«Gender deňligini ilerletmek: gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmekde kanunçylyk esaslaryny berkitmek boýunça Parlamentara dialogy» atly maslahatyň «Jebir çekenleriň bähbitlerine we adam hukuklarynyň berjaý edilmegine esaslanýan kanunçylyk kadalarynyň kämilleşdirilmegini üpjün etmek» atly 4-nji mejlisi geçirildi.
Maslahatyň 4-nji mejlisinde Aziýanyň Ilat we Ösüş boýunça Assosiasiýasynyň Başlygynyň orunbasary, Baş sekretary Kiýoko Ikegami alyp bardy we onuň dowamynda çykyş etdi. Şeýle hem mejlisde Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy J.Öwekowa çykyş etdi.
Kiýoko Ikegami – Aziýanyň Ilat we Ösüş boýunça Assosiasiýasynyň Başlygynyň orunbasary, Baş sekretary:
Kiýoko Ikegami çykyşynda gender deňligi we gender zorlugyna garşy göreşmek meseleleriniň diňe bir hukuk ulgamy bilen çäklenmeýändigini hem-de jemgyýetiň ösüşi, howpsuzlygy we durnuklylygy bilen gönüden-göni baglydygyny nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, ol Ýaponiýanyň tejribesini açyp görkezmek bilen, döwlet syýasatynyň we kanunçylygyň, ilkinji nobatda zenanlary goramaga gönükdirilendigini aýtdy. Şeýle hem häzirki wagtda Ýaponiýada gender deňligi babatda kanunçylyk ulgamynyň birnäçe ugurlar boýunça ösdürilýändigini, bu ugurlar boýunça aýratyn kanunlar kabul edilip, gorag gurallarynyň döredilendigini belledi.
Häzirki wagtda gender deňligini üpjün etmegiň we gender zorlugyna garşy göreşmegiň diňe bir aýratyn kanunlaryň kabul edilmegini däl-de, eýsem, toplumlaýyn we bitewi çemeleşmäni talap edýändigini aýdyp, şeýle çemeleşmäniň gender deňligini üpjün edýän bitewi kanunçylyk; maglumatlaryň bitewi ulgamda ýygnalmagy we seljerilmegi; ýaşlar üçin bilim we öňüni alyş çäreleriniň geçirilmegi; döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň hyzmatdaşlygyny ösdürmek ýaly birnäçe ugurlary öz içine alýandygy barada durup geçdi. Gender deňligini üpjün etmekde ýurtlaryň parlamentlerine möhüm ornuň degişlidigini nygtady.
J.Öwekowa – Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy:
Ýurdumyzyň milli Parlamentiniň wekili öz çykyşynda adam hukuklaryny goramak ulgamynyň ösdürilmeginiň yzygiderli dowam edýän, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan kanunçylygyň kämilleşdirilmegini talap edýändigini bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda adam we raýat hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda ykrar edilýändigini we Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem-de kanunlary arkaly kepillendirilýändigini nygtady.
Adam hukuklaryny üpjün etmek, goramak we berjaý etmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda amala aşyrylýan özgertmeler adamlaryň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Türkmenistanyň milli kanunçylygynda halkara hukugyň kadalary yzygiderli ornaşdyrylýar, şeýle hem kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça täze wezipeler kesgitlenilýär.
Türkmenistanda kanunçylygyň kämilleşdirilmegi Konstitusiýanyň esasynda amala aşyrylýar. Adam hukuklaryna degişli kanunçylyk özgertmeleri häzirki wagtda «Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli hereket meýilnamasynyň» işlenip taýýarlanylmagy bilen dowam etdirilýär. Türkmenistan raýatsyzlygy ýok etmekde öňdebaryjy ýurtlaryň biridir we bu babatda BMG tarapyndan degişli şahadatnama bilen sylaglandy.
Türkmenistan gender syýasatyny durmuşa geçirmekde hem möhüm çäreleri amala aşyrýar we bu ugurda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmekde netijeli işleri alyp barýar.