Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
17.10.2023

HOWPSUZLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ UGRUNDA

16-njy oktýabrda Gazagystanyň Almata şäherinde, Gazagystanyň Merkezi Aziýa zenanlar  Dialogyna  2023-nji ýylda başlyklyk etmeginiň çäginde geçirilen konferensiýa «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» halkara gün tertibiniň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşmagyň esasy platformasy boldy. Çäre Gazagystanda «BMG –zenanlar» düzüminiň we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasynyň sebit merkeziniň goldawy bilen Gazagystanyň parlamenti we hökümeti tarapyndan guraldy.

Bu çärä Dialoga gatnaşýan ýurtlaryň, şol sanda Türkmenistanyň parlamentarileri, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Aýallar we maşgala we demografiýa syýasaty boýunça milli komissiýanyň agzalary, döwlet edaralarynyň baştutanlary, hökümete dahylsyz  we halkara guramalaryň wekilleri,  diplomatik korpusyň wekilleri, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlarynyň bilermenler jemgyýeti  gatnaşdylar. 

Ara alyp maslahatlaşmagyň esasy temalarynyň biri, Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2000-nji ýylda kabul eden 1325-nji Kararnamasynyň ýerine ýetirilmeginiň çäginde ösýän durnuksyzlyk we dawa-jenjel şertlerinde aýallaryň orny, ýagdaýy we howpsuzlygy boldy. Bu, gapma-garşylykly ýagdaýy aýallaryň halkara parahatçylyk we howpsuzlyk gün tertibi bilen baglanyşdyran ilkinji kararnama boldy. Umuman alanyňda, BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi aýallar, parahatçylyk we howpsuzlyk boýunça 10 kararnama kabul etdi.Olar  Gün tertibiniň dört sütünini, ýagny gapma-garşylyklaryň  öňüni almakda aýallaryň tutýan orny, parahatçylygy gurmaga gatnaşmagy, dawa-jenjel wagtynda we ondan soň aýal-gyzlaryň hukuklaryny goramak, bosgunlara we göçüriş döwründäki aýratyn zerurlyklary öz içine alýar. Almata şäherinde geçirilen konferensiýa gatnaşyjylar Merkezi Aziýada 2030 gün tertibiniň çäginde «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» borçnamalaryny durmuşa geçirmegiň ösüşi we geljegi barada pikir alyşdylar we tejribeleri we teklipleri bilen paýlaşdylar.Şeýle hem  BMG-niň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk»  gün tertibiniň durmuşa geçirilmegine ýardam etjek kanunçylyk başlangyçlary barada pikir alşyldy.

 

Maslahat BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň, ÝHHG-nyň  we Ýewropa  Bileleşiginiň esasy  ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda häzirki parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine bagyşlanan açyk mejlis bilen tamamlandy. Maslahatyň ahyrynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» kararyny ýerine ýetirmek boýunça işleri güýçlendirmek baradaky gutarnykly resminama kabul edildi. Zenanlar Dialogy Merkezi Aziýada «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» gün tertibini durmuşa geçirmek üçin ähli derejelerde aýallaryň syýasata gatnaşygyny we karar kabul etmek mehanizmlerini utgaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Merkezi Aziýanyň Zenanlar  Dialogynyň  wajyp ösüş meselelerini ara alyp maslahatlaşmak we sebitdäki zenan parlamentarileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak  üçin resmi däl meýdança bolandygyny ýatladýarys. Dialog   BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we «BMG-niň  Zenanlar» düzüminiň goldawy bilen döredildi we işleýär. Dialog resmi taýdan 2020-nji ýylyň dekabrynda başlandy. 2021-nji ýylda Dialoga Özbegistan, 2022-nji ýylda Türkmenistan tarapyndan ýolbaşçylyk edildi.