Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr
2023-nji ýylyň 7-nji dekabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Kuweýt döwletiniň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Bader Abdullah Almunaýehden ynanç hatyny kabul etdi.
D.Gulmanowa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady we döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak ugrunda alyp barjak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy ilçini milli parlamentiniň düzümi hem-de kanunçykarjylyk işi bilen tanyşdyrdy. Şunuň bilen baglylykda, geljekde ikitaraplaýyn parlamentara gatnaşyklaryny ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda Kuweýt Döwletiniň ilçisi iki ýurduň bähbitlerine doly laýyk gelýän netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.