Türkmenistanyň Mejlisi (Parlamenti) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaradyr

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe

TÜRKMENISTANYŇ MEJLISI

Türkmençe
06.08.2025

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmen-Täjik Parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi

В Национальной туристической зоне «Аваза» в рамках Третьей конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, состоялась встреча туркмено-таджикских групп межпарламентской дружбы

A meeting of the turkmen-tajik inter-parliamentary friendship groups was held in the National Tourist Zone «Avaza» within the framework of the Third UN Conference on Landlocked Developing Countries

 

         «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň çäginde Türkmen-Täjik Parlamentara dostluk toparlarynyň duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň maksady ikitaraplaýyn esasda döredilen Parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň kämilleşdirilmegi hem-de ugurdaş komitetleriň, arasyndaky gatnaşyklaryň ýola goýulmagy bilen bagly pikir alyşmalardan ybarat boldy. 

Duşuşygyň dowamynda häzirki wagtda ýurtlaryň arasynda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we özara bähbitlilik ýörelgelerine esaslanýandygy bellenildi. Şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet Baştutanlarynyň tagallalary netijesinde, iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýändigi, şol sanda parlament ugry boýunça netijeli gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleriň döredilýändigi bellenildi. 

Myhman Türkmenistanyň Mejlisiniň düzümi hem-de ýurdumyzda ylym-bilim, durmuş üpjünçiligi, ekologiýa abadançylygy ýaly ugurlarda amala aşyrylýan maksatnamalaýyn işleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.

Duşuşygyň dowamynda döwletleriň arasyndaky ikitaraplaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny Parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagyň ähmiýeti, şeýle hem Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň abraýly halkara düzümleriň, hususan-da, BMG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändikleri nygtaldy.

Taraplar özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan türkmen-täjik gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin ähmiýetli mümkinçilikler barada pikir alyşdylar.

 

 

В Национальной туристической зоне «Аваза» в рамках Третьей конференции ООН по развивающимся странам, не имеющим выхода к морю, состоялась встреча туркмено-таджикских групп межпарламентской дружбы.

Целью встречи был обмен мнениями, связанными с совершенствованием работы созданной на двусторонней основе групп межпарламентской дружбы и установлением контактов между профильными комитетами. 

В ходе встречи было отмечено, что сотрудничество между двумя странами, успешно развиваемые в настоящее время по различным направлениям, основываются на принципах равноправия, взаимного уважения и взаимного интереса.   Также было отмечено, что благодаря усилиям Глав государств Туркменистана и Республики Таджикистан активно развивается двустороннее сотрудничество между двумя странами, в том числе открываютя новые возможности для эффективных отношений по парламентскому взаимодействию. 

Руководитель группы межпарламентской таджикско-туркменской дружбы был проинформирован о проводимой в Меджлисе Туркменистана работе по законодательному обеспечению программных мероприятий в таких направлениях, как наука и образование, социальное обеспечение, экологическое благополучие.

В ходе встречи было подчёркнуто значение  поддержки налаженных на двусторонней основе отношений сотрудничества между государствами через парламентскую дипломатию, а также то, что Туркменистан и Республика Таджикистан активно взаимодействуют в рамках авторитетных международных организаций, в частности, ООН.

Стороны обменялись мнениями об имеющихся  возможностях для дальнейшего развития туркмено-таджикских отношений, основанных на принципах взаимного уважения.

 

 

 

A meeting of turkmen-tajik inter-parliamentary friendship groups was held in the National Tourist Zone «Avaza» within the framework of the Third UN Conference on Landlocked Developing Countries.

The purpose of the meeting was to exchange views on improving the work of the inter-parliamentary friendship groups created on a bilateral basis and establishing contacts between relevant committees.

During the meeting, it was noted that cooperation between the two countries, successfully developing at present in various areas, is based on the principles of equality, mutual respect and mutual interest. It was also noted that thanks to the efforts of the Heads of State of Turkmenistan and the Republic of Tajikistan, bilateral cooperation between the two countries is actively developing, including opening up new opportunities for effective relations in parliamentary interaction.

The head of the inter-parliamentary tajik-turkmen friendship group was informed about the work carried out in the Mejlis of Turkmenistan on legislative support for program activities in such areas as science and education, social security, and environmental well-being.

During the meeting, the importance of supporting bilateral cooperation relations between states through parliamentary diplomacy was emphasized, as well as the fact that Turkmenistan and the Republic of Tajikistan are actively interacting within the framework of authoritative international organizations, in particular, the UN.

The sides exchanged views on the existing opportunities for the further development of turkmen-tajik relations based on the principles of mutual respect.