlere hem degişli edilip bilner).
Başga milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň äkidilmegini gadagan etmeklige ýol berilmeýär.
40-njy madda. Äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklarynyň Bilermenler
seljermesi
Äkidilmäge mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hökmany Bilermenler seljermesine degişlidir.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hakynda haýyş ediji şahsyň äkitmek üçin mälim eden bu gozgalýan gymmatlyklaryny Bilermenler seljermesine bermekden ýüz öwürmegine mälim edijiniň olary äkitmekden ýüz öwürmegi hökmünde garalýar.
Eger Bilermenler seljermesiniň netijeleri äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny Sanawa girizmäge esas beren halatynda, Bilermenler seljermesiniň resminamalary bu gozgalýan gymmatlygy äkitmek hakynda haýyş ediji şahsyň razylygyna garamazdan degişli döwlet edaralaryna berilýär.
41-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny äkitmäge hukuk berýän
şahadatnama
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek mümkinçiligi hakynda çözgüt kabul edilen mahalynda ygtyýarly edara tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmäge hukuk berýän şahadatnama berilýär.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmäge hukuk berýän şahadatnama görkezilen gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistanyň gümrük we döwlet serhetleriniň üstünden geçirmek üçin esas bolup durýar.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny olary äkitmäge hukuk berýän şahadatnamasyz äkitmek gadagandyr.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmäge hukuk berýän şahadatnamanyň görnüşi we ony bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklanylýar.
42-nji madda. Gymmat bahaly metallary we gymmat
bahaly daşlary özünde saklaýan milli
taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek
Gymmat bahaly metallary we gymmat bahaly daşlary özünde saklaýan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek hukugyny bermegiň tertibi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
43-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklary bolup durýan ýaraglaryň
dürli görnüşlerini äkitmek we getirmek
Taryhy, çeperçilik, ylmy ýa-da gaýry medeni gymmata eýe bolan ýaraglaryň dürli görnüşlerini äkitmek we getirmek hukugyny bermegiň tertibi şu Kanun we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.
44-nji madda. Diplomatik artykmaçlyklara we aýratyn
hukuklara eýe bolan şahslar tarapyndan milli
taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek
Diplomatik artykmaçlyklara we aýratyn hukuklara eýe bolan şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmegiň we getirmegiň tertibi Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar.
45-nji madda. Poçta üsti bilen ugratmak arkaly milli
taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny äkitmek
Poçta üsti bilen ugratmak arkaly milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek şu Kanunda, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda, «Aragatnaşyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda bellenilen kadalara laýyklykda geçirilýär.
46-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny getirmegiň tertibi
Getirilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary ygtyýarly edara tarapyndan gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde bellenilen tertipde gümrük barlagyna we ýörite bellige alynmaga degişlidir.
47-nji madda. Getirilmegi gadagan edilen milli taryhy-medeni
mirasyň gozgalýan gymmatlyklary
Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda ýa-da daşary ýurt döwletleriniň ygtyýarlandyrylan edaralarynyň ýüz tutmalary bilen baglanyşykly gözleg yglan edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny getirmek gadagandyr.
Şeýle gymmatlyklar, soňra olary kanuny eýelerine gaýtaryp bermek maksady bilen saklanmaga degişlidir.
48-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň üstaşyr geçirilmegi
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistanyň çäginden üstaşyr geçirilen mahalynda, Türkmenistanyň gümrük edaralaryna milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Türkmenistanyň gümrük kanunçylygy we Türkmenistanyň halkara şertnamalary arkaly kesgitlenýän şertlerde diňe üstaşyr maksady bilen getirilýändigine şaýatlyk edýän resminama berilýär.
