Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty ähli babatda parahatçylygy ündeýän taglymatdyr. Bitaraplyk syýasatynyň ylalaşdyryjylyk ýörelgesiniň ähmiýeti uludyr, ýagny bitarap döwletler gapma-garşylyga giren taraplaryň parahatçylykly gepleşikleri geçirmekleri üçin öz çäginde şert döredýärler, ylalaşyk gazanmaga goşant goşýarlar. Sebäbi olaryň bitaraplygy özüňi aýrybaşgalaşdyrmak däl-de, dünýäniň ählumumylaşýan döwründe işjeň gatnaşyga girmegiň guralydyr.
Häzirki döwürde Türkmenistanyň oňyn Bitaraplygy has-da uly ähmiýete eýe bolýar. Hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan sebitde parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmekde, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny, hyzmatdaşlygy ösdürmekde, Birleşen Milletler Guramasynyň ynamdar we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi.
2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Öňüni alyş diplomatiýasy we bitaraplyk biri-biriniň üstüni ýetirýän taglymatlardyr. Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi halkara meseleleri çözmekde bitaraplyk ýörelgelerini netijeli peýdalanmakda, parahatçylygyň kepili hökmünde dialogy ösdürmekde netijeli boldy. Bu toparyň işjeň hereketi netijesinde, bitaraplygyň parahatçylygy, durnukly ösüşi pugtalandyrmakdaky orny barha pugtalanýar. Bu gezekki pikir alyşmalarymyzyň geljekde gürrüňi edilýän ugurda parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň täze mümkinçiliklerini açmakda hem netijeli boljakdygyna ynanýaryn.