Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Koreýa Respublikasynyň Parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň birinji maslahatyna gatnaşmagyň çäklerinde Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Phýonyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçdi. Duşuşykda parlamentleriň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek barada özara pikir alşyldy.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň wekilleriniň arasynda giňeldilen düzümde birinji parlamentara geňeşme maslahaty geçdi. Maslahatda iki ýurduň parlamentleriniň arasynda döredilen dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ýurtlaryň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň kanunçylyk esaslaryny berkitmek, halkara parlament meýdançalarynda birek-biregiň başlangyçlaryny goldamak, diplomatik wekilhanalarda guralýan medeni çärelere işjeň gatnaşmak arkaly hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek babatynda pikir alşyldy.