49-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny äkitmek we getirmek
babatda ygtyýarly edaranyň, gümrük işi
babatdaky ygtyýarly döwlet edarasynyň
ygtyýarlygy
1. Ygtyýarly edara:
1) şu Kanunyň hereketine düşýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň sanawyny düzýär;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmegiň, wagtlaýyn äkitmegiň mümkinçilikleri hakynda çözgüt kabul edýär;
3) äkitmek, wagtlaýyn äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň, şeýle hem wagtlaýyn äkidilenden soň, olar gaýtarylyp getirilende şolaryň Bilermenler seljermesini üpjün edýär;
4) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek, wagtlaýyn äkitmek hukugyna şahadatnama berýär;
5) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bilen baglanyşykly daşary ykdysady iş kadalarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýär;
6) getirilýän, wagtlaýyn getirilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň bellige alynmagyny amala aşyrýar;
7) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýitendigi, ýitirilendigi, ogurlanandygy hakynda subutnamalary Türkmenistanda we onuň çäklerinden daşynda jemgyýetçiligiň giňden habarly edilmegini guraýar;
8) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bikanun äkidilende, getirilende hem-de olara eýeçilik hukugy geçirlende milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýeleriniň kanuny hukuklaryny dikeltmek boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynda we Türkmenistanyň halkara şertnamalarynda göz öňünde tutulan çäreleri görýär.
2. Gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmegiň we getirmegiň tertibine gümrük postlarynda şu Kanun we Türkmenistanyň gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalary tarapyndan bellenen gözegçiligi amala aşyrýar we Türkmenistandan bikanun äkidilen we Türkmenistana bikanun getirilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň kabul edilişine we tabşyrylyşyna gatnaşýar.
IX BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNY WAGTLAÝYN ÄKITMEGIŇ WE WAGTLAÝYN GETIRMEGIŇ TERTIBI
50-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek muzeýler, kitaphanalar, arhiwler, beýleki ýuridik, şeýle hem fiziki şahslar tarapyndan şu maksatlar üçin amala aşyrylýar:
1) sergileri guramak üçin;
2) durkuny dikeldiş işlerini we ylmy barlaglary amala aşyrmak üçin;
3) teatr, konsert we gaýry artistlik işi bilen baglylykda;
4) gaýry zerur halatlarda.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hakyndaky haýyşnama diňe şu Kanunyň 39-njy maddasynyň 2-nji we 3-nji bölekleriniň hereketine düşýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary babatynda seredilýär.
51-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek
hukugyny bermek
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek mümkinçiligi hakynda çözgüt ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilýär. Şunda döwlet muzeýlerinde, kitaphanalarynda, arhiwlerinde we milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalarynda hemişelik saklanylýan bu gozgalýan gymmatlyklary wagtlaýyn äkitmek mümkinçiligi hakynda çözgüt diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň ýa-da ygtyýarynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hakynda haýyş edýän edara bolup durýan degişli ýerine ýetiriji häkimiýet edarasynyň ylalaşmagy bilen kabul edilip bilner.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hakynda haýyşnama olaryň eýesi ýa-da olara ygtyýarlandyrylan şahs tarapyndan ygtyýarly edara berilýär. Kabul edilen çözgüt hakynda haýyş edijä haýyşnama resmi taýdan kabul edilenden soň üç aýdan gijä galman habar berilmelidir.
3. Ygtyýarly edaranyň çözgüdine wagtlaýyn äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýesi tarapyndan Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet tertibinde garşy çykylyp bilner.
4. Döwlet muzeýlerinde, kitaphanalarynda, arhiwlerinde, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalarynda hemişelik saklanylýan, wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary karzy üpjün ediji hökmünde peýdalanylyp bilinmez ýa-da girew serişdesi bolup hyzmat edip bilmez.
52-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynywagtlaýyn äkitmek
hukugyna bolan şahadatnama
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek mümkinçiligi hakynda çözgüt kabul edilen mahalynda ygtyýarly edara tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmäge hukuk berýän şahadatnama berilýär.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmäge hukuk berýän şahadatnama görkezilen gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistanyň gümrük we döwlet serhetleriniň üstünden geçirmek üçin esas bolup durýar.
Görkezilen şahadatnama bolmazdan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek gadagandyr.
