Türkmenistanyň Mejlisinde Litwa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ynanç hatyny gowşurdy

2025-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa Litwa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Kestutis Waskelewiçusdan Ynanç hatyny kabul etdi.
Milli Parlamentiň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyzyň adyndan diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, oňa iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Duşuşygyň barşynda Mejlisiň Başlygy hormatly Ilçini Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, ynanyşmak, deňhukuklylyk, özara bähbitlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatynyň esasy ugurlary, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan depginli ösmegine, halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler bilen tanyşdyrdy.
Soňra Diplomat Mejlisiň düzümi we ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň kanunçylyk-hukuk binýadyny üpjün etmek boýunça alyp barýan köpugurly işleri bilen tanyşdyryldy. Şunuň bilen baglylykda, parlamentara gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň möhüm guralydygy bellenildi.
Diplomat mähirli kabul edilendigi üçin hoşallygyny bildirip, dünýä giňişliginde parahatçylyk söýüjilikli syýasaty bilen giňden tanalýan Türkmenistanda öz ýurdunyň adyndan wekilçilik etmegiň özi üçin uly hormatdygyny nygtady.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we Litwa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly, netijeli gatnaşyklaryň täze, anyk mazmun bilen mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.

b