Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa Täze Zelandiýanyň Türkmenistana bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Sara Meri Uolş bilen duşuşdy we ondan ynanç hatyny kabul etdi.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy myhmany Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi we alyp barýan işleri, kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak boýunça durmuşa geçirilýän işler bilen tanyşdyrdy.
Duşuşygyň dowamynda Bitarap ýurdumyzyň dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek babatdaky daşary syýasatyna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ilçi Türkmenistan bilen Täze Zelandiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi barada aýtmak bilen, öz ýurdunyň ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly gyzyklanma bildirýändigini belledi.
Söhbetdeşligiň soňunda döwletara hyzmatdaşlygyny parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldanylmagynyň, iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň iki tarap üçin hem bähbitli boljakdygy barada nygtaldy