53-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň
tertibi
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary döwlet muzeýleri, kitaphanalary, arhiwleri, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalary tarapyndan wagtlaýyn äkidilen mahalynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hakyndaky arzanyň ýanyna aşakdakylar goşulýar:
1) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň maksatlary we şertleri hakynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny kabul edýän tarap bilen baglaşylan şertnama;
2) ätiýaçlyk töwekgelçilik halatlarynyň ählisini üpjün etmek bilen wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň täjirçilik ätiýaçlandyrmasyna güwä geçýän resminama ýa-da ähli töwekgelçilikleri maliýe taýdan dolmagyň döwlet kepilligi hakynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny kabul edýän ýurt tarapyndan berlen resminama;
3) wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýap saklanylmagy we gaýtarylyp berilmegi babatda kabul edýän tarapyň resminamaly tassyklanan kepillikleri we äkidilýän ýurduň döwlet edaralarynyň kepillikleri.
2. Gaýry ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary wagtlaýyn äkidilen mahalynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hakynda arzanyň ýanyna aşakdakylar goşulýar:
1) wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Sanawa girizilendigi hakyndaky şahadatnama;
2) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet goragyna alan degişli döwlet edarasyny olary wagtlaýyn äkitmek hakynda habarly edendigi barada tassyknama;
3) milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň maksady we şertleri hakynda kabul edýän tarap bilen baglaşylan şertnama;
4) wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýap saklanylmagy we gaýtarylyp berilmegi babatda kabul edýän tarapyň resminamaly tassyklanan kepillikleri we äkidilmeli ýurduň döwlet edaralarynyň kepillikleri.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmeklik haýyş ediji tarap bilen ygtyýarly edaranyň arasynda wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýtarylyp berilmegi hakynda şertnama baglaşylan mahalynda amala aşyrylyp bilner.
Görkezilen şertnamanyň mazmunyndaky milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýtarylyp berilmegi hakynda talap, «Girew hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, girew goýujyda girew serişdesini goýmak arkaly, wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň girewi bilen üpjün edilýär.
54-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynywagtlaýyn äkitmek
hakyndaky haýyşnamadan ýüz öwürmek
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hakyndaky haýyşnamadan aşakdaky esaslar boýunça ýüz öwrülip bilner:
1) bu gozgalýan gymmatlyklary wagtlaýyn äkitmegi amala aşyrýan fiziki ýa-da ýuridik şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny yzyna getirmegiň şu Kanun tarapyndan göz öňünde tutulan tertipde berilýän kepillikleri bolmadyk mahalynda;
2) eger wagtlaýyn äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň ýagdaýy olary saklamagyň şertlerini üýtgetmäge mümkinçilik bermese;
3) eger wagtlaýyn äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýesi kesgitlenmese, şeýle hem eger gozgalýan medeni gymmatlyklar eýeçilik hukugy hakyndaky jedeliň serişdesi bolsa;
4) eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň wagtlaýyn äkidilmegi nazara alynýan ýurtda tebigy betbagtçylyk, harby jedeller, wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyňaýawly saklanylmagyny üpjün etmäge päsgelçilik berjek beýleki ýagdaýlar bolsa.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkidilmegi nazara alynýan döwlet bilen Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklary bolmadyk mahalynda hem milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hakyndaky haýyşnamadan ýüz öwrülip bilner.
55-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynywagtlaýyn äkitmegiň
maksatlary we şertleri hakynda şertnamanyň
üýtgewsizligi
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmegiň maksatlary we şertleri hakynda şertnama milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmeklige hukuk berýän şahadatnama berlenden soň milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny kabul edýän tarap tarapyndan üýtgedilmäge degişli däldir.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hukugyna bolan bu şahadatnama berlenden soň bu gymmatlyklar hem Türkmenistanyň çäklerinde, hem onuň çäklerinden daşynda girew hakyndaky şertnamanyň serişdesi bolup hyzmat edip bilmez.
56-njy madda. Wagtlaýyn äkidilen milli taryhy-medeni
mirasyň gozgalýan gymmatlyklary
gaýtarylyp getirilenden soň Bilermenler
seljermesi
Wagtlaýyn äkidilenden soň Türkmenistana gaýtarylyp getirilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hökmany Bilermenler seljermesine degişlidir.
57-nji madda. Wagtlaýyn äkidilen milli taryhy-medeni
mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň
diplomatik goragy
Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki wekilhanalary bolýan ýurdunda Türkmenistandan wagtlaýyn äkidilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary babatda diplomatik goragy üpjün edýärler.
