Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
20.07.2023

Türkmenistanyň Mejlisindäki duşuşyk

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa bilen Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonuň arasynda iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi.

Mejlisiň ýolbaşçysy myhmanlary mähirli garşylap, dostlukly ýurduň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýony oňa ýokary sylagyň — “Bitaraplyk” ordeniniň gowşurylmagy bilen gutlady hem-de alyp barýan işlerinde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi. Milli parlamentiň ýolbaşçysy koreýaly hyzmatdaşlaryň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeler maksatnamasyny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, iki döwletiň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda parlamentara dialogyň ähmiýetli ornuna ünsi çekdi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy mähirli kabul edilendigi hem-de gutlaglar üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, türkmen-koreý gatnaşyklarynyň oňyn häsiýetini kanagatlanma bilen belledi. Netijeli parlamentara hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň okgunly ösdürilmegine ýardam berýär.

Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, iri halkara we sebit guramalarynyň ugry boýunça üstünlikli ösdürilýän döwletara dialogyň soňky ýyllarda ýetilen ýokary derejesine oňyn baha berip, iki ýurduň däp bolan hem-de ilkibaşdan deňhukuklylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlyga täze depgin bermäge gyzyklanmalaryny bellediler.

Duşuşygyň çäklerinde Mejlisiň Başlygy myhmanlary milli parlamentiň düzümi hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ägirt uly özgertmelerini amala aşyrmaga gönükdirilen kanun çykaryjylyk işi bilen tanyşdyrdy. Soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän özgertmelere durnukly ösüş häsiýetini berýän birnäçe kanunlar, kadalaşdyryjy hukuk namalary işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

Bellenilişi ýaly, Koreýa Respublikasy Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde Türkmenistanyň esasy hyzmatdaşlarynyň biridir. Muňa iki dostlukly döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyldan gowrak döwrüniň dowamynda emele gelen netijeli hyzmatdaşlyk hem aýdyň şaýatlyk edýär. Şunuň bilen baglylykda, taraplar özara tejribe alyşmagy işjeňleşdirmek, parlament diplomatiýasynyň hem-de parlamentara gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak baradaky pikiri beýan etdiler. Nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklar işjeň ösdürilýär, netijeli hyzmatdaşlyk, şol sanda parlamentleriň ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikler açylýar. Şunuň bilen baglylykda, koreý parlamentarileriniň Aşgabada saparynyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen şu günki duşuşygyň bu hyzmatdaşlyga oňyn häsiýet berjekdigine ynam bildirildi.

Soňra Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň öňünde çykyş edip, koreý tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan özara bähbitli gatnaşyklara ygrarlydygyny tassyklady.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenildi. Şu döwrüň dowamynda syýasy, ykdysady, ynsanperwer we beýleki ugurlarda uly tejribe toplandy. Milli Assambleýanyň Başlygy döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegine yzygiderli üns berýändiklerini nygtap, ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegini kanunçylyk taýdan üpjün etmek üçin ähli zerur çäreleri görmegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdy. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň noýabrynda Seula amala aşyran saparynyň barşynda geçirilen duşuşygyň iki ýurduň parlamentara gatnaşyklaryna täze depgin berendigi nygtaldy.

Kim Çžin Pýo çykyşynyň dowamynda parlamentara gatnaşyklaryň çäklerinde söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, bilelikdäki taslamalaryň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam bermegiň möhümdigini aýtdy. Şeýle hem dürli köptaraplaýyn meýdançalarda hyzmatdaşlygyň ähmiýeti bellenildi.

Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo sözüniň ahyrynda parlamentara dialog arkaly ýurtlarymyzyň has-da ýakynlaşmagy, olaryň ösmegi, halklarymyzyň abadançylygy üçin täze mümkinçilikleri açmagyň parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipedigini nygtady.