Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmen paýtagtynda guralan Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň «Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny» atly birinji duşuşygy häzirki döwrüň talaplaryndan ugur alnyp geçirilen möhüm ähmiýetli halkara çäredir. Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden Kararnamalaryny durmuşa geçirmekde, hususan-da, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge mynasyp goşant goşmakda ýokary işjeňlik görkezýär. Parahatçylyk döredijilik syýasatyna doly eýerýän we bu ugurdaky işlere dünýä döwletlerini işjeň gatnaşmaga çagyrýan ýurt hökmünde Bitarap Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryna ýokary baha berýäris.
Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi binýatlyk esaslara eýe bolup, ol BMG-niň iki gezek ykrar etmegi bilen, ýurduň Konstitusiýasynda hem resmi taýdan berkidildi. Bu dereje parahatçylyk ugrundaky çözgütleri tapmagy we ýurtlaryň içerki meselelerine goşulyşmazlygy maksat edinýän döwletler üçin nusga bolup durýar. Ýurduň bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylyk häsiýeti we ony dabaralandyrmak boýunça durmuşa geçirýän işleri häzirki dartgynly dünýäde durnuklylygy ýokarlandyrmakda we ählumumy howpsuzlygy berkitmekde bitaraplygyň güýjüni halkara meýdançada äşgär edýär. Türkmenistanyň we BMG-niň arasynda halkara hukugyň kadalaryndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge gatnaşmakda ýurduň kanun çykaryjy edarasynyň we Adalatçynyň diwanynyň ornuny aýratyn nygtamak isleýärin. Milli kanunçylyk namalaryny halkara ülňülere laýyklykda işläp taýýarlamakda BMG-niň düzümleri Türkmenistanyň kanunçykaryjy edarasyna tejribe paýlaşmak arkaly yzygiderli goldaw berip gelýär. Ýurtda hereket edýän kanunlarda ýaşlaryň başlangyçlaryny goldamak, gender deňligini üpjün etmek, jemgyýetçilik hyzmatlary ulgamynyň ösüşine mümkinçilikleri döretmek, raýatsyzlyga garşy göreşmek, ýer-suw serişdelerini tygşytly ulanmak, daşky gurşawy goramak ýaly möhüm ugurlaryň öz beýanyny tapýandygy uly kanagatlanma döredýär.