58-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny wagtlaýyn getirmegiň
tertibi
1. Wagtlaýyn getirilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary ygtyýarly edara tarapyndan gümrük işi babatda ygtyýarly döwlet edarasy bilen bilelikde bellenilen tertipde gümrük barlagyna we bellige alynmaga degişlidir.
2. Medeni hyzmatdaşlyk maksady bilen Türkmenistana wagtlaýyn getirilýän we daşary ýurt döwletleriň, daşary ýurtly ýuridik we fiziki şahslaryň eýeçiligine degişli bolan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary Türkmenistanyň goragy astynda durýarlar. Görkezilen gozgalýan gymmatlyklara goragyň döwlet kepilliklerini bermek her bir aýratyn halatda Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
3. Türkmenistana wagtlaýyn getirilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary babatda ähli töwekgelçilikleri maliýe taýdan dolmagyň döwlet kepilliklerini bermegiň tertibi Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
X BAP. MILLI TARYHY-MEDENI MIRASYŇ GOZGALÝAN GYMMATLYKLARYNA BOLAN EÝEÇILIK HUKUGYNYŇ BIKANUN BERILMEGINIŇ ÖŇÜNI ALMAK
59-njy madda. Äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklaryna bolan eýeçilik
hukugy
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde diňe şolaryň kanuny eýesi ýa-da eýesi tarapyndan muňa ygtyýarlandyrylan şahs tarapyndan amala aşyrylyp bilner.
2. Ýuridik şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary äkidilende olaryň äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna bolan eýeçilik hukugynyň resminamaly tassyklanylmagy zerurdyr.
3. Eger bu hereketler olaryň bikanun äkidilmegine ýardam edip biljek bolsa onda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň eýeleri tarapyndan görkezilen gozgalýan gymmatlyklara eýelik etmek, peýdalanmak we ygtyýar etmek boýunça hukuklaryň başga birine berilmegine, şeýle hem milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň satylmagyna ýol berilmeýär.
60-njy madda. Eýeçilik hukugy raýatlara degişli bolan
milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny äkitmek
Eger hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäklerinden daşyna gidýän raýatlar maşgalada sarpa goýulýan zatlar ýa-da memorial gymmatlyklar hökmünde garalýan we döwlet muzeýlerinde, kitaphanalarynda, arhiwlerinde, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalarynda hemişelik saklanylmaýan aýry-aýry serişdelere bolan eýeçilik hukugyna subutnama getiren halatlarynda, ygtyýarly edara bu gymmatlyklary äkitmek hakynda oňyn çözgüt kabul edip biler.
61-nji madda. Äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni
mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň döwlet
tarapyndan edinilmegi
1. Ýuridik ýa-da fiziki şahslar tarapyndan äkitmek üçin mälim edilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlet muzeýleriniň, kitaphanalarynyň we arhiwleriniň gaznalary üçin edinmegiň zerurlygy hakynda çözgüt Bilermenler seljermesiniň toparynyň netijenamasy esasynda ygtyýarly edara tarapyndan kabul edilende, ygtyýarly edara bu gozgalýan gymmatlygyň eýesiniň razylygy bilen ony äkitmek hukugyna bolan arza berlen mahalynda eýesi tarapyndan bu gozgalýan gymmatlygyň bellenen bahasy boýunça milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny satyn almak hukugyna eýedir. Şeýle halatlarda ygtyýarly edara tarapyndan bir ýyla çenli möhlet bilen tölegi gaýra goýmak bellenilip bilner, şol wagtyň içinde döwlet bu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny edinmäge serişde gözläp tapýar.
2. Eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygy hemişelik ýaşamak üçin Türkmenistanyň çäginden daşyna gidýän Türkmenistanyň raýaty tarapyndan äkitmek üçin mälim edilen bolsa, ony döwlet muzeýleriniň, kitaphanalarynyň, arhiwleriniň gaznalary üçin edinmek hakyndaky mesele tölegiň gaýra goýulmagyny bellemezden çözülýär.
