Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2024-nji ýylyň 8-9-njy fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri ABŞ-nyň Nýu Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň Ştab kwartirasynda geçirilen ýyllyk Parlament diňlenişigine gatnaşdylar.
Birleşen Milletler Guramasynyň Parlamentara Bileleşigi bilen bilelikde guramagynda geçirlen ýyllyk Parlament diňlenişiginde 2024-nji ýylda halkara derejesinde parahatçylyk we howpsuzlyk meselesindäki ileri tutulýan ugurlaryna seredildi.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýer ýüzünde parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi babatda BMG, Parlamentara Bileleşigi we beýleki halkara guramalar bilen özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmegiň ähmiýetini bellediler.