Türkmenistanyň Mejlisinde şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynyň netijelerine bagyşlanan maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Mejlisinde geçirilen maslahatda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýanwar-aprel aýlarynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň milli hukuk binýadyny we kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek barada öňde goýan wezipelerine laýyklykda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de bu ugurda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Mejlisde Türkmenistanyň kanunlarynyň 8-si, şol sanda ýurdumyzyň kazyýet edaralarynyň işini kämilleşdirmek we ýük markalary hakynda Halkara konwensiýasyna degişli Teswirnama goşulmak bilen bagly kanunlar kabul edildi. Şeýle hem jenaýat, arbitraž, raýat we jenaýat iş ýörediş, maşgala, zähmet kodeksleri, salgytlar, administratiw önümçilik, awtomobil ulagy, migrasiýa, ýubileý medaly bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlar degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek arkaly döwrebaplaşdyryldy. Şu döwürde Mejlisiň kararlarynyň 9-sy kabul edildi.
Şeýle hem maslahatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, häzirki wagtda Mejlisde döredilen iş toparlarynda döwrüň talaplaryndan we oňyn halkara tejribeden ugur alnyp, adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny hem-de kanuny bähbitlerini goramak, saýlawçylaryň bitewi döwlet sanawyny döretmek, ylmy intellektual eýeçiligi ösdürmek hakynda kanun taslamalaryny taýýarlamak, hereket edýän kanunlary kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Mejlisine berýän goldawlary, döredýän mümkinçilikleri netijesinde, geçen döwürde döwletimiziň kanunçykaryjylyk işini mundan beýläk-de kämilleşdirmäge gönükdirilen işleriň alnyp barlandygyny bellediler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen Guramaçylyk döwlet toparynyň birinji mejlisinde geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigi barada kesgitlän wezipelerini durmuşa geçirmek boýunça degişli işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny nygtadylar. Gahryman Arkadagymyzyň kesgitlän wezipelerine laýyklykda, degişli döwürde Mejlisiň deputatlary ýurdumyzyň syýasy partiýalarynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde ýerlerde saýlawçylar bilen duşuşyklary, wagyz-nesihat işlerini yzygiderli gurandyklary, olaryň tekliplerini öwrenendikleri barada belläp geçdiler .
Maslahatda Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 1-nji maýynda geçirilen giňişleýin göçme mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde parlamentara forumy geçirmegiň meýilleşdirilýändigi, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda guraljak halkara maslahata we parlamentara foruma gowy taýýarlyk görmegiň hem-de olary ýokary derejede geçirmek üçin guramaçylyk işlerine işjeň gatnaşmagyň zerurdygy barada öňde goýan wezipelerini ýerine ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.
Çykyşlarda halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek we parlamentara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli döwlet syýasatynyň, durmuş-ykdysady özgertmeleriň we kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny halk köpçüligine düşündirmek, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ähmiýetini wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işleri güýçlendirmäge üns çekildi.
Maslahata gatnaşyjylar milli kanunçylygy döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirmek hem-de döwrebaplaşdyrmak barada ähli tagallalary etjekdiklerine hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy ynandyrdylar.