62-nji madda. Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan
saklanylan milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklaryny peýdalanmagyň
tertibi
1. Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan saklanylan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary ygtyýarly edara berilýär. Ygtyýarly edara bu gozgalýan gymmatlyklary aýap saklamagy, olaryň Bilermenler seljermesini geçirmegi, şeýle hem olara bolan eýeçilik hukugyny anyklamak maksady bilen olar barada maglumat bildirişiniň ýaýradylmagyny amala aşyrýar.
Görkezilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna kazyýet tertibinde eýeçilik hukugy bellenilenden soň ygtyýarly edara olary eýesine ýa-da onuň kanuny wekiline berýär. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň aýap saklanylmagy we olaryň Bilermenler seljermesini geçirmek üçin harçlanan serişdeler, eger kazyýetiň çözgüdinde başgaça göz öňünde tutulmadyk bolsa, eýesiniň hasabyna degişli edilýär.
2. Gümrük edaralary tarapyndan saklanan ýa-da kazyýetiň çözgüdi boýunça muzdsuz alnan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary döwletiň girdejisine girizilende Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylygyna laýyklykda ygtyýarly edara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Baş arhiw müdirliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň garamagyna bu gozgalýan gymmatlyklary döwlet muzeýleriniň, kitaphanalarynyň we arhiwleriniň gaznalaryna ýa-da dini birleşiklere hemişelik saklamaga bermek hakynda teklibi berýär.
63-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň olaryň awtory
tarapyndan äkidilmegi
1. Awtor Türkmenistanyň çäklerinden daşyna wagtlaýyn ýa-da hemişelik ýaşamak üçin gidýändigine garamazdan, özi tarapyndan döredilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny şu Kanunda bellenilen tertipde islendik mukdarda äkitmäge bolan hukuga eýedir.
2. Awtor diri mahalynda ýa-da ol aradan çykandan soň elli ýylyň dowamynda onuň döreden milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkidýän ýuridik we fiziki şahslar şolary edinmegiň kanunylygyna subutnamalar bermäge borçludyrlar.
3. Ygtyýarly edara awtora ýa-da onuň mirasdarlaryna onuň eserleriniň beýleki şahslar tarapyndan äkidilmeginiň kanuny taýdan hakykatdygy hakynda habar bermäge borçludyr.
64-nji madda. Beýleki döwletlerden bikanun äkidilen,
ogurlanan ýa-da bikanun edinilen milli
taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň döwletiň milli
taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň aýawhanalary
tarapyndan edinilmeginiň öňüni almak
1. Beýleki döwletlerden bikanun äkidilen, ogurlanan ýa-da bikanun edinilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny edinmegiň öňüni almak maksady bilen döwlet muzeýleri, kitaphanalar, arhiwler, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalary bu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gelip çykyşy hakynda habar almak boýunça zerur çäreleri görmäge borçludyrlar.
2. Bellenilen tertipde milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bilen baglanyşykly daşary ykdysady işi amala aşyrýan ýuridik we fiziki şahslar her bir milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny iberijiniň familiýasyny hem-de salgysyny we bu gozgalýan gymmatlygyň ýazgysyny, onuň şekilini, gymmatyny görkezmek bilen olaryň gelip çykyşy baradaky maglumatlary bellige almaga borçludyrlar hem-de degişli döwlet edaralarynyň talap etmegi boýunça gelip gowşan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary hakynda olary gyzyklandyrýan maglumaty bermelidirler.
65-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny bikanun eýelänlerden
talap etmek
1. Eýeçiligiň görnüşine garamazdan, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary ogurlanan halatynda we Türkmenistanyň çäklerinden daşyna äkidilen halatynda, ygtyýarly edara bu gozgalýan medeni gymmatlyklary bikanun eýelänlerden talap etmek boýunça halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda zerur çäreleri görmäge borçludyr.
2. Türkmenistan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny bikanun eýelänlerden talap etmek hakynda olaryň kanuny eýeleri tarapyndan daşary döwletleriň kazyýetlerine bu döwletleriň içerki kanunçylygynyň düzgünlerine laýyklykda talaplar bildirilen halatynda, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň kanuny eýelerine ýardam edýär, şeýle hem bu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň Türkmenistana gaýtarylyp getirilmegine ýardam edýär.
