Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
21.02.2024

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILLERI AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

2024-nji ýylyň 21-24-nji fewraly aralygynda Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde geçirilen Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji mejlisine gatnaşdylar. 

Aziýa Parlament Assambleýasynyň 14-nji mejlisi «Aziýada durnukly ösüş üçin sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek» atly temada geçirildi. 

 

Mejlisiň dowamynda Adam hukuklarynyň we demokratik gymmatlyklaryň esasy ýörelgelerini goramaga goşant goşmagyň ähmiýeti, şeýle hem halkara hukugynyň kadalarynyň we ýörelgeleriniň  ýerine ýetirilmeginiň wajyplygy nygtaldy.