Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
18.07.2025

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI BILEN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MILLI ÝYGNAGYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA DOSTLUK TOPARYNYŇ AGZALARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

СОСТОЯЛАСЬ ВСТРЕЧА ЧЛЕНОВ ГРУППЫ МЕЖПАРЛАМЕНТСКОЙ ДРУЖБЫ МЕДЖЛИСА ТУРКМЕНИСТАНА И НАЦИОНАЛЬНОГО СОБРАНИЯ РЕСПУБЛИКИ АРМЕНИЯ

A MEETING WAS HELD BETWEEN MEMBERS OF THE INTERPARLIAMENTARY FRIENDSHIP GROUP OF THE MEJLIS OF TURKMENISTAN AND THE NATIONAL ASSEMBLY OF THE REPUBLIC OF ARMENIA

 

2025-nji ýylyň 18-nji iýulynda Türkmenistanyň Mejlisi bilen Ermenistan Respublikasynyň Milli Ýygnagynyň arasyndaky parlamentara dostluk toparynyň agzalarynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.

Söhbetdeşlikde taraplar parlamentara dialogyň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhüm bölegine öwrülendigini we ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň döredilmeginiň kanunçykaryjylyk işinde we parlament diplomatiýasyny ösdürmekde tejribe alyşmaga mümkinçilikleri artdyrýandygyny aýratyn bellediler. 

Taraplar döwletara hyzmatdaşlygy parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamaga, bu gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny berkitmäge hem-de parlament we kanunçykaryjylyk işinde tejribe alyşmaga taýýardyklaryny, bu ugurda iki döwletiň arasynda gatnaşyklaryň has-da ösdürilmeginde iş saparlaryny we duşuşyklary gurnamagyň ähmiýetiniň uly boljakdygyny beýan etdiler.

 

 

18 июля 2025 года состоялась встреча посредством видеосвязи членов группы межпарламентской дружбы между Меджлисом Туркменистана и Национальным Собранием Республики Армения.

В ходе беседы стороны особо отметили, что межпарламентский диалог стал важной частью углубления сотрудничества между двумя странами и создание групп межпарламентской дружбы на двусторонней основе расширяет возможности обмена опытом в законодательной деятельности и развития парламентской дипломатии.

Стороны выразили готовность поддерживать межгосударственное сотрудничество посредством парламентской дипломатии, укреплять правовую базу этих отношений, а также обмениваться опытом парламентской и законодательной деятельности, и в этом направлении организация рабочих визитов и встреч будет иметь важное значение в дальнейшем развитии отношений между двумя государствами.

 

On July 18, 2025, a meeting was held via video link between members of the interparliamentary friendship group of the Mejlis of Turkmenistan and the National Assembly of the Republic of Armenia.

During the conversation, the sides especially noted that the interparliamentary dialogue has become an important part of deepening cooperation between the two countries and the creation of interparliamentary friendship groups on a bilateral basis expands the opportunities for exchanging experience in legislative activity and developing parliamentary diplomacy.

The sides expressed their readiness to support interstate cooperation through parliamentary diplomacy, strengthen the legal basis of these relations, as well as exchange experience in parliamentary and legislative activities, and in this direction, the organization of working visits and meetings will be of great importance in the further development of relations between the two states.