Şeýle ýagdaýda gaýdyp alynýan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary gümrük we gaýry ýygymlardan boşadylýar.
66-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny ynsaply alyjynyň hukuklary
1. Başga döwletlerden bikanun getirilen, ogurlanan ýa-da ýitirilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary ynsaply alyjy tarapyndan edinilen halatynda, eger olary gaýdyp bermek hakyndaky talap Türkmenistan üçin hereket edýän we şeýle tölegi göz öňünde tutýan halkara ylalaşygyna gatnaşyjy döwlet tarapyndan bildirilse ýa-da, eger, şeýle töleg özara ylalaşyk esasynda berilse, görkezilen gozgalýan gymmatlyklar ynsaply alyja adalatly öwez tölegini tölemek bilen kanuny eýesine gaýtarylyp berilmäge degişlidir.
2. Şu maddanyň 1-nji bölegine laýyklykda gaýtarylyp berilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary gümrük we gaýry ýygymlardan boşadylýar. Olary gaýdyp bermek boýunça ähli çykdajylary talap edýän tarap çekýär.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň eýesi bolup durmaýan, ýöne azyndan ýigrimi ýyl oňa edil özüniňki ýaly sap ýürekli we açyk eýelik edýän fiziki ýa-da ýuridik şahs bu milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna bolan eýeçilik hukugyny edinýärler.
67-nji madda. Äkidilen milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklaryny gaýdyp almak
hakyndaky talaplar
Äkidilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna bikanun eýelik eden kesekiden ony talap etmek hakynda eýesi tarapyndan talap arzasynyň berilmegi kazyýet tertibinde amala aşyrylýar.
Eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary onuň eýesinden ogurlanan halatynda ýa-da onuň erkine garamazdan başga hili ýol bilen onuň eýeçiliginden aýrylan bolsa, eger eýesi döwlet muzeýi, kitaphana, arhiw, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalary, şeýle hem dini birleşik bolsa, ol bu gozgalýan gymmatlygy sap ýürekli alyjydan oňa haýsydyr bir öwez tölegini tölemezden talap etmäge hukuklydyr.
XI BAP. ÝYGYMLAR WE TÖLEGLER
68-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin
ýörite ýygym
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin ýörite ýygym tölenilýär. Ýörite ýygymyň möçberini bellemegiň we tölemegiň tertibi, şeýle hem ýörite ýygym boýunça tölegden boşatmagyň tertibi we ýörite ýygymyň tölegi boýunça ýeňillikler Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan bellenilýär.
69-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin
ýörite ýygymy almagyň tertibi
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin ýörite ýygym fiziki we ýuridik şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugyna bolan şahadatnama alnan halatynda tölenilýär.
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygyny äkitmek hakynda haýyş ediji şahsyň arzasynda görkezilen onuň hakyky bazar bahasy ýörite ýygymyň jemini hasaplap çykarmak üçin esasdyr. Eger ygtyýarly edara Bilermenler seljermesiniň netijenamasynyň esasynda milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlygynyň başga gymmatlyk bahasyny kesgitlese, ýörite ýygymyň jemini hasaplap çykarmak üçin ygtyýarly edaranyň kesgitlän bahasy alynýar.
Ýörite ýygym ygtyýarly edara tarapyndan ol şahsyň bir gezekde äkidýän ähli milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň umumy bahasyndan alynýar.
2. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin ýörite ýygymyň töleglerinden alnan serişdeler medeniýeti we arhiw işini ösdürmek gaznasyna gowuşýar we diňe döwlet muzeýleriniň, kitaphanalarynyň we arhiwleriniň gaznalarynyň üstüni ýetirmek üçin serişdeleri edinmäge peýdalanylyp bilner.
70-nji madda. Äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň
gozgalýan gymmatlyklarynyň awtoryny
ýörite ýygym tölemekden boşatmak
Eger milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň äkidilmegi gös-göni olaryň awtory tarapyndan amala aşyrylan ýagdaýynda, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek hukugy üçin ýörite ýygym alynmaýar.
