Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.02.2024

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary bilen duşuşygy

2024-nji ýylyň 21-nji fewralynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowanyň Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky syýasy-parlamentara, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda dünýä döwletleri, hususan-da Ýaponiýa bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ähli ugurlarda yzygiderli ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Şeýle-de, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde üstünlikli ösdürilýändigi nygtaldy. Bu ugurda, «Merkezi Aziýa+Ýaponiýa» dialogynyň işine aýratyn üns çekildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary barada pikir alyşmak bilen ýapon kompaniýalarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanda giň gerimli we uzak möhletleýin maksatnamalaryň durmuşa geçirilendigini nazara alyp, geljegi uly taslamalar boýunça işleri mundan beýläk-de amala aşyrmagyň zerurdygyny bellediler.

Medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň yzygiderli häsiýetde ösdürilýändigine üns çekildi. Bu babatda, iki ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen we ýapon dilleriniň okadylmagynyň ähmiýeti dogrusynda bellenilip geçildi.

Ýaponiýanyň Ministrler Kabinetiniň Baş sekretary Ýoşimasa Haýaşi Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” kitabynyň “Ýagşy adam ýatdan çykmaz” atly bölüminde türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna ýokary we oňyn baha berilýändigi barada aýratyn belledi. 

Mundan beýläk-de, şunuň ýaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň dowam etdirilmeginiň ähmiýetini nygtady. 

Şunuň bilen baglylykda, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygyna berýän ünsleri üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine we Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyna minnetdarlygyny bildirdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Ýaponiýa sapary dowam edýär.