71-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklary wagtlaýyn äkidilen
mahalynda ýörite ýygym
1. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary wagtlaýyn äkidilen mahalynda ýörite ýygym taraplaryň milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny yzyna getirmek hakyndaky şertnamasynda kesgitlenen, wagtlaýyn äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryna berilýän bahanyň jemine göterim gatnaşygynda tölenilýär.
2. Döwlet muzeýleri, kitaphanalar, arhiwler, milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň gaýry döwlet aýawhanalary olaryň gaznalarynda hemişelik saklanylýan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hukugy üçin ýörite ýygym tölemekden boşadylýar.
3. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny wagtlaýyn äkitmek hukugy üçin ýörite ýygym töleglerinden alnan serişdeler şu Kanunyň 69-njy maddasynyň 2-nji böleginde göz öňünde tutulan tertipde peýdalanylýar.
72-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynaalnyp gidiliş gümrük pajy
Şu Kanunyň talaplaryna laýyklykda resmileşdirilen milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary äkidilende olardan alnyp gidiliş gümrük pajy alynmaýar.
Şu Kanuna laýyklykda äkidilýän milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary äkidilen mahalynda raýatlaryň nyrh çäklendirmeleri bellenilen şahsy emläginiň düzüminde garalyp bilinmez.
73-nji madda. Bilermenler seljermesine töleg
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny äkitmek, olara bolan eýeçilik hukugyny bermek bilen baglanyşykly geçirilen Bilermenler seljermesi üçin, şeýle hem Bilermenler seljermesini geçirmek bilen baglanyşykly başga işler üçin töleg almagyň tertibi we onuň möçberini bellemek ygtyýarly edara tarapyndan bellenilýän tertibe laýyklykda şertnamanyň esasynda amala aşyrylýar.
74-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklarynyň bikanun eýelenmeginden
talap etmek hakyndaky talaplar boýunça
döwlet pajy
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklarynyň bikanun eýelenmeginden talap etmek hakyndaky talap arzasy boýunça talapkärler kazyýetde döwlet pajyny tölemekden boşadylýar.
IV BÖLÜM. JEMLEÝJI DÜZGÜNLER
75-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we
getirmek babatda halkara hyzmatdaşlygy
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek babatda halkara hyzmatdaşlygy Türkmenistanyň kanunçylygyna we Türkmenistanyň halkara şertnamalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
76-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklary bilen baglanyşykly
daşary ykdysady işi amala aşyrmak
Ýuridik we fiziki şahslar tarapyndan milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklary bilen baglanyşykly amala aşyrylýan daşary ykdysady işe diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýän tertipde berilýän rugsatnama bolan mahalynda ýol berilýär.
77-nji madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny goramak babatda
höweslendiriş çäreleri
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny döwlete tabşyrandygy, sowgat berendigi, miras goýandygy üçin ýuridk we fiziki şahslar Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň bellän tertibinde sylaglanyp bilner.
78-nji madda. Jedelleri çözmek
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramagyň we peýdalanmagyň meseleleri boýunça ýüze çykan jedeller Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde çözülýär.
79-njy madda. Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan
gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we
getirmek hakynda Türkmenistanyň
kanunçylygynyň bozulandygy üçin
jogapkärçilik
Milli taryhy-medeni mirasyň gozgalýan gymmatlyklaryny goramak, äkitmek we getirmek hakynda Türkmenistanyň kanunçylygynyň bozulmagy Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenen jogapkärçilige eltýär.
80-nji madda. Şu Kanunyň güýje girmegi
1. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.
2. Şulary güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli:
1992-nji ýylyň 19-njy fewralyndaky «Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň wedomostlary, 1992 ý., № 2, 12-nji madda);
1998-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky «Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyny (Türkmenistanyň Mejlisiniň wedomostlary, 1998 ý., № 3, 54-nji madda);
2009-njy ýylyň 18-nji aprelindäki «Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler, goşmaçalar girizmek we güýjüni ýitiren diýip ykrar etmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ХХХ bölegini (Türkmenistanyň Mejlisiniň wedomostlary, 2009 ý., № 2, 33-nji madda).
Türkmenistanyň Gurbanguly
Prezidenti Berdimuhamedow
Aşgabat şäheri.
2016-njy ýylyň 26-njy marty.
№